06:19 Hupbulwatan -15 / hekaýalar toplumy | |
HARBY TÖLEG
Hekaýalar
Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryň köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. ýaşaýan obalarynyň ýerinde bolsa diňe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiň dowamynda obalaryna dolanmagy we boýun etmegi hyýallaryna-da getirmezlikleri olaryň tekebir ruhunyň mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyň üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänçä birnäçe hepde çölüň içinde entäp, itiň gününi gördüler. Men Ýewropa ugramazmyň öň ýany ýomutlaryň öz goňşulary bolan özbekleriň üstüne çozup, ruslaryň ýetiren zyýanynyň belli bir böleginiň öwezini dolýançalar talandyklaryny eşitdim. Ýöne şonda-da olaryň ýagdaýy örän agyr bolan bolmaly. Kaufmanmaňa olaryň Kaspiniň kenarynda, Etrekde ýaşaýan teke türkmenlerine özlerini tekeleriň ýurduna kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini ýollandyklaryny gürrüň berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat boýun bolsalar, olar üçin Kaspiniň kenarynyň we Etregiň gapysynyň açykdygyny aýdypdyrlar... Kaufmanyň maňa aýdan zatlary çyn bolanlygynda, ýomutlaryň iň bolmanda az sanlysynyň ol ýerik göçüp gidendigine ynanýaryn. Kaufman goş ýazdyrandan soň, Hywa türkmenleriniň beýleki tireleriniň bir hepdäniň içinde harby töleg tölemeklerini talap etdi. eger olar aýdylany etmeseler, ýomutlaryň gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy. Olar Kaufmanyň üstüne öz serdarlaryny iberip, harby töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy soradylar. Kaufman tölegiň möhleti on dört güne çenli uzaltdy. Tükmenler her öýden on bäş tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her öýden ýigrim tylla ýa-da 5 funt sterling bilen 7 şilling tölemäge borçy edildi. türkmen tireleriniň tölemeli salgytlary jemi 42,500 funt sterlinge barabardy. Bu san nemesleriň fransuzlardan ýygnan salgydyndan köpdi. Onuňam üstesine türkmenler fransuzlardan has garyp ýaşaýardylar. Birki günden türkmenler bahasy birnäçe müň manada barabar bolan kümüş pullary, bilezikleri we başga şaý-sepleri iberipdirler. Birnäçe günden soň berkitmämizde geň galdyran waka boldy. Türkmenler pullary bolmansoň, atlaryny, düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin äkeldiler. Getiren zatlaryny olar biziň2 ofiserlerimize gymmat bahadan satyp başladylar. Ruslaryň köpüsi ajaýyp türkmen atlarynyň ölemen aşygydy. Ol atlar geçen söweşlerde özlerini görkezip bilipdileer. Onuň üstesine-de olaryň ýekejesiniňem ele salmak başartmandy. Türkmenler bu gezegem satmak üçin ýa-ha ýaramaz atlaryny getiripdirler, ýa-da olaryň aty ýomutlaryňkyça ýokdy. olaryň getiren atlarynyň insiz döşi, edil towşanlaryňky ýaly ýerleşen aýagy, ullakan kellelerdir gulaklary, içinden uzyn guýruklary bardy. Ýallary bolsa ýok diýen ýalydy. Leýtenant Stam Hywa ýörişinde ele salnan ata seredip, türkmenleriň atynyň tohumynyň zaýalanandygyny, hatda olaryň gyrgyzlaryňkyça-da ýokdugyny aýtdy. Men onuň hakyky6 türkmen atyny görmçndigine kepilem geçip biljek. Türkmenler öz atlaryny aňsat-aňsat satmaýarlar... Türkmenler getiren atlaryny ruslara örän gowy bahadan, ýagny 20 funt sterlingden 50 funt sterlinge çenli bahadan satdylar. Olaryň getiren halylarynam höwes bilen satyn alýardylar. Ýogsam olja alnan haly öňem az däldi. Iň ýaman ýerem türkmenler halylaryny örän gymmat bahalaýardylar. 4 ýard uzynlygy, 2 ýard ini bolan halylaryň bahasy 4 funt sterlingden 5 funt sterlinge çenlidi. Iň gyzykly ýerem türkmenler aýdýan bahalaryndan bir köpügem aşak düşmeýärdiler. Isleseň-ä aýdylan baha satyn al, islemeseňem öz ýoluň bilen gidiber. Bu halylary türkmen aýallary dokaýar. Munuň ýaly nepis halylara başga ýerde aňsat duşmarsyňyz. Her maşgalanyň hiç hili üýtgeşiklere sezewar bolman neilden nesle geçip gelýän öz husgasy bar. Halylar gyzyldyr ak reňkli ýüňden dokalyp, olaryň käbir ýerinden inçejik ýaşyl we goňur zolaklar geçýär. Olaryň ömürem ýyrtyljak gümany ýok. Näçe geň görseňem, harby tölegiň agramlysyny aýallar töledi. Her bir türkmen aýalynyň kümüşden ýasalan bilezigi, monjugy, ildirgiçleri, gupbasy bolýar. Türkmenleriň atlaryndan başga esasy baýlygy şol şaý-sepleriden ybaratdyr. Kaufman şaý-sepleriň her funtuny ýigrimi bäş manatdan satyn aldy. Olar durşuna kümüşden bolup, ussat zergäriň elinden çykýan zatlardy. Olaryň agramy-da ep-esli bardy. Iki bilezik bir funtdanam agyrdy. Olar ýukadan inli bolup, «S» harpyny ýa-da salýardy. Özlerem köplenç gyzyl çaýylan we maşat gaşlydy. Ruslaryň doýmaz-dolmaz nebisini kanagatlandyrmak üçin türkmen aýallarynyň ýüregi gyýlandyr... Ofiserler tarpyndan düzülen komissiýa on günläp kümüşleriň agramyny çekip, olara baha kezmek bilen meşgul boldy. Olar her gün ertirden agşama galman işlediler Kaufmanyň bellän möhletine çenli ýygnalmaly salgydyň diňe ýarsyna golaýy, ýagny 20 müň funt sterling kabul edilip alyndy. Türkmenleriň beýle uly mukdardaky salgydy näçe jan çekselerem gysga wagtyň içinde ýygnap biljekdiklerine gözi ýeten Kaufman galan 22 müň bäş ýüz funt sterlingi indiki ýyl ýygnanmagy makul bildi. Türkmenler beýle uly mukardaky salgydy göwünjeňlik bilen berçýenlerinde hem birnäçe hepdäniň içinde ýygnap bilmejekdikleri göze görnüp durdy. Goşuna bolsa birinki sentýabr çenli, heniz sowuk düşmänkä çöllüň içi bilen Buharanyň üstünden geçip, Daşkende tarap ýola düşmek hökmandy. Dogrudanam, türkmenler uly möçberdäki salgydy ýygnamak kyndy. Pul ýetmezçiliginden başga-da, her öýden näçeräk salgyt ýygnamalydygyny hem anyklamalydy. Öň aýdyp geçişim ýaly, türkmenleriň öz döwleti ýokdy. olarda her öý üçin salgydy kesgitläp, tölemäge mejbur eder ýaly hiç kim ýa-da häkimiýet ýokdy. olar ömür salgyt diýlen zady töläp görmänsoňlar, her hojalygyň näçeräk salgyt tölemelidigini, ony kesgitlemek üçin näme etmelidigini bilmeýärdiler. Salgydyň möçberi uly bolansoň ýerli salgyt ýygnaýjylar guramasyny döretmek hökmandy. Kaufman olaryň ýaşulularyna kömek bermek maksady bilen şular ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigi barada görkezme berişdirýärdi. Kaufman olara salgydy her öýde näçe sygryň, goýunuň, atyň, düýäniň bardygyny hasaplap, şoňa görä ýygnamagy maslahat berdi. Emma ony türkmenlere düşündirmek kyndy. Olar kimiň maly köp bolsa, şonuň pulunyň azdygyny, şoňa görä-de olaryň köp mukdarda pul töläp bilmejekdiklerini, pully adamlaryň bolsa pullaryny ýygnap goýun, umumy bähbit üçin pul tölemekden boýun towlaýandyklaryny aýdýardylar. Kaufman olara pulsuz adamlaryň pullaryndan karz alyp, indiki ýyl onuň ýerine sygyr ýa-da goýun berseler boljagyny düşündirjek bolýardy. Ol ýaşululara puly hemmeleriň gatnaşmagynda karz almagy maslahat berdi. Gepiň gysgasy ol türkmenler milli bergini tölemek üçin öz guramalaryny döretmelidiklerini düşündirjek bolup, elinden gelenini etdi. Emma bu zatlar türkmenlere özleriniň çözmelidigini aýdyp, ara goşulmagyny bes etdi... RUSSIÝA WE ANGLIÝA AZIÝADA «Men şu wagta çenli Rusiýanyň Hywa hanlygyna garşy näme sebäpli urşandygyny size gürrüň bermedim. Onuň sebäplerini iki agyz sözde hem düşündirip bolar. Birinjiden-ä, hywalylar ruslaryň ýigrimi bir sanysyny ýesir alyp, gul hökmünde saklaýardylar. Olar diňe ýöriş başlanmazynyň öňüsyrasy boşadyldy. Ikinjiden bolsa, hywalylar rus täjirlerleriniň kerwenlerini häli-şindi talaýardylar. Hywa hany ýa-ha öz raýatynyň adamlaryna päsgel bermek islänokdy, ýa-da olar onuň hökümi ýöränokdy. Sebäbi talaňçylyk köp ýyllardan bäri dowam edip gelýärdi. Eger başga, örän möhüm zat bolmadyk bolsady. Onda bu ýörişiň sebäplerini ýokarkylar bilen düşündirse-de bolardy. Şeýle bolsa, bu ýöriş diňe ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin edilen ýaly bolup görünerdi. Ýöne ýörişiň esasy sebäbi başgady. Ruslar Orta Aziýada galan ýeke-täk hanlygy özlerine boýun egdirip, öz serhetlerini Buharanyň aňry ýanyndaky derýanyň ýakalaryna çenli uzaltmak isleýärdi. Hywa hany bilen çekilen şertnama görä, ruslaryň serhedi üç ýüz mil günorta süýşüp, olar segsen müň millik territoriýany özlerine birleşdirmek bilen, Oguz diýlip atlandyrylýan ýurdy tutuşlygyna öz golastyna saldy. Kaufman Hywadan çykmanka derýany gowy öwrenipdir. Soň görlüp oturylsa, hywalylaryň derýadan gelýän kanala basan dykynlary aýrylýan eken. Kanalyň açylmagy ruslaryň gämisiniň Hywa çenli, hatda ondanam aňryk ýüzüp barmagyna mümkinçilik döredipdi. Ondan başga-da bu Gazala bilen Hywanyň arasynda aňsat hem çalt gatnaşyk edilmegine mümkinçilik berjekdi. Men Şuwalow bilen graf Granwiliň baglaşan şertnamalarynyň näme hakdadygyny anyk bilemok. Meniň pikirimçe, ruslar günorta Oguzyň territoriýasyny özlerine birikdirmezlik hakynda ylalaşyga geldilermikä diýýärin. Onuň şeýledigini hanlygyň Rus döwletiniň wassalyna öwrülip, Hywa hanynyň öz çäksiz hökümdarlygyndan dynandygyna garamazdan, ruslaryň şertnamasynda-da görmek bolýar. hanyň tutuş hanlyga jogap berýändigine garamazdan, ryslardan soraman ýekeje ädim hem ädip bilmeýärdi. Elbetde, şertnamalrynyň her bir tarapyny alanyňda hem ruslaryň hukugy agdyklyk edýär. Hanlygyň adamlary hem ruslaryň doly raýatyna öwrülipdi. Ruslar bu ýerik edil öz öýlerine girip çykyşlary ýaly gelip gitmä haklydylar. Ruslar graf Granwiliň eden ähtine garamazdan, Hywany özüne birleşdirip biljekdi. Ýöne olara ýokardaky ýaly şertnamany baglaşmak has amatlydy. Hereket edýän şertnamanyň täsiri atynda hywalylaryň Russiýa bolan garaýyşlary oňatlyga tarap özgerip ugrady. Ruslaryň agalygyny öz adamlarynyň göwünjeňlik bilen kabul etmeklerinde hanyň özüniňem oýnaýan roly uludy. Hywalylaryň harby töleg töläp gutarmazlaryndan has öň hanyň ölümi ýa-da başga bir şuňa meňzeş waka bilen baglylykda ruslaryň Hywany aňsatlyk bilen özlerine birikdirjekdiklerine men ýekeje-de ikirjiňlenemok. Siz, belki men Russiýanyň Orta Aziýada bolmagy bilen baglanyşykly syýasy wakany gürrüň berer öýdüp garaşýansyňyz. Elbetde, men käbir zatlary gürrüň berdim. Ýöne olaryň size az bolup görünmegi mümkin. Meniň bu gysgajyk ýörişe gatnaşan döwrümde gürrüň berer ýaly täze soraglar kän bir ýüze çykmandy. Bu ýerde hiä wagt bolmandygyna garamazdan, maňa garanda Russiýanyň Orta Aziýada ýöredýän syýasatyny has aýdyňlaşdyryp biljek adamlar bar. Ser Genri Rawilsan, mister Mişel we başgalar Russiýanyň Orta Aziýada syýasatyny köp ýyllaryň dowamynda öwrendiler. Orta Aziýa wakalaryny has doly we taktk bilmek isleýän adamlar olaryň işlerini okap bilerler. Mister Şuler hem-de mister Agiton Dilke Orta Aziýa barada ýazan işlerini çap etjek bolup ýörler. Olaryň işlerinde hem Russiýanyň Türküatandaky syýasaty hakynda doly we gymmatly maglumatlar bar. Men ýene-de bir zady alyp biljek. Meniň pikirimçe Hywany basyp alandan Hindistana ýöriş eden bolsa, Russiýa üçin has peýdaly bolardy. Hywanyň syndyrylmagy Muhammet hanyň Orta Aziýadaky ähli halklary üçinem uly urgudy. Buhara syndyrylandan soň Hywa Orta Aziýadaky salgyt tölemeýän, aýak sekip bolmaýan, yslamyň iň soňky daýanjy bolan ýeke-täk galady. Ondan başga-da Hywanyň syndyrylmagy uly meýdany tutýan Orta Aziýanyň halkyna Russiýanyň ýeňilmez döwletdigini ýene-de bir gezek subut edipdi. Ýöne bu zatlara garamazdan Hywanyň boýun egdirilmegi Russiýa üçin ullakan bir ähmiýete eýe däldir. Russiýanyň Orta Aziýadaky häzirki mümkinçiliklerini nazara alsaň, onuň Hindistana ýöriş etmegi üçin iki sany amatly ýol bar. Birinjisi, Kaspiniň günorta kenar ýakasy bilen Persiýanyň Hyrada çenli demirgazyk serhetleriniň üstünden tä Hindistanyň günbatar araçäklerine çenli uzalyp gidýän, uzynlygy müň mile golaý bolan ýol. Eger şu ýol bilen ýöriş edilse, Hywanyň rus harby ýörişine çigit ýaljagam peýdasynyň ýokdugy kartadanam görünýär. Ikinji ýol bilen Samarkantdyr Buharanyň üstünden geçip, Kerkä, ondan aňryk Amyderýanyň kenar ýakasy bilen Gunduza beryp bolýar. hywa Kerkiden üç ýüz ýetmiş bäş mil demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Şoňa görä ol ýene-de ýörişiň ýolundan sowa düşýär. Ondan başga-da bu aralygyň uly bölegini çöllük tutup, Amyderýanyňam kenar ýakasynyň köp bölegi ilatsyzdyr. Şonuň üçinem bu ýol bilen ediljek ýörişde Hywanyň çhmiýeti ýok diýerlikdir. Ruslar öz gämileriniň kömegi bilen goşunlaryny Syrderýanyň üsti bilen Aral deňzine eltip, ondanam Amyderýa bilen öňe süýşüribem biler ahyryn diýmekleri mümkin. Birinjiden-ä, beýle uly goşuny ýüklär ýaly Aral deňzinde ruslaryň uly gämisi ýok, ikinjidenem, Amyderýanyň Kerkiden ýokarsy ýüzüş etmek üçin amatly däldir. Şonuň üçin bu planam kämillikden daşdyr. Men Rusiýa Orta Aziýada ömürboýy agressiw syýasat ýöredýär diýip pikir edýän adamlar bilen ylalaşmaýaryn. Olaryň ýörişine Orta Aziýada harby agalygy berkakar edip, hanlyklaryň boýnyýogyn syýasatyny öz ellerine alyp, tapawutlanmak ýa-da öwrenmek islegi sebäp bolanok. Olar Hindistanyň üstüne ýöriş etmek üçinem gaty bir alňasap baranoklar. Ýöne olar Iňlis we Rus imperiýasynyň aralygynda ýerleşýän çäksiz giňişligiň öňde-soňda şu iki ýuurduň haýsy hem bolsa biriniň koloniýasyna öwrüljekdigine ymykly göz ýetiripdirler. Şonuň üçinem olar başardyklaryça köp ýeri basyp almagy ýüreklerine düwüpdirler. Russiýanyň häzirki syýasatyşundan ybaratdyr. Ruslar agressiw syýasat edýärlermi ýa-da ýok, barybir, olaryň ýöredýän syýasatynyň netijesi ahyrsoňy agressiwlige baryp direýär. Olar ýuwaşlyk bilen Hindistanyňam üstüne sürünýärdiler. Orta Aziýada öz aralyklaryny berkarar edensoňlar olar üçin Hindistana ýöriş etmäge uly ýol açyljakdygy ikuçsuzdyr. Iňlislerem Ýewropada uruş etmek meýilleriniň barlygyny ýa ýoklugyny Bosfor wakalary görkezdi. Şonuň üçinem iňlisleriň gündogardaky imperialistik meýillerine garşy ruslaryň garşy durmagy bolup biljek zatdyr. Samaradan Samarkanda çenli demir ýol çekilensoň, wakalaryň başga hörpden gopjakdygy mälimdir. Ýüz müň adamly goşuna gerek zatlary demir ýoluň kömegi bilen Samarkanda ýygnap, olary otuz günüň içinde Kerkä aşyryp boljak. Kerkiden Gunduza çenli bary-ýogy iki ýüz elli mil. Goşun bu aralygy on iki günüň dowamynda geçip biljek. Kerkini basyp almaklary ruslaryň Hindistana garşy eden bir ädim bolar. Buhara häzirki wagtda bütinleý Russiýanyň howandarlygy astynda. Meniň pikirimçe, ruslardyr iňlisleriň arasynda Russiýanyň Buharany basyp almaly däldigi hakdaky şertnama ýok. Ruslar Buharany basypalansoňlar olaryň Kabul bilen serheti bir ýüz elli mile ýeter. Men bu zatlaryň üstüne ýene-de bir örän gyzykly hatyň göçürmesini goşýaryn. Bu haty taşlanyp gidilen türkmen arabalarynyň arasyndan Şuwalow tapypdyr. Bu hat leýtenant Şekspiriň köp sanly kagyzlarynyň biri bolmaly. Hat Peterburg köşgündäki iňlis ilçisi markiz Klanikarda niýetlenip ýzylypdyr. Daşary işler ofisi, 3-nji fewral, 1840 «Gadyrdan lord! Men siziň rus imperatorynyň dilinden ýazyp alan № 3-nji hatyňyzy aldym. Men Siziň Alyhezretleriňiziň ünsüni Onuň Alyhezretleriňiziň «Ekspedisiýanyň maksatlatynyň biri geljekde Hywada asudalygy üpjün etmekdir» diýen sözlerine çekesim gelýär. Bu sözlerden görnüşine görä, Russiýanyň esasy maksady özüne ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak däl-de, Hywa hanlygyny Russiýanyň golastyna salmak bolup görünýär. Wakanyň şeýle ýagdaýa eýe bolmagy rusleryň iňlisleriň Hindistandaky agalygyna garşy uruş köpüsini salýandygyny bellemäge mejbur edýär. Bu ýagdaý general gubernatory Onuň Alyhezretlerini (iňlis korolewasyny) dünýäniň gündogar bölegindäki raýatlaryndaky asudalygy geljekde gorap saklamak üçin hökmany goranyş çärelerini geçirmäge mejbur etjekdigi ikuçsuzdyr...» XII bap Gylyjy döwlene dönen Şammy serdar ýüzüni sallap gelýärdi. Şu wagt onuň Jüneýit hany hut ýaraly gaplaň bolup çeýnäsi gelýärdi. Şol messepesiz dönüklik edip ýeňseden pyçak urmadyk bolsamy! Onda Hywa hanynyň agzyny gan ýalan ganjyga dönderip boljakdy ahyryn. Bar, Şammyny özüne basdaş bilýän ekeni, şony iki gözünde oky bar bolsa atjak ekeni diýeli, ýeri, bu agzyndan gan gusýan , nälaçlykdan elewräp nirä baş urjagyny bilmeýän türkmeni, özbegi, galpagy, nätjek «Gözüm görmese syrtylmy böri iýsin» edibilşiňi il bagyşlarmyka seň, han baýtal! Özüň-ä oka gelýän tilki dälsiň, bir kellä sygmaz öwrüm ýa diňe özüňe bähbit hile bilen edensiň sen bu namartlygy! Ýeri, söweşiň iň jygba-jygba wagty Goçmämmet hanyňam gulagyna gydy-gydy edip, dönderip äkidibilşiňe haýhan seň—Şammy serdar güýz aýazyna çala dumanlaýan gözýetime bütin nazaryny taşlaýşyna bildirer-bildirmez baş ýaýkady—Han adyny göteribem namartlyk ýa dönüklik edip bolýamyka eý, Alla! Ýa men şu tüýsiz kelläm bilen güwlemnaç pikir edýämikäk! Hanyň Hywadaky çygly ýerzemininde gözümizi satyp ýatamyzda-da lebzimize ikilik etmek ýadymyza düşmändi özümiziň-ä. Ýogsam Seýit Usfendiýar hajyk-hujuk bilen baý,aş gatyklandy-ow agzynda. «Seň başbozarçylyk etme, isleseň şo töwerege beg belläýin, isleseň bärsi Polosoltan, aňyrsy Ýylanly aralyga möhümdar edip goýaýyn, ýöne halky yzyňa düşürip, meň garşyma küşgürme» diýip.—Zeýli zyndan, gazanyň gapagy ýaly ululykdan kämahal düşýän gün şöhlesi, jykyrdaşyp, iki ýana at salýan syçanlar, olaryň aňryňy bäriňe getirýän porsy ysy, aşagyňa ýazaňda uzaboýuňa ýetmeýän gamyş boýranyň ýüregedüşgünç jygyldysy... Bu zarlat gaýtadan göz öňüne gelende Şammy serdaryň ini dyglap gitdi. Dowzaha gaýra dur diýdirýän şo zyndany Alla hiç kime görkezmesin! Ýöne şo zyndanam ähtinden dänderip bilmän-dä muny. Hanyň hut özem çagyryp iki-üç gezek albaý saljak bolup görüpdi. Mätwepa wezir, Aşyr mährem, Abdylla baý ýalylara at tezegini guratman gatnadylar çygly zyndanyň daşyna Şammyny ynha yrarys, häli yrarys diýip. Ýöne doňňaradaşa döndi bulam. Ne «bolýa» diýdi, ne-de «ýok». «Häzir şu bela-beterden sypsam bolýa» diýip namartlasaň, erteki ýa birigünem yzyňa atly baryny tirkäp güpürdäp barsaň, hanan diýse «heý, namart türkmen ekeniň sen-ä, şo gezek gepiňe ynanyp janyňy zamun berdim, senem meni gapyl basdyň» diýse, niçesi bir pul... Şammy birwagt atasy Hummuş agadan eşiden gürrüňini ýatlanyny bilmän galdy. ...Nedir gul bendilikden boşandy, özem ýalňyşmasa, şu Şammy dagyň ýaşaýan ýeriniň töwereklerinde «erkin sen, bar gidiber» diýlende şeý diýipdir «Enşalla, men bu ýurtlary şa bolup dolanaryn!» Şonda oňa azatlyk berip duran «Häý, uly geplediň-ow» diýen. Nedir näme diýen şonda «Kiçi gepläp, kiçi gepläp gul bolduk, uly gepläbem göreli-dä indi». Şammy serdar gamgyn ýylgyrdy. «Mundan dört ýyl ozalrak türkmen aksakallary –kethudalary ýer depip duransoň meni zyndanyndan bialaç boşadan mahaly hanyň ýüzüne aýtmasamam içimden «Menem-ä bir gelip köşgüňi özüňe zyndan edip giderin» diýib-ä äht edipdim. Şo diýenim doly bolmasa-da, öň öz oturan türmämde-zyndanymda bendi bolup ýatanlary-ha boşadybildim garaz –dişlerini şatyrdadyp gysanda onuň äňi ýazaýjak boldy—Bölünşik bolman, bir güýje öwrülenimizde-hä hany ýekedabanyň aşagyna düşen körsyçan ýaly mynjyradýadyk weli... Onuň göz öňüne soňky söweş geldi. ...Pitnekde han leşgerleri jyrralyp gaçdy. Gulamaly hanyň şonda eden döwüşi hergiz ýatdan çykar ýaly bolmady—şol ýadyma düşende Şammy serdaryň ýüzi az-kem ýagtylyp, göwni teselli tapan ýaly body—Beýdip dargursaklyk edibermelem däldir entek belki. Şu ýerlerde at sepjeden Görogly begem aýdypdyr-a «Gaçyşym bar, kowuşyma bermenem» diýip. Gulamaly hanyňam ýaşam bolsa «han» adyny gury ýerden almadygy gurt ýalylygyndan bildirip dur. Asyl bildirenogam-da, göreni tisgindirýä, ömri uzak bolmuş. Öz elimiziň aşagyndan çykan ýigit-dä näme. Indi ýüňi ýetipdir tüweleme –onuň murtunyň aşagyndan çala ýylgyryş göründi-«Gözi açylmadyk güjüjek ýaly» diýilýän wagty alamanda olja bolup düşdi şu illere muň atasy diýib-ä garrylar gürrüň edýärdi. Hawa-da, «ýetim oglan it bolar, ýakasy doly bit bolar, ölmese ýigit bolar» diýleni şuň atasynyňkam. Süýegi bekemänkä agyr işiň aşagynda egşerilipdir. Şonda-da özüni bermändir. Baldyry digir ýaly, ýagyrnysy hona ýaly, bili degirmen ýaly gyzylbaş ýigidi bolup ýetişipdir kakasy Ybraýym gul. Ýyksa ýeňýän , münse ozýan ýigidi bu illeňem sulhy alyp, özi ýaly gyrnak bolup düşen kürt gyzynyň birine öýlendiripdirler, şondanam ynha şu Gulamaly dünýä inen olaň bagtyna. Oglanlygyndaky «gyzylbaş han» lakamy ýolbars ýüpek ýigit çykansoň Gulamaly hana çalyşdy. Şu gezek Pitnege nüjüm edilmeli bolanda ol «Agam, menem bir özümi görkezip göreýin-le, özi bir aňyrsy görnüp duran gyşlak-gala eken bu, bir zomanda wur-talhan etmiýäsmi muny»diýip duransoň, «bar, abraýyň özüňki» diýdim menem. Il ýaly göre-gündiz çozman, daňdanyň alagaraňkysynda süýji uka özüni beren han nökerlerini gurt daran ýaly edip taşlady bir bölek atlysy bilen. Ýöne soňky söweş... Gursagyna sygmadyk gahardan ýaňa onuň başy aýlanyp gitdi. —Serdar , öňümizdäki obada düşläp, özümize-de, atlara-da dem-dynç beräýsek niçik bolar Muny aýdan Jepbar demirçiniň ýüzbaşysy Kurambaýdy. Halys ýozulan atlylara bu maslahat kem ýakmady. Ýene Dörtpetde obasynda kere-mara çaý-nahar iýmek olara nesip etmedi. Ýaňy atlaryň içirgisini aýryp, taňkalary oda süssüren mahallary gözegçi goýlan ýigitleriň biri daljygyp geldi —Gaýra tarapdan han atlylary gelýär, dört ýüz –bäş ýüz bar özlerem. Şammy serdar derrew buýruk berdi —Jepbar, sen ýaňy geçip gaýdan ýolumyzyň ileri ýakasyndaky köne ýabyň içinde gizlen atlylaň bilen. Gulamaly inim, sen günbatara çekil, göze ilmejek boluň özüňizem. Menem— ol gözi bilen ideýänini gözläp tapdy —Gurban, Mämi, Ataş dagyň atlylary bolup şu syrgyn öýlere bölünip sümýäs. Han atlylary çenim çen bolsa oba dogry sürer, şo wagty gabap alarys olary. Ýöne men atýançam tüpeň mäşesini gysmaň, düşündiňizmi Bar onda işiňizi Alla oňarsyn! Giň ýapynyň eteginde ýaňy dogan aý şekilli ýarym aýlaw görnüşde ýerleşen gür bagly Dörtpetde obasy Sypaýýandan bölünýän arygyň bäri gyrasyndan başlanýardy. Ine, şol uly arygyň-arnanyň agaç köpdisinden hiç hili howp-hatar duýman gelýän han nökerleri göni oduň içine düşdi. Olar üç tarapdan gapjalypdy. Şammy serdar desbi-dähel her bäş-üç ýigitden bir topary ýedi-sekiz tamyň içine salyp ýetişipdi. Näme-nämeleriň bolýanyna düşünmedik uly-kiçä «jan gerek bolsa tä tark-turk gutarýança başyňyzy galdyrmaň!» diýlip tabşyrylypdy. Iň öňde çal atynyň üstünde irkiljiräp gelýän pezzik murtly dykyz adamyň ýasawulbaşydygyny soraman biläýmelidi. Agaç gapynyň petlesini ýazdyryp jyklaýşyna «Iki gaşyň arasydyr-da» diýip, mäşäni gysan Şammy serdaryň oky aýdan ýerinden degdi. «Wä-ä» diýip, jynssyz gygyran göwre arkan aganda juwlaşýan gülleler eýýäm yzky hatarlary aralap ýördi. Beýle zarba garaşmadyk han atlylary jylawy yza, gapdala burup, başlaryny gutarmakçy boldular. Emma gysaja düşenlere ýek-tük bolmasa aman sypmak başartmady. Halys bolmajagyny bilenleriň käbiri atdan agyp, toprak bagyrtlap ýatyrdy. Şolar häzir ýer gabygy ýarylsa säginmän özüni zyňmaga taýardy. Şammy serdar aman dilänlere degmedi. Atyny, ýaragyny alyp, «bar, gören-eşideniňizi hanyňyza habat beriň!», diýip kowup goýberdi. Şondan az wagt öň Peterbura — patyşanyň harby ministriniň hut öz agyna Türkistan general-gubernatory Martson şeýle mazmunly telegramma ýollady «Şu gün Kolosowskiý telegramma bilen «Hywa çozdular, han kömek soraýar» diýip habar berdi. Ýüzden gowrak ural kazaklaryny ugratdym . Kolosobskä hut özüniň Hywa gitmegini hem-de baryp hanyň tussag eden Bagşy atly abraýly türkmen kethudasynyň derrew boşadylmagyny, türkmenlere şähere degmezliklerini teklip etmek tabşyryldy. Eger bu çäreler hem tolgunşygyň öňüni almaga täsir etmese, iň gowusy, kazaklaryň türkmenler bilen çaknyşmagynyň öňüni almakdan ötri, hana öz howpsuzlygy üçin Petro-Aleksandrowskä gelmek towakga ediler. Kolosowskiý bolsa kazaklaryň bir bölegi bilen Hywada tertibi ýola goýmak üçin galdyrylar. Eger-de ýagdaý has çylşyrymlaşsa Hywa general Galkini ýollamagyňyzy teklip edýärin!». Ara uzak salym salmanam hut Russiýanyň harby ministri Suhomlinowyň öz buýrugy bilen Gazan şaherinden Hywa hanyna iki müň tüpeň, dört ýüz ok-däri ugradyldy. Iň ýamanam, gyssanmaç ýazylan telegrammada ol Kolosowskä «ot hem demir bilen hywa türkmenleriniň gozgalaňyny basyp ýatyrmagy» emr edýärdi. Gazabadyň, Ýylanlynyň, Porsynyň, eýelenmegi, Köneürgenç begliginiň Şammy serdara tabyn bolmagy, Hywa köşgüniň dikmeleriniň kowulmagy, tussag edilmegi, zamun alynmagy, öldürilmegi, ahyrsoňunda-da hanyň agdarylmak howpunyň döremegi patyşa generallarynyň ukusyny gaçyrdy. Hatda bu ýerden uzakda —Daşkentde hem-de Zakaspiý gubernatorlygynda oturan çinownikleriňem aýagy bişene döndi. Hywada hanyň öz garamagyndaky goşun bilen «bibaşlygy» ýatyryp bilmejegi köre hasa görnüp duran zatdy. Gaýtam, Şammy serdaryň töweregine üşýän özbek , türkmen, garagalpak, gazak ýygynçaklarynyň garamçasy köpelip barýardy. Hut şonuň üçin hanyň iki müň nökeri alty sany meýdan topuny süýräp baranam bolsa, geçen tomus Hywanyň ileri-kyblasyndaky Akderbentde kül-peýkun edilipdi. Şammy keliň baştutanlygyndaky goşun alty ýüz atlysyny paýhynlasa, ýüzden gowragyny ýaraty etse, iki topuňy weýranlap, bir ýarym müň tüpeňiňi olja alsa seňseläne dönmezmiň eýse! Jüneýit han goltgy-goldaw bermekden-ä geçen, assyryndan iş görüp, goşunynyň arasyna agzalalyk—bölünşik salmadyk bolanda Şammy serdar eger-eger Akderbent ylalaşygyna gol çekermidi. Goçmämmet han Şyhym sülgüniň albaýyna ildi. Dosnyýaz ussaň ýolbaşçylygyndaky maňňytlylaram Jüneýidiň aldawyna yrlyp, aýrylyp gitdiler. Ýene bir bölegi işan-mollalaryň kaý-küşüne «toba» geldi. Ine, indem gahary içine sygmaýan Şammy kiçi sakgalyny dişläp barýa Direglä tarap. Haýp, ol Jüneýit hanly meseläniň özi üçin pajygaly, töweregindäkiler üçin diýseň ajy guratjagyny häzir bilenokdy. «Ak paşşaň» generallarynyň agza sygan badalarynyňam puç boljagyny ol häzir güman edenokdy. Jüneýit hanyň öz «hasaby» bardy. Ýumşajyk körpeçäniň üstünde goşa günjegi tirsekläp çaý içip ýatyşyna ýap-ýaňyja eden kelte maslahatynda aýdan sözüni ýatlady —Harezimde iki-üç däl-de, bir han bolmalydyr. Tagta diýlen ýerde-hä Jüneýit bilen Şammy ömürylla bir ýere sygyşmaz. Bir ile iki han bir hatyna iki är ýalyrak bir zat bolýandyr. Şol maslahata orsukçylaryň möhürdary Durdy wekil, uşaklaryň möhürdary Seýitmämmet beg, ak öküzleriň möhürdary Şajan beg, gara öküzleriň möhürdary Şamyrat bagşy, ak salaklaryň möhürdary Güljan serdar, ýemrelileriň möhürdary Şiri han, çowdurlaryň möhürdary Pälwanyýaz ýüzbaşy, ady belli ahun-ulamalar Myrat käzy, Han işan, Aly magsym, Nureddin işan dagy gatnaşypdy. Bir gyrada Şyhym sülgün göze ilmänräk otyrdy. Ýöne gaty kelte maslahat-a bolmandy bu. Jüneýit han Atabaý gyrymsanyň aýdanyna unap, Şammy kel bilen il bolmajagyny gyl ýolnan ýaly aýtdy. —Bileleşsek Hywa hanyny ýabaga ildirilen garantga ýaly gyzybam zyňybilýädik. Emma men şondan geljek köp abraýdan ýüz öwürdim. Nahardan-damakdan kemsiz bolnup, her kim öz öňüne getirilen kinniwanja çäýnekden ýaňy bir käse içensoň Jüneýit hanyň agzyndan gaçan bu gep ilki bilen Şamyrat bagşynyň damaryny «gyjyklady». —Şammy kelem ýylgaý öz bähbidi, ýarag ujundan geljek şöhrat-şan üçin-ä ata çykan däldir. Iliň agysy, halkyň hossasy ara düşende «goýun bilen gurt bir guýudan suw içer» ediläýende ters bormudy, han Jüneýit han gyýarak bakyp gepledi —«It agzy ala-da bolsa, gurt görende biriger» edäýmeli diýýämiň —ol özi duýmazdan diklendi—Etmen! Horlanýan halkyň egnindäki ýük birküç aý soň ýeňlände-de sabry suwa gaçasy ýok. Özüni asmandan asýan şo keli ýer bilen ýegsan edip, şoň yzyna düşenlerem amana getirmesem, menem han lakamymy aýryp zyňyp, Jüneýit adymam itiň guýrugyna dakaryn. Aly magsym agzyny gymyldadanam bolsa, Nuretdin işan ondan öňürtdi —Küpür geplemäň, Gurbanmämmet inim! Päli her kimiň gursagyna Alla salýandyr, ony beýleki bendesi üýtgedibilmez. Ýarysy agaryberen gür murtuny batly towlap goýberen Jüneýit han gürlände çytylyp gitdi. —Özgeleri bilmen. Men weli Şammynyň gursagyndaky pälini gylyç bilen kesip aýraryn. Şiri han çaýdan boşan käsesini burnuň gany ýaly ýomut halysynyň üstüne pyrlap goýberdi —Türkmeniň ozalam hak-u-nähak dökülen-u-dökülýän gany azlyk eder ýaly däl. Bärden «haýt» diýseň aňyrsyndaky eşdip duran Tagtaň oýunda iki boýup oňşup bolmasa, birhili dämi-aýt, adamlar. Uşak salagy horlasa, jüneýit öküziň üstüne tüpeň çenäp barsa, garadaşly ýemrelini gyrsa. Hanlygam-a gowy zatdyr weli, Hudaýyň öňünde-de ýaman işleň zowaly bardyr öz-ä. Bu gezek Jüneýit han pessaý gürledi —Menem gan küýsäp duramok. Şo Şammy keliňiz gelip «lepbeý, gulluk!» diýsin, men şoňa-da, yzyndakylara-da ýüzüň üstünde burnuň bar diýmäýin. Haýsyňyz şony oňarjak diýseňiz töwellaçymy, habarçymy, gidiň, gepleşiň, şo şerte boýun edip geliň! Şuny aýdyp ol eýwany giň palçyk tamyň içinde göýä ýok ýaly bolup oturan Şyhym sülgüne ogrynça minnetdar nazar aýlap goýberdi. Diline gelen sözleri bolsa içinden gaýtalady «Goçmämmet han-a indi meň gysymymda. Uşaklaň Ahmet begem meň didimden çykanok, çykmazam. Şaltaý batyr bilen Gulamaly hanyňam bir agzyny ysgap görsün bu ýerbiti ýaljak bolup oturan ýeserje adam.«Han aga, biz sizlik» diýseler-ä, özleri üçinem, meň üçinem gowy. Ýok, sähel syrt bulasalaram muzduny gylyçdyr ok bilen haklaşmaly bolarlar. Nädeýin, zulum etmeseň hany –begi yzyňa düşmejekden. Kethudasyny-begini boýun sundurybilseňem halk şahyna urlan dowardyr-da, diýen ugruňa yňar gider oturar. Bu dünýä güýç gorkuzup almaly oýunbaz eken, onsoň menem şoň mäkisine görä pyrlanmaly bolýan». Güljan serdar burnuna salybrak gepledi —Biziň tanaýan Şammy kelimiz bolsa-ha, ol ölse-de «men boýun» diýip gelmez. Egileninden arkan ýykylyp ölenini gowy görýänlerdendir ol. Töwellaňy alyp, haý-küşüňe giderdenem murty galňandyr özüniňem. Oň yzyndaky atlam az däl... Ol soňky diline geleni aýtmaga ýaýdanýan ýaly çala ardynjyrap aşak bakdy. Oturanlaryň iň owunjak hereketlerinem göz eleginde eläp oturan Jüneýit hanyň çekge süňkleri galyp gitdi. «Görýämiň, eşek atalyň «sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar» edişini. Ýöne her näçe içiňi ýellendirseňem gulagyna nogta salnan dört aýakly öküze dönderäýsem gerek sen ýalylary. Meň sözüm tüýkülik ýalydyr, yzyna almam bolmaz. Şammy keli garynja ýaly mynjyratmasam men ýatyp arkaýyn ukymy alybilmen. Ylalaşyga ýol ýok. Bir ýol bar —kimiň ýaragy güýçli, demi rüstem bolsa şolam «men han» diýip orta çykmaly bolar. Eýýäm Jüneýit han adyň bilen Harazminiň ähli ýerine çawuň ýaýrany nire, kellesi gazawy bilen gazalan gawun paçak ýaly Şammy kel bilen harçyňy uly meselä öwrüp, bulaň ýanynda gep çagaladyp oturmaň nire!» Ol gürrüňe nokat goýdy —Gepiň hullasy, men Direglä çozýan, bolany şo. Şu ýerde Atabaý gyrymsa goşuldy —Iliň öňünde ýüzli bolunary ýaly bir töwellaçy iýberip görülse kem bolmazdy, ýa nädogrymy, adamlar Hiç kimiň geplemezligini muny makullamak diýip kabul eden Jüneýit han Han işany nazarlady —Işan aga, onda ýanyňa islän adamyňdan al-da, ertir Direglä baryp gaýt! Şunuň bilen maslahat gutardy. «Ýaş hywalylaryň» aşygy alçy gopdy. Ahyrsoňy olara «Milli birlik» diýlenini amal etmek başartdy. Häzir Hüseýin begiň, Pälwanýaz hoja, Ýusunowyň, Baba ahunyň begençlerinden erni bir ýere gelenokdy. Häkimiýete eýelik diýlen zadyň nähili süýjüligini şu wagt olaryň ýüz-gözlerinden aňaýmalydy. Ýogsam olaryň hemmesiniňem dokuzy düzüwdi, kileň il, ýaly iýjegi-geýjegi gaýgy däldi, tüýs ýag iýip, ýüpek geýýänlerdendi. Garnyna guşak ýetmeýän gyzyl ýüz Hüseýin beg-ä kiçi-girim wezipede oturanokdy, köşkde han weziridi. Ýalpak ýüz , tilsypat Pälwanýaz hoja Ýusunowyň özüni beýlekilerden has dogumly, has bilimsek, has köpigören saýýany diňe gep-gürrüňinden däl, owşal-owşal ýörişindenem açyk görnüp durdy. Gürleňiň esasy işany Baba ahunam her sözünde soňky döwürde Hywada musulmançylygyň gowşap, diniň täsiriniň kemelip barýanyny ýanjap, özüni bu mukaddes işe ýüregi-göwresi bilen berlenden görkezjek bolup pelesaň urýardy. «Şerigat boýunça deňlik!» Ine, «Ýaş hywalylar» partiýasyny döredenleriň gije-gündiz wagzy şudy. Olaryň hataryna söwdagärler, senetçiler, hut köşgüň içindäki din hadymlary, han hökümýetiniň agzalaram girýärdi. Ine, Isfendiýar hany oda-köze düşürýänem soňky zatdy. Umuman, hanlygyň çägindäki ýagdaýlaryň barha egbarlap barşy näçe giňgöwrümlilik etjek bolsa-da, böwürdäki sanja öwrülip gitdigiçe zarbygýardy. Ol howuljyna ýene bir käse şeraby gönderdi. Birki owurdyň hyna çalnan sakgalyna damanyny, onuňam eliniň çalaja sandyramasyndandygyny, ol sandyramanyňam içki gazapdan-tolgunçdandygyny bilip, has gahary geldi. Gaharynam ýene şerapdan çykardy. «Ýaş hywalylar»bolaýşyňyzy siziň! Ähliňiz asmany iýip, ýere düşen ýeksurunlar, şeýtana sapak bermeg-ä däl, gaçyp gider ýaly etjek müsginsokarlar-a siz, götünden garranlar. Bir-biriňiziň ýüzüňize gülüm-ýalym edip, ýaňy aýrylyşan bolsaňyzam, gaýta duşanda gujaklaşyp görüşýänden bolsaňyzam jübüňiz gamaly siziň. Gujaklaşyp durkaňyz sag eliňiz bilen beýlekiň çep kebzesinden boýa-boý goýbermäge taýyn deýýuslar-a siz wezipe-hökümýet üçin. Aladaňyz halk däl, kökmürowanlyk. Käşgi tanalmaýan çöp bolsaňyz siz. Ilki-hä köşgüň müridini iýdiňiz, sen «men Ýusunow» diýip, saçyny ösdüren bolup, özüňi Ýewropalylara golaý tutandan bolup ýören Pälwanýaz doňuz, meň arkamdan Tiflise, Samara, Astrahana ýük-kerwen gatnadyp, bärden pagta, gawun kak, ýorunja tohum ýüklenip, aňydanam otluçöp, keresin, mata-marlyk getirip, boýny howut ýaly söwdagäre öwrülip, indem orsçalap, «kommersant Ýusunow» diýilene öwrüleniň üçin sen meň dabanymy ýalamaly-onuň ini sandyrap gitdi—Ogşamak küje, aýagymyň aşagyny gazýa dämi bu gün! Burnuna gurt düşen könek ýaly temegini ýokary tutup ýören Hüseýin bege näme gerek diýsene Seňki dagy tüýs «owkatyňy iýeýin, tabagyňa siýeýin» bolýar-a gözi gyzaran. Köşkde kiçi-girim emeldemi sen, hut weziriň özi bolup oturkaň meň ýensäme geçmäň tüýs namartlyk dämi eýse. Han kürsüsinde oturasyň gelýändir seň, bulagaýlaň eline ot berip. Hanyň ýumralyp duran duluklary tirpildände owasy giň gözlerine gyzyl çylgym çaýylyp gitdi. Ýeri, bu diniň adyna duwlanyp, halky öjükdirýän Baba ahunyňky has artyk dämi bärde Gije däl, gündizem arakdan doýup ýören Pälwanýazdyr Hüseýin ýalynyň gapdalynda sellähi arabyň tigri ýaly edip höküdikläp, şolaň agzyňa salyp berenini paýradyp ýörmäň heý, işanlyk-ahunlyk bilen bir heňe sygýan zatmy eý, akmak! Ol «Şerigat boýunça deňlik» diýip bogaz ýyrtýanyňyz heňe geljek zat däl-dä, saman kelleler... Ýöne esasy göreşiň öňdedigini, «duşmanyň peşe bolsa pil ýaly gör» etmeli boljakdygyny şerapdan kellesi sämäp duran han bilenokdy, bilse-de pitiwa edenokdy. Onuň arkaýynlanýan ýeri, arkasynda patyşa goşunynyň barlygydy. Ýöne edil şu wagt Kolosowskiniň günem muňkydan ybaly däldir. Içinden çilimiň hem atyryň eýňiljek ysy kükäp duran giň kabinetinde ol elini eňegine diräp pikir gulaçlaýardy. Ýeri, akmak han, şo «Ýaş hywalylar» ösmänkä damaryny gyrksaň bolmadymy, mundan on-oniki ýyl öň. Bar,ol paňkellelik edipdir diýeli, bizem gozganaýmandyrys şo wagt. Indem — ol saçyny penjeläp goýberenini duýman galdy- Türkistanyň garaňky künjünde irkilip oturanlar Russiýadan kürsäp gelen rewelýusion ýelgine gözlerini açdylar-da, ynha, eňegiň aşagyndan alyp durlar. Wah, şu biziň käbir öňden görýänden bolan ofiserlerimizdir soldatlarymyzyň täsirem «Ýaş hywalylaň» beleňini artdyrýa, jyn urmuş... Gapy ýuwaşja açyldy-da, jypk sary adýudantyň inçemik ýüzünden oň gyzlymtyla golaý saçly kellesi göründi —Siziň alyjenabyňyz, aýdan telegrammaňyz taýyn, özüňizem gözden geçirip göräýseňiz. ykjamlandy. «Hany getir!» diýen manyda gözüne äýnegini ötürdi. «Amyderýa bölüminiň naçalnigi Kolosowskiden Türküstanyň general-gubernatoryna Hywa türkmenleriniň tolgunyşygy hakynda habarnama Men özümiň öňki raportymyň üstüne häzir ýüze çykan pajygaly ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary goşmagy zerur hasap edýän. Hywa hanynyň goşunlary bilen çaknyşmazdan öň ýomutlar hanlygyň dürli ýerlerinde ýaşaýan türkmen tire-taýpalarynyň arasyna hana garşy bilelikde göreşmek çagyryşy bilen çaparlar ugratdylar. Netijede han goşunyna uly zarba uruldy, hernäme-de bolsa, ahyrsoňy ýomutlar bilen köşgüň arasynda parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak başartdy. Emma tylda 20-50 atly bolup galan dürli tireler uşaklar, salaklar, çowdurlar we garagalpaklar talaňçylyga başladylar, soň bulara handan juda närazy gyrgyzlar(gazaklar ) bilen özbeklerem goşuldy. Şeýlelikde hywalylar tarapyndan aýratyn goralýan bazarlar bolaýmasa, uly şäher hasaplanýan Daşhowuzyň hem-de has kiçi bolan Mamaý, Gökçäge, Akdepe bazarlary talaňçylyga düşdi. Soň mälim bolşuna görä, türkmen ýygynbaşylary hernäçe çytraşsalar-da, bozgakçylygyň hemme ýerde öňüni alyp oňarmandyrlar, sebäbi käbir ýygynçaklar olara boýun synmandyr. Şeýlelikde 2-3 günüň dowamyndaky eden-etdilik köp ýerde dowul döretdi. Tuzemsleriň ruslar bilen bileräk ýaşaýan ýerlerinde hatda diri galmaga yrza hywalylaryň emlägini amanat saklawyna alyp, soňra özlerini aman saklamak üçin şol zatlary türkmenleri ýörite çagyryp berip goýberen halatlaram boldy. Umumy düzgüne görä, türkmenler hiç wagt ruslaryň zadyna-emlägine degmeýärler, ýöne tötänleýin biziň söwdagärlerimiz az-maz horluk çekdiler, hywaly parahat ilatyň arasynda tertipsiz atyşykda ölen-ýitenleri bar. Ýüze çykan hadysalar hakda maglumatlar gelip gowşan badyna men dessine dürli taraplara ural sotniýasiynyň iki wzwodyny ofisserlere berlen tabşyryklar bilen ugratdym, şeýle hem ýerine ýetiriji wolostnoýlar meniň adymdan türkmenler taranyndan edilýän bozgaklygy derrew bes etmek, Türküstan general-gubernatorynyň bu ýere öz generalyny ugradýandygyny, haçanda şol gelende hemme närazylyklar hem-de kemçilikler hakda şoňa arz edip boljakdygy, günäkärleriň etmişine görä berk jezalandyryljakdygy baradaky görkezmeleri ýetirdi. Hywanyň çäklerine general Geppener özüniň ýolbaşçylyk edýän otrýady bilen gelýänçä bozgakçylygyň ýüze çykmazlygynyň öňüni alyp bolar diýip umyt edýärin. 1915-nji ýylyň 14-nji iýuly». Telegrammanyň aşagyna ysgynsyzlyk bilen gol çekip, ol ulydan demini aldy. Häý, köki çüýremiş «Ýaş hywalylar», sizem sebäp şu zatlara! Käşge feodal moharhiýany düýp-teýkary bilen ýok etmek başartsa size, onda başga gürrüň. Heýem, buržuaziýanyň feodallar bilen deňleşdirilmegi heňe geljek zatmy «Hanyň hukuklarynyň konstitusion çäklendirilmesini girizmeli»— Kolosowskiniň ýaňy gasyn görnüp ugran ýüzünde ýaňsylydan ajy ýylgyryş döredi.— Belaň sanynda size o ham-hyýallyk. Ýagly palawdan doýansoň agzyň gepleýänini gulak eşitmeýän samahylla direrler onyňyza siziň. Ah-aw, bu gözüni göge tutanlar «harby-feodal imperializ» diýenem bir zat tapyp, patyşa düzgünine-de pitjiň atyp ugradylar—Onuň ýüzi kölegeläp gitdi—Görersiň weli, şuň aňyrsy iňlis ýa amerikan razwedkasyna baryp direýän bolmasa. Hüseýin begiňem, o Ýusunowyňam owgana, eýrana kerweni hemişe garynja gatnawyny edip dur ahyry. Baba ahunyňkada «Buharadan geldim», «Hyratdan geldim» diýip düşleýänleriň ählisiniň ahundygyna, işandygyna kim kepil geçer! Hiç kim! Hernä ýöne bulaň köki Jüneýit hanyňka baryp birigýän beri bolmasyn. Jüneýit han! Şonuň ady agzalsa Isfendiýar hanam ysytma degen ýaly titräberýär. Bulaň how, Şammy kel diýilýänem ondan peslär ýaly däl. Görýäňmi, tutuş Horezmiň içine ot guýlan ýaly edäýdi. Dur-la, şu jelagaýlarda «o göle boşansa ondan ýaman» diýlen bir gep barmy —Polkownigiň böwri bükgüldäp gitdi-ýok-la, göle-sölä deňär ýaly däl-ä, Jüneýit diýilýänini, Şammy diýilýänini. Çölüň aç gurdy-la olar çynyňy aýdaňda. Baran ýerine ýalyn çabyran ýaly ediberýärler görüp otursaň. Şoň üçinem tizräk birýaňalyk edilsedi han bilen türkmenleriň arasyndaky gapma-garşylyk. Daşkentdenmi, Orenburgdanmy, bir güýçli goşun geläýmese-hä, bize eýgerderden aňyrda bu türkmenleň güýji. O loňkudyklap ýören hywa goşunyny-ha olar eýýäm büre mynjyradan ýaly etdiler. Indem.. Kolosowskiý sortuk şemal öwüsýän daşaryny aýnadan synlaýşyna keýpsizlik bilen ýerinden galdy. Ol häzir «Ýaş hywalylaryň» ýörite wekilleriniň Jüneýit hanyň galasyna baranlarynam, gepleşik geçirenlerinem bilenkody. Ýedi göçüm aňyrdan aýlaýan Jüneýit han weli asyl boluşlaryndan epeý görünjek bolup jansereklik edýän «wekilleri» synlap, olaryň gürrüňlerini diňläp, içini gürledýärdi «Heý, bolşyňyz bar bol-a. «Men esasy ýolbaşçy» diýip gomalyberşi aňryňy bäri getirýär-ä bu Pälwanýaz Hoja diýilýäniniň. Öňe düşýäni şuň ýaly içi köwek bolsa beýleki sozanguýruklary nähilikä bulaň Asyl etjek işleri, urýan warsakylary bir ürküzen gurbagalaryna degjekmi «Ýaş hywalylar» diýilýänleň. Pälwanýaz Hoja weli göçüp-göçüp gidýärdi —Biz Isfendiýar hany agdarsak hemme zat düzeler. Şeýdibem özbek hem türkmen milletleriniň göwnüniň isleýän zatlaryny amala aşyrarys. Biz geljekde Hywa hanlygy boýunça milli maksatnama düzmegem göz öňünde tutýarys. Diňe olam ýeretlik däl, biziň programmamyz boýunça patyşa düzgüniniň harby-feodal imperializm häsiýetine-de ýumşaklyk saldyrmaly bolar. Rewelýusiýa tolkuny şu wagt bütin Russiýany gaplap aldy. Täzeçe pikirlenýänler diňe o ýerde däl, bärde-de köpelip barýar. Biz bärde Hywa memleketine laýyk ynkylyp ederis, öz hökimýetimizi dörederis... Galyň dodagyny ýalap, owsunyp-owsunyp, agzynyň hezini görýäni ýaňsyly synlan han ilki içini gepletdi «Heý, garny ýogyn diýsänim, alaga-da ýykyp, ornuna geçip oturyberer ýaly çagalaň pärimpöňküdir-ow saňa köşk düzgüni diýlen zat. Näçe ýüz ýyllyklary üstünden geçirip, myhyny ýere uran hanlygy ýer-ýegsan edäýmek size bir mejime ýagly palawy agdaran ýaly-ha däldir. Ortarasyndan «ýylynyň damagyndan çykan ýaly» diýdirýän goşa derekden söýget urlan giň eýwanyň içinde per ýassyga çala bykyn urup ýatyşyna ol myhmanyny ýene synlady— «ilçä ölüm ýok» diýleni-dä, aňýanam dälsiňiz, siziň içiňizdäki gumalagy bu ýere gelmänkäňiz men sanap otyryn ahyry, guş kelleler. Türkmenleri agyzdyryklamak üçin özüňiziň «milli birlik» diýilýäniňizi tüýküligiňizi syçradyp wagz edýäniňizi bu adamlar bilýän däldir-ow siziň. Patyşa goşunlaryna arka dirän bir iş edäýjeksiňiz weli, o egni pägunlylaram ýylan etini iendir öz-ä, aňsat size per beräýmese gerek. Ir-u-giç siziň bar güýjüňiz diňe şo saňňyldap, kim gatyrak gürlese şoň agzyna öwelip oturan Isfendiýar hana ýetäýmese». Daşyndan weli başga zat diýdi. Ýöne özüni köpbilmiş hasaplaýan Pälwanýaz Hoja öý eýesiniň sesindäki ýasama şelaýynlygy aňybam ýetişmedi —Tüweleme, bu gidişiňize ýurdy düzedýäňiz siz. Aýagyňyzy diräre bir berk ýerem tapypsyňyz ýaly. Ýöne gansyz-köksüz öňardaýar öýdýäňizmi bu tutumyňyz Isfendiýaram-a «me, hanlyk siziňki» diýip hiç zatsyz gyra çekilip oturaýarmyka Pälwanýaz Hoja jogabyny taýynlap ýetişmänkä haşamlanyp ýasalan işigiň bir ýany açyldy-da, içerik Dädebaý girdi. —Han hezretleri, marydan Hojaguly han gelipdir, ýanynda Eziz hanam bar, Tejenden. Bu gelen myhmanlary arzyly görýäni Jüneýdiň açylyp giden keşbinden me saňa boldy. Gapdaldan batly –hörili eşidilýän gürrüňlerem ol gulagynyň duşundan geçirýäne meňzeşdi — «Ýaş hywalylar» siziňem delalatyňyza mätäç, han aga. Bileleşsek köşk tagtyny agdarmak şonça-da ýeňil bolar. Jüneýit han bu gezek ýaňsyny ýaşyrmady —Ýeri, onsoň tagta kimi mündürjek bolýaňyz Beýle öwrümsiz soraga garaşmadyk Pälwanýaz Hoja ýuwdunanda howut ýaly bokurdagyň ýumrusy oýnap gitdi. Han «gürrüň gutardy» diýen manyda el salgady —Ýürejigiňdäkini aýdybilmersiň görseň. Onsoň aýdylyşy ýaly, bizi ak it dişledi nä, gara it dişledi nä Onsoňam guýruktutdy oýnamak meň pişäm däl. Kysmata direnip –ol dilini dişledi, neden «size direnip däl»diýipdi-öz çapanymyzy özümiz suwdan çykarjak bolarys. Meniň jogabyn-a şeýle. Içi ötene dönen myhman bialaç ýerinden galdy. Jüneýit hanyň myhmanlary ýadawam bolsalar öýe girmändirler, olar ýap-ýaňyja gurluşygy gutaran galany aýlanyp görmäge döwtalap boldylar. Gala weli galajandy! Dört burçunda howalanýan hersi minara ýaly küňreleri diýjekmi, her ýüz-ýüz elli ädimden goýlan gozaralar-atyşhanalar diýjekmi, görer gözden buljum ýerde gurlan ýörite garawulhanalar diýjekmi, duşmanyň duýdansyz hüjüminden goranar ýaly bölekhanalar hüjrelermi, dik seretseň bokurdagy göneldýän belent pagsanyň sütünden at araba säginmän ýöräbererlik galyňlygymy, gararlyk nazaryň eglärlik, «bäý-bä» diýerlik zat kändi. Iň haýran edýän ýeri, bärden seredeňde aňyrsyna göz ýetmeýän galanyň bary-ýogy alty aýyň içinde gurlup gutarylmagydy. Hojaguly hanam, Eziz hanam ýaşalan ömürde ençeme ýagşy-ýaman närseleri synlap ýetişipdiler. Ýöne Jüneýit hanyň deb-debesi, owazasy Mara, Etrege ýeten galasynyň haýbaty, gurluşy olaram haýrana goýdy. Hywadan, Haňkadan, Gürlenden,Ürgençden çagyrylyp getirilen ussalaryň güjümden-garamandan sünnäläp ýasan, oýma nagyşlar bilen bezän goşa derwezesiniň haşamy-görnüşi, giňligi «hakyt sygyryp seredip oturmaly» diýilýänidi. Hanam olara tälkew bermejek bolup ýanlaryna barmady. «Bu-ýa gomaljyrap, görüp duran zadymyza-da beleň berip ýör»diýilmejegini bilse-de, «hany daşdan geleniň gözi bilenem bir görsünler» diýip, bärde myhman garşylamaň «eýdiň, beýdiňine» güýmendi. Görer gözden çeträkde soýulsa-da, gäwmüş ýaly öküziň özleriniň hatyrasyna ýykylmagy myhmanlary ýygrykdyrjak ýaly etdi. — Myhmana söwüş, dogana-da hezzet edilýändir. Bu gözi ýaşy gaýdyşyp ugrany çala duýdurýan Atabaý gyramsa aýdanam bolsa, düýp kökünüň Jüneýit hanyňky dygyny bilýän Eziz han bilen Hojaguly han hoşamaý ýyldyrdylar. Nahar-çaýyň ýanynda gürrüň öwrülip-dolanyp ýene il-güniň ýagdaýy-haly, patyşadyr hanlar bilen halkyň arasyndaky dartgynlyk hakdaky meselä syrygdy. Çaky, ýagdaý «horazyň sesi hemme ýere deň çykýar» diýlenine baryp urýardy. Tejen uýezdinde ýaragly çaknyşyk jerhet ýygnan ýara ýaly ahyry dömüp çykypdy. Eziz han häsiýetine görä, pessaýdan gysga sözde Sarahs pristawlygyndan pälä gitmeli edilen ýüz çemesi ýigidiň topalaň turzşy, munyň soňunyň gan-da-pyçaga direýşi hakda aýdyp berdi. Gahary depesine çykan ýigitler ellerine berdenkedir pyçak alyp, özlerini ugratjak ors otrýadynyň üstüne zyňýarlar «Ýa Alla» diýip. Gysga wagtlaýyn garpyşykda eli çalt işläniňki, hereketi çulumyňky rustem geldi. Gany gaýnap duran türkmenlerden ors otrýat zordan gaçyp gutuldy. Ölen-ýitenem bolman durmady. Ertesi güni bolsa «ynha maguna mündüriljek» diýilip durlan päleçiler ýoldan galdylar. Sebäbi olary halas etmek üçin çozan türkmen ýigitleri bilen patyşa goşunlarynyň aldym-berdimli söweşi ikiüç sagada çekýär. Gaça söweş eden türkmenler heniz aýňalmadyk ak goşunyň üstüne ertesi daňdanyň alagaraňkysynda ýene hüjüme geçdiler. Ýöne «gorkagy kowalasaň batyr bor» eden, iň esasam, goşmaça güýç bilen özüni mazaly raslan otrýad güýçli ýaragy bilen türkmenleriň howuny ýatyrýar. Diňe oň bilenem oňman, «topalaňçy» diýip ýigrimiden gowrak adamy tussagam edýärler. Şol gözsüz batyrlyk edenleň içinde mundan üç -dört ýyl öň «Tejen ýyly» diýip ýatda galan wagtda şo ýere göç edenleriň her bardygy Jüneýit hany bir tarapdan buýsandyrsa, beýleki tarapdan gynandyrdy. Haýp, ýagyşdan gaçyp, damja uçranlary! Bärdäki zulmatdan, açlykdan gaçyp, Tejene baransoňlaram ýene patyşa zulmatynyň gysajyna düşseler neneň gyýylmarsyň. Häzir bu ýerde oturanlar ak patyşanyň görkezmesi boýunça harby ministrligiň yglan eden permanyndan bihabardylar. Permanda şeýle diýilýärdi «Hökümdar Imperator 1916-njy ýylyň 25-nji iýul güni beýik merhemet bilen buýurmaga ygtyýar etdi 1) häzirki urşyň dowamynda Imperiýanyň keseki ilatynyň ýaşy 19-dan 43-e çenli bolan erkeklerini hereket edýän uruşlaryň raýonlarynda goranyş berkitmelerini we harby-aragatnaşyk serişdelerini gurmak, şeýle hem döwletiň beýleki zerur goranyş işlerine çekmeli. Ýagny a) Astrahan guberniýasynyň we Sibiriň hemme guberniýalarynyň hem oblastlarynyň keseki ilatynyň... b)Syrderýa, Fergana, Samarkant, Akmolinsk, Semipalatinsk. Semireçe, Uralsk, Turgaýsk we Zakaspi oblastlarynyň keseki ilatynyň... W) Tresk, Kurgan oblastlarynyň we Zakawkazýanyň musulman ilatynyň erkeklerini şol görkezilen harby-goranyş işlerine çekmeli...» Premana görä, imperiýanyň ors däl halklaryndan pälä jemi 250 müň adam, şol sanda Zakaspi oblastyndan 15000 (Mary uýezdinden 5000, Maňňyşlakdan 3240, Aşgabatdan 2500, Tejenden 2300, Krasnowodsk uýezdindenem 1960) adam getirmelidi. Öňki salgytlaryň üstüne ilata indi «jan salgydy-da» salynar. Ony tölemek bolsa ýene-de sogan ýaly soýlan garyp-gasarlaryň paýyna düşýärdi. Çünki, ýerli hanlar, urug-tire kethudalary, ýasawullar, hat-petek ýöredijiler, dilmaçlar, kazy-kelanlar päle gitmekden boşadylýardy. Beýleki barly adamlara-da obasyndan deregine birini tutup iýbermäge rugsat edilýärdi. ...Öküziň ýedi gulak gazanda gaýnan kellebaşaýagynyň işdäňi yzarlap barýan ysy giň jaýa ýaýrady. Iki adam bolnup göterilip getirilen mejimäniň üstünden aka bişen içegäniň birini hemem gulagyň düýbündäki ýumşak etiň tokgasyny tabagyna atan Jüneýit han ýuwaştap gürledi —Ýagdaý Etrek-Gürgen töwereklerinde-de öwerlik däl ýaly. Çaý-nahardan soň görkezäýerin Babagylyç serdaryň maňa ýollan hatyny. Häliden bäri sesini çykarman oturan Han işan howlukman gepledi —Ol hatdaky zatlary-ha men sözme-söz aýdybam beribiljek —Rugsatdyr! Orslaryň Çekişler oblasyndaky pristawy tomsuň ahyrynda ýanynyň ýaragly otrýady bilen Ajyýap obasyna patyşanyň permanyny düşündirmäge baranda ony uzyn garymlarynyň içinde oturan ýomutlar tüpeň oky bilen garşylapdyrlar. Şo günüň ertesi pristaw Gurbangöz obasyna baranda-da şeýle ýagdaý ýüz beripdir. Gurbangözde-hä pristaw bilen bile baran esgerleriň ikisi öldürilipdirem. Ana, şondanam peltä ot degen ýaly bolupdyr. Ýerli ilatyň talabam patyşa dikmeleriniň adamlary päleden boşatmagy, salgyt üçin malyna, üstündäki külbesine-öýüne degilmezligi, yzy tükenmeýän şo salgytlaryň kemeldilmegi. Ýöne ozal dişinde et galan zulhorlar garyp-gasarlaň, batraklaň, balykçylaň o diýenlerine pitiwa etme-gä beýlede dursun, olary tüýs günäkär, jenaýatkär diýip bilipdirler. ...Eziz han ujy çürelip gidýän kaşygy tabagyň gapdalynda goýdy —Ýeri, o ýerleň hany, serdary ýokmyka, ýa «degene gözüm menden däl» edip, garnyna suw sepip ýatyrlarmyka Han işan äwmän jogap gaýtardy —Işdäňi kemmän alyber, Eziz inim. Hatda ýazylyşyna görä, olaram gol gowşuryp, «näm bolsa, şoňa kaýyl» diýip oturmaýan ýaly. Şonuň üçinem goranmakdan başga alaçlary galmadyk halk öz öňüne düşüren adamlary Babagylyç serdar bilen Mergen arçynyň baştutanlygynda şo pristaw diýilýänleň, serhetde duranlaň üstüne çozupdyrlar. Ors posilkasymy, nämemi, garaz, şo gelmişekleň ornaşan ýerlerini ber-bibat edipdirler, käbir ýerde mülklerinem elinden alypdyrlar... Hojaguly han dokmädelik bilen dişlerini syntgap oturşyna gep goşdy —Ýeri onnoň, beýdiberse ors goşunlaram-a «edýäniňiz dogry » diýip gyrada duran däldirler. Soňy mojuga dirän bolaýmasa... —Şo boludyr ahyry. Döwleriniň deň gelmejegini bilen türkmenler tomsuň ahyrynda bişen-ýetişen ekinlerdenem ellibizar geçip, serhetden ilerik — Eýrana tarap göçe-göçi güýçlendiripdirler. Mal-garasy bilen göterlip giden babalaryň ýeri garalyp galyberipdir. Iň ýamanam, içi ýanan ilat äkidibileni äkidip, galanynam öz eli bilen otlapdyr... Yzyny aýtgmaga dözmeýän ýaly Han işan uludan dem alyp, dymdy. Häzir bu ýerde oturanlaryň hemmesem aňyrda —Etrek-Gürgen boýlarynda dek düýn-öňňun ýan beren wakalardan bihabardy. ...Gozgalňçylaryň sany üç müň atly ýetipdi. Indi olar garşydaşlarynyň ýaňsylaýşy ýaly juda bir «keçetelpegem» däldider. Söweşi nähili guramalydygynyň abyny-tabyny bilýärdiler. Bu gezegem Babagylyç serdar hüjümi üç tapapdan urdy. Gapdaldanam mergenler ot açyp, duşmany aljyratdylar. Patyşa goşunlary asgynady. Bu wakany eşidende Türküstan goşunlarynyň baş komandýuşisi general-adutant Kuropatkiniň tas kakyny tutupdy. «Kakabaş türkmenlere mazaly göz gökezmek» üçin diş gyjanaýşyna Syrderýa oblastynyň harby gubernatory, general-leýtenant Madridowa gyssagly buýruk ýollady. Telegraf üsti bilen ýelden ýyndam giden şol buýrukda şeýle diýilýärdi «...Topalaňçy ýomutlaryň garşylygyny syndyrmak we olara berk temmi bermekligi bolsa Siziň Alyjenabyňyzyň üstüne ýükleýärin...» Soňra türkmenler tarapyndan «jellat» diýip atlandyrlan Madridow haýal etmän uly harby ekspedisiýa bilen ýola düşdi. Onuň başyny çekip gelýän goşun sanynda bäş pyýada batalýon bolup, jemi esgeri on üç müňe golaýdy. Ýedi ýüz adamlyk razwedka-aňtawçylar komandasy, on sekiz toply , on üç pulemýotly iki sapýor rotasy bardy. Hyň urup gelýän, iň esasam, albaý bulaýan şöhratyň ýelginine düşen Madridowyň maksady mojukdy. Goşuna ýaýradylan buýruk şeýledi «Gozgalňçylaryň baştutanlaryny ele salmaly. Ilatyň ähli ok atýan we sowuk ýaraglaryny uçdantutma almaly. Ähli atlary almaly . Göze görnen, halkda bar hasap edilýän ähli mallaryň ýarysyny almaga ygtyýar edilýär. Ähli gara öýleriň ýarysyny almaly. Päle gitmeli adamlary eglenmezden ýola salmaly. ...Örän çalasyn hereket etmeli-de, gozgalaňçylaryň garşylygyny doly basyp ýatyryp, olary gaýdan baş götermez ýaly hala salmaly...» Diňe bular bilenem çäklenmedi. «Haý-haý» bilen Aşgabatdan, Krasnowodskiden patyşa goşunlarynyň toply-tophanaly uly toplumy Etrege döküldi. Soňky wakalarmy General Madridow öňünden çykan ähli obalary otlady. Diňe onuň bilenem oňmady. Ilatyň derde ýarar çyraýly zadyny gaňryp-zorlap alyp, gözüne gelmedigini öldürip, zorlanyny zorlap, Gürgene baryp maňlaý diredi. Gözi gana düşüp, beýnisi gyzan goşun «topalaňçy ilatyň» malyny, öýüni, haly-palas, şaý-seplerini almak üçin öz goşunbaşysynyň –general Madridowyň döreden dört sany komissiýasynyň düzümine girip, gaýtadan hars urdy. Ýandyrylan obalardan kül galdy. Aýal-ebtat, çaga-çuga, parhy ýok, türkmenlerden ýedi ýüze golaý adamyň läşi serildi. Ýöne jellatdan geçiren Madridowyň gözüne bu eden işem az göründi. Onuň buýrugy bilen günäl-u-günäsiz, parhy ýok, ýene sekiz ýüz ýigrimi dört adam asylyp ýa atylyp öldürildi. Ahyr soňunda-da «azap haky» üçin iki ýüz ýigrimi üç müň dowar, bäş müň düýe, iki müň at, sanap aňyrsyna çykyp bolmaýan haly-palas, şaý-sepler zulumkärleriň ygtyýaryna geçdi. ...Şu wakalary aýan görüp oturan ýaly Jüneýit han ümsümligi pert gep bilen bozdy —Ölmeli — ýitmeli weli, türkmeniň bir bitewi döwletini gurmaly. Bolmasa bu milleti bogunma-bogun döwüp tükedere getirerler. Bölek-büçek bolsagam, sürüden bölünen malyň gurda-guşa şam bolşuna döneris. Eziz hanyň bugdaý reňkden garaýagyza ýakyn keşbi hasam bortuldi —Ýagymyz ýaman han aga, ine, gürrüň şunda. Bir çüňkde çala salgym ýaly oturan bolup Şyhym sülgün seslendi —Hywa tarapa-da Daşkentden uly goşun süýşüp gelýär. Meger, Etrek-Gürgendäki ýaly ýagdaý bärde-de bolaýsa gerek. Han işan oturup bilmedi —Agzyňdan haýyr açaweri, Şyhym inim. Gulak eşidenini göz görmäwersin. Jüneýit han ajy ýylgyrdy —Türkmenleriň üstüne atalap duran ýagydan haýyr tamakin bolmasana, işan. Hojaguly han gozganjyrady —Han aga, makul aýtdyň. «Ursaň arkam, sögsem ýüzüm» edip otursaň-a, halys gaňňalap münjek bu päliýamanlar. Maryda-da «it aglaýar» diýileni halkyň güni. Güljemal han ak patyşaň ýanyna ýörite gidip, pälä alynjaklara derek pul bilen, haly-palas bilen bu meseläni çözermen boldy weli, emma, soňyna çöp düşene döndi boldy. Nämemiş, general Galmykow diýilýäni göwnemänmiş... Dädebaý goýnuň tamdyrda asylyp bişirilen gapyrgasyny getirdi. Jüneýit han oturanlara ýüzlendi —«Müň gaýgy bir iş bitirmez» diýlenidir. Özümizi muşakgata aldyryp oturmalyň-da, birsellem bagşy diňläliň. Magtymguly Çuwal diýip bir bagşy döredi biz illerde Hojaguly, Eziz inim. Eşdip gören dälsiňiz-le. Hä-ä, menem şeýlemikä diýip ýörite getirtdip şony çagyrdyp, siz üçin. Hany, bagşynam çagyraýyň onda bärik. Garaňkyrap ugran giň jaýyň içi gündizlik ýaly bolup gidende daşdan gelen myhmanlaryň gaty haýran galanyny olaryň giňelip gerlen gözleri aýtdy. Bu Jüneýit han hanyň ýaňy-ýakyn gurduran elektrik stansiýasynyň gudratydy. Onuň gudrat kemi ýokdy. Hywa-ha beýlede dursun, Buharada, Balhda, Çärjewde, Maryda beýle zada heniz hiç kimiň gözi düşmädi. Garagumyň gaýra etegindäki bir küren obada, has anygy, uly galada beýle desga guraýmak erteki pisint zatdy. Ýöne Şyhym sülgün sag bolsun! Jyn ýaly- how , şu adam. Eýtdi-beýtdi, gitdi-geldi, gördi-gürleşdi, getirdi-äkitdi, garaz, han dädesiniň «il öňüne çykjak bolsaň halka üýtgeşik bir hikmet görkezmeli» diýen göwün ýübürtmesini wysal etdi. Iňlisden getirilen «maşyny» bu töwerekdäkileň «gara geýimli» diýip at beren ors işçilerimi, kärini sorasaň «inžinari» diýýänimi, garaz, on iki sany düregeý adamlar oturdylaram, işletdilerem. Şolaryň altysy henizem galanyň bir burçundan berlen iki-üç ötlem tamda ýatyp-turup, «yşyk maşyna» göz-gulak bolup ýörler. «Doňzuň agam bar, garasam» diýleni borly. Ors diýlen milletiň içinde-de her hilisi bar eken. Şu gelenler-ä tüýs «gara ýer ýaly » diýilýänlerden. Käte duşup, gepleşip görýä-de han aga «bäh, ors diýilýäniň hemmesi şular ýaly bolsa ýaramazy, gylyjyndan gan damyp durany döremejek ýaly weli» diýip içini gepledäýýä . Zanny ussalykdan, tilsimata jadygöý ýaly erk edibilmekden ýasalan ýaly şu gala gelenleriň-ä. Käbiri-hä türkmençe öwrenjek, gürlejek bolubam gara jan. Häý, görýän weli, diline, dinine, milletine, reňkine seretmezden, ähli halkyň içinde ýagşysam, ýamanam bar, elekden geçirip otursaň . Bela başynda durýanlarda bolaýmasa onsoň... Bagşy dutaryna, gyjakçy kemençesine ýapyşýança Jüneýit hanyň beýnsinde şu pikirler hekem gurdy. Giň eýwanyň içine aýdymyň owazy ýaz howasy ýaly bolup ýaýran ugranda şoňa laýykat keýpem düzlenip başlady. Bagşy ilki ýapyldyga tutanam bolsa, kem-kem «beýge dyrmaşyp» barýardy. Kemineden bir nyşana, Ýazyp ibersem Amana, Arzym aýtsam, arzymana, Ýüzüm Aýsoltana garşy ow-w... | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||