02:57 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy | |
* * * Günüň gyzgyny hem aýdymyň gyzygy bilen göwünleri teselli tapan ýolagçylar Gök Žetik diýen ýaýla geldiler. Seýit Kasym töre aýaklaryny ýazyp, ikindi namazyny okaýança tanyş gyrgyz ýigitleriniň biri onuň atlaryny iýmledi. Ýigdekçe gyrgyz dostuny hem ýanyna alyp, garaňka galmazlyk üçin ýene ýola düşdi. “Öňümizde ýene bir dag geçidi bar” diýip, seýit Kasym gyrgyz ýigidiniň daglylaryň şiwesinde aýdan sözüni Aýhanpaşşa bilen onuň jigilerine düşündirdi. Ana, şo diýilýän dag geçidinde-de Aýhanpaşşanyň ýüregi tas agzyndan çykypdy. Ýol ýokarylygyna şeýle bir dik welin, öňe omzaýan atlaryň dem almasy kynlaşyp, aýak alşy görnetin agyrlaşdy. Seýit Kasym töre bilen gyrgyz ýigidi arabadan düşdüler. Biri öňüne geçip, jylawyndan tutdy-da, ýokarylygyna dyzap ugrady. Beýlekisi bolsa bar güýji bilen arabanyň yzyndan itekledi. Aýhanpaşşanyň hälki öz aýdymynda aýdyşy ýaly, Gün hem ýaşman, dagyň depesinde göýä gymyldysyz duran ýaly boldy. Dagyň aňyrsynda bataýyn diýse, bularyň arabalary-da ýokary çykyp, Güni gözden gizlemedi. Seýit Kasym hem ähli güýjüni jemläp, Güni ýaşyrman saklajaga jan edýän ýaly. Gorkudan ýaňa arabanyň bir burçuna gysylyp oturan Aýhanpaşşanyň gözleri nykap üzre bolsa-da, Günüň oýnaklaýan şöhlelerini uzagrak görmegiň arzuwynda... Geçidiň ýokarysyna çykanlarynda baýak dalbara münendäkisi deý, göýä dünýäň depesinde gaýyp ýören ýaly bir duýgy peýda bolup, ýigidiň ýüregine howsala saldy. “Eý, Alla, şo merdiwan ýaly araba bilen aşaklygyna düňderilip gaýtmasam-da biridir!” diýip, gara der bolan köýneginiň ýakasyna tüýkürdi. Dagyň depesi ýap-ýagty, geçidiň iki tarapyndaky jülgeleri bolsa, garaňky basyp ugrapdyr. Aýhanpaşşa üçin bu belentlige çykmak gorkunçmy ýa düşmek, biljek ýok. Garaňky gatlyşyberende olar degresinde çeşme-çaýlar akyp ýatan Aral atly gözel ýere ýetdiler. Ýene bir sagatdan bolsa, giň asmanynda ýyldyz bary ýalkym saçýan Köne Nowkatyň bir çetinden girdiler. Şol ýerde geçiren bir hepdesi Aýhanpaşşanyň ömründäki iň bagtly günler ekeni. Çünki bir aý geçip-geçmänkä olaryň külbesine emir Omar hanyň sawçylary gelipdi. Şol ýylyň tomsunda Aýhanpaşşa emir Omar hanyň üçünji aýaly bolup nikalaşmaga mejbur boldy. Ol köşge kapasa düşen guş dek girdi... Bu ýerde agyry-yzadan kimiň köp ejir çekýänini Abdyllanyň özi-de bilip bilmedi. Ýaş ýigit seýit Kasymyň dalbardan ýa dag geçidinden däl-de, parlak ýyldyzly asmandan gara ýere kelemenläp ýykylmasynyň yzasymy ýa gar üstünde zar aglap galan mähriban jigileriniň göz öňünden birjik-de aýrylmaýan şekilleri üçin Aýhanpaşşanyň çekýän ezýetimi? Haýsysy agyr? Abdyllanyň özi nirede ýatyr? Bu dünýäde, bu soňy görünmeýän zulmatda nämeler bolup ýör? Agyrydan, awunmadan beter näme bar?.. Dagyň depesinde asyl-asyl bolup duran Gün bäş sany narynç apelsin ýaly tigirlenip aşak düşdi. Abdyllany tukat uky basmarlady... *** Ertesi irden türmäniň gapysy şakyrdap açyldy. Abdylla tisginip oýandy: “Men niredekäm?” Aşpez esger bir okara tagamsyz suwuk nahar bilen bir kürüşge çaý goýup gitdi. Türmede ilkinji gün ukudan oýanmak üýtgeşik ýagdaý. Abdylla muňa öňki gezek tussag edilende oňat göz ýetiripdi. Alasarmyk uka gidip, düýş görmeýän-de bolsaň, türmede ýatanlygyňy aňşyrýarsyň. Oýananyňdan soň welin, düýnki zatlaň ählisi düýş bolup çykaýbilsedir diýip, oýa batýarsyň. Ýöne, görşüň ýaly, o zatlar basyrganmak däl, düýşem däl. Sen hakykatdan hem türmede! Hakykatdan hem 31-nji dekabrda gije üç adam gelip, goňşularyňy şaýat tutunyp, öýüňi dökdüler. Rahbardyr çagalar gar üstünde zar agladylar. Elde göterilmegine endik eden körpejäň Masud “Kakam jan!” diýip, gandal urlan gollaryňa bakyp, özelenip galdy... Urlup, ýenjileni hem çyn. Burçdaky bedreden suw almak üçin turanda Abdylla bütin bedeniniň syrkyrap duran agyrysyna döz gelmän, özüni bialaç aşak goýberdi. Ýok, ana, ýatyp galyp, ertir namazyny-da kaza etdi. Ýuwaşlyk bilen turup, täret almaly, kaza eden-de bolsa, ertir namazyny okamaly... Bedenindäki agyrylara dözüp, Abdylla ýerinden turdy. Burçda täretini alyp, ýatan ýerine geldi. Kyblanyň haýsy tarapdadygyny anyk bilmese-de, ertir namazyny okady. Tagamsyz suwuk nahary keşdi çekmedi. Çaýyny içdi. Çaý pikirlerini ýazyp goýberdi. Şu diwarlaryň aňyrsynda alym Gazy Ýunusyň oturan bolmagy mümkin. Fitrat halypanyň bolmagy mümkin. Çolpan, hawa, Çolpanyň bolmagy mümkin. Arabada aýdym aýdan gyz barada Çolpan ýazmanmydy? Şährihandyr Köne Nowkat barada şondan gowy bilýän barmyka? Abdyllanyň Çolpany göresi geldi. Aýtmaly, diýmeli zatlary haçandan bäri ýüreginde baslygyp ýatyr. Indi onuň bilen bu ýerde görüşip bir bolarmyka? Indi oňa rus milletindem bolan aýaly Katýanyň howatyrdyr howsalasyny ýetirip bilermikä?.. Türmedäki ilkinji gün aýratyn üýtgeşik. “Indi näme bolarka?” diýip, gapynyň aňyrsynda eşidilýän her bir çygşylda gulak gerip oturansyň. Ýöne soňy gelmeýän hiç bir zat ýok. Ýene bihuda hyýallara çümersiň. Ýene bir zatlary ýatlap ugrarsyň. Kalbyňdaky ýatlamalary degirmeniň agyr daşlarynyň arasyna salyp üweýän ýaly, birme-bir elekden geçirip ugrarsyň. O ýerden bolsa, üfleseň tozap gitjek un çykar... Degirmeniň agyr daşy! Eýse, Aýhanpaşşanyň kapasadaky ilkinji güni mundan ýüz esse agyr dälmidi? Zora duçar gelen o gyzyň ertesi gelin salamyna çykyp, öz atasy seýit Gazy hojanyň, ondan soň biri-biriniň söbügine münüşip, otaga giren aýal-ebtatlaryň – oňa zorluk edip, içine agyr düwün salan emiriň enesidir daýzalarynyň, ýeňňeleridir aýallarynyň öňünde baş egşi... Gyzyň ýüregine salnan ýaranyň awusyny Abdylla on iki süňňi bilen syzdy, öz derdini unutdy, Hudaýa sygyndy. Birsalymdan tussaghananyň gapysy gaýtadan açyldy: “Tussag edilen, Kadyry, eliňi arkaňa tutup, çyk!” Esger ony öňüne salyp, ýerzeminiň başga bir otagyna äkitdi. Ol ýerde san bilen belgilenen tagtajygy eline tutduryp, ilki ýüz tarapyndan, soňam gapdalyndan surata düşürdiler. Ondan soňky eltilen otagynda gartaşan jöhit dellek Abdyllanyň saçyny we sakgal-murtuny syrmaga durdy. Ýanynda hekgerip duran esgeriň dil ýarmaga rugsat bermeýänligi üçin, belki-de, diliniň peltekligi sebäpli dellek myşlap, haşlap, bir zatlary pyşyrdap, gepleşmäge ilgezikligini elleriniň hereketi bilen aýan etdi. Ol Abdyllanyň sakgalynyň syrylan ýerine eli bilen çalaja kakyp, ýektaýynyň ýakasyny çekişdirip, gulagynyň ýanyna eglip, myşlap, özüçe bir zatlary pyşyrdady. Dalbardan ýykylan seýit Kasymyň ýanynda Aýhanpaşşanyň janserek bolup ýörşi Abdyllanyň güpbe ýadyna düşdi-de, gülküsi tutdy. Ýok, dulugyňdan päki ýöräp durka, üssesine-de ýüzi-gözi gamaşyp duran esgeriň ýanynda gülüp bolmaz. Ojagaz gülkiň, gelip-gelip, ahyrynda bu biçäre dellege-de zyýany ýeter. O-da özi ýaly tussagyň biri bolsa nätjek? Ýa tussag edilmezligi üçin bu ýerde işläp ýörmükä? Ýa-da çyndanam tussag edildimikä? Ol Abdyllanyň sakgal-murtuny oňat edip syrdy. Sakgalsyz-murtsuz bolmak saç syrdyran ýaly däl, ýokuş degýär ekeni. Abdyllanyň göwnüne ýokarky dodagy pökgerip duran ýaly boldy. Oňat ýeri, surata bu sypatynda düşürmediler... Ýaňky ýylmanak ors esgerine seredip, öz kyssasynda birneme soňrak giňişleýin beýan ederin diýip ýören bir hekaýaty Abdyllanyň ýadyna düşdi. 19-njy asyryň başlarynda Russiýanyň garamagynda bolan Polşanyň Şawel şäherinde Witkewiçleriň asylzada maşgalasynda ogul perzendi dünýä indi. Kakasy onuň adyny Ýan, fransuz medeniýetine maýyl ejesi bolsa, Jan diýip tutdy. Ol akylly we düşbi oglan bolup ýetişdi. Polýak dilinden daşary ýaşlygyndan ors, iňlis, fransuz we nemes dillerini suwara öwrendi. 14 ýaşynda Kraž şäheriniň gimnaziýasynda okaýarka Ýan Witkewiç “Gara gardaşlar” atly gizlin guramany döretdi. Halkyň arasynda orslara we ors agalygyna garşy çagyryş hatlaryny, goşgulary ýaýradýan wagty ele düşdi. Ýaşlygyna garaman, ähli emläginden, hak-hukuklaryndan mahrum edip, ýetginjegi sürgüne iberdiler. Boý-syratyna seretseň, ýetginjek diýer ýaly däl, ýaş ýigide çalym edýär. Türmedäki ors esgeriniň keşbi bilen özüniň murty syrylansoň ýokarky dodagynyň pökgerip durmasy goňrumtyl saçly Ýan Witkewiçiň suratyny Abdyllanyň ýadyna saldy. Orsk sähralyklarynda tatarlaryň we gazaklaryň arasynda bolanda ýaş polýak ýigidi olaryň dilini öwrenmäge girişýär. Ylymlylygy üçin tatarlaryň arasynda onuň ady Ýan hem däl, Jan hem däl, Galimzýan diýlip tutulýar. Gazaklar bolsa oňa Alymjan diýip ýüzlenýärler. Käte-käte Buharadan Moskwa gidýän söwdagärlerden ol pars dilini hem öwrenýär. Şeýdip, aradan alty ýyl geçýär. Şol wagt Sibir ekspedisiýasyndan gaýdyp gelýän meşhur nemes gündogary öwrenijisi Wilgelm Gumbolt Orenburgda düşläp geçýär. Şonda ol tötänden diýen ýaly ýigrimi ýaşly Ýan Witkewiç bilen tanyşýar. Onuň ylym-bilimine haýran galyp, syny oturan alym bu ýigidi Orenburga täzelikde gubernator edilip bellenilen Perowskiý bilen tanyşdyrýar. Patyşa hökümeti tarapyndan Orta Aziýany zabt edip almak wezipesi öňünde goýlan Perowskä Witkewiç ýaly köptaraplaýyn sowatly adamlar zerurdy. Şeýlelikde, ol 1835-nji ýylda Galimzýany Buhara içaly edip iberýär. Witkewiç bir ýylyň içinde Buhara emiriniň guşbegileri we wezirleri bilen tanyşyp ýetişýär, zerur maglumatlary toplap, Orenburga, Perowskiniň ýanyna dolanýar. Mundan soň ol içalylyk saparlary bilen Türkmenistana we Owganystana ýollanýar. Rus hökümetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin Witkewiçe ofiser çini berilýär, hak-hukuklary dikeldilýär. 1839-njy ýylda parlak geljegi bolan otuz ýaşly ofiseri paýtagta – Peterburga çagyrýarlar. Myhmanhanada özüniň ýaşlyk dosty, şahyr Konstantin Tyşkewiçe tötänleýin sataşýar. Uzak ýyllar görüşmedik iki dost myhmanhanada gapyny içinden kiltläp, ýaşlyk ýatlamalaryny, başdan geçirenlerini biri-birine aýdyp, ýürekdeş gürrüň edýärler. Ýan Witkewiç öz adynyň Galimzýandyr Alymjana öwrülişini, Buhara, Nişapur, Kabul ýaly ýerlerde bolup, bitiren işlerini aýdanda Tyşkewiçiň ýüzi agaryp, bozarýar. Ahyry Witkewiç öz hukuklarynyň dikeldilip, ofiser çinine göterilenini gürrüň berip otyrka Tyşkewiç onuň sözüni kesýär. – Bilýäňmi sen kim? Sen satlyk! Sen haýyn! Bulara garşy ölinçäk göreşeris diýip, kasam içmänmidik? Sen bolsa bularyň günlükçi hyzmatkärine öwrülipsiň! – diýip, tarsa ýerinden turýar. Otagdan çykyşyna gapyny gürpüldedip ýapyp gidýär. Ertesi kellesinden atylyp, eli rewolwerli ýatan Witkewiçiň jesedi öz otagyndan tapylýar... *** Abdylla bu hekaýaty entek çigräk göreni üçin soňa goýupdy. Belki, beýnisinde bişirip, taýyn bolansoň, “Rus ruletkasy” diýen bölümi ýazyp, kitabyna girizer. Hudaý ýol berse, entek bu ýerden bir aman-esen çyksyn. Onsoň Witkewiçiň Buharadaky başdan geçirmelerine hem dolanar. Bu hekaýaty doly açyp görkezmek üçin birki sany goşmaly zatlaram bar. Dilini hem zynatlamak gerek. Häzirlikçe biraz gysgaldyp, bu hekaýaty şu ors ýigide gürrüň beräýse näder? Düşünermikä? Abdyllanyň oý-pikirleri syrylan saçlary ýaly dyr-pytrak boldy. Kellesini durlap, özüni ele almagy gerek. Hususan-da, ine, şu ýerde, türmede... Dellek öz işini dyndy. Ýene-de demir gapylaryň öňi bilen alyp gaýdyp, Abdyllany öňki türme otagyna saldylar. Indi özüni raslamaly. Hyýal atynyň jylawyny erkine goýbermeli däl. Soraga çekjek bolsalar, nämeleri sorarlar? Berjek jogaplaryny häzirden taýynlap goýmagy zerur. Düýn gije nämelerde aýyplapdylar? Ýalňyşmaýan bolsa, tatar derňewçiniň kagyzynda 57-nji, 67-nji maddalar görkezilendi. Ir bilen görmän eken, gapa golaý ýerde könelişen “Jenaýat Kodeksi” kitaby ýatyrdy. Kitaby eline alyp, Abdylla özüne ýöňkelýän maddalara göz gezdirip başlady. 57-nji madda: “Sowet Soýuzynyň Konstitusiýasyna we Soýuzdaş respublikalaryň Konstitusiýalaryna laýyklykda Sowet Soýuzynyň we Soýuzdaş awtonom respublikalaryň işçi-daýhan hökümetini agdarmaga, ýok etmäge ýa oňa zyýan bermäge gönükdirilen islendik hereketler hem-de Sowet Soýuzynyň halk hojalygynyň proletar rewolýusiýasy tarapyndan gazanan üstünliklerini ýok etmäge we oňa zyýan bermäge gönükdirilen synanyşyklar kontrrewolýusion diýlip hasaplanýar. Ähli zähmetkeşleriň bähbidini, halkara raýdaşlygyny goramak maksady bilen Sowet Soýuzynyň düzümine girmeýän beýleki zähmetkeşleriň döwletiniň garşysyna edilen hereketler hem kontrrewolýusion diýlip hasaplanýar”. Abdylla bu maddany gaýta-gaýta okap, özüniň haýsy hereketiniň bu aýyplamalara laýyk gelýändigini bilip-bilmedi. Ýa bu “Telpek tapylsa, geýmäge kelle tapylar” diýildigimikä? Birnäçe sahypany waraklap, ol 67-nji maddany hem tapdy: “Kontrrewolýusion maksatlar bilen edilen her bir guramaçylykly hereket we ony taýýarlamaga gatnaşan, şeýle-de kontrrewolýusion jenaýaty amala aşyran şahslar şu bölümiň kontrrewolýusion jenaýatlar baradaky göz öňünde tutulan maddalaryna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär”. Şunça jan etse-de, Abdylla muňa hem düşünmedi. Bir tarapdan düşünmänligi ýüregine nähilidir bir gulgula salan ýaly boldy. Beýleki tarapdan aňy: “Bu zatlara meniň hiç hili dahylym ýok ahyryn!” diýýän dek arkaýynlaşdy. Pişesizlikden ýaňa ol başga maddalary hem gözden geçirip başlady. “Huligançylyk” diýen ýerinde ganygyzgyn Taşpolat ýadyna düşdi. “Iki aýallylyk” diýen maddany Atabeke ýöňkedi. “Dine çagyryşa” Kalwak Mahzum laýyk gelýär. “Ogrulygy” okanda ogry Namaz göz öňüne geldi. Kitabyň başyndan girip, aýagyndan çykdy, bularyň hersine kybap madda tapdy. Ýöne özüne degişlisini görmedi. “Hyýalparazlyk” diýen jenaýat ýok ahyryn. Bu kitapda “Pikirkeşlik” ýa “Arzuwçyllyk” diýen maddalara hem duş gelmedi. Jenaýat barada aýtmaly bolsa, Abdyllanyň özi gürrüň edip biljek... 1242-nji hijri ýylynyň (şaban) meret aýy. Alabahar. Garşy häkimi Nasrulla han ýene goşun toplap, Buhara tarap at goýdy. Bu gezek onuň howalasy belent, bu gezek owlagy Nasrulla hanyň özi almaly. Atasy emir Haýdar bu pany dünýäni terk edip gidende uly agasy emir Hüseýin tagta çykypdy. Buhara derwezesine goşun dartyp baran Nasrulla han suw boýundan suw içmän gaýtmaly boldy. Üç aý syrkaw ýatansoň, emir Hüseýin hem panydan baka göç eýläp, atasynyň yzyndan gitdi. Karmanda häkim bolup oturan kiçi inisi emir Omar han derhal tagty eýeledi. Nasrulla han öňki gezek agam diýen bolsa, bu gezek inim diýip, Buhara derwezesinden boş gaýtdy. Indi Hekim guşbeginiň iberen çaparyndan eşidişine görä, emir Omar han soltanlygyň işi bilen däl-de, aýşy-eşret, keýpi-sapa bilen gün geçirýärmişin. Emirlik ýykylýanam bolsa, emir Omar hanyň şerap bilen näzenin jenanlardan gaýry biljek zady ýokmuş. Bu ýagdaýdan nägile wezir-wekiller Hekim guşbegi bilen maslahat edip, Nasrulla hana çapar gönderipdirler. Indi yza ýol ýok. Nasrulla han niýetinden dänmez. Tagt dilenip alynmaýar, tagty edil owlakgapdy oýnundaky ýaly basyp almaly eken. Buhara barmazyndan ozal Nasrulla han Hoja Bahaweddin piriň aramgähine zyýarat edip, öz işleriniň rowaçlanmagy üçin ýardam diledi. Nasrulla hanyň dilegleri kabul boldy, birnäçe hepde bukuda ýatanyndan soň, 1242-nji hijri ýylynyň (şaban) meret aýynyň ýigrimisinde Hekim guşbegi emir Omara hyýanat edip, Nasrulla hana galanyň derwezesini açyp berdi. Şol günüň özünde inisini tutup, emir Nasrulla hany tagta göterdiler. Emir Omar hany Muhammetşerip hoja öz atyna mündürip, şäherden çykyp ugrady. Ýolda köpçülikden biri emiriň zerli başgabyny kakyp aldy, ýene biri guşagyny we zerli haladyny sypyrdy. Düýnki emir ýarym-ýalaňaç halda Buharany terk etdi... Eh, soňy puç, biwepa dünýä! Her hal, Muhammetşerip hoja özüniň derwüşlik külahyny emiriň başyna geýdirdi. Il içinde aýdylşy ýaly, “Patyşalara zerli halat bilen täç mynasyp, ýogsa, başyna köne külah geýen her öňýeten tagta dawa etjek”. Emir Nasrulla han tagta çykan dessine Hoja Bahaweddin hezretleriniň rehimdarlyk we geçirimlilik barada edip giden wesýetlerini tutdy. Inileri Zubeýr hana, Hamza hana we Serdar hana engam hökmünde Buhara etraplarynyň birini – Narazim häkimligini tabşyrdy. Hekim guşbegini gaýtadan baş wezirlige belledi. Il-halky çagyryp, palaw berdi... Bir gün emir bilen ikiçäk ýüzbe-ýüz otyrka Hekim guşbegi osmakladyp: – Hernä iniňizi azat edip goýbereniňiz haýryna bolsun-da! – diýdi. – O näme diýdigiň? – diýip, emir gaharly äheňde sorady. – Osmanly soltanlygynda bir geň düzgün bolupdyr diýip eşidipdim. Hökümdaryň ähli aga-inileri çagalygyndan öldüriler ekeni. Tagta dawa etmesinler diýip... – Onda bizem şehid ölüp giden bolardyk – diýip, emir Nasrulla gaşyny çytyp jogap berdi. – Estagfirulla! – diýip, Hekim guşbegi derrew ýalňyşyny düzetmek bilen boldy. – Maksat – mübärek goluňyza düşen tagty dawa-jenjelden goramak... Petikden sallanyp duran gülçyra lyp-lyp ýanyp durdy. Onuň şöhlesi Hekim guşbeginiň solgun ýüzünde birgeňsi öwşün atýardy. Emir Nasrulla han türkanalyga salyp: – Sen maňa başga zady aýt, aşhana işlerine serenjam beriji nähili adam? Oňa ynansa boljakmy? – diýip sorady. – Öz eliňizden çykan adam. Beren tälimiňizi häli-häzire çenli unudanok – diýip, gepiň haýsy tarapa gyşardylýanyna düşünmedik guşbegi sakyndy. – Soraýanymyň sebäbi, atamyz duýdansyz keselledi. Agamyz emir Hüseýin hem ýaş başyndan öldi gitdi. Bularyň ölüminde aşhana işlerine serenjam berijiniň eli ýokmy? – diýip, emir şübheli sorady. – Alla saklasyn! – diýip, mekir guşbegi içini çekdi. – Ol bir mömin adam, halwadan başga bilýän zady ýok... – Doganlarymdan seresap bolaly diýmän, halwa diýsene... Kesesinden diňlän adam üçin bu söhbetiň düşnüksiz boljagy bes-belli. Ýöne bäş-alty emire wezirlik eden guşbegi gürrüňdeşine ýarym sözde düşündi. Bu gürrüňi öz inisi Omar hany boşadyp goýberen Garşy häkimi gögele Nasrulla bek tapdymy ýa Hekim guşbeginiň akyly bilen tagta çykan emir Nasrulla han tapdymy? Ine, şuny anyklamaly! Gepiň magadyna ýetmek üçin guşbegi: – Aşhana işlerine serenjam beriji bärde, doganlaryňyz bolsa Narazimda – diýdi. – Menem şony aýdýan-da... “Ýok, öz oý-hyýallaryny ýaşyrmakda emir entek gögele bolýar. Aşhana işlerine serenjam beriji aýtmyşlaýyn, bişişmändir.” Garry tilki Hekim guşbegi aýgytly dillendi: – Çäresini tapmagy Gazy bek galmyga tabşyrarys! Bir aý geçip-geçmänkä gijäň ýarymynda emir Nasrulla hanyň üç inisiniň – Zubeýr hanyň, Hamza hanyň we Serdar hanyň bogazyna pyçak goýup, damagyny çaldylar. Emiriň permanyna laýyklykda Buhara soltanlygy ganym elinden şehit bolan şazadalar üçin üç gün matam tutdy... Abdylla: “Ine, muňa jenaýat diýse bolar” diýip oýlandy... *** Abdyllanyň pikirleri duw-dagyn boldy. Türmä ikinji gezek düşse-de, adam bu ýagdaýa derrew uýgunlaşyp gidiberenok. Günortan gödeňsi makaron bilen biraz gorçisa goşulan kotlet berdiler. Onuň göwnüne “Bu garjaşyk düýş, bu basyrganma uzaga çekjekmikä? Indi islesemem, islemesemem ukudan oýanmaly!” diýen pikir geldi. Abdylla öýle namazyny oturan ýerinde okady. Rahbardyr çagalary bilen görüşmäge rugsat bererlermikä? Demirýolçular köşgüne Täze ýyl arçasynyň ýanyna barmagyň ýerine daşarda Leningrad köçesiniň aldajy sowugyna daňlyp, kimdir birine ýalbaryp durmuka? Gowy pikir diýýäni hem şumy? Şular ýaly ýagdaýda gowy pikir nireden kellesine gelsin? Sebäpsiz ýerden bulaşyp barýan durmuşy barada hyýalyna gelýän şular ýaly dagynyk pikirleriň haýsy birine ýapyşjagyny bilmedi. Haýsy biri onuň derdine em bolsun? Haýsy biri düşen ýagdaýy üçin teselli bersin? Ýa waswasa düşüp ýörmükä? Jyn uran oý-pikirleri ýaly, durmuşyna hem jyn aralaşaýdymyka? Çaga döwri Abdyllanyň kakasy jynlar bezmi baradaky hekaýatyny aýdyp bolansoň, ogluna: “Päliňi, niýetiňi düzüw tut, gowy zatlar barada pikir et!” diýip öwüt bererdi. Dogrudan-da, oňat zatlar barada pikirlenmeli. Bu kyssasy hem “Öten günler” romanynyň bir görnüşi bolsa gerek. Ol Nodira tahallusly Mahlar aýymy, onuň halypasy Uwaýsini, Amiriý lakamly Omar hany ýatlady. Mahlar aýym şazada Omar hana durmuşa çykan gününden beýläk ony gabanyp başlady. Ilki bilen ony şazadalygyndan, soň atasy emir Alym han ähli döwleti ogluna miras goýup, dünýäden öteninden soň soltanlygyň tükeniksiz aladalaryndan, diwan işlerinden, aw-şikardan, toý-meýlisden... gabandy. Göwnüne bolmasa, bütin dünýe emir Omar hany Mahlar aýymyň gujagyndan sogrup alyp gitjek ýalydy. Gabanjaňlyk guratdy açylan ter gülümni, Hazan ýeli uçurdy bagymdan bilbilimni... Nika gyýylmazyndan bir gün öň Mahlar aýymyň atasy Andijan häkimi Rahmanguly bek öz gyzyna öwüt bereninde: “Ýanýoldaşyňa oňat seretgin. Erkek kişi nirede häkim bolsa-da, öz öýüniň guludyr. Öýünde aýaly oňa häkimlik edýändir. Ana, ejeňden görelde al!” diýipdi. Elbetde, atasy bu sözleri öz bähbidini arap aýdan bolmagy hem mümkin. Mahal-mahal şo nesihatlar ýadyna düşende Mahlar aýym köňlüni gümana bererdi, “Toba!” diýip, ýakasyny tutardy. Arada emir Omar han köşgüň ähli erkek göbeklisini alyp, Syrderýa ýakalaryndaky tokaýa awa gitdi. Mahlar aýym hem içi gysmaz ýaly, aýal-gyzlary daşyna üýşürip, zyýapat etdi. Ondan soň oýun-tomaşa boldy. Uwaýsiý bolsa bir bent matal häsiýetli goşgy okady: Ne gümmezdir işiginden, tüýnüginden ýok nyşan, Gülgüne geýnen gyzlar onda tutupdyr mekan. Ol gümmezi syndyryp, gyzlardan alsam habar, Ýüzlerinde perde bar, özleri gyrmyzy gan... Kimdir biri “Emiriň haremhanasy” diýdi, ýene biri “Tamdyrdaky nan” diýip çak urdy. Mahlar aýym bolsa pikir öwürmäge durdy. Özi-hä gümmez şekilli zat. Işigi bilen tüýnügi hem ýok. Gümmezi syndyrdym diýýän bolsa, ele sygýan bir närse bolmaly. Ýüzlerinde perde bar bolsa, özlerem gyrmyzy gana boýalan bolsa... Mahlar aýym özüniň gödeňsi sesine bat berip: – Enar! – diýip gygyrdy. Uwaýsiý Mahlar aýymyň öňünde baş egip, tagzym kyldy. – Nodira hanym, siz hut öz adyňyza mynasyp, seýrek duşýan ukyply, ajaýyp zenan! – diýip öwdi. Düýn bolsa gözelligiň melikesi Mahlar aýym ukudan giç oýandy. Diwan işi bilen çykyp giden emiriň ýassygyndan entek onuň ysy-da gitmän eken. Mahlar aýym emiriň düşeginiň üstünde ýatan eginbaşyny eline alanda tötänden bir bölek kagyza gözi düşdi. Dürri-naýap, lagly-merjen, göwheri känim enar, Görküne taý tapylmaz, hüýri-jenanym enar... Bu setirleri okap mürçe-miýan Mahlar aýymyň ýüzi nar dek gyzardy, ýüregi gürs-gürs urdy. Gazalyň yzyny okamaga howlukdy. Miwelerin güjeňläp, ýar näz bilen söýledi: “Leblerim injirdir meniň, alma zanahdanym enar”. Bag içinde gül bile näz-kereşme eýlese, Gül ondan uýat eýleýir, gunçaýy-handanym enar... Mahlar aýym bu bendi pyşyrdap diýen ýaly okady. Ýüreginde nar däneleri deý münder-münder baslygyp ýatan ýüz-müň hyýal oýanyp, möwç urmaga başlady. Aşyk-magşugyň dilinde injiriň nämäni aňladýandygyna oňat düşünýän Mahlar aýyma täsin galpyldy ýetişdi. Lebleri şetdaly ýaryň zarynda men, eý bagban, Mätäçlikde bihuda dökmesin ganym enar... Mähirden ganma ýokdur, ýürekde derdim çohdur, Miwesi, bary bilen alandyr janym enar... Gözleri tolgunma bilen setirleri yzarlasa-da, pikirleri “Patyşahym meniň leblerimi hiç haçan şetdala meňzetmändi” diýip ýüregini ezdi. Ezdim ýaraly köňlüm gözümde ýaşym birle, Başymyň göwher täji, ýürek armanym enar. Goşa alma pyrakynda behi kimin sargaryp, Ah urar ýetsem diýip dahan, dendanym enar. Mahlar aýym özüni köşeşdirmek üçin doga okady. Göwnüne bolmasa, syrly gümmez synyp, onuň gizlin syry açylan ýaly boldy. Ýok-la, bi ýaş gyz däl ahyryn, juwan ýaşyndaky gelin bi... Hijran ody örtär meni, katra-katra ganly ýaş Gözlerimden damar durar, agy-pyganym enar. Mahlar aýymyň ünsi harp ýalňyşynda eglendi: “Bu ýerde “waw” däl-de, “aýn” ýazylmaly!” Onuň gabanjaňlygy bada-bat gahar-gazaba ýazdy. – Üşbu dünýede wepa Tapmasy kyn göwherdir... – diýip, Nodira gözünden ýaş dökdi. Bir damja gözýaş emiriň eginbaşynyň içinden tötänlikde tapylan kagyzyň üstüne damdy-da, ýalňyş ýazylan “waw” harpy “aýn” harpyna öwrüldi. Mahlar aýym çaltlyk bilen ýeňini kagyza basdy. Ýöne peýdasy degmedi, kagyzda gözýaşyň yzy galdy. Gabanjaňlyk, gahar-gazap hem ökünç onuň gözünden gözýaş bolup çogdy, gazalyň yzyny okamaga durdy: Wysala ýetmek üçin hylwat jaý istär emir, Serwi boýly, kirpigi ok, gaşy kemanym enar... “Ýalňyş üstüne ýalňyş” diýip, Mahlar aýym oýlandy. Ýöne ol nähili ýalňyşlyk barada aýdýar? Gazaldaky sözleriň ýalňyş ýazylandygy baradamy? Ýa özüniň çakynyň ýalňyş çykanlygy baradamy? Belki, ýakyn adamlaryna ynanyp ýalňyşandygy, bu dünýäde, bu durmuşda adalatyň ýokdugy barada aýdýandyr? Aýralyga döz gelmän, jigerim para-para, Miweli bag-bossanym hazan urana döndi. *** Garaňky gatlyşanyny Abdyllanyň ýüregi syzdy. Asmanyň çetini göräýer ýaly, bu ýerzemin türmäniň penjiresi-de ýokdy. Düýnki başyndan geçenleri ýatlamak we ýürekgysdyryjylyk oňa garaňky düşenini duýdurdy. Abdylla agşamlaryna ýazmagy oňat görerdi. Agşam namazyny okandan soň ol äpişgäniň öňündäki stoluň başyna geçerdi. Garaňky asmana gözüni dikip, oýa batyp oturansoň, gussaly kalbynyň ýyly mährini ak kagyza geçirerdi. Çolpanyň “Garaňky gatlyşanda” atly ajaýyp şygry bar. Ynha, indem bu şygyr duýdansyz ýerden ýadyna düşdi-de, Abdylla garaňky gatlyşanyna ymykly göz ýetirdi. Belendu-pes uly-kiçi jaýlaryň Gyzyl, ýaşyl üçeklerniň üstünde Ýagar, ýagmaz, alabeder bulutlar Üýşüp-çaşyp, gök ýüzüni tutup dur. Gün ýaşansoň, bulutlaryň reňki-de Hassaň ýüzi kimin solgun görünýär, Gündogardan garaňkylyk sürünýär, Hem-de azançynyň şam namazyna Çagyrýan gussaly sesi gelip dur, Ýagyş şybyr-şybyr ýagyp bozupdyr Köçedäki uzyn-yzyn yzlary... Günemasy üçin çar ýana giden Uly-kiçi, ýaşu-garry, barysy Argyn, ýadaw halda yrgyldap gelýär, Mähelläniň bir çetinde jemlenen Topar çaga dürli oýna güýmenip, Her haýsy öz hossaryna garaşýar, Nämälimlik ganatyny giň ýaýyp, Gysýar gujagyna bütin barlygy. Çyralar jyn gözi kimin ýylpyldap, Öçügsije ýanyp, tutuk görünýär, Ýagyş suwy ýeriň bagryn ezip dur... Düýn hem Samarkant Derwezesiniň baýyrlaryndan Gökje tarapdaky öýleriň üçeklerini synlap otyrka Kamalan Derwezesiniň metjidinden azançynyň pessaý sesi eşidilen ýaly bolupdy. “Bulutlar, bulutlar – diýip, Abdylla oýlandy. – Kaýdan gelip, hanjak barýarsyňyz? Gije-gündizi tirkeşdirip, gör, nämelere şaýat bolup, özüňiz bilen geçmişe alyp gidýärsiňiz?” Abdylla: “Iňrik garalyp, göz baglanan çagy geçer welin, şemiň ýagtysyna ýazmaga girişeýin. Täze ýyl gelýänçä iki-üç kagyz garalap taşlaýyn” diýip, bikarar bolup otyrka-da gapy kakyldy. Goňşy otagda Täze ýyl saçagyny taýynlap ýören çagalary: “Däde, gapy kakylýar” diýişdiler. Abdylla donuny ýelbegeý atynyp, gapa garşy ýöneldi. Günemasy üçin çar ýana giden Uly-kiçi, ýaşu-garry, barysy Argyn, ýadaw halda yrgyldap gelýär... “Her kimiň öz öýünde Täze ýyly garşylamaga taýynlyk görýän mahalynda kim geldikä?” diýip, ol oýlandy. Gapyny açmazdan öň: “Kim?” diýip sorady. Işigiň aňyrsyndan: “Bu men, domkom Rahmatulla eke!” diýen ses eşidildi. “Geňlik, aýda-ýylda garasy görünmeýän domkom bu ýerde näme işläp ýör, eýgilikmikä?” diýip gapyny açdy welin, salam ýok, helik ýok, gara gaýyş geýimli üç sany pyýada bosup öýe girdi. Gapynyň yşyndan “Gara garga” diýilýän maşyna gözi düşüp, Abdylla hemmesine düşündi. Çagalaryň gözüniň alnynda eline gandal salyp, maşyna garşy südenekledip ugradylar. Gyzlarynyň biri, Anisamy ýa Adibamy kakasyna tarap ylganda gapyň agzynda duran suwly taňka büdräp ýykyldy. Ýykylan ýeinden galman, sesini baryny edip aglady. Tatar sülçi gözündäki äýnegini ýaldyradyp oňa sowuk nazaryny taşlady. Nämälimlik ganatyny giň ýaýyp, Gysýar gujagyna bütin barlygy. Çyralar jyn gözi kimin ýylpyldap, Öçügsije ýanyp, tutuk görünýär, Ýagyş suwy ýeriň bagryn ezip dur... Şeýdip ýene bir gün geçdi. *** Ertesi gün serwikamat Mahlar aýym düýnki şek-şübheleri üçin öz-özünden uýaldy: “Bir sözüň iki şygyrda gabat geleni bilen köňlüňi gümana beribermeli bolarmy? Uwaýsiniň matal häsiýetli goşgusyny emire meniň özümiň aýdyp beren bolmagym hem mümkin-ä!” Magşugymdan wysal sorsam öldürer, sormasam ölem. Yşkyň dükanyny gursam öldürer, gurmasam ölem. Şo gije möminleriň emirinde gabanç duýgularyny oýarmak üçin ol Uwaýsiýniň bu tapmaça gazalyny başdan-aýaga okap berdi. Iň soňky setirinde Uwaýsiýniň adynyň ýerine öz adyny goýup, Nodira diýip okady welin, şaplaşdy duruberdi: Menden ar eder, hary-zar eder, pany dünýäden üşbu jan gider, Nodira garyp, reňki saralyp, tursam öldürer, turmasam ölem... Uwaýsiýniň täsin dünýäsi bar. Nodira özüni ondan şunça daş saklajak bolsa-da bolanok. Uwaýsiýni köşkde iň oňat Gurhan okaýjy diýip öwse-de, ilki bilen öz gazallaryny däl-de, onuň goşgular diwanyny hatdatlara göçürtse-de, halypasynyň ne-hä aýaklaryny duşap bildi, ne-de oý-pikirlerine ygtyýary ýetdi. Ýüreginde ne baryny-da bilip bilmedi. Ine, onuň soňky ýazan gazaly: Kokant şährinden gelenler, köwşüm ýitdi, sizdemi? Halymdan habar alanlar, köwşüm ýitdi, sizdemi? Bu gazal näme hakda? Näme diýjek bolýar? Gamly günde hemdedim ýok, ýitirdim, didämde nem, Kukabibi, jana melhem, köwşüm ýitdi, sizdemi? Gürrüň haýsy köwüş barada barýar? O köwüş ertekidäki şazadaň gelinliginiň köwşi bolmasyn? Men – boş göwre, sen – janym, taşlap giden armanym, Arzym eşit, Guzyhanym, köwşüm ýitdi, sizdemi? Gazalyň düýp manysyna aralaşmaga Mahlar aýymyň birbada üşügi ýetmedi. Ol her bir sözi üns bilen gaýta-gaýta gözden geçirdi. Gyzygy artdygyça gazalyň syry güýçlendi. Ahyrky iki setire ýeteninde Mahlar aýym haýygyp, içini çekdi, aňk boldy. Bu halymny bilse Şah, dokuz pelekden ötdi ah, Doga kyl Uwaýsiý gümrah, köwşüm ýitdi, sizdemi? Ýok-ýok, Mahlar aýyma gabanar ýaly zat ýok, Hudaýa şükür, ol Zemindäki patyşa däl-de, Arşdaky Şaha ýüzlenýär ekeni. Ýogsa-da arşy-agladaky Soltana “köwşüm ýitdi, sendemi?” diýip, hetden aşan Uwaýsiýden ol Arşy, ol Soltany gabanman bolarmy? Muňa jogap hökmünde öz galamyndan çykan goşgy-gazallaryň içinden degerlisini tapmadyk Nodira mejbury Fizulyny ýatlady: Rehim eýle, Soltanym, Bu mürewwet çagydyr... *** Agşam namazynda Abdylla “Waz-Zuha” bilen “Waş-Şems” sürelerini sesli okady. Namazyny ýarpylanda gapy ýene şarkyldap açyldy. Agşamlyk nahary üçin buglanan kelem bilen bir bölek gara nan getirdiler. Kelem zaýalanyp başlan ekeni. Onuň ýiti turşumtyk ysy türme otagynyň içini tutdy. Namazy içinden okap, Abdylla aşpez esgeriň elinden owkaty aldy. Öýlerinde her gezek kelemli nahar bişirilende uly ogly Habybullanyň “Lutfy kelemiň” diýip, hiňlenýän henegi ýadyna düşdi. Wah, uly ogly ýarawsyz ýatyrdy ahyryn. Onuň bilen hoşlaşmaga-da pursat bermediler. Şamlyk nahary getiren esger ýigit musulman bolarly, demir tabagy uzadanda nähilidir bir ýakym duýuldy. Abdylla bu ýigidi kime meňzetdikä? Gepleşibilen bolsa bolardy, ýöne namazyny bozasy gelmedi. Belki, Çolpandyr Gazy Ýunus bilen habarlaşmaga bu ýigidiň ýardamy deger!.. Namazyny okap bolansoň, Abdylla nahardan dadyp gördi. Yslanan kelemiň turşy tagamy dişini gamaşdyrdy. “Gaty ajyksam, gijiräk iýerin-dä” diýip, gury nany çeýnemäge başlady. Agşam düşensoň süňk-süýekleriniň agyrysyny duýdy. Her gezek çöregini çeýnäp ýuwudanda agyry ilki boýnuna, boýnundan pilçelerine, pilçesinden gapyrgalaryna, gapyrgasyndan oňurgasyna, ol ýerdenem aýaklaryna geçdi. Bir bölek gara nan agyry-yza bilen iýildi. Agzynyň içinde çöregiň lezzetli tagamy duýuldy. Abdyllanyň o tagamy yslanan kelem bilen bozasy gelmedi. Ol ýene oý-pikirlerine maýyl boldy. Ýadyna düşen zatlaryň ählisini ýazypmydy? Ýa diňe ýazanlary ýadyna düşýärmi? Ýa-da akylyna gelen zatlaryň hemmesi buýr-bulaşyk boldumyka? Bilse, Omar hanyň Kokant şäherindäki köşgi bilen Nasrulla hanyň Buharadaky köşgüni garyşdyrmaly däl. Çünki arada bir däl, on ýyl tapawut bar. Emir Haýdar barada hem köpräk ýazaýjak ýaly. Emma nämüçindir birdenkä Nasrulla hana geçip gitdi. Öz pikir-hyýallarynyň duw-dagyn bolup, täleýiniň çarkandakly ýola düşenligi üçinmikä? Mahlar aýymyň hem edim-gylymyny, häsiýetini öň başgaçarak göz öňüne getirýärdi. Abdyllanyň aňyna, akylyna ne döw çaldy? Jynlar eýýäm oý-pikirlerini hem eýeläýdimikä? Abdylla özüne basalyk berip, bu zatlaryň baryny unutmaga çalyşdy. Çolpan aýtmyşlaýyn: Tün gorkunç, tün azaply, Tün garaňky, tün ýaman. Tünde köne hem täze Her närse salgym, ýalan... Soňky döwürler elden düşürmän, gaýta-gaýta okan “Tymsallar” kitabyny ýadyna saldy. Ony heniz pikir eleginden doly geçirip ýetişmändi. Has takygy, ýazyp ýören kyssasyna nähili usulda girizjekdigi barada oýlana-oýlana belli-külli netijä gelmändi. “Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, gadym eýýamda Fergana yklymynda Kaýkubad atly patyşadan galan bir köne şähristanlyk bar erdi. Onuň howasy arassa we jana şypalydy. Bahar çagynda meýdan otlary ýaşyl öwsüp, al-elwan gül-çeçekler birenaýy açylyp, misli tawus guşuň peri dek gelşikli görnüşe gelýärdi. Onuň golaýynda, bir jeňňellik ýerde, ata-babasyndan galan köne jaýda Baýguş mesgen tutunypdy. Baýguşuň goňşusy Baýhatynyň bolsa jemalyna taryp ýetmez bir gyzy bardy. Husny Aýa, Güne gaýra dur diýýär, Dillerinden şähdi-şeker dökülýär. Behişdi lezzet bar goýnunda onuň, Ady Güneş banu ol perizadyň. Bu emir Omar hanyň Seýit Gazy hojanyň gyzy Aýhanpaşşa öýlenmeginiň mysaly ahyryn! Nämüçin Abdylla häzire çenli muny duýmadyka? Al saňa gerek bolsa! Öz açyşyny özi tassyklaýan deý Abdylla içki dabarasyny daşyna çykaryp, keýpihonluk bilen ýadynda galan sözleri birme-bir gaýtalady. Baýguşuň Körguşy sawçylyga iberşini Hekim töräniň “Kämil taryh” kitabyndaky wakalar bilen deňedi: “Baýhatynyň örän owadan gyzy bar. Biz tarapdan sawçy bolup bar. Näçe diýse-de, galyňyny çekeris. Körguş sözaýdyjy bolup gitdi, habaryny berip: “Köneden galan gep bar, “Bar baryny aýdar, ýok – zaryny” diýdi. Baýhatyn: “Gyzymyň galyňy müň haraba bolar” diýdi. Körguş aýtdy: “Häzir musulmanlaryň emiri patyşamyz Hezreti seýit Omar hanyň zamanynda adamlar şatlykda we bagtyýarlykda ýaşaýarlar. Aýal adam erkek kişi üçin merjendir. Merjeni saklamaga ýer tapylmasa, şondan uýat zat ýok. Aýdyşlary ýaly: “Ýalandan gurlan öý tiz çagşar”, “Uýat ölümden artyk, uýatsyzyň ýüzi ýyrtyk”. Ýene-de diýipdirler: “Agaç egildi – döwüldi, ýigit uýaldy – öldi”... Eýse, Abdylla bu ertekini ýazan şahyr Gulhanynyň hem Täjigistan taraplarda doglanlygyndan bihabarmy? Arman wagtynda gyzyklanyp magadyna ýetmändir, ýogsa, Nala lakamly bu şahyr seýit Gazy hoja bilen garyndaş çykmagy-da mümkin, onuň elinde tälim alan bolmagy hem ahmal. Ertekiniň aňyrsynda basyrylgy ýatan kinaýaly setirler emir Omar han hakynda bolsa bildiňmi?.. Onsoňam Fazliniň berýän maglumatlaryna görä, Gulhany Omar şaha nöker bolan. Kim bilýär, belki-de, emir Omar han bu syratly daýaw adamy Hekim hanyň ýanyna goşup, seýit Gazy hojanyň öýüne sawçylyga iberendir? Hekim han töre atasy bilen gyzynyň arasynda bolan gürrüňi ýazmasa-da, Gulhany o sahnany ertekide çyna berimsiz beýan edipdir. “Onda Baýhatyn: “Her hal, gyzym ýetişipdir, özünden sorap, soňra jogap bereýin” diýip, gyzynyň ýanyna bardy: “Eý, balam, Baýguş ogly Kulankyr soltan seniň üçin sawçy iberipdir. Näme jogap berersiň?” Asyllylykda gyzlara nusga bolan Gülşen banu “Dymmaklyk – razylygyň alamaty” diýlişi ýaly, geplemän, başyny aşak salyp oturyberdi. Baýhatyn hamana gyzynyň içki pikirlerini bilýän ýaly: “Bu gyzyň ýürejigi är küýseýär!” diýip hümürdedi. Muny eşiden gyz dillendi: “Eý, çal, sakgalyňdan utan! Gaýgy-gussa boglup dymyp oturmaklyga şeýle düşünmelimidir?” Şol wagt şakyrdap gapy açyldy-da, saryýagyzdan epeý Gulhany nökeriň ýerine döwsypat Winokurow göründi. “Ýer-ow, buržuaz-milletçi alaka, Täze ýylyň bilen! Indi bu ýerde syçanyň hinini müň tümene alsaň gerek!” diýip, ol entek hyýalynda Gulhany bilen hoşlaşmaga-da ýetişmedik Abdyllany agzy-burny diýmän, tä essi aýylýança urup, depip, ýenjip gitdi... *** Ganyny sarkdyryp, ýiti agyrylaryň yzasy bilen ýuwaş-ýuwaş özüne gelen Abdyllanyň bu gezekki ökünji öňküden has beter boldy. Ýeri, nämüçin ham-hyýala berlip, şular ýaly duşuşyga taýýar bolup oturmadyň? Winokurowyň bogazyny owmaga eliň güýji ýetmese, dişiň bilen çeýnäp taşla! Şu ýerde atyp öldürýän bolsa, goý, öldürsin! Şu bolup ýatyşyňdan-a müň esse gowy bolar. Indi yza ýol ýok. Biraz özüni dürsäp, aýak üstüne galsyn, onsoň ýaňky mahluk görnen dessine ony dişläp, çeýnäp, bogup öldürmeli! Abdylla dişini gyjady: Öldürmeli! Öldürmeli! Öldürmeli! Abdylla bütin gijäni puç hyýallara berilmän, diňe haramzada Winokurowdan ar almagyň gamyny iýip geçirdi. Gatan ganlary gözi görmedi, agyryny duýmady, ýüregi diňe öç almak islegi bilen urýardy. Ýassyny okamagy unutdy, namaz ýarygijeden soň ýadyna düşdi. Ýöne namaz sözünden aňynyň bir künjeginde uçgunjyk peýda boldy-da, Namaz ogryny ýadyna saldy. Namaz batyr asyryň başlarynda ors türmesinden çykyp, Samarkant welaýatynyň gurply baýlaryny talap başlaýar. Olar muny tutduryp, gaýtadan ors türmesine basdyrýarlar. Namaz batyr zyndanda özüni urmakçy bolan esgerleriň dört-bäş sanysyny öldürýär. Şonuň üçin hem Namazyň oturan alagaraňky otagyna ýeke girmäge hiç kim milt edip bilmeýär. Onuň ýanyna on-on iki kişi elleri ýaragly bilelikde girer eken. Namazyň ýaranlary hem her jüre işe hötde gelip bilipdirler. Olaryň birki sanysy öz serdarlarynyň oturan türmesine düşmek üçin maýda ogurlyk edip, tutulýar. Zyndanyň haýsy otagynda oturandygyny anyklansoňlar, olar Namaz bilen diňe özlerine düşnükli bolan syrly “dilde” habarlaşyp başlaýarlar. Biri daş bilen demir gözenegi urup, “gepleşse”, beýlekisi özüne gerekli sözleri goşup, aýdyma gygyrýar. Gepiň keltesi, eden ogurlygy üçin olara elli dürre urup, zyndandan boşadyp goýberýärler. Erkinlige çykan badyna Namazyň ýaranlary türmäň daşyndan ýeri gazyp başlaýarlar. Ýerasty ötük gazyp gelişlerine ahyrynda Namaz ogrynyň oturan otagynyň burçundan çykýarlar. Ýöne beýdip ap-aňsatja, sessiz-üýnsüz gaçyp gidiberse, ondan Namaz boljakmy? Ýerasty ötelgäň agzyny mäkäm basyryp, säher bilen ol birnäçe gezek gapyny kakýar. Elleri ýaragly on-on bäş sany esger haýdaşyp gelýär. Alagaraňkyda tussagy öz ýerinde tapman, olar tüpeňlerini towhuldadyp, birki gezek ok atyp, elewreşýärler. Kimsi daşaryk ylgaýar, kimsi zyndanyň beýleki otaglaryny açyşdyryp barlaýar, hemmeler ala-basgy. Şu pursatda türme otagynyň petigindäki pürslere elini-aýagyny diräp ýatan Namaz batyr aşakda aňalyp duran esgerleriň üstüne bökýär. Olary süýndürip, demi çykmaz ýaly edensoň, tüpeňlerini alyp, özüni ýerasty ötelgäniň çukuryna oklaýar. Şo gezek başagaýlykdan peýdalanyp, onuň yzy bilen tussaglaryň on-on bäş sanysy türmeden gaçýar. Abdylla bu barada hem ýazmakçydy. Ýöne häzir bu sahnany nämüçin ýatladyka? Bu başga döwürde bolan başga bir kyssanyň wakasy ahyryn. Eger Namaz batyryň edenini gaýtalaýyn diýse, onuň ýaranlary ýaly Abdyllanyň gözsüz batyr adamlary ýok. Doňdurylan betony gazyp, ýerasty ötelge edibem boljak däl. Petikdäki çyranyň daşyna aýlanan demir gözenek diýäýmeseň, ýokarsynda el-aýagyny diräp ýapyşara pürs hem ýok. Ojagaz demir gözenekden hem asylyp ölmezligi üçin guşagyny, kemerini, bagjygyny çözüp aldylar... Barybir döwsypat Winokurowyň bogazyndan ýapyşjakdygy çyny! Barybir... Şeýle hyýallar bilen Abdylla usurgap, düýşsüz agyr uka gitdi... *** Ertesi Abdylla şakyrdap gapy açylanda ukudan oýandy. Düýnki ýigrenjiň zarbyna turup topulmak niýeti bilen ýumruklaryny düwdi. Görse, düýnki özbek esgeri gelipdir. “Hudaý sowaýdy!” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy. Bu musulman ýigdekçe bilen ýuwunman-ardynman salamlaşmagy uslyp bilmedi. Burça geçip, derrew gan çyrşagy gatan ýüzüni, gözüni, çişen ýaňagyny, syzlap duran eňegini ýuwdy. Ýigdekçe Daşkent şiwesinde ýarym pyşyrdy bilen salam berdi. Abdylla ýüzüni haladynyň etegi bilen süpürip durşuna onuň salamyny aldy. – Eke, size nan-çaý getirdim... Abdylla tagzym bilen çaý-nahary aldy, pessaý ses bilen: – Daşkentlimisiň? Haýsy etrapçadan? – diýip sorady. Esger ýigdekçe sesini basar ýaly gap-gaçlary şakyrdadyp pyşyrdady: – Kumlakly, Kalhowuz tarapdan. Bizlik hyzmat bolsa, aýdyberiň! Abdylla hem kürüşgesi bilen okarany takyrdadyp, ýuwaşja: – Bolýa, oýlanyp görerin – diýdi. Eýýämhaçan “ühüm-ühüm” edip, çykmaga häzirlenip barýan esgere ýüzlenip: – Çolpan bilen Gazy Ýunus haýsy kamerada bolýar? – diýip sorady. Onuň sowalyny kumlakly esger ýigidiň eşideni-eşitmäni näbelli bolup galdy. Çünki şol wagt gapy şarkyldap ýapyldy. Abdylla ertirlik çaý-naharynyň başynda öz hyýallary bilen ikiçäk galdy. Ýaňky esger ýigitden näme haýyş etse bolar? Onuň elinden geljek zat barmy? “Pyçak getirip ber” diýse näder? Başararmy? Ýa iň gowusy, bir bölek kagyz bilen galam tapyp ber diýip, öýündäkilere hat ýazyp ibermelimi? Ýöne näme diýip ýazmaly? “Men sag-gurgun otyryn” diýse-hä ýalan sözledigi boljak. “Şu gün-erte boşap bararyn” diýse-de, boş gürrüň. “Urup, depip, ýenjýärler” diýib-ä ýazyp bolmaz. “Men Winokurow diýen nejisi öldürmekçi, meni bagyşlaň we hoş galyň” diýip ýazmaklyk bolsa, barypýatan akmaklyk. Abdylla ilkibaşda bir bölek kagyz bilen galam soramagy ýüregine düwdi. Iň bolmanda Rahbara: “Demirýolçular köşgüne bardyňyzmy?” diýip ýazyp iberer. Soňundan: “Gözel keniz baradaky kyssanyň golýazmalaryny bassyrmadaky ýakylmaýan çoýun pejiň içinde gizläpdim, ony al-da, garyndaşlaň biriniňkide ýygşyryp goý!” diýse bolmazmy? Golýazmanyň dolurak görnüşini öňi bilen-ä çagalardan, galyberse-de, Rahbaryň özünden ýaşyryn çoýun peçde saklamagy oňat bolaýypdyr. Öýi dökenlerinde bölek-büçek kagyzlara çenli ählisini syryp-süpürip alsalar-da, bassyrmadaky pejiň içini barlamaga hiç biriniň akyly ýetmedi. Abdylla tagamsyz dary şülesini iýip oturyşyna ýene derňewçileri we domkom Rahmatullany ýatlady. Derňewe haçan başlarlarka? Täze ýyl baýramçylygyny belläp, birki gün dem-dynç alsalar gerek. Diýmek, häzirlikçe Winokurowyň ygtyýarynda bolmaly. Winokurow ýalkasa ýaz, gargasa gyş! Kumlakly esger ýigitden pyçak soramak gerek! *** Aýhanpaşşa bulamak bolup ýatyrdy. Ne gepläre ysgyny, ne aglara gözýaşy, ne-de öz-özüni bogup öldürmäge mejaly bardy. Zorlanan, basgylanan gyzyň tükeniksiz gijesi... Zorlan mahluk bolsa, gusul almak üçin düşeginden turup gidipdi. Oňa bolan ýigrenç gyzyň kükreginden edil degirmen daşy dek basyp durdy. Gyz towlanjyrap, depirjikläp, dişläp, garşylyk görkezipdi. Ýyrtyjy bolsa, haşlap, tüýküligini gyzyň näzik gül bedenine syçradyp, gitdigiçe nebsi otugýardy. Gana bulaşyp, yza baryny çekip ýatan gyz: “Indi gelse, bogazyna ýapyşyp, çeýnärin!” diýip, sadap dişlerini gyjady. Gelnalyjylap alyp gaýdanlarynda Aýhanpaşşa atbaşçylaryň arasynda uzyn boýly, gyzlymtyl ýüzli bir adamy görüpdi. Gözüne yssy görnen bu kişi tä köşge çenli gelnalyjynyň ýanyndan aýrylmandy. Ol Uradepede atasynyň elinde tälim alan Muhammet Şarif bolaýmasyn? Özüne “Nala” tahallusyny alanam bolsa, atasy oňa hormat bilen “Gulhany” diýip ýüzlenerdi... Eger şo bolsa, Aýhanpaşşa ýalbaryp-ýakaryp, ondan hanjar diläp alyp bilmezmikä?.. *** Mahlar aýym soltan Omar hany emirligiň diwan işlerindenem gabanýardy. Hatda birmahal “nar” sözi sebäpli ony Uwaýsiýden hem esassyz gabanypdy. Iki çaganyň enesi bolandan soň Mahlar aýymyň bar güýmenjesi çagalary boldy. Emir Omar han emirligiň bähbidi üçin diýen gepi bahanalap, ýasy çekgeli gypjak gyzyna öýlenipdi. Mahlar aýymyň şo gezekki gabanjaňlygy soňkularyň ýanynda hiç zat bolup çykdy. Has çynlakaý gabanjaňlyk, çendenaşa müňkürlik, dyňzap duran gahar-gazap öňde ekeni. Emiriň ýoldan çykmagyna kim sebäp boldy? Ol bir ýola Şährihandaky uýasyndan habar tutjak diýip gitdi-de, düýbünden başga adama öwrülip geldi. Mahlar aýymyň şahyr ýüregini aldap bilermiň? Çigildemler gül açdy, hany söýgüli ýarym, Gözümden oldy gaýyp, baýlygym, bar mydarym. Saýýat ähli arzuw eýlär bu jahanyň awlagyn, Neýläýin goldan uçdy algyr guşum, şabazym... Şol gezek Mahlar aýym sil kimin güýçli bir apatyň sürünip gelýänini bildi. Meşrep aýtmyşlaýyn: Müň dürli pygan birle, haý-haý, ne bela geldi, Jan ah urýar, ol bolsa hanjaryn ala geldi... Mahlar aýym elinden gelenini etdi. Ýöne basym ýassykdaşynyň donunyň jübüsinden Kokant kagyzyna ýazylan gazaly tapdy. Köňül muşdak wysala, söýgüli ýar, hoş geldiň, Nury didäm ýagtyldy, gül ýüzi Aý, hoş geldiň. Aşygym alçy gopman, bezm içre bitap ýatyp men, Meýli jamy göterip, alma-enar, hoş geldiň. Şekli-şemaýyl birle näz edip bezme girdiň, Elip kaddy-kamatyň, saýaly diwar, hoş geldiň. Gije ýanyma pynhan geldi ol Aý jemally, Emir diýdi: “Bilmesin şum rakyplar, hoş geldiň...” Özüniň keseki saýylyp, taryp edilýän gözeliň bolsa, aý jemally näzeniniligi, üssesine-de ol gözeliň saýa salmasy köşk bikesine tükenmez ezýet berdi. Mahlar aýym ynamdar adamlaryň üsti bilen bu işleriň başynda Şährihan häkiminiň aýalynyň durandygyna göz ýetirdi. Ýöne eýýäm iş işden geçip, mesele çyna ýazan ekeni. Asyl görüp otursa, Mahlar aýymyň elinden çörek iýip ýören köşk adamlarynyň ikisi Şährihana sürgün edilen seýit Gazy hojanyň gyzy üçin bireýýäm sawçylyga gidip gelen bolsa nätjek. Musulmanlaryň emiri tä Şährihandaky aýal doganynyňka görme-görşe gidip gelýänçä Mahlar aýym: “Kimkä ol Aý jemally?” diýip örtendi. Ol gözel gyzy göreninden soň bolsa, ozalky maýda-çüýde gabanmalarynyň hemmesi bir ýaňa, bu hem bir ýaňa boldy. Hakyky gabanjaňlygyň niçigsi zatdygyna Mahlar aýym şonda has oňat düşündi. Öz sözüniň, öz setirleriniň güýjüni egsik görüp, Meşrebiň ýangynly beýtlerini pyşyrdy bilen gaýtalady: Müň dürli pygan birle, haý-haý, ne bela geldi, Jan ah urýar, ol bolsa hanjaryn ala geldi. Golunda polat gylyç, başymga gelip jellat, Kylyp meni bibinýat, janymny ala geldi... *** Abdylla tagamsyz dary şülesini iýip bolup, talh atan çaýdan owurtlady. Çolpan bilen molla Fitrat türme düzgünine öwrenişen bolsalar gerek. Öň bir gezek türmede oturyp çykany üçin Abdylla hloruň ysyna we kameranyň dymyljyk howasyna, petikdäki ölügsi çyra, gijeki çeken jebrine... ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp bolýandygyny bilýärdi. Biwagt-näwagt diýmän, edilýän soňsuz soraglar, ýüzleşdirmeler bolsa, tussagy daşky dünýä bilen, has dogrusy, öwzaýy bozuk ýalançy dünýä bilen baglanyşdyrýar. Şeýle-de bolsa, Täze ýyl baýramçylygynyň gabat gelmegi zerarly heniz-ä soraga alyp gidenoklar. Ýa Abdyllany şu ýerde galmaz bolýança urup-ýenjip, soňam ýoguna ýanaýjaklarmyka? Araky kumlakly esger Abdyllanyň niýetini üýtgetdi, umyt peýda bolan halaty erk-ygtyýar gowşaýar. Belki, ol wagşy Winokurowy öldürmez, ýöne gapyl galyp üstünem basdyrmaz, indi Abdylla o ýigrenjä gaýtawul bermäge taýyn. Agzynyň içinde ýakymsyz tagam galdyryp, çaý hem gutardy. Kumlakly esgeri öz tarapyna çekip bilse oňat bolardy. O ýigdekçe Abdyllanyň ýazan kitaplaryny okadymyka? Daşyndan sada görünýänem bolsa, bu ýigdekçe NKWD-niň düzüminde gulluk edýär, diýmek, ýeterlik sebäbi bardyr. Bular ýaly ýere öňýeten esgeri almaýarlar. Düýnki sülçüleriň we derňewçileriň arasynda Abdylla ýekeje-de özbege gabat gelmedi... Rahbara hat ýazyp, golýazmalary ýygşyryp goýmagy tabşyrsa oňat bolardy. Ýogsa, howa sowap, gyş gazabyna tutsa, çoýun peçde ot ýakmaklary ahmal. Bu pikir Abdyllanyň bar ynjalygyny aldy. Häzire çenli ýazyp beýan eden sahnalarynyň käbiri ýadynda. Ýöne gep olaryň diňe guraksy mazmunynda däl, eýsem, tapylan äheňinde, jüpüne düşen sözlerde, öz wagtynda goýlan nokatda... Käbir eserler kerpiçleri tekiz hem endigan örülen, şarňyldap duran jaýa meňzeýär. Ýekeje ýerinde-de kemi-kösti ýok. Käbirleri bolsa, diwarlary gyşyk-myşyk howul-hara salnan külbäni ýadyňa salýar. Ýer bir silkinse, ýumrulyp, dereginden bir üýşmek gumdan başga galjak zat ýok... Abdyllanyň kumlakly esgeri öz tarapyna çekmegi gerek... *** Ýüz-gözüne timar berlen Aýhanpaşşa endam-janynyň sorkuldyly agyrysyna zordan diýen ýaly döz gelip, gelin salamyna bardy. Ýörän wagty aýaklary bir-birine çolaşdy. Köşgüň aýallary onuň görk-görmegine aňk bolup galdylar. Aýhanpaşşa bolsa özüni suwa gaçan pişik ýa-da tersine, suwa teşne jandar ýaly duýýardy. Ýok, owlakgapdy oýnunda orta oklanan owlak ýaly diýseň, has dogry boljak... Ýaşy durugşan aýallar gelniň daş-töweregini gallap durdular. Olaryň arasyndan iň dilewary saýlandy: Serwi boýly seýkin basyp, gül meňizli hoş geldiň, Tawus kimin ýörişiň, gözel görkli, hoş geldiň. Ajap gelinlik döwrüni sürseň gerek ençe wagt, Nury didäm, täji serim, gelinjigim, hoş geldiň. Ömrüňiz uzak bolsun, bagtyňyz bolsun açyk, Taýly başyňyz bilen goşa garraň, hoş geldiň. Onuň jedir-jedirine Aýhanpaşşanyň ýeňse damary gatady. Bu tagaşyksyz, gödek gazal kimiň patarrakysy? Ne kapyýasy bar, ne-de manysy... Gözelligi taryp etmegiň ýerine biderek warsaky, boş ýaňrama!.. Aýhanpaşşa assyrynlyk bilen nykabyň astyndan daş-töweregine garady. Adatça gelin salamynda berilýän oduk-buduk sowgatdan tamakin bolup duran dürli ýaşly aýallary gözi düşdi. Dilewar aýal şygyr okaýan äheňde owazyny süýkdürip, gelin salamyna girişdi. Ozaly bilen ýaş gelniň täze düşen öýünde ululara hormat goýup baş egmelidigini aýtdy. Däbe görä, baş egensoň, berlen lagly-merjenler Aýhanpaşşanyň ümezläp duran ýaşly gözlerini kepetmedi. Soňra ol günüleriniň öňünde baş egdi. Dilewar aýal köşgüň uly bikesi, emiriň baýry aýaly Mahlar aýymyň tarypyny ýetirdi. Uly güni täze gelniň egnine Halat-serpaý ýapdy gowudan-gowy. Hem ol gözden salmady biçäre garyplary... Aýhanpaşşa nykabyň astyndan taryp edilen aýala tarap göz aýlady. Şonda ol iki gözüň däl-de, iki hanjaryň özüne garşy gezelenini görüp haýykdy, ýüreginiň urgusy güýçlendi. Onuň Nodira lakamy bilen ýazan gazallaryny Aýhanpaşşa ýatdan bilýärdi: Pyrkat tümünde ýarsyz ýuwdulmadyk gan galmady, Rehim kyl, indi mende gan ýuwutmaga-da hal galmady... Mahlar aýym ýetişip gelýän iki oglunyň öňünde al-elwan reňkli gymmatbaha ýüpek parçalary Aýhanpaşşanyň egnine atdy. Bilagyrysyndan elip kaddy dal bolan ýaş gelin öz ýanyndan emiriň baýry aýalynyň başga bir gazalyny gaýtalady: Gan döker meýdan arap, ol kylsa jöwlan her tarap, Möwç urar derýa kibi meýdan arap gan her tarap. Dowamy bar >> | |
|
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |