23:54 Kysmat | |
KYSMAT
Goşgular
Sen ýene-de tenhalygy halaýaň, Nalaýaň sen aýra salan ykbaldan. Hon-ha, seret, guşlar bolsa ala-ýaz, Durnalaram uçup barýar asmandan. Olar üçin serhedi ýok älemiň, Olar şeýdip aýlanyp ýör dünýäni, Olar üçin sen Mejnunmyň, dälimiň, Olar üçin dünýäň ýüzi gül ýaly. Ýör, ezizm, alyslara gideli, Egseli biz ýüregmiziň gussasyn. Durmuşda synaglar kän duşar häli, Muňa gelen göräýmeli kysmatyn. Kerwen gurap geçip giden ol ýyllar, Bizden indi arasyny açypdyr. Seretse-ne, göz gypyşýar ýyldyzlar, Belki, olar bir-birine aşykdyr. Seret, Aýam gülüp bakýar alysdan, Ýada salyp birmahalky pursady. Duýgularym boşanypdyr gazykdan, Ýaryp barýar yşkdan doly gursagy. Bu ýerleriň tämiz eken howasam, Bu ýerler-de uzap ýatyr gijeler. Men seni ýitirip düşündim hasam, Bu söýginiň gudratyna, güýjüne. Käte-käte geňlesem-de bolşuňy, Alajym ýok, ýeri näme edeýin? Bir gün däli ýaly düwüp goşumy, Diýdim:»Çykyp seň ýanyňa gideýin» Alňasap, elewräp, çykdym men ýola, Ýagyşam guýup dur, suw-sil töwerek. Ejem diýdi:”Atlandyň nä hyýala? Eý, Alla, bar bolsaň gel-de kömek et“. Ine, onsoň dolanmazmyň yzyňa, Diňlemezmiň ak süýt beren ejeňi. Bu gün bolsa başym goýup dyzyňa, Aýdyp berýän şol başymdan geçeni. Wah, о günler doly eken duýgudan, Wah, о günler geçip gitdi armanly. Käte ýatlap dem alýaryn uludan, Hemem diýýän: „Näme garrap barýaňmy?!” Arada aýlanyp derýaň boýuna, Şol toraňňyň saýasynda düşledim. Alysda galgady şol sary öýme, Bu nä ahwal? Bu nä gudrat? Düşmedim. Sensiň öýdüp syçrap turdum ýerimden, Gözüm bolsa, alyslar-da, öýmede. Soň ol öýme gaýyp boldy gözümden, Bir seretsem, bolan eken öýle-de. Garaz, özüm köşeşedirýän özümi, Hoş sözlerden tapjak bolýan teselli. Ýadym-da meň tylla saçlaň örümi, Hem kenarda durşuň egniň ketenli. Ýadym-da meň şol gijeki gürrüňler, Ýadym-da meň sowgat beren tahýaň-da. Asmandaky ýyldyzlaram ümbilmez, A, sen bolsa, Ýedigeni tapýaňda, Diýýäň: „Hon-ha, seretse-ne olara, Olar biziň söýgimiziň şaýady. Wah, şol ýere ýol tapsadym barara, Men bir pursat unudardym bar zady. Synlardym men bu Zemini alysdan, Guşlar ýaly ýaýnardym men erkana, Soňam seni öz ýanyma alyp men, Umyt baglap garaşardym ertäme“. Şeý diýdiň-de, maňa bakyp ýylgyrdyň, Ellerime goýduň elleň aýasyn, Sen о mahal durna deýin duýgurdyň, Sen о mahal gije dogan Aý asyl. Sen maňa ykbalyň beren peşgeşi, Seň bilen geçilen ýollaram başga, Megerem, dünýäde bagtly kişi, Bagta ýetmek üçin kösenýär başda. О günler, ömrümde ajaýyp günler, Başymda gaýgy ýok, hasrat ýok, şatlyk. Ho-ol alysda gaýar ýördi göwünler, Hemişe duraýjak ýalydy ýaşlyk. Ikibaka gatnar hatly bukjaň-da, Howlugarsyň bir-birege duşmaga. Jogap alsaň ýeňil gopar ökjäň-de, Taýýarsyň sen eýýäm ýola düşmäge. Seniň üçin şundan uly näme bar, Şundan uly bagt bormy, dünýäde? Söýgi bilen älem-jahan lälezar, Başym gurban yşkdan gurlan binýada. О günleriň lezzeti-de üýtgeşik, Üýtgeşikdi ýaşlygymyzyň bahary, Indi egnimizde dur agyr keşik, Çekýän derdimizem ondan daşary. Bu gudratdan daşlaşma ýok adama, Duýmaýan ýok bu gudratyň güýjüni, Eý, Allajan, bizem bendäň, adam-a, Biziň maňlaýymyza ýazylan şumy? Otyryn men özüm bilen ikiçäk, Dünýä hakda, durmuş hakda oýlanýan. Söýgi ummanynda ýok ekeni çäk, Bu ummanda, ýok ekeni, ýanmaýan. Syrly-syrly sowallar dur keserip, Men bularyň jogabyny agtarýan, A, sen bolsa, çagajygyňy göterip, Nirädir bir ýere alňasap barýaň. Sen о mahal töwerege garaňok, Seň о mahal dünýä bilen ýok seriň, Kimdir biri aýtdy maňa: „Ýaranok, Wah, maňlaýy şor ekeni dilberiň”. Şonda meni gaplap aldy howsala, Göz ýaşymy özgelerden gizledim, Men о mahal kime salaýyn sala, Men о mahal bu dünýeden üzňedim. Isledim men şatlanaryňy, güleriňi, Sen şat bolsaň, bu meniňem şatlygym, Indi ýatlap şol başagaý günlerimi, Diýýän: „Alyslarda galdy ýaşlygym». Ikimizem bile çekdik bu derdi, Bile çekdik bu ykbalyň gussasyn, Öňümizde ýowuz synag keserdi, Bu seniňem, bu meniňem, kysmatym. • Ýaşlyk bahary Säherler ýaňlanan tüýdügiň sesi, Şeýle bir ýakymly, şeýle bir täsin. Kükräp-kükräp çalýar ony tüýdükçi, Torgaýlar ýetirýär tüýdükçiň „häsin“. Ýakymly owazlar görk alýar sähram, Ganat kakyp göge galýar torgaýlar. Olar sesin goşýar tüýdük sesine, Olar indi jürküldini goýmazlar. Hon-ha, sähra seýil edip ýör gözeller, Hoş owazdan alýar olar lezzeti. Bu owazy tanyş gören bir gelin, Giň sähradan tüýdükçini gözledi. Onuň gözlerinde göründi uçgun, Alaňlardan-alaňlara aşdy ol. Gargy tüýdük jadylady gelini, Begenjinden gözleri-de ýaşdy oň. Barýar gelin alyslary nazarlap, Käte ýitýär arasynda gülleriň. Ho-ol aryşda meýlis guran torgaýlar, Pelpelleýär depesinde dilberiň. Gelin aýak çekdi, sägindi bir dem, Synlady ol torgaý guşlaň meýlisin. Şol wagt öwüsen mylaýym şemal, Ýatlatdy geline ilki söýgüsin. Bu täsin ahwala gelin geň galdy, Tolgunyplar tegeledi gözlerin. Diýdi: „Hakyt, hakdan gelen engam bi”, Hem ýatlady yşka düşen günlerin. Gyzlyk dünýäsine dolandy gelin, Hyýalynda şol dünýäde ýaşady. Aradan aý-ýyllar geçsede telim, Ýadyndady bir wagtky wadasy. Bu ýerler geline öňden tanyşdy, Öňem telim gezek gelipdi seýle. Bu ýerde köräpdi söýginiň yşky, Bu ýerlerde öňem galgapdy öýme. Bu ýerler geliniň gözüne yssy, Bu ýerleriň gülleri-de üýtgeşik. Gelmese, görmese, ýüregi gysdy, Bu ýerde ol yşkdan salynypdy köşk. О mahal bu ýerleň howasam başga, Başgady ýüreginiň urşam gyzyň. О mahal gaýgy ýok, gussa ýok başda, Ilkinji posalar goýupdy yzyn. Ýaňlanypdy gargy tüýdügiň sesem, Torgaý guşlar şol mahal saýrapdy. Ýaşlygyň ýelgini hem tüýdük sesi, Aşyk gyzyň gözün-başyn aýlapdy. Hut häzirem şol ahwalat başynda, Gelin ýene nazarlaýar ummany. Tüýdük ýaňlanyp dur çopan goşunda, Söýgi bolsa, aýlanyp ýör dünýäni. Ýaşlygyň bahary üýtgeşik bahar, Gujagyndan gelenok oň gaýdasyň. Bu gün öňküsinden has tämiz säher, Bu gün gelin gujagynda paýhasyň. Myrat ÖMÜR. | |
|
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" / Goşgular - 09.09.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |