00:01 Hupbulwatan -17 / hekaýalar toplumy | |
XII bap
Hekaýalar
Gyşyň ahyram bolsa howa ýumşaktapdy. Şaltaý batyr elli atlysy bilen Manakdan dolanyp gelýärdi. Şammy serdaryň üç müň çemesi goşunynyň ýerleşýän ýeri indi Hywadan uzakda däldi-Kätarykdady. Bir kowçum atlysy bilen özüni ýeriň diregi däldirin öýtmeýän gedem begiň galasyny bur-talhan edip gaýdany üçin onuň keýpi çagdy. Öňüne taýak atylmaz öýdýän adamlar gör nähili akmak? Ol gedemlere ynsan ady haýp, iki aýakly mahluk diýmeli, ana şonda jaý bolýa. Ýeri, garamagyňdaky halkyň ganyny sakyrtga ýaly sorup, leňkebut ýaly baýlykdan –maldan daşyňa gat-gat tor örüp, olary görüňe äkitjekmi sen! Mürewwet-sahabat et gaýta, iki dünýäňem abat bolar ýaly eliňden gelýän wagty. Bar, onam oňarmaýan ekeniň, onda beri nebsiň jylawyny berk saklaý. Şonda-da derýa ýaly geçirimlilik ganyna guýlan halk «emeldar» adyň üçin ekleýär-ä seni, ýa ýalanmy? Şeýdibilen bolsaň hem-ä iliň öňünde ýüzli, hemem goruň hemişe «dam-damly» bolar barybererdi. Hany indi näme boldy soňy? Janyň bilen hasaplaşdyň ähli eden telek işiň, eden günäň üçin... Şaltaý batyr begiň baýlygyny garyp-gasara, giden mülküňi, zorlap alan ekin ýerlerini ezilenlere paýlaýşyny ýatlap göwnihoş ýylgyrdy. —Batyr, sag-aman gelýäňizmi, salawmaleýkim! Oslagsyz çykan del sese ol gapdala gaňryldy. Gara doruň üstünde adam del-de, tüňçe oturan ýalydy. «Mysalasy müjenek ýaly weli, niräň çöpükä bi! Ýönelige-hä ýantymlap gelmedige meňzeş ýaltym-ýultym edişiň. Hany könekileň «urma-sögme, gürlet» diýenini edip göreli, ujy nireleri tozadarka bu kiçijik kelleden çykjak namalaň». —Waleýkimessalam! Bize salam bererden uly ýaly-la ýaşyňyz. —«Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar» diýilenidir, batyr. Il öňüne düşene şoň ata ýaşyndaky salam berende-de dürsdür. «Hä-ä, özüň-ä başlaňdan daşdan aýlaýaň weli, bu adamlaram-a juda içi köwek däldir öz-ä». Daşyndan weli başga hörpden urdy: — Sylaşyga sarpa goýup bolsa oňa nä söz agam, dogry aýdýaň. Gurgunlykmy, il-gün, oba-gara abatmydyr? Ýol kesiber, nobat sendendir. Kiçijik adam atyny debsiläp deňleşdi: — Maňa Şyhym sülgün diýýäler, batyr. Gyrarak çekilsek hem-ä tozandan sowlardyk, hemem bäş-üç agyz möhüm gürrüňimiz bardy. — Ýör bärik eýle bolsa! Şyhym sülgün ekabyr gepledi: — Meni Jüneýit han ugratdy seň ýanyňa, batyr. Şaltaý batyr häzirlendi: — Beh, han agaň bizlik nä möhümi çykdy beýle?! — Han aga özüň ýaly arslan ýürek ärleň öz ýanynda bolmagyny towakga edýär. Şaltaý batyr giň ýüzünde bir penje bolup duran murtunyň aşagyndan şelaýyn ýylgyrdy: «Goltuga garpyz gysdyrjak bolşuny görýämiň, köpi gören şeýtanyň — ol bu gezek içini güldürdi — Diýseň—diýmeseň şu adam şeýtan çagasyna meňzemänem duranok sypatyndan. Hawa-da, syny-symmaty şeýle bolmasa aşakdan işlemäge ugradylarmydy bu. Hany, agzyny ysgabereli, nähili tezegiň ysy gelerkä? » — Bu ýalançyň ýüzüne är bolup gelendiris diýseg-ä küpür bor ol. Onsoňam «är men» diýibem görjegiň uruş-söweş, gözüň düşjegi gan, göterjegiň tüpeň bolsa bu dünýäň nä heziliniň bardygyna men-ä kelte aklym çatanok. Eýere ýelmeşen ýaly bolup oturan Şyhym sülgün bassyr-ýussursuz bu gepe « mys-mys » gülende eginleri täsin titräp gitdi. — Ýak, alýaň-aý, batyr, senem. Şu gepiň özem är gürrüňi-dä, bilseň. Han agamyz özüň ýaly batyrlary, gerçekleri ýygnap, «degdim-gaçdym» edip däl-de, göçümi uludan urjak bolýa. «Meň adymdan aýt, Şammy keliň soňy boş tutumyndan daşlaşsyn-da, bärik gelip maňa müňbaşy bolsun Şaltaý batyr» diýdi. — Müňbaşy?! — Şaltaý batyryň giň ýasalan ýüzündäki käsi ýaly gözleri tegelenip gitdi — Aý, ýok, men öz kelläme özüm zordan jogap berýän wagtym, onça kişiň garamatyny göteribilmen. Emin-erkinlikden artygy maňa artykmaç ýük. «Haýt» diýeňde sesiň aňyrsyna ýetip duran älli-altmyş ýigit bolsa daşyňda, ýel gonan ýaly bolup git, diňe çaňyňy görüp galsynlar, iň gowusy şo. Müňbaşylyk kime gerek bolsa şoňa nesip etsin. Şyhym sülgün ýasama ýylgyryp gürledi: — Birden gyzyberme beýdip, batyr. Han hezretleri seň mertebäňe laýyk derejäni göwnüne makul saýýar, şoňa düşün. Her öňýetene beýle peşgeşi eçilibem ýörenok ol. Şaltaý batyr göwnündäkini gizlemän aýdyp goýberdi: — Han hezretleri beýle ezmaýyşlyk ediberer ýaly külli Harezminiň hökümdary däldir-ä entek. Hywada han otyr tagtdan düşlän, ondan öňe düşübermek... Şyhym sülgün garaşylmadyk ýerden urdy: —Hywadaky hany sylaýan, begelleýän bolsaňyz Şammy kel dagy bilen ony agdarjak bolup ýörmäňiz näme onda?! Şaltaý batyr tersine, oýlanşyksyz jogap berdi; —Biziň köşkdäki hany agdarmak meýlimiz ýok, mugyra getiribilsek, halka edýän zulum-sütemini azaldybilsek bar bolany şo. Şyhym sülgün has aňyrdan aýlady: —Ana, siziň ýalňyşýan ýeriňizem şo-da. Möjek ýyrtyjylygyny goýar diýseň ynanarmyň özüň? Hywa hanam şodur. Bu gün siziň zarbyňyza çydaman guýrugyny ýamzyna gysap, ýalym-ýulum eder. Amatyny tapybam ýeňseden şeýle bir penje urar weli, seňseläniňi duýman galarsyň. Diňe dyrnagyny gyrkanyň bilen ol erte ýene öser. Hamyny sypyrmaly, ana şonda dynarsyň. Jüneýit han şony isleýär, şoňa laýyk tutum başlaýar. Şaltaý batyr Şyhym sülgüniň jogaba garaşýanyny bilse-de dymdy. Ol içki dünýäsindäki gapma-garşylyklaryň gujagyna düşüpdi. Han habaryny getirenem ony gyssap durmady. Kä egrelip, kä gönelýän ýol bilen bir käse çaý içer ýalym sessiz sürdüler. Şondan soň Şaltaý batyr belli-külli gelen netijesini aýtdy: — Han hezretlerine bizleri idäni üçin taňryýalkasyn. Emma men o hormata-derejä Şammy serdaryň üstüni depeläp barmaýyn. Meň bussur-ýassyr zadym ýok, idekläp adam hataryna goşan, agam ornunda duran adam Şammy serdar. «Eşek semrän güni eýesini deper» etmegem maňa berilmändir. Şu gullugym maňa aňryýany bilen bes. Men han ýa serdar-a beýlede dursun, müňbaşy ýa ýüzbaşy bolaýyn diýibem ata çykmadym, halka delalatym degse, şoň agyryny ýeňletsem ajalyma-da kaýyl diýip etdim. Nesibedir, Şammy serdar «ýör inim, ikimizem Jüneýit hanyň gullugyna baraly» diýse men taýyn. Ýöne meň tanaýan Şammy serdarym bolsa onam etmez ol. Şoň üçin han hezretlerem menden gaty görmesin, şeý diýip ýetiräý. Soňky diline gelen «bu gün Şammy serdara ikilik eden erte Jüneýit hana-da dönüklik edip bilmezmi? Meň bolsa diri wagtym «dönük» adyny alandan tapba ölenim gowy. Seň hanyň şo ýerini çig edipdir habarçysyny bärik ugradan wagty», diýen sözleri aýtmady. Paltasy daşa degen Şyhym sülgün atyny çala gorgunladyp gür tokaýa dönen ýylgyn-hyşanyň içinde ýylan yzy ýaly çala saýgardýan ýodajyga sowlup gitdi. ...Ilki düňelenip otursa-da Goçmämmet han yryldy. Ýedi däl, ýetmiş derýanyň suwuny içen Şyhym sülgün bu gezekki awa salan «guşy» boş gaýtsa eýgilik tapmajagyny bilip, elinde baryny, dilinde baryny etdi. Alybam ýatdy ahyry. «Seni Köneürgenç - Çamanoý töwereklerine han edip bellemekçi biziň diýenimize yrza bolsaň». Bu habary Goçmämmediň göwni bölünipdi. Çyraýly-haýwatly galaň içinde güberilip otursaň, dişine çenli ýaraglanan atlylar gije-gündiz «häh» diýeňde «mäh» bolşup dursa, derwezäňden «lepbeý» diýip, diňe garyby-pukarasy däl, baýy-begem eplenip girse, «tüf» diýeňde tüýküligiň ýere düşmeýän hökümdarlyk eliňde bolsa başga näme gerek? näme üçin özüňçe barly-ýokly Şammy keliň guýrugyna tirkelip gezmeli «eň» diýen tarapyna yňdarylyp, «dur» diýen ýerinde söm bolup. Sen haýsy ataň oglundan kem, ýa güýjüň-gaýratyň egsikmi şolaňkydan? Senem-ä «han» adyny güne ýatyp almadyklardan, Goçmämmet! Onsoňam Şammy serdary arkalaňdan, ondan at-ýaragy rüstemräk, ady haýbatlyrak Jüneýit hanyň kölegesine süýşeniň has amatlyrak dälmi? Şammynyň öňüne düşüp ýören goşuny bagty çüwüp Hywany eýelände-de, onuň tagtyň golaýyndan eltilmejegi köre hasa. Jüneýit hanyňky weli başga gürrüň. Ol tüwmaýak galyp, bagty çökenlerden düzenog-a goşunyň süňňüni. Ine görersiň, Hywa köşgünden sähel «ýumşaklyk» alsa Şammyň ýygynçaly ýel degen tozga ýaly dargar gider, tozanynam görmän galarsyň. Onsoň Diregiliden gaýdan kyrk-elli atlysy bilen ýamzyny gysyp barýan, kellesi ulam bolsa, içi boşrak keli görersiň-dä näme? Jüneýit weli küşgi aňyrdan diker, ähli «çöpüňem» urup ýykyp, «şany» ýanbaş agdarar. Ana şonda demi daş ýarýanyň ýanyna bialaç boýun bolup baranyň gowumy ýa häzir hezzetiňi gaçyrman gapdalyna gonanyň gowumy?! Deb-debesi gaýrada dera arkasyna, ilerde Ahal ýaýlasyna, kybla-günbatarda Balkan degresine, günsykar-guşluk tarapda Tejen alasyna düşen gala gurdurybilýän, ýanynda hemişe gurat goşun saklabilýän bolsa Jüneýit hany bihal gör hany? Onsoňam gardaş, bu gün baryp Haňkany çapanyň, birigün baryp Maňňydy pytradanyň bilen Hywa hanynyň zulmatynyň soňuna çykdygyň däl. Harazminde bitewi bir türkmen memleketini gurmaly, ana, gürrüňiň soňy şol! Onuň üçinem il öňüne çykan begdir baýyň, handyr möhümdaryň hersi bir gapdala çekmeli däl-de, gaýtam, bir ýumruga düwülmeli. Iň berk agaç sazakdyr, emme şonam bognundan döwüp bolýar. Türkmen tire-taýpalaryny, ilini-ulusyny şu wagta çenli şeýtdiler. Bir agza baksak, bir güýje öwrülsek nädersiň uly duşmanam bar-bar bagyryp, «eý, aman!» diýip dursa. Şoň üçinem özüň ýaly gerek Jüneýit hanyň ýanyna Goçmämmet han! Galamasynam özüň gör. Ýok häzir, kelte bykynlak etseňem soň giç bor. Näçe güýçlem bolsa ordasyndan ýeke çykan gurdy ejiz awçam şirisine düşüribilýändir... Şyhym sülgüniň bu gürrüňleri nyşana degdi. Ýöne Goçmämmet han bir şert goýdy: «Namartlap gitdi diýdirmäýin. Şu zabtyň-zomamaň soňuny bir göreýin. Soň meni han hezretleriniň ýanynda biläýiň!» Aşygy alçy gopan Şyhym sülgüniň nädip göterlip gidenini hiç kim duýman galdy. *** Ýarym-ýalaňaç iki pyýada dünýäni unudyp balyk tutýardy. Dagy nä, düýnki sütüniňi süýndüren tozanly ýörişden soň Amyderýadan bölünýän kiçijik goluň ak çägä süssürilýän ýerindäki ýalpak suwuň hözüri bir başga şu wagt. Äl-aýt, özüniňem balygynyň bollugam bir towra bu ýeriň. Golboýy lakga gerekmi saňa, ýa-da semiz sary sazan göwnüň küýseýämi, tapawudy ýok, çeňňegiňi atybilseň bolany, boş çykjak gümany ýok. Hol bygyrdap duran kiçijik gazandaky balyk çorbasyny spirti bol goşulan araga ýanap symyşlarsyň weli, nädersiň bu ýarym çöl gözüňe jennet bolup görnüberse! Al kakmyş, Aziýanyň tozany bilen yssysy weli dowzah-la. Onda-da Wolganyň ýaşyl kenarynda önüp-ösen Wolkow bilen Jitomiriň etegindäki «ok ursaň geçmez» diýilýän, gujagyňa sygmaýan, hersi ýüz-ýüz elli ýaşap giden dubmydyr depesi asmana ýetsem diýdirýän sosna-berýoza tokaýynda kömelek çöpläp, maluna ýygnan ese-boýa galan Mihaýlow üçin hut şeýle. Gün naýza bolup depäňi deşýär-ä bu sährada. Tomsuna, güýzüne ýumurtga togalabermeli düzlükde dazlap ösýän şemal enter-pelegiňi öwürýär, özem göze ilmez çage zirelerini getirip urýar weli, bäbenegiňe dagy girse edil seçme degen ýaly edýär, içigar. Hälem Hudaý bu ýurda Amyderýa ýaly tereň derýany bagş edäýipdir bagtyna. Bolmasa dagy bu ýanyp ýatan ýerleriň nähili boljagyny göz öňüne getirmegem aýylganç. Özem türkmenler «däli Jeýhun» diýäýýämi şuňa?? Adyny-ha diýseň-diýmeseňem şaplaşyp duran edip dakypdyrlar. Laýyk türkmenleriň öz häsiýetlerine kybapdaş bu derýa. Göçgünli, zarply, bu gün bärde ümsüm akyp ýatandyr, ertir görseň ýuwup-ýalmap, hol beýleden towlanyp-tüweleýläp barýandyr. Tüýs däli Jeýhun şu. Ors hökümýetiniň bu ýergäki — Nowo-Aleksandrowskidäki, has anygy, Dörtgüldäki goşun bölüminiň düýekeşi Mömin gaplaňy gürletseň-ä «Ýer ýüzünde behiştden gözbaş alýan ýedi derýa bar, şolaryň birem biziň Amyderýamyzdyr» diýip agzyna garadyp otyr. Gaplaň diýseň gaplaň şol türkmen-ä. Ämert göwresi gady sussuňy basaýar-a. Ädim uranda dabany ýeri oýaýjak bolýa. Birsözliligine näme diýjek?! Aýtdygy gutardy, gyl kesen ýalydyr. Gaýduwsyz millet-ow öz-ä şu türkmen ady dakylanlar. Ynamyna giribildigiň, saňa ikilik eder öýdüp heder etme, gaýtam, öz agzyndakyny çykaryp saňa berer. Myhmansöýerligi dagy çeniňden has aňyrda ahyry... —Ženýa, gel ahyry, men nahary guýjak. Iýip bir gör, gulagyňy kesselerem duýmarsyň. —Petýa, onda diýmek, Amyderýaň balygy seň Wolgaňkydanam süýji bolýa-da, şeýlemi? —Şu gara bulanyk suwda bir kerem-keramat baryna ynanaýmaly, how. Yza tartylan çeňňegiň ujundaky sazan güne ýalpyldap gidende keýpi çaglanan dykyz göwreli, gyzyl ýüz, mawy göz kapitan birden göwnündäkini zowladyp goýberdi: —Biziň şu topraga ýarag çekişimizem günä bolaýmasa. Gazanyň başyndakynyň elindäki susagy doňup galdy: —Näme diýdiň, düşünmedim-le? —Bu ýerde geň galar ýaly ýa-da düşünmez ýaly zat ýok, Petýa. Rus goşunlarynyň ähli edýäni dogrudyr diýsek biz ýalňyşýas, gadyrdan. —Gogolyň «Rus halky bilen rus samoderşawiýasyny garyşdyrmak günädir» diýenini ýatlajak bolýamyň? Mihaýilow dola-bara edilen jamdaky balygyň oňurgasyny lezzet belen sorup oturşyna agzyny şapbyldatdy: —Ilki bilen guý ho flýaşkadakydan şu stakany ýaryndan agdaryp. Wolkow hezil edip gülende güne az-kem goňraslanan sarymtyl murtlary çekge süňkeriniň üstüne ýaýrap gitdi: —Beýle tagamly nahary bir zada ýanap, bokurdakdan geçirmeseň günä bor diýjekmi? Stakany keýp bilen çakyşdyran Mihaýlow hahahaýlanda Käliň tolkunlary tisginen ýaly boldy: —Bildiň, gardaş. Rus aragynyň güýjem rus ýaragynyň güýjünden pes däldir. Hywa hanynyň hut özi gözüňe söweýin şu araksyz oňup bilenog-a. —Ýörite üpjün edýän adamlarymyz bar diýsene? —Onda-da biziň ýaly Orenburgdan ýa Daşkentden däl, hut Peterburgyň özünden gönderýärler-ä oňa ýörite harby gorag bilen agzy sürgüçlenen çüýşeler. Suw üstünden aşyrym atyp gelen sergin şemala döşüni tutup gerinjirän Wolkow stakany somlady. —Guý, Žena, agzy suwartma-da. Ýeri, ýaňky gürrüňi aragyň aşagynda goýaýdyň-la özüňem. Bu gezek stakany püre-pürlän adam pikirli gepledi: —Ýadyňa düşýämi, ikimiz Kawkaz daglarynda ymam Şamili boýun egdirjek bolubam okuň aşagynda, gylyjyň alnynda bu şirin jany terezä salypdyk. Stakany zalr bilen göterip, tüýlek goşary bilen agzyny ýapyp oturan mydyrdabrak gürledi: —Näme ýadyma düşmän? Jahyl wagtlarymyzdy özem, kadet korpusynyň iň ýönekeý esgerleri, gündiz oýlanyp çini, gije ýataňda düýşde-de Georgiý hajyny arzuwlap ýören ham-hyýal günlerimizdi o wagt. Ýaňy ýarym ýyl doldy gelenimize diýip ýören wagtlarymyzam, sebäbi ikimizem bir günde gelip düşündig-ä bilýämiň, deňiz derejesinden iki müň metr beýiklikde ýerleşen Sary dag berkitmesindäki polka. —Howa şonda ýarym ýyl doldy gelenimize diýip ýörkägem üstümize edilen duýdansyz hüjümde ilki-hä sen ýaralanypdyň, soňam ýarym wagşy daglylaryň atan oky meň sag omzumdan giripdi. —Ana, aýdylmaly gürrüňiň ýaňy bardyň üstünden. Şonda lazeretde ýatyrkak poruçik Tominiň pyşyrdabrak aýdan sözüni ýadyňa sal şu ýerde. Hakydaňa gelmedimi? Onda men ýatladaýaýyn: «Üstümize hüjüm edilenine gaharyňyz gelip, hyrçyňyzy dişlemäň, oglanlar. Ilki biz parahat oturan bu ülkäň üstüne hüjüme geçdik, dogrumy? Diýmek, bu halk bize hüjüm etmän, eýsem gorandy. Bular-a iki aýakly ynsan, dili başga, dini başga bolsa-da. Dilsiz haýwanyň üstüne hüjüm edilende, janyny, balasyny goramak üçin aňrybaş ýyrtyja öwrülýändir. Galanyna-da pikir edip, özüňiz düşüniberiň. Ýöne kem-kemden has gowy düşünersiňiz» diýipdi... Uzakda gözýetime garylyp gidýän Jeýhunyň kä ýerde kä ýerde daralýan, kä ýerde giňelýän, hanasyny indi ýanbaş düşüşine synlap ýatan çynar pyýada garyşyna galdy: —Haw-wa, ýadyma düşdi, hut şeýle diýipdi dişi agyryly ýaly elmydama çytylyp ýören şo poruçik. —Dogry bolsa, biziňem hakykatyň bäbenegine göni bakmagymyz gerek, Ženýa. Biz ynha, bu ülkä näme getirdik rus ýaragy, rus ädiçi bilen... Garyşyna galan ýene stakany ýarpylap guýdy: —Beýle gönertläp gidip oturmasyna, Petýa. Ýarym wagşy Aziýa getiren zadymyzam az däldir, görüp otyrsyň. Rus medeniýetiniň bu ýerlere ysynyň urmagy nämä degmeýär? Gulçulygy gurardykmy, gutardyk. Tas ilkidurmuş gurluşynda diýen ýaly irkilip oturan bu ýerlere senagat diýlen düşünjäni bagş etmegimiziň özi köp zady aňlatmaýarmy näme? Ýarasyna çäge sepip ýören düňle halklara däri-derman diýlen zadyň nepiniň degýänligini ... Onuň gürrüňi agzyndan kakyldy: —Ýalňyşýaňam, Petýa. Aslynda hammam, medisina, önümçilik diýlen ylmy düşünjeleriň özi Ýewropa ine, şu oturan ýerimizden göçüp barypdyr. Ony inkär etsek ýalňyşarys. Hanlyga, emirlige derek öz düzgünimiz-patyşa samoderžawiýasyny getirip ornaşdyrdyk diýseň welii ylalaşaryn. Ynha, mesgenimiz Petro-Aleksandrowiskini, ýerli türkmenleriň Dörtgül diýýän galasyny alyp gör. Kim etdi, elbetde, biz —rus goşunlary. Näme üçin? Ýarag güýji bilen öz düzgünimizi sarsmaz etmek üçin. ýerli halkyň gözüniň oduny almak üçin. —Sen how, bärik rus düzgüniniň gelmegi bilen hut şu Dörtgül diýilýän ýerde gurlan pagta zawodlary, hut Rostawdan, Samaradan gelen işgärleriň guran ýag zawodyny agzaňok-la, doganjyk. — Ol ýerlerden önýän önüm nirä gidýär? Göni Russiýa? Näme dymdyň, ýa nädogrymy? Aziýanyň pagtasy häzir patyşa hökümýeti üçin arzyly haryt, ýorunja tohumam şoň ýaly. Biziň gulluk edýän Amyderýa harby bölümimiz nämäniň hyzmatynda? Hywa hanynyň butnawsyz rus patyşalygyna lepbeý diýmeginiň gullugynda. —Şonuň üçinem şo Şammy serdar diýilýän bandanyň garşysyna gaty ýakyn günlerde ýöriş bilen derýanyň ilersine geçmeli bolýas diýjek bolýamyň? —Geçmeli bolýanymyz dogrudyr, ýöne hany elhedere salýan Şammynyň hakykatdanam kelle kesip ýören bandadygyna ynanyp bormyka, gürrüň şonda... —Öz-ä, diýseň-diýmeseňem... Nahar başynyň jedele ýakyn gürrüňi entegem dowam etjekdi weli, ony käliň gapdalyndan zompa çykan gök taýharly oglanjyk bozaýdy. Dogry, oňa ilki ünsem bermediler. Ýöne köneje sokmak ýoldan eşejigini dikgirdedip gelýän garajürjenje oglan oturanlara golaýlanda hynçgyrasy gelip häli-şindi gulaklaryny, kellesini silkip gelýän janawerini şolara tarap burdy. Garaşylmadyk herekete äm-säm bolan ýarym-ýalaňaç ofiserler bir-biriniň ýüzüne seredişip, «bu näm boldugy?» diýlen sessiz sowala jogap tapyp ýetişmänkälerem ýetip geldi ýaňky ýörgür taýharlymy böwrüne aýajyklary bilen aldygyna debsileýän oglanjyk. Oturan ýerindenem egläge-de, köneje gaňňanyň üstüne taýlanan çalga horjundan her gapdalyndan uzy görnüp duran garunlaryň birini alyp gezekli-gezegine uzatdy. Hödürden ýüz öwürmegi uslyp görmedik Wolkow ilgezik turup her eline bir gawun aldy. Mihailow ýörite satmaga geritendir diýen oý bilen hasyr-husur balagynyň jübüsinden pul çykarýança oglanjyk taýharyň ýüzüni yza öwrüpdi. —Eý, malaý, puluňy al-a, me. Kellesini yza öwrüp eşegini saýmylan oglanjyk ýylgyranda akja dişler ýaldyrap gitdi: —Jyk, gerekgäl-eý, satamog-a, oturaňyzsoň ýüregiňizi sowadaýyň diýip şeýle berýär men-ä. —Bäh, türkmen diýlen milletiň ýumruk ýalysam mähirden ýasalan ýaly-aý. —Ýarag uzadýana-da duz-aş uzadyp bilýän millete diňe baş egmeli, gardaş. Diñe, şony oňarmaly! *** Olar häzir Mak Gahanyň Ýewropa baryp özüniň Hywa ýurdy, türkmenler barada şeýle mazmunly ýazgylary çap etdireninden bihabardylar. | |
|
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||