05:41 Hupbulwatan -14 / hekaýalar toplumy | |
VIII.
Hekaýalar
Diregli obasy ýanyny Garaguma diräp oturanam bolsa, gara baglary hellewleşýän, ýaby-salmasyndan suw şarlap akýan, ak ekini, gök ekini ýerbe-ýer kentdi. Iki çakrym gündogardaky Ýylgynly, günbataryndaky Başjykyr obalaryndan tapawudy, Diregliniň dört töwereginde gurlan diňler göge azm urup durdy. Gultaraş nagşy salnan pagsalaryň boýy iki adamyňkydanam beýikdi, ini şeýle uludy weli, eşekaraba arkaýyn ýöräbermelidi. Galanyň her çüňkünde hemem diwarlarynyň ortalarynda belent minara meňzedilip salnan gozaraly küňrelerem ýönelige edilmedkdi. Ýagy çozanda ýa-da uruş wagty golaý-goltumdaky obalaryň diňe uly-kiçisi däl, mal-garasam gala gabalanda ýaňky gozaralara derrew mergenler münmek bilendir. Hyrlyň oky gaty uzaga almasa-da, golaý gelen päliýamanyň özüne göwni ýetýän mergenleriň nyşanasyndan sypmaýany çyndy. Häzir galanyň gara-çarasy azrakdy. Ýöne apaň-apaň basýan, omuzlak-çyginlek egninde adam oturybermeli, her ýerrägini mama dişän garaýagyz ýüzündäki murtlary haýbat bilen towlanyp duran, ýaşy ýaňy otuzdan geçen adam uly goçuň aşagyna girip, «hop» diýip ony egnine mündürende düşüş janaweriň seçelenip duran ap-ak tüýleri titäp-galgap gitdi. Egni daýaw ak goçly adam uly-uly ädimläp iki ýana gezmeledi, soňam ony egninden düşürip, ýagyrnysyna kakdy. — Bar, indi otuňa gidäý! Ýöne şahlary burum-burum bolup duran ak goç ot-iýmden beter adam mährine mätäç ýaly eýesiniň digir ýaly aýaklaryna kellesini emaý bilen degrip, keýpli süýkendi, öz dilinde nämedir bir zatlar aýdyp, ýuwaşja mäledi. Bu adam öküz tiresiniň serdary Şammy keldi. Heniz balaja wagty onuň kellesini saryja baş basypdy. Il içinde ýörgünli hem ýokuşgyn kesel gürden buýraly saçy boldumlu kelleden bütünleý diýen ýaly binesip edipdi. Ýara garaz uzagyndan bitenem bolsa, düşen saçlaryň ýeri şyralyp galypdy, ýek-tük galan saçlaram «hum» ýaly diýilýän kelläň boş ýerini ýapardan ejiz gelipdi. «Şammy kel». Ana bolany! Oglanlykdan ýelmenen lakamy ýeri, nädip aýrarsyň sen! Ýumruk ýalylykdan hüýlüräk, özem gözsüz batyr häsiýeti, iň esasam, deň-duşlaryndan ers-mers daýawlygy bilen tapawutly Şammy adalatlylygy, adamkärçiligi bilen adykdy gidiberdi. «Ýigidiň özünden ady uly bolar» bolmagyna-da ýaňy ýigrimi ýaşap barýan wagtyndaky waka sebäp boldy. ... Aňzakly gyşyň şol ümürli-dumanly güni Şammy aw keýpindedi. Garagumy tirsek edip ýatan Diregliden has kybla-günbatardaky Ajykölde aw diýeniň bol çöpdi. Yzgary ýetensoň tokaýa öwrülip giden çaly-çerkez, her biri oý ýaly bolup giden gyzyl ýylgynlar, sähel aňyrrak ýöreseň guba çägä haýbat berip oturan ak ojarlar diňe towşanyň däl, sülgün-käkiligiň, sakarbalakdyr toklutaýyň, hat-da ýabany doňuzyň hem mesgenidi. Ýöne agzyndan çykýan demiň bug bolup sogýan aýazly günde Şammy balyk keýpindedi. Näme, dogry düşse, ýüzugra towşan ýa hol moýmudyklap ýören gyzylgazdan birkisi äkidiläýse-de kem däl. Galyň buzy deşip, «aldawaç» oklap uzak garaşmanka ýagrynysy gara, golboýy semiz lakgany çekip çykardy. Ah-aw, doňup ýatan kölüň aşagyndaky bar balyk şu ýere süýşüp geläýen ýaly-la! Arpa unundap dyrnakbaşy ýaljak edilen logalaly taýagy uzadyp ýetişseň eliňe derrew agram düşüp dur. Ine saňa teňňesi ýalpyldap duran sary sazan, özem ep-eslije bar agramy. Awuň lezzetine maňlaýy çygjaran Şammy hol aňyrrakda gamyş-hyşa orup ýören Jepbarguly egra gygyrdy: — Hany bir gelip it-le bäri, biliňe dynç berersiň hemem. Eýýäm arşy beýik atarabaşyny dessesi uly boglan gamyşdan tas ýükläberen Jepbarguly egri lakamyna laýyk äwmezlik bilen bärik lepbil-lepbil ädim urdy. Giň maňlaýy bugaryp duran Şammy oňa iki sany balyk uzatdy: — Me şular saňa «arma» derek, ýagly lakgany gowrup durka gelnejem maňa «bir ak gyz duşsun» diýip dileg etsin ýöne . Dylym-dylym edýän Jepbarguly ýerine düşse-düşmese-de henek eden boldy: —Näme biziň öýdäki şo kel gyrnagyň dilegi duş bolaýar ýaly ony sen mollaň gyzy ýa hoja galygydyr öýdýäňmi? Käwagt dagy bir ýyllap dileg-arzuw edende-de bitenok şoň göwün diýen zady. Şammy göwresine görä «loh-loh» edende guran uzyn gamyşlar tebil tapyp giden ýaly boldy. —Sen, egrelen agaçdan ýasalan ýaly bolup, kele-pele ýetiberme häli. Şu kel kelle bilen şo çaýkanyp duran garna bir goç süsüşini ederin weli, nädersiň gelnejemi datlap çabalanyp ýatsaň. Ziňňirtden egri adam yza-yza tesdi! —Nädiberýeň-eý, Şammy inim, oýna-henege düşünmän janymyzy gabyz etjek bolup. Agzymy suwardan balygyňam aljak däl, aç başym dynç gulagym. Öýdäkiň jöwen kürtügine ýetibilsem şükür. Has uludan gülen Şammy göm-gök sürçek buzuň üstünde guýrugyny dişläýjek bolup böküp-çabalanýan lakgalary alyşyna, yzyndan eýtip onuň her eline birini tutdurdy: —Bu gorkaklygyň bilen gelnejemiň ýorganyna nädip giribilýäň how, sen egri han. Çala üsgürilende-de tisgnip dursuň-la, how. Ýüzi açylan Jepbarluly ýürejigindäkini aýtdy: —Öküziň gany gyzgyn däli bamy muň? Seň saçyňam lakyrdap duran ganyňa çydaman düşen bolaýmasa: Gülküsi içine sygmadyk Şammy bükrelibräk duran ýagyrna patlatdy: —Bar, bar, senden düzüwli gürrüň çykjak däl, egri han. Ýene birküç balyk alan Şammy tüpeňine ýapyşyp, bürgüt garaýşy bilen daş-töwerege nazar taşlap ugrady. Birdenem... Günbatar tarapdan kiçijik toplum bolup gelýän atlylar çal dumanyň içinde ygym-sygym bolup göze kaklyşdy. «Alamançylar!». Bu pikir Şammynyň beýnisinde ýyldyrym bolup çakdy. Özünden bidin ylgaşlanda ol buz bolup ýatan köluň üstünde typyp gidene meňzedi. Ýol kölüň çep kenaryndan geçýärdi. Bärsi ýaz gök suw, häzir gök buz bolup ýatan ýoluň aňyrsam edil şu ýerde dilkaw duzly çalpawlyga diräp, onuň şumat at giribilmez gara şor bolup ýatanyny Şammy bilýärdi. Bulamakdyr ol, toýnagy düşen at magalaklap taýýar durar, öňe-de gidibilmez, yza-da. Jepbarguly egriniň orup giden gamyşlary küde bolup ýatyrdy. Gujagyna sygýanyny haşlap, daljygyp ýoluň ortasyna çekip ýörşüne Şammynyň gözi golaýlap gelýän atlylardady. Obany urmaga çykan alamançylardygyna şübhe ýokdugyny magat bilen ýigit «Alla, indi-hä-bolandyr» diýip ýaňky gamyşlary otlap goýberşine ylgap pelteli tüpeňüne ýapyşdy. Özem ýňseden bardy. Ýogyn sesine bat beribem hyrlyny göçürdi: —Häý, Öňlüýaguly, eýleden ur, eýleden! Hyrlyny oklap barşyna tüweleý ýaly eýýäm beýleden gykylygy eşidilýärdi: —Şammy, gandallan at! —Hojaguly, yzyndan bar, zaluwat! Öňi ot, gapdaly tüpeň gürpüldisi bolan on-on iki atly aljyrady. Öwrülip ötjek bolubam özlerini ýoluň gapdalyndaky hyşalyga-çalpawa urdular. Bar başagaýlygam şondan soň indi depelerinden. Ölüm ýarasyny salmazlyk üçin aýakdan ýa çiginden atýan Şammynyň okundan birkisi çabalanyp, gana gözi düşensoň alamandan ellibizar, gara başyny gutarsalar yrza geldiler. Jylawy gapdala buranlarynyň atlarynyň toýnagy ýer tutman gürpüldäp gaýdýanam tapyldy. Atdan düşüp höküdikläp gaçýany haýsy, aýagyny eýerden syndyrybilmän, başajak sallanyp sögünip ýöreni haýsy, ok degensoň jan awusyna gygyryp-bagyryp ters aýlanýany haýsy, yza gaçyp barýany haýsy... garaz, Şammy goýna gurt degene dönderdi. Indi ol alamançylara çenäp däl-de, ýa gapdala, ýa asmana garadyp atýardy. Özi weli janlary bokurdagyna gelenem bolsa, gazaplary gaýnan alamançylara öziniň ýekedigini bildirse eýgilik tapmajagyny aňyp san atýardy. Kä gür gamşa urýardy, kä ýüzün süýnüp, gapdala togalanýardy, kä dikelip, öňe-yza ylgaýardy. Şammynyň bir özüdiginden habarsyz, gaýtam, gapyllykda özümizden rüstem atly-ýaraglylara sataşdyk diýip howpurgan alamançylar «gaçan gutular, duran tutular» etdiler. Ýaradarlaryny zordan ýygnap güpürdini beren «batyrlaryň» yzyndan çala ýylgyryp galan Şammam bu günki «awundan» hoşal bolup oba dolandy. Ýöne «men şeýle-şeýle etdim» diýip kemteresinden ýeke ýerde ýeke sözem aýtmady. Barybir onuň ýagy gaýtaranyny bildiler. Bu waka ýagşy zada-da sebäp boldy. Birki gezek gudaçylyga barlanda-da, «kele berer ýaly artykmaç naçarym ýok, ýeke gyzym bar» diýip sawçylary gaýtaran Nepesguly degirmençi «Diregliniň Agaýunusy» diýdirýän Gülperini Şamma bermäge razy boldy oturyberdi. «Ilini gorabilýän gerçek bedroýrak bolsa-da gözüňe yssy-yssy görnüberer» diýipdir özem. ...Ýanyna bökjekläp gelen oglanjyk agyn onuň özüdi. Ýaňy alty ýaşan bujagaz bala onuň körpe ogludy. —Däde, saňa kakam gelip git diýýä. —Diliňe döneýin Gulmyrat jan, häzir bararys kakaň çagyrýan bolsa. Şammynyň dädesi Gylyç Humaş özüni oňarýan daýhandy. Iň uly ogly Şammynyň hem, beýleki üç oglunyň hem bili bekänden gulaklaryna guýupdy: « Bereketbaşydyr gurbany gitdigim toprak. Bilseňiz, hanam ekleýän, garybam, gedaýam, baýam ekleýän Ýerdir. Tüpeň däl-de, azal tutýan köpeliberse topragyňam yrsgy artyberýändir. Topraga gan seçilmän, tohum seçilse ymmatyňam bagty, ekiniňem». Dädesiniň goşgy-gazala meňzeş bu gürrüňlerine Şammy haýran galardy, ony okumyş öýderdi. Ýöne ekabyr çykyp, aýasy daşa dönen adamyň hat-da «kulhuallanam» çalama-çekge bilýänine düşünende weli, öňki hormat keremat derejeli ynanja öwrülipdi. ...Goçuň ýene-de gelip süýkenmegi ony pikirden aýňaldyrdy. Diňe daýhançylyga däl, oglanlykdan mal-gara-da ürç eden Şammy diňe deň-duşlaryny däl, hut ulularam «bäý-bä» diýdirip, geňrek bir pişä keýpini tutdurdy. Ýetim galan guzujygy ilki-ilkiler ýanynda ýorganyna dolap diýen ýaly ýatyrýan bolsa, soňabaka ony bäş pagsaly jaýyň üçegine boýnuna mündürip çykarmagy ram etdi. Kem-kemden şeýlebir türgenledi weli, boýny gün-günden ers-mers bolýan guzuly ýigidiň merdiwana elini degirmän ýokaryk ylgap barşyna gözi düşenler hut darbaz gören ýaly agzyny açaýýardylar. Dogabitdi seleň howany gowy görýän ýigit tudana bişenden tä akrabyň ujy görünýänçä daşarda ýatmaga endik edendi. Özem çybyn-çirkeýden gaçyp jaýyň üçeginde düşek ýazardy. Bir gezegem... Hawa, ýaňy öýlenjek bolup ýören uçurlarydy şol. Çöp başy gymalydamaýan tüp yssynyň ýagşy iňrik garylansoňam höwry gaýdyşmandy. Giç ýatyp, ir turýan Şammy oba uka gidensoň egnine goçuny mündürip üçege çykdy. Agramy indi iki batmandan agyrrak goç höwrügen kişisindenem, öwrenen endigindenem ömürilla gaýdarly däldi. Ine, bu günem Şammy-ha düşege süýündi, goçam birki gezek gürre silkinip, soňam uludan pyşgyryndy-da, bärräkde çökdi. Aý batansoň gije tümligi gara çadyryny büräpdi. «Il ýatyp, it uklady» diýilýäni anyk bolanda Şammynyň ýatan tamynyň öňünde uzynrak bir gara salgym atyp giden ýaly boldy. Onuň elindäki zat ýalpyldady, süýnene meňzedi. Pişik basyşynda merdiwana dyrmaşan adamyň agzyndaky uzyn gama garaňky gijedede öwüşgin atýardy. Demini alman diýen ýaly üçege dyrmaşan gara gözünde çyrasy bar ýaly horruldusy töweregi sarsdyrýan Şamma golaý bardy. Barşyna-da jowher gamany sag eline alyp, bat bilen galdyrşyna ýaňy aşak inderipdem weli, ýeňseden bat bilen urlan gülçüldi, soňam «waý» diýen çirkin ses, yzýanam gaty ýere patylap gaçan göwräniň hykgyldy gatyşykly güpür-tapyry eşidildi. Atylyp turan Şammy näme-nämeleriň bolanyna düşünmän daş-töweregine garanjaklanda, gara gözleri gaharly ýanýan ak goç «şony-ha men etdim, hojaýyn!» diýýän ýaly çala lägirip, gürre-gürre silkindi. «Ýatanyň üstüne turan gelmesine» derrew örenler jansyz ýatanyň elindäki gaýym gysymlanan gamadan başga-da, kelte ädigiň gonjuna gysdyrylan ýene bir pyçagy görüp, derrew nämäniň-nämedigine düşündiler. Goç batly süsende magallak atyp gaýdyşyna maňlaýy zynç ýaly gaty ýere degip şobada jany çykan Meňlimät kördi. —Päheý, onuň ujy mundan çykdy-ow... Şeýle diýip baş ýaýkan Şammy süýnüp ýatana nebsiagyrjyly seretdi. —Seni öldürjek diýip, özi amanadyny tabşyraýypdyr-ow, bedibagyt. Şuny aýdyp eli şütük çyraly Taýjyk mergen öleniň ýüzüni ak ýaglyk bilen ýapdy. Ol hemem töwerekde köwejekleşip ýören üç ýigit Şammynyň garawullarydy. Eýýäm diňe Direglide däl, Bäşjykyr, Hojakümmet, Ýylgynly Derekliýap obalarynda-da özüne «Şammy serdar» diýdirýän ýigidiň töweregine ýygnanan nökerler nobatma-nobat ony goraglap-garawullap gezýärdiler. —Ukyňyza berekella, goçaklarym, sizden ýene ho üçekden seredip duran goç erkek çykdy — diýilen söz olary ýere sokulana dönderipdi. Şuny aýdyp ýene merdiwana durmyşan Şammy yzyna gaňrylman gürledi: —O bendänem äkidiň-de, hossarlaryna tabşyryň. Bolşy-bolşy ýalam aýdyň, haňk-huňk etjegi bolsa-da getiriň meň ýanyma. Meňlimät körüň hossarlaryndan dem-düýt çykmady. Gaýtam, «gowy bolaýypdyr, ölen bolsa bizem biabraýlykdan dynaýypdyrys» diýişdiler. Ýöne beňden doýrup, ýarygijeden soň ony «senden ýüreklimiz ýok kör han, şu işi är bolup bitirip gelseň ertir bizem gaýraky, ýa ilerki obadan bir öküzi ogurlap getirip mal kümäňe gaňaly», diýip ugradyp goýberen jalataýlaryň weli, kürümlerine suw gitdi. Olaňky indi «Urnanyň üstüne durna» diýlenine dönüpdi. ...Süňňihalalallygy, dogruçyllygy halaýan Şammy il öz agzyna bakyp ugramazdan ozalam hyň urup ýördi. Ýöne gaharyny-pikirini gatybir bildiriberenokdy. Birden tarp uruberse, «sen niräniň iti, how?» diýip ýüzüniň dalanaryndan çekinýärdi. Ýogsam dagy baldyry digir ýaly, omurdany gara sazagyň düýbi ýaly, çiginlek, eginlek ýigit olary köpek çeýnän ýaly edibiljekdem weli... Ahyry amatyna geldi. Obanyň çeträginde ýaşýan Ýowşan aga sesini sandyradyp geldi daň-säher wagty. Ol eýýäm çaýyny içip bolan Şamma habaryny ýuwduna-ýuwduna aýtdy: —Inim, biz garybyň çallyk geçilerimiziň birisini-hä oten agşam çilipdir eli egrileriň biri. —Heý, güman edýäniň barmy, Ýowşan aga? Şammynyň bu sowalyna içi howuljyrap duran agam az-hem böwrünni diňirgendirse-de, ahyry bolmady: —«Guman imandan aýrar» diýlipdirem weli, ýöne men-ä günä-de bolsa şu üýşüp «biz deňňene edýäs» diýşip, kelläni kellä berip meň çekýän Artyk ýalama Meňlimät kör, Babageldi gyryk ýalylardan görýän. —Bar agam, gidiber, galanyny özüm oňaryn. Şammy garaňky gatlyşaryna howlukdy. Ysyrganybam şu gije obanyň «ejesi käýän, dädesi kowan» diýilýän jahyllarynyň «deňňene» bahanasy bilen ýene Artyk ýalamanyň kepbesine ýygnanýanyny bildi. Eşidibem «Deňňene diýilýän oturlyşyk her hepdede bir, özem her gezek başga biriniňkide bolaýjak ýaly weli, bu işýakmazlar şol bir tünege günde-günaşa üýşüp, öz-ä...» diýip, bir iç hümletdi. Agşam şamyny kera-mara iýip, yzyndanam ýarpy garpzy hoş edip, «indä-hä, çen bolandyr» diýibem, eltutary kelte bolsa-da, ujy bilgeşleýin düwülen, «şelpeleri» uzyn gamçyny çokaýyň gonjuna gysdyrybam garaňka siňdi. Artyk ýalamanyň öýüne şeýtan üýşen ýaly, wagyrdy birden güýjäp, birdenem peselýärdi. Güýz başynda heniz yssynyň ýüzi gaýtmadygam bolsa, kepbäniň işigi bentdi. Şammy penjire ornunda edilen hüjre-gözüň öňünde çommaldy-da, içerik gulak gerdi. —Eý, maňkalap oturma-da, geçiräý-eý düdäni bärik, ýeke özüň sorup ýatmaly däl-ä ony. —Bolýa how, nä janyň çykyp barýa, ýaňy iki gezek çekdim-ä. —Neme –laý, içimizem eljuk diýýän ýaly. Güýçlendirsene şo gazanyň oduny, gaýnaýana meňzeş däl-de oň içindäki süňkler. Biri ýuwan kikirdedi: —Ýwşan agaň geçisi garry bolsa men günäkärmi oňa. Çekelene-çekelene ýelni süýnüp gidipdir-ä muň. Şo ýerinem saňa... —Gapyl-eý, ertir özüň bir ýaglyja mal çilmeseň bu gülküňi burnuňdan getiris. Özem... Şammy mundan artyk çydamady. Zarp bilen silkilen gapynyň iç ýüzündäki kilim aýakda oturanlaryň üstüne büreldi. Ojak, gazanyň depesinde diwar bilen bitişik ýasalan sekiniň üstündäki peltesi pamykdan işilen çyra birden uran ýeliň zarbyna öçende ýüregine dowul düşen içerdäkiler tas bir-birini depeşek edipdiler. Nazary möjegiňki ýaly garaňkyda-da gowy saýgarýan eli gamçyly Şammy boş eli bilen alawlap ýatan kesindini alyp, ýokary göterdi. Ýüzi egşän, çala symgylda gözleri ýanýan Şamma ýüzi düşenleriň süňňi sandyrady. Şonda-da öý eýesi hökmünde Artyk ýalama syr bildirmedikden boldy: —Zährämizi ýardyň-aýt, Şammy, gijäň bir mahaly kimkä diýip... Çawun giden gamçynyň şuwwuldysy bilen Şammynyň sesi deň çykdy: —Ýalama han, seň gapyňa nä diňe beňkeş bilen ogry gelmelimidi, bize gadaganmy, hä? Ýagyrnysynda tozan turanam bolsa süňňi gaty öý eýesi gaýtmyşym etmedi: —Agzyňy çalajyn goýberme, gepiňi bilip geplemeseň... Gamçynyň bu gezekki inişi has batly bolansoň Artyk ýalama bialaç towlanaýdy. Ýüregi agzyna gelen biri daş işigi alyp duran ýapy ýaly Şammynyň satanynyň arasyndan sümüp sypjak bolup müňzedem weli, ýöne boýny dik duranyň dyzyndan geçenden, gaýçy ýaly gysan aýak ony butnatmady, gaýta demligi daralansoň ökjesini batly-batly patylanda köne keçäniň tozany burunlary gaňşyratdy. Soň gamçy gezek-gezegine beýleki ýagyrnylarda oýnap ugrady. Keýpden çykan Şammy käsi buruljyrap oturan, käsi uzyn süýnüp ýatanlary indi depip dikeltdi. —Hany aýdyň, Ýowşan aganyň geçisini kim ogurlady? Bu gezek Babageldi gyryk geplände kiçi diliň taňlaýa ýapyşany magat bildirdi: —Wony kim aýdýamyş? —Men aýdýan. —Ýalan. —Ýalanmy? Onda — Şammy gaýnap duran gazanyň gapagyny galdyrdy. —«Şu duzdan ant içýän, bişip duran tagam şol etden däl» diýeniň gapdala geçäýsin. Bir gorşaňlyk tapylan ýalam bolsa bäş-alty kişiniň içinden gazanyň başyna barmaga het edeni tapylmady. Ýöne olaryň käsiniň Artyk ýalama bilen Meňlimät köre assyryn seredenini duýup ýtişen Şammy öý eýesine azmly ýüzlendi: —Bire derek iki geçini dek häziriň özünde Ýowşan agalara eltip gaýdarsyň. Özem ogry-jümrilikden däl, halal maldan, taparmyň? Artyk ýalama geňzewläp gepledi: —Ýatagymda üç baş bar, şondan bereýin. —Bolýa, sizem — Şammy solgun ýüzlere dikanlady-dagy-duwara indi eli egrilik edäýseňiz, soňam neşe diýlen zadyň gyrasynda görnäýseňiz, gamçy bilen syparyn öýtmäň, gara gylyjyň boýnuň çykan ýerinde oýnajagy ýadyňyzda bolsun. Baryň, güm boluň indem! ...Şondan bäri ogrulyk-jümrülik ýatanam bolsa, içi kitüwlileriň hyňynyň ýatmanyny Şammy aňlabam ýördi. Ynha indem... Dädesiniň ýanyna ýetip barýan Şammy şu zatlary ýatlap, baş ýaýkady. Adam bolasy öz rozygari bilen gydyrdanyp ýörse, özem ýapyşanyna haram gatmasa bolmaýamyka walla! Ýa meslikden, ýa peslikden azyp, guwdurap gidibermek ganynda bamyka ýa ynsan diýleniň?! Şu wagt erkime goýsalar özüm-ä yzyma atly tirkänimden elime pil alyp, künde alyp gara ýere ýapyşanymy gowy görjek-ol ajy ýylgyrdy— Ýöne şo depe edip ýygnajak harmanyňdan bäş batmanyň özüňe nesip etjegine güwä barmy diýsene. Ýa suwuňy keserler, ýa ekiniňi at toýnagynyň astyna salarlar, olardan aman galdym diýseňem, han salgydy bokurdagyňdan asyl-asyl bolup durandyr. «Alamançy» diýdi, «garakçy» diýdi, bu belalaram käte-käte alkymyň aşagyndan çykaýýa. Niçezar biz ýagyrnymyzdan inýän uly ýa kiçi ýumruga çydap gezmeli?!... Dädesiniň öýüne golaýlanda ol dört-bäş sany del atyň teblä gysdyrylanyny görüp bir kürtdirdi. Gara öýüň içinde çaý içip oturanlar weli aglaba tanyş ýüzlerdi. Olar Porsaňyň, Ýegiýabyň, Küňreliniň, Garaýabylynyň kethudalarydy. Özleriniňem Şammynyň ýanyna haraý gözläp gelendikleri tamakin garýyşlaryndanam aňdyryp durdy. —Biz-ä indi kelep ujuny çaşyrandyrys, Şammy serdar. Ugran ýolumyňz petik bolup dur. Il-günem senden hemaýatkär. «Jany ýanan taňrysyna gargar» diýip, düw-düw dyzaýanam bar. Salgyt bolmady, garahassalyk boldy biýä. —Gurtmyrat, garahassalygam şondan ýagşydyr, bir ömürde bir degýä, ýa alýa, ýa goýýa o dert. Aýt, aýt hanyň ýaňky zulmatyny aýt. Haçan gutularys ahyry şundan, ine, ýaman ýeri. —Weýsek, beýdip jan ýakdyryp oturandan gowsy ýaraga ýapyşalyň diýe-diýe dilim syryldy size. Ýolboýam, «şeýdip aýdalyň Şammy serdara» diýip gelşim. Besdir, etimizi gemrip gutardylar, gury süýegmiz galdy. —Üstesine, atlykdaky ýerlerem elimizden aljaklar, salgyda girizjekler gürrüňi bar. Iki jahan owarrasy edip öldürdiler şeýdip On-on bäş günlükde dagy eşitseňiz, gaýramyzdaky Garamazyda salgydyny töläbilmedik hojalyklaryň derege diýip öý goşlaryny tamam tükedenler-ä tükedenleri, iň soňunda «salgyda ýetenok» diýip Ýumşa ýaran ogul-gyzynam sürüpdirler... Bu gürrüňleri diňlemek depäňden daş ýagýan ýaly agyrdy. «Çaknyşmaly! Özem Hywa hany bilen!» Gaýtmyşy bolmajak bu pikiri Şammynyň dili däl-de, otlukly ýanýan gözleri aýtdy. Emma ondan öň Jüneýit han bilen boljak çaknyşygym ortada ýatyrdy. *** Jöwen ak baş bolup ugrapdy. Otly demini üfleýän tomsuň heniz bady gaýdarly däldi. Uly ýabyň egrelýän ýerindäki gysbyda küren tutan aglajyk obanyň orta gürpündäki üzligi gurgun ak öýden egnine ýuka dony ýasgynjaň alan dykyzdan eginlek adam akgaýma tahýasyny maňlaýragyna süýşürüp, elindäki suwly kündügi saldarly tutup, maňlaýdaky gür biten hyşa-ýylgynlyga sümdi. Şol wagt beýle çetdäki pessejik tamyň aňyrsyndan çykan iki sany degenek pyýada hem bukdaklap şo tarapa urup gitdi. Ýaňy garalan iňrigiň alagaraňkylygynda kölegeler ýitip, gür çöplügiň içi has garaňky görünýärdi. Towşan tutjak ýaly ýapyrlyp, höküdikläp, pişik basyşynda barýan iki adam el bilen ümleşişlerine oturan donlynyň üstüne özlerini zyňdylar. Ýöne olaryň agzy gum garbady. Edil çommalyp oturanyň egnindäkä meňzeş donuň aşagy boşdy. Şol wagtam iki pyýadanyň ýeňsesinden gelen gyzyl ýüz adamyň çala garaňkyda ýyldyz ýaly ýanan gözi gahardan nyşan bolup ahmal galanlaryň depesinden indi. Ilki bir gülçüldi, yzýanam hykgyldy eşidildi. Ikinji nämäň-nämedigini aňşyryp ýetişmänkä onuňam ýeňseçukury gyzyp gitdi. Agzy bilen çöp garbap ýerden galjak bolanda çatalba degen agyr ökje ony ýere çüýlenene dönderdi. Gyzyl ýüz, aga göz adam hiç zat bolmadyk ýaly donuny egnine ýasgynjak aldy. Kündügi äwmän göterşine onuň içindäki suwam ýatanlaryň üstüne eňretdi. Gürlände weli ýatanlar tisginip gitdi. —Nähili-aýt bi siziň Jüneýit han dädeňiz, adamy emin-erkin ýazylmaga-da goýman, näme, adamlaň tezegini içinde gatatjakmyka ol, hä?! Ýatanlardan jogaby nädip almalydygyny bilýän ýaly ol kisesinden çykaran mauzerini ýokary tutup mäşäni gysanda iki pyýada ok böwründen girene donüp ýazzyny berdiler. Ökjesi ýeňsesine ýetäýjek bolýanlaryň yzyndan gyzyl ýüz, ýylçyr kelle aýagyny tapyrdadyp gygyrdy: —Gaýdyp hanyňyz şeýle oýun edäýse oňky-a siziňkiňem çeni bolmaz, şeý diýip aýtdy Şammy diýiň şoňa! Şondan soň myhman jaýyna girip, ýanbaş taşlan ýatyşyna çäýnegini boşadyp barýarka biri edep bilen gapydan ardynjyrap girdi: —Essamawmaleýkim, batyr! Şammy diklelip el uzatdy: —Waleýkim essalam, gel çaý başyndan. —Taňyryýalkasyn batyr, men bir ýumuş oglany, han agamyz iberdi, «Şammy batyr bir salama sowlup ötäýse şu töwerekden gitmänkä, men garaşyp oturjak» diýdi. —Şeý diýsene, han Jüneýit çagyrýan bolsa bijit bararys oňa. Şu çäýnegi kera-mara boşatdygym bardygymdyr. Ýeňil gopan habarçy işikden zarmyrlap çykdy. Şammy okly hatarlary ýuka donyň içinden keseleýin asdy, mawuzeri weli almady, tüpeňinem goýdy. «Men ýagynyň üstüne baramog-a, enabat edilip çagyrylan ýere barýan-a». Şammy ak öýüň haly serpmesini açyp girende Jüneýit han onbaşylarydyr ýakyn nökerleri bilen çaý içip otyrdy. —Essamawmaleýkim! Törde goşa halynyň üstünde gabarylyp oturan Jüneýit han hemmä derek gepledi: —Gel, kel han, geçiber er tapan ýeriňden, saglyk-amanlygam soraşybiris onsoň! Hut şu gepe garaşyp duran ýaly Şammy egnindäki okly hatary sypyraga-da, ortada gyzyl çog bolup duran oduň üstüne oklap goýberdi. Oturanlaryň gözi hanasyndan çykarly boldy. Dik duran Şammy bolsa sarsanokdy. Gyzan däriler gümpüldäp, kül pasyrdap, uçgun syçrap ugranda gapynyň agzyna ilki kimiň böküp baranyny aňşyryp bolmady. Jassyldaşýan därili oklar, göterilýän külmüdir kesindileriň şatyrdysy sekiz ganat öýüň içini ala-duman etdi. Jüneýit han häm bolanda-da «jan süýji» edip gapa topulanlaryň serpilip özüne ýol bereninden peýdalanyp, ilki daş çykdy. Onuň yzy alahasyrdy bolup, boşan öýde diňe Şammy galdy. — Däde, men şu kel doňzuň öz içini bir tüsseden dolduraýyn-la. Jaýtaryp duran murty ýag çalnan ýaly ýaldyrýan Eşşiniň diş gyjap, bäşataryny gysymlamasyna Jüneýit han çala göz aýlap göýberdi-de, ajy ýylgyrdy: — O batyrlygyňy ýaňy öýüň içinde etmeli ekeniň, giň ýere çykaňsoň ekezsiremäň näme? Ýygna ýaragyňy! Oda zyňlan peşeňleriň hiç zat etmeýänini kän synagdan geçiren Şammy bolsa haňlap açylan işigi ýapjagam bolman, töre geçdi. Öýden hoň ýaly aňyrda galpyldaşyp duranlara gaharly nazar aýlan Jüneýit han gür gaşlaryny börtdurdi-de, imi-salalyk aralaşan öýe ädim urdy. Bir gapdaly gopan eňsini batly galdyryp girdi. Jüneýit hanyň häki oturan ýerinde Şammy goşa ýassygy tirsekläp çaý içip otyrdy. Güljeginem bilmedik, gaharlanjagynam Jüneýit hanyň sesi gyryljygrak çykdy: — Essalawmaleýkim, Şammy batyr! Abşarylyp oturan Şammy sarsaýynam diýmedi-de, zarply jogap gaýtardy: — Waleýkim essalam, han baýtal, çöküber tapan ýeriňe! Bu sözüň Jüneýit hanyň içinden ok bolup geçeni derrew üýtgän meňzinden bildirse-de, ol goýazy gepledi — Batyr, biziň hatamyzy ot! «Äriň ärdigini bilmedik, Hudanyň birdigini bilmez» diýipdirler, könekiler. Şammynyň ýüregi arslanyňkydanam uly diýip eşidýädim, indi gözüm bilen gördüm. Şu demden başlap dogan bolaly birek-birege, Şammy batyr. Daşdan gelen ýagydan, içden dörän beladan ýurdy iki bolup goraly. Bu gezek Şammy batyryň ýüzi üýtgäp gitdi: —Heý, oňarmadyň-ow. Bir gepiň üçin indi men seň bilen il bolubilmen. —O nä sözüm, Şammy batyr! Näjümel näme aýtdym men? —Türkmen diýeniň owaly bir garynda göterilip, bir sobukden syrylan milletdir. Sen ony bilmän, indi türkmeniň içinden dogan gözläp ýörsüň. Jüneýit han dim-dik boldy: —Ikimiziň ýolumyzyň sowa, dünýämiziň başgadygyny-ha öňem aňýardym weli, gep zaýalanym galdy saňa. Garaz, adybir ýomut bolaňsoň sala salyp goräýeýin diýipdim weli. Şammy ajy ýylgyrdy: —Ýomudyndan başga türkmeniň tekesini, gökleňini, alilisini, garadaşlysyny, çowduryny, ärsarysyny nätjek? Olaram-a özüni bir kesçe görýändir. Hemmesem Harezminiň oýunda ýaýrap otyr. Jüneýit han bu söze jogap gaýtarmady. Tarp urup öýden çykyşyna bir agyz «ýigitler, gitdik!» diýdi. Yzýanam at toýnagynyň güpürdisi ilki güýçlenip, soň kem-kem peselip ugrady. Ojagynyň küli çar-para pytran öýde Şammynyň ýeke özi çaý içip otyrdy. Şondan kän wagt geçmänkä bu «düwün» hasam çigişdi. «Meň agamyň towugyna Jüneýit hanam «tok» diýip bilmeýär» diýip beleň alan inileriniň Jüneýdiň obalaryna çapawulçylyk edenimden Şammy batyr osal galdy. «Agamät öldürilipdir, özem Jüneýdiň nökerleriniň elinden ölüpdir» diýlende eýýäm «kel» lakamy «serdar» gözi bilen ymykly çalşan Şammy çyrpynyp galanam bolsa işleň änigine-şänigine ýetensoň, «kakabaşlyk eden özünden görsün» diýmek bilen oňaýdy. «Bir-biregi çapyp ýörmegi oňlamaýany inisiniň ganyny soramaýanyndan belli, bu akylly keliň» diýip Jüneýit hanam ynjalypdy. Ýöne garaz, bolan iş ýüreklerde hylt galdyrypdy. Iň ýamanam, iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnajak däldi. Çig süýt emenleri ýalan-u-çyn, bolan-u-bolmajak bilen gižželeýänlerem tapylyp durdy. Şol günem bazardan gaýdyp gelýän atly-eşeklidir pyýadalynyň ýol gürrüňi aýlanyp-dönüp, günüň-günemanyň üstünde döwneýärdi. Igdiş atyň eýerine taýlanyp atylan horjunynyň tümmerip durşundan söwdasy oňany aňdyrýan alasakgal, alyn dişleri dodagyny göterip duran, orta ýaşlaryndaky adam çiş telpegini ýeňseräk atyp gelşine wal-waly bilen öňündäki-yzyndakylary agzyna bakdyrýardy: —Bu Jüneýit hanyň zarby zor how, adamlar. Men öňňün Ýylanlyň bazaryna iki sany gysyr ýylkymy satmaga bardym weli, baý-buw, özbegi-gazagy, galpagy, nogaýy, ýöne gepletseň agyzlarynda Jüneýdiň ady. «Hywa hanyna şu bir hikmet görkezagamasa dym hanaweýrana dönderdi halaly taşlap, harama geçen nälazan» diýip agyzlaryndan ot çykýa. Garry sygryny göwünsiz idip gelşinden satybilmän dolanany bildirip duran arryk-durruk ýaşuly janagyrly gep goşdy: —Wäh, muny-aýt? Ak bazarda şeýdip bar gürrüňi mis pula satyp, köşgüň, hanyň gürrüňini edip bolýan bolsa Ýylanlyň bazaryna gidibermeli eken-ow onda. Şu Tagtaň bazarynda gatyrak gygyryp, sygryňam satyp bolanok. Hana ýanap gürüň etmeg-ä beýlede dursun... —Sen Jüneýdiň gürrüňini otarma, Şammy kel barka. Nä gözüňi akjardýaň, ýa ýalanmy? —Ýöne onyň-a gylyjy kesgir, tüpeňi atgyr Jüneýdiň ýanynda asgyn gelamasa. —Seň göwnüňedir o, Şammy batyra at dakma, agzyň gyşarar, Atyşda, çapyşda, adyllykda Şammy diýlenem biriçe bardyr, beýle gaty gidiberme. —Şonyň-a Jüneýit hança ýok seň, näçe ýesäňi dikgertseňem. Eşitmediňmi nä, iki bazar ozal öküz satyp gelen biriniň gaçyran gapjygyny ogryn alyp özüne siňdirjek bolan päliýamany nädenini, hä? «Gaýdyp özgäň zadyna nazaryň düşmesin» diýäge-de, gözüni köwledäýipdir. Şondan bäri bazaryň agzynda gyzylyň çäşyp, kümüş teňňäň pytrap ýatsada gabak galdyrýan ýokdur, gaýtam, sowlup geçip, gapdalyndan sokmak ýol ýasaýandyrlar. «Meň demim düşýän ýerde ogurlyk-jümürlik, lolulyk-azgynlyk bolmaz» diýeninden biliber sen Jüneýit hany... —Agzyňa şeýtan siýen ýaly bir kepläp ugrasaň saklap bolana-gaý seni, biziň obadaky Şamät molla ýaly. Şammy batyram kem ataň ogly däldir. Şoňam adynyň eşidilýän ýerinde ýaramazlygyň boýasy köwlenen ýalydyr bilseň. Ho-o öňräk Küňrelidäki Nedirguly mirap «el egrisi özüne» edende nätdi? Egni gysyklaň suwuny gysyp, öz paýyna sowany üçin hasylynyň gylla ýaryny elinden gaňryp alaga-da, ýaňky yrsgyndan kesilenlere paýlady. Özüne-de «Demiňi syrtyňdan almasaň, galanja baýlygyňam gaňryp alaryn. Hakyňa kaýyl bolmasaň, ejiziň agzyndakyny kaksaň, mundan gatysynam görersiň, özüňem gaýdyp men mirap diýip sakaň başyna dabanyňy sekme» diýdi weli, tumşugyna kepje bilen poh ýetmeýän Nedirguly mumly ýüplük bolaýdy... Gürrüň entegem gyzjakdy weli, ýalpyldaýan şar gara, ýaly uzyn, guýrugy kelte argamasy säpjedip gelýän ýogyn pyýada aşa siňek gaçana dönderdi. Daşdan seretseň eýeriň üstünde ýüňli ganar oturdylan ýalydy ýaňkyň bolup gelşi. Birinden öýkelän ýaly kese bakyp oturşyna ozalam ýörgür atyň bykynyna ýag çalnan ädigi bilenem hürsekleýärdi. Ezýaka köýnegiň bagjygyny çözüp goýberip, inçe baganadan tikilen ýasy telpeginem çekgä taşlaýşy «özüme göwnüm ýetýänlerdendiň görseň» diýdirýärdi. Ol göre-bile öňündäki inçemik pyýadany ata kakdyryp goýberdi. Egni torbaly kişi entirekläp gitdi, ýöne ýykylmady. — Gözüň ýokmy-aýt, giň ýoluň gapdalragyndan sürübermän... Ýogyn piýada gözüni göge tutdy: — Meň gelýänimi görmän, seň nä bäbenegiň gapykmydy? — Menden garaw gaýtmasa-da, bir gözi gyzyla sataşgaýsyň hernä. Atyň üstündäki eglip, inçemik kişiň egnindäki torbany silkip goýberende ak jöwen küpürsäp ýatan çaňly ýola pytrap gitdi. Gapyl düşen adam atla azazyl bolup ýapyşyşyna tas aglapdy: — Nätdiň muny, biynsap?! Çagalam daş ýalasynmy indi, hudaýyndan tapmyş, pohly ganar. — Diliňi sakla, bitli uşak. Gaharymy getirseň özüňem şu jöwen ýaly pytradaryn. Durýan-u –gelýän ara düşmedik bolsa ganjaryşma bolmagam ahmaldy. Döwi asgyn gelýän inçemik adam soňky sözüni aýtdy: — Sen eger Işanberdi atalygyň ýeke dogmasy bolman, hut Hudaýyň agtygy bolsaňam edişime seret. Dehin han Jüneýdiň ýanna gidip, gözüňi ýeňsäňden çekdirmesem Söhbet adymy itiň ardyna dakaryn... Şol wagtam onuň arzyny Biribaryň özi eşiden ýaly gowur bir galdy-da, şobada-da üstüne suw sepilen ýaly kiparlady. —Jüneýit han gelýär! —Özi däl-de, ogly Eşşi diýýärler! —Görersiň kimdigini! —Hanyň hut özi how şo. Seret oňa! Bir topbak atly bilen gabatdan ýetip gelýän Jüneýit hanyň hut özüdi. Onuň ötgür nazarynyň bolan-goýan zatlary görüp ýetişeni bildirse-de, tä topluma gelýänçä sarsmady. Kirşeniň içine siňen jöwenini çöplejek bolýan inçemik pyýada diklense, atyň üstündäki ýogyn pyýada süllerdi. Süllermedi-de, «wäh, bu nähili boldy?» diýip, ülker ýaljak bolup gelýän atlylara seretdi-de, gulagynyň eşidenine ynanmaýan ýaly gözlerini tegeledi. Ýag basan, darynyň deşigi ýaljak gözler kem-kemden şeýle bir ulaldy weli, hut oňa aýagynyň aşagyndaky kirşenden çümmükläp guýsaňam siňip gitjekdi. Goýnuň böwregi ýaly dodaklar ilki has salparan ýalam bolsa, soň bir büzüldi weli, häzir onuň agzyna atyşgir soksaňam açylarly däldi. Etlek ýüzem bada-bat agardy-da, soňam külreň- göge aýlandy. Ysgyny gaçan eller uýany syndyrdy. Serpigen mähelle iki bölünip, hana ýol açyldy. — Halaýyk, salawmaleýkim! Ilki şuny aýdan han soň ýogyn pyýada ýüzlendi: —Düş atdan! Ýazzy maňlaýynda jylaw çeken hanyň pessaý aýdan sözüne mähetdel, ýogyn pyýada eýerden düşmedi-de, sypyrylaýdy. —Kimiň ogly borsuň? Pelteklän dil bazzy-buzzy etdi. —Gum—gum—sepişenden—n, Işanberdi atalygyň ogly, gyrymsalardan. Han gaňrylman gürledi: —Taýmaz! —Lepbeý, han aga! —Işanberdi atalygyň bu dogmasynyň ýagyrnysyny ýag basyp gidene meňzeş, köýnegini sypyr-da, on gamçy ber muňa! —Hop ýagşy! Adamlaryň sesi-hä beýlede dursun, at-eşegiňem agyzlaryna torba geýdirilen ýaly ümsümlikdi. Ýöne her gezek zarply inip çykanda tekizden ýagjymak ýagyrnyda çylgym yz galdyrýan çamçy bilin goşulyşyp çykýan «waý, eje-e» sesi ýaňlanyp gidýärdi. —Silk gapjygyňy! Üstünden bir tulum suw guýlan ýaly öl-myžžyk bolan ýogyn pyýada hanyň buýrugyna tisginse-de, eliniň deramaty bolmansoň gapjyga eňek atyp oňaýdy. Onuň içinden jogurdap dökülen teňňeleriň ýarsyny üm bilen görkezen han hunaba iýene mylaýym ses bilen ýüzlendi: —Muň, bu mes atam seňki, nesip etsin! Ol bükülip — sandyraklap duran ýogyn pyýada ýüzlendi! —Sen bolsa Işanberdi atalygyň dogmasy, dagy-duwara özüňden ejizi ynjydaýsaň boýnuňy sogyryn. Ataňa-da aýt, şeýle biedep ogla mundan buýana terbiýe-görüm beribilmese, oňam mal-mülküni dirikä terekä salyp, ogul-gyzyna paý ýetmez ýaly ederin, düşdüňmi? —Dü-düş-düm, ha-han ag-a! Güpürdeşip giden bir toplum atlynyň tä garasy ýitýänçä mähelle gymyldamady. Soň weli gowur-galmagal göge göterildi: —Hakyndan çykdy-da bu garnyny ýag tutanyň! —Häýt, Işanberdi atalygyň ogly, ejeň ady ýadyňa düşýämi şumat, hä?! —At arkasy gutly bolsun how, uşak garyndaş! —Aýtdym-a men, Jüneýit han gyly dik bolýan adyl diýip, nätdi, gözüňiz bilen gördüňiz dälmi halaýyk?! Bazarçylar gidenden soňam çaňy gaýdyşmadyk ýoluň üstünde atdan düşürilen, gamçy paýy ýetirilen dykyz pyýada gazarlyp otyrdy. *** ... Şammy batyr bu wagt ýaňy Hojakümmetiň çetinden giripdi. Arka tarapyny guma dirän, alny adyrlyk-tekizlige sapyp, tä gözýetime çenli bölek-büçek ekinzarlyk bolup gidýän obanyň ýaýrawy uludy. Şelpelerini apbasy ýaly edip oturan ak derekleriň başy asmana tarap hellewläp, ýapraklar sähel şemala şybyrdy berýärdi. Saýasynda kerwen düşläýmeli garamanlaryň kölegesini diýsene sen? Aşagyna barsaň tomsuň tüp yssysam bolsa, garaňky tama girdimmikäm diýdirer. Güjümler näme?! Ýeriň myhy ýaly bolup sarsman mizemän oturşyna nazar kyl, göwnüň galkynjaklaberer. Tylla teňňe ogşaýan ýapraklaryny gün şöhlesi «deşibilmez» eger-eger, aşagynda uklap turarsyň weli, süňňiýeňillikden ýaňa uçuberesiň geler. Özem pygamber nazary düşen bu agaç köki topraga çümenden tä pide bolýança ýüz ýyl-a ýaşaýar pesinden. Oba gir, «ho güjüm men ýaňy mana düşünýän çaga wagtymam bardy, atam aýdardy «biz ýigitkägem şuň aşagynda aşyk oýnardyk» diýip, onsoň biliber muň ýaşyny» diýýän aksakallara kän duşarsyň. Güjüm diýenmiş diýýä: «Meň saýamda Ýaldyrak doganda-da içmekli gyşaryň, ýogsam üşederin» diýip. Ýaldyrak diýlen ýyldyz dagy «men bir dogaýyn, jöwzam bilen derýaň düýbündäki gögerenem guradaryn» diýip asmana galýa diýýäler-ä. Obanyň ekin-dikinem beýleki obalaňkydan üýtgeşik ýalydy. Belki ýap-çilindendir. Şammy batyr gözüniň düşen ýerine bürgüt garaýşy bilen, ýöne söýünçli nazar taşlady. Hawwa-aýt, ok ýaly çekilen ýaplaň boýunda seteran gögeren tutmydyr gara söwüdi, her ýerräkde oturan pagsa tamlaryň, käsi düzüw, käsi egşerlip ýa gapdala eňňit alyp oturan gara öýleriň gapysynda gözi dokundyrýan almamydyr erigi, dalbara dyrmaşan üzümleri, içine hirewe ot gögermedige meňzeýän ak-gök ekinlerem aýdyp dur şony. Hojakümbet! Bu obanyň adynyň aňyrsynda keramat ýatyr ahyry! Şammy batyr balajalykda gulakda galan rowaýaty ýene bir öwre aňa saldy. ...Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet- diýdirip öten soňky ulama ýaşynyň ahyrlarynda bir hyýala münen. «Türküstany, Horezmini aýlanyňda-da, iň sapaly, iň bir ekini bitginli, ili abat, topragy yrsgally ýer tapyň, şo ýerde men bir metjit gurjak» diýen. «Tüf» diýende tüýküligi ýere gaçmaýan piriň göwün küýsegi bolar-da, olam heý ýerde ýatarmy! Derhal şar para atlylar daýyrdap giden. Hemmesi gelipdir diýlen mütdetde yzyna. «Özbegiň içinde pylan mekan bar, şo size mynasyp, tagsyr!», «Gazak sähralarynyň pylan ýerinde gursaňyz jaý bolar!», «Garagalpak ulusynyň içinde bir paýazly ýer bar, pylan gyşlagynda, biz-ä şony makul gördük»... «Hem zyýarat, hem seýran» diýen pir aýdylan ýerleriň ählisine elin aýlanyp gören. Ahyrsoňy ine, Şammynyň doglan ýeriniň garagörnüm bärsindäki şu oba gelende Hoja Ahmet Ýasawy hasasyny ýere uran: «Şu ýerde guruň metjidi. Men ýolum düşen ülkeleriň içinde şu mekandan sapaly, ili sahawatly, topragy hümmetli ýer görmedim. Şoň üçrip nesip etdiginden Hudaýyň öýüni şu ýerden salalyň». Şol gurlan metjidiň altyn çaýylan kümmedi-diňi gaty alyslardanam ýalpyldysy bilen göz gamaşdyrar durar eken. Şeýdibem «Hojanyň kümmedi» diýiliberensoň bu obanyň ady il içine Hojakümbet bolup ýaýrap gidiberýär. ...Wagt geçer. 1923-nji ýylyň güýzünde Hojakümmet obasynyň eteginde bolşewikler bilen bolan aldym-berdimli darkaşda Jüneýit hanyň hut özi «gyzyllaryň» aeraplanyny urup ýykar. Häzir bolsa Şammy serdar atyň jylawyny obaň orta gürpürägindäki goja güjüniň bärkisiniň aşagynda peýrewe gürrüňe tutup oturan ýaşulylaryň ýanyna tarap burdy. Gyr alaşanyň üstündäkini tanandan hojakümmetli ýaşulylar aýak üstüne galjak boldular. Şammy serdar ýetmän eýerden agyşyna howlukman el salgady: — Oturaweriň ýaşulylar, gozganmaň, salawmäleýkim! Iki elläp görşüp çykyşyna ol mürähet edilen ýere geçişine jaýlaşykly oturdy. Birki käse çaý içilýänçä ekin-dikiniň, mal-garanyň gürrüňi bolanam bolsa obanyň kethudasy Sarygoç pälwan morta gönümel soraga geçdi: — Batyr, edere süýji gürrüň-ä ýok. Şoň üçin sen aýt, haçan bi Hywa hanynyň temegine kakmaga gitmeli? Şammy baryt çala gülümsiränem bolsa labzy sowuklaç çykdy: — Näme, ýaragyň poslap barýamy beýle, ýaşuly? Sarygoç pälwan ileri omzanda boldumly göwre aşagyndaky ýyrtyk kilimi düýrledi: — Göwünler kirledi, inim. Indi o kiri ýalňyz ýaragyň güýji bilen gokamasak başga elaç galmady. Oňa deňijem birden turan gowra güjümiň galyň ýapraklaram şabyrdap giden ýaly boldy: — Diri maslyk bolup ýörenden ýa ölüp dynalyň, ýa zulmady zyňyp dynalyň! — Şo hanyň ejesi erkegem bolsa bir darkaş gurup göreliň-de how, öňli-soňly. — Indi at salgydam giren soň halkyň gerşine gaňňa salyndy biläýmeli. — Häk-k, bir atyşyp-çapyşyp içiňi sowatsaň. — Batyr, sen bir öňe düş, seni ýüzügara etsek ýüzümize tüýküräý... Başyny galdyranda eýýäm ýazzy maňlaýa munça mähelläniň nädip üýşenine Şammy batyr geň galdy. Olaryň içinde diňe ekabyr erkekler däl, garry-gurtam, burny sümükli çaga-da göze ilýärdi. Zarply-zarply çykýan sesler weli kiparlaman, barha güýçlenýärdi. Birden laňňa galanyny özem duýmadyk Şammy elini galdyranda başly-barat çykýan goh-galmagalyň üstüne suw sepilene döndi: — Boldy adamlar, hemme zat düşnükli. Birigün sürýäs, atyňyzy-ýaragyňyzy taýýarlaberiň. Diňe siz däl, handan boýly bogaz bolan kän, ýaman kän. Sürüp göreliň, şundan ýaman bolasy-ha ýok. Sarygoç pälwan ony gujaklady: — Är gördük seni, Şammy batyr, seň öli ýeriňde öli, diri ýeriňde diridiris. Iliň gahar güýji böwedi böwsüpdi. *** Şondan üç gün soň Isfendiýar han zamuna saklanýan türkmen aksakgallaryny mejbury boşatdy. Boşatjak däldi. Ýöne akrap şemaly ýaly bolup köşge şuwlap girýän habarlar onuň inini tikenekledýärdi. Ol häzir burça gabalan ýyrtyja dönüpdi. Mundan bir ýyl gowrak ozal ýer üçin, salgyt üçin özüçe üýtgeşme etjek boldy, başa barmady. Näme üçin? Han ýag basan ýogyn barmagyny tos-togalak kellesinde has kiçi ýaly görünýän gulagynyň ýeňsesine eltende gasyn tutan ham «mylk» edip gitdi. Salgydy iki esse artdyryp bolandamydy? «Gazna gutardy» diýip, gözüni tegeläp durlar-a iýeni burnundan gelmiş wezirdir mäter. Ýeri, diwanbegiňki näme? Zekat ýygnalyşyna hemem zikgehana baştutan dämi sen, işiňi oňar-da garny guramyş. Haçan görseň aç geçi ýaly mäläp dur: «Zekat bolanok» diýip. «Türkmenleriň ýer-suw salgydy öň otuz iki müň tylla bolan bolsa, şony iki esse köpeltseňem şolar gözi akan ýaly bolup yrza borlar, hyk-çok etselerem suwuny kesip, hekirtmeginden ýapyş, nädersiň gözi akan ýaly «lepbeý» diýip dursalar» diýip akyl berenem bolýarlar. Bu dili gömelteýinden sogrulmyş türkmenmi saňa «lepbeý» diýjek?! Gaýtam, ýumrugyny agzyňa çenäp dur ynha. Nädemin hanyň kellesini alan millet meni sylap goýýarmy? Haçan kebzeden pyçak urjagyny bir-ä özleri, birem Alla bilýär. Salgydyň sanam-a indi ellä ýetip barýan ýaly... Gapy çalaja yş bolup, ilki mürşük ýüz, inçe buryn, soňam bili elip ýaly kempir göründi. Ol elini tep-tekiz görünýän göwüsleriniň üstüne goýup, baş egende, suw kädisine meňmeş kellesi üzülip gaçaýjaga meňzedi. —Han hezretleri, haremhana geçiriberiň, howuz taýyn! Ýöne... Tykyrganan kempiriň sözüniň soňuna garaşmaga takady tükenen han azymlyrak gatyrgandy: —Ýonäň näme? Aýt basymrak. Kempir indi egilende iki büklüm boldy: —Ýönesi, el degmedik kyrk gyzy haremhana getirip, her günem birine ýanaşmasaňyz, siz derdiňizden açylmarsyňyz. Han gytyjak sakgalyny sypalap, ýüzüni gapdala sowdy «Bi ülhüd-ä beýle diýýär. Öňňunky gelip barlap giden ors dogtaram «size sözenek degipdir, bejertmeseňiz uzagyndan gana ymykly geçer, gowusy, Peterburga ýa Tiflise gidiň, şo ýerde bir aý çemesi bejerseler bu derdiňiz ýom-ýok bolar» diýdi. Ýa o kapyrlar derde derek meň özümi ýom-ýok edäýmegiň kepenini biçäýdilermikä? Gowusy... Han elini silkdi: —Kyrk gyz diýdiňmi? Goý getirsinler köşge! Meň permanym diýiň-de aýdyň! Haremhananyň eýesi kempir gelşi ýaly ýom-ýok boldy. Gyz salgydy girdi. *** «Türkmenler gozgalaňa galdylar» «Şammy serdar Hywa tarp goşun sürjek bolýar» «Jüneýit han bilen Goçmämmet hanam Şammy serdary goldajak bolýar . » 1912-nji ýylyň güýzünde Tagtanyň, Ýylanlynyň, Porsyňyň, Gazawadyň ilatyny yzyna düşüren Şammy serdar Hywany alkymlap barypdy. Gozgalaňyň has zorukmagyna başlanmagynda Ýazan öküziň gelmegi sebäp bolupdy. O öz kethudalyk edýän Porsaň obasyna Hywa hanynyň üç ýüzden gowrak ýaragly nökerleriniň dökülip, ähli salgydy iki günde ýygnap almak üçin goş ýazdyryp ýatanyny aýdyp indiki maslahat üçin Şammy batyryň gaşynda oturdy. —Azgyn hana göz görkezmeli, maslahat şol. Hemmämiz birleşmeli-de, hanyňam, paşşaňam emeldarymy, ýasawulymy, salgytçysy, kesimçisimi, kowup çykarmaly-da, öz obamyza, öz ilimize özümiz eýelik etmeli! Bu habar bilen ugradylan çaparlar eýýäm Köneürgenje, Ýylanla, Porsa baryp gaýdypdy. Olaryň yzy bilen Köneürençden Goçmämmet han, Harmanjyk-Şirwangala tarapyndanŞaltaý baga, Yzmykşirden Gulamaly han dagy atlylary bilen Diregli galasyna ýetip gelýärdi. Goňşy Ýylgynly obasynyň ýaşulusy Durdy Keban, öz obalaryndan Päwi pälwan dagy bolsa eýýäm «häh» diýilse «mäh» diýmäge taýyndy. Etresi Şammy serdaryň iki müňe golaý atly-ýaragly goşunyna diňe Ýazan öküz, Goçmämmet han, Gulamaly han dagydan başga-da, Temeçden Ahmet beg goşuldy. Öňden sürüp barýan Şammy serdar özi bilen at uýanyny deňlän Goçmämmet hanyň gürrüňine gulak geripdi: —Menem eşidenimi aýdýan. Türkmeniň atarman-çaparman ýigidine ýolbarsyňky ýaly ýürek, çaknyşykda kuwwatly gol, doňzyňky ýaly zarba, gurduňky ýaly güýç, alahekekegiňki ýaly tämizlik-päklik, alagaraňkydan ileri hüşgärlik, tilkiden mekirlik, göherdiňki ýaly gazap, şiriňki ýaly mirewwet—rehimdarlyk, baýguşyňky ýaly ukysyzlyk gerek diýip aýdyp geçipdir ata-babalarymyz. Şammy serdar öňi-ardy görünmeýän ýygny synlap barşyna murtuny towlap ýylgyrdy: —Sen-ä diňe han däl, dana-da ekeniň, görýän weli. Goçmämmet morta ýakyn bu sözi göwnüne alman, gaýtam, pessap gepledi: —Özüm hanlyga ýetdimmi, ýetmedimmi onçasyny biljek däl, ýöne hakyky hanyň çyn dana bolmalydygyny-ha magat bilýän. Ýogsam... Şammy onuň aýtjagyny agzyndan kakdy: —Ýogsam günüň Hywa hanynyňky ýaly bolar diýýämiň?? Maňlaýdan daýyrdap gelýän atly olaryň gürrüňlepini böldy: —Öňdäki obada üç ýüz çemesi han atlylary bar. Şammy serdar gobsundy: — Näm işläp ýörmüş olar?! — Zorluk bilen salgyt almaga gelenmişler. — Ol-a has ýagşy, awumyz agzymyza gelipdir onda — Şammy serdar gapdala çala gaňryldy — Iki gapdaldan-a gabarys, ýöne götünjekläp gaçyp sypmazlary ýaly ýeňsesindenem aýlanyň, elli-altmyş atly bolup. Sürüň onda! Ara kän salym düşmänkä porsaňly Garaja beg öz ýigitleri bilen Hywa nökerlerini öňe salyp gelýäni göründi. Onuň ýanynda peşeneli özbek ýaşulysam bardy. Onuň şu obanyň kethudasydygyny soraman biläýmelidi. Olaryň yzynda sozanguýruk bolup gelýän, ýesir alnany ak tam ýüzlerinden hemem erejekleýän gözlerinden görnüp duran han nökerleriniň arasynda del-düregeý geýimlilere nazary düşen Şammy serdaryň gaşlary gerildi. Kethuda ýaşuly «Mäşerindir adym» diýip eda hem gadyr bilen salam berdi. Şammy serdar uslyp bilmän, onuň bilen dor atyndan düşüp salamlaşdy. — Hydyr ata bolup ýetişdiňiz. Bu zalymlar baryňa-ýogyňa bakman, öýsaýyn talap gelýädiler. Indi «at salgydyny berersiňiz» diýip gapyňda tezekläp durlar, gamçylaryna bat berişip... Şammy serdar onuň gepini böldi: — Ýeri, aty bolmadyk nädip üzýä onsoň? —Oňa derek ýa-ha goşa sygyr ýa bogaz mal bermeli, düýn haly bilen iki sany ýüzi tüýdülmedik keçe, tapsaň ýetmiş tümen gyzyl pul ýa ýüz segsen ors çerwensi. —Mäşerin eke «aýtsammykam?» diýip, delmundy-da, «näm bolsa şo bolsuna» urdy: — Alladan gorkmaýan o Isfendiýar han «gyz salgydy» diýibem musulmanda-ymmatda görülmedik bir zat tapypdyr. Şu biziň Hojakent gyşlagymyzdanam üç gyz alnyp gidildi... Ýaşuly dodagyny dişleýşine döşäp-döşäp geplände gözleri ýalpyldap gitdi: —Nowaýy şahyr şeý diýip gidipdir: —Hiç haçan halk-halka etmez ykarat, Dogany-dost bolsa ýaşagaý rahat. Özbek ejizlän wagty türkmen gelip hemeýat etse-ol bokurdagynyň dolanyny aňdyrmajak bolup gapdala bakyp ardynjyrady-nä söz, doganlar. Ganybir, janybir, gardaş ahyry bu iki millet. Magtymguly şahyr aýdypdyr-a:«Agzy ala bolan iliň yrsgaly gaçan ýalydyr» diýip. Türkmen bilen özbegiň agzyny alardýan kim? Han! Hywa hany! Şeýtmese hökmüniň ýöremejegini bileni üçin şeýdýä. Ýörite şo niýet bilen timisgenip, özgebi türkmene, türkmeni özbege küşgürip ýören han jansyzlary bar, şoňa özüm şaýat. Indem... Mäşerin eke näumyt nazaryny indi ýere dikdi. Dymyşlygy Goçmämmet han bozdy: — Indiki maslahat? Bu ýesirleri nätmeli, boşatmalymy ýa... Mäşerin ekä ot ýapyşan ýaly boldy: — Boşatsaň özüňden öň köşge barar bu mysalasy guramyşlar. Hanam beleň alar tumşugyna ýel düşen ýaly, «näme ýük ursamam ýagyr eşekdir bu başy aşak halk» diýip. Bize beriň bolmasa... Şammy ýapon bäşataryny öňüne kese basdy: — Bulary şeýderis onda. Gan-a dökmeris, ozalam bihuda dökülýän gan, alynýan jan az däl. Hersine otuz gamçy urup,eşege ters mündürip köşge ugradyň. Ýygnan zatlaryny ellerinden alyp, eýeli-eýesine paýlaň. Bulary bolsa — ol ýere giräýjek bolup duran ors ofiserlerine «bärräk süýşüň!» diýen yşarat etdi. Eýýäm ýagyrnysy ýalaňaçlanyp, dürre gamçylaryň şarpyldysynyň waňkyryşýan sesler bilen garyşygyndan demleri tutulyp, gözleri peträn, irdenki gedemje ýüzleriň biri Şammy serdara tanyş göründi. — Boh-ow, Iwan, sendiňmi bu asyl. Gorkanam bolsa bu sözleri kemsidiji hasaplan kelteräkden tokga ýüz gözlerini gyrp-gyrp etdirip, degnasyna degleniň äheňinde göwünsiz gepledi: —Iwan däl, Aleksandr Iwanow, patyşa goşunlarynyň Hywadaky bölüminiň kapitany. Bu «hor-hora» hemmeden öň jyny atlanan Goçmämmet han oňa tarap at dabyratdy: —Eger ak patşaň şu ýerdäki dogmasy bolýanam bolsaň agzyňy gyşartman gürle — ol ýokary galdyran gamçysyny «beýtmäýin» diýen terzde aşak goýberdi: — Bolaýmalyň-a belli weli... Gepe Şammy serdar nokat goýdy: — Geçen gyşdaky söweşde-de bardyň sen gözüňi gijen ýaly edip. Ýadyňdamy, biziň zarbymyz zor gelipdi şonda. Senem öz esgerleň bilen jyrralyp gaçybam bilmän, aman dilän sypypdyň. Bolýa, bu gezegem seni bagyşlaýyn, ötägit, ýanyňdakynam al-da, ýöne mundan soň gabat geläýseň weli okumy gysganyp durman. Az salymdan ýapyrylyp sürýän örs ofisserleri Hywa tarap haýdap barýardylar. «Köşge syrtyny dirän öz iline zulym etdi» diýlip getirilen emeldärlery bolsa Şammy serdar sylap goýanokdy. Welnazar begiňkem şoňa bardy. Gaba gara sakgal, alagöz, eginlek-çiginlek, hut «at araba goşaýmaly» diýilýän adam bir-ä nebsine buýrubilmäni, üstsene-de, köşkden arkasy sypalanan pişige dönensoň obasynyň-iliniň üstüne doňuz bolup atalany üçin elini arkasyna daňdyrlypdy. Iň geçilmesiz günäsem, eli bilen edenini egni biln çekmekden gorkup, gaçyp barýarka Goçmämmediň atlylary ony jeňňeliň içinde atyny atyp, özüni öňe salyp getiripdiler. Mäşerin eke ony görüp ýumrugyny dowup, dyzady: — Şu haramzada «gyz diýen bolsa köşge gyz ugradyň, şaýy çargatyň aşagyndan çykmadyk täzeje gelniňizem getiriň» diýen bolsa nädersiňiz?» diýip, hil bir işi bitirene dönen. Şammy serdar bir gysym bolup oturan begden sorady: — Ýetişen gyzyň bamy özüňde? Bu soragyň aşagynda bir «çöpüň» ýatanyny derrew aňlan Welnazar beg ýüzüni sapajyk-supajyk edende gapdaldan birki ses eşidildi: — Üç heleýi bolar-da, gyzy bolmazmy? Üç-dört aýlykda-da mesligine çydaman bir bendäň adaglanan gyzyny soňky hatyny ediptörüne geçirdi. — Baldyry yştanyny deşäýjek bolýan iki gyzy otyr öýüniň töründe gözlerini bagçebşiňki ýaly edip. — Iliň gyzyny-ha bagyrdyp köşge ugradybilýä zalym, öz gyzlaryny bolsa äre-de dözenok... Şammy serdar Mäşerin ekä ýüzlendi: — Obaňyzda öýlenibilmän ýören ýigitler bamy? — Basan ýeriň şolar bolup durlar, serdar. — Onda şeýdýäň, muň- ol gorkudan ýaňa içiniň ýagy ýüzüne çykan ýaly monjuk-monjuk derlän bege tarap çala baş atdy- gyzlarynyň, hersini bir ýigide «bar, maňlaýyňyz bolsun!» diýip berýäň, özünem asyň, ile göz edip! Dili tutulan begi süýräp äkitdiler. Şondan soň uzak eglenmedik ýygyn öňe süýşüp ugrady. Il içine» şu gün Şammy serdaryň goşuny Daşhowuzy, Şabady, Maňňydy basyp alypdyr» diýlen gürrüň düşse, ertesi-birigüni «Eýýäm Gazabatdan geçip, Gürleňem alnypdyr, Şammy serdar daga şo ýeriň atly-ýaragly ýigitlerem goşulypdyr» diýlen täzelik ýaýraýardy. Edil häzirem Hywanyň eteginde gozgalaň edenleriň baştutany Jepbar demirçiniň yzyna düşüp gaýdan iki ýüze golaý özbek ýigitleri bärik ýetip gelýärdi. Şolaram goşulsa Şammynyň hasabyndan goşunyň sany dört müňe barmalydy. Jepbar demirçi möhüm habar bilen geldi. Onuň aýtmagyna görä, hanyň köşgüni patyşa goşunynyň polkownigi Kolosowskiý ýarym müň çemesi sallat bilen goraýar. Ýumruk ýalylygyndan şo goşunyň ädigini çüýlemek, atlaryny nallamak bilen içinde bolup, ors dilini suwara bilýän, ýat ýerden gelenleriň däbine-dessuryna özleriçeräk ýetik boluberen, tüýs «dogumdan dörän» diýdirýän Jepbar demirçi indi belet hökmünde gozgalaňçy goşunyň öňüne düşdi. Hywanyň gala diwarynyň öňündäki söweş üç sagatdan aňry çekmedi. Bu ýerdäki ähli deşige-ötüge bäş barmagy ýaly ýetik Jepbar demirçi patyşa goşunynyň pirini kädä gabatdy. Gysaşa düşen şo goşun haýsy tarapa seretseler, han leşgerleriniň «dat-bidat» diýip, baş guratsalar müňdebir yrza bolup pytranyny görüp dowla düşdi. Dowla düşmezmiň?! Niräňä nazar aýlasaň şeýtan çagasyna meňzeş hereketdäki gara telpek bolup dursa. Atan oklaram pys geçenok özleriniňem. Patyşa goşuny ýerzeminde gizlendi. Köşge gozgalaňçylaň dolanyny gören Isfendiýar hanyň gorkudan ýaňa hut haram tüýlerem gymşyldaşdyberdi. «Şammy serdar türmede oturan bendileri boşatdy» diýlen habar gelensoň-a ol kellesiniň saňňyldysyny saklabilmedi. Aňtawçylarynyň baştutany Gara hanjara Isfendiýar hany tapyp getirmegi tabşyranam bolsa Şammy serdaryň diýeni bitmedi. «Arwaha sapak beren şo han ýa asmana uçana, ýa ýere girene dönendir. Eýýäm ikimiz ýaly keçe telpege al salandyr» diýen Goçmämmet hanyňky dogry çykdy. Öler ýaly gorkan Isfendiýar han häzir aýal eşigine girip, haremhanada ýüzüne perenje bäräp otyrdy. Göz ýeter ýeri elek edip gözlese-de, Gara hanjar haremhananyň gapysyny kakmagy uslyp bilmedi. «Äl-aýt, hanyň dört ýüz basalykly oýnaşynyň –keniziniň haýsynyň ýüzüni açyp çykjak, haw» diýip, göwnüne basalyk berdi-de, «şu ýeri-hä syrlyjadyr öz-ä» diýen gümän bolsa-da, dönüp gaýtdy. Oňa derek weli ýasawulbaşysy Abdyrahman baýy buljum gizlenen ýerinden daşaryk süýrän çykardy. Onuň yzysüre Jepbar demirçem ýitigini tapana dönüp geldi. Onuň ýigitleriniň öňüne düşüp, başynda ahyrzaman gopduryp gelýänler hanyň wezirleri Mätweli bakgag bilen Abdylla baýdy. Köşgüň işikhanasynyň agzynda hümer bolan gozgalaňçylar sähel «haýt-maýt» etmeseň olary düýt-müýt ederlidi. Olaryň gaňryşyna gaýtmagyň özüňe ynamy syndyrmak boljagyny aňlan Şammy serdar derrew Goçmämmet han bilen maslahatlaşdy-da, gozgalaňçylara ýüzlendi: —Halaýyk, aýdyň, bulara nähili jeza bermeli? Gowur belent minaralardanam aňryk aşyp gitdi: — Dardan asmaly! — Ilki dillerini gömelteýinden sogurmaly. Şulaň hana ýaman maslahat beren gyzyl dillerini bir depeläp içimizi sowadalyň-da! — Dabanyna myh sokmaly. Goý, zähmetden dabany gatan halkyň agzyndakyny kakyp alyp ýumşak mesi geýmegiň görgüsinem datsynlar! — Oň ýaly bolsa ilki garynlaryny silkmeli! — Gözüni oýmaly! —Diriligine ýere gömmeli! Jepbar demirçi gohy kiparlapdy: — Bu zalymlaryň eden işleri hiç kimiň ýadyndan çykar ýaly bolan däldir. Kimiň ýetişen owadan gyzy bolsa, görmegeý gelni bolsa köşge getirip, ilki wejeralyga başlan şu garny ýogyn emeldarlar. Hut meň gyz uýamam şularyň eden betnam namysyna çydaman, özüni asyp öldürdi. Şammy serdar, maňa ejaza beriň, jezasyny özüm berip, hem özümiň, hem beýlekileň bir içini sowadaýyn! Şammy serdar eýýäm diri maslyga öwrülenlere sowuk nazar aýlap, bir agyz: — Rugsatdyr! –diýdi. Az salymdan Hywanyň gündogar derwezesinden asylan üç agyr göwre saldarlanyp, görene göz bolup durdy. Gozgalaňyň tolkuny entegem möwç urarlydy. Şondan sähel wagt öň bosa Türküstan general-gubernatorynyň huzuryna Amyderýa bölümniň naçalniginiň adyndan şeýle mazmynly telegramma gönderilipdi: «Öňem habar berşim ýaly, türkmenler Hywada edil özbekler, gazaklar, garagalpaklar ýaly bu hanlygyň bir bölegi bolup durýar. Ýöne olaryň aglabasynyň ýaşaýşy oturymly (welaýat) ilatyňkydan tapawutly, köplenç göçme-çarwa häsiýetli. Geň ýeri, öz raýaty hasaplansa-da, ne han, ne-de onuň ýokary wezipeli emeldarlary türkmenleriň arasynda hiç wagt bolmaýarlar, diňe salgyt tölemeli wagty olar ýada düşýär. Ilat bilen hanyň arasyndaky gatnaşyk kethudalaryň —türkmen aksakallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şu ýylyň gyşynda Yzmykşiriň golaýyndaky Diregli diýen obada (ol Tagta bilen Ýylanlynyň arasyndaky ýer) türkmenleriň tolgunşygy hut han nökerleri tarapyndan kethudalaryň biriniň masgaralanmagy-agyr söz aýtmagy sebäpli başlandy. Han nökeri öldürildi, salgytçylar talandy, türkmenler ätiýaçdan köne arnalaryň hanasynda amatly ýerde atyşhana tutdular, ondan öň mallaryny we maşgalalaryny çöldäki gizlenjek ýere sürdüler. Şeýdip özlerini amana getirmäge gelen han nökerlerini paýhynladylar, ölenleriň ýaraglaryny paýlaşdylar. Türkmenleriň ozalam ýaragy gurat, ýeterlik ok-därili üç nilli tüpeňleri bar. Özlerem bular dogabitdi kawaleristler, guşuň gözünden urýarlar, hywalylaň aýtmagyna görä, bularda Mauzer ýa-da Raçawewwit iňlis ýaraglaram bar. Şeýlelikde türkmenler çynlakaý güýje öwrülýär, nirede nähili hereket etmelidigini ýerli ýagdaýa-tebigy ýerleşişe görä gaty gowy bilýärler, çölde ýetişdirilen atlaram çydamly, üstündäkini otsuz-suwsuz birnäçe gün göterip gezibilýär. Atly-ýaragly türkmenler on bäş müňe golaý ilat diýlip çak edilýär» | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |