KIM ERUR?
Sowal:
Molla şahyr senden habar soraly,
Beýtullah binýadyn tutan kim erur?
Ylmy derejäň synap göreli,
Dünýäden perzentsiz öten kim erur?
Jogap:
Ybraýym Halyla emr etdi Subhan,
Beýtulla binýadyn tutan bu durur,
Dokuz ýüz aýaly aldy Süleýman,
Döwletsiz – bizürýat öten bu durur.
Sowal:
Alladadyr barça işiň hasaby,
Ýol bermese, işiň tapylmaz taby.
Beýan eýle, nedir onuň sebäbi,
Öz-özün bazarda satan kim erur?
Jogap:
Hoja Hydyr munda köp ýaşa ýetdi,
Ýetmiş gezek özün bazarda satdy.
Gazanjyn garyba sadaka etdi,
Öz-özün bazarda satan bu durur.
Sowal:
Beýan eýle niçik syr bar bu işde,
Muny bilen barmy ýakynda-daşda.
Garragan çagynda bir kem ýüz ýaşda,
Habar ber sünnete ýatan kim erur?
Jogap:
Hata ýokdur Hakyň kylan işinde
Kim halatda görer, kimse düýşünde,
Halilulla togsan dokuz ýaşynda
Garranda sünnete ýatan bu durur.
Sowal:
Hakyň yşky bilen gaýnaýyp-daşyp,
Kyrk günläp ýöredi ençe ýol aşyp,
Uklap galdy dagyň gowagna düşüp,
Üç ýüz ýyl oýanman ýatan kim erur?
Jogap:
Eshabyl kähf-edi weli geçdiler,
Kapyr şasy Dakýanusdan gaçdylar.
Baryp dagda bir gowaga düşdüler,
Üç ýüz ýyl oýanman ýatan bu durur.
Sowal:
Barça janly-jandar tabyndyr Haka
Bildirmez ylymyň barmasa çaka.
Dünýäde gyýylan ilkinji nika
Olary nikalap çatan kim erur?
Jogap:
Telwis-Jelwis ýokdur sözüm hatasy,
Bulardyr şeýtanyň ene-atasy.
Jebraýylyň gyýan iki nikasy,
Olary nikalap çatan bu durur.
Sowal:
Oka gaýtma ýokdur, degse-de daşa,
Bir Alla kadyrdyr bar boljak işe,
Atasy baranda ýaňy kyrk ýaşa,
Ogly ýüz ýigrimä ýeten kim erur?
Jogap:
Uzaýyr pygamber kyrk ýaşda öldi,
Ýigrimi ýaşdaka bir ogly boldy.
Ýüz ýyldan direlip öýüne geldi,
Ogly ýüz ýigrimä ýeten bu durur.
Sowal:
Diýdi dostdan köp ýaş nämäme gerek?
Ol suwam içmedi, iýmedi çörek.
Her gün ýalňyz hurma bolupdy hörek
Diri “gabra” girip ýatan kim erur?
Jogap:
Beýik pirdi, doldy äleme çawy,
Taňrydadyr barça işiň hasaby.
Türküstanda Hoja Ahmet Ýasawy
Diri “gabra” girip ýatan bu erur.
Annadurdy Molla.
Goşgular