11:20 Jelaleddin Meñburun | |
JELALEDDIN MEÑBURUN
Taryhy şahslar
Türkmen taryhyndaky meşhur gerçekleriň biri Jelaleddin Meňburun Horezmşalar döwletiniň soltany Alaeddin Muhammediň Aýjäjek diýen aýalyndan bolan uly ogludyr. Gynansak-da, çeşmeleriň ählisi Jelaleddiniň doglan wagty, onuň ýaşlygy hakda «dymýarlar». Internet maglumatlarynda onuň doglan wagty hakdaky 1199-njy ýyl bilen belgilenen sene hakykata golaý bolsa-da, anyk däl. Biz tagta geçen wagtynda döwleti dolandyryp biljek kämil ýaşda — 20 ýaşlarynda bolandygyny göz öňüne getirip, Jelaleddini, takmynan, 1200-nji ýylda doglandyr diýip çaklaýarys. Taryhy çeşmelerde şar gara saçly, dag maralynyňky ýaly balkyldap duran owaly, şar gara gözli, ýaňak bilen burnunyň düýbi hally diýlip sypatlandyrylýan Jelaleddin, takmynan, 15 ýaşlarynda kakasy tarapyndan Owganystanyň merkezi Gazna hasaplanýan Gur, Hyrat, Bust, Garçystan, Seýistan ülkelerine we Hindistan bilen serhetleşýän welaýatlara mälik edilip bellenilipdir. Bary-ýogy 30 ýaşdan sähelçe geçen Jelaleddiniň tutuş ömri mongollara garşy göreşde geçýär. 1216-njy ýylda 16 ýaşly ýetginjekkä häzirki Gazagystanyň demirgazygynda Turgaý welaýatynyň çäklerinde Irgiz derýasynyň aňyrsynda kakasy Muhammet II-niň 60 müň adamly goşunynyň mongollar bilen bolan ilkinji çaknyşygynda Jelaleddiniň goşunyň sag ganatyna serkerdelik edip, görkezen aýratyn gahrymançylygy Horezmşany ýeňlişden halas edipdir. Ýöne daşary syýasatda esasy ünsüni Bagdat halyflygy bilen gatnaşyklary birýüzli etmäge gönükdiren Horezmşa Muhammet bu ýeňşe känbir ähmiýet bermändir. Jelaleddin 21 ýaşynda, 1221-nji ýylda Nusaýyň golaýynda 300 adamlyk kiçijik ýygyny bilen 700 adamly mongol ordasy bilen çaknyşyp, ajaýyp ýeňiş gazanýar. Hut şol ýylda ol mongollary Weliýan galasyndaky, Perwanadaky söweşlerde ýeňýär. Türkmen serkerdesiniň bu ýeňişleri mongollaryň ýeňilmezekdigi hakdaky myş-myşlary çalam-çaş edýär. Onuň garşysyna hut Çingiz hanyň özi söweşe çykýar. Garadan gaýtmaz Jelaleddin türkmene mahsus mertlik bilen garşydaşy Çingiz hana ilçi ýollap, hut onuň özüni söweşe çagyrýar: «Söweşmek üçin islendik ýeri saýla, men gelerin!». 1221-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Hind derýasynyň boýundaky Nilab geçelgesiniň ýanynda bolan bu jeňde Jelaleddin birbada üstünligem gazanypdyr. Hatda Çingiz hanyň özem atyna münüp gaçypdyr. Emma hilegär Çingiziň ätiýaçdaky 10 müň atlysyny söweşe salmagy söweşiň ykbalyny onuň peýdasyna çözüpdir. Mongollar Emin Mäligiň ýolbaşçylygyndaky sag ganata hüjüm edip, ony kül-peýkun edipdirler. Çingiz han Jelaleddini diri tutmagy buýrupdyr. Daş-töweregini duşman alan, bir tarapy hem kert gaýa bolan ýagdaýda soltan halas bolmaga umydynyň galmandygyna göz ýetiripdir. Duşmandan aman dilemek ýa-da onuň eline diri ýesir düşmek Jelaleddin ýaly türkmen isimli mert ärleriň işi däldi. Şonuň üçinem ol keremli Alladan medet isläp, atyny gaýadan derýa oklapdyr. Jan süýji bolansoň, töweregindäki nökerleri hem halas bolmak üçin, onuň hereketini gaýtalapdyrlar. Jelaleddin sag-aman derýanyň aňyrky kenaryna geçip, Çingiz hana garap, ýumrugyny düwüpdir. Jelaleddiniň gahrymançylygyny gören Çingiz han öz gözügidijiligini we duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny daşyna çykaryp, öz ogullaryna: «Görüň, anha, atasynyň hakyky ogly şeýle bolmalydyr!» diýipdir. Hindistanda güýç toplap, Horezmşalaryň mongol atlarynyň tozy astynda kül bolan şadöwletini gaýtadan dikeltmek umydy puja çykansoň, Jelaleddin 25-31 ýaş aralygynda 6 ýyllap Eýranda, Kawkazda, Anadolyda beýleki garyndaş türkmen neberelerini bir ýere jemläp, öz döwletini döretmek üçin köp tagalla edýär. 25 ýaşynda (1225 ý.) Ermenistanyň paýtagty Dwin şäherini eýeleýär. 26 ýaşynda (1226 ý. 9-njy marty) Tiflis şäherini boýun egdiripdir. 27 ýaşynda (1227 ý.) Yspyhanyň eteginde mongollaryň üstünden ajaýyp ýeňiş gazanýar. Bu ýeňşiň mongollaryň öňe süýşmegini azyndan bäş ýyl yza serpikdirendigini adalatly belleýän taryhçylar bar. 30 ýaşynda (1230 ý.) Ahlat galasyny eýelemegi welin, onuň garşysyna bileleşigiň döremegine hem-de döwletiniň pajygaly ýagdaýda synmagyna sebäp bolýar. Ýeri gelende ýatlasak, Jelaleddiniň eden ýörişleriniň baýlyk toplamak ýa talaňçylyk etmek maksady bilen guralmandygyna onuň Gürjüstana ýörişem şaýatlyk edýär. Soltanyň hut özüniň baýlyga döwtalap däldigini gürji ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» romanyndan alnan aşaky parça hem görkezýär: «Eger-de meniň esasy maksadym tütjar bolmak bolsady, onda men şu gün şol maksadyma ýetdim diýip bilerdim — diýip soltan içinden pikir edýärdi. — Bu dünýäde şundan uly baýlyk gerek däl. Ýöne meniň esasy maksadym tütjar bolmak däl. Men bu baýlygy, bu altyndyr lagly-jowahyrlary gylyja, galkana, naýza, ýyndam atlara, tüýs men diýen jahyl esgerlere öwürmeli. Bu altyn üýşmegi demir sowutly ýygyn bolmaly, ana, şonda men Çingiz hanyň leşgeri bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerin, hany, göreli bakaly, şonda kimiň güýji rüstem gelerkä? Bu ýüzbe-ýüz duşuşyk haçan-nirede bolarka?» Biraz öňe gidip, bir hakykaty ýatlalyň — emma ykbal soltana özüniň mynasyp saýan duşmany Çingiz han bilen ikinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşmak pursadyny bagyş etmändi. Öz batyrlygyna, boýunegmezekligine mynasyp baha kesýän beýik duşmany Çingiz hanyň ölendigini eşiden Jelaleddin üçin indi dünýä gyzyksyz pişä öwrülipdir. Meşhur türkmen soltany Jelaleddin hakda dürli döwürde, dürli dillerde, dürli matlap bilen ýazylan taryhy çeşmeleriň, eserleriň, ylmy işleriň sany örän kän. Olary ilik-düwme öwrenip, «Çingiz hanyň garşydaşy: Horezmşa Jelaleddin Meňburun, şahsyýeti we zamanasy» atly monografiýany (Moskwa, 2013 ý.) ýazan rus alymy D.M.Timohiniň adalatly belleýşi ýaly: «Jelaleddin Meňburun Gündogaryň ençeme sebitleriniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan adatdan daşary, üýtgeşik, geň galdyryjy şahsdyr. Onuň ýörişlerini hem-de syýasy ädimlerini gurak beýan etmeklik bizi onuň işine mynasyp baha bermäge ýakynlaşdyrman, tersine, gaýtam ondan daşlaşdyrýar". Jelaleddiniň daş keşbi, gylyk-häsiýeti, nusgalyk sypatlary we kemçilikleri barada döwrüniň taryhy çeşmelerinde birnäçe maglumatlar saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda biziň üçin has ygtybarlysy soltan bilen ençeme ýyllap bile tirkeşen, onuň kätibi bolan Nesewiniň sözleridir: «Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady... Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadangaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek, sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salykatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi, emma onuň zamanasy pis bolup, bulagaýlyklaryň, uruş-gowgaň örç alan zamany bolansoň, onuň häsiýetine täsirini ýetirdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursady bolanyndan soň, güýje daýanyp, zorluk etmäge-de mejbur bolupdy». Emma D.M.Timohiniň dogry belleýşi ýaly, «Jelaleddini öz döwrüniň hetdenaşa gazaply hökümdary hasaplamak düýbünden dogry däldir». Soltanyň ömür beýanyny ýazan nusaýly taryhçy Muhammet Nesewi ata Watanyny terk etmäge mejbur bolan Jelaleddiniň indiki durmuşyny «ajalyň agzyndan sypyp barýan sergezdana» meňzedipdi. Nesewi Jelaleddini musulmanlary mongol howpundan goran ýeke-täk galkana deňäpdi. Taryhy öwreniji alym A.Ýazberdiýew «Gürgenç — Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi» (— A. — 2018 ý.) kitabynda bu türkmen gerçegi hakda XVIII-XIX asyrlarda ýaşan meşhur alym K.D.Ossonyň: «Jelaleddin häsiýeti boýunça generaldan ýa-da hökümdardan tapawutlylykda, söweşjeň türkmen esgerine has meňzeş bolupdyr», J.A.Boýluň: «Jelaleddin we onuň goşuny tatarlar (mongollar) bilen yslamyň arasyndaky böwsülmez diwary döredipdir» diýen sözlerini mysal getirýär. E.Braun Jelaleddini we onuň egindeşlerini «1220-1231-nji ýyllarda wagşy mongollaryň ägirt uly ordasynyň öňünde duran yslamyň iň soňky sarsmaz galasy» diýip atlandyrypdyr. «Eýranyň Kembrij taryhynda» birnäçe kemçilikleri goýberendigine garamazdan, Jelaleddiniň yslam dünýäsi bilen mongollaryň arasynda sarsmaz gala bolup durandygyny, onuň wepat bolmagyndan soň onuň ýykylandygyny, indi ne Eýýubylaryň, ne-de Seljuklaryň mongol howpuny serpikdirip biljekdigi ýazylýar. Hakykatdan-da, Jelaleddiniň şahsyýetine kesgitli, anyk baha bermek birtaraplayyn hem-de egsik bolardy. Eger ol gowşak syýasatçy bolanda, Horezmşalar şadöwleti ýykylandan soň, hatda onuň ozalky çägine girmedik ýerlerde oňa öz döwletini gurmak başartmazdy. Jelaleddiniň agzalan sebitdäki döwletleri basyp almak pikiriniň bolmandygy, asla bolup hem bilmejekdigi äşgär. Emma diňe öz bähbitlerine gulluk edýän, dowam edýän halkara ýagdaýyndan sowukganlylyk bilen baş çykaryp bilmeýän, duşmanyň diňe öz üstünden sowulmagyny isleýän, il-ýurduny, ar-namysyny baş orunda goýman, köşgüň ýumşak tagtyny ähli zatdan ileri gören hökümdarlar Jelaleddinden howatyr edipdirler, ony özlerine duşman saýypdyrlar. Gorkusyna oňa tabyn bolanlaram çemini tapsa, gozgalaňa baş göteripdir. Hatda dogany Gyýaseddinem özünden ýüz öwrüp, söweşde namartlyk edip gaçansoň, Jelaleddin lapykeçlige düşüpdir, kimi dost, kimi duşman saýjagyny bilmändir. Ol bu ýerleriň halklaryny mongollara — dinibaşga duşmanlara garşy göreşmek üçin birleşdirmäge, yslam dinini goramaga birnäçe gezek synanyşypdyr. Şu maksadyna ýetmek üçin gepleşikler geçiripdir, türkmen diplomatiýasynyň inçe tilsimlerini «ýarag edinipdir», duşmanyny hem öz tarapyna çekmäge synanyşypdyr, gan dökmezlik üçin hilegärlige-de ýüz urupdyr, zerurlyk bolsa abaý-syýasat hem edipdir, çykgynsyz ýagdaýlarda güýjem ulanypdyr. Gerek ýerinde öz doganynam sylap goýmandyr. Gürji şazenany Rusudana, sebitdäki iri türkmen döwletlerine — seljuk türkmenleriniň Anadolydaky döwletiniň soltany Alaeddin Keýkubat I-ä hem-de Müsürde we Siriýada häkimlik süren Eýýuby mäliklerine mongollara garşy birleşmek hakda eden teklipleri puja çykypdyr. Emma mongollara garşy göreşde yslam döwletleriniň arasynda goldawsyz galan Jelaleddin öz gylyjyny bularyň garşysyna hem götermäge mejbur bolupdyr. Iň soňky Horezmşa öz döwrüniň musulman hökümdarlarynyň biri hökmünde hereket edipdi. Muhammet Nesewiniň gynanç bilen ýazyşy ýaly: «Soltan dünýäniň, gör, näçe ýurdunda näçe ýola söweşe girip, duşmanlaryny kül-peýkun eýledi, ol ajalyň agzyndan, howpuň holtumyndan, külpetleriň girdabyndan mydama ýeňiji bolup çykdy. Haçan-da onuň müddeti tamam bolanynda, arlap duran algyr ýolbars nagrasy bilen daglary elendirýän ýolbars tilkiniň elinde jan bermeli boldy». Mongollara garşy dynuwsyz göreşen türkmen gerçegi Jelaleddiniň ömür tanapy 1231-nji ýylda Gürjüstanyň geçmesi kyn dag geçitleriniň birinde bir haýynyň hanjaryndan kesilýär. Şol wagt ol ýaňy <strong>30-dan geçen </strong>men diýen ýigitdi. Ömrüni gojaman daglaryň goýnunda tamamlan bu türkmen gerçeginiň mazarynyň nirededigi nämälimligine galýar. Halk birbada soltanyň ölümine ynanmandyr. Bellemeli zat, taryhçy Ibn Esir Jelaleddiniň ölüminden habarlam bolsa (Ibn Esir Jelaleddinden üç ýyl soň, 1234-nji ýylda aradan çykypdyr), musulman äleminiň guwanjyna öwrülen türkmen gerçeginiň ölümini ýatlamak islemändir we kitabyny 1231-nji ýylyň wakalary bilen tamamlapdyr. Soltanyň nesillere nusgalyk ömrüniň beýanyny ýazan Muhammet Nesewide şeýle setirler bar: «Ynha, Jelaleddiniň keç çeken ykbaly: ol ýykyldy, emma ýene-de turdy, ol uçgun ýaly köräp öçere geldi, emma birdenem ýangyn ýaly tutaşyp dünýäni tutdy. Çarhypelegiň gerdişi bilen bagtyna örän eýmenç zamanada, soltanlyk dargan çagynda soltanlyk etmek miýesser etdi, ol gazaply söweşlerde il oglunyň, ýurt oglunyň, watanparaz serdaryň niçiksi bolmalydygyny görkezdi... Jelaleddin ýöne bir adam däl, ol meger Ylahynyň arzylan perzendidir. Muňa onuň 11 ýylyň içinde taryha ýaň salan 14 sany uly söweşde üstün çykandygyny ýatlamak hem ýeterlikdir!». Zehinli edebiýatçy R.Pirjanowyň «Jeň meýdanynyň jöwheri» atly makalasynda adalatly belleýşi ýaly, «Bir gün ol ýerde, bir gün bu ýerde, açyk meýdanlarda gurlan çadyrlarda dolandyryp geçen köşksüz hökümdar, tagtsyz soltan bolup ýaşan Jelaleddiniň asylly maksada gulluk edendigini onuň garşydaşlary hem ykrar edipdirler». Agzalan alymyň sözleri bilen aýtmaly bolsa «Jelaleddin bu dünýäden armanly gidipdi, ahmyrly gidipdi, pajygaly gidipdi, hatda mazarynyň nirededigi-de belli bolman, Muhammet Nesewiniň ýazyşy ýaly, «älemi ýetim goýup» gidipdi. Ýöne «Suw küýzesi suwda synar» diýlişi ýaly, ömrüni gyzgyn göreşleriň, aldym-berdimli söweşleriň içinde geçiren Jelaleddin dyza çökmän, boýun synman gidipdi. Ynha, şu hem onuň köpleriň söýgüsine mynasyp bolan gaýduwsyz milli gahryman hökmünde halk hakydasynda ýaşamagyna getiren ýagdaýdyr». Hawa, her halkyň geçmişinde onuň milli «menini», ýagny mentalitetini özünde jemläp bilen bir ýa iki şahs bolýar. Türkmen üçin şol nusgalyk şahs Jelaleddindir. Jelaleddin, hakykatdan-da, türkmen watansöýerliginiň, gahrymançylygynyň, ar-namyslylygynyň nusgasy hökmünde geljek nesillerimiziň aňynda hemişelik orun almaly beýik şahsdyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |