17:05 Legendar jandarlar -3: Aždarha | |
TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA LEGENDAR JANDARLAR
Mistika we fantastika
• Hunlaryñ mekany ~ aždar şäherleri Aždarha diýlende köplenç Hytaý medeniýeti göz öñüne gelýär. Aždarhalar dünýä boýunça Hytaý medeniýeti we sungaty bilen baglanyşdyrylsa-da, türki kowumlarynyñ ynançlarynda-da uly orny bolupdyr. Aždarha obrazy köplenç asman we ýer-suw ruhlary bilen bagly ynançlarda öz ornuny tapypdyr. Türkmen taryhynda, aýratynam taryhymyzyñ has irki döwürlerinde bereketiñ we güýç-kuwwatyñ nyşany hökmünde kabul edilen bu legendar jandar Günbatar Aziýa medeniýetlerimizde eýýäm bu manylaryny ýitirýär we aždarha erbetligiñ nyşany hasap edilýär. Ýagny wagtyñ geçmegi bilen aždarha obrazy bereketiñ we güýç-kuwwatyñ nyşanylygyndan erbetlikden üstün çykmagyñ we onuñ ýok edilmeginiñ nyşanyna öwrülýär. Ýazyjy Osman Öde "Türkmenleriñ Marguş şalygy" atly makalasynda gadymy Marguş şalygynyñ adynyñ aždarha (mar) bilen berk baglanyşyklydygyny aýdýar we muny ylmy taýdan delillendirýär. (Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/turkmenlerin_margus_salygy/2019-01-01-4301). Hytaý çeşmelerinde asman we ýer ybadatlaryndan söz açylanda hunlaryñ aždarha festiwalyny geçirendikleri barada aýdylýar. Huiung-nularıñ (hunlaryñ) paýtagtlarynyñ, şäherleriniñ aždar şäheri hökmünde ýatlanmagy-da gadymy türkmen jemgyýetinde aždarha mifiniñ bolandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr. • Aždarhanyñ türkmen mifologiýasyndaky orny Gadymy türkmen mifologiýasynda aždarhanyñ iki görnüşi bar. Biri ýer aždarhasy, beýlekisi asman aždarhasy. Ýer astyndaky ýer aždarhasy bahar paslynda (nowruzda) ýer astyndan çykyp, pul we buýnuz döredip asmana galýar, bulutlaryñ arasyna gatyşýar. Şeýdibem ýagyş-ýagmyryñ ýagmagyna öz goşandyny goşýarmyşyn. Şol bir wagtyñ özünde 12 haýwandan ybarat müçenamada-da ýyllaryñ biri aždarha ýylydyr. Aždarha ýylynyñ düýpli aýratynlygy özgerişiñ boljak ýyly hökmünde görülmegidir. Aždarha gadymy eýran mifologiýasynda döw, peri obrazlary bilen birlikde iñ köp işlenen obrazdyr. Pers mifologiýasyndan peýdalanyp dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasynda ýer alan "Şanama" epopeýasynyñ awtory Abulkasym Ferdöwside "aždarha" sözüniñ "ajy-dhaka" diýen sözden gelip çykandygyny görmek bolýar. Hatda beýik söz ussady Ferdöwsi eseriniñ gahrymany Zahhagyñ adyny-da şol söze baglaýar. (Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/abulkasym_firdowsi/2018-07-31-1674) Aýratynam uýgur kowumdaşlarymyzda aždarha obrazy ýygy-ýygydan duş gelýär. Mundan müñlerçe ýyl ozal aždarhalaryñ asman çarhyny aýlaýandygyna, ýagny dünýäniñ aýlanşyna höküm edýändigine ynanylypdyr. Hatda häzirki türk dilinde işjeñ ulanylýan "ewren" sözi hem şu ýerden gelip çykýar. Ýagny "ewren" ~ bu ewirmek (öwürmek, dolamak) diýmekligi añladýar. "Ewirmek" türkmen dilinde "egirmek" görnüşinde ulanylýar. Mysal üçin "ik egirmek" we ş.m. Ýazyjy Serdar Ataýew "Bozgurt kowumynyñ dessany" romanyndaky sözlere düşündirişler" makalasynda ewren, aždarha, mar... ýaly sözlere anyk düşündiriş berýär. (Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/bozgurt_kowumynyn_destany_romanyndaky_sozlere_dusundirisler/2018-11-27-3617). Uýgur mifologiýasynda ýarym aždarha-ýarym adam sypatly ruhlar bar. Bulara aždarhalar diýlipdir. Megerem Aždar diýlen at "Aždarhan" diýen sözden döräp, häzirki "aždarha" görnüşini alan bolmaly. Türkmenleriñ we beýleki türki kowumlaryñ köpçülikleýin ýaşan ýeri bolan häzirki Astrahan şäheriniñ asyl ady hem Aždarhan sözünden gelip çykýar. Orta asyrlara degişli türkmen çeşmelerinde bolsa, köplenjem dini we tasawwuf edebiýatlarynda adamlary ýolundan azaşdyran güýçler agzalanda aždarha motiwi ýygy-ýygydan duş gelýär. Şeýle hem halkymyzyñ arasynda (esasanam daglyk ýerlerde ýaşaýan nohurlylarda) häli-häzirlerem dowam edip gelýän bir ynanç bar. Ýagny täze doglan ýylan doglandan soñ ýedi ýylyñ dowamynda adam-gara görmese, aždarha bolýarmyşyn. Aždarhadan ulusyna "ýuwdarha", ýuwdarhadanam ulusyna bolsa "ýuwha" diýilýär. Bu hakykata dogry gelýärmi ýa gelenok? Dogrusyny diñe Alla bilýär... Aždarha irki döwür türkmen mifologiýasynda položitel obrazda çykyş etse-de, yslamyñ aralaşmagy bilen kem-kemden gara güýjüñ, şeriñ wekiline öwrülýär. Aždarhanyñ yslamdan öñki döwürde adamlara ýagşylyk edýän jandar hökmünde görkezilen ýeri az däl. Mysal üçin türklerde duş gelýän "Şahmeran hekaýaty" şeýle rowaýatlaryñ biridir. (Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/sahmeran_rowayaty/2018-10-02-2715). • Aždarhanyñ türkmen edebiýatynda we folklorynda şöhlelenişi Edebiýatymyzda aždarha obrazynyñ kä ýerde aýlawly metaforalara hyzmat eden ýerleri bar. Mysal üçin Magtymguly Pyragynyñ "Daş döker" goşgusynda şeýle setir bar: "Kelpezä ýutdurmaz aždar maslygy..." Ýa-da "Biwepalardan" goşgusynda bu dünýä ýedi kelleli aždarha meñzedilýär: "Dünýä ýedi başly ýalmawuz mardyr, Gaçganlar gutulmaz bu belalardan". Şeýle hem Magtymguly atamyzyñ o dünýä baradaky goşgularynda aždarha sypatly äpet ýylanlar barada ýygy-ýygydan söz açylýar. Ol aždarha sypatly äpet ýylanyñ biri hem Hareşdir. "Eý, ýaranlar, ahyrzaman bolanda, Bäş kişi diýp Hareş atly mar çykar" ("Mar çykar"); "Haryş ýylan gybatkeşdir soragy, Ýalançy, zynahor, ogra dolaşdy" ("Donun kim biçdi") "Ol Huryş atlyg ýylanga lukma bolgaý sen o gün, Maýmynyñ suratynda bolgaý ki, tymsalyñ seniñ" ("Päliñ seniñ") ýa-da: "Aždarha, mar atly möýler görer sen" ("Öýler görer sen") "Çakaýyn diýp oturypdyr haýbatly, Bugra kibi ulug marlar alnyñda" ("Alnyñda") "Ýylan çykar pil dek, dişleri ar dek, Niçesi gatyr dek, niçesi har dek, Niçesi bugra dek, niçesi ner dek, Çyrpynyp-çyrpynyp dursa gerekdir" ("Gelse gerekdir") "Çilimden ýylanlar düşer boýnuña, Agzyn açyp, haşlap girer boýnuña" ("Çilim çekmegil") "Ýylanlar öwrülip gelip, dişlärler..." ("Munda, çilimkeş") "Gatye dek içýanlar, bugra dek marlar, Bedeniñden sorar ganyñ gybatkeş" ("Gybatkeş") ýaly setirler bu aýdanlarymyza mysaldyr. Aždarhanyñ keşbi beýik ussadymyzyñ diñe o dünýä baradaky goşgularynda däl-de, rowaýatlara siñen beýik şahsyýetleriñ hormatyna ýazan goşgularynda hem duş gelýär: "Başlar azat eden döw gujagyndan, Aždarha lebinden, dag bujagyndan, Derwezesin çekip Haýbar dagyndan, Ýedi gala birden dolan Alydyr". ("Alydyr") Aždarha obrazy köplenç diýen ýaly halk döredijiliginde giñden beýanyny tapypdyr. "Görogly" eposynyñ "Göroglynyñ öýlenişi" şahasynda Görogly Agaýunus perini almaga gidýär. Şonda onuñ ýoluna böwet bolan aždarha bilen arasynda şeýle hadysa bolup geçýär: "...Görogly Gyratyna gamçy urup, köşgüñ bärisinden bardy. Gözlese, köşgüñ bosagasyny ýassanyp, bir aždarha tarp urup ýatyr. Pah, Görogly perizadyñ yşkyna düşen adam: - Ow, zaññar aždarha! Men üç aýlyk ýoly kyrk günde geçip geldim. Meniñ düýşüme giren perizat, bir tanap, ýarym tanap añry ýanyñda. Saña näme gerek, tur, ýok bol! ~ diýip, aždarha, garap, jylawy eýeriñ gaşyna taşlap, arkasyndan sazyny alyp, abaýlanyp, bäş keleme söz aýtdy: Gudrat bilen bina bolan aždarha, Bent eýleme perizadyñ ýoluny! Seni-meni bar eýlegin bir Alla, Bent eýleme, perizadyñ ýoluny! Aždarha, sen neçün melul bolar sen, Haýbat bilen maña nazar salar sen?! Gazap etsem, häli şu gün öler sen, Bent eýleme, perizadyñ ýoluny! Meni sorsañ, Çandybilden gelemen, Beýan etsem, täze bagyñ güli men, Aslym aýtsam, Ady begiñ ogly men, Bent eýleme, perizadyñ ýoluny! Men ýarymyñ syýa zülpün örmeli, Çandybilde bäş gün döwran sürmeli, Görogly aýdar, ýar jemalyn görmeli, Bent eýleme, perizadyñ ýoluny! Görogly bu sözi aýdyp bolansoñ, Gyratyny öñe sürüberdi. At gadam atdygyça, aždarhanyñ agzy gez ýarym-gez ýarym açylyberdi. Görogly gözlese, aždarha atyny, özüni bilelikde demine sorjak. Görogly gylyjyny sogrup, aždarhanyñ üstüne topuldy. Aždarha-da munuñ bilen gidişiberdi. Görogly aždarhany iki bölüp taşlady..." Aždarha baradaky ýene bir gyzykly hekaýat ýazyjy Annatagan Nurgeldiýewiñ "Dehistanly oglan" taryhy powestinde getirilýär. (Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/dehistanly_oglan_powest/2018-06-12-281). Halk arasynda aždarhanyñ altyn-kümüşiñ bar ýerini saklaýandygy barada, umuman aždarhanyñ hazynaly ýerler bilen baglanyşygynyñ bardygy barada dowam edip gelýän ynançlar bar. Bu gadymy ynanç "Hally", "Ýylana öwrülen hazyna" ýaly türkmen halk ertekilerinde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle-de, mirasgär Kerim Osmanow tarapyndan toplan "Emir Timur we aždarha" ýaly ertekiler Türkmenistanyñ YA-nyñ Milli Golýazmalar institutynda saklanýar. (Maglumat üçin seret: http://kitapcy.ml/news/kerim_osmanow/2019-01-04-4404) Gelejekde türkmen ýazyjylarynyñ öz eserlerinde aždarha obrazyna ýüzlenjekdigine pugta ynanýarys. Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||