05:46 Jomart / hekaýa | |
JOMART
Hekaýalar
«Oba Jomart gelipdir» diýdiler. «O-how!» diýdiler. Elli ýaşdan ötse-de, ile belli alym bolsa-da, obada onuň ady diňe Jomartdy. Ýumruk ýalyjaklara çenli «E-eý, Jomart, maňa näme getirdiň?» diýerdi. ― Eje, indi bir aýlap seniň ýanyňda boljak. Hoşmy? Näme işiň, näme derdiň bolsa, aýdyber. Hoşmy? Ýetmişden agan eje görgülide perzent küýseginden başga näme dert bolsun! ― Wah, jan oglum, boýlaryňa... Onýança bir maşyn «Düýt!» etdi. ― E-eý, Jomart... Garry ene, salawmaleýkim! Biziň klasdaşy nä bukup-gizläp otyrsyň? Klasdaş, hany, mün maşyna! ― Eje, men häzir gelýän... Jomart bilen klasdaşy çaý başynda öten-geçeni agdar-düňder etdiler. Şu güne ýetilip, sygryň üstünden gelnende, gürrüň ot-çöpe büdredi duruberdi. ― Äý, Jomart klasdaş, sygyr diýlen içigary saklamasaň, bi gara bokurdagam sakladanok. Bu içigary saklaýyn diýseňem, ot ýok. Bar ýeri pagta... Ynha, basym bi zaňňarlaram öýerip başlamaly birujundan... Jomardyň beýleki bir klasdaşy, klasdaşynyňam aýaly Näzik gelip, ortadan gap-çanaklary aýyrdy. Wah, negözel gyzdy. Gözleri dagysy çebşegiň gözi ýaly balkyldar durardy... On çaganyň agzyna düşüp, on bölege bölünipdir görgüli. Gyz eňekler gysylyp, dal boýlary eglipdir. Birmahalky Näzik gyz, heleýe öwrülipdir... ― Otuň kimden çözülýär? ― diýip, Jomart dikeldi. ― Ot byrgatdan çözülýä-dä! ― diýip, klasdaşam ýeňillik bilen dikeldi. ― Ýör! Ot byrgadyň ýanynda otuň gürrüňi ýok eken. Ýöne obanyň skladçysy oňa «Birki halta şaly bereýin» diýipdir-de, entegem bermändir. ― Ýör! Skladda şaly kän eken. Emma, obanyň arçyny mellek paýlaşykda skladçynyň bir ogluny ýatdan çykarypdyr. Ýatlatmaly boldy. Ýöne häkim bu arçyna täze maşyn wada beren eken. Häkimem Jomardyň bile önüp-ösen oglany. ― Ýör! Häkim bir görseň-ä, şol bile önüp-ösen, ýumruklaşylyp ulalan oglan ýaly, bir görseňem, däl ýaly. Öňünden syn etseň, başga bir adam, ýeňsesindenem... Adamyň bir-ä gözi, birem ýeňsesi kän üýtgemez eken. Onsoňam, adamyň ýüzünden-gözünden onuň ýeňsesi kän zat aýdar eken. ― Jomart, işler nähili? Doktorlygy haçan goraýaň? Jomart täze açyşy hakda gürrüň berere adam tapanyna begenip, söze başlady. Ýeriň astynam goýmady ― üstünem, geçmişinem goýmady ― geljeginem. Kärdeşleri ýöne ýere oňa «Geodeziýa ― geologiýa ― biologiýa ― filologiýa ― taryh hem ykdysady ylymlaryň kandidaty» diýenoklar-a. Häkim bolsa birden onuň sözüni böldi-de: ― Jomart, menlik näme gulluk? ― diýip, ullakan depderini öňüne süýşürdi. Jomart ýumşuny aýdaga-da, özem goltugyndan depderçesini çykardy, häzirlendi. Häkimiň nägünlükler bilen pylan institutyna giren, şunça ýyl jan aýaman okan, indem «kakoý-to» birki sany synagdan ýykylyp, institutdan gyrakladylan oglunyň doly salgysyny alyp, Jomart ertesi irden Aşgabada uçdy. Häkimiň ogluny öňki okuwyna täzeden dikeldip, rektoryň oglunyň kandidatlyk işine kömekleşmegem boýnuna alyp, ýene yzyna dolandy. Häkim täze maşyna hat berdi, Jomart haty getirip, arçyna berdi, arçyn mellege hat berdi, Jomart haty getirip, skladça berdi, skladçy oňa şaly berdi, Jomart şalyny getirip, ot byrgada berdi, ot byrgadam oňa ot berdi, ot gelip, Jomardyň klasdaşynyň gapysyna gütläp düşdi. Ertesi irden ejesi Jomardy zordan yralap turuzdy. ― Tur, oglum, Ata ýegen gelipdir, seni çagyrýar. ...Näçe günüň içhä-içliginden ýaňa kellesi çaýyr çeýnäbermeli bolan Jomart, çaý-nahardan soň birneme özüne geldi, boş çüýşäni pyrlaşdyryp oturan Ata ýegene seretdi: ― Ýegen, aýdyber! ― Äý, şü daşrakda gulluk edip ýören bir ýegeniň bar. Günde hat ýazýar, «Dat, meni urýarlar, geliň-de äkidiň, ogul gerek bolsa diýip. Şony getirip, golaý-goltumrakda bir çasa ýerleşdirmeseg-ä boljak däl. ― Bilet... ― Bilet taýyn. Birigün uçýas. Jomart şol alysdaky harby bölümiň ulusy bilen golaýrakdaky bir harby bölümiň ulusyny gürleşdirip, ikisiniňem ýumşuny bitirip, ýegeninem täze bölümde gulluga ýerleşdirip, ýene oba dolandy. Şol aralykda biriniň toýuny, biriniň sadakasyny sowuşdy, iki sany goňşyny ýaraşdyrdy, biriniň öýkeläp giden gelnini höre-köşeläp yzyna getirdi, biriniň ýiten sygryny tapyşdy, biriniň motoryny oňaryp berdi. Olaram ony hor etmediler. Garaz, bir aýlap Jomardyň burnunyň gyzyly aýrylmady, gaýtam, burnuň üstündäki çiş öňküdenem ulaldy. Jomart bu zähmet rugsadyndanam, öňküleri ýaly, juda hoşal bolup, Aşgabada gaýtdy. Samolýotda uçup barýar welin, nämedir bir zat ýatdan çykan ýaly bolup dur. Oýlanyp otursa, ejesi eken... ...Üç-dört ýyllykda oba gürrüň ýaýrady: «Jomart alkaş bolanmyş». «Wiý!» diýdiler. Soň bir gün oba onuň özüne derek habary geldi: «Jomart ölüpdir». «Wah-eý...» diýdiler. Bolany. Kömek Kulyýew. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |