01:14 Köne kino / hekaýa | |
KÖNE KINO
Hekaýalar
— Çagalyk çagyňda dünýäniňem, kinonyňam gyzygy başgaça bor eken. Bä-äý, o döwürde biziň gören kinolarmyzmy... Awtomatly, bäşatarly, Çapaýewli, döwli-arwahly, aý, garaz, näçe görseň-görüp, näçe gorksaň-gorkup oturmaly. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarydyr-da. Ynha, «Kino gelýä!» diýip habar ýaýrady. Her kim, gün ýaşmanka, obamyzdaky ýeke-täk ak tamyň — Mämmet aptamadyň jaýynyň öňüne üýşüp ugrady. Klub bolmansoň, kino şol ak tamyň diwarynda görkezilerdi. Mämmet aganyň özi kinoçydy. «Aptamat» (awtomat) lakamam, haçan sorasaň, «Äý, ýaman gowy kinodyr, aptamatly!» diýensoň, şondan galan bolmaly... Giden meýdan mähelleden doldy. «Çöken düýe ýer alar» edip, biz-çagalaram öňe geçägede, diwaryň edil düýbünde ornaşdyk. Kino başlandy. Kino biziň dilimizde-de däl welin, şonda-da, kä ýerinde biri «Myrat, Myra-a-at!» diýip gygyrýan ýaly. Ynha, diwaryň ýüzünde, saçy biziňki ýaly tegelenip gyrkylan bir ýaş ýigit, ile ot ýakdyrman ýören jadygöý kempiriň gerşine atlandy-da, gyp basdy. Hezil edip uçup barýar. Birdenem, ýaňky jadygöý kempir ýere ýazyldy-da, amanadyny tabşyrdy. Şobada-da, owadan bir gyza öwrüldi. Ýaňky ýigit öz daşyna hek bilen tegelek çyzyk aýlap, bir zatlar okap ugrady... Şol wagt hälki «Myrat, Myrat!» diýýän sesem has güýjedi. Soňra-da beýleräkde oturan Sapajygyň ýeňsesinden ak eşikli biri geldi-de, eglip, Sapanyň ýüzüne seretdi. — Wä-ä... — Wiý, bü-ýä däl eken! — diýip, hälki ak eşiklem dikeldi. Ol — agtyjagy Myrady gözläp ýören Gülsün mama eken. Sapajygyň gorkuşyna düzüwli gülşüp ýetişmänkäk, öz üstümizdenem bir bela iýndi. Hälki diwarda jansyz ýatan gyz, birdenkä, gözlerini aşdy-da, dikeläýdi. Soňam ör-boýuna galdy-da, tabydyň üstünde dik durşuna, uçup başlady. Uçup ýörşüne-de, birden biziň üstümize şaglap gaýtmazmy! Bizem, edil dilleşen ýaly, Sapajykdan beter wägirşip, ýykylyp-sürşüp, göterdik ökjäni. Aý, garaz, mähellä hezil berdik... Şol wagt, biziň haýkylygymyzdan ürkdümi-nätdimi, hol beýleräkde daňylgy duran eşek aňňyryp ugrady. Soňrak, onuň «heňini» bütin obanyň eşekleri alyp göterdiler. Kinonyň ses-ä beýlede dursun, gapdalyňda duranyň ýa oturanyň sesinem eşider ýaly bolmady. Şol barmaşa, kino görkezýän enjam şyg-şyg etdi-de, diwaryň ýüzi ap-ak boldy. Mämmet aga «Häk-eý, ýalmady...» diýip hüňňürdedi-de, enjamyndan bir gapyrjagy aýryp, başga birini dakdy. Kino täzeden başlandy. Emma, indi görsek, diwaryň ýüzünde ala-mula eşikli, döşleri okhatarly deňizçiler atyşyp ýör. Mämmet aptamat kinony saklady-da, oturanlara ýüzlendi: — Adamlar, bagyşlaň... Kinoň dowamyna derek başga birini alyp gaýdyberipdirin. Häzir yzyny getirerler. — Äý, şunyňam kem däl. Ýogsam, ýaňky kinoň-a oglan-uşaklaň zähresini ýarjak! — diýip, ýaşulularyň biri çalşylan kinony oňlady. ...Kino gidip durka, birdenkä deňizçileriň edil alkymyndan bir pişik zymdyrylyp geçdi, onuň yzýanyndanam ala köpek peýda boldy-da, bir-ä kinoly diwara, birem tomaşaçylara tarap seredip, üýrmäge başlady. Uruşda seňseläp, bir aýagyny aldyryp gelen Aman aga oturan ýerinden pişegini bulaýalap: —Men bu kinony öňem kän gördüm, onda item bolmaly däl-pişigem!— diýip, goh edip başlady. —Aptamadyň iti-how ol!— diýip, gapdaldan biri Aman agany köşeşdirjek boldy.— Jit, jit, ýok bol! Anha, gitdi... ...Ynha, bir deňizçini dört tarapyndan gabap, gysaja saldylar. Ol deňizçiniňem ne oky bar—ne-de ýaragy. Ýöne sarsman dur. Edil şo wagtam, demini alman oturan tomaşaçylaryň arasyndan şilliň uzyn biri turdy-da, hälki deňizçiniň alkymyna bardy, diwaryň bir ýerini dyrmalap: — Şu taýy gowy suwalmandyr, düwürt bar-düwürt...— diýip, hümürdedi. — Aýryl-ow, Şaweli! — Otur-how! Bu baran — obanyň ökde suwagçysy Şaweli eken. Ol kino görkezilýän diwaryň bir ýerinden bir zat tapdy-da, äpet penjesiniň tersi bilen çalaja kakdy welin, diwaryň suwagynyň ep-esli ýeri opurylyp gaýtdy. Mämmet aptamat kinony saklap: — Eý, edýäniň näme? Ertir özüň suwarsyň! — diýip gygyrdy. — Bor, suwaryn! Munyňdan, ýogsa-da, suwag bolmaz... — diýip, Şaweli yzyna gaýtdy. Kino görkezýän enjam ýene şyr-şyr etdi-de, diwaryň ýüzündäkiler ýitirim boldy. — Haý, Şaweli, edeniň bar bolsun! — Men näme etdim-aý? Kinoňyzy ellämog-a men... — Nurly, Nurly! — diýip, Mämmet aptamat gyssanjyna gygyrdy. — Gel, kömekleş! Ýene ýalmad-a bu içigar galmyş... Meniň ýanymda oturan Nurly — Mämmet aganyň ogly meniň böwrüme symsyklap: — Ýör-eý, Garly, kömekleşeli! — diýip, böküp turdy. Baryp görsek, Mämmet aganyň aýagynyň aşagynda itiň içegesi ýaly uzyn bir zat kültem bolup, çolaşyp ýatyr. Mämmet aga ilki ony yzyna sarajak boldy. Bolmady. Soň ol oglunyň uzadan gaýçysyny aldy-da, hälki kinolentanyň bir ýerinden şarpa kesip, abat galan ýerini ýelmejek boldy. Onýança-da gapdaldan bir yşyk göründi, soňra bir äňet motosikl «Pöň... pöň-ň... pöň-ň-ň...» edip gelip, saklandy. — Adamlar, ynha, kinonyň yzy geldi! — diýip, Mämmet aga gygyrdy. Kino täzeden başlandy. Görsek, indi bir ýekegöz döw biziň ýalyjak bir oglanjygyň üstüne abanyp, penjesini gerip dur. — Bu-da däl ýaly-la... — diýip, ýeňseden Mämmet aganyň sesi geldi. — Sesi ýokm-aý munuň? — diýip, kimdir biri sorady. Şol wagtam: — Myrat! Myrat ja-a-an! — diýen ses ýaňlandy. Barymyzyň inimiz tikenekläp, endamymyz jümşüldäp gitdi. Ol ses — ýene-de Gülsün mamanyňky eken. ...Ertir irden görsem, gapymyzda Mämmet aganyň ogly Nurly dur, goltugynda-da bir topbak üzüm-ýoluk kino lentasy. — E-eý, Garly, muny nädeli? — diýip soraýar. — Paýlaly! — diýdim. Ýaňky lentalary gaýçy bilen kesişdirip, öýme-öý, bütin oba aýlap çykdyk. Kime jyn-arwah, kime döw, kime deňizçi... aý, garaz, her bir öý indi kinoly boldy... *** «Umman — 3D» kinoteatrynyň öňündäki pälwansypat agajyň kölegesinde şu zatlary agtygyna gürrüň berip oturan Garly aga, gepine «hä» beren bolmansoň, ýalt edip, gapdalyna seretdi. Görse, agtyk küje — zat küje... Doňdurma almaga gidendir-dä. Onsoň Garly aga egin diräp oturan agajynyň «arkasyna» kakan bolaýdy: — Äý, ynha-da, sakaldaş... Zyýany ýok. Saňa gürrüň beräýenmişim-dä... Senem-ä kän kinolar gören bolmaly! Oturan ýeriň-ä gowy eken... Biz ýaş wagtymyzam şu taýda kino görkezerdiler. Agaçlaryň üstüne çykyp, gören kinolarymyzam kändir. Seň şahalaryňa dyrmaşanam bolsak, ahmaldyr. Bagyşla, gardaş... O döwrüň kinolarynda seniň bu ýaşyl ýapraklaryň-a görüp bilmezdik. Ýöne şo kinolaryň gowy ýeri — garany gara, agam ak edib-ä görkezerdiler... Garly aga öňünde howalanyp duran, gözüň ýagyny iýip barýan owadan ymarata seredip oturşyna, dilini jukguldadyp, ýene «sakaldaşyna» ýüzlendi: — «Seniňki kyn» diýjek bolýan, «Saňa behiştde görme bar-da, datma ýok» diýjek bolýan. Aý, zyýany ýok, soň özüm gürrüň beräýerin. Şu owadan ymaraty gije-gündiz görüp oturanyň özem birküç kino degýär ahbetin! Biz-ä şuňa ýürek edip giribem biljek däl şu wagt. Agtygymyzam gaty gorkuzýa-how, «Eýläňden girip — beýläňden çykýalar» diýýä... Edil şo wagt «Ata!» diýlen çirkin ses Garly agany tisgindirdi. — Ata, ýör, başlaýa! — diýip, agtyjagy Garly agany kör iden ýaly idekläp ugrady. Girdiler, oturdylar. Agtyjagy ilki atasynyň gözüne bir gara äýnegi iltedi-de, özem birini dakyndy. Başlady! Baý-baý-baý-baý-o-ow!!! Gaýmy — tupanmy — tolkunmy— gommy, Alla bilsin, bir zat gaýdandyr şaglap! Töweregiňde-de akulamy — görläheňmi, çarp urýarlar. Ed-dil ýöne, ýuwdaýjaklar! Sakalyndan utanjyna, syr bermän, sarsman oturan Garly aga bu täze kinonyň içine siňip, ýitip gitdi. ...Köp kinolary başdan geçiren garry agaç bolsa, otlar bilen ümleşip, şemal bilen pyşyrdaşyp, şo-ol garaşyp otyrdy. Kömek Kulyýew | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |