KAKAMYÑ PILI
Ynha, biziň köçämiz. Oglanlykda oýnan ýerlerim. It duýgur bolýarmyş diýýärler. Şol çyn bolsa gerek. Öýümize ýetmänkäm, öňümden Alabaý ylgap çykdy. Güjükliginden öz ulaldan köpegim. Ol begenjine jotduja guýrugyny bulaýlap, dostlukly hyňranyp, boýnuma bökdi. Ýüzümi ýalady. «Haý, Alabaý, aýryl, aýryl, üst-başymy hapalaýaň. Penjeleriň palçyk ahyryn».
Okuwa diýip gidenime ýarym ýyl bolupdyr. Az möhlet däl. Ähli zat biraz üýtgäpdir. Alma, erik, şetdaly... agaçlar, göwnüme bolmasa, ulalypdyr. Men üçünji synpa geçenimde, kakamyň şäherden ýörite ussa getirip, bişen kerpiçden gurduran dört otagly, öňi giňiş eýwanly jaýymyz bolsa könelişip, öňküsinden peselipdir. Belki, şäherde belent-belent ymaratlara gözüm öwrenişenliginden şeýle görünýändir.
Kakam mellegiň ýarysyny diýen ýaly depipdir. Beýleki ýarysy hem ders düşelip, depmäge taýynlanyp goýlupdyr. Meniň barmazymyň öňüsyrasy ýagan ýagşa mazaly eznän ýer tüýs depime gelip durdy.
Kakam işde, jigim Maral okuwdadyr. Ejem niredekä?
Gyş düşüp, çigrekli günler başlandygy üçin äpişge, gapylar ýapyk bolansoň, ejem meniň gelenimi aňýan däldir.
Tamdyryň başyna gozaçöp getirilipdir. Diýmek, ejem çörek bişirmek aladasy bile başagaýdyr. Ol hamyr edip oturan bolsa gerek. Ýalňyşmandyryn.
Gapyny açaryma mähetdel:
—Wiý, Döwlet jan, sen geldiňmi, oglum?! –diýip, ejem eliniň hamyryny degirmezlige çalşyp gujaklady. Edähedine görä maňlaýymdan öpdi. —Sag-gurgun okap ýörmüň? Hamyrymy ýugrup basyrýançam, mellekleri aýlan, mallara seret, onsoň saňa çaý-çörek bererin.
Kakamyň depen ýeri alabulut asmandan kä öçügsi, käte-de ýiti nuruny çaýýan güneşe birgeňsi öwüşgin atyp, bu işi eden adamyň durmuşyny rejeli dolaýan kişidiginden habar berýärdi. Beýleligine düňderilip goýlan depikler gyradeňdi, bir ululykdady. Göýä diýersiň, ýer depmek sungatynyň aňrybaş ülňüsi ýalydy. Hatda onuň üstünden ýöreseňem, aýak yzyň düşüp, görki gaçjakdy.
Şeýdip depilen mellege ýagyş-gar ýagar. Aýazly günlerde ýer doňar. Indiki ekişe çenli ders garylan topragyň eýi ýeter. Oňa seredeniňde, umydyň puç çykmajagy duýlar durar. Onsoň, näme ekseň boýnap biter. Men muňa oglanlygymdan belet. Sebäbi kakam pile erk edip başarýan kişidi. Oba adamlarynyň üýşen ýerinde, daýhançylykdan gürrüň gozgalanda: «Mellek diýeniň Geldiniň mellegi ýaly bolaýsa» diýşip, ýere buýrup bilýänleriň arasynda kakamyň adyny hem tutýardylar.
Elime pil almanyma ýarym ýyl bolupdyr. Gara iş hem etmän ýörseň, özüni küýsedýän ekeni. «Oba bardygym, ýer depip hezil edinerin. Mellegi irgözinden ekişe taýynlap goýsak, kakam hem begener» diýip gelşimdi. Okuwyň arasynda berlen iki günlük çaklaňja dynç alyş döwründe bu meniň bitirip biljek iň bähbitli işimdi.
Kakam pilini nirede goýduka? Men mellegiň ähli ýerini birlaý aýlanyp çykdym. Öýüň töweregine ser saldym. Hiç ýerde pile gözüm düşmänsoň, ejemden soradym. Ol hem bilmeýär. Zerurlyk çykyp, goňşy-golam alandyr diýere-de, kakam pilini hiç kime bermeýärdi. Onuň bu edähedini gyňyrlyk hasaplanokdylar. Sebäbi kakamyň pilini diýseň eý görýändiginden habarlydylar.
Ahyrsoňy tapdym. Ynha, ol —kakamyň arzyly pili. Ýagyşdan bukup, sygyr dölämiziň üçeginde goýupdyr.
Asla-da, kakam pilini poslatmaýan kişi. Işden geldigi, mellekde gydyrdanmakdan lezzet alýar. Häzir bolsa ep-esli ýer depilendigi üçin kakamyň pili has-da ýalpyldap dur. Onuň sapy hem ýylmanyp, tüýs iş bitiren pildiginden habar berýär. Bu sap kakamyň piliniň üçünji sapy. Onuň başky iki sapyny ýer depenimde usulsyzlyk edip men döwüpdim. Munuň üçin kakamdan käýinjem iýipdim. «Sen daýhançylyk üçin ýaradylmadyk» diýipdi. Ondan bäri üç ýyl geçipdir.
Piliň sap oturdylýan ýeriniň ýokary ýanyndaky mis zolak hem ýere girip ýylmanmakdan ýaňa hut altyn çaýylan ýaly öwüşgin atyp başlapdyr. Ol zolak ömürli bolsun üçin piliň çyn polatdan ýasalýan aşaky böleginiň ýokarky demirleç bölegine seplenýän ýeri. Göwnüme bolmasa, oňa obamyzyň demirçi ussasy Gylyç aga: «Bu pil bilen işlenen ýerden altyn önsün» diýip, ýagşy niýet bilen, dogrudanam, sap altyn çaýyp goýan ýalydy.
Kakamyň pili saldamly pil. Öz güýç-gabarasyna görä ýasalyp berlen pil. Ejiz kişi eýgerip bu pilde uzak işläbem bilmez. Sapy hem ýogyn. Men bolsa kakama çekendigim üçin, onuň piliniň agramyny beýlebir duýubam duramok.
Asla, Gylyç aga pil ýasap berende, käbir ussalar ýaly, umumy ölçegde ýasaman, pilde işlejek kişä kybap edýär. Beýleki iş gurallaryny ýasanda-da şeýdýär. Onuň bu edähedini birtöwralyk saýyp: «Ownukçyl ussa» diýýänler-de: «Dogry edýär, owaldan gelýän ussaçylyk däbi şeýle» diýşip, oňlaýanlar-da bar.
«Hany, kakamyň pili, sungatyňy görkez. Seniň bilen birsalym ýer depip, göwün solpudan çykaly!».
Edýän depimimi kakamyňka meňzetmäge çalyşýaryn. Gyradeň depmeseň, mellegiň tekizliginiň bozulmagy mümkin. Bu bolsa kakamyň iň bir halamaýan zady.
Işledigimçe işläsim gelip, iş önüp barýar. Miweli agaçlaryň arasyny depenimde, köklerini zaýalamazlyk üçin, haýaljadan, ätiýaçly depmeli bolýan diýmesem, bagsyz, açyklaç ýerde işleýşim göz giderlik. Hut ýer depýän maşynyň bar-da. Ep-esli ýeri depen-de bolsam, ýadawlyk ýadyma-da düşenok. Häzir ejem daş çyksa-ha, meniň işleýşimi görüp, kesämden guwansa gerek. «Beleňlenme-de, haýaljadan işläber!» diýýän özüm-özüme. «Beleňlenjek, dessine depip dynjak, şu ýeri» diýýän özüm-özüme. «Howlukmaç edilen işde hil bolmaýar». «Kim saňa diýýär, hil ýokdugyny? Depişim kakamyňkydan pesmi eýsem?» diýýän özüm özüme.
Hanha, goňşy gyz Jakgy okuwdan gelýär. «Jakgy salam!» diýip, gygyryp salamlaşýan. «Eý, samsyk, Jakgy diýme, indi oňa Jahan diý. Ol şu ýyl mekdebi bitirýär. Ulugyz ahyryn. Özem owadan bolup ýetişipdir». Jahan ýylgyryp salamlaşýar. Işläp durşuma iki gözüm geçip barýan Jahanda. «Piliňe seret! Piliňe!». «Jahana seretjeg-äý!». «Beýtmek gelşiksiz ahyryn oba ýerinde». «Gelşiksizem bolsa, seretjek!». «Şart». «Ine, seretseň, piliň sapyny döwdüň». «Häý, içigar galmyş, kakamyň piliniň sapyny döwmek meniň maňlaýyma ömürlik ýazylypdyr öýdýän».
Indi nätsemkäm?
Dokuzynjy synpda okaýarkam äberilen tigrime haýdan-haý atlanyp, Gylyç aganyňka eňýän. Ol edip oturan işinden başyny galdyrman salamymy alýar:
—Hä, Geldiniň ogly, senmiň?! Sag-gurgun okap ýörmüň? –diýip, hal-ahwalymy soraýar. —Näme hyzmat? Ýene kakaňyň pilini döwdüňmi?
Men «hawa» diýip baş atýaryn.
—Saňa piliň sapyny demirden oňaryp bersemem, döwseň gerek. Usully bolmaly ahyryn. Ýer depeniňde, piliň özi duýdurýar-a näderejede gaňyrmalydygyny. Güýç görkezip almaly zat ýok. Tilsim bilen, tär bilen almaly. Bu gödeňsiligiňe sen lak atyp, gyzlar bilenem gelşip bilýän dälsiň.
Gylyç aganyň teýeneli sözlerinden ötri, «Goýup ötägit, erte-birigün gelersiň» diýmeginden howatyr edýärdim. Çak edişim ýaly-da boldy. Ol:
—Oňaryp goýaryn, erte aýlanaý –diýýär.
Meniň niýetim kakam işden gelýänçä pilini oňardyp, öňki ýerine eltip goýmak. Elbetde, endigine görä, işden soň çaý-çörek edinip, ýer depmekçi bolanda, piliň sapyny döwenimi görer. Ýöne täzeden sapladyp goýanym üçin öte zat diýmez. Işlemekçi bolanda, pilini tapmasa welin, onda käýese gerek.
—Gylyç aga, häzir oňaryp beräýiň-dä?! –diýip, ussa ýalbarýan.
—A-how, oglan, meniň körükde demir gyzdyryp, orak ýasap oturanymy görýäň-ä. Seniň möhümiňi bitirmek üçin bu işimi äpbersem, körükdäki kömür sowap galar.
—Gaýrat edäýiň-dä...
—Ýogsa-da sen haýsy ugurdan okaýaň? –diýip, Gylyç aga gyzyklanýar.
—Lukmançylykda.
—Lukmançylygyň haýsy ugrunda?
—Hirurg bolmaly.
—Häý, ogul, bu usulsyzlygyňa sen köp adamlaryň tepbedini okaýmasaň...
Gylyç aganyň diliniň awysy artýandygyna seretmezden, onuň agyryly sözlerini kaýyllyk bilen diňleýärin.
Meniň müzzerilip durşuma ahyrsoňy ussanyň nebsi agyrýar.
—Bolýar, äber bäri piliňi.
Oba arasynda «Gylyç aga pili, kätmeni bir «häh» diýende saplaýar» diýlen gürrüň bardy. Ol gürrüň esasly gürrüňdi. Gylyç aga pili dessine saplady. Biraz kütelişen ýüzüni çarha hem tutup ýiteldip berdi:
—Ynha, gaýdyp döwmejek bol.
Öýe baranymda, «Nirä ýitirim bolduka?» diýip, geňirgenip duran ejem täzeje saplanan pili görüp, bolan işe düşünýär.
—Kakaňyň pilini döwdüňmi?
«Hawa» diýip, baş atýaryn.
—Usully bolmaly ekeniň. Eliňi ýuw-da, çaý-çörek edin.
Kakamyň pilini alan ýerime eltip goýýaryn.
Saçagyň başynda oturyşyma: «Men, dogrudanam, daýhançylyk üçin ýaradylmandyryn öýdýän» diýip oýlanýaryn. Ýöne ýer depmek höwesi bilen gelipdim ahyryn. «Gowusy, men Gylyç aga özüm üçin pil ýasadaýyn» diýen pikir kelläme gelýär. Ajaýyp pikir! Döwsemem, öz pilimi döweýin.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar