21:14 Hupbulwatan -10 / hekaýalar toplumy | |
«Beçebazlyk» diýen söz ýüregini bulady. Baraga-da imanyny iýip, haýasyny ýuwdan mollalaryň ýerde süýrenýän çal halatlaryndan çalyp tutup, ikisinem daş düşelen ýodajykdan tagyrdadyp süýräýsem diýdi göwni. Tas ädim urupdam...
Hekaýalar
— Çüş-ş, ana, o bala goňşy oglanlaň ýanyndan çykyp, öz hüjresine girdi. Men gitdim, Farhat ustad, şu gije o naşyja balaň yşbanyny dyzyndan aşak düşüräýsem gerek... Gözi garaňkyrap, gulagy şaňlan Gurbanmämmet mollalaryň hersiniň bir ýana gidenini duýmanam galdy. Gije ukusyny çala alansoň, ol ertir çaýynam göwünsiz içdi. Daş çykdam-da... geň galmakdan ýaňa gaşlaryny gerdi. Sadulla molla düýnki hüjräniň agzynda o ýan, bu ýan ýöräp, bir zadyny ýitirene meňzäp ýördi. Ýüzüne oýma nagyş edilen gapy açyldy-da, ondan ýylma ýüzje oglan çykdy. Oňa gözi düşenden dylym-dylym eden molla arkasyna kakan kişi bolanda çortmak barmaklar oglanyň syrtynam sypalap gitdi. Moýmudyklap ugranda oglanyň iki aýagynyň arasyny açybrak, ýempeýän ýaly ýöreýşini görende Gurbanmämmediň hem-ä gahary geldi, hemem gülküsi tutdy. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, hasyr-husur goş-golamyny ýygnaşdyrmaga başlady. Ol indi medresä tarap ömürylla aýagynyň ädilmejegini bildi. «Birden beýdibermäň näme? Sebäbini aýdaý maňa, byradar?! Dogan ýaly görşüp ýörüs, meni bir äm-säm etme-dä şoň üçin» diýip, gapydan girip, ilki gözüni tegeläp, soň janygyp ugran Ibadulla hem hiç zat pyşgyrmady. Diňe «Birden küýüm tutdy, gitmesem bolmaýa, hoş!» diýdi-de, gaýdyberdi. Tä galanyň günbatar derwezesine çenli Ybadullanyň elenip geleni puç boldy. Oba gelende weli: «Eýgilikmi özi, okuw üçin şu ýylyň harjynam doly töläpdim weli, ýa oňarman gaýdyberdiňmi?» diýip dädesiniň beren sowalyna çala ýylgyrdy: «Iki ýyl gowrak okadym, şundan artyk kitap agtardyp, meni ahun etme aladaň ýokdur-la, däde?» Hojabaý dikanlady: «Gönel, ogul, menden zat gizlejek bolma!». Gaçalgasyny aldyran Gurbanmämmet bolşy bolşy ýaly aýtdy. Gürrüň soňlananda Hojabaý ak sepen sakgalyny owuçlady: «Toba, medresede şeýdilýän bolsa, başga hiç zady geň göremzok». Gurbanmämmet öýde on-on iki günden köp ýatmady. Ony çagyrdylar-da: «Sen şu üç obaň kazysy» diýdiler, wessalam! Dogry, şu aralykda ejesi bilen şeýleräk gürrüň boldy. — Jan oglum, bizem seni indi gözli-başly edäýsek. — Eje nädýäň-aý, on sekizini dolduran ogluň gözi-başy ýerinde ahyry. — Seň ýadyňa oýun, biziň ýadymyza bolsa agtyk-çowluk düşýär. Tüýs «Ata-enäň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde» diýleni-dä! Dädeňem: «Agzyny ysgap gör, özi kimi isleýän bolsa ony aýtsyn, ýogsamam ygtyýary özümize bersin» diýdi. Aýdyp otur, — Men näme aýdaýyn, eje? — Sen aýtmasaň, men aýdýaryn. Nurguly agaň gyzy nädýä, Aý ýaly, gözüni ýerden galdyranok, özem günuzyn dokmadan düşenok. — Ýok-laý, eje. — Onda geçiberýäs, Söhbet ussaň gyzy Näzik nähili? — Nirden ýadyňyza düşýär-aý ol? — Boldy, Esen tärimçiň gyzam göze görnen, saçy dagam topugyndan geçýä. — Men oň saçy üçin alman-a. — Saňa-da ýaranyp bolman geçjeg-ow. — Asmandan melek gözle diýemog-a men, eje. — Atabaý gyrymsaň kiçi gyzy Tagangülem bar... Gurbanmämmet tykyrlandy. Soňam özi bilmezden: — Eýýäm ýetişäýdimikä şo gyz? — diýenini duýman galdy. Ene düşündi. Şobada-da ýüzi ýagtylyp gitdi. Gurbanmämmedem öňňun eý görýän dor atyny guýa suwa eltende öýden çykyp, guýa tarap garçgaý bakyş bilen äňedip, soňam emaý ädim bilen öýe girip giden uzynak gyzy göz öňüne getirdi. — Tüweleme, gyz-a saýlabilipsiň, öz-ä. Tagangül ýaly perizady törümize geçiribilsek, ne armanymyz?! Enşalla, sözümizem gaýdyp dyrasy ýok, gapylaryny açsak. Eýýäm daş çykan Gurbanmämmet ejesiniň bu sözlerini eşitmändi. Şondan bir hepde geçensoň Hojabaý mirap uly toý etdi. Bir hepde geçip-geçmänem Gurbanmämmet Bedirkent, Müjewür, Akgum obalarynyň kazysy boldy. Üç-dört gün geçip-geçmänkä-de... ...Gözi ýaşly naçaryň egbar görnüşi ilki nazary düşen badyna onuň ýüregini awatdy. — Haraý diňe senden ýeter diýip gelendirin, dogan jan! Dädeler-ä kellesini tärime urup otyr: «Öýüň erkegem bolsam, alaç tapamok» diýip... — Hany, düşnükliräk aýt, siňlim, näm boldy, kimden zulum gördüňiz? — Akgumuň eteginde oturýas özümiz. Men-ä palas dokaýan ulyja gyzym Owlak jan bilen. Dädelerem obaň baýy Gultagyň sürüsini bakýa uly dogmamyz Annaçaryny ýanyna alyp. Hak-heşdegem ýedi ýüz bäş maldan kyrk goýun ýylyna. Ýöne, ynha, öten gyş gazap geldi-de, gar-gaýda galyp, ýüz altmyş mal gyrlan. Indem: «Şo san dogurlanýança mugt bakarsyňyz maly» diýip küpürsäp oturan Gultak baý öňňun gelip ýaňy kesip, öýüň dulunda düýrläp goýan palaslarymyz-a bir aldy. Üstesine, nebsine jyzar bolmuş, düşenip oturan ýüzi suwly palasymyzam çekip gitdi «Äriň bergi-borjy üçin» diýip. Şo täze palasy bazara salyp, gyş engamyny almaly diýip otyrdyk. Ana, indi agzymyza gazyk gysdyrdy... — Munuň üçin gözüňi ýaşlap oturma-da, şu çäýnek çaýy içip, arkaýyn ýüňe gaýdyber. Şol iş edil seň aýdyşyň ýaly bolsa, düşekleriňi duluňda hasaplaý. Egninden agyr ýük aýrylana dönen zenan iki elini ýokary galdyrdy: — Ýalan sözlän bolsam agzym gyşarsyn. Ertesi gün doganynyň yz ýany Gurbanmämmet eýýäm Gultak baýyň howlusynyň agzynda atdan düşüp durdy. Etmelisi-hä baýy kazyhana çagyrmalydy. Emma «Eýýäm tepegi ýokary bolupdyr, uly-kiçini bilenok» diýlen gürrüňden, iň ýamanam Hojamyrat baý ýalynyň: «Bir-ä täze öýlenenden, birem täze at münenden, hemem emel ýetenden gork» diýleni-dä, gorýämiň biziň inimiziň, turuwbaşdan, beleň alyberşini?!» diýen töňňeli gepinden çekinip özi gelipdi. Ýaşamanyň ugruny bilýän adamdygyny Gultak baýyň kaşaňdan giň howlusy aýdyp durdy. Hywadanmy, Hazarasydanmy ýörite ussa çagyrylyp oýma nagyş bilen sünnälenen agyr derwezäniň öňi syrylgy-süpürilgidi. Hatar ekilen ak derekler, suwly salmanyň aňry gyrasynda hellewleşýän gara güjümler, ondan aňyrrakda toplum tutan gara söwütler: «Hojaýyn-a agaç gadyryny bilýän eken-ow!» diýdirýärdi. Ýöne munuň Mädýar ekäniň bagy bilen deňäňde «witjik» ýaljakdygyny aňynda aýlan Gurbanmämmet çalaja ýylgyrdy. Oňi pagsa diwarly howlynyň töründe iki sany sekiz ganat öý gümmezekläp otyrdy. Baý şol öýleriň çepkisinden çykdy. Yzýanam ýaş gelin işikden bir jyklady-da, derrewem haly gapylygyň aňyrsyna dulandy. Ýasgynjak atynan garma donunyň bir egniniň derrew gapdala aganyna gözi düşen Gurbanmämmet baýa aljyraňňylyk düşenini, säher bilen gelen kazynyň salama ýa häkibir keýpine gelmänini aňansoň dowula berlenini aňdy. Keltepaýçadan dykyz, ýöne kellesi göwresiniň müçesinden kiçi görnensoň «ýalman ýüz adam eken-ow» diýdirýän Gultak baý alçaksyrady. — Bo-how, hany ätläber töre bakan, kazymyz. Işiňem oňuna, Hudaga ýaranyň bolsun. Haýt, çykaryň agyldan bir işşegi derrew... Gurbanmämmet baýyň sözüni kesdi: — Gultak baý, çaýyň-naharyň üçin Alla ýalkasyn, ony ýene bir gezege goýaýaly. Men işlije geldim. — Onda-da aýak üstünde durmak birhili-dä. — Äý, oturyp çözer ýaly uly mesele-de däl-le gürrüň. Gurbanmämmet buýtar-suýtara ýer goýman, düýnki wakanyň änigini-şänigini sorady. Baý gaýkyjyklajak boldy. — Men halalja hakymy talap etdim. — Ýok, sen, gaýtam, o bendeleň halalja hakyny bermäge derek, diýdimzorluk edipsiň, baý. — Nädogry-da onda meňki, seň kepiňçe? — Gep nokatlaşyp durmaly. Şol iki kilimi ugrat häzir meň gözümiň öňünde. Özüňem atlan, men howlynyň daşynda garaşjak, şo diýilýän çopanyň ýanyna ugraly, galan gürrüňi aňyrda ederis. — Seň munyň-a birhili, inim. «Düýeden uly pil bar» diýleninem unutma. Biz seň doganoglan agaň Hojamyrat baý bilen saçakly gatnaşyp ýörüs, şoňa bir ýer goý-a sen. Gurbanmämmet yzyna öwrüldi: — Men kazy, saçagy, ham-çamlygy ara goşsak, kärime ikilik etdigim bor. Ýöräli baý! Gultak baý abşaryldy: — Men-ä ýaramogam şu gün. Kazy bolaňda-da, beýdip atalap... Gurbanmämmedem hyrra yzyna öwrüldi: — Onda şo sürini çopany bilen günortandan soň şu howlyň agzyna geler ýaly et, baý. Men oňa çenli beýleki işlerime güýmenjek. Onam etmeseň kazyhana tarap özüm seni at öňüne salyp äkiderin. Dadyňy soň kime ýetirseň öz işiň! Bolmajagyny bilen baý nalaç atlandy. Ýylan yzy ýaly kä egrelip, kä gönelýän çarwa yzy ilerki gum depelerine tarap näçe ilerlese-de, diňe atlaryň pyşgyrmasy bolaýmasa ses-üýn çykanokdy. Gultak baý içini näçe hümletse-de, ýarylaýsa hezil tapmajagyny bilip, gyýa bakyp alkymyny ýellendirip gelýärdi. Onuň tersine, Gurbanmämmet parahat otursa-da, gepi alyşmajagyny bilensoň, dymýardy. Sürä golaý gelnenini ýabşynyp üýrýan, bady bilen at toýnagynyň aşagyna özüni uraýjak bolýan erinlek, penjesi giň köpek habar berdi. Gün dogmanka örä sürlüp, häzir-giç guşluk yzyna getirilen gurgun süri giň ýapynyň ýüzüne ýaýlyp, dokmäde gäwüş gaýtaryp ýatyrdy. Ýüzi tozgalap duran, agajetden hortap çopan ikielläp görşüp düşege geçmegi mürähet etdi, derrew taňkanyň jagramasyny köpeltdi. Gurbanmämmet ak çägäniň üstünde aýbodaşyny gursa-da, Gultak baý keşti çekmeýän ýaly çala çommaldy. Gürrüňe Gurbanmämmet başlady: — Ýaşyň-a menden uly görünýä agam, adyň nämedir? — Begnyýaz adym, özümem kyrk dört ýaşda, şoňam otuz üç ýylyny goýnuň yzynda geçirip ýörün. — Gultak baýyň goýnuny näçe ýyl bäri bakýaň? — Sekiz ýyl dolmaly öňümizdäki nowruzda, ondan öň eşidýänsiňiz Seýit baýy, pahyr boldy bende, şoň dowaryndadym. Adalatly, garyby, biçäräni ynjytmaýan adamdy, ýatan ýeri ýagty bolsun! Nermeden doýan mal ýaly sortdyryp oturan Gultak baý alaryldy: — Men nä ynjydýan, adalatsyz kişimi? — Baý aga, meseläni apa-çäre edeli. Gyşyň agyr geleni menden däl, Hudaýdan. Aýtmadymmy janymy ýakyp: «Birküç kömekçi goýber, özümem öňüne düşeýin, ýandak ýatyryp, küde edeli, şu ýyl gyş agyr gelmeli, bijin öňümiz» diýip. Etmediň. Şu galan malyňy abat saklajak bolup öýkenkesel boldum özüm-ä, oglumyňam sag aýagyny sowuk aldy. Häzirem aýagy şybyljyrap dur neressäň. Özge sürüleň galaba ýary gyryldy. Bary gyrylanam bar, bilýäň-ä özüň. Şu sürüdengyrlany ýüz altmyş weli, indi meni bergidar çykaryp otyrsyň. Hany aýt, ynsap nirede onsoň? — Sen-aýt, köp gepleýän bolupsyň soňky döwürde. — Ýagyr bolan düýäňem ahyry janagyly bozlaýmasy bardyr, bilseň. — Hym-m... Gurbanmämmet gyrasy çeňklenen käsedäki çaýy howlukman owurtlady-da, ýerinden galdy. —Boldy, gürrüňi uzaldyp oturmaň. Sen-ä Gultak baýyň şu sürüsinden alty ýüz segsen goýny sanap al-da, hasap-hesibim gutardym et, Begnyýaz aga, yrzamy şoňa? — Baý aga yrza bolsa, men yrza, öz zähmetimden artyk... Ýüzi-gözi üýtgän Gultak baý çopanynyň sözüni soňlatmady: — Bu nätdigiň boldy, kazy? Atyna tarap ugran Gurbanmämmet yzyna-da gaňrylmady. — Şeýtdigim boldy. Bu entek hemmesi däl. Hany atlan-da, meň gözümiň alnynda muň öýünden alyp gaýdan palaslaňňam yzyna getir. Onsoň ikimiz ylalaşarys. Temegini tyslandyrýan baý buýtar-suýtar etse eýgilik tapmajagyny bildi. Ýöne ol Gurbanmämmet bilen özüniň has uly darkaşynyň öňdedigini häzir aňanokdy. ...Ilçilik. Onsoňam: «Oba ogrusyz bolmaz, öli mollasyz» diýleni. Garaz, Gurbanmämmediň kazy bolaly bäri gol gowşuryp oturýan güni seýrekdi... «Täze öýlendim» diýip gelniň alkymyny alyp oturmag-a onuň häsiýetine syganokdy. Şol günem... Ol Ahaldan gelen argyşçylar bilen günortan çaýyny bile içmegi niýetläp otyrdy. Asyl, olar ýöne bir haryt äkidip, haryt getirýän kerwençilerem däldi. Dünýäsini täzelänine bäş aý geçip barýan Çary baý pahyryň dostlukdan ötüp, doganlyga ýazan aşnalary gelipdi. Baýsähet kaka, Nurmyrat daýy diýip atlaryny tutar-dy, Gurbanmämmet olaryň ýanyndan aýrylarmy heý-de? Baýsähet kakasy gür sakgalyny owuçlap, çaýam çala owurtlap, kijiçik bir düsur nabadam agza atar-da, pessaý ses bilen öten-geçen gürrüňe tutar weli, ýanyndan turubilseň tur-da, göreýin! — Gurbanmämmet jan, sen şu guşdyrnak çaýy bilen ak şaha nabadyny ýetir-de, Baýsähet kakaňy diňle-de otur — diýer özem. Bu gezegem ol söhbedi aňyrdan — Garrygala söweşi bilen bagly wakalardan tutupdy. — Onsoň, men size adyna döneýin Mahmyt işanyň nädip Köşiniň depesinde gonambaşy bolanyny gürrüň bereýin. Hany, hasaplap göreýin, weli... Gurgun ak öý sekiz ganatdygyna garamazdan, daryşganlyk edýän ýalydy. Dagy nä, Baýsähet aga ýaly myhman bu obalara günde-günaşa düşüp durmy nä? Onsoň, diňe bu obanyň däl, gapdal obalaryňam, hatda Tagta galasynda ýaşaýan ýek-tük garyndaşlaryňam salama, gürrüňdeşlige geljegi görnüp duran zat. Baýsähet aga büküp-ýuman barmaklaryny açdy — Şu Gazawada ors çozmazdan-a on bäş ýyl ozal, Gökdepe gyrgynçylygyndanam ýigrimi bir ýyl ozal öňki Garrygala urşy döwründen gaýdýa oň düýbi. Abdysetdar Kazyň «Jeňnama» diýen uly myhannesinem men şo sebäpli hut ýat bekledim. Diýýändir-ä: Bar imdi men seni salar kyldym. Ki ýagny leşgere serdar kyldym—diýip. Nasreddin şanyň öz köşk mejlisinde Japargula hanlyk dakyp, oňa pata berip türkmenleriň üstüne ugradyşyny. Gaýtmazmy şondan engamy ýetirilip, uly-uly wadalardan doýrulyp goýberilen Japarguly han kernaý çaldyryp, nagra tartdyryp, ala zenzele tuzup. Baýdak pasyrdadyp, gylyç ýalpyldadyp, duşmanyň uly goşuny bilen gelýäni gökleň iline ýetýär. Şondanam ýagynyň geljek ýoluna gözegçi goýlup, desbi-dähel taýýarlyga başlanyp, teke bilen ýomutlara-da çapar gönderilýär. Ilki bilen Garrygala baran Ahal serdary Nurberdi han bolupdyr. Abdysetdar Kazy muny şeýle beýan edýär: — Görüp, gökleň ili gerd-u-gubary, Geledir arkadan on müň suwary. Ki bildiler ki ol Nurberdi handyr, Wejaçhatlyk besi sahypkyrandyr. Çykyban aldyga nişwaz eýläp, Ulug-kiçik hemme ygzaz eýläp, Düşürdiler any yzzat bilen çün, Hemme leşgerlerin hormat bilen çün. Nurberdi han söweş boljak ýere aýny wagtynda ýetişipdir. Ol heniz dem-dynç alyp ýetişmänkä, ilerki dagyň çäginde goýlan dideban-gözegçiler duşmanyň golaýlap gelýänini duýduranlar. Görseler, Japarguly agyr leşgeri bilen aralykdaky dagyň üstünden inilýän derelerde tug dikipdir eýýäm. Salym geçmänem howalasy belnt ýygynbaşa tekelerden bu ýere on müň atlyň kömege gelendigi, gaýraky ýomutlardanam häli-häzir goşun geljekdigi barada habar ýetýär. Gyzylbaşyň «ynha bardygym aldygymdyr» diýip gelýän ilhany şonda aşagyna suw gidene dönýär... Myhman çaýy eşrepi ýaly owurtlap, bir düwür nabady lezzet bilen agzyna atyp, gepine dyngy berende, işigiň agzynda oturan Gurbanmämmet içini hümletdi: «Durşy bilen namadyr söhbet bolup dur-aý, ömri uzak bolmuş Baýsähet kaka. Ýatkeşligine dagy telpek goýaýmaly, ýetmişe golaýlanam bolsa. Buhara medresesini göreni bildirip dur, labzyny dagy, diňleseň eredip barýar. Beh, görüp-eşidip otursaň türkmenleriň başyndan inmedik külpet ýok. Muny gajaram, Hywada gysaja saljak, Buhara-da dişini gyjap dur, orsam topuny-tophanasyny süýräp, ýer bilen ýegsan edermen. Eý, Alla, bu näme üçin beýle bolýarka?! Türkmeniň özüniň-ä ýygyn tartyp, Eýrana ýa Buhara dökülenini eşidemzogam, bilemzogam. Taňrynyň zulmumyka ýa duşmanyň halys «seni eýikdirmäýin» diýip hyrçyny dişläp durşumyka bu takdyr?! Bu gidip oturşyna zulmat-sütem tükenerli-hä däl. Özem, düýn gowy boldumyka diýseň, tersine, eşitseň agzyňa uçuk gaýnadýa...» Güýzüň ortasynyň çigrek şemaly degen ýerini «gamçylaýanam» bolsa, Baýsähet aganyň gyrma dony egninden çykaryp, ezýaka ak köýnekde oturmagy öýüň içiniň howrundan habar berýärdi. — Garaz, howunyň basylanyny bildirmezlik üçin Japarguly han toplary süýredip, bir beýige çykardýar-da, galany oka tutup alarman bolýar. Türkmenlermi oňa per berjek? Derrew mergenleri öňe çykaryp, ýigitleri sap-sap düzüp, naýzalaryň ujuna baýdak daňyp «Ýa, Alla!» diýip ugraýarlar. Garşy kim iki derýaýy leşger, Ýasaw eýlän duruşdylar barabar — diýýä bu söweşi gözli belen gören Abdysetdar Kazy. Hudaýyň gudraty bilen şol wagt asmana bulut ýaýlyp, birdenem çabga eňipdir. Meýdanyň tozany ýatyp, garynja ýörese-de görnüp duran. Durdy batyr, Paly mergen, Öwezli tentek, Çary batyr ýaly göbek kesilende är bolup dörän ýigitler dyzaberýä orta at oýnadyp: «Gel hany döwüşeli, diňe özüňe däl, oturan eýeriňem iki çapyp taşlaýan» diýşip. Söweş «Ýa alaryn, ýa ölerin!» bolaýan wagty günbatardan bir uly tozan süýşüberýä kem-kem bäri. Öňünde sekiz tugy parladyp, sekiz müň atly bilen ýomut garyndaşlar eňip gelýär. Şony Abdysetdar Kazy soň şeýdip şygra salýa: — Anyň gaşynda kim sekiz alamdar, Sekiz müň leşgeri ol erdi asar. Direler kim ol äre Mahmyt işan, Ýomut ilige ol baş boluban. Ýetirdi özüni heňňam era çün, Ýasaw kyldy o şol meýdan era çün. Ynha, şeýdip, tekäniň, ýomudyň güýçleri düwlen ýumruk ýaly bolsa weli, gajar goşuny asgynlaberýä. Şu gezek bellisi edilmese, diňe Etrek, Gürgen däl, Ahal alasyny aralan, Etek bilen tä Hywa çenli gajar sülsadynyň sil bolup akjagyny aňan türkmen ýigitleri arslan bolup atylyp, gaplaň bolup topulýa... Gurbanmämmet gapdalynda oturan Dädebaýyň käseli eliniň saňňyl-saňňyl edýänini gördi. Gabak astyndan seredende, onuň çukurrak gözleriniň owasyna ýaş çaýylanyna nazary düşüp, aşak bakaýdy. — Japarguly han türkmenleriň zarbyna çydamandyr. Tyglarynyň çapylýanyny gören gajar serdary dady-bidat edipdir. — Uruň naýza olaryň synasyndan! Ýaraglar çykdy naýza arkasyndan. Niçe serazlary perýat ediban, Gyzylbaşlar olardan dat ediban. Diýdi Japarguly: «Eý, waýy, leşger, Ki ýuwtdy leşgerimni misli ajdar... Bu ýerde galdyk imdi kim uruşdan, Gaçan hupdyr bu ýerlerde duruşdan— — diýleni bolýar şahyr aýtmyşlaýyn. Söweş tamam bolandan soň, teke hem ýomut atlylary biräçe gün Garrygalada özlerini dürseýäler, dem-dynç alýalar. Şonda Nurberdi han bilen Mahmyt işan Ahala bile gaýdýalar. Gajar ýygynynyň bürünçden ýasalan sary topunyň birinem Nurberdi hana berýärler. Gökdepede dört-bäş gün myhmanlap gidibermekçi eken weli, Mahmyt işanyň o meýli bolmandyr. Ýasmansalyk, Büzmeýin töwereginiň aksakgal-kethudalary görme-görüşden soň Mahmyt işanyň musulmançylygy elek edip bilşine, pähim-paýhasyna, adalat bilen dik gyly iki kesişine, pespälligine magat göz ýetirip: «Geliň, şuny her edip-hesip edip şu ýerde alyp galalyň!» diýäge-de, şeýle towakga edýärler: «Işan aga diýsegem, serdar aga diýsegem bolup dur size. Teke diýeniň bir öýde aga bilen ini bolsa iki, şol öýde ata-da bar bolsa şol ojaga üç han. Köki uzamyş, gagşaly tilki bilen, ganjygy garaýörme bilen oňşanok. Iň bärkisi, iki süýtdeş dogan weli, akgoňur bilen garagoňuram sähel bahana bolsa biri-birine «hyň» urup dur. Şondan üçrün! Mahmyt işan sizi Ahal içine alyp galyp, özümize ulama etsek! Gurbany gitdigim Ak işan, Guljan işan ýaly agzyna garadybilýän kişilerem dünýäden ötensoň, biziňki birhili kösençlik bolup dur. Öýli-illi edeli, diýeniňden çykmaly, aýdanyňy unaly» diýýäler. Mahmyt işanam gaýra gaýyşmandyr, ähli zadyň änigine-şänigine düşünensoň. «Bor adamlar, Hywada menden başga-da dili dogaly gyt däl. Rast, men şu ýere gerekmi, ahyrsoňy türkmen kowmunyň derdine ýarasam, ýurt dannawym ýok. Sadagasy boldugym Äraly pir ho-ol Gyzylarbadyň gapdalyndaky Janahyrdan baryp, tutuş Hywa memleketiniň ahuny-müftisi bolup oturypdyr. Menem halk halanyny unamasam, gabahat bor» diýýä-de, galyberýä belli-küli. Dötr-bäş ýyllykda dünýäden gaýtdy weli, bendäni halk Köşiniň depesindäki baýyrda gonambaşy etdiler, hol-ha... Baýsähet aga ajy çaýdan işdämen owurtlady. Şol wagtam ylgaşlap hyzmat edip ýören ýigdekçeleriň biri Gurbanmämmediň gulagyna pyşyrdady: — Bir adam seni sorap dur daşarda. Gurbanmämmet mähetdel etmän daş çykdy. Kirşene gömlene meňzeş arryk-gurruk adam oňa tarap ýönelşine iki elini uzadyp salamlaşdy-da, derrew habaryny berdi: — Inim kazy, özüň delalatyňy ýetiräýmeseň-ä gapydaky ýeke sygyr elden gidendir. Ýedi baş çül-çaga aksyz galdy, özem bogazdy. — Haýsy obadan özüň? — Öwlüýäýabyň boýundaky Aýlaklar obasyndan, Pürli diýýäler adyma-da. — Gümän edýäniň bamy, heý? Tykyrlanyp az-kem duran Pürli ahyry aýgyt etdi: — «Güman imandan aýrar» diýlendirem weli, çenim çen bolsa, gapdaldaky obadan Şalar güjükmikä diýip durun. — Gideli onda, ir günümizi giç etmäli. Olar oslanylýan ýere ýetmänkäler Gurbanmämmet: «Hany, sen otur entek» diýdi-de, özi goňşy tama sowuldy. Pahsadan eşekgeriş edilip salnan öýden gyrçuw sakgal adam çykdy. Salam-helikden soň Gurbanmämmet janyny barlady: — Şü göňşyň, heý, düýn-de-şu günde sygyr getirdimi, görmediňmi? — Ýog-aýt, ýöne ýerdölesinde-hä bir molama çykýa düýn irden bäri, malyň özi görünmese-de. — Boldy, Taňryýalkasyn! Gurbanmämmet «yzyma düş!» diýen manyda Pürlä ümledi-de, göni öýüň günçykarynda ýylgyndan syk örülen goýunagylyna ýöneldi. O ýerdenem öwrüm edäge-de, agzyna gamyş tutulan ýerdölä bardy. Şol ýerdenem gygyrdy: — Öýde kim bar, how?! Gapa tutulan kilimi galdyryp ýantymlap çykan gylyçýüz, gotraky adamyň «wäh» diýlen ýaly säginmede «liňk» edip gideni kazynyň synçy nazaryndan sypmady. Ol Gurbanmämmedi tanamady, ýöne gümän etdi. — Weý, mal-garaň arasynda durmaňyz näme, öýe giriň ahyry! — Gel özüň bärik! Gurbanmämmediň azmly sesine tisginen adam aýagyna hokgasyny ildirmäge-de howlugyp, bäri loňkuldady. — Aç şuny hany! Oňa ýer döläniň gamşyny galdyrmakdan özge alaç galmady. Gözüni ýagta tutup sygyr «şeýt-how!» diýýän ýaly «mo-o!» etdi — Çykar maly bärik! Aýdylany etmezden owal Şalar güjük delil ýagdyryp ugrady: — Düýn Gazawadyň bazaryndan aldym muny bahasyny amatlyrak görüp, ýöne eýesi: «Sygyr körmüşiräkdir, gündiz oňarsaň garaňkyrak ýerde sakla» diýensoň... Gurbanmämmet kinaýaly ýylgyrdy: — Näme, Gün görkezmäni muny Göroglynyň gyratydyr öýdüpmidiň? Ýagta çykan mal hezil edip gapdal ýandaky ot-çöpe agyz urdy. Pürli oňa golaý-golaý süýşende, Gurbanmämmet öý eýesine ýüzlendi: — Kör däl eken-ä, görýämiň ýeke ýatan çöpem ýalaýşyny. Oňa çenli Pürli dillendi: — Meň malym ýalam, ýöne şähy birhili-dä. — Nähili? — Meň sygrymyňky yza däl-de, gapdala gaýyşýardy, muň şahy bolsa... Ýöne hamragyna duşan ýaly haýwanam bolsa sygyr janawaryň Pürlini ýalaýjak bolşuny gören Gurbanmämmet çüňke gabalan pişik ýaly ýalt-ýultuny artdyran Şalar güjüge ýüzlendi: — Dogrujaňy aýt, şu mal halal özüňkimi? Ol ant içip, awy ýalady: — Hudaý bar, düýn Gazawat bazaryndan aldym diýdim-ä. — Birinjiden-ä, düýn bazar, onda-da mal bazary däl, ikinjidenem, geliň,hany bärik! Şeýle diýen Gurbanmämmet aşagyndaky odunyň öçenine kän wagt bolmandygyny küli aýdyp duran ojaga tarap ýöneldi. Gapagy galdyrdam weli, gabak astyndan yza çala gaňrylanda Şalar güjügiň üsti derçirän ýokarky dodagyny gaýym dişlänini görüp ýetişdi. — Bu näme? Gazanyň düýbünde arpa unundan edilen bulamak tokga tutup ýatyrdy. Soraga lala dönen Şalar güjük jogap okap bimedi. Gurbanmämmet weli agzyny açyp duran Pürliniň eline elini goýdy: — Şu bulamagy gyzgyny bilen sygryň şahyna ýapyp, ýumşansoňam ony islän tarapyňa burup, tanalmaza dönderip bolýa, gardaş. Dogrumy? Piri kädä gabalan Şalar güjük Gurbanmämmediň agy köpelen gözüni görenden nädip baş atanyny duýman galdy. Kazy ädim urdy: — Sen-ä sygryňa eýelik et, senem — Ol Şalar güjüge ýigrenç bilen seretdi: — Düş meň öňüme! Dowamy bar... | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |