23:41 Kümüştegin Danyşment Ahmet Gazy | |
KÜMÜŞTEGIN DANYŞMENT AHMET GAZY
Taryhy şahslar
Seljuk soltany Alp Arslanyň Malazgirt söweşindäki ajaýyp ýeňşinden soň, oguz türkmen boýlarynyň Anadolyda köpçülikleýin ýerleşmegi başlanýar. Aslynda, türkmen oguz kowmy bu ýerlerde ozal hem birnäçe gezekki akynlaryň netijesinde ýerleşipdi. XII–XIV asyrlarda türkmen boýlary tarapyndan bu ülkede 20-den gowrak uç beglikleri döredilýär. Belli fransuz gündogarşynasy Klod Kaeniň hem-de türk professory Osman Turanyň getirýän taryhy maglumatlaryna görä, mongol howpundan çekilip, XIII asyrda Anadolynyň Deňizli, Kütahýa, Afýon, Eskişäher, Kastamony, Ankara sebitlerinde Rumdaky seljuklaryň döwletine sygynan türkmenleriň sany 2-2,5 million adama ýetipdir. Köplenç, öz atlary, gelip çykan boýy ýa-da beglik guran etraby bilen bagly beglikleri döreden käbir türkmen begleriniň nesillere nusgalyk eden işleriniň käbirini ýatlalyň! Kümüştegin Danyşment Ahmet gazy Demirgazyk-Gündogar Anadolynyň Siwas, Kaýseri, Malatyýa, Tokat, Niksar, Amasyýa, Kastamony, Çankyry, Çorum, Elbistan etraplarynda höküm süren Danyşment türkmenleriniň begligini esaslandyryjydyr. Wizantiýaly taryhçy onuň aslynyň Ärsak nesline degişlidigini ýazýar. Taryhçy Ibn Esiriň maglumatlaryna görä, Danyşmendiň kakasy Aly Taýly (Toýly) Horezmde we Mawerannahrda seljuk şazadalarynyň atabegi bolupdyr, şonuň üçin oňa Danyşment lakamy berlipdir. «Danyşment» lakamy «maslahatçy», «geňeşdar» manylaryny hem berýär. Käbir çeşmelerde Danyşmendiň wizantiýalylar bilen söweşde wepat bolan gahryman Battal Gazynyň neslindendigi aýdylýar. Danyşment gazy Beýik Seljuk türkmen soltanlary Alp Arslanyň, Mälik şanyň serkerdeleriniň biri bolupdyr. Nigdeli Kazy Ahmet (XIV asyr) ony soltan Mälik şanyň ýegeni, Izzeddin ibn Şeddad bolsa Anadolyny eýelän Süleýman bin Gutulmyşyň daýysy diýip ýazýar. Onuň doglan wagty hakda anyk maglumat ýok. Biz soltan Alp Arslana gulluk edendigini nazara alyp, (Alp Arslan 1029-njy ýylda doglan), ondan sähel kiçi ýaşda bolandygyny, takmynan, 1030– 1031-nji ýyllarda doglandygyny çaklaýarys. Malazgirt ýeňşinden soňra, takmynan, 40-41 ýaşyndaky Danyşment Gazy Niksar sebitinde öz begligini gurýar. 49-50 ýaşyna çenli (1080 ý.) Siwas, Ýaşylyrmak töwereklerini eýeläpdir. Amasyýa, Tokat, Niksar, Kaýsery, Zamanty, Çorum sebitlerini öz begliginiň düzümine goşupdyr. Haçparazlara garşy üstünlikli göreşi üçin Bagdat halyfy Müsterşid tarapyndan Danyşment beglerine «Mälik» derejesi berlipdir. Danyşment türkmenleriniň ilkinji hökümdarlary barada Anadolyda «Danyşmentnama» dessany giňden ýaýrapdyr. * * * Türkmen — edermen, batyr, söweşjeň millet. Biziň halkymyz üçin harby sungat ýat däl. Ata-babalarymyz öz nesillerine harby tär-tilsimleri arkama-arka öwretmek arkaly ony sungat derejesine ýetiripdirler. Şu günki günde harby ugurdan hünärmen bolmak üçin ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdeplerinde, harby akademiýalarda tälim almaly. Gözbaşyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhynda häzirki harby okuw mekdepleriniň, harby akademiýalaryň wezipesini atabeglik mekdepleri ýerine ýetiripdir. Ana, şol mekdepleriň terbiýeçileri — atabegleri ençeme hökümdarlaryň ogullaryny döwlet gullugyna taýýarlapdyrlar. Döwlete howp abanan ýagdaýynda bolsa, häkimiýeti öz ellerine alyp, öz atlary bilen atlandyrylan Zeňňiler, Börüler, Salyrlar, Ildeňizler atly türkmen atabegliklerini döredipdirler. Indiki söhbedimiz şol türkmen atabeglikleriniň meşhur hökümdarlary hakda bolar. Türkmenleriň Zeňňiler atabegligi (1127 — 1259 ý.) Beýik Seljuklara we Yrak Seljuklarynyň döwletine degişli ýerlerde gurlan atabeglikdir. Bu neberäniň häkimligi Yragyň demirgazygyna, Anadolynyň demirgazyk-gündogaryna we Siriýa ýaýrapdyr. Zeňňiler haçparazlara garşy yslam güýçlerini birleşdirmäge synanyşan atabegler neberesidir. Ony esaslandyryjy Ymadeddin Zeňňi Beýik Seljuk soltany Mälik şanyň türkmen guly hajyp Aksunguryň (Akşuňkar) ogludyr. Aksungur 1086-njy ýylda seljuk soltany Mälik şa tarapyndan Siriýanyň Halap galasynyň serkerdeligine bellenipdir. 1087-nji ýylda Halapda Aksunguryň Ymadeddin atly ogly dünýä inýär. Orta asyr taryhçylary Ibn Esiriň, Ibn Adimiň maglumatlaryna görä, kakasy öldürilen mahaly (1094 ý.) ýedi ýaşlarynda bolan Ymadeddini Mosula iberilen serkerdeler Kurbuga, Musa at-Türkmeni, Çökürmiş, Çawly, Mewdud, Aksungur Porsuk dagy terbiýeläpdirler. Ymadeddin Zeňňi 24-26 ýaşlarynda (1111 — 1113 ý.) Mosulyň häkimi Mewdudyň haçparazlara garşy ýörişlerine gatnaşypdyr. Yrak Seljuklarynyň soltany Mahmyt 1127-nji ýylda 40 ýaşly Zeňňini Mosulyň häkimi we şol bir wagtyň özünde iki oglunyň atabegi (terbiýeçisi) edip belläpdir. «Ymadeddin» lakamyny alan Zeňňi Mosula häkim bolansoň, özüniň döwletini gurmak baradaky arzuwyny amala aşyrmaga girişipdir. Ol Sanjary (Sinjar), Habury, Nusaýbini we Harrany özüne tabyn edipdir. Onuň 43 ýaşynda (1130 ý.) Halaby özüne boýun egdirmegi haçparazlaryň bu ýeri eýelemek umydyny puja çykarypdyr. Zeňňi bütin Siriýanyň hökümdaryna öwrülipdir. Ol Börüleriň atabegligini-de Zeňňileriň häkimiýetine tabyn edipdir. Ymadeddin Zeňňi musulmanlary haç göterijilerden goramakda aýratyn tapawutlanan serkerdedir. Ol 1130-njy ýylda haçparazlaryň elindäki Esarib galasyny alypdyr. 1144-nji ýylda Ymadeddiniň ýolbaşçylygyndaky türkmenler haçparazlaryň esasy daýanç merkezi bolan Urfany eýeläpdirler. Elli ýyla golaý haçparazlaryň elinde galan Urfanyň eýelenmegi yslam dünýäsinde Zeňňiniň abraýyny ýokary galdyrypdyr. Bagdat halyfy el-Muktefi Billah oňa «Zeýnul-Yslam» («Yslamyň bezegi»), «Mälik’ul-Mansur» («Ýeňiji patyşa»), «Nasyr’ulEmir’ul-Möminin» («Musulmanlaryň hökümdarynyň daýanjy») lakamyny beripdir. Bu ýeňlişe ahmyr eden ýewropalylar ikinji haçly ýörişe taýynlyk görüp başlapdyrlar. Ymadeddin Zeňňi Jaber galasyny gabaýarka, 1146-njy ýylda 59 ýaşynyň içinde gije uklap ýatan mahaly galany goraýjylaryň biri tarapyndan öldürilipdir. Rakkada jaýlanylypdyr. Ibn Esiriň sypatlandyrmasyna görä: «Zeňňi görmegeý, bugdaýreňk, gök gözlüdi. Saçyna ak düşüpdi». Ymadeddiniň Seýfeddin Gazy, Nureddin Mahmyt, Kutbeddin Mewdud, Nureddin Emir Emirhan atly dört ogly bolupdyr. Özünden soň atabegligi Mosul we Halap şahalaryna bölünipdir. Atabeg Ymadeddin Zeňňi döwlet adamlarynyň mülk edinmegini gadagan edipdir. Ol ýerleri elinden alnan ekerançylara ýerlerini gaýtaryp berip, olary hoşal edipdir. Bu bolsa ekerançylygyň täzeden janlanmagyna sebäp bolupdyr. Mosulda köşkler, medreseler gurdurypdyr. Mosul Orta we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky söwda çatrygyna öwrülipdir. Şäherde 36 sany içi dükanly bazar we ýapyk bazarlaryň ençemesi bolupdyr. Zeňňiler hem Seljuklar ýaly, ylmyň we edebiýatyň ösüşine hemaýatkär bolupdyrlar. XII-XIII asyrlarda atabeglere degişli eser ýazan taryhçylardan Azymy (1161 ý. ýogalan), Usame ibn Munkyz (1095 — 1188 ý.), Ibn Şeddad (1239 ý. ýogalan), Ibn Esir (1234 ý. ýogalan) dagynyň atlaryny sanamak mümkin. Muhammet ibn Ybraýym Abu Abdullah Wasiti, Abdylla bin Muhammet ibn Muhammet Aly fykh (yslam kanunçylygy) ylmynda özlerini görkezipdirler. Muzaffar ibn Muhammet Tell A’fariniň (1210 ý. ýogalan) Mosulda astronomiýada şöhrat gazanandygy, onuň atabeg Kutbeddin Mewdud üçin bir takwym (kalendar) düzendigi çeşmelerden mälimdir. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |