08:58 Hupbulwatan -13 / hekaýalar toplumy | |
***
Hekaýalar
Ogly Bozaganyň birden hyýal atyna münmegi Näzik daýzany ynjalykdan gaçyrdy. Tiňkesini dikip, ogluny gaýta-gaýta synlady: «Şeýtan muň göwnüne «was-was» salyp ýörmükä, toba? Atasyzdygyny bildirmejek bolup, ýeke dikrarym üçin elimi kesewi, saçymy sübse etdim, Allanäme il hataryna goşulsyn diýip. Kakasy Atadurdy pahyram ýaňy otuza ýeten wagty öýüň ähli keşigini meň üstüme atyp, dört gyzy, bir ogly ýetim goýup gidiberdi. Ady guramyş ötle üçülenç tutanda sypdyrmajakdan bolup ýapyşan eken-dä. Ýögsa dagy, diňe şu oturan Garaoýumyz däl, töwerekdäki obalardanam oň öňüne çykybilýän pälwan ýokdy ahyryn» — Gartaşyp ugran akmeňiz zenanyň kirpikleri seýreklenen gözleri çygjaryp gitdi — «Wa-ah, oň eliniň hünärini aýtsana sen! «Atadurdy pälwan» diýilmezden öň «Atadurdy guýuçy» diýerdiler bendä. Han-ha, dikanalap gazan ýigrimi gulaçlyk, otuz gulaçlyk guýulary jüňňüldäp dur. Küpür geplemäýin weli, adamdan galýan zatlar onuň ömründen kän uzak ýaşaýan borly?! Ýogsam soňky gazan ýyldyzboýly guýusyna «Atadurdy guýy» ady galmazdy. Gyz diýeniň bir kişi maşgalasy, sülgüniň jüýjesi ýaly bolup hersi bir ojakdan çykdylar. Şükür, hijisiniňem gepi ýa kesanaty ýetenok, öz sulbalaryny süýreşip ýörler. Kakasynyň tabydy göterilende emmeden aýrylmadyk Bozagan oglam, ýaman gözden saklasyn, ak alaňyň ojary ýaly berdaşly bolup ýetişdi ynha. «Ata kesbi—ogla halal» boldy şükür, Alla kalbyna guýandyr ýa ir giden kakasynyň ruhy «Şeýt!» diýendir, garaz, guýy gazmak diýermiň, suw guýulýan meşik-tulum tikmek diýermiň, garaz, balamyň eli-hä hünärli. Ýöne ne heser urdy başyna, soňky döwür-hä şu oglan aýlandyrylyp goýberilen ýaly. Wah, naçar enesine içini dökenogam bu... » Bozagany byzbyltyga dönderen ahwalat Garagumuň bu kiçijik oýuna sygardan uludy. Çigşip-çigşip çözülmeze dönen waka güýzüň ahyrynda başlanypdy. Täze gazyp gutaran guýusynyň çöwlügini örüp «boldum» eden Bozagan başyny galdyranda gapdaljykdaky depäniň üstüne Günüň bir bölegi, ýok, älemgoşar gaçandyr öýdüp bir öweldi. Gözi gamaşyp, owasy ýaýbaň goýun gözlerini gyrp-gyrp etdirdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bäş-üç ädimlikdäki «älemgoşaram» gymyldaman durdy. Dogrusy-ha, ol gozganmasa ýa gürlemese ýigrimä aýak basyp barýan ýigidiň häzir ýa ýüregi ýarylmalydy, ýa-da dili tutulmalydy. «Dem salymda yşk ýüpüne kökerilip bolýar» diýip ýap-ýaňyja aýdan bolsalaram ynanmazdy. Häzir ynandy. Özem ömürlik «derde» uçranyny magat bildi. Gelip göni ýürege giren «derdi» ýa-ha bejerilmelidi, ýa-da däli-telbe bolyp gezibermelidi. Özge ýol ýokdy. Annaweli baýyň ýaňy on altyny dolduran gyzy Aýjahanyň gökden düşen ýaly bolup birden peýda bolmagynam ol Hudaýtarapyn diýip ynandy. Çöl keýigi ýaly keýerjekläp, ala gözlerinden natuwan garaýyş oklan inçemikden akýagyz gyz al ýaňakda çukurjyk ýasan çalaja ýylgyryşy peşgeş berip, tokmak ýaly goşa örümini çala gysymlap gözden ýitdi gidiberdi. Bozaganam galyberdi sömelip. Näçe wagt duranyny özi däl, Alla bilýär. Şodur-da-şudur, Garagumuň giň sährasy bir görseň-ä giň, bir görseňem dar görnüp ugrady, dälilik heseri yran göwnüne. Baldyr çyzgap orta çykanda ülker ýaly bolup duran gyz-gelinleriň arasynda Aýjahanyň şakäse ýaly gözüni gözläp tapsa, ýok, näz-kereşme bilen kä ýere bakýan, kä gyýalap seredýän gyz nazary ony garbap alsa, billeşen pälwanyny çopan badagyny salyp ýetişmänkä ak çägäniň ýüzüne çylpap urar, al emma, şony «ýitiren» gezekleri weli kä ýykar, ýa-da ýykylar. Ogryn-dogryn garaýyşlaryň Garagumuň ak çägesi ýaly kireňsiz söýgüdigini ýaş juwanlaryň ikisem açyk aňýardy. ...Pynhan duýgular gursaklary ýaryp barýardy. Gyzyň suwa gelýän wagtyny peýläp, «Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar» egen Bozagan her gün bolmasa-da, göze güýdüşip, iki-üç günden Aýjahan bilen duşuşýardy. Indi-hä olaryň gabatlaşýan ýeri gumly gyzlaryň obanyň gaýrasynda üýşüp läle kakýan, monjugatdy oýnaýan ak urpagynyň ýeňsesidi. Bozaganyň ýigitligine-de, işjeňligine-de at dakar ýaly däldi, bar aýby ýekeligidi, iň ýamanam, eli ýukalygydy. Annaweli baý: «Goç ýigit bir gün malsyz bolsa-da, Huda: «Al, gulum!» eden güni mally-dünýäli bolar, bolmasa-da ömrüň ötýänçä üzlüşibirsiň» diýse-de, yşkdan meý-mes bolup pyrlanýan ýigit ikelläp yrza boljakdy. Ýöne, osmakladyp agyz «ysgap» görensoň, baýyň özi ýalydan bu meselede hörpüniň ýokarydygyny eşidip, Bozaganyň egni sallanaýdy. — Kakam meni Jaran diýen guýudaky Muhammetgurban baýyň kiçi ogluna bermekçi, ejemiň agyz aluwyna görä. «Öz deňim, öz süýekdeşim» diýýämiş. Bolasy «Muhammetgurban daýy» diýip çaý-suw gatnadyp ýören şo adam soňky gezek gelende meni içgin-içgin synlady diýdim-le, türk janym gursun, men aňmandyrynam şonda. Indem özüň gör... Aýjahan yzyny aýtman, hyrra öwrüldi-de, ylgaşlap gitdi. Gyz sözenli depeden agýança doňup duran ýigit iki dyzyna urdy-da, lampa çökäýdi. Häzir onuň ak çägäni gysymlap-gysymlap dik depesinden sowruberesi gelýärdi. «Nätmeli? Kime: «Senden delalat?» diýip barmaly? Ýa-da gyzy at ardyna çekip ýurt aşyp gitmelimi? Ýa birinden harwar puly karz-kowal dilemelimi?! Ýeri, saňa kim berjek, beräýende soň nädip üzjek ony? Direnip duran dogan-aga, daýy-ini nirede? Olaram-a ýok, diňe bar güýji iki gözüne ýetýän ýumruk ýaly ejeň bar. Naçar doganlaň toý başlasaň «gatanç» diýip bir kel tokly, ýa lägirip dünýäni göçüräýjek bolýan gär geçi getiribilse zor boldugy. Baýyň ýanyna özüň barmalymy? Sözüň ýer kertmejegi-hä kertmejegi, goşuň-gopjyň bilen bu oýdan ýel öwsen ýaly etmejegine kepil barmy?» Garaz, gara kellede köwsarlaýan kyrk sowala ýekeje-de jogap tapmaýan ýigit häzir aç gurt bolup ters aýlanýardy. Aýjahanyň ak kejebä münüp gidenini görmek? Ýok, Hudaý saklasyn! Onda Bozagan ýa-ha däliräp düze çykyp gider ýa-da... Ol yzyny pikir etmäge gorkdy. Eýsem, Hudaýdan başga, heý, «ynsan» ady dakylanyň içinde ýeke-ýalňyz ýigide kömek etjek tapylmazmy indi?» Ine, birdenem «Gurbanmämmet serdar» diýen biri döräpmiş. Oňa «Han Jüneýidem» diýilýämiş. Özem gelip Gulangezen oýda mesgen tutupmyş. «Meň maksadym ýykylany galdyrmak, ejizläne hemaýat etmek» diýýämiş özem» diýlen şow-şow Garagumuň içine ýel bolup ýaýrady. Şony eşitdem weli, Hudaý nalyşyny eşiden, ýok, Gokden hossaryny sallan ýaly Bozaganyň göwrümi giňäýdi. Ejesiniň gyk-bagyna bakman, «çüw atym» edip gelşi indem. Diňe Aýjahana nirä, kimiň ýanyna gidýänini çala ýaňzydyp ýetişdi, bolany. Häzirem: «Han nähili garşylarka, näme diýerkä, «Bar git han ogul, maňa seň ýaly garyplygyndan başga zady ýok däl-de, barjamly, hemişe agzymy ýaglap durjak baý gerek» diýermikä ýa-da?...» diýen pikire kökerilip, at jylawyny silkip gelşi. Han diýilse ol gümmezekläp oturan kyrk başly, on iki ganat ak öýde güberilip oturany görjekdi. Ýok, gaba sazaklygyň kölegesine atylan atkeçäniň üstünde dim-dik bolup oturan saryýagyzdan at ýüzli, çukurrak gözleri dikanlan ýerinden gozganmaýan, gara murtly, inçemik adama weli bir görenden syny oturdy. Görkezilen ýerde çommalan Bozagan özüne uzadylan bir käse çaýy nirä, nädip içenini bilmedi. «Ýol bolsun!» soralyp-soralmanka, ýüregini dökdi. «Indi bu näme diýerkä?» diýip dymanda weli, böwründäki howsala it bolup içini ýyrtdy. — Inim, Taýmaz! — Hanyň owazynda mylýymlyk hem gizlin şatlyk bardy — Ýanyňa Derýagulyny al-da, Annaweli baýyňka gudaçylyga git, adyň kim diýdiň? — Ol eýýäm ýüzi ýagtylan ýigide ýüzlendi — Hä-ä, «Bozagan diýen ýigit üçin Gurbanmämmet iberdi» diýiň. Eger — Ol sägindi: — Annaweli baý sähel gepini gyşartjak bolsa, dönüp gaýdyberiň, galanyny görübiris. «Lepbeý!» diýip ugran Taýmazy nazary bilen ugradan han indi guşy uçany ýüzünden aňdyrýan ýigide ýüzlendi: —Tulum, meşik tikibilýän diýdiňmi? «Hawa» bolsa, bir gaýrat et, käte göçüp-gonmaly bolamyzda şo närseler maňlaýymyzdan diräýjek. Handan rugsat bolmasa-da, Bozagan syçrap turdy. Işe ýapyşanda onuň eli eline degenokdy. Öňünde ýap-ýaňyja soýlan çebşiň hamy ýatyrdy. Soýmak üçin gapdala süýrelen gär tekäniň daşynda pyçagyny häzirleýäne ol islegini aýtdy: —Agam jan, oňarsaň şuň hamyny tutuşlygyna bitin çykaryp bersene maňa! —Onyňy bitdi biläý! Çarwa obalarynda suwuň gadyry ap-aýratyn. Şoň üçinem suwluktorba, meşik, tulum, depbe, ýanlyk ýaly zatlary ýasap-tikip bilýän adamlary hut eliň aýasynda saklaýarlar. Bozagan bilýär-ä muny. Halypasy Hojamma köri nädýädiler?! Bir gözi dogabitdi sokurdyram weli, elinden çykan meşik ýa tulum saklamagyň, ulanmagyň ebeteýini oňarsaň, on-on bäş ýyla gider. Aňyrsy Akmolla, Jarap, Götün, Mamur guýulary, beýlesi Ataguýy, Kyrkçulba aralykda şoň elinden çykan meşikdir tulumy ulanmaýan ýokdy. Ine, daýy ugry bolansoň, ýumruk ýalylygyndan «ýumrugynyň» aşagyna düşüp, «ýugrumy» ýeten Bozagan diýerler özlemmize-de. «Şägirt halypasyndan ozdurmasa, kär ýiter» edibildikmi ýa ýok, ony Alla bilýä, ýöne birden tarpa-taýyn ýogaljagyny aňan ýaly, ölmezinden bäş-on gün öň Hojamma daýy pahyr şeý diýipdi: «Ýegen, seňňem-ä eliň çulumlygyna seredip, « Bar, öz azabyň siňen meşikleň birini suwdan doldur-da, çöle Hydyr ata suw bermäge gidiber diýdirmäge ýetiberipsiň». Soňam, edähedine görä, şol bir heňine hiňlenipdi: —Diwana geler işikden, Suw ber gylly meşikden... Täze soýlan deriniň duz bilen eýini ýetirip oturşyna Bozagan: «Wah, Hojamma daýym Aýjahan ikimiziň toýumyzy görübilmän gitdi-dä» diýip içini gepletdi. Öz ham-hyýallygynyň üstünden gülýän ýalam ajymtyk ýylgyrdy: «Ýeri, Annaweli baý: «Wah, Bozagan ýaly ýigit tapsak ne armanymyz, gyz siziňki» diýjek ýaly göwün perwazyňy uçurmaň näme diýsene?» Ol uludan dem aldy-da, borjak ýygmak üçin ýerinden galdy. Duz berlen derinem bir hepdä golaý Güne serip kakatmak üçin amatly çöp ujuny gözi bilen agtaryp ugrady. Onuň boýun alan işiniňem hysyrdysy ýetik. Häzir-ä ol gowy ýetişen borjagyň baldaklaryndan, püründen ganymat ýygar, yzýanam ony gowy guradar. Soňra ony külke edip owradar, un bolýança mäjumlar, baý-buw, şonda dagy aýalaň içi gyzarar pakga-pakga bolup, zerzawy ýüregiňe döküler. Ýöne şükür, çowlük örüp, on gulaçdan soňra çägäniň aşagyndaky şykga toýny kelte saply kepje bilen urup-urup alansoň bu ýaýbaň aýalaň içi demre dönüp gidendir indi. Borjagyň ununy giň gaba guýup, duz berlen derinem içine atyp, üstünden gyzgyn suw guýarsyň. Borjagyň aşgarynda on-on iki gün ýatar weli, çöpüri-ýüňi sapba sypyrylaýar, gowy eýi ýetensoň. Ana, onsoň, al-da tikiber meşik ýa-da tulumyňy, agzyny, gollaryny açyk galdyryp, yzky aýaklaryny, ýelin ýanlaryny kesip, derini düýbeläber. «Deri düýbemek» diýmek, oň aýagynyň birini bogup, beýlekisinden ýel berip çişirmek. Şeýdip, ýarym gün çemesi goýlan deri guraýar weli, içi köwekligine daşa dönýär. Eger gara meşik etjekmi, ýaňky deriniň üç tarapyny çözüp, açyp goý bir gün. Soňam boýnagyndan ýüp dakyp, öýüň tüýnüginden as, ojagyň depesini peýläp. Şeýdip goýarsyň weli, bir aý geçiberensoň ojakdaky tütünden «doýan» deri tezeden ýumşap, özi eý alyp, garalar weli, ine, saňa gara meşik. Gerek bolsa, ondan gowa hem tikibermeli. Wah, diňe suwmy nä, meşige guýlan toşap, saryýag, alaçaly ýag dagy birküç ýyllabam aýnaman durýar-a, gaýtam barha tagamyna gelýär—Bozagan ýuwdundy—Meşige dykylan gara gowurmanyň süýjüligini aýtsana sen! Gömme çörege ýanap bir doýarsyň weli, gyşyň aýazam, tomsuň yssysam kär etmez saňa— Bozagan hyruçlandy —Men han agama, onuň atlylaryna şeýle bir meşik, tulum, gowa tikerin, dagy nä, öýli-işikli etjek bolup duran howandara janyňy bermezmiň eýse?! Wa-ah, Aýjahan jan törüme gonsa bolýa, onsoň han agam gul edip ulanybersin meni. ... Bu wagt Taýmaz uzyny daşda goýan Derýaguly onbaşy çaýynyň soňuny käsesine sarkyp, habaryny aýdyp ahyrlapdy. Annaweli baý gaçalyk etmegiň peýdasyzlygyna düşündi. Içinden «Haramzada, kimi saýalamalydygyny bilip, meň jürümi dikipdir, ýogsam şu gyz düýe bolup ölende saňa bir çorbalyk etjekmi diýsene?! Han handyr-da, özem orta ilki çykan wagty gylawlydyr: «Kimiň üsti bilen ile göz görkezip bolarka?» diýen küýdedir. Ýogsam dagy Garagumyň ortasyndaky iň uly baýlaň biriniň üstüne «Gyzyňy bir ýer urup, ýerde galana berersiň» diýen hyň bilen şu gepini paçowlap oturan galtamany goýberermidi? Gaňňaňy sähel gyşartsaňam, diňe gyz däl, mal-mülküňem uwlap gider. Demi daş ýarýanyň hörpi bir başga boluberýä. Özem, görýäňmi, aňyrdan öwrüşini, «Ýetim-ýesire hossar çykyp, öýlendirýä-illendirýä» diýip at aljak, hemem güýjüne baýrynyp, «Nädýäň hany, göreli, gaňryşyma gaýtsaň ýurduňda ýel öwüsdirip, ýene-de «Adalatyň hatyrasy üçin şeýdipdir» diýdirjek. Hä-ä, özüň-ä küşdüň çöpüni aňyrdan tikýäň sen hanjagaz, beýdişiň bilen sen ilem yzyňa düşirsiň, uzaga-da gidersiň. Meňem döwüm seň bilen deň düşmez häzir. Ýogsam-a...» diýse-de, hyrçyny dişlemedi, sebäbi «gudaçylyga gelen» tiňkesini dikip otyrdy. Daşyndan bolsa şeýle diýdi: —Dileýäni häl-ä bir naçar eken, orta çykan hana gerek bolsa maly-mülkümizem başybütin bermeýäsmi biz. O ýigid-ä özümizden,aslyna-nesline ýetik, şoň üçinem toý sähedini belläberiň! Hanyň ýanyna iş bitiren adam bolup barjagyna begenen sawçylar tiz atlandylar. «Jüneýit han Gulangezen oýda toý tutýarmyş, Bozagan diýen birini öz inisi ýaly edip öýlendirýärmiş» diýen habar çar ýana çawup gitdi. Ýöne toýy bärde tutsa-da, ol gelni göni Bozaganlaň öýüne düşürtdi. Ýygnanan märekä weli hezzetem, tomaşa-da kemlik eder ýaly däldi. Owazasy bu jelegaýlardan aşyp giden Öre şyh çillemesi bolup iki gün kükräp aýdym aýtdy, goç uruşdyryldy, ýaglyga towsuldy, göreş tutuldy, «keçe-keçe» oýnaldy... Toý tamamlanyp barýarka gelen Dädebaýyň keşbindäki -galagoplugy Gurbanmmämet görenden aňdy. Apyla-sapyla sowlansoň öňe alnan ajy gök çaýyň başynda ol Gurbanmämmede ýüzlendi: —Han aga, seleň sähra tapdym diýip şu ýerde garnyňy gaşap ýatyberjekmi ýa oba-ile dolanjakmy? Gurbanmämmet serdar hezil edip güldi: —Ýa-k, nätdiň-aýt agam, ýaşkiçi wagtym maňa beý diýip ýüzlenmäň näme seň?! —Rast, il öňüne çykdyňmy, ýaşyň kiçem bolsa seň agasyň, inim. Han diýenimem dürsdür, ol at dilenip alynmaýar. Hywa halky eýýäm seň adyň yzyna «han» sözüni tirkedi, bolany şo. — Diýmek onda, bize «Il oňlas — atyňy soý» edäýmek galýa-da?! — Şeýderiňe il garaşýaram. Hywa hany ýene gan ýuwutdyryp ugrady özbek, türkmene. — Onda, gelşiňem şoň üçin-dä! — Bildiň, özüň ýaly biri öňe çykyp şahyna kakmasa, han ýene möwjeýär. — Gitmeli bor onda. Giç öýlän ýola düşen atlylaryň ýüzi oba tarapdy. *** ...Bu wagt Osinow hem-ä pikire, hemem kagyza çümüpdi. Ol bir aý ozalrak Piterden dolanypdy. Özem bir çin ýokary dereje bilen — bolup dolanypdy. Ýüzugra Tifblisä-de, Bakua-da darap geçipdi. Şol ýerlerde türkmenlere degişli dokument-kagyz gözüne ilen bolsa garbap alypdy. «Bularyň içine girip-çykana dönmeseň hezil bermezden-ä türkmen diýilýäni. Haçan içiňi owunjak sanjydan doldurjagyny bilip bilmersiň. Näçe okadygyňça çuňlaşyp, bildigiňçe giňelip otyr taryhy, däp-dessury özleriniňem. Umuman, ýomut türkmenleriniň ýaşaýan ýerleri-hä Tiblisiden göçürilen şu ýazga görä, ilerde-Türkmen — Horasan daglaryndan, Kümmethowuzdan, Gerirud Gürgen derýalaryndanam aňry geçip, tä Elburs daglarynyň etegindäki tokaýlara çenli, gunbatarda Kaspi deňzine, demirgazykda tä şu ýere-Hywa çenli ýaýylyp ýatyr. Çölüň aç gurdy diýsene bulara! Her gezek şu söz diliňe gelip dur — Ol böwrüne biri dürten ýaly diňşirgendi: — Eýsem bular Horezm hanlygynda haçandan bäri mesgen tutundylarka? — Ol kagyz dörüp ugrady. Gyzykly sowal? Hä-ä, tapdym — Ol burnunyň üstüne düşen äýnegini ýokarrak galdyryp ykjamlandy — Ynha, görýäňmi, gürrüň bärde bularyň Horezme haçan gelenliginde däl-de, haýsy taýpalarynyň gidip, haýsylarynyň gelenligindedir. Asyl, tekelerem ýaşapdyr-a bärde, özem agramly bölegi. Was diýilýän ýer şolaryň mekany eken. Dur, dur, Keýmir körüň ady geçýä weli, bu şol batyr türkmen-ä däldir-dä, ady Peterburga hem ýeten. Şol bolmaly. Seret: «Hywada türkmenleriň ýok wagty bolan däldir», diýlip ýazylan bärde. Salyrlar, tekeler, sakarlar orta asyr döwürlerinde Hywadan gaýdan bolsa, ýemreliler, garadaşlylar, gökleňler, ýomutlar, çowdurlar Hywa göçüp gelipdirler. Soňam Was guraýar, Derýalygyň suwy kesilýär. Şeýdibem, müňlerçe maşgala Horezmiň çarýanyna siňýär, ýa-da uzaga göç edýär. Dur-la hany, şol bela — suwsuzlyk üçin-dä, bularyň patyşa hökümetine ýüz tutmalaram...» Pod çilim otlandy. Işdämen soruşyna-da dörüp tapan kagyzyny gözüne golaý eltdi. Äh-ä, 1869-69-nji ýyllarda türkmenleriň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilmegini towakga edip, olaryň baştutany Atamyrat han onuň Alyhezretleri Aleksandyr II-niň adyna haýyşnama ýazan eken-ä?! «Öz halkyma baş bolmak üçin hemişe meniň güýjümem, pulum-serişdämem ýetip duranok, şonuň üçinem daşky çapawulçylykdan — alamançylykdan gorar ýaly, bize bir uly hossar gerek. Türkmeniň «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar» diýen nakylam bar. Özem arslanýürek türkmen kowmy özüne edilen ýagşylygy ýatdan çykarýan däldir, gerek ýerinde iki-üç esse edip gaýtarýandyr. Eger siz Krasnowodsk aýlagynda, Şagadamda gala gursaňyz, Balkany we onuň töwereklerini öz tabynlygyňyza aldygyňyz bolardy. Şonda biziň duşmanlarymyzyň kellesine daş bilen urlan ýaly bolardy. Etregiň, Gürgeniň ilatam size wepasyny gaýgyrmaz...» oýa batdy: «Diýseň-diýmeseňem ynamyna girip bilseň, özüne zyýan ýetirmejegini aňdyrsaň bu türkmenleriň it wepasynyň bardygy weli çyn. Ýöne biz şony oňarýarmykak? — Amyderýa bölüminiň naçalnigi siňekden goranýan ýaly elini silkeledi: — Ýok, men ony bilmen. Biziň bir maksadymyz bar — patyşa hökümetiniň bähbidi! Galan zatlara biz göz ýummaga hakly. Onsoňam, rast, harby adammy, biz diňe buýruga boýun sunýandyrys. «Ur» diýilse, urarys, «çap» diýilse, çaparys, ýöriş etmelimi — «Lepbeý!». Ýöne...» — Elindäki hatyň onuň böwrüni diňirgendireni gyzyl öwüsýän ýüzünden bildirdi. 1876-njy ýylda Hywa hanlygynda ýaşaýan ýomutlaryň, ýemrelileriň hemem beýleki taýpalaryň ýaşululary özlerini han häkimiýetleriniň gysýandygyna görä, ýa-ha rus raýatlygyna kabul etmeklerini ýa-da hanlykdan göçüp gitmäge ejaza berilmegini sorap ýazan haty ony gozgalaňa salypdy. Gör-ä, aýdýan zatlaryny: «Dört ýyl mundan ozal Siz Hywa hanlygyny boýun egdirdiňiz. Ýöne şol dört ýylyň içinde üýtgän zat bolmady, diňe hanyň zulumy artdy diýäýmeseň. Onuň biziň üstümizden garamak üçin bellän guşbegisi ýygnalmaly puldan başga-da, bizden nähak ýerden otuz müň tyllany aldy. Arz edilensoň, gaýtaryp bermeli edilse-de, ol biynsap üç müňe derek diňe müň tyllany gaýtardy. Eger Siz biziň arzymyzy diňlemeseňiz hemem onuň aňyrsyna ýetmeseňiz, biz Hywa hanynyň garamagynda oňşuk edip bilmeris. Şoňa görä-de ýa-ha bize hak hossarlyk ediň, ýa-da başga ýere göçüp gitmäge rugsat beriň!». Geň zat! Şeýle hatlar başga-da bar bärde. Ýöne...» içini gepletdi: «Bize näme?! Gündogaryň ýörgünli nakylyny biz eýýäm bilýäris ahyryn:«Agzyny alart-da, höküm sür!» Goý, Hywa hany bilen bu baş egesi gelmeýän türkmenleriň özleri çözlüşsinler. Tüýtmeleşseler, ysgyndan gaçsalar bize gowy, höküm etmek, diýen etdirmek aňsat bolýar. Baş bormejekdenmi biri, gižžele beýlekiniň üstüne, goý, gemrişsinler. Emma...» içini hümledende hüžžük gaşlary bürşüp gitdi — «Bularyň Jüneýit hany weli böwre gezlik bolup sünjüläýjege meňzeş. Hywa hanynyň-a eýýäm şonuň ady agzalsa dyzy sandyrap dur. Hany, görübereli!». Içiniň gorlanyny aňan Osipow gapa ýöneldi. *** ...Gurbanmämmet serdar göni oba sürmedi. Ilki Ysmamyt ata maňlaý diredi. Garagumuň gaýra eteginde — Tagtanyň guşluk kyblasynda ýerleşen bu öwlüýäniň ady agzalanda tutuş Harazminiň: «Adyňa gurban, özüňden medet!» diýibermesi bardy. Diňe Harazminiň oýy däl, Samarkandyň, Buharanyň, Amulyň ilem, gazak-galpagyň mekany saýylýan Nöküs galasy töwereklerem, Çamanoý, Beýnaw ýakalaram, Ahal alasydyr, Balkan degresem gudraty güýçli Ysmamyt ata tagzymly ahyryn! Gurbanmämmet serdaram, onuň ýanyndakylaram öwlüýäniň garasy görnenden atlaryndan düşüp, irişmäni ellerine oradylar. «Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup!» — diýleni-dä! Nazaryň düşýär weli, dünýä tümmek bolup ýatan ýaly göwnüňe. Armanly-u-armansyz, ýaş-u-garry, merd-u-namart, ähli ötenler topraga garylyp ýatyrka, sen at üstünde güberilip otursaň hem aýyp, hem günä bor. «Ysmamyt ata!» Gurbanmämmet serdar oglanlykda gulagynda gaýym galan, soňam Hywa medresesinde kitap gatynda okan zatlaryny ýene bir öwre aňda aýlady-da, ýuwaşja pyşyrdady: — Gudratyňa gurban! Mahmyt Gaznaly. Ady äleme ot syçradan hökümdar! Ýöne, her niçik güýçlem bolsa, keramatyň öňünde başyny goýup sežde eden dana kişi. Ine, şol bir gün ukudaka düýş görüpdir. Ol döwürler külli Horezminiň halky otparazdy. «Kakyn-silkin» bolsa otdan ätletmek, şamar ot ýakmak şondan galan däp» diýlen gürrüň häzirem bar ahyryn. Hawa, Gaznaly düýşünde Muhammet pygamber bilen dört Çaryýary gördi. «Ýyllyk harjyň — zekadyň bilen Medinä ýola düşmeli. Seniň synag zamanaň geldi» Hökümdar syçrap ýerinden galdy. Ýorganyny serpip dik oturdy. Ahwalatdan baş çykaryp bilmänem, eýýäm daň ukusyndan oýanan käbesiniň gaşyna gondy. —Sen ir-u-giç Muhammet pygambere gulluk etmeli borsuň. Düýşdäki tabşyrygy berjaý etmegiň ugruna çykyber, balam! Perişde ýaly ene şeýle diýdi. Gadymy Ürgenç bäş sany galadan düzülip otyrdy. Köneürgenç, Nöküs, Şaapbas, Kätgala, Hazarasp —hemmesine Mahmyt Gaznalynyň hökümi ýöreýärdi. Şeýdip, Gaznaly agyr goşun bilen haýdan-haý ýola düşdi. Medinä golaýlanda gyrça-gyrça söweşe girip duran iki goşuna sataşdy. Görse, öwraýy bozuk goşunyň döwi rüstem gelip, garşydaşlaryny alarladyp barýar. «Dynç günüňem, gowgaly wagtam diňe ejize kömek etmeli!» Şu pikire uýan Gaznaly ýeňlip barýanlaryň tarapynda durup, uruş teblini kakdy. «Arkaly köşek gurt alar» boldy. Gaznalynyň kömek edip ýeňiş tuguny pasyrdatdyran goşunynyň içinde Mälik Aždar hem bar eken. Ol baryp pygamberlere aýtdy: «Şularyň kömegi bilen abraý eýesi bolduk. Özlerem sizleri idäp, hyraçdan ýüklenip gelýän ekenler». Bolan-goýan wakalar eýýäm pygamber Alyhhusalama aýan eken. Şeýdip, Mahmyt Gaznaly bärde boluberen. Herniçik hoşwagtlyk, şadyýanlyk, mesçilik bolsa-da, kükrek küýsegi Watan bolýar. «Towşana dogduk depe» diýleni dürs. Horezm hökümdary kyrk günden soň yzyny küýsäp ugrady. Bu-da pygambere aýan boldy. Özi dillenmänkä Muhammet pygamber aýtdy: «Mahmyt jan, gidiberiň, näme dilegiňiz bolsa-da aýdyň». Şonda Gaznaly şeýle diýdi: «Bize siziň diniňizi taglym kylar ýaly kişi gerek». Muhammet Pygamber oýlanyp jogap berdi: «Bolýar, ertir namazynda çözerin». Hupdandan soň sahabalaryny ýygnap aýtdy: «Aýdyň, Horezmine din üçin wagyz kylmaga döwtalap gitjegiňiz barmy içiňizde?!» Şonda bir sahaba ýerinden turdy: «Keramata sygyndyrar ýaly güýç-kuwwat gerek, basan ýerinden ot çykarýan ýaş gerek. Eger bizleri köpükläp gaýnap duran otuz bäş ýaşa gaýtaryp getirseňiz, bu bir şerti. Ikinji şertim — kazam ýetip ölsem kyýamat-magşar güni behiştden ýer berseňiz. Üçünji şertim — ölen ýerimde adym ýerde ýatmaz ýaly etseňiz. Onsaňam, gonambaşy boljak öwlüýämde menden soň jaýlanjaklary o dünýäniň soragyndan azat etseňiz özümiz gideris». Pygamber biragyz «Kabul» diýdi-de, doga üçin elini ýokary galdyrdy. Sahabalar «Omyn!» diýdiler. Ýaňky sahabanyňam ismi Mahmyt eken. Onuň dilegi-şertleri dem salymda berjaý boldy. Horezmmne gitmäge döwtalap ýene segsen sahaba tapyldy. Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenje Ism Mahmydyň baştutanlygynda gelen segsen sahaba yslam dinini wagz etmek, ýaýratmak üçin ülkä ýaýrap gitdiler. Aňyrsy üç-dört ýyldan tütjar baý bolup hemmesi ýurduna — Arabystana gaýtdylar. Diňe Ism Mahmyt galdy. Özem aýtdy: «Dünýäniň çarýanyny sökdüm, emmakin Horezmin ýaly bereketli ýurt tapmadym. Bärde gögermeýän miwe, hasyl bermeýän närse ýok. Nesibämiň şu ýurda buýrany üçin men bagtyýardyryn». Dünýä baky, oňa gelen baky däl. Wagt geldi, Ism Mahmyt kaza boldy. Ony jaýladylar. Şeýdip, Tagtanyň dik kyblasynda — Garagumuň gaýra eteginde Ysmamyt ata alty keramatly öwlüýä döredi... Gurbanmämmet bu zatlary änigi-şänigi bilen «Horezminiň taryhy» atly kitapdan okapdy. Hezreti Magtymguly näme? Şolam goluny seripdir-ä: — Dat eýläp telimden, kyldym pyganlar, Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar, Hywanyň ýurdunda ýatan jenanlar, Ýa Ysmahmyt, är pälwan şypa ber!— diýip. Gurbanmämmetleriň obasynyň ýeňse-gündogaryndaky Lälezem ata öwlüýäsini düýnän pahyram bihal kişi däl. Ol şu Ysmamyt atanyň ganybir-janybir dogany. Özem naçar. Ol garabagyr biçäre: «Sen o ýurtlara gitseň, men bärde nädip takat taparyn? Näm bolsak, bile bolaly» diýip ýola rowana boluberýär. Tüýs «Bir-ä dogran aglar, birem dogan» diýleni-dä! Gelibem agasynyň kirine-çägine, naharyna-çaýyna elini kesewi, saçyny sübse eden Lälezemjan hiç kime durmuşa-da çykmaýar. Bizürrýat dünýäden gaýtmaly müddeti gelende-de: «Meni Ysmahmyt agamdan bir at derlärlik ýol daşda jaýlaň, gowusy, şo ýeri özüm saýlaýyn» diýip, häzirki aram tapan ýerini — päkize, akar suwa ýanaşyk ýeri kümmet ýeri edip peýleýär. Özem: «Günçykardan gelip günorta-kybla barýan maňa zyýarat edende tä barýança agamyň adyny diline zikr edip gitsin» diýip wesýet edenmiş. Gezeginde Ysmamyt ata hem «Oňarsaňyz ilki naçar doganymyň mazaryny düýnäp, soň maňa geçiň, sadaka-zyýapatam ilki şoňa bagyşlaň» diýen pendi galdyryp öten. Gurbanmämmet serdar zyýaratdan soňam at jylawyna gönä däl-de gündogara — özbek obalaryna tarap burdy. Onuň hyýaly Medýar ekäniň ýanynda bir çäýnek çaý içip ötmekdi. Ybadullanam göresi gelip gidipdi. Nähilikä oň taby? Endişe-alada özüni basdyryp ýörmükä, ýa entegem şol alaýazlygyny ýazdyrman gezişimikä? Ol bazara sowuldy. Özem atlylaryny Hazaraspyň içine salmady-da: «Il gözünden çeträkdäki buljumda özüňize, atyňyza dem-dynç beriberiň» diýip, ýanyna diňe Annamy aldy. Gündogar bazary! Ol Gün ujy gyzarandan, tä agşam iňrigi garalýança güwläp durar. «Daşgynlasaň mazara, göwnüň çökse bazara bar» diýlendir özem. Döwür agyrmy ýa ýeňilmi, imi-salalykmy ýa uruş-jenjelmi, tapawudy ýok, bazar bazardyr, alyjysam ýetikdir, satyjysam, jellabam kem däldir, kezzabam, ogrusam bardyr halalam. Ynha, çetinden girdilerem weli, gowrulan balygyň ysyndan öň ony gowrup duranyň sesi geldi: — Derýaň balygy, gylçyksyz lakga gel, lakga, ýaglyja, gyzgynjak balyk. — Döwme kebapdan garnyny gözejek bäri gelsin, göç etem bar. Gaçar göşem. —Nabada gel, nabada, şahy nabat, bir düwüri bilen iki çäýnek çaý içjek bäri gelsin, şundan alsyn! —Erige gel, erige! —Kişde gerek sowul bäri, hersi barmak ýaly! Bazarda özbegem bardy, gazagam bardy, galpagam, nogaý ýa tataram gabat gelýärdi. At gaýtarym meýdan dürli dilde gepleýän ýogynly-inçeli sesden ýaňa ala-wagyrdy bolup durdy. Gurbanmämmet serdar nabat satýanyň alnynda daýandy: — Ölçe şunyňdan! — Näçe edeýin, agam! — On-on iki gadak1 goýuber. Godalajyk satyjynyň elinden öň dili işledi: — Terezim düzüwdir, ahyr edibem ölçärin. Gör-ä, aňyrsyndan Gün görnüp duran dür reňk nabatdyr bu. Soň olar çaý-temmäki satylýan ýere sowuldylar, bu ýerdenem seçelenip duran gök çaýdan şonçarak aldylar. Mädýar ekäniň ýanyna eli boş baryp bolmaz ahyry, niçe wagt bäri görülmedik göz. «Bir gün duza — müň gün salam» diýilmänmi eýse?! Olar mal bazaryna tarap ugradylar. Gurbanmämmediň hyýaly iki sany semiz öweji at syrtyna bökdermekdi. Şu ýerde-de... Gurbanmämmet serdar telpegini çümre geýmeli boldy. Sebäbi şowurgyn turuzýan gürrüň hut özi hakdady. Telpeginiň üstünde kişde seräýmeli selçeň sakgal, gartmaç adam hemmäni agzyna bakdyrypdy: — «Han Jüneýip doräpdir» diýip geň görüp oturmaň, bumat syrtyna bäş atly tirkän özüne han diýdirýär. Olam bir jalataýyň biridir, dörüp otursaň. «Il üçin!» diýip orta çykan bor, ýöne öz bähbidi bolmasa, eýere aýagyny atmaz şonyň. Annam ýyrtyk telpegini maňlaýyna basan Gurbannämet serdaryň ýüzüne assyryn nazar aýlanda onuň ýaňsyly ýylgyranyny görüp, «hany göreli soňy nähili bolarka?» diýen tersde ýene elini-eginlerini silkip, janygyp gepleýäniň agzyna aňkardy: — Özüne Jüneýit han diýdireniňi-zä eýýäm gumuň içindäki ýollarda alakjap, gözüne ilen kerweni talap, ötegçini tutup, jüllük-göten goýaýýamyş. Diýenini etmedigem çägä süsdürip «paçak gömdi» edýämiş. Talan zatlarynam öz mülküne çekdirip ýatyrmyş. Onsoň o hanmy, ýa garakçymy, özüňiz görüberiň... Gapdaldan biri onuň al-petinden aldy: — Agzyňa ak gelse-de, gara gelse-de naçawlap duma-aýt sen. Şo Jüneýit diýlýäniňiz öz agasyny telek işi, onda-da ymmata sygmaýan günäsi üçin oldürip ata çykan bolsa oňa dym han diýse, serdar diýse bor, ýa ýalanmy!! Halk üçin janyny berjek bir är gereç-ä halaýyk, ýamana «ýaman», ýagşa «ýagşy» diýmek üçin. Depämizde taýak döwle, taýak döwle saňsarymyz çyk-da ýogsa. Hak haýsy, nähak haýsy, seljerer ýaly bolmady. Ýa nädogrymy!? Göwür asmana göterildi: — Hak-aýt, şol-a. — Adalaty tug edinýän han bolsa nä söz oňa. — Jüneýit boldy, orsukçy boldy, tapawudy ýok, halkyň agyryly ýerinde «men bar» Diýibilýän han bolsa bolýar bize. — Häý, ýene «iki at depişer, arasynsda eşek öler» bolagaýmasa. — Hywadaky hanyň zülmaty artyk how, ýene han nämämize derkar onsoň... Gürleýän haýsy, diňleýän haýsy, düşüner ýaly däldi. Bularyň içinde türkmenem bardy, özbegem, galpagam bardy, gazagam. Birdenem gowrüm üstüne suw sepilen ýaly boldy. Üç sany han nökeriniň ýegdekläp gelýýänine gözi düşen halaýyk kesek zyňlan guş sürüsine döndi. Gurbanmämmet serdaryňam bärde mundan artyk eglenesi gelmedi. Mädýar eke garaşylmadyk myhmanyny görüp hem geň galdy, hem begendi. Atlaryň ýanjagasyna bökderilgi maňlara ünsem bermän, agyla ýönelmekçi bolan aksakaly Gurbanmämmet serdar şapba saklady: — Ho gezip ýören kekeji gyzyl horazlaň birini tüwüniň aşagyna saldyr, şoňa çenli gümür-ýamyr edeli, ýaşuly. Söwüşi indiki gezege goý. — Bolmaz, balam, awüp-säwüp geleňde... — Aňry ýany bilen bolýa şo. Iň esasy didarlaşmak, hany Ibadulla görnenek-la — Ol metjitdedir, obaň mollasy indi, onsoň günuzyn şo ýerde diýen ýaly — ol gapdala gaňryldy-da, şapadaňlap ýören garajurjenje oglana ýüzlendi — Ýüwrüp, Ibadulla bejit gel diý, myman garaşyp otyr diý. Çaý başynda gürrüň gyzdy. Ylgaşlap gelen Ibadulla hem aşnasy bilen garagadyr görşüp, çaý-nahar aladasynda bolsa-da, gulagyny gürrüňden aýyrmady. —Geçiň ýag çalnan şahyndan ýapyşan ýaly şu hanlykda edilýän işler-ä... Öý eýesiniň derrew «wawwaly» ýerden tutmagy myhmany geň galdyrmaýardy, ol munyň şeýle boljagyny bilýärdi. — Balam, özbegiň günem türkmeniňkiden ýaman bolmasa, ýagşy-hä däl. Güniň gatysam garamaýagyň depesinde döwülýär. Salgyt-hyrajyň-a aşagyndan çykar ýalam däl, ynansaň, dogmadyk malyň, bitmedik ekiniň üçinem salgyt ýagyrnyňda dur. Doýmaz-dolmaza öwrüldi bu soňky döwür köşk gaznasy. Halkyň-a halys sabyr käsesi doldy... Mädýär eke içki howruny basmakçy bolýan ýaly gyzgyn çaýy hopurdadyp owurtlady. Saçaga üzüm, alma, gury kişde getirip goýýan Ibadulla bowşeňligi peýläp gep goşdy: — Han hakyt «agzy ýetse çignini iýjek» diýilýäne döndi hullasy, Gurbanmämmet. Wakyf ýerinden girýän girdeýjiňem «gazna dolanok» diýip ýarpysyny almaga het edensoň hanyň hut päliniň azdygy dämi? Indem şo hatasyny ýanmak üçin «metjit salgydy» diýibem bir zat girizjekmiş... Mädýar ekäniň häliden bäri ýuwdunyp-gultunyp, dodaklaryny müňküldedip, gaşyny çytyp bir zady aýtjagyny-aýtmajagyny bilmän gorşaň tapýanyny Gurbanmämmet serdar synçy nazarynda kakyp alanam bolsa «çybanyň» özi ýarynýança tagapyl etdi. Böwrüniň bükgüldisi mädesini ýakan borly, tüwüsi seçelenip duran, «bismilladan soň» ysy işdä damaryňy yzarlap, agzyňy suwardyp barýan mele palawdanam penjesini dolduryp iýmedi, göwün üçin kümşildedi oturdy. Gurbanmämmet bilen Ibalulla weli düýbi çykyr badyýanyň ýagyna ýetilýänçä «gidişdiler». Annamam olardan kem galmady. Töwirden soň orta eti ýarym garyş, şiresi damyp duran garagaş gawun geldi. —Alyň hany balalarym, goýun iýseň çorbasyny , palaw iýseň gawunyny kem etmeli däldir, şolar siňdirýändir—diýen Mädýar eke bir kerçemi işdämen dişledi. Günüň gyzar ikindä sapanyny duýan Gurbanmämmet serdar turarman boldy. Işik bilen boýdaş duran myhmanyň egnine mähir bilen çalaja patladan Mädýar eke ahyry ýaryldy: —Senem-ä at üstüne çykypdyr, han bolupdyr diýýäler weli Gurbanmämmet jan, bu onsoň garybyň ýüküni agratjak hanmyň ýa ýeňletjek? Gurbanmämmet hezil edip güldi: —Gowy soradyň-aý, Mädýar eke muny. Ybadulla weli ýygryljak boldy: —Atamam bir towra adam-ow, soragy dagy düýeden içmek oklan ýaly. Çynlakaý görnüşe giren Gurbanmämmet öý eýesiniň çigninden çalaja gysymlady: —Han bolmagy göwnüm küýsäb-ä duranok, ýöne garyp-gasaryň, ýetim-ýesiriň halyna delalatym degse weli armanym ýok. At üstüne-de alaman üçin-ä çykamok, Mädýar eke. Ýaşuly elini silkdi: —Boldy, boldy, balam. Ras, garyba kömegiň ýetjek bolsa Hywadan bir myş-myş gelýä, seň gelmeziň öň ýany gulagyma degdi. Han indi at salgydyny saljakmyş diýip. Heý, oňa delalatyňyz degmezmi çyn han boljagyň dürs bolsa... —Ata! Gurbanmämmet «dur, gepi bölme!» diýen manyda Ybadullanyň elini gysdy. Mädýar eke-de gatyrgandy: —«Ýer gaty bolsa ony öküzden görer» edýänem bolsam bilmedim. Akly çaşan garry sam-sam edip duran bolsa-da dogrydyr, ýöne men ýüregimdäki gerdimi saňa aýtmasam, kime aýdaýyn, Gurbanmämmet jan, balam. Ynan, şu garry diňe öz gijeýän ýerini gaşaýandyr diýme. Elbetde gapymdaky çaman baýtalym gitse ýüregim ýarylmasa-da, ýaman gynanjagym çyn, ýöne il-günüň endişesini çekibilýän bir goç ýigit heý, gözi gyzaran hana «munyň telek» diýibilmezmi? Ine, hemmäň göwünleriniň küýseýän zady. Galat eri bolsa-da aýdyň?! Garrynyň sowalyna idili jogap tapmadyk iki dost bir-biriniň ýüzüne seredip oňdular. ...Dogduk obasynda bolsa Gurbanmämmet serdara töwerekdäki obalaryňam ýaşuly-kethudalary garaşýardylar. Ygym-sygym gelýänleriň düýn-öňňundan bäri yzy üzilenokdy. Zamananyň zulmaty at üstünden howlukmaç ýa äwmän agýanlaryň keşbinde doňyp duran ýalydy. Iň bärkisi, saglyk-amanlyk soraşylyşynda-da birhili sowuklyk, ýowuzlyk äheňi syzylýardy. Ýöne ekde-ýarymda hiç zady piňine almaýany, dünýäni suw alsa-da, topygyna çykmaýany ýagjymak ýüzünden, haýbatly murtundan aňdyryp duranam bardy.«Namartja olam-sagja olam» edýäni o zeýillileriň hile bilen agyp-dönýän gözlerindenem, kä ýympyk , kä ýuwan sözlerindenem mesaňady. Olaryň käbiriniň ýanynda diňe attutary däl, bäş-on sany ýygynçagam bardy. Atlylaryň göz üçin däl-de, gaňryşa gidýänleriň «gözüniň oduny almak» üçin tirkelip ýörleni bes-bellidi. Olaryň özara hyşy-wyşysam hörplüräkdi. —Näm-aýt, bu men täze han boldum, gelip gözüňaýdyňlaň diýip çagyrdymyka bizleri. —Gözaýdyňa çakylyksyz gelinýänini bilmän näme aýdan aşak gaçdyň-maýt sen, Pygamberguly. Zyýanata çagyrandyr, göreňokmy alty gulak gazanlaň gaýnap duranyny. —«Bu çörek belaly çörek, muny men goýna gider» bolagamasa diýýen men-ä, Gazakbaý töre bu tutumly. «Meni o ýan gözleseňizem, bu ýan gözleseňizem han saýlarsyňyz diýip, tarp urup otursa nätjek?! — Özüçeräk ýomut görer beýtse-hä o Gurbanmämmet serdaryňyz. —«Ýomut ýagşysyny bilmez» edip oturmasaňyz-daýt, Semender baý. Ikiňiziň başyňyz birikse muşakat ýagdyrmadan başga işiňiz ýok. — Görersiň häli senem, Artyk batyr. — Hywa hannyň ýa orsuň zulumyndan-a agyr bolmaz, Jüneýdiň ýükem. Gurbanmämmet serdar gelişine hol aňyrrakda atyndan düşüp, pyýadalap gaýtdy. Onuň beýdişi häliden bäri temegini ýokary tutup oturanlaryň böwrüne dürtilen ýaly etdi. Gelşine-de ula-da, kiçä-de özbaşdak «salawmaliýkim» berip, iki elläp görşip ugrady. Goşa oturan äpet güjümiň aşagyna atylan haly-palasdyr keçeleri aralap töre hem dyzabermegi. Gaýtam : — Hany Işan aga, şu ýere siz ötüň! — diýip, Aburahman işan orta geçirdi. Märekä beýemçilik edýän Atabaý gyrymsa bolsa aýaguçda oturyp, çaý-nahara gözegçilik edip ugrady. Nahar töwüri edilýänçä mesawy gürrüň gitdi. Soň weli gepiň-söhwetiň jylawyny Abdyrahym işan emine aldy. — Adamlar, könekileň «ar döremän, är döremez» diýen gepini-hä eşidensiňiz... Birden beýle başlanmagy «wäh» diýlene meňzeş gorşaň-gozgalaň döretdi. Ykjam oturan ahun weli äheňini bozman gepini dowam etdi: — Şu ýere aňyrsy Köneürgenç, beýlesi Gazak oturran, Maňňyt, ilersi Garatakyr taýdan il öňüne düşýän kişiler geldiler... Ortarakda oturan ziňňirdiräkden gylyçýüz, gür gaşlary gabaklaryny ýapyp duran adam äwmän gürleýän işanyň söze dyngy bereninden peýdalandy: — Damaga ýa görme-görşe çagyrylmanymyzy bilibem otyrys, gowsy düýp ýerinden tutsana, ahun däde! Ony gapdalynda oturan çalarak dalady: — Adyň gapdalyna «galdaw» lakamynyň dakylanny şu taýda-da bildirjek bolup otursyň – aýt, Janmämmet. Öňüňdäki çaýyň bilen bokurdagyňy ölläp, diliňi gymyldatman otyr birsellem. Töweregi pessaý gülki gaplady. Şonda-da Janmämmet galdaw dilini saklamady: — Dek oturanyň bilen özüňi dek goýýan zamana barmy nä? Elmydam iňňäň üstünde oturan ýalag-a haw, bu millet. Osoň garaz, bir zadyň gymyldap durmaly-da... Inçeden yzarlaýan tapbilen ahun gürrüňi onuň agzyndan çykan gepe sapyp göýberdi: — Ana, bardyň üstünden Janmämmet. Gep-gürrüň bilen mübtelä bolup ýörkäk bizi dürtgüläp goýanoklar, mesele şonda... Gapdaldan başga bir zarply ses eşidildi: — «Görnüp duran depä garawul näme gerek» edip oturmalyň-da, bir düzüwli maslahaty zyňalyň orta onda... Atabaý gyrmysa hiç bir hereketi gözden salman, hiç bir gürrüňi gulakdan syndyrman oturşyna ýene giýewsine nazar aýlady. Gurbanmämmet agaç ýuwdan ýaly sarsman, göýä bu zatlara biparh ýaly oturşyna geň galdy. Abryrahman ahun meseläniň maňzyny çigitläp ugranda weli, indi gepi bölýänem, gapdaldan at goşýanam ýokdy. — Türkmeniň güni «it aglaýar» diýlenine dönüp barýa. Şonda-da it alan ala sanaç ýaly herimiz bir gapdala çekýäs. Her taýpa, her tire, «şu gün meňki gowy bolsa bolýar, beýleki näme bolsa şo bolsun» diýip ýör. Iň ýamanam, kethuda begi begellänok, guşbegi häkimi äsgerenok, şondan beleň alýan Hywa hanam biziň üstümize gyrgy bolup topulýar. Türkmeni boýun syndyrmak üçin kä suwuny kesýär, kä bazaryny gadagan edýär. Salgyt belasy-ha indi halk gerşine hyla bolup çümdi. Indem köşkden «at salgydy boljakmyş» diýen şow gelýä. — At-a bermeris. Türkmeniň aty gitse ganaty gitdigidir. — Öwelek serdar, sen bermersiň. Ýöne egni pes, goldawy gowşagyň «bermerine» garamazlar, gaňryp alarlar. Ine, ýaman ýeri. Bir adamyňky aman galanda nä peýda, müň adam aglajak bolsa. Zulum astynda egşere-egşere garybyň katdy dala döndi. Bizi köseýän iň ýaman bela bolsa agzalalayk. Türkmen bir agza bakyp, bir hanyň ýa bir serdaryň daşyna jebis bolandamy-ol guraksy ýudunanda «siňek uçsa bildirýär» diýilýän ümsümlik märeke labyr bolup abanýana döndi — onda Hywa hanyny temegi beýdip ýel almazdy. Bir ýumryga düwlen halkyň öz depesinden ýekedaban bolup injegini bilse özi mugyra gelerdi. «Öň ýekedi iňňilim, iki boldy şeňňilim» diýen ýaly bu ors patşasam gözümizde juwaz okuny aýlajak, sähel bahana tapsa. Herimiz bir ýana çeksegem onuň göhü gelýär, on-a hemmäň menden gowy bilýänsiňiz. Çopansyz sürä daramak diňe gurduň däl, tilki-şagalyňam pişesi, oňa-da düşünýänsiňiz . Men«ýanaral» diýip ýanar ot bolup çabranlaryň nädip pürrelänini ýatlaň!, Her iki obaň biri ýa «kelleli owlüýä» ýa «şehitlik öwlüýä» bolup durandyr şondan bäri. Gazawatdan tä Yzmykşire çenli aralygyndan ýomudyň gany ýap bolup däl, derýa bolup akdy. Asyl-ha bu topragyň hemme ýeri öwülýä döndi, gan dökülmedik ýeri galmany üçin. Ozalam dört oýnam türkmen şeýdip iki oýnama geldi. Ölmän sypanyňam bir bölegi Müňgyşlaga, bir bölegi Balkan degresine, bir bölegi Tejen ýakasyna ýa gum içine göterlip gitdi. Galanjamyzam şeýdip tazygyp, «her kellede bir han otur» edip ýörsek, türkmen tohumy tükenerem häli. Şoň üçinem —Abdyrahman ahun ýekedyz galdy—Geliň, bir çukura tüýküräge-de, Gurbanmämmet serdara «sen Horezmin türkmenlerine han bolup ber» diýeliň! Abdyrahman ahun «indi nobat siziňki» diýen terzde jaýlaşykly oturdy. Otuz-kyrk adam baram bolsa hiç kimden ses-seda çykmady. Şol wagtam... —Adamlar, halnlyk dilenip ýa satyn alynýan närse däldir, şony biliň! Hemmäniň ýüzi ýerinden turup şuny aýdan Gurbanmämmet serdara tarap öwrüldi. Ol bolsa oturanlary ýekänme-ýekän diýen ýaly dikanlap, pert gürledi: —Türkmene bir baş gerekdigi-hä gaty çyn, ýaňky işan agaň aýdyşy ýaly. Götüne otuz-kyrk atly tirkäp, özüni serdar ýa han diýdirip ýörenem bar, ýöne olaňky bir ýa iki obaň çäginden daşa çykanok. Ýurda bolsa bir agza garadyp duran baş gerek, şo bolmasa weli, biziň başymyz gider. Başymyzy almasalaram, süňňimizi saraldarlar oturarlar, içimizden urarlar. Üstüne-de, il içinde ogurlyk-jümrülik, ýol urmak, beýleki ýaramazlygam köpelip barýa, men aýdyp oturmamda-da. Olam halkyň eýesizliginden. Iň tommaýly ýerem, türkmeniň adyndan Hywa köşgi bilen mert hem pert gepleşip bilýän, gerek bolsa ýarag syryşybilýän kişi gerek. Şu oturanlaryň içinde şony başarjagy «özüm bar ynha» diýsin, onda men yza tesýän, ýogsamam... Gurbanmämmet serdar köp manyly äheňde sözüni tamamlaman, oturanlara ýene dikanlady. Az salymlyk ümsümligi orsukçylaryň kethudasy Mämmedöwez beg bozdy: — Şol goç ýigit özün bolsaň biz başga han gözläbem ýörjek däl, Gurbanmämmet serdar! Salaklaryň baştutany Melebaý döwem bir gysym murtyny sypalap oturşyna has dikelip geplände arlawuk sesi depede ýaňlandy: — Hemme tire-taýpa deň göz bilen garaýan han bolubilseň, il namysyny tug edibilseň yzyňa düşmek biz bilen! Güwwüldi-gowur sil suwy ýaly yňyp gitdi: — Öz derdiň üçin däl, il derdi üçin ata çykan bolsaň bes bize! — Hany han bolanyň ili san bolar, enşalla! — Hany, Hywa köşgüni türkmen diýlende titrýär durar ýaly edibilýän han bolsaň, jan inim! — Gurt bilen goýun bir guýydan suw içer ýaly et, bolany şo! — Ah-aw, siz Şammy kelden bidin kelte maslahat kesmäň, how? Meseläniň oňyn çözülenine ýüzi ýagtylyp barýan Jüneýit hanyň Şammy serdaryň ady agzalan bada reňki garalyp gitdi. Gurbannazar Orazgulyýew. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |