11:53 Armanym / hekaýa | |
ARMANYM
Hekaýalar
Mekdep ýyllarym. Haçanda men şol ýyllary ýada salanymda özümi henizem ýetginjek ýaly duýýaryn. Çünki ol ýyllar meniň ömrümiň iň bir ajaýyp döwrüdi. Ilkinji söýgimiň dörän ýyllary. Obamyzy ikä bölüp geçýän köçäniň ilersinde biziň öýümiz, gaýrasynda siziň öýüňiz. Mellegimiziň aýak ujundan geçýän akarýap häzirem bar. Sen mahal-mahal elleriň bedreli şol ýaba suw almaga gelerdiň. Menem mellek işleýän bahanasy bilen elim pilli käwagt bir gum sowran bolup, göz astyndan seni synlardym. Sen bedreleriňi suwdan doldurardyň-da, mylaýym ýylgyryp ötägiderdiň. Men şonda her gezek: «Ertir mekdebe baraýsam bor, ýüregimdäkini hökman aýdaryn» diýerdim. Ýöne, mekdebe barybam, bitirýän işim ýokdy. Agzyma suw alan ýaly gepläbilmänem gaýdardym. Öýe gelibem, özüm-özümi köşeşdirjek bolup, galardym bir derde. — Aý, bor-la. Aýtjagyň şol ýeke söz dälmi. Ony nirede aýdaňda nä. Suwa gelende aýdyp goýber. Men öz dünýäm bilen gümra bolup oturyşyma, ejemiň otaga gireninem duýmandyryn. Ejem eliniň aýasy bilen başymy sypap: — Azat jan! Okuwlaň niçik, balam?! — diýdi. — Ýaman däl, eje. Basym mekdebem tamamlaýan. — Tüweleme! Eýýäm ýigit çykdym diýsene. Aý, hawa-da. Wagtyň salymy barmy nä. Bi, nemele, oglum, agaň Çaňly janam-a soňky wagtlar hat ýazmasyny selçeňletdi welin, jany bir sagmyka?! Ýöne, senem-ä soňky wagtlar başagaý görünýäň. Bir zatlaryň küýüne düşüp ýören-ä dälsiň?! Men ejemiň bu sözlerini eşidip tisginip gitdim. Aljyrap başladym. Otagyň içinde iki baka gezmeläp ýörşüme penjiräniň öňüne bardym. Özümçe pikir ýüwürdim: — Bä, büý-ä mundan çykd-ow. Ber indi jogabyny. Ýogsa-da, ejem muny nireden bilip ýorkän-aýt?! Aý, ýok, muny ýaşyryp ýörmeli dälmikä diýýän. Onsoňam, meniň bu bolan bolup ýörşüme pynhan zat bormy-aý. Men indi muny ejeme nädip aýtsamkam? Jygyldap gapy açyldy. Aňyrdan goňşymyz Jeren daýzanyň sesi eşidildi: — Aýu, Bibijemal! Sen ol Hajarlaň pişme toýuna gidýärmiň, gyz?! Gitseň ýör, goňşular garaşyp dur. Men Jeren daýzanyň gelenine çaga ýaly begendim. Öz ýanymdan: «Haý, Hydyr ata bol-a» diýdim. Ejem meniň bolşumy geň görüp, gapynyň agzyna ýetiberende yzyna öwrülip ýüzüme bir çiňerildi. Ejem toýa gitdi. Men pilimi egnime atyp, ýene mellege girdim. Pikirimde, küýümde şol bir zat. Ol hem seniň bilen boljak arzyly duşuşyk. Saňa aýtjak şol ýeke sözüm. Ýöne, näme üçindir, sen gelibermediň. Men garaşmak garaşyp, teý-ahyr, indi gelmejegidir diýdim-de göwünli-göwünsiz öýe tarap ädim ätdim. Gelsem, ejem şatuduň saýasyndaky sekide hum çäýnegi öňüne alyp çay içip otyr. Ýene bir kiçijik çäýnek çaýam basyryp goýupdyr. Ol ony meniň üçin şeýden bolmaly. Men ejemiň ýanyna bardym. Ejem egnime kakdy-da: — Tüweleme! Tüweleme! Kyrk kişiniň tüýküligi bolsun «tüf», «tüf», «tüf». — Ejem ýetişibildiginden tüýkürip başlady.— Eje, saňa näme boldy? Ejem ýylgyrdy: — Sen, gowusy, özüňe bu gün ne döw çaldy, maňa, ana, şony aýt! Öň ser bu günkiň ýaly çynyňy edip işläňokdyň-a. Bi, mellegiň tas ýaryny agdaryp çykan ekeniň. — Hawa, eje, sen aýdyşyň ýaly, şu gün maňa bir döw-ä çaldy. — Ana, menem şony aýtjak boldum-da. Biz ejem bilen çaý başynda kän gürrüň etdik. Ejemiň, dogrudanam, maňa nebsi agyrypdyr. Ol ýüzüme gaýta-gaýta seretdi-de: — Azatjan, sen indi ýat, dynjyňy al. Ýadansyň. Ertirem okuwyňdyr — diýdi. Men öňüme kitaplarymy üýşürip ertirki sapaklaryma taýýarlanjak boldum. Teý bolanok. Uzak gije bar küýüm-pikirim sen bolduň. Seniň owadan keşbiň gülden näzik ýaňaklaryň, mylaýym ýylgyryşyň edil kino lentasy ýaly göz öňümden geçip durdy, geçip durdy. Daňa golaý uka gidipdirin. Irden turup aýnanyň öňüne bardym. Sypatymy synladym. Gözlerimiň töwerekleri ýellenen ýaly. Bu sypatym bilen mekdebe nähili bararkam diýip galdym azara. Mekdebe gelsem, daşarda gyzlar topar tutuşyp dur. Men olaryň arasyndan seni gözledim. Mekdebiň içine girdim. Sen ýok. Ýekän-ýekän okuw otaglaryna aýlanyp çykdym. Sen ýok. Öz ýanymdan: «Aladasy çykyp eglenýändir, geler-le» diýip, umytda boldum. Sen gelmediň. Meni howsala gaplap aldy. Aýagym oda bişen ýaly bir ýerde dumyp bilmedim. Teý-ahyry, alaç tapman joraňdar seni soradym. Ol meniň beren soragyma gözüni tegeläp esli durdy. Soň, hamala diýersiň, meni ilkinji gezek görýän ýaly ýüzüme jikgerildi: — Aý, oglan, sen Mährini keýpine soradyňmy?! Men aljyradym. Bolşuna görä, patdyk-putduk jogap gaýtardym: — Aý, hawa. Synpdaş-da. Okuwda görünmedi welin, soraýdym. — Häý, öz-ä gümürtik. — Ol gitjek ýaly etdi. Asyl bir-iki ädim ätdem. Birdenem yzyna öwrüldi-de: — Beý diýsem, göwnüňe alma. Men muny oýun edip aýtdym. Mähri azajyk syrkawlady. Ertir hökman geler. Ine, görersiň — diýdi. Men bu sözleri eşidip, azda-kände rahatlandym. Gursagymdan çykyp gelýän ýüregim ýerine baran ýaly boldy. Şol günüň ertesi mekdebe geldiň. Men seni görüp, begenjimden tas guş bolup uçupdym. Gözümi tegeläp asmana garadym. Asman şeýlebir owadan göründi, edil seniň gözleriň ýaly. Meniň seni ýanyma alyp, uzak-uzak ýerlere gidesim geldi. Seniň bilen gijeler ýatman sözleşesim geldi... Señ meniň ýüregimdäkileri aňan ýaly, maňa seretdiň. Soň öňküleriň ýaly, mylaýym ýylgyrdyň-da, joraň elinden tutup, okuw otagyna girip gitdiň. Men tizräk okuwyň gutararyny isledim. Akar ýabyň boýunda seniň bilen duşuşmaga howlukdym. Meniň islegimi Alla jan duýan ýaly bu şeýle hem boldy. Mugallymlarymyzyň biriniň zerur aladasy çykyp, şol gün mekdepden irräk boşadyk. Öýe gelşime eşiklerimi çalşyp, pilimi aldym-da, mellege girdim. Mekdepde seni görenime begenip, sähel salymyň içinde esli ýeri agdaryp çykaýsam nätjek. Ine-de, sen. Sen aňyrdan ýaba ýetip gelýärsiň. Senem geldiň, menem geldim. Ne-hä menden ses çykýar, ne-de senden. Diňe gözler sözleşýär. Seniň bilen duşuşmankam: «Birinde duşaýsam bor, ýüregimdäkini aýdýanmy, ýa, ýok, görübereris» diýip, dogumlysyran bolýardym. Dogum küje, zat küje. Gaýtam der basyp, süňňümi saklap bilmän tas masgara bolupdym. Gabak astyndan saňa seredýärin. Senem menden enaýy däl. Aslynda, ýygra bolsaň, utanjaň bolsaň bolmaz ekeni. «Ýöne kösenip ýörmeli» diýip, içimi gepletdim. Birdenem, öten agşamky saňa ýazan hatym ýadyma düşdi. Men ony kisämden çykardym-da, saňa uzatdym. Elimiň saňňyldap durşuna, men haty suwa gaçyraryn öýdüp gorkdum. Näme-de bolsa, sen ony alyp ýetişdiň. Soňabaka ikimiziň aramyzda hatly bukjalar kän gatnady. Mekdebi tamamladyk. Meni gulluga çagyrdylar. Men Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirmäge gitdim. Bir gün maňa senden hat gelip gowuşdy. Sen hatyňda: «Öýüňizdäkileri tizräk gudaçylyga ugratmasaň, meni başga birine durmuşa çykarjak bolýarlar» diýip ýazypsyň. Men hatyňy okap, çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Pikir edip, uzak gije çirm etmän çykdym. Hat ýazyp gyssagly öýe ugratdym. Üç hepde diýlende öýdäkilerden meniň hatyma jogap gelip gowuşdy. Ol hatyň mazmuny şeýleräkdi: «Oglum, Azat jan! Hatyňy aldyk, balam. Ýöne sen, bir zada düşün, seniň öňüňde agaň bar. Türkmençilikde agasy öýlenmän, inisi öýlenip ýörse geň görülýär. Şonuň üçin sen azajyk sabyrly bol. Agaň okuwy tamamladygy ikiňizem bile öýerip goýbereris. Häzir gidip, seniň diýýän gyzyň ejesini görjek. Oňa-da saňa aýdanymy aýdyp, garaşmagyny haýyş etjek. Belki, «Bor» diýäýedir-dä. Salam bilen ejeň». Men ejemden gelen haty okap, derrew galama ýapyşdym: «Salam, Mähri! Seniň soňky hatyňy alanym bäri, men özüme ýer tapamok. Meniň hiç zat bilen serim ýok. Gullukdaşlarym bolşumy geň görýärler. Meni kynçylykdan ejizleýändir öýdýärler. Ýok, beýle däl. Bular maňa düşünenoklar. Mähri, sen gaýrat et-de, ejeňe ýagdaýy düşündir. Biz entek ýaş-a. Garrap baramzog-a. Bary-ýogy ýene bir ýyldan agam okuwyny tamamlaýar, menem gullugymy. Bary-ýogy bir ýyljyk. Bolýarmy?! Sen edenli gyz-a. Sen dogumly gyz-a. Sen şuny başararsyň. Men ynanýan. Salam bilen Azat». Haty ýazsamam ýazdym welin, ýürek şonda-da köşeşerli däl. Men sabyr-syzlyk bilen hatyň jogabyna garaşdym. Jogap ýok. Hatym edil guýa gaçan ýaly. Teý-ahyry anyk jogaby mähriban ejem jandan aldym: «Oglum, Azat jan! Meni bagyşla! Men seniň haýyşyňy bitirip bilmedim. Mähri gyzyň ejesi bilen dil tapyşmak, düşünişmek maňa başartmady. Men oňa ýalbarmak ýalbardym. Hatda, aglabam haýyş edip gördüm. Etmedi. Mähri çaga-da elinden gelenini edipdir. Bolmajak bolsa bolýan däldir-dä. Ýakynda ejesi ony öz garyndaşlaryna durmuşa çykardy. Çagajyk uly sesi bilen aglapdyr diýýärler. Nätjek? Sen bu bolan işlerde Mährinem günäkärleme. Ol nätsin?! Ol ikimiziň iki gözümize güýjümiz ýetäýmese, elimizden näme gelýär. Oglum, Azat jan! Sen bu zatlary ýüregiňe salyp, özüňi horlap ýörme. Sen entek ýaş. Seniň görjegiň, geljegiň öňde häli. Hudaý halasa, Mähri gyz ýaly ýakymly, mähirli maşgala ýene-de duşar. Mert bol, balam!Salam bilen, mähriban käbäň». Ondan bäri, gör, nijeme ýyllar geçdi. Men welin, ejem pahyryň şol hatyny şindem ýanymda göterip ýörün. Çünki bu hatda meniň ýaşlygym, meniň ykbalym, meniň ilkinji söýgim, armanym bar. Ýyllar geçdigi saýyn ýatlamalaryň tagamy süýjeýär. Soňy. Myrat ÖMÜR. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |