02:18 Hupbulwatan -18 / hekaýalar toplumy | |
XIV
Hekaýalar
Hywa türkmenleriniň ähliumumy gozgalaňy başlandy. 1916-njy ýylyň gyşynyň soňky aýynyň başynda Şammy serdar ýolugra Manak, Kiýat, Gylyçbaý, Daşoguz, Maňňyt, Şabat, Gürlen, Gazawat ýaly ýerleri eýeläp, bäş günden soň Hywany gaýym gabady. Onuň gazaby aňyrdandy. Şu gezek hanlygyň paýtagtyny mäjum etjegi gaty çynydy. Ýok, uzyn-u-kelte minaralary oka tutmak, daş düşelen darajykdan egrem-bugram köçelerde bigünäni ata kakdyrmak, bir-biriniň üstüne münüp oturan pagsa jaýlara ot bermek niýeti ýokdy. Bar ahmyryny köşgüň içine dökmekçidi. Onuň goşuny häzir on müň adamdan agýardy. Sabyr käsesi döwlen özbek daýhanlarynyň, hünärmentleriniň, ýerden, mülkden tozgun çykyp, «bir at bilen ýarala elim ýetsedi, özüme zulum edenleriň gözünde ot ýakardym onsoň» diýip hyrç dişläp ýörenleriň sany entegem artyp gidip otyrdy. Han tarapyndan bellenilen häkimleriň, «diňe özüme bolsun» eden gözi doýmaz baýlaryň, hannaslyk eden beg-töreleriň dat gününedi. Hudaý saklasyn, ýigrimi-otuz ýyllap ýygnan mal-dünýäsi, baýlygy bir çäýnek çaý içim salymda duw-dagyn edilen, birküç ýyllap salan çarbagy-mülki hä diýilmänkä döremedige dönderilýäniň düşjek ahwalatyny göz öňüne getirip bir gör! Birlaý eşigi bilen eşege ýükläýmeli oraçasy bar garybyň gynanjak, ýitirjek zady näme? Bolýa –bolýa agyr baýlara bolýa. Ýöne şonda-da sahawatyny kemmedik, özüne «il agasy» diýdiren baýlara, töweregindäkileriň agyryny-ýeňilini deň çekişen, garamagyndakylary ynjytmadyk kethuda-töreleriň hiçisine zadam diýlenokdy. Asyl olaryň aglabasy Şammy serdara gelip goşulypdylaram. Ýarag üpjünçiligem geçen gezeklerdäkiden gyratdy. Diýmek, juda Hudaý tutaýmasa, Şammy serdar bu ýerden zor görkezip, ýeňiş tuguny göterip gitjekdigine ynanýardy. Emma... Jüneýit han bu gezegem ony aňňalak gapdyryp at göçümini etdi. Şammy serdar serpmeden gaýdan ýaly boldy. Bedirkent galasyndan çykan han ýanynyň iki ýüze golaý atlysy bilen ýüzüni gündogara öwüsýän çakyr aýaza tutup barýardy. Gara gyşyň başynda ýagan gar entekler erärli däldi, «eşek öldüren» diýilýän günüň tygyna gözüňi deşäýjek bolýardy. Burjy baglan agaçlaram gözgyny egşerilişip otyrdy. Saň gaty bolup doňan toprak at toýnaklarynyň zarbyna güpürdäp ses edýärdi. Gyşam «ediberşime seret» diýip ekezlenýäne çalymdaşdy. «Aşagy ak gara, ýokarsy çal dumana bürenen giňişligiň –şalygyň häzirlikçe hojaýyny biz» diýýän ýaly gara gargalar dik depede beýniňi gorjaýan ses bilen gagyldaşýardy. Zynç bolan ýoluň iki gyrasyna gabşal biten ýylgynlygyňam egnine labyr atylan ýalydy. Gyzyl-gyzyl çybyklar gyşyň gazabyndan ejizläp ap-ak bolupdy. Çalymtyl asman lemder-lember bulutlar asylyp goýlana çalym edýärdi. Mahal-mahal degen ýerini kesip gelýän çapgyn şemal itiň uwwuldysyny ýadyňa salyn, ozalam üşäp duran göwreleri jümşüldedip goýberýärdi. Atlaryň burnundan çykan dem-bugam gurşun ýaly howada dagaman, zolak-zolak bolup gidýärdi. «Görýän weli, gyşam, ýazam döwrüne görä bolýan borly-Jüneýit han tüýleri buýra-buýra guzy içmegini dyzlaryna tarap çekin goýberşine içini gepletdi— Gör-ä, bu howaň depäňden basyp gelşini. Gowşadaýmaly ýaly weli beterine tutýar — ol haýsy kitapdan, haçan okandygyny ýadyna saljak bolup, gyýarak bakyşyna kellesine agram saldy-Öz-ä «Haýsy ýurduň-iliň patyşasy –hökümrady öz iline-raýatyna näçe mähremlik etse, sahabat ýapsa, Alla hem şol ýere mürewwet-nur indirýändir, tersine bolanda, Biribar şo jelegaýa gazabyny gönderýändir» diýlip ýazylan bolmaly. Taňrynyň göz görkezişimikä ýa şu?! Tejen-Etek tapanlaram şundan idili däl ýaly Eziz handan gelen adamyň gürrüňine görä. Soňy haýyr bolsun weli, birküç ýyldan bäri ýylan ýalana dönýär, gurbany gitdigimiň eradasy şeýledir-dä elbetde. Hany, adam eli bilen düzedip bolýan bolsa, hemmesini halk halar ýaly etseň — Onuň kebzesi gymşap gitdi-Hywa hanynyň mekirtmeginden alyn, «syndyr, eý aman» diýdirdimmikäm diýseň, gapdalyňdan zomap orsuň goşuny çykaýýa, şu ýeri eliňi baglaýa. Diňe eliňem baglanok, içiňe közem oklaýar. Ýöne ýedi derýanyň suwuny içip, kyrk jadygöýden sapak alanam bolsa Isfendiýar hany Huda bizlik bolsa, şu gezek päline jydar edäýsem gerek —Ol mundan bir hepde-on gün öň Şyhym sülgüniň aýdan gürrüňini ýatlady. «Inisi Seýit Abdulla «meni tagta mündürseňiz bolýa, hanlygy onsoň Jüneýit dolandyrybersin» diýer ýaly etdik. Oň aýtmagyna görä, häzirki tagtda oturandan diňe inisi, doganoglanlary däl, daýylary, ýegenlerem ellibizar ýaly, olaram boýly bogaz doýany üçin şeýledir. «Namart olam, sagja olam» edip, syrtyny patyşa diräp, dişini syrtardyp otyr wenezzyna» Ol gapdaldan gelen Han işanyň atynyň agyzdyrygyndaky buzy görüp howanyň has aýazlandyny syzdy. —Han hezretleri, özbek hem garagalpak işanlary öňüňizden çykypdyrlar. Olar siziň kabul etmegiňizi towakga edýärler. —Işan-mollanyň sözüni ýykyp bolmaz. Nirede olar? —Ynha, şü Haňka galasyna giren ýerimizde garaşyp durmuşlar. Ýöne derwezä ýetmänkäler hany işan-mollalardan öňürti derýa bolup yňan märeke garşylady. Abadan wagt bolanda hanyň, onda-da Jüneýit hanyň alnyndan, gapdalyndan heý, het edip çykyp bolarmydy! Ýöne kellesini nirä urjagyny bilmänsoň halk «näm bolsa şo bolsun» edipdi. Solgun ýüzlerde «ölsegem şundan ýaman bolmaz» diýen habar ýazylgy ýalydy. Ýüz-gözüni saç-sakal basyp giden, egnindäki pagtaly dony salpaň-sajak, uçgury uzyn giň balagyna kyrk ýama basylan, diňe oltaňy bar diýäýmeseň, üsti eleme-deşik, bir apgyrdy ýok ham köwüşli ýaşuly adam bükülibräk gelşine gulajyny giň ýaýyp, hanyň üzeňňä gaýym geýdiren çep aýagyny gujaklanda ondan ürken ar tas bükürdigini urupdy. —Han aga, başyňa döneýn han hezretleri, biziň ýalňyz daýanjymyz sizsiňiz... Onuň sözüni aňyrdan daşyp gelen mähelläniň gowry gabsap aldy: —Bize Seýit Isfendiýar gerek däl! —Ylahym, göründe dik otursyn şo! —Ýurdy orsa satdy enesi ýalamadyk! —Jüneýit han gerek! —Ýurda özüň eýe bol, han hezretleri, ýogsa Harazmin baýguşhana dönýä bu gidişine! Eleşan eşikli häki garry Jünepit hanyň atynyň öňünde çöküne düşende şylhasy çykan balakgan görnüp duran çakyr dyzçanak süňk ýaly gatan topragy sarsdyryp goýberen ýaly boldy. Bu hanyň göwnüne şeýle bolup göründi. Şol wagtam Eşşi at säpjedip geldi. —Däde, Eýmir dagy Hazaraspy sap alypdyrlar. Köşk goşyny başly-barbap gaçypdyr. Galanam «biz siziň bilen» diýip bäri geçipdirler. Han atdan eglişine çök düşüp mynajatmy, doga-dileg okap oturan häki ýaşuly adamyň egninden çala çekende ýeňil göwre zompa galdy. —Eşşi! —Hä, däde! —Egniňdäki içmegiňi çykar-da, geýdir bu bendäň egnine! Ýaş ýigitsiň, sag janyň bar, üşäp durasyň ýok. Aýdylara mähetdel, sandyraýan hor göwresine nargynç reňk içmek geýdirilen garry bu gezek sesine bat berdi: —Meň egnime possun ýapanyňa taňyrýalkasyn, ýöne siz bu giden halka sahabat donyny ýapyň, bize şo gerek, han hezretleri! Eýýäm atyny ýorgunladan dädesiniň gulagyna ýeter ýaly pessaý gürläh Eşşiniň sesinde çäla howsala aňdyrdy: —Ýöne Çärjewden bäri ors goşunlary süýşüp gelýärmiş. Daşdan aňdyrmasa-da, hanyň içki dünýäsi goduklap gitdi. Bu goşunyň nähilidigini bilýän gurasym! Yzyny pikir etmäge puruja bolmady. —Hywanyň täze hanyny garşylaň! —Jüneýit han indi Harezmiň hökmdary! —Hanlyk düşümli bolsun! —Indi bir halkyň arkasyna ýel çaldygy bolsun, ylahym! Aňyrsyna göz ýetmeýän, edil ýel degen sümmül ýaly tolkun urýan mähelläniň öňünde baş egip duranlary Jüneýit han tanady. Anha ol Hojailiniň häkimi, Isfendiýar hanyň daýysy Öwez hoja, gapdalyndaky gürzelek sakgallam Mahmyt hoja, oňa ýanaşyk duranam Kyýatyň häkimi Abdulla beg ynak, bularam Ataş naýyp, Muhammet emin, Gutlymyrat işan... Jüneýit han gol göterip özüne pata berip duranlar bilen atdan düşüp salamlaşmazdan owal iňlär siňeksiz ümsümligi bozup şeýle diýdi: —Han hökümýetine hat ugradyň. Eger gozgalaňçylar diýilip tussag edilen özbek ýigitleri bir gije-gündiziň içinde boşadulmasa, Hywanyň tozdurjakdygyny duýduryň! Aňyrdan göçüm edendigini häzir hanyň özünden özge duýan bolmady. Bu talaby züwetdinnem bolsa, tumşugy ýokary Isfendiýar hanyň kanagatlandyrmajakdygyny, gaýtam, dessine ors goşunlarynyň ýolbaşçylaryna sala saljakdygyny, olaryň hem «dişinde et galdyrmazlyk» üçin bu talaby ret etjekdigini Jüneýit han aňryýany bilen aňýardy. Indi boldy! Ine, diňe türkmeniň däl, özbegiň ili agzyna garadýan işan-ahyny gol göterip, «Harazminiň hany» diýdi. Sürüber Jüneýit, indi öňüňde döw dursun! Şammy keli dagy şänik döwen ýaly et! Ähli kişini zarbyň bilen sarsdyr! Düýn-şu gün saňa pitjiň atjak bolanlar sen ýadyna düşende ejesiniň adyny tapman dursunlar! Ilki bilenem köşkdäkileriň gözünde jywazyň oduny aýlamaly. — Goçmämmet niredekä? Gapdala çala gaňrylyp belli birine ýüzlenmän soranam bolsa, alkymynda peýda bolan Şyhym sülgün jogaby nagt etdi: — Bärik ugrapdyr ähli atlysy bilen, han hezretleri, hä diýmän gelerler. Barha köpelýän mähellä gözi düşdügiçe Jüneýit hany hem-ä ýüregi çalaja gürsüldedýän tolgunma, hemem süňňe ýakymly sarsgyn salýan begenç gurşady. Işan-mollalar eýýäm häkimiň özgeleriňkiden has haşamly, has baý görünýän jaýynyň öňündäki belent sekä çykypdylar. Küňrede bişen dörtgyraňdan ýuka kerpiçden sünnäli örülen bu sekiniň aslynda häkimiň ýazdan güýze çenli arz soraýan, adam kabul edýän ýeridigi bellidi. Hanam atdan agyp, irişmäni Annama tutduryp, şol ýere ýöneldi. Şol wagtam bir gyzgyn el onuň penjesinden silkeläp gysymlady. Başyny galdyran han gaýtadan el uzatdy: — Mädýar eke, salawmaleýkim! — Waleýkim essalam, oglum! Ylahym, azmagaýsyňam, azana duçar bolmagaýsyňam... Ýaşuly yzyny aýdyp ýetişmedi. Sil ýaly tolkunýan mähelle ony bady bilen aňry äkitdi. Hana weli serpilip ýol açyldy. Elekden dökülýän ýaly ýagýan gar birden kiparlady. Gözýetim açyldy. Gözýetim açyldygyça-da sekä münüp barýan hanyň göwresi-gabarasy barha ulalyp barýan ýalydy. Gudrat görýän ýaly Jüneýde agzyny açyp, gözüni tegeläp, seredýän halk bolsa çala pyşyrdy bilen tolkun urup durdy. Iki tarapa düzülen işan-ulamalaryň içinden saýlanyp Mahmyt Hoja sekiniň ortarasyna gelen Jüneýit hanyň yzragynda durup el göterdi: — Külli Harazminiň hanlygy şu günden şeýläk Gurbanmämet han Hojabaý ogluna geçýär. Bu tutuş halkyň islegi. Halkyň islegem Halkyň eradasy bilen berjaý bolýandyr. Şu mütdetden başlap Hywa köşgüniň hak eýesi sizsiňiz. Işiňiz oňuna, edeniňiz şowuna bolsun! Haktagala elmydama ýaranyňyz bolup, ömrüňizi uzak etsin. Omyn! Müňlerçe el «omyn» diýip ýokary göterildi. Jüneýit han olaryň üstaşary uzaklara seretdi.çytylyp duran asman. Dumanlan nazardan ýitip gidýän gözýetim. Öňde alys hem agyr ýollar ýatyrdy. *** Uruş ýene Hywadan günorta-günbatar aralygy gabsap aldy. Jüneýit hanyň Hywa hökümdarlygyna saýlanmagy derýa arkasyna-ilersine, Sarygamyşyň üstünden aşyp, tä Müňgyşlaga çenli, ilerde Garagumdan ötüp, diňe Ahal – Etrek illerine däl, Türkmensähra, Tährana deňiç ýaýrady. Ony her kim, her ulus birhili garşylady. Buhara emiri Seýit Alym han bu del täzelik gulagyna degen dessine «Doganym Isfendiýar, bu ýagdaýy düzeder ýaly bolsa, ähli emeli ýa güýji gaýgyrma. Bizden näme kömek-goltgy gerek bolsa çekinmän aýt, hatda gerek bolsa goşun ýollamaga hem taýyn, elbetde, patyşa gubernatorynyň ejazasy bilen. Ýene bir zat, janyňa howp abansa göni Buhary-Şerife gaýdyber, saňa gaçybatalga däl, jennet ýaly jaý-şert dörederis. Her zat et weli, ýöne bulagaýlygy basyp ýatyr, ony döredenlere dar agajynyň aşagyndan ýer ber». Bu haty getirýän çaparyň Dörtguldan geçen ýerde - Dartganata töwreklerinde Jüneýit hanyň atlylary, has anygy, Şyhym sülgüniň jansyzlary tarapyndan ele salynjakdygyny, şeýdibem hoşamat habaryň Hywadaky köşge ýetmän galjagyny emir oslanokdy. Tährandan ugran ilçi-habarçy weli Jüneýide duşar. Garagumyň gollaryny söküp, alňasap gelýän bu adam Türkiýe jemhurýetiniň Eýrandaky emilsarynyň kömekçisidi. Ol geljekde külli Türkistanda bir bitewi musulman döwletiniň düýbüni tutmagyň binýadyny döreden Jüneýit hana mübäreklemek, gerek bolsa kömek bermek wadasy bilen gelýärdi. Elbetde, bu saparyň aňyrsynda bähbit araýjy gizlinmatlaplar ýatyrdy. Ýöne ol habar buşluk bolup däl-de, urşuň sowuk demi bilen utgaşdy. Jüneýit hanyň turuwbaşdan «erkinlik hem ýurt azatlygy üçin jahalat-uruş yglan edýär» diýilmegi köşk hiç, patyşa dikmeleri üçin açyk asmanda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Jüneýit hanyň sürüsi weli gazapdy. Ilkinji hereketleriniň birinem ol patyşa hökümýetiniň bärdäki goşun ýolbaşçylaryna diplomatik ýüzlenme bilen başlady. Şyhym sülgüniň hut özüniň diýen ýaly ýazan hatynda şeýle diýilýärdi: «Hywada täze hanlygyň döreýändigini Size habar berýäris. Şol bir wagtyň özünde hem patyşa hökümýetiniň şu ýerdäki ähli wekilçilikli edaralary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga we ors goşunlary bilen hiç hili gapma-garşylyga girmejekdigimizi mälim edýäris. Elbetde, bu ýagdaýlarda birek-biregiň işlerine goşulmazlyk, zulum etmezlik, güýç ýa hüjüm görkezip ýagdaýa bulaşyklyk salmazlyk iki tarap üçinem bähbitli bolardy. Hanlygyň çäginde ýaşaýan hanlar-begler diňe saýlanan hana- Jüneýit hanyň buýruklaryna we permanlaryna boýun egýär. Şol bir wagtyň özünde biz hem hanlygyň içindäki ors patşasyna degişli kärhanalaryň, emläkleriň işine goşulmaýarys, gaýtam, olara erli halk tarapyndan hiç hili howp salynmajakdygyna kepil geçýäris, ýöne olar hanlyga kesgitlenen mukdardaky salgydy tölemägä borçludyrlar. Biz şu günden şeýläk hanlygyň bütin çäginde howpsuzlygy hem agzybirligi üpjün etmegi boýnumyza alýarys. Hywa köşgüniň ähli hökmürowanlygyny ret edýäris we öz düzgünimizi dikelderis». Şol günüň özünde bolsa ähli ýere şeýle jar çekildi: — Şundan şeýläk Hywanyň çägine degişli ýerde kerwenleriň gatnawyna tälkew beriljek däldir. Kimde-kim Jüneýit handan bidin kerwen saklasa ýa talasa başy ölümli, maly talaňly boljakdyr. Ýene-de bir habar çar ýana çawup gitdi: — Berk ýatda saklamaly: diňe Jüneýit hanyň adyndan aýdylsa salgyt, paç-hyraç berilmelidir. Indiden beýläk bu meselede Hywa hanynyň hiç hili hukugy-haky ýokdur. Eger — bardy-geldi han kesimçileri gelse, görünse, elini-aýagyny daňyp, Jüneýit hanyň atlylaryna, bellän emelarlaryna tabşyrylmalydyr. Umuman, şu günden beýläk, Hywa hanynyň däl-de, diňe Jüneýit hanyň buýrugy- permany berjaý edilmelidir. Worones gyssagly ýagdaýda telegramma ugradanam bolsa aýagy bişen towşan ýaly dowzanaklaýardy. Türküstan harby okrugynyň ştab naçalnigi bolup bu dörän gala-gopluga kelläňi ýalaňaçlap jogap bermeliň biri sen borsuň-da, ýatyp ukyň, iýip işdäň bolarmy eýse?! Baş ştaba gönderilen telegrammanyň mazmuny ýada düşende polkownigiň maşşaryp duran gyzyl ýüzündäki syçanyň guýrugyny ýatladýan murtlary taýzaryp gitdi. «Hywada ýüz beren wakalar hakda Amyderýa bölüminiň naçalnigi Kolosowskiden maňa gowşan telegrammanyň esasynda aşakdakylary habar berýärin: Köşge bolan närazylyk barha artýar. Ylaýta-da Hojaili tarapyndaky özbekleriň hanyň eden-etdiligine gazaby olaryň ýygnanyp Hywa gelmegine sebäp boldy. Ilkibada günäkär –köşk hadymlarynyň biri tusag edilensoň ýygynçak dagadam. Soň ýöne Jüneýit hanyň köşge aralaşan jansyzlary (gynansagam, şeýle ýagdaý bir ýyl bäri dowam edýär) hanyň ähtýalanlyk edendigini, ýagny, günäkäri dözmezlik edip boşadanyny yza gidip barýanlara ýetirip ýetişýär. Jüneýit hanyň gižželemesi netijesinde hem peltä ot degene dönýär. Biziň razwedkamyzyň maglumatlaryna görä, bu ýagdaýdan amatly peýdalanan Jüneýit türk soltanlygy bilen dilleşip we şonuň goldawyna daýanan Hywa hanyny öldürip, şonuň ýerine geçjek bolýar. Häzir ol üç müň atly ýygnap Hywany alkymlady hem-de öň gozgalaňa gatnaşan özbek başbozarlarynyň boşadylmagyny talap edýär. Ol başbozarlar bolsa hut rus hökümýetiniň kesgitnamasy esasda tussag edilipdiler. Jüneýit Hywa hanyna özbek başbozarlaryny üç günüň dowamynda boşatmak hakynda täze ultuma tum gönderdi, eger-de bu talap dessine ýerine ýetmese Hywanyň kül-peýkun (köşgi) etjekdigi bilen haýbat atdy. Biz Jüneýidiň hereketleriniň aňyrsynda türk-german razwedkasynyň eli barmyka diýýäris. Eýýäm onuň goşuny Gürleňi, Şahabat, Doşoguz şäherlerini zabt edip aldy. Iň ýamany, Hywanyň iň täsirli din wekilleri Jüneýdi Hywanyň täze hany diýip resmi taýdan yglan etdiler. Şeýlelikde häzir Hywada iki hökümdar döredi. Bizi howurgandyrýan meseläniň ýene birem, Jüneýit täze han hökmünde ruslara gol ýapýanlara zabun daraljakdygyny açyk aýdyp, hatda hanlygyň çägindäki rus täjirlerinden-senagatçylaryndan naç-salgyt talap etdi. Gorky ýaman zat, talaby ýerine ýetirendigini olar bize gizlin habar berdiler. Şeýlelikde Jüneýit Hywanyň täze hany hökmünde Ürgenç we Haňkadan 260 müň manatlyk kontribusiýa –mejbury töleg saldy. Boýun gaçyranlary tozdurdy, jezalandyrdy. Şeýlelikde hana iň ýakyn emeldarlar, begler, ors täjirleri has köp ejir çekdiler. Garşylykly çäre görülse, rus goşunlaryna tarap ok atjakdyklary barada bu başyna giden Jüneýit han hut gynanç etmezden hat üsti bilen Kolosowskä mälim etdi...» Worones yzyny aýtmaga gorkýan ýaly, ellerini bimany silkeläp, ýerinden galdy. Ol demi gysýan ýaly, galyň tutuly aýnany ikiýanlaýyn açyp goýberdi. Içerik gara gyşyň buz ýaly howasy kürsäp urdy. *** Süýji-süýji iýmäniň ajy-ajy gägirmesem bolmalydyr. Jüneýit han ajydan ýaňsaly ýylgyranda eginleri ýazylyp giden ýaly boldy Birwagytlar — Gazawat gyrgynçylygy wagtynda biz illerden basyp-düýrüp alan pul-baýlygyňyzy indi gözüňize basyp alaryn. Bermeseňizem eneňizi dula bakdyryp, naçarlaryňyzyň gözünden ýaş däl, gan akdyraryn. Bu topraga ýarag süýräp gelenleriňem aýagynyň astynda ýer goduklap durar ýaly ederin. Uly söze toba bolsun weli! Häzir Hywanyň dar köçeleri giňelen ýaly görünýardi. Haýsy tarapa seretseň agyn gara telpek bolup durdy. Atlaryň kişňemesi, ýogynly-inçeli sesleriň haýbatly, özüne göwni ýetiji owazy syrçaly minaralara degip, diňe daş-töwerege däl, hut göge galyp, gadymy şäher güwwüldä-güpürdä gaplanypdy. Gyşyň ahyrky aýy bolsa-da, sowuk ýamandy. Gaýra gündogardan – derýa üstünden aşyp gelýän şemal sähel ahmal galsaň telpegiňi alyp gitjekdi. Üsti-üstüne dürt-bäş merte ýagan gar galňap, dabanyň aşagynda sürçek buza öwrülipdi, özem çaň-tozan paýy ýetensoň lsary öwüsýärdi. Şäheriň daş düşelen-u tozanly köçelerinde hut bir-biriniň üstünde diýen ýaly gurlan palçyk tamlaryň ýekejesiniňem işigi açylyp — ýapylanokdy. Olardaky janly-jemende göçüp giden ýalydy. Imi-sala wagty howla golaýlaňda howflap ýüregiňi ýarýan itler ýa ir säher — giç agşam mawlaşyp içiňi ýakýan pişikler näme, şolaram ýer ýuwdana çalymdaşdy. Diňe batly şemala zaryn gyjak owazyny çalýana meňzeş doň baglaryň sykylygy gulaga degýärdi. Han hezretleri Ybadullany tapyp gelmegi buýrupdy. Nurulla bagyň öňündäki giň aýmançada at üstünde sarsman oturan Jüneýit han agzyny çala gymyldadanam bolsa, sesi gulak gerip duranlar derrew gapyp aldylar: —Gidiň-de, kerneý-surnaý çalýanlary, garaz, saz edýänleri tapyp getiriň şu ýere! Hanyň töweregini gallap duran adamlar geň galyp bir-biriniň ýüzlerine bakdylar. Ýöne «nämeüçin, gan bilen saz-söhbet bir ýere sygyşýan zatmy?» diýip soramaga het edibilýän bolmady. Eşşi han hem dodagyny müňküldedip oňaýdy. Han işan ýumrugyna üsgürenjiräp, gözlerini tegeledi. Iki-üç atly weli eýýäm güpürdeşip gidipdi. Söze salym ýok, ýerden çykan ýaly bolup sazandalar peýda boldular. Ähli sazy bir gulakdan düzüň-de, hol bitmedik minaranyň üstüne çykň. Şol dutar düzüň-de, hol barmadyk minaranyň üstüne çykyň. Içiňizde aşulla-aýdym aýdybilýäniňizem barmy? — Han öňe çykan aýakly garpyz ýaljak, kellesi bokurrak boýnuň üstünde has uly ýaly görünýän melegöz ýigide çala ýylgyrybrak seretdi — Horeziminde dörän iň gowy aýdymlary bogazyňy arçap, gulaklara ýeter ýaly aýdybilseň sylagyňy ýetirin, düşdüňmi? Baryň onda, aýdylan bilen boluň! Bir çäýnek çaý içer salym geçiberende gök-ýaşyl syrçasy öýläniň neştep ýaly şuglasyna öwşün ýatýan ýarym minaranyň üstünde sazlaşykly ýaňlanan saz çalýanýaýrap gitdi. Kerneýiň dik asmana galgan-galgan gidýän uzyn naýy, çöwrülen telpegi ýada salýan agzy dört töwerege aýlanýardy. Depiň barmak astyndan çykýan şyrkyldy-güpürdisi şemalyň sesini basyp, sogup-sogup howa siňýärdi. Birdenem şaňňydan çeküwli aýdym ýaňlandy: — Alman-ny aýyr-rdylar-r, Şahasyn-n jaýyrdylar-eý, Meň söýgüli ýarymy-ý-ow, Zulm edip aýyrdylar-eý, Aman-n, aman-n, aman-ew, aman-eý... ...Köşgüň ýerzemininiňem çuňunda gizlenip, gorky-wehimden ýaňa uçaýjak bolup, diňe dişleri däl, on iki süňňi şakyrdaýan Isfendiýar hanam çasly ýaňlanýan saz-aýdymyň owazy tapyp aldy. «Bu ne boluş? Bu tän-täne namäniň alamaty? Gan-da-pyçak bolşulyp durulka-da bir toý bezmi bormy? Ýa bu sazmy — aýdym meň gulagyma eşidilýärmikä? Eý Hydaý, beýni, çaýkanyp, aklym üýtgäp ýören bolmasyn meň? — ol etlek elleri bilen ýumry buduny batly çümmüklände awusyndan ýaňa gözi ýaşaryp gitdi — Aý, ýok, şükür, enteg-ä huşum-aňym ýernde ýaly. Ýa Jüneýit han eýýäm ýeňiş dabarasyny tutaýdymyka? — Onuň ýadyna haremhanada gizläp gaýdan täji düşdi. Eýýäm şony agtaryp tapyp Jüneýit hanyň kellesine geýdirilen deýin demligi daraldy. Onda barynyň gutardygy. Işigaýdan han, nirä gaçyp gutararsyň şirin janyňy?! Indi türkmenler gizlemeg-ä beýlede dursun, olüp ýatsaňam seni çäklerine golaýlatdyrmazlaram, arkaly köpek gurt alara» dönendir bumat bular. — Onuň ýadyna Kolosowskiý düşdi. Birjeşip duran gaşlary gerlip, temegi ellenip gitdi. Hemme zadyň gutardygy däl-ä, Isfendiýar Seni tagtdan taýdyrsalar, o ýere-de Jüneýit ýaşoň diýeninden çykmajak münse hez tapmajagyny, asyl nirleriniň kädä gabaljagyny bilinjik durandyr patyşa dikmelerem, orun goşunbaşylaram... Ýöne edil häzir Kolosowskiýniňem saly suw üstündedi. Jüneýit hanyň hiç kesiň kellesine gelmejek bu hokgasy onuň aňkasyny aşyrypdy. Patyşa goşunlary köşgüň içinde goranyş tutupdy, has anygy, gizlenipdi. Iň ýamany, türkmen hem özbek gozgalaňçylarynyň bir güýje jemlenmesidi. Iň sylanýan, sygynylýan işan-mollalaryň bu birleşige ak pata berenini polkownige ýetiripdiler. Hudaýyň ady orta düşüp «azatlyk üçin», «kapyrlaryň garşysyna uruş» diýilensoň özbegiň, türkmeniň, garagalpagyň, gazagyň hut läş bolmagy özüne bagt biljekdigi ony gorkuzýardy. Onda-da goşunyň öňünde Jüneýit han dursa! Sazyň sesi onuň beýnisini şeýlebir gyjyklaýardy weli, gahardan ýaňa agzy gyşarara gelipdi. Damarlary çekýän ýüz tirpil-tirpil edip, ganguýma bolan gözleriň gabaklary böküp-böküp gidýärdi. — Ok atyp başlaýarlar! Jüneýit han hüjüme geçýär! Dogrudanam dünýä birden goh-galmagala gaplanana döndi. «Galkin gelip ýetişmezmikä?!» Polownik bu pikir-sowalyň gorkudanmy ýa alaçsyzlykdanmy beýnä gonanyny aňyp ýetişmedi. Ony seljermäge pursatam bolmady. Sazyň sesi däl-de, oky gowurdak ýaly guýýan tüpeň sesleri onuň gulaklaryny gapara getiripdi. «Içi Hywa hüjreleri ýaly ötlem-ötlem bu Jüneýit hanyň pirim-hokgasyna düşünibilseň düşün-dä sen». Kellesine gelen soňky pikir onuň gahar dalarlaryny gyjyklap däl, hut daraklap goýberdi. Derýa arkasyndan-patyşa goşunlarynyň galasyndan –berkitümmesinden kömege garaşmak indi öz kölegäňden delelat islän ýalydy. muňa ýagşy düşünýärdi. Eliňi serip diňe general Galkiniň tizräk gelerini diläbermelidi. Şo ýetişmese weli... onda munuň-eýýäm özüni Hywa hany hasaplaýan Jüneýdiň, onuň yzyndaky özbek, türkmen, garagalpak gozgalaňçylarynyň köşgi ýer-ýegsan, bizem läş etjekleriniň ujy iki däl. Hudaý bilsin, içinde türk, iňlis, belki ors harbylarynyň-maslahatçylarynyň, hemaýatkärleriniň bolmagam ahmal... Ýanyna demi-demine etmän gelen ştab- rotmistr telegraf aragatnaşygynyň üzülendigini aýdanda Kolosowskiýniň gaharam, gorkusam bokurdagynda dykyldy. Ol gepläp bilmän, az salym boýun ýumrusynyň töweregindäki hyşşyldysynyň gulaga degýän jana ýakymsyz sesine boglup, gök-daş bolup durdy. Birdenem ýer depip gygyrdy: — Goranyş üçin berk, amatly pozisiýany eýeläň! — Han goşunlary... ştab-rodmistriň al-petinden alanda, bende tas dilini ýuwdypdy. — Gümüne gitsin! O ýalýagylaryndanam goşun bolarmy? Hemaýaty diňe özümizden gözlemeli, düşdüňmi? Pyýada druşina bilen batareýa derwezäniň öňüne süýşsün... Ol ýuwdundy. Telegramma bilen «Sizi berkitmek üçin kazak polky, baş družina, şonça hem babareýa ugradylar» diýilipdi ahyry. Hany olar? General Galkin ýalňyşmaýan bolsam, Petro-Aleksandrowskä gelip ýeten bolsa gerek. Onda bärigem... Paglap ses eden tüpeňler polkownigiň pikirlerini eredip goýberdi. Onuň göwnüne hut şeýle bolup göründi. Jüneýit han bekine tutupdy. Hywanyň halk tarapyndan ykrar edilen, ýöne resmi taýdan yglan edilmedik — Tagta geçmedik, aýdylyşy ýaly, «han göteriliş» dabarasy bolmadyk hany — Jüneýit köşge tarap zomap barýardy. Gozgalaňçylaryň öňi ilerki derwezeden giripdi. Dogrusy, ilki merdiwana dyrmaşan, soňam galanyň diş-diş diwaryna ýüp-kement zyňyp, içine aşan ýigitleriň paýhyn bolanam az däldi. Hernäme-de bolsa derwezäni açmak başardypdy. Beýle bolanyny görensoň başly-barat ok ýagdyryp ýatan han goşuny ýeňse beripdi. Sil suwy ýaly yňyp gelýän gozgalaňçylary görüp, «gaçan gutular, duran tutular» edipdiler. Beýle edermenlige göwni gobsunan Jüneýit hanyň pajygaly ölümlere weli bagry gyýyldy. Emma Dädebaý bilen bile Ibadullanyň bir wagtda diýen ýaly gurban bolmagy juda ajy degdi. Gözsüz batyrlyk edip, öňe okdyrylan, has anygy, beýlekilere görelde bolmak üçinem däl-de, özüni bilmezden, «ýa Alla!» edip, ýeňşe ymtylan goşa göwräniň bir wagtda diýen ýaly gülleden serrelenini görmek jigeriňden ok geçen ýaly edýärdi. Nätjek-dä! Ölüm-ýitimsiz bolanda oňa «uruş» diýiljekmi?! Wah, ýöne ahyr ýaşdaky Mädýar ekäniň ežizje egni bu agyr ýüki-ýalňyz ogluň ölümini götribilermikä? «Sen dogan ýaly görüp ýören ýoldaşyňy gorabilmediňmi han bolubam, Gurbanmmämet? Ol bala hut seň adyň-owazaň üçin, seň ýeňmegiň üçin özüni oda , onda-da ilki bolup urandyr ahyry» diýip, ýüzüme aýtmasa-da, içinden aýtsa nätjek!? Ýeri, gelip-gelip Dädebaýyň şu taýda okdan uçmagyna näme diýjek? Ogullarynyň hözürine aýny çoýunmaly wagty... — Sürüň ýigitler!? Munda ölen şehit, öldüren kazy bolar. Şuny gygyryp aýdan Jüneýit han atynyň böwrüne debsüledi. Köşgüň howlusynyň içinde söweş barha güýçlenýärdi. Darkaşyň ýamana tutjagyny aňan patyşa goşuny berk, özem düzgünli söweş ýagdaýyna geçipdi. Ýöne bärkileriňem döwi asgyn däldi. Kerwende olja alnan ors tüpeňlerem, owganyň üsti bilen gowşan goşa nilli nemis tüpeňlerem Jüneýit hanyň goşunyndaky ýigitleriň aglabasynyň elinde işleýärdi. Eşşi, Eýmir, Taýmaz dagynyň hersi bir ýerde sagda-çepde, öňde hüjümi ugrukdyrýardy. «Han hezretleri, siz çeträk, okdan daşa çekiläýiň!» diýilse-de, etmän, ol sol egindäki küňreli aýmançany penalap çommaldy. Oňa çenlem suw ýaly «Wençestor» gümpüldäp gidende, hol alyndaky gozaradan çala görünýän göwre dik maňlaýdan ok girenini aňladyp arkan gaýtdy. Garynja hereketi-de ötgür nazaryndan sypmaýan han bu gezek patyşa goşunlarynyň çeýeje ofiserini gözläp tapdy. Çak, ol öz esgerlerine buýruk-tabşyryk berip yza dönen kazak ofiseridi. «Şularyň tark-turky häki bir zähre ýarmak üçindir» diýýän şekilli ojagaz kişi egiljek,gizlenjek hem bolman, yza dönüşine ätmerläp ugrady. Daşdan örülen sekiniň ikinjimi, üçünji diýşine münende Jüneýit han çep gozy ýugubrak mäşäni gysdy, bolany! Söweş kiparlarly däldi. Han goşunlary kürümine suw giden syçana dönenem bolsa, patyşa goşuny per berenokdy. Goranýan ýerleriniň amatlydygy, ýaraglarydyr oklarynyň guratlygy - üpjünligi taýdanam, iň esasam, düzgünli hereketleri bilen «enteg-ä durararys» diýdiräýäni görnüp durdy. Eýmiriň çep omzundan ýaralamandyyny, Gulmyrat pälwanyň, Goçum ýüzbaşynyň, Atadurdy göherdiň, Sopy murtuň şehit bolandygyny aýdanlarynda han böwrüni diňirgendirdi. Belki hüjümde hata göýberilýändir? Ýa biziňkiler «ölsem-öleýine» salyp, göni oka baraýýalarmyka? Duşman buljum-berk ýerde goranyş tutun, golaýlany pürreläp ýatyrmyka? Eşşi bilen Goçmämmet hanyň sürüşem-ä bu görünýänlerden däl bolmaly öz-ä?! Hawa, Goçmämmet han içki gala golaý barypdy. Şoňa zabt edip bolsa, Isfendiýar hany penjä gysyp boljagyny aňansoň ol gözsüz batyrlyk edýärdi. Juwlap gelýän gülläniň ýigitleriniň birnäçesini «awlany» onuň gazabyny goşalandyrypdy, ala gözlere gyzyl çalgym çaýylydy. Penjä sygmaýan murtlaryny batly towlanda ýüzi çytylyp gitdi. Paglap-paglap gidýän atyşygy gulaklar eşidilýän ýalydy. Ýöne onuň egnindäki tüpeňiň ujy weli tüsseläp-tüsseläp gidýärdi. Ýigitlerem arslan bolup atylýardylar. Isfendiýar han bolsa atyşyk başlanandan tagtdan ellibizar geçipdi. Nökerleriniň gaçyp-tezip, söweşden çykanlaryny bilensoň-a, ol halys lagşady. Indi onuň bar umydy patyşa goşunlaryndadady. Eger polkownik Kolosowskiý goramasa, janynyň gabyz boljakdygyny, eýýäm dar agajynyň özi üçin taýyn edilendigini aňanda ýogyn boýnuna syrtmak ilen ýaly tultuk göwräni sowuk der basdy. Patyşa goşunlarynyň bar aladasynyň köşgi ýa-da tagtda oturany goramak däl-de, has uly bähbidiň hatyrasynadygy ýadyna düşende, göwni az-maz teselli tamarly görünse-de, häzir giň jahan onuň üçin zyndandy. Polkownik Kolosowskiý bolsa bu söweşiň özi gylsyrat köprüsidigine düşünýärdi. Ýan berseň «Onuň Alyhezretleri imperator Nikolaý ikinjiniň Türküstandaky harby-ykdysady syýasatyny, Russiýanyň bähbitlerini gorap bilmedik polkownige hiç ýerde orun ýok» diýiläýmeginiň daş däldigi düşniklidi. Harby birikmäniň komandirligiinden-ä tamaň tala daňylaýsyn. Piteriň, Moskwaň özünde syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy yrga wagty bu kolonalistik ülkeden «yş» beräýýsäň-ä, dat günüňe! Hywada gopan bu gowganyň ýaňy Merwe, Ashabada ýaýraýsa bar onsoň! Özalam Russiýanyň rewolýusion howadan dem alýan galagop ýagdaýynda bu ülkede hem mojuk ýagdaý ýüz beräýse, sen Daşkentde ýa Tiflisde däl-de, hut Piterde -Baş ştabyň içinde kelläňi ýalaňaçlap, ýok, saňňyldadyp hasap okamaly borsuň. Ol ýerde mundirden, abraýdan-şöhratdan mahrum bolandan, Hywada şu köşgüň içinde gurban bolanyň ibaly dälmidir eýse! — Goranyşy iki pozisiýa bilen alyp barmaly! Köşgiň daşynda bolsa Jüneýit han şeýle buýruk beripdi: — Häzirlikçe yza çekilmeli! Ol ertir daň bilen hüjüme geçmek kararyna gelipdi. Kolosowskiý mundan ýeser peýdalandy. Köşgüň ýerzeminden tenha hanyň özi biýän gizlin ýoga-ötükden daşaryk aşyran ofiseri garaňka duwlanyp Dörtgüle taran atlanyp gidipdi. Oňa şol ýerden goşmaça harby güýji bärik alyp gaýtmak tabşyrylypdy. Iň esasam, Türküstandan bärik Syrderýa oblastynyň gubernatory general-leýtenant Galkiniň ýolbaşçylygynda ýetip gelýän uly otrýady haýal etmän Hywa sürmek buýrulypdy. Jüneýit hanam osal oturmady. Aňtawaçylaryndan — habarçylaryndan alan maglumatyna görä hereket edipdi. Eşşiniň baştutanlygynda bäş ýüz atly Amyderýadan bärik ötjek ors goşunlarynyň öňüni kesmek üçin ugradylypdy. Olara Bekmet dargaçy ýolbeletlik edýärdi. Bu adam Çärjew — Beýnew aralygynda Amyderýanyň ähli ýerine, adasyna, saýyna-çuňyna, olumyna, geçelgesine, kenarynyň ot-çöpüne, deňiç bäş barmagy ýaly beletdi. Ýagynyň geçjek-ötjek ýeriniň ahmalyny aňtap, duýdansyz hüjümi gurap biljegine söz ýokdy. Galan zat ýigitleriň-atlylaryň gaýratyna baglydy. Munuň bilenem kanagatlanylmady. Goçmämmet hanyň ýüzbaşysy, asly Darganatly Babyş sakgalyň ýolbaşlygynda üç ýüz atly Düýeboýun ýakalaryna ugradyldy. Olara ýolbeletlik etmegi Ýakupbaý gaýykçy boýun alypdy. Ömrüni derýa içinde diýen ýaly geçiren bu ýaşuly patyşa goşunlary Amyderýadan ýüzüp gelýärkä oslagsyz urgy üçin ýer peýläp bermelidi. Oňaryp bolsa duşmany gara derýa gark etmelidi, bärik dabany degmeze döndermelidi. Şony başaryp bolsa köşgi ir-u-giç aljagyny aňry gitse üç-dört güne ýetmän, bu ýerde goranyp, gizlenip ýatanlaryň ýan berjegi görnüp durdy. Eger-de dişine çenli ýaralanan, toply-tophanaly goşun bärik geläýse... Munuň soňyny pikir etmegem gorkunçdy. Derýa boýundan gelen ilkinji habar weli hanyň böwründäki bükgüldini ýeňledipdi. Gelýän goşuny garşylamak üçin Hywa hanynyň ugradan iki ýüz atlsyny Babyş sakgalyň ýigitleri Meşiklide derýanyň bärsinde palaç ýatyrylan ýaly edipdi. Garaz, Düýeboýnyň alkymyndaky oý ot guýlana dönderilipdir. Köşge bolsa indi bassyr üçünji gün hüjüm edilýärdi. Her gezegem hanyň beýnisi dartylan kirişe dönüp barýardy. Hernä Eşşi handan gelen habar göwnüne az-maz giňlik saldy. Çaparyň aýtmagyna görä, patyşa goşunlarynyň ýol-yzy barlamak üçin öňden iberilen elli-altmyş atlydan ybarat topary güpbasdy edilipdir. Ep-esli ýarag, ok-däri, otuzdan gowrak at-ýaby olja alnypdyr. Duşmanyň diňe iki sanysy derýa ýakasynyň aňrysy görünmeýän gabşal jeňňeline üzlerini urup halas bolupdyrlar. Şyhym sülgüniň jansyzlaram köşgüň içinden «ýene bir ýarym, aňry gitse iki gün hüjümi gowşatmasaňyz bärdäkileriň işi gaýdýar. Ok-ýarag şoňa etse zor bolugy. Patyşa goşunlarynyň baştutany Kolosowskiý däliremegiň öň ýanynda. Ol guduzlan ýaly bolup öz sallatlarynyň birini buýrugy emelsizmi ýa göwünli-göwünsizmi ýerine ýetireni üçin beýlekileriň gözüniň alnynda atyp öldürdi» diýen habary ýetirdiler. Hakykatda ol öldürilen ofiser Wolkowdy. Isfendiýar han bolsa ýere giren ýalydy, gördüm-bildim ýokdy. Köşgüň depesi gün ujy gyzaryp ugrandan tä göz baglanýança däriniň tüssesi bilen tüteýärdi. Göwnüňe bolmasa, göge başy ýetäýjek bolýan minaralar gülle sesinden tisginip, bir gapdala gyşaryp barýan ýalydy. Munça ýaragyň, däriniň köşge nädip, haçan getirilenine pikir edip aňyrsyna çykar ýaly däldi. Ol ýeriň tagta däl-de, hut gorhana öwrülendigi aklyňy haýran ederlidi. Näme üçin? Kim üçin? Haçan üçin? Haýsy hajat üçin? Bu sowallara jogap bermeýänem bolsa, köşk ot sowrup ýatyrdy. Hüjümleriň bişowlygy Jüneýit hany barha kejikdirýärdi. Patyşa goşunlaryna ýaňy-ýakynda gowşan karteç ok atýan tüpeňleri, snarýad ýarglary, hat-da granat, bomba ýaly pytrap garşydaşyňy paýhyn edýän ýaraglary ätiýaçly polkownik köşge getirip ýetişenine şu wagt müňde bir şükür edip otyrdy. Hernäçe gurat ýaraglanandyrys öýdülse-de, gozgalaňçy goşunda bu ýaraglaryň birisi ýok diýen ýalydy. Söweşde ähli zady diňe rüstem ýaragyň çözýändigini isleseň-islemeseň boýun alaýmalydy. Ýöne gahar-gazap güýjüniň ahyrsoňy herniçik rüstem ýaragyňam kül-peýkun etjegi gümansyzdy. Eşşi handan bu gezek gelen habar bozgun keýpe beter sogan dogrady. Derýa bilen ýüzüp gelýän patyşa goşunlaryny bärden — kenar bilen yzarlap oka tutmak oňly netije bilýändir. Gaýtam toply, pulemýotly goşun ok-ot ýagdyryp hüjümi yza serpikdiripdir. Soňam gämini, yzyndaky gaýyklary duşman ok ýetmezdan uzaga — gaýraky kenara sürüpdir. Beýleki gämi bolsa Şirhan galasynyň deňesinde özüni uly ada atyp, derýanyň ortarasyndan top bilen bärki kenardaky atlylary oka tutupdyr. Top oky atylýan ýere tüpeňiň oky kär edip bilmändir. Iň ýamanam, gelýän goşunyň gyssagly bäri süşýändigi hakdaky howsalady. Köşk bilen söweşde suwda kädi müneniňki ýaly ýagdaý Jüneýit hanyň gazabyny gaýnatny. Aýgytlaýjy hüjüm ertir daňdana goýlupdy. Halynyň halys egbarlanyny aňan polkownik Kolosowskiý daňa galman gaçmagy ymykly ýüregine düwüpdi. Ok sabap barýardy. Polkownigi howpukdyrýan ýene bir ýagdaýam ofiserlerdir soldatlaryň arasynda şu garşylyga — garpyşyga ikigöwünli bolýanlar köpelip barýan ýalydy. Görer göze bildirmeýän ýalam bolsa «howanyň» agyrlaşýanlygyny köpügören polkownik aňardy. Wolkow nätdi? Rus goşunynyň ofiseri diýjeksiň şoňa. Bulagaýlyk salyp ýören bolsa nätjek «parahat ilaty näme bähbide gyrýäs? Dabannyny gyrkmaly bolsa hut Hywa hanynyň özünden başlamaly» diýen bolup. Şoňa gulak gabardýanlaram könelip barýar. Wah, şu Piterdäki rewolýusony ýelgini bäri geçmez ýaly öňüni baglap bolsa. Ýeri, Daşkendi, Orenburgy, Krasnowodsgini, Aşgabady nätjek diýsene ilki beri? Erte günortana çenli kömek gelmese-hä biziň tepbedimiz okalýa bu ýumrulmyş köşgüň içinde! Çykyp gideýin diýseňem bu gara telpekliler dört töweregini gabat ýatyr. Başyny galdyrsaň gözüňden urýar özlerem. Hywa goşuny-ha möjek gören ýaly gaçyp gitdi hon-ha, ähli apaty biziň başymyza atyp... Gijesi bilen çirim etmedik polkownik jahan ýagtylmanka guýlup ugrap ok seslerine ýene bir öwre tisgindi. «Şu biziň iň soňky säherimiz bormuka? Agşama ýetmän günümiz ýaşarmyka?» Gara garga bolup beýnisine gonan bu sowal — pikir ony eýmenç gorkuzdy. Söweş bolsa turuwbaşdan möwjüne tutupdy. Jüneýit han bir ýaňlyk etmän dönerli däldi. Onuň özem öň hatarda atyşyp ýördi. — Han hezretleri, çep gapdaldaky ýigitler köşgüň gapysyny döwdiler! Bu habary ýetireniň ýüzüne seretmän ör turanda onuň gulagynyň ujy gyzyp gitdi. Bedibagat çapar bolsa çep kükrekden girip oka serrelşine, gözleriniň açyp ýatyrdy. Bir hyrçyny dişlän han «gapy açylan bolsa köşk alyndy biläýmeli» diýip iç gepledişine gapdala ýönleldi. Şol wagtam... Hudaý tutana dönen bu pursat hanyň ýüreginde ömürilla erlejek gaty düwün bolup galdy. Emir hanyň ýel ýaly bolup ýetip gelşi onuň bäbenegine siňdi. Oglunyň galagop hereketi, howsalaly ýüzi eýgilik däldigini aňdyrýardy. — Däde, çekiliň! — Näm boldy beýle? — Heýwere güýçli goşun ýetip geldi. — Haçan? Nirede? — Alkymda ynha. Oňa deňijem soňky sözi tekrarlaýan ýaly top sesi töweregi gümmürdä gaplap göýberdi. Alakjap töweregine seredende gyzyl-ýaýrat bolan läşlere gözi düşen hanyň ini dyglap gitdi. Onuň özem däriniň ýelgininden ýaňa entirekläp, tas ýykylypdy. Tütäp giden ýüregi ýüze urupdy. —Yza çekilmeli! Bu buýruk ýene bir gezek gümmürdän topuň lerzanynyň içinde ýitip gitdi. General — leýtenant Galkyn Hywa giripdi. Onuň yzyna tirkäp gelýän sulsaty öňki görlenlerden däldi. Jeza beriji uly otrýad Syrderýanyň süşüm gaýdypdy. Petrogratdan — hut daşary işler ministrleri Sazonowyň hem-de harby ministrler Suhomlinowyň goly bilen Daşkende 1916-njy ýylyň 11-nji fewralynda goýberilen telegramma onuň mawut kiteliniň jübüsindedi. Onda şeýle buýruk — tabşyryk bardy: «Türkmenleriň şu gezekki baş götermesi, olara öň ýowuz çemeleşilmän, gaýtam, ýumşak daraşylandan gelip çykýandyr diýip hasap etse bolar. Bu gezek şu hata sapak edinilmelidir, nähili herekete geçmelidigi meger, öz-özünden düşniklidir. Biz tarapdan haýsydyr bir goýberen şowsuzlygyňyz geçirimsiz halap ediljekdir. Şeýlelikde hanyň gowşan häkimligini dessine berkitmek gerek». Bu telegrammany Galkine gowşuran wagty Türküstanyň general-gubernator Martsom ýene bir zady ýatladypdy: «Seret, gadyrdan, türkmenleriň garyndaşlyk gatnaşyklaram olaryň duýgy damaryny hemişe gyjyklap durandyr. Bu Zakaspiý oblastynyň Merwine degseň Hywadaky ýomutlar, Ahala darasyň Etrekdäki ganybir garyndaşlary temegini ýellendirjek bolup durlar. Hywada turan topalaňy derrew basmasak, oň ýelgini bärlere-de ýeter weli, biz hakyt tüweleýiň içine düşen ýaly töweregimize garanjaňlap durubermeli borus. Şuny bek belle... Şeýlelikde general Galkyn diňe ýaragy bilen däl, demi bilenem bu ýerlerini ýakyn-ýandyrmaga gelýärdi. 15-nji fewralda ol eýýäm Hywa gidipdi. Onda-da ot sowrup gidipdi. Has anygy, taryhda ganly sahypa bolup galan «Galkin ýyly» başlanypdy. Mundan has soňrak, hal anygy, 12-nji iýunda özüniň dokladynda ýazyjy ýaly, gözi ganly general öz ýolundan türkmen atlylaryny süpürip söweşijilerini ýoklap 15-nji fewralda agşam köşkde gabawda ýatan polkownik Kolosowskiniň otrýady bilen birleşdi. Bäş gije-gündiz gozgalaňçylar dogrysy, Jüneýit han bilen atyşyp, soňky deminde halas bolan bu otrýad galan ömri üçin generala alkyş okap öýtmelidi.. Jüneýit han ýarygijeler atyşygy bes edip, ir säher bilenem gyssanmaç Hywany terk etdi. ýöne Jüneýde derek, indi Galkiniň hem Kolosowskiniň öňüni Şammy kel bilen Jepbar demirçiniň atlylary kesdiler. Bular gözsüz batyrlyk edip, gazap söweşdiler. Haýp, güýçler deň däldi. General Galkin eýýäm Gazawady, Goşköprini, Şabady eýeläp, günorta-günbatara at haýdadyp barýardy. Ýöne ol Jüneýdiňem, Şammy keliňim yzyndan kowy ibermekden saklandy. Oňa derek harby taýýarlyga girişdi. Tä 15-nji marta çenli Hywada galyp şähere öç alyşy yglap etdi. Şeýlelikde bäş ýüz Hywaly hem-de iki ýüz ýesir türkmen dar agajyndan asyldy. Öz güýjüni görkezmäge dowtalap general şonuň yz ýany Hywada harby parad — ýöriş gurady. Orenburg kazak polkunyň hem-de Kazan družinasynyň bäş müň sany pyýadadyr atly esgerleri 25 top, 30 pulemýot bilen daş köçäni gepürdedip geçende olaryň badyndan — haýbatyndan ýer goduklaýarmyka diýdirdi. Bu mahal Jüneýit han ýabyň kyrk atlysy bilen ýüzüni Owganystana tutupdy. Nowruz baýramyna göni bir hepde galanda, general Galkin özüniň türkmenleriň üstüne ýatdan çykmajak ýowuz ýörişrine, harby dilde aýdanda, ar alyjylykly ekspedisiýasyna başlady. Öňde giden giňişlik gujagyna ýazyljak ganly sahypa garaşyp ýatyrdy. 1-nji kitabyň soňy. Gurbannazar ORAZGULYÝEW | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||