00:09 Hytaý hekaýaty / satiriki hekaýa | |
HYTAÝ HEKAÝATY
Satiriki hekaýalar
Meşhur satirik Eziz Nesin diñe bir öz ýurdunda däl, eýsem dünýä boýunça alanda hem iñ batyrgaý, iñ pähim-parasatly, iñ erkin pikirli adamlaryñ biri. Onuñ ýiti mazmunly satiriki hekaýalary türk okyjylary bilen birlikde bütindünýä okyjylarynyñ hem göwnüni awlamagy başarýar. Şeýle-de bolsa, meşhur ýazyjy wagtynda eserleriniñ birnäçesini dürli-dürli toslama atdyr lakamlar bilen çap etdirmäge mejbur bolupdyr. Eziz Nesiniñ muşdaklaryny hasaba almanymyzda-da, hatda ony halamaýanlaram azda-kände ýazyjynyñ eserlerinden habarlydyr. Häzir aşakda okajak hekaýañyz hem, eger ýalñyşmaýan bolsak, 1956-njy ýylda Türkiýäniñ “Akbaba” žurnalynda we “Demokrat İzmir” gazetinde çap edilen bolmaly. Hekaýanyñ sýužeti aslynda Türkiýede bolup geçen wakalara esaslanýar. Emma ony birnäçe gazet-žurnal öz sahypalarynda çap etmäge çekinip, yzyna gaýtaryp duransoñ, Eziz Nesin hytaýly bir toslama ýazyjynyñ adyny oýlap tapýar we hekaýanyñ wakalarynam Hytaýda bolup geçen ýaly suratlandyrýar. Hekaýanyñ bu görnüşi okyjylaryñam, redaksiýanyñam ýokary bahasyna mynasyp bolupdyr. Şonuñ üçin başga-da gazet-žurnallar hekaýanyñ hytaý ýazyjysyndan edilen terjime eserdigine güpbe ynanyp, esere öz sahypalaryndan ýer beripdirler. * * * Günorta Hytaý deñiziniñ kenarlarynda Kung-Su atly balykçylaryñ ýaşaýan kiçijik obasy bar eken. Obanyñ ýaşaýjylarynyñ hemmesi balykçylyk bilen güzeranlaryny dolapdyrlar. Günlerde bir gün heniz Gün dogup-dogmanka Pung-Çiýangyñ balykçylar çaýhanasynda nireden çykandygy belli däl pişik çagasy gelip mýawlap başlapdyr. Goja Pung eýjejik pişijegiñ mawy gözlerine bendiwan bolup, oña Çung-Ban diýip at goýupdyr we kömekçisine bu pişige gowy esewan etmegi tabşyrypdyr. Çung-Ban az wagtyñ içinde çaýhana gelýän ähli müşderileriñ göz guwanjyna öwrülipdir. Emma pişigiñ erbet häsiýeti-de bar eken. Ogurlyk... Aslynda ogry däl pişik barmy näme. Emma Çung-Ban ýalysyna heniz hiç kimem duş gelmedik bolsa gerek, ol entek alty aýlyk pişijekkä ähli goñşy-golamyñ bizar-peteñini çykarypdy. Ol her gün irden Gün dogmanka misli wezipeli işgär kimin daşary çykardy we günortana çenli talañçylyk ederdi. Onuñ girmedik aşhanasy, sümülmedik ammary ýokdy. Gazana atarylan naharyñ gapagyny açyp, içinden gyzgynjak balyk lukmasyny ogurlamadyk ýeri ýokdy. Çung-Banyñ tüýkesme ogrudygyna we ýetirýän zyýanyna garamazdan hemmeler ony söýýärdi. Çünki ol şeýle bir oñaryp ogurlyk edýärdi welin, halk onuñ ogurlyklaryny, ýetirýän zyýanlaryny göwnühoşluk bilen garşylaýardy. Bir gün ol Pung daýynyñ çaýhanasynda gelen müşderileriñ biriniñ kagyz sumkajyga salnan balyklaryny onuñ gözüne çöp atyp, sumkanyñ aşagyndan deşen kiçijik deşiginden ussatlyk bilen ogurlady welin, müşderi kagyz sumkajygyna göz aýlanynda onuñ içiniñ boş hoñkaryp duranyny gördi. Çunguñ birgiden adamyñ içinden olaryñ hiç biriniñ gözüne ilmän balyklary ogurlamagy hemmeleri haýrana goýdy. Çung-Banyñ ýokary derejeli ogurlyk ukyplarynyñ alkyşlanmagynyñ başga bir esasy sebäbi bardy. Kung-Su obasynda eli egri däl adamyñ bir apbasylyk gymmaty ýok eken. Ogurlyk aýyp däldi. Ogurlyk edende tutulmak aýypdy. Ogurlyk edip ele düşenler emelsiz, özüni oñarmaýan hasaplanardy. Şonuñ üçin ogurlykdan başy çykmaýan ýigide "aýalyny ekläp-saklap bilmez" diýip gyz berilmezdi. Kung-Su obasynyñ simwolyna öwrülen Çung wagt geçdigisaýy ady dilden düşmeýän legendar mahluklaryñ biri boldy. Ärlerine şamlyk nahar taýýarlap ýetişmedik lakgy heleýler ogry Çungy bahana ederdiler. Olar işden ýadap gelen ärleriniñ öñünde özlerini aklajak bolup: – Wah, men nä alaç edeýin? Balygy gazandan Çung ogurlaýypdyr! - diýerdiler. Bir gün irden adamlar belent diwaryñ aşagyndan Çunguñ maslygyny tapdylar. Çung pahyr iş üstünde amanadyny tabşyrypdyr. Balykçylaryñ obasynda ýaşaýan ähli adamlar ajy gözýaşa gark bolup, pişigiñ ýasyny tutupdyrlar. Çung üçin dabaraly jynaza we depin çäresi guraldy. Uly-kiçi diýmän, ýedi-ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli, aýal-ebtat, oglan-uşak barsy ony soñky ýoluna ugratmaga gatnaşypdyr. Çung bolmansoñ obany ümsümlik gaplap alypdyr. Emma iki aý geçenden soñ garaşylmadyk mugjyza ýüze çykdy. Merhum Çungyñ mazarynyñ üstünde belent bina galdyryldy: "Salgyt binasy". Kung-Su obasynyñ ýaşaýjylary biri-birlerine salgyt binasyny görkezip: – Çungyñ ruhy janlandy! - diýişdiler. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||