06:54 Hupbulwatan -16 / hekaýalar toplumy | |
IX bap
Hekaýalar
Jüneýit han heniz Horezminiň oýunda görülmedik gala gurduryp ýördi. Şony başlajak bolanda Han işanyň aýdyp beren tymsalam böwrüni diňşirgendiripdi. Hawa, indi Abdyrahman işanyň adyny il şeýle tutýardy. Onuň aňyrsynda «Hanyň işany» manysy bardy. «Jüneýit han gala galdyrýar, şoňa her üç öýden bir adam kömekçi gelmeli. Şol üç hojalyk iberilýän adamyň harjyny çelmeli, hojalygyna göz-gulak bolmaly» diýlen jaryň çekdirilmegi üçin perman berjek bolýan wagty bolupdy özem ol gürrüň. — Dawut pygamberiň kimdigini-hä eşidensiň-le-diýip, Han işan aňyrdan tutundy — Şo gurbany gitdigimiň kyrk oglunyň bolanynam bilýänsiň. Hemmesem eberdes-zeberdes ýigitler eken. Bir gün öýle namazynda ogullaryna ymamlyk edip duran Dawut pygamber içini gepleden: «Heý, ýer ýüzünde meň ýaly kyrk ogully kişi barmyka?». Bir rekatdan soň sag egnine seretse ogullarynyň ýarysy, ikinji rekatdan soň galan ýarysy egilen ýerinde — namazlygyň üstünde gatap galan. Namazdan soň ýüregine howul düşen pygamber Hudaýa «Eý gudraty güýçli, birden kyrk oglumy aldyň oturyberdiň beýle?!.» diýip mynajat eden. Şonda Arşdan gulagyna « Sen men-menlik etdiň, şükürli bolmadyň» diýen owaz eşidilen. Aradan esli salym geçen. Bu gün Hudaý synagynda gezip ýören Dawut pygamberiň gulagyna ýene owaz gelen: «Saňa kyrk ogla derek bir ogul bereýinmi ýa ýene şonçarak ogul bereýinmi? Göwnüňe geňeşip gör?» Köňlüne aram giren pygamber ylgap hatynynyň ýanyna baran. «Şeýle, şeýle, nädeli?» Aýaly aýdan: «Hak tagalla aýt, «Biribar, özüň gowusyny bilýänsiň, näm etseň biz şoňa yrzadyrys» diýäý. Pygamber aýalynyň aýdanyny unan. Baryp diýen: «Gudraty güýçli, edeniňe şükürlidiris. Kyrk ogul berseňem yrza, kyrka derek bir ogul berseňem yrza». Şeýdibem Haktagala Dawut pygambere kyrk ogla derek Süleýmany bagş edýär. Bu perzende hem-ä Ýer ýüzüne patyşalygy, hemem pygamberligi rowa görýär. Hezreti Magtymgylam aýdýandyr: Ýere-Suwa hökmi ýörän Süleýman –diýip. Kyrk kişiniň pähim-paýhasy, kyrk kişiniň güýji berlen Süleýman pygamber höküm sürüberen şeýdip. Bir günem göwnüne «Bir köşki-şäher gurdursam, şolam dünýäň bu ujundan seretseňem, aňry ujundan seretsňem görnüp duran bir zyba, heniz görlüp-eşidilmedik ymarat bolsa» diýen hyýal gelýär göwnüne. Şeýdibem ol haýwan-u-ynsana jar urdurýar: «Eý, adamzat kowmy, şu gurýan köşgi-şäherimiz bina bolýança gözüňiz düşüp duran haýwan-u-guşlardan ajygan wagtyňyz soýup iýibermeli, zowal ýokdur». Haýwan-u-guşlara bakybam şeý diýen: «Haýyr işiň hatyrasyna özüňizi gurban bermäge, ýagny, halal der döküp ajygan ynsanlara lukma bolmaga razymy siz?!» Haýwan-u-guşlar jogap beren: «Yrzadyrys. Aslynda-da Huda bizi gury ölüp gitmesin, ilkibaşda ajygana şam bolsun diýip ýaradypdyr. Halal etimiz adama buýrsa ne armanymyz. Üstesine-de, biz tä sen şu bitirjek binaň taýar bolýança işläp ýören adamlaryň üstünde pel-pelläp, saýa salyp durarys». Şonda Süleýman pygamberiň çakylygyna görse diňe baýguş gelmänmişin. Bu ahwalata haýran-u-sermisal bolan Süleýman habarçy guşy hüýpüpigi çagyrah: «Bar-da, baýguşyň ýanyna pygamber çakylygyna ne sebäpden gelmedigini bilip gaýt. Gowusy-ha, özüň bilen alyp gaýt ony». Hüýpüpik soran: «Pygamberimiz, Ýeriň giňinde men ony haýsy ýerden gözlesem tapybilerin? Muny Siziň çakylygyňyzyň derhal bitmegi üçin soraýandyryn». «Baýguşy harabadan taparsyň» diýen jogaby eşiden hüýpüpik uçup gidiberen. Agtaryp gidişine ahyry giden harabahanaň içinden çykýan owazy yzlap baraýypdyr üstünden. Hüýpüpigiň habaryna bolsa pitiwa etmändir baýguş. «Bar-da aýdyň, pygamberimize. O zeýilli tutumda biziň işimizem ýok, bitirjek goşumyzam». Yzyna dönen hüýpüpik Süleýman pygambere eşidenini, görenini ganyny gaçyrman aýdan. Pikirlenip, oturyp-oturyp, Süleýman pyhamber burgüdi çagyran ýanyna. «Bar-da, aýt, öz meýline gaýtsa-ha tirkäp gel şo baýguşy, ýok, onam etmese penjäňe gys-da gaýdyber, günäsi meň boýnuma bolsun» Bürgüt bürgüt bolýar-da. Şaglap inişine ýeke özi gugaryp oturan baýguşyň maňlaýynda gögeren. Özem diýen: «Şeýle-şeýle, gardaş. peýwagtyna gitseň-ä bileje uçaly. Ýogsamam şu penjä gysyp göterýän seni ýokaryk». Güýçli bilen ejiziň oýny deňmi nä? Baýguş aýdan: «Beýle gereklenýän bolsak penjede barman, öz aýagymyz bilen barsak ýagşy bolar, gitdik». Baýguş gelip Süleýman pygamberden soran: «Nä hajat üçin çagyrdyňyz bizni? Elimizden ne hyzmat geler?» Pygamber aýdan: «Meň tutumymyň deb-däbesi heý gulagyňa ýetmedimi eýse? Näm üçin gelmediň?!» Baýguş jogap beren: «Näme tutsaňam düýbi deşikdir, näme başlasaňam soňy puçdyr, şony bilmediňmi, pygamberimiz?» Pygamber haýran galan: «O nähili? Hany, anygrak düşündir!» Baýguş aýdan: «Bilseň, meni ýaradanda Hudaý sorady: «Aýt, näçe ömür bereýin?» diýip. Menem diýdim: «Dört pasylyňy-ha ýaşap gördüm, ýene barmy gyşyňdan, ýazyňdan, tomsyňdan, güýzüňden başga aýyň-günüň? Ýok bolsa maňa bir ömür ýeterlik. Ýöne şu ömrümde iýjegimi urnup tapmaly bolmaýyn» diýdim. Haktagala-da «bolupdyr» diýdi. Şoň üçinem seň bu ýüz ýyla, belki müň ýyla çekjek tutumyňda meň işimiň ady ýok». Oňlanyp oturan Süleýman pygamber aýdan: «Bolýa, meň saňa dört sowalym bar, şolara jogap tapsaň ötägit, senem hoş, menem. Aýt, ýer ýüzünde diri köpmi, öli?» Baýguş jogap beren: «Öli köp, sebäbi dünýä geleniň bary gaýtmaly, şu günki dirilerem ertir öli bor». «Ýagşy, aýt, ýene baýguş, abat känmi, bibat?» «Pygambermiz, bibat köp jahanda, iň bärkisi, seň şu ynsan-haýwany gul-gula salyp gurduryp ýören binaňam ahyr bibada öwrüler, düşüniber onsoň». «Hon ýagşy. Aýt ýene, dünýäde erkek känmi ýa aýal?» «Elbetde aýal kän, pygamber bolubam şony göreňokmy? «Men erkek» diýip ýörenem aýalynyň gepine gidip iş etse ýa-da mert ornunda namartlasa,aýala öwrüler-dä, näme? Bir ýyl ömrümi harabada geçirýänime indi düşündiňmi? Ähli zadyň ahyry hanaweýran. Şoň üçinem köşgi-şäher gurdurma, şoň bahasyna barabar ýagşy iş et il-güne bähbitli». Baýguşyň danalygyna haýran galan Süleýman pygambe şoň gepine uýup, gurduryp ýören desgasyny dessine togtadypdyr... — Näme, senem şu galany gurma diýjek bolýamyň? Han işan tykyrgananam bolsa, göwnündäkini gizlemedi: — Halk möjek gören goýun ýaly tazykjak bolup durka, derdi— — elemden ýaňa ieni inine siňmeýän wagty munyň birhiliräk bolaýmasa, han! Il içine çyksaň-a seň gurdurjak galaň däl-de, gyz salgydynyň şow-şowy kän. Jüneýit han ekez gepledi: — O meseläni maňa goýuň, nädersiň petigini bekläýsem, ýöne — ol çukurrak gözlerini bir nokada dikdi — Galany gurdurjagym-a çynymdyr, aýtdym gutardy,sözümi yzyna alman. Eşşi! Zarply ses işikden çykap-çykmanka uzyn boýly, eginlek, gara murty at ýüze haýbat berýän ýigit atylyp girdi. — Lepbeý, däde! — Gel munda, maslahat bar. Işan aga, gozganma senem, geňrägem bolsa bir iş etmeli borsuň. Eýmir bilen Annam, Taýmaz dagam gelsin bärik! Aýdylan adamlar ýygnanansoň Jüneýit han işana ýüzlendi: — Diri adama jynaza çykyp bormy? — Bu nähili gürrüň boldy? — Isfendiýar hana jynaza çykmaly borsuň, işan! Men şoň kellesini aldyrjak. Her näçe bozgak, haramzada bolanda-da, ol bir memleketiň hany, şoň üçin Taňry öňünde günäkär bolmazymyz ýaly öňünden jynazasyny okaly, makulmy? — Men-ä gidip, kitap açyp görmesem, şerigatda-kowahatda beýle edilýänini bilmedim. — Bilmesem işan, ähli günäsi-hunabasy meň boýnyma şoň, okaber jynazany, kitap agtarara wagt ýok. Ýarym gün eglenseň gözünden gan akdyryp, köşge gör ýene näçe gyzy wägirdip elterler. Biziň günämiziň galanynam halkyň hana okaýan gargyşy ýuwar Jüneýit han ajymtyk ýylgyrdy — öz aýdyşyň ýaly pygamberler-sahabalar ýalňyşypdyr käteler. Biz dagy häki çyg süýt emen adam balalary ahyry. Nädürs ýerini özüň düzläbermeli dünýädir bu. Işan gönüledi: — Hudaň öňünde günäni diläli diýjek bolýamyň? — «Öz raýatyndakylara gan içirýän hany öldüreniň kesewisi gögär» diýip doga-dileg edilýänin-ä özüň bilýänsiň. Hernäme-de bolsa hana hyýanatyň günäsini diläli Taňrydan. Han işana diýleni edäýmekden başga alaç galmady. Şonuň yz ýanam jemi alty atly Eşşi hanyň baş bolmagynda Hywa ugrady. Olara köşkde han janpenalarynyň ýolbaşçylarynyň biri Sadylla ynak garaşýardy. Hanyň weli gulagynda göýä baýguşyň sesi ýaňlanyp duran ýalydy: —Seň bu ýüz ýyla çekjek tutumyňda biziň işimiz ýok. —Abat dä-de, bibat köp jahanda! —Diri kän däl, öli kan dünýäsinde! —Erkek köp däl, aýal köp bu ýalançyda! —Ähli zadyň ahyry hanaweýran! ...Onuň gizlin tabşyryk bilen ugradan atlylary bolsa Hywa golaýlap barýardy. Myny dyrnagynda görüp oturan ýalam bolsa birhili göwni aram tapanokdy. Gapynyň nädip açylyp, içerik nädip ýumruk ýaljak adamyň girenini han görmän galdy. Ýöne şony görüp weli göwrümi giňäp gitdi. Hanyň ýanyna hiç kimden bidin giribirýän bu adam Şyhym sülgündi. Onuň haçan, nädip ýanyna gelenini hakydasynda saklamadygam bolsa, ilki görende «mysalasy-synaty tüýs lakamyna laýyk eken» diýip içden ýylgyrany weli hanyň ýadynda. «Iň pynhan işleri tabşyryber maňa han aga, soňam hatyrjem boluň, it bolup ysyrganybersinler, yzymyz byzaw gömen ýalydyr» diýipdi özem. Jübä salaýmaly müçesi bilen ilki göreňde ýaňsyly ýylgyrdýanam bolsa kirpikleri gyrpyldamaýan kiçijik gözi bilen nazaryňy garbap alyp pyşyrda ýakyn ses bilen gürläp ugrasa gabadyndaky kişi ýylan demi düşen guşa dönäýýärdi. Atabaý gyrymsa diýipdä:«Şu adam ýedi aýlykdyr, özem doganda jady-tumar bolup ýere gaçandyr» diýip. Şulary ýatlap han ýene çalaja ýylgyrdy: «Wah, atasy arwahdyr diýsene». —Olaram-a Hywa ýetip barýandyr öz-ä. Şyhym sülgün göýä gulan atmaga ugradylan ýaly ap-arkaýyn gürledi: —Bararlaram, iş bitirip gaýdarlaram, arkaýyn boluň han hezretleri, bitiniň burny ganamaz ýigitleň. Köşge täze hany taýynlaberiň. Özüňiz... —tykyrgananam bolsa Şayhym sülgün gaçyrym etmedi — Özüňiz weli barmaň, biziň diýenimizi etseňiz, diýeniňizden çykmajak birini tamyň, bärden buýruň, goý, ol tagtda diýlenini etsin otursyn — Şyhym sülgün janykdy—Ol köşkde orsuň demi düşgün, bilýänsiňiz, olar bilen siziň mäşiňiz bişişmez hiç wagt. —Onda kim bar köşkde dikerimiz ýaly, orsdan öňürtläp. —Inisi Seýit Abdylla bar, tüýs biziň diýenimiz, aňry itseň aňry, bäri itseň bäri. Han gülli hytaý käsesini pyrlap goýberdi: — Oň agyz aluwyny alyp, gepleşip bir görmeli ekeniň-dä. — Ol iş eýýäm bitdi. Akly kelteräk gende «Maňa haçan zerli don geýdirip, tagta mündürerlerkä?» diýip, eýýäm galypyldap otyr. Han ýüzüne seretmän gürleýän Şyhym sülgüni ötgür nazary bilen synlap, hem buýsandy, hemem gizlin wehimiň damaryny yzlap gidenini duýman galdy. ...Şondan sähel salym öň-daň ukusyndan oýanmanka Isfendiýar han erbet tisginip turdy. Köşgüň derwezesiniň üstünde gözüni çarhlap oturan bürgütmi ýa laçynmy şaglap inýärmiş-de, ýaňy işikden kellesini çykaran hanyň kellesine çaňňal urýamyş. Şobada-da beýnisi çogan han wägirip goýberäýämiş... Paşşaýy ýorgany serpişine syçrap turan han depesini elledi. Sandyraýan monty barmaklara gan däl-de, şypbyk der degenem bolsa hanyň gözleri elek-çelekdi, ýüňli ganar ýaly göwre simap bolan titreýärdi. Has aşak sallanan böwrek ýaly dodaklar öz-özünden gymyldasa-da, tebit bolan dil gozganmady. «Hudaý jan, özüň sowaweri, ýoluňa bir öküz!» Bu wagt Bedikentden gaýdan atlylar Bahtyýar dykyzyň kerwensaraýynda atlaryny daňyp, gapdaldaky çaýhanada telpeklerini çümre basyp, çaý içip otyrdylar. *** Hywa hanynyňa haly ertesi has mojuk boldy. Türküstan general-gubernatory Matrsonyň zoryna çydaman ol pelesaň kakýardy. Ýylyň gurak gelip, açlyk bolany näme diýsene müň üstüne? Meýdanlar ýylan ýalana döndi diýýärler türkmenleň ýerlerinde dagy-han içini hümletdi — — «Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter» edip, suwunam teýim-takyr kesäýdik-dä olaň — Ol aýagynyň aşagyndaky ýumşak üýpek halynyň aşagynda ýylan bar ýaly okjelerini ýokarrak göterip, çalt-çaltdan gezmeledi—Toba gelmedi şonda-da olar. Gaýtam, aşlygy bahanalap köpüsi Tejen, Murgap ýakalaryna göçüp gitdi hon-ha. Nebsi guramuş ýerdäki begler—kethudalaram salgydy bahanalap süýthorlyga ýüz urdular peläketler — han sakga saklanyp, ýaňyja hynalanan sakgalyny owuçlady — ozalky salgytlaň üstüne Martsonam eňegini ellendirip, «jahan urşunyň» diýdimi, nämeli—han ýigrenç bilen seňrigini ýygranda paşşyk burnunyň temezzigi giňelip gitdi— ana, şo ýerde söweşýän ors goşunlary üçin pul-teňňe ýygnamaly diýip ýokardan — ak paşşadan gelen permany somlap dur kellesini gyzan mis ýaly edip — ol murtunyň aşagyndan syrlydan çala ýylgyrdy. —Şol-a ýöne kemem bolmady. Nätdim? Şo goşmasa salgydy tölemejek bolup bulagaýlyk etdi dämi türkmenler? Etdi. Men nätdim? Paryşa arkamy diräge-de, öňki-soňky hyltymy çykardym, ýüz on müň manatlyk jerime tölediler, gözleri akan ýaly bolup... Martsonyň elinde somlan permany ýadyma düşende weli galyň gabaklaryny ýapyp duran gaşlary bürüşdi. «Hywa hanlygynyň tabynlygyndaky türkmenler urşa ugratmak üçin on müň sany possun-içmek bermeli» diýler-de, oň soňy düzüw bormy?! Ýeri, bu özberklere näme gerek diýsene! Geziberiň-dä «özbek-özüne bek» edip, netigaralar! — onuň ýene-de süňňi sandyrap gitdi — «Itiň agzy ala-da bolsa gurt görende biriger» bolaýýa mesele petige dirände. Ýosam türkmeni özbege, özbegi türkmene, gazagy ikisine-de alagöz etdikmikäk aşaklykdan diýýäsem weli, ýeri-ýerine gelende şanigimiz puç çykýar duruberýär. Häk-k — onuň ýadyna ýene Martsonyň soňky permany düşdi — Şol ýezidem reňkini as ýaly edip, meň içimden urýa öňem yranjak bolup duran memleketdäki iliň agzyny ajydyp. Hon-ha, nätdi, türkmenlerden düzülen otuz müň adamly goşuny alaowarra bir ýerdäki sümme tokaýyň içinde gidýän urşa ugratjak diýip aýak diredi durdy. Nämemiş, şeýdilse türkmenleň badyny alyp boljakmyş-onuň böwri müňküldäp giden ýaly boldy— ýöne şeýdip türkmeniň «men» diýen ýigitlerini barsagelmeze ugradyp bolsa bulaň baldyrynyň güýjüni alarmykak diýip meňem ymsynanym-a çyn. Boldumy nä? Gaýtam, it ýassanana döndüm duruberdim... Gapydan bidin giren ýasawulbaşy ony ziňk etdirdi. Dylçaryp duran aýan etlek ýüzüň kokuşyp durşy oňly habar ýokdugyny öňünden aýdyp durdy. —Han hezretleri, Şammy keliň goşuny Gazabady çapawullap, ol ýerdäki häkimiň köşgüni ber-bibat edipdirler. Indem bärik süýşüp gelýämişler. Ýoldaky obalaňam ilaty olara goşulyp gaýdýar diýlen habar bilen geldi ýasawullar. Hanyň reňki duw-ak boldy. Şammy serdaryň atlylary köşgi aldym-berdime entegem salyp biljekdi! Ýeri, ähli meseläniň petige münen wagty Jüneýit hanyň beýtmegi näm boldy ýöne?! Wah, ol birden Goçmämmet hanyň bulanybermesindenem aňypdy-la assyrynlyk bilen bir iş goparjak bolýandyklaryny. Jepbar demirçi gelip çawuşam çykyp gidipdi: «Goçmämmet hanyň ýanyna ýarygije jübä salaýmaly bir kişi geldi. Ol ikisi ýanlaryna hiç kimi goýbermän uzak oturyp, bir işleri ölçerip-biçdiler. Myhman daňa golaý çybşyldap çykyp gitdi. Ýaman ätiýaçly eken özem, atyny ýylgynyň çetinde goýup gaýdan eken, o kişini Goçmämmet hanyň üç nökeri ataryp gaýtdy». Ilkibada pitiwa etmedigem bolsa wakalaryň leňňer alyp barýanyny duýan Şammy bu gezek Jepbar demirçä tabşyrdy: «Şol gelip-ideniň kimdigini, nireden gelenini, kim goýberenini biljek bol?». Diňe ýarym günden ol şeýle habar aldy: «Şyhym sülgün diýilýänimiş. Özem Jüneýit handan tabşyryk alyp gaýdana meňzeş aýdylyşyna görä. Şeýtanmy, al-arwahmy, bilmedik, şu taýdan bir ata atlanany göze ilip galdy, soň ýer hopana dönäýdi ýaňky». Jüneýit hanyň ýedi yklaňda düýşüňe girmejek hile-al guranyndan osal galanyny soň bilip dyzyna ýumrukladym weli, ne peýda?! Ol-a bärde köşk hökümdarynyň demini damagyna iýberip, memleketde ýaşaýanlaryň gerşine urlan ýüki ýeňletjek bolup, döşüni oka, ýeňsesini gylyja tutup zomap ýör, Jüneýidem ýeňseden... Dodagyny berk gysanda onuň ýeke tüýsüz kellesiniň depesi gyzyp gitdi. Otlanan jeňňelde galana dönüp, nämeden dalda gözlejegini bilmeýän Isfendiýar han ýüz atlysy bilen köşge emin-erkin gelen Jüneýit hana gözi düşende hemme zada boýun boldy. «Haramzadalar! Janpenalar näme, hut öz gandüşerleriniňe-de jan ynanyp, arkaýyn uklar ýaly bolmady. Ýögsam dagy şu galtaman köşge burnuny sokmaga milt edermidi dünýäler düzüw bolanda?! Gör, öz öýüne gelen ýaly abşarylaýşyny». Ýalňyz dikrary, köşk mirasdüşeri Temirgazy töre ýogalaly bäri onuň hut Alla-da ynanasy gelip baranokdy. Iň golaý ilen-çalanlary-ha şondan soň gözüne doňuzdan idili görnenokdam. «Men oglumyň kyrky geçýänçä döwlet işleri bilen meşgullanjak däl, ýas tutup ýatjak» diýende ýaramsaklyk eden bolsalaram, ýakynlary onuň soňky hereketlerini ynanmandylar. «Köşgüň başyndaky musallat». Ol ýakynlarynyň daşdan özüni şeýle atlandyrýandyklaryny bilenokdy. Mojuk ýerem, «ýas» bahanasy bilen hylwat jaýa girip, şeraba tutup, neşe tartyp, günde-de bir nowça gyzy «myhman almagy» kada etmegi boldy. «Gyz salgydy» diýlen görülmedik zat iliň gahar-gazapyny gaýnadan bolsa, köşk hadymlarynyň aglabasynyň han babatda paltalaryny daşa, umutlaryny netige diretdi. Jüneýit hanam şondan ýeser peýdalandy. Gozgalaňdan gorkup pelesaň kakan Isfendiýaryň ýüzüne dogry bakyp, şerigata sygmaýan «gyz salgydy» zerarly hunawa iýen halk üçin hun talap etdi. Ýüreklidigini kişiniň? Hanyň pirini kädä gabady oturyberdi. Entegem Çamanoýyň häkimi Sersenbaý begiň görkemenlikde owazasy köşge-de ýetiberen gyzyny «salgyt üçin» diýip süýräp, arşy beýik araba oklajak wagty synyp, özüni düýbi görünmeýän gurruga oklap heläk bolany hakda dil ýarmady. Diňe «Siziň şol zulumly permanyňyz sebäpli janyndan juda düşen namysly gyzlar mämleketde kyrkden köp boldy. O naçarlaň öňündäki günäňi näm bilen ýuwup bilýäniňi özüň aýt, ýa bolmasa çagyr ahunyňy, işanyňy aklap bersin seni. Şeýdibilseň göni dönüp gitjek, ýogsamam dök orta on müň gyzyl tyllany. Buýtar-suýtaram etmegin, şu adamlaram köşkde oturmasa-da özüni sençe görýändir» diýdi. Şonda han nätdi? Entegem ol Jünneýdiň «lki bir holtumyna ýygnanyny silkeýin, haçan öldüremde-de bolman durmaz, bu tutluk hana gezelen hanjar gynyna girenok» diýip oturanyndan bihabardy. Şonda-da häzir gözi peträberdi. «Jan gerekmi, pyçak» direlse hany-manyňdan geçmezmiň eýse?! Soň bilip galdy ol Sersenbaý begiň gyzynyň ölümi üçin Jüneýdiň ýanyna baryp, «namys astynda galamdan janymdanam, maly-mülkümdenem geçmäge yrza. Ynha, yzymda meň ýaly ata çykan aždar ýaly ýigitleň ýüze ýakyny. «Ur» diýseň öldürjek, göz ümleseň oda berjek, şoň ýaly boýly bogaz etdi şo tagtda çişip oturan ganojak han. Bize bagyşlan begliginiňem ýüzüne köz degsin. Namysyna tokunylanda garagalpak diňe ölüme boýun egýändir, galan zatdan geçýändir» diýip, şoň guýrugyna tirkelenini. Hon-ha, indem gözüni satyp galdy horjuna getirilen teňňeleri sanaman salan «talaňçylaryň» yzyndan. Arzyna geleniňi garganyň-söreniň bilen giden baýlyk yzyna gelýärmi?! Diňe içiň ýangyjyna şerap içip gözüňi ümezledäýmeseň. ...Jüneýit han Hywadan Bedirkende göni süräýmedi. Terse-Daşoguza tarap tutdurdy. Juma bazary ýaňy gyzanda ol gündogarky derwezeden giripdi. Alýan, satýan, satýana ýanamaçy bolýan, alýana eýesi dälem bolsa keseki harydyň magtabyny ýetirýän dellal, eşek jellaplarynyň alakjaýşy, arabakeşleriň «poş, poş, ýol ber, sowul hany» diýen ýiti gykylygy, el serip ýören gedaýmydyr nyzamly owaz bilen doga sanaýan derwüşler, çigit ýagyna gowrulýan balygyň ýypykdan içdä açyjy ysy, döwme kebabyň göni mädä baryp urýan tüssesi kä ýerde, hatar tutan, kä ýerde-de başly-barat dükanlar, olaryň eýeleriniň bogaz ýyrtaýjak bolýan çakylygy-gykylygy...garaz, bazar joş alyp gyzýardy. Joşup-towlanyp akýan Şabadyň üstünden gurlan agaç köpri bärden seretseň mygyldydy. Pyýadamydyr eşekli, atlymydyr arabaly, sürülýän galtaklymydyr-pyýada, garaz, munça mähelläniň hereketinden ol köpri ynha-häzir yraň ataýjaga meňzeşdi. Şol hereketiň ujam bazara baryp siňiňýärdi. Şonçaragam çykyp ýene köprä münýärdi. Daşhowzyň dar, tozanly köçelerem erew-de-berewlikdi. Käte-de pete-pet gelen iki sany at araba geçibilmese-hä bar onsoň? Gykylyk, dawa asmana galýar, ikisem aňsat yza tesjekden däldir. Ahyry ejiz geleniň çomy gyzyp gider ýa-da gapdaldaky töwella gulak gabardar, haýbatdan tisginer, garaz, düzeler soňy. Bazaryň çar parasyny baglap oturan, hut bir-biriniň üstünde diýen ýaly gurlan ululy-kiçili palçyk jaýlaryň haýsy ýerinden girlip, haýsy ýerinden çykylýannyny aňşyrjak bolsaň başyň çaşar. Dogry, özbaşdagrak salnan haýaty beýik, güýjüm ýa garaman agajyndan Hywa ussalaryna buýrulyp ýasalany görnüp duran belentden haşamy ýetik oýma derwezesi göze gelip duran öýlerem azlyk eder ýaly däl. Tozanyň derdinden ýanragy öçügsi görünýän baglaram ýeterlik. Garaz, obadan gelene şäherde synlara, «bäh» diýdirere pişe gyt däl. Mädreýim ekäniň çaýhanasynda haçan barsa-da onuň näçe ýaşanyny «Alla bilsin»diýdirýän balhy tuduň aşagyndaky «han aga diýlip» goýlan öz orny bardy. Beýik sekiniň üstünde güpjek ýassygy tirsekläp ýatyşyňa bazaryň içinde garynja gymyldasa-da görüp oturmalydy. «Heý, şu ýalançyň üstem edil bazar ýaly-ow düýbüni ölçäp otursaň — diýip, ajy çaýdan eşreni ýaljak owurtlaýşyna çalaja baş ýaýkady—«Al-ha-aldyr, ber-hä berdir bu dünýä» diýleni şu bazary görüp aýdylan ýaly bolup dur. Kisesi galyň zadyň gowusyny aljak, ýagşysyny geýjek, süýjüsini iýjek. Garypmyň, halyň ýetenini göterip ötägit, näçe göz çarhlasaňam harydyň ýagşysy teňňe-maly köp kişiniňkidir, tamşananyň galar. Hile-alam ýetikdir munda. Hol-ha, görýämiň, şahy depesinde burma atyp giden gözi gyzyl ala öküzi satan mal eýesi çarp urýan dellalyň jübüsine şeýtel hakyny atdy, o zaňňar bolsa satyn alan öküzini eşek araba tirkejek bolýanyňam ýanyna hasanaklap baryp, ondanam «dil hakyny» alyp gaýtdy. Diýmek, aljaga-ha «arzan söwdalaşyp bereýin», satjaga-da «aňkawrakdan pullurak birini tapyp getireýin» diýip, iki tarapyndanam urun bolmaly nebsi tutmuş. Birdenem bazaryň ähli goh-galmagalyny gulagyňy gapyp barýan ala-zenzele basdy. Kerneýiň-surnaýyň jynssiz sesi, batly-batly urulýan depiň gümpüldisi uzaklara ýaýrap gidýärdi. Hat-da at-eşeklerem,boýnuny äwmezlik bilen gapdala aýlap goýberýän düýelerem bu owaza geň galan ýaly kişňemesini, aňňyrmasyny, bozlamasyny kiparladypdy. Bazaryň üstüne, oňa eltýän darajyg-u-egri köçeleriň depesine çala duman bolup ýaýran ýukajyk tozan näme, şolaram kä sazlaşykly, kä sazlaşyksyz owaza meýmirän, hereketini togtadan ýalydy. Bular darbazçylardy. An-ha, olaryň iki sanysy bazaryň sag tarapyndaky çolatap meýdançada öň depilip goýlan baldyrça-sütüne şeýtan ýaly bolup dyrmaşdylar-da, ýüp çekdiler. Dessine-de ýukajyk ala donynyň iki synyny guşagyna çalyp çeken, sekizburç tahýasy ýeňseräk taşlanan, aýagy ýukajykdan uzyn mesili, agaçdan ýasylan ýaly ziňňirt kişi egnindäki syrygyny iki tarapa deň hallanladyşyna, şo ýüpüň üstünde ýöräp ugrady. Saz beter batlandy, togalak adam depini dik dipesine zyňyp-gapyp kakýardy weli, geçi hamyndan edilen dep häzir deşiler-ow diýdirýärdi. Bazar aňk bolupdy. Şondan soňam geň hereket- wakalar başlandy. Garma donynyň ýagyrnysy şorlap giden, sarymtyl öwüsýän ýasy telpegini süýri kellede ýapbaşyk görünýän geçisakgal adam obalydygyny, özem bu täsinligi henize-bu-güne görmänligini aňdyryp, agzyny öweltdi durdy. Şol wagtam kellesine oran solgun ýelýyrtan ýaglygyny gözüne çenli çümre çeken tamdyrkelle kişi ýel ýaly ýetip gelşine onuň jöwenli haltalarynyň birine ýapyşdy. Daýawsyrasa-da, halta oňa galdyrtmady. Soňky bolan zatlara hanyň hem gülküsi tutdy, hem käýindi. Göz baglan darbazyň hereketine jadylanan, saza kellesi göçen sadany çala dürtüp, ýaňky ýelýyrtan ýaglykly «haltany arkama goý!» diýip sessiz ümledi. Tomaşadan gözüni aýryp bilmän duran öz eli bilenjik ýaňky bedähediň egnine satyp duran halalja dänesini mugt ýükläp goýberdi. «Heý, keçetelpek, aňňalak gapanyňy bilip, soň-a buduňa şapbatlarsyň weli, giç bolar». Giç bolupdam. Haltaly ýegdekläp barýany bazardan garasy saýlanýança nazary bilen han ugratsa-da, eýsi entegem asmana seredip öwelip durdy. Han bialaç käýinjiredi: «gözüň aksyn, aňkaw! Bir awunsaň indikiňe pent bolar. Şeýdip äkidenede «halalyň bolsun» diýäýmeli». Balyk gowurýany gör-ä! Gazany ikidir. Hol çepindäkiň men gelelim bäri ýagyny iki gezek täzeledi, özem aýran ýagyny sagdaky gazana gapgardy. Seret, garny ýogyn, gyzyl donly, haly horjunly baran şu adamyň öňünde byzbyltyk urup, şoňa çepdäki gazanda bygyrdaýan balykdan bermese bilenim ýalan. Ana, egnini gysynjyk, teňňesini sanap barýan bu geçisakal hora-da sagdaky gazanyň lödere ýagynda gaýnaýan balykdan goýýar. Aýdyşym ýaly-da. Yhna, hol girip gelýän gözi elek-çelegem ýa-ha ogurlyk eder, ony başarmasa-da dilegçilige urar. Ýöne muň günäsini ötse bor, görmeýämiň, bir eliniň sallanyp durşuny, diýmek, dogabitdi husurlydyr bende, ýa bir agyr azaba düşüp aýrylmajak şikes alandyr. Heý, dünýe, düýne, senem gyzan bazar kysmy zad-ow, ajyň bilen süýjüňi, agyr bilen ýeňliňi, mertlik bilen namartlygyňy garyp-gatyp öz-ä...» Birden gopan gykylyga hanyň gözi ýitelip gitdi. Gör-le muny! Bazaryň dik ýeňsesindäki bagly-bakjaly öýüň pagsasy beýik haýatyndan towsup çykan ziňňirt pyýada her goltugyna bir gawun alşyna zypberdini «çalyp» ugrady. — Ýet, tutuň haramzadany! Gawunymdan ogurlady pälazan! Gabaň öňüni, tutuň-a-a! — diýip gykylyklaýan dykyz kişem yzynda. Märeke hem täsin tomaşa duşan ýaly bir öwşerilişdi. Çaky beýle ýagdaýa öwrenşikli bora çemeli, bazar hiç zat bolmadyk ýaly kiparlady. Ogry göni bärik tutduryp gelýärdi. Han gapdala çala gaňryldy weli, Şalar häzir boldy. Sessiz düşünşine-de atylyp gitdi. Ogry pahyr näme-nämeleriň bolanyna-da düşünmän galdy. Çaýhananyň gapdalyndaky sokmak ýoljagaza özüni atybilse sypjagyny bilip şoňa ýeteňkirledem. Ýöne atanlak-satanlak, sozenden ýonulan ýaly syrdam Şalar iki bökäge-de, öňüni gabatlap, ýeňseden penje uranda weli ogry aýagyny ýerden üzäýdi. Şonda-da goltugyndaky gawunlary berk gysyp durşy gülküňi tutdurýardy bedibagtyň. Oňa çenlem aýagyna gowaldaň hokga sokan bakja eýesem ýetip geldi durşy bilen gykylykmydyr sögünje öwrülip. Elindäki egri taýagyny ogrynyň gomyna gönderşine ol paýyş-paýyş eňterdi: —Seniň eneňi bir... Eliňe bismil çyksyn, iýeni haram bolmuş, halys içini üzdüň-ä üç joýa gawuny agtyk-çowlugyň agzyna ýetirmän. Gözüňi çakgyň çüji ýaly edip, ogry haramzada... «Äh-üm» eden hana nazary düşdem weli, bakja eýesi lal-jüm bolaýdy. Onuň elindäki taýagam howada doňdy. Ümsümligi ýassykdan diklenen hanyň goýazy sesi bozdy: — Ýagşy ýigit, adyň kimdir? Bir-ä goltugyndaky gawunlara, birem hana gorkuly nazar taşlan ýigit gapana düşeniň howsalasy bokurdagyna dolansoň kekeçledi: — Ýa-ýa-ýakup-baý. — Näçe ýaşyňda özüň? — Ýig-ýig-rim ýedi. — Haýsy obadan özüň? Bala-çagaň barmy? Bu gezek gawun eýesi «näm bolsa bolsuna» urup, janagyrly öňe omzady: —Üç köçe ilerde ýaşaýa kümsükden bolan. Atasam ile ot ýakdyrman ýören bigänäniň biri. Bu tetellide öýem bolmaz, bala-çagada, ylahym, tohumyň ýaýramasyn, köki guramyş... Han ogra seredip, ajy ýylgyrdy: —Häý, han ogul, düýbi deşik küýze ýaly ekeniň-ow. Taýmaz, gawun eýesini öňe sal-da, muň atasyna bijit alyp gel bärik! Şalar, senem çagyr bazaryň içinde gaýkyldap ýören ho jarçyny şu taýa! Daşhowuz uly şähermi nä? Üstesine-de, handan höküm ýetensoň gurt ýaly ýigitler gereklenýäni ýere girse ýeňsesinden, asmana uçsa aýagyndan tutup gelmezmi?! Kysmatyna kaýyl bolup bir sukuma dönüp, takyr ýere çöken ogrynyň gapdalynda şäher häkimi Igdir begem doňňara daş bolup durdy. Nepes dagy çal sakgal, küýküden çaşy göz, «hereketi şeýtan ýaly» diýdirýän adamy idirdedip öňe salyp getirenlerinde. Jüneýit han arkan ýykyljak ýaly gaýkyjyklap ýöreýän arryk jarça ýüzlendi: —Halaýyga ýetir: Ekseň altmyş-ýetmiş günde ýetişýän gawun-garpyz ogurlanyň bir eli goşaryndan çapyljakdyr. Dürtseň çybygy üç-dört ýylda miwe berýän baga eýesinden soraman gireniň bir barmagy çapyljakdyr. Özi düzelmekden geçen, ogluna-da ogurlygy öwreden ataň kellesiniň orny dar agajynyň aşagydyr. Öz çäginde ogurlyk-jümrüligiň öňüni alyp bilmeýän häkimiň ýa begiň haky bolsa garnyna on gamçydyr. Şu buýrugy baryň, ak bazaryň ortasynda berjaý ediň! Sowlup barýan bazar meýdanynyň dik depesinde hallan atyp duran göwre göze gorkunç görünýänem bolsa , ony synlap ötýän kändi. Gijöýlänler atlanan han hut öz ojagynda has mojugrak ahwalatyň garaşýandygyndan bihabardy. Eýmir kakasyna galanyň gurluşygynyň gidişini howlukman habar berdi. Hörp ýaman däldi, ini at araba ýöräbermeli galyňlykda, beýikligi iki adam boýundanam uly galany gurmaga ýer gurtlan ýaly ýapyşylypdy. Hereket-iş daň ujy gyzarandan tä göz baglanýança sabamaýardy. Han «galanyň esasy bölegini şu güýzde ahyryna çenli gutarmaly» diýip perman edipdi. Eşek arabamy, at arabada, elde ýasalan galtakmydyr zemmerde, hat-da ýylgyndan örülen sebetde palçyk daşaýan, endigan ýazylan laýy baldyr çyzgan depgi bilen «bişirýän», topragy alnansoň gök suwy çaýkanyp ýatan hendegi gum, çäge daşap gömýän, demri inçelip giden ýalaw ýaly kepje bilen üçünji nagsa «häňläp» laý zyňýan, hersi kiçiräk ýassyk ýaly şo palçugy gurpüldedip goýup diwar örýän... garaz, elini gowşuryp duran ýokdy. — Şol getiren laýyňy bäri dök! — Gültaraşyny al, gültarýaşyny! — Ýukaryk at how, näme köp telek saljakmy beýdip! — Eşek arabaňy sow-a, irkilip durma-da! — Bokurdagy guranyň bir käse çaý iç how, kölegä gelip! —diýlen ýogynly-inçeli sesler han görnenden peselip-ýuwaşlap, soňam kem-kemden ýitip gitdi. Hanyň aýlanýanyny aňansoňlar-a baýaky. Erewde-berew hereket hut urşa gireniňki ýalydy. Eýmir hanyň ýakyn kömekçisi, dogrusy-ha, maslahatçysy Dädebaýdy. Häzir hem han ony gözi bilen gözläp tapdy. Düşüş Dädebaý derrew onuň ýanynda häzir boldy. — Işleň hörp-ä ýaman däl ýaly. Ýöne depgini gowşatmaweriň Dädebaý. Onsoňam-han işläp ýörenleriň depesini nazarlady-Adamlary gaty bir zuluma-da tumaň, beý diýdigim syrkaw-sokeli, garry- gurtusy ýagdaýyna seretsin, ýeňsämizden sögdürmäliň. Iň esasy, dynjyna, hemem damak-sokusyna göz-gulak boluň elmydam. Malyna guwanyp ýören gum içindäki baýlar her müň goýundan on dowary her aýda ugratsynlar, ýogsam... Han yzyny aýtmady. Dädebaýyň «düşündim!» diýen sessiz hereketini görende «agzyňdan gaçmanka gapyp duran şuň ýaly wepadarlar bolanda ýasy ýanyň ýerde hemişe» diýip iç gepletdi. Şol wagtam ony öýlenmäge yrjak bolşy ýadyna düşüp, bildirer-bildirmez baş ýaýkady. Abdy ýetimem ýaňy hanlyga ýeten Gurbanmämmediň hut özi gözli-başly edipdi. Agamät ol wagt eýýäm iki çaganyň atasydy. Bäh, Gyzylgül däli weli ýaly eken-ow. Abdy ynha, bäş çaga ata bolup, kyrky sermeläp barýa weli, il içinde adynyň yzyndaky lakamyny tutmasaň köp kişi böwrüni diňşirgendirip dur tanamajak bolup. Dädebaý weli gaňryşa tutup ýördi: «öýlen diýmeseňizläň maňa. Hudaý bar, Gülnäzik öldi, meňem ýüregim öldi. Başga bar uzyn saçlyň ýüzüne seretsem şo pahyr «haýt, edýäniň näme?» diýjek ýaly bolup dur. Ýürejigimi aýdýan, meň üçin Gülnäzikden başga gyz ýok ýaly ýalançyda. Öýlen diýmäň maňa». Şonda Gurbanmmämet serdar diýdirip ýöreniň gatyrak aýdan towakgasy onuň «doňan» ýüregini ýumşadypdy: — Bir-ä, «Aýalsyza eşret ýokdur, hoş güni hasrata meňzär» diýenini unutma, Magtymguly şahyryň. Birem, özüň üçin däl, tohumyň tükenmezligi üçin öýlenäýmeli sen, Dädebaý agam, şony bek bil. Ozalam agtyň-süýşük türkmen bamy bu topragyň üstünde, aýt? Özüň ýaly är ýigitlerem müjerret geçse millete ýamanlyk etdigiň bolmazmy? Gürrüň şoňa diränsoň öýli-işikli bolmak meselesi uzaga çekmändi. Goçguly çopanyň ortanjy gyzy üçin hut Gurbanmämmediň özi sawçulyga barypdam, märekeli toý tutup ony öýlendiripdem. Han-ha, ömri uzak bolsun, ýapy ýaly ýetişip gelýä uly ogly Çörli, tüweleme, yzynda-da ýene üç ogul, bir gyz bar. Gurluşygyň gidişinden göwni biten han yzyna öwrülende Abdyrahman işandan eşiden rowaýatynyň soňlanmasy ýene gulaga gelip giden ýaly boldy: «Ähli zadyň ahyry hanaweýran. Köşgi-şäher gurdurma, şoň bahasyna barabar ýagşy iş et, il-güne!» Eýse nämedir ol ýagşy iş? Şu wagt jogap tapmajagyny aňyp, ol ädiminiň gataltdy. Ýaňy öňüne çaý alypdam weli, aýaly Tagangül pişik basyşyny edip geldi. Keýwanysynyň ýüzündäki gala-goplygy bir seredende aňan han «aýdyber» diýen äheňde «ähim» etdi. — Dädesi, o salaty-ha biziň ýüzümizi gara etjek. — Düşnikliräk aýt! — Gyzyň «gaýyn öýüme gitjek däl» diýip ýer depip otyr. — Tumarmy? —Howwa. Äri bilen oňuşmaýamy,nämemi... — Oň gözi ýok ekenmi? Elini-aýagyny baglap bermedig-ä. — Şonda-da. Men-ä bilmedim. Iki oduň arasynda galýan ýene ene bolaýýa. — Bar, çagyr gyzyňy! Söze salym ýök, haly eňsini galdyryp içerik boldumlydan ak mapraç Tumar girdi. Dädesiniň ýüzüne seretmänem, ejap bilen gyýa bakdy. —Gyzym, näme gep bar, aýdyp dur! —Däde, men-ä şo öýe aýagymam ätjek däl, öldürseňem. —Weý, kim göwnüňe degdi, ýa äriň urup-sögdümi? Tumar han gyzlygyny etdi: —Barmagyny bir batyryp görsün. Meň bilen gepleşjek bolanda peltekläp dur-a ol bedibagt. — Heý, häzirden şeýdip şahyna ýüp saradan bolsa o ýigit är adyny ýitirer-ow. —Porsap dur-a ýigrenji, keşbiň çekip ýanyna barar ýaly däl. —Diňe geýim-gejimini däl, gerek bolsa äriň özünem ýuwup-artmak aýalyň borjudyr. —Şoň geýim-gejiminiň der ysyny alamda ýüregim bulanýa, osoň-a... Han gaharyna basalyk berdi: —Gitmel-ä borsuň. Äri diri wagty gyzyny dul edip dulunda saklamak türkmene gelişýän däldir. —Aýtdym-a däde, öldürseňem gitjek däl diýip giren wagtym. Han diklendi. — Soňky sözüňmi şu seň, gyzym! — Soňky sözüm! Daşarda gapa gulagyny goýup diňläp duran Tagangül içerik girip ýetişmedi. «Tark» bolandan bir eýmençligiň başyndan inenini magat syzan garabagyr ene urduryp girende Tumar eýýäm gana bulaşyp ýatyrdy. Jüneýit han bolsa hiç zat bolmadyk ýaly mauzerini gabyna saldy-da, ýene şirpildedip çaý owurtlady. —Waý, doganlar-eý, Tumarymy nädäýdiň-ä-ä... Han gyzynyň jesediniň üstünden ätläp daş çykjak bolanda ejesiniň bozlamasyna atylyp gelýän Eşşi bilen tas çaknyşypdy. —Däde, bu nätdigiň boldy? —Oňa soň düşünersiň. Äkidiň-de, şu gün jaýlaň! Birdenem bir hepde-on gün mundan ozal bolan waka ýadyna düşüp tisginip gitdi. ...Şol gezek görkden kem edilmedik, tüýs «boýy derek ýaly» diýilýän tegelek ýüzlüden garaýagyz gelin gelipdi. Uýalýanyny-çekinýänini çapady ýaly gyzaran ýüzünden aňdyrybam arzyny aýdypdy, içerik girip çommalyşyna-da: —Han aga, men-ä ýanýoldaşym bilen aýrylyşaýsam diýýän diýipdi. —O nä sebäpden? Urup-sögýämi, aç-hor saklaýamy, gaýynlaň azar berýämi? Gelin uludan demini alyp delmyndy: — Gulakdan garradyp barýa, gabanjaňlyk zerarly. Girsem-çyksam yzymda. Guýa suwa diýip ugrasamam, özümden öň baryp bir gizlin ýerde gözüni jerreldip, gulagyny gerip dur, «haýsy kişi bilen gepleşýärkä?» diýip. Mal-gara ot-çöp taşlasam menden soň malýatagyň daşyndan bäş aýlanýa başga bahanasy bardyr diýip. —Aýagyňy gyşyk basýandyr gümany bardyr-da beýdýän bolsa? Gelin dikanlap sözledi: —Şu oturan ýerimde gataýyn şondan başga erkegiň ýüzüne seredýän bolsam. —Çagaňyz bamy? Gelin dişlerinden syzdyryp gürledi: —Wah, bir bäbegiň dyrnagyna ýüzüm düşse armanym name. Şonuň üçin-dä... — Ýaş başyňyz bar. Hemmesi düzeler. —Düzelmejegini bilip ýanyňyza geldim han aga, şo zulmatdan dyndyryň meni. — Äriň keşigini çekmek, igenjini eştmek zulmat däldir, düşün şoňa, gelin! — Men-ä şo öýe ädimimem ätmen, han aga, nätseňiz şeýdäýiň! — Soňky sözüňmi şu! — Howwa! — Taýmaz! Işigiň içinde gögerene dönen adamyň ýüzüne seretmänem buýruk berdi: — Gidesi gelmeýän bolsa bu gelin gaýdyp öýüne barmaz ýaly et! Şonuň yz ýanam işikden çykjak bolanda gyrma köwşüň biriniň ters düňderilgi duranyny görüp içini tutdy. «Wah, aşagyndan çykmaz günä galdym-ow» howuljyna zarp bilen daşaryk howluganda Taýmaz eýýäm işini bitirip bärik gelýärdi. «Howlugyp, hata goýberipdirin, çig süýt emen janym. Ýatan ýeri ýagty bolsun, bu gelin menden akylly eken. Wah, jan gelin äriň töklügini aňladyp, «bitaý biziň durmuşymyz» diýip köwşüň sagyndakyny düňderip gireniňi näbileýin ahyry men. Ejaply gelin eken, halal süýt emeniň çagasy. Hanyň ýüzüne bakyp, beýleki bir erkegiň, onda-da nikaly äriniň aýbyny aýdyp durmagy uslyp bilmändir bende. Naçary gönertledim weli, belaň körügi ärsumagynda bolup çykdy-ow. Geýen telpegiňe nälet siňsin! Öýli-işikli etjek wagtlary aýdaý ahyry «menem aýal bilen deň, şoň üçin bir gyzyň bagtyny ýakmaň» diýip, deýýus bolmasaň. Gelip-gelip meňki nädürs boldy. Adyňa han dakylan bolsa kelte kakyp, ýa gyssanyp iş etseň zowaly ýaman boljagyny bildiň dämi indi». Soň-soňlaram «şo günäsiz gelin Tumaryň üsti bilen haklaşandyr» diýen duýgy hanyň böwrüden uzak wagtlap aýrylmady. Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |