JENNETDEPEDE DÖKÜLEN GAN
Ildeş şahyrymyz Kasym Nurbadowyñ "Goşa ýürekli ýigit" atly poemasynda:
Çaloýukdan çykýan kiçijik ýoda,
Seni idip ýalñyz mazara ýetir.
Mazaryñ astynda goşa ýürekli,
hem babyr bilekli bir ýigit ýatyr.
Gojalar säginmän geçip gitmezler,
Ýoly şu mazaryñ üstünden ötse.
Dyzlaryny eper,
başlaryn eger:
"Wah, Derýa neresse, Derýa neresse..."
- diýen setirler bar. Eýsem, şol ýatlanýan Derýa neresse kim bolmaly?
Sowet hökümetiniñ berkarar edilen ilkinji ýyllarynda ylym-bilim almaga teşne ýigitleriñ ençemesi orta çykypdyrlar. Olar synpy göreşiñ ýitileşen döwründe janlaryny howp astynda goýup, pyýadadyr eşekli obama-oba aýlanyp, il-günüñ arasynda düşündiriş işlerini alyp barýardylar, deñ-duşlaryny sowatly bolmaga çagyrýardylar.
Derýa Musaýewde şeýle ýigitleriñ biridi. Ol ýigriminji ýyllaryñ aýagynda Çaloýuk obasynda açylan mekdebe türkmen oglanlarynyñ ençemesini çekýär. 1930-njy ýylda obada döredilen komsomol ýaçeýkasynyñ ilkinji sekretary bolýar. Respublikanyñ paýtagty Aşgabada gidip, şol ýerde bilimini artdyrýar. Son ýene obasyna dolanyp gelýär.
Günleriñ birinde ýaman niýetli adamlar päk göwünli ýigidiñ başyna ýetýärler. Derýa Musaýew 1931-nji ýylyñ gyş paslynda Esenguly etrabynyñ Çaloýuk obasyndan 5-6 kilometr gündogar-günortada ýerleşen Jennetdepede wepat bolýar. Şahyr Nazly Tuwakgylyjowyñ "Derýa" poemasynda şol aýylganç güni beýan edýän şeýle setirler bar:
Ýigit gelne tarap, gelinem oña,
Yssy mähir bilen gelýärdi ýortup.
Arman...
Hyrlyñ gözlerinden çykan ot,
Derýanyñ ömrüni taşlady kertip.
Nurana Aý dözmän girdi buluda,
Garankyrap gitdi jahan dessine.
Derýanyñ agzyndan gelen ýyly gan,
Akdy gelniñ päk gursagnyñ üstüne...
Ýurdumyzyñ ösmegi, halkyñ bagtly ýaşamagy üçin gara başyny orta goýan adamlara uly hormat goýlup, atlary ebedileşdirilmeli. Bu gün Çalýoýukdaky 3-nji orta mekdep bary-ýogy 25 ýaşynyñ içindekä bu dünýäden armanly giden Derýa Musaýewiñ adyny göterýär.
Ödemämmet TÖRÄÝEW.
Edebi makalalar