07:05 Köpri / hekaýa | |
KÖPRI
Hekaýalar
Jala gelende obanyň günortasyndaky Guba dagyň jülgesinden sil suwlary jaranlara ýygnanyp şahalanyp akýar. Ýyllaryň geçmegi bilen olar giňelip akabalara öwrülipdir. Olar bolsa öz gezeginde sil suwuny çaýa guýýar. Haçandyr bir wagtlar çaýyň üstünde mal-gara geçer ýaly köpri gurlupdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň pürsleri, pelte agaçlary çüýräpdir. Köpri derwaýys abatlanmaga degişlidi. Ýöne onuň halyndan habar alýan adam ýokdy. Çaýkanyp duran öprüniň üstünden geçeniňde halys ägä bolaýmasaň, betbagtlyk uzakda däldi. Çaý dolup akanda dowarlary şu ýerden geçirmeli bolýardy. Sebäbi güzerde mal-gara iner ýaly ýalpak ýer ýokdy. Bir gezek köpriniň üstünden geçip barýan adamyň aýagy taýyp, döwlen tagtalaryň arasynda galdy. Şonda ol: “Waý, bagtym ýatdy-la!” – diýip, çasly gygyrdy we aýagyny tagtalaryň arasyndan zordan sogrup aldy. Ol bende şikes sebäpli tasdan maýyp bolupdy. Ep-esli wagt ýempikläp, ejir çeken aýagyny çala basyp gezmeli boldy. Küren obanyň başyna dert bolan, olary ynjylykdan gaçyrýan bu wawwaly meseläni çözmek üçin adamlaryň başyny jemläp, ugrukdyryp goýberjek öňbaşçy gerekdi. Derwaýys işiň başy tutulsa, il-ulus ony ikelläp goldajakdy. Ynha, günleriň birinde Muhamet mugallym obanyň ekabyr oglanlaryny toplap, köprüni abatlamaga gidende oba ilaty olara gurluşyk serişdeleri bilen ýardam etdiler. Köpriniň sütünleri berkidildi, pelte tagtalary täzelendi. Günortan köpriniň golaýynda desserhan giňden ýazyldy. Ýogurt bilen ýaňyja tamdyrdan çykan mele-myssyk çörek saçagyň bezegi boldy. Bu ýere ýygnanan obanyň ýaşululary gurluşykçylara “Berekella!” diýip, olaryň “armasyny” kemsiz ýetirdiler. Ikindin çagy heniz günbatarda şapak gyzarmanka, gözýetimde ilki dowar sürüsi, goýunçy köpek, soňra çekeni çopany göründi. Göýä bu täzeligi ilki bilen özi bilen ýaly, boýny jaňly ygerkeç ýüzüni köprä tarap öwürende dowarlar abatlanan köprüden assa-ýuwaşlyk bilen geçip başladylar. ...Ýagyş diňse-de dag-derelerden syrygýan suwlar şildiräp, täsin ses edip akýardy. Akabada sil suwunyň getiren gyrmançalary, köpri abatlananda galan agaç ýoruşgalar gaýmalaşýardy. Oba ilaty täze abatlanan köprüden arkaýyn geçip barýan çekene dowarlara mähir bilen garap durdy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |