10:52 Mähriban kenar -3/ powestiñ dowamy | |
Kempir şeý diýenden başlygyň öýünde iýen almalary, üzümleri myhmanlaryň göz öňüne geldi. Gyşy bilen terligini ýitirmedik gyz ýaňak almany “paşyrdadyp” oturan Baýly Baýat çekinjeňlik bilen ýuwaşja seslendi. ―Satýaňyzmy? Kempir ör-gökden geldi. ―Ýog-e-eý! Sat nire! Zaýalaman iýseler kaýyl men. Ýeke özüm nädeýin munça zady. ―Siz näme, ýekemi? ―Ýekedirin balam men... ―Kempir burnuny çekdi-de, horja elini ekinzarlyga tarap ülňäp goýberdi. ―Şulardan başga däninim hossarym ýok. Adamym-a ir döwür, balyk tutup ýörkä uly tupana uçrady. Ýeke dikrarymyz bady, o-da şoň bilen bile gitdi. Birinji gezek gidişidi özem. Maňa galsa-ha çagajygymy hakyt däninim okuwly etjekdim, uly işgär edip ýetişdirjekdim, ýöne, atasy göwnemedi-dä! Uly işgär diýeniňem diýdi, otuzynjy ýyllarda adam baryny höküwmede ýamanlap, tutduryp ýören Gaýgeldi ýaly haramzada boljak bolsa däninim diýdi, bolman geçsin, diýdi. Oňa derek diýdi, ata-baba ýolumyzy ýöretsin, balykçy bolsun, diýdi. Şahyr jübüsinden bloknotyny çykardy. Ruçkasyny häzirledi. ―Gaýgeldi diýýäniň kim bolýa? ―Gaýgeldiniň kimdigini aýtsam, köşegim ol şo döwrüň oba sowet başlygy. Özi welin adyndanam beter iliň başyna gelen bela boldy-da! Hakyt däninim gijäň bir wagtlary ýany iki sany sallatly gerdi-de, galyň bendäni ýyly ýorganyndan sograr alar gidibererdi, çaga-çugalaryny eňredip. Özem däninim, şol edip ýören işinden lezzet alýady. Tutan adamlaryny dagy tä daň atýança ata basaladyp obaň daşyndan aýlap ýörerdi. Atyň toýnaklary däninim sydyrda-sydyrda bendeleriň söbügini gan-gabarçak ederdi. Ol bolsa “Maňlaýyňyzdan görüň” diýip gamçysy bilen ýagyrnylaryna, süýr depelerine şarpyldadyp-şarpyldadyp ýelmärdi. “Şuwwuldadyp-şuwwuldadyp” boýunlaryna çolardy. Ýetip baryp ýeňselerine deperdi. Ýüzün ýykylyp agyzlary gum garbansoňam at üstünden eglip ýeňselerinden penjelärdi-de dik ýokary galdyrardy. Gülçüldedip ýere urardy. Entirekläp ugranlaryndanam däninim: Gaç, daň atmanka çöle siň, ýogsam hökümet seni heläk eder, diýip gaçyran bolardy. Ho-ol ýere barmanka-da däninim yzyndan atardy. Soňam: gaçmana synanyşdy, ýa-da garşylyk görkezdi diýäge-de, akt ýazardy. Özi ýalyň birki sanysyna-da gol çekdirerdi, ana şoň bilenem däninim o bendäň soragy gutarardy. Wah, soň özem-ä gitdi, şol iberen adamlarynyň yzy bilen welin, ýöne däninim oňa çenli obanyň gülüni çürtdi-dä! Oruma gelenjesini ordy-da! Özünden güýçli, özünden akylly adam bolsa barsynyň ýoguna ýandy. Galanjasynam däninim gyrman çöpledi. Ondan sypanjalarynam gaý aldy. Gaýdan soňam birmeýdan çöplediler, ana, şondan soň däninim obada ötli adam galmadam... Kempir şol döwürleri tapgyr-tapgyr göz öňüne getirýän ýaly birmeýdan dymdy. Kelesini saňňyldadyp oturşyna agzyny müňküldetdi. Öz-özi pyşyrdady. Soň ýene-de söýerleriniň söhbetine başlady. ―Ana onsoň ýaňky diýşim ýaly däninim atasy oglumam öz ýany bilen alyp gitdi. Şo gidişlerem gidiş boldy. Ýeke meňki däl, şo gezek gidenleriň hemmesem şeýle boldy. O wagtlar öz kenarymyzdan ugraýardylar. Alty naw bolup gitdiler. Hersinde-de däninim alty adam. Bütin oba bolup ugratdyk. Tä, garalary ýitýänçä kenarda gol bulap durduk. Giden wagtlar-a gowudam welin, birden howa bulaşdy duruberdi. Olaram ony aňypdyrlar-da hakyt däninim yzlaryna dolanypdyrlar. ―Garry allaniçiksi bolup ellerini çarpdy. ―Wah, şonda gazak balykçylary duşup olara däninim “biz-ä ine deňziň ortasyna tarap barýas, sizem şeýdiň, kenara golaýlaşsaňyz heläk borsuňyz”, diýipdirlerem welin, etmändirler-dä! Şo gazaklaryň däninim hemmesi gutulypdyr şo gezek. Biziňkileň welin bary heläk boldy. Kempir bozuldy. Hamsykdy. Gözlerinden çykan çygy gyňajynyň ujy bilen süpürdi. Muňa myhmanlaram birhili boldular. Näme diýenlerinde gowy boljagyny bilmän kösendiler. Ahyram iň bolmanda ünsüni agyr oýlardan bir sowaly diýen niýet bilen heýkeltaraş şol bir aşak bakyp oturşyna uludan demini aldy-da: ―Ö-öýüňizde s-su-uratlary ýo-okmyka olaryň? – diýdi. ―Bardyr, köşek, näme bolman. Mundan on-ýigrimi ýyl owal däninim, özüňe meňzäp duran bir ermeni geldi şu ýere. Surat ulaldýan ekeni. ―Kempir ýuwaşja güldi. ―Ýaňam ilki görenimde şomuka diýipdirin saňa. Ana, şoňa jananlarymyň pasbyrt suratlaryny berip goýberdim welin, nädip yzyny tapanyny bilemok, alty aý diýlende däninim ulaltdy getiräýdi. Hersinden ikisini ulaltdyrdym. Hakyt, edil özleri-dä! Reňkem çalypdyr. Eginlerne däninim, täzeje kassum geýdiripdir. Bir, täzeje kassum höwes edip ýördi, çagajygym. Şun-a oňarypsyň, taňryýalkasyn, diýdim suratça. ―Kempir sesini kesdi-de, süýşenekläp sekiden düşdi. Öňkülerine görä birneme ýeňillik bilen, ýöne, barybir ýegdenekläp öýüne girdi. Eglenmänem daşy çarçuwaly iki sany surat alyp çykdy. ―Ine!... ―Ol myhmanlaryň hersiniň eline bir surat tutdurdy-da, öňküje ýerine geçip oturdy. Çep elini ýakasyna ýetirdi. Birdenem sag eli bilen kükregine urup, yranjyrap, edil aýdym aýdýan ýaly zaryn bir heňe başlady. ―Biri arslanymdy, biri şirimdi, biri dagyň bürgüdidi, biri çölüň gurdudy. Ikisem toýhanamyň eýesidi, eýwanymyň ýaraşygydy. Biri arkadagymdy, biri göwün şadymdy. Bir pursat gözümden uçmasyn diýip, ýanymdan daşlaşmasyn diýip däninim, aýak bitenje wagtlary balamyň kürtesine goňrawlar dakardym, nirede bolsa-da “goňňur-goňňur” edip sesi geler durardy. Emgenmän tapardym, boýnumdan asyp alyplar gaýdardym. Ýüzünden, gözünden ogşardym. Gara käkillerini şemala ykjadyp ylgap gelende gujagymy giňden açyp bagryma basardym. Aýagyna tiken çümse kirpiklerim bilen çekip çykarardym. Şol günler geçmejek ýalydy. Emma hany?! Ýok! O günlerem ýok, ezizlerimem ýok. Ýeke özüm galdym “gak” diýip... Kempiriň gözünden akan ajy gözýaşlar şäherçäniň suwuny jara eltýän joýalar kimin, ýüzünde terslin-oňlyn ýerleşen gasynlaryň içi bilen aýlanyp, öwrülip gaýtdy-da, kempeýin duran eňeginiň sag tarapyndaky nohut ýalyjak gara halyň daşyna ýygnandy. Meňden sallanyşyp duran üç-dört sany ak gyla ýapyşybam aşak gaýtdy. Etegine damdy. Şondan soň ondan esli wagtlap ses çykmady. Käte bir egni tisgindi durdy. Myhmanlar suratlary bir gyra goýdular-da, tä kempiriň özi köşeşýänçä ýer dyrmaşyp oturdylar. Bir haýukdan soň dymyşlygy ýene-de heýkeltaraş bozdy. ―D-daýza, şo gezek he-eläk bolan b-be-eýleki ba-alykçylaňňam su-uratlary bamyka? ―Bardyr, - diýende kempiriň sesi öňkülerine görä dogumlyrak, dururak çykdy. Hemmesiniňkem badyr. Şol ermeniň gelip giden gezegi hemmesiniňem hossarlary suratlaryny ulaltdyran bolmaly. ―Arçynlykda-ha ýok bolaýmasa d-diýdiler. Kempir agzyny ýumup burny bilen: “hümh” etdirdi-de, içinden güldi. Aýtjak sözünden çekinýän ýaly aşak bakyp sag eliniň süýem barmagy bilen keçäniň gülüni dyrmalady. ―Ýaltanandyrlar. Olar däninim haýsy zada ýaltansalar şeý diýýäýýäler. Ispiräpke beresleri gelmese pyçat ýok diýýäler, pyçat goýaslary gelmese däninim gol goýýan ýok diýýäler, juda bolmasa kagyzymyz ýok diýýäler, garaz, edil Gaýgeldi ýaly ýamanlyk edibilmeselerem sypjyklyk kemin-ä goýanoklar. Oba arasynda gowy adamlaram-a ýok däl welin, ýöne däninim ýörüte edýälermi, nämemi, hiç şolar ýaly gowy adamlaryň öňe çykanyny göremizok. Şu wagtky başlygam eýle bir däninim erbed-ä däl, ýöne... Elbetde, “keliň iň ýuwaşy köprüň aşagynda ýatyp düýäňi ürküzer” diýenlerini edendir-dä!.. Allanur Atalyk aşaklyk bilen şahyryň ýüzüne seretdi. Surata tarap ümläp ýuwaşja gürledi. ―Ş-Şu wagt a-alalymy ýa soň a-alarysmy? Şahyryň sesi onuňkydanam ýuwaş çykdy. ―Öňi-soňy aljak bolsaň şu wagt al. Bu gürrüňler barybir kempiriň gulagyndan sypmady. Ol bir zatdan gorkan ýaly “ziňk” etdi-de, Baýly Baýadyň ýüzüne seretdi. ―Nämäni? ―Suratlary. ―Hä näme edersiňiz ony? Heýkeltaraş garra golaý süýşdi. ―Biz ş-şo-ol, gark bolan ba-alykçylara ýa-adygärlik go-oýjak bolýas. Arçynlyk zakaz etdi. Bizem ş-şo-oň üçin ýörüte geldik Aşgabatdan. Garrynyň ýüzüne begenç alamatlary çaýyldy. ―Aýtdym-a men, bu arçyn däninim, gowudyr diýdim-ä... Allanur Atalyk suratlary eline aldy-da, garrynyň ýüzüne çekinjeňlik bilen garady. ―A-alaýalymy onda? Soň g-getirip biýris. ―Weý, alyň, alyň! Olar ýaly il bähbitli iş etjek bolsaňyz alyň! Soň elinjek gowşursaňyz bolýa maňa... Kempir myhmanlary çaýlaman, naharlaman goýbermedi. Asyl ol bir ýerinden turup gyrmyldap ugransoň başda göreniňdäki ýaly gaty bir gowuşgynsyzam däl ekeni. Taýagyny taşlap, bilinem berk guşaýan ekeni-de, işiň bir çetinden girişiberýän ekeni. Myhmanlar maýyny tapyp ondan bu ekin-dikinleri nädip eýgerýändiklerini soradylar. ―Wah, hemme zat däninim yhlasa bagly köşeklerim. Yhlas bilen ýapyşsaň bitmejek iş bolmaz. Beýniň et diýse göwräňde gurp bolsa elleriň eder. Göwnüň et diýse dyzyňda kuwwat ýogam bolsa aýaklaryň herekete geler durar. Süýşenekläp edersiň welin edersiň... Aýdypdyrlar-a: “Assaňky bitipdir, hassaňky bitmändir” diýip. Ýüregiň bilen gyrmyldaberseň bitmejek iş bolmaz. ―Kempir elini daş-töweregine aýlap goýberdi. ―Ine, siz ýaňy gelen badyňyza:tutuş obany aýlandyk welin, ösüp oturan gök çöp görmedik, diýdiňiz. Görmersiňizem! Sebäp diýseň däninim indi hemmäniň mugt iýesi gelýä. Işlemän iýesi gelýä. Ýatyp iýesi gelýä kolhoz diýdiler, görlähet diýdiler, adamlara mal ýaly ahyrdan iýmäni öwretdiler. Möjegi göz öňüne getirip görüň. Ol çölde bolsa her zat edýändir welin, öz gününi özi görýandir. Hakyt çagalarynam ekleýändir. Güzeranynyň aladasyny boýnuna alykdyr. Emma şony güjükligine getiräkgedänim öýde sakla! Mugt iýdir, mugt içir, bak, semret, ulalansoňam eltde çöle goýber, öz awuny özi almag-a beýle-de dursun, janynam saklabilmez. Günübirin yzyna geler-de, däninim gapyňda sülekeýini akdyrar durar, ýüzüňe seredip. Aka bişen et gerekdir, ýagly omaçajyk gerekdir. Adamlaram däninim ana, şoňňaly boldular, köşejiklerim. Turuwbaşdan iliň ellerinden alyp, orta bulap urdular, biri işiginde bir joýa hyýar ekse, honha, pylany kolhoz işlemän öz melleginde hars urup ýör, diýip ýygnaga saldylar, bazara bir kile üzüm çykarsa, bäş sany goýun saklasa “gulak” diýip basdylar, beýlekilere-de däninim, şeýdäýmäň, şeýtseňiz sizem şeýderis, hojalygyňyz bilen işiňiz bolmasyn, bar zat bilen sizi kolhozyň özi üpjün eder, diýdiler. Ana onsoň däninim hemmäňem şol, ortadakydan iýesi geldi. Olam däninim kime ýetdi, kime ýetmedi, özüňiz gowy bilýäňiz. Şeýdibem il-gün diňe kakadylan balyga bagly boldy galyberdi. Indi welin mellegiňde ek diýseňem ekmezler. Başarmazlar. Başaraýanynyň bolsa däninim jan balam, kösenesi gelmez. Eldeki edilen gurt ýaly dükanyň agzyna sereder-de, agzyndan sülekeýini akdyrar durar. Dogry, biziň ýerimiz ekiniň ýerem däl, ýöne, yhlas etseň öz iýjegiňi işigiň-de öndürip bolýa. Men-ä näme, ýeke galdym. Kolhoz işinede ýaramadym, onsoň bar güýmenjäm şu boldy. Indem näme, şol öňküje badym bilen däninim gidip otyryn. Şahyr ýazmasyny goýdy-da, başyny galdyrdy. Ruçkasynyň arka tarapyny dişine degirdi. Tyrkyldatdy. Birdenem kempiriň düýbünden garaşmaýan sowalyny orta atdy. ―Daýza deňiz gelermikä? ―Geler guzym, geler. Biz onsuz oňsagam, ol bizsiz oňubilmez. Aýralyga dözübilmez. Menem ine, şunça ýyldyr, şoň gelerine garaşyp otyryn. Şol gelse däninim, göwnüme şoň bilen bile gerçeklerimem geläýjek ýaly bolup dur. Asyl, şu çaka çenli ölmän oturanymam şoň üçin. Ýogsam birwagtlar gitmeli men. Şahyr Baýly Baýat hamala uly döwlet işgärleriniň öňünde şikaýat edýän ýaly ynjyly gürledi. ―Bu ýerde häli-şindi adamlary lüýk ýuwdup durmuşyn. Ony biz öz gözümiz bilenem gördük. Şeýle-de bolsa nämüçin hiç kim bu ýerden göçmäň aladasyny edennok? Garry ysgynsyz güldi. Boýnuny burdy. Çöňür ýalyjak hor hem gap-garaja barmaklary bilen ýene-de keçäniň gülüni dyrmalady. ―O zatlary köşegim ýokardakylardan, ylymly, bilimli adamlardan soramasaňyz, biz näbileli... ―Ol azajyk dymdy-da, ýüzüni kürşeýtdi. ―Ýöne, ajalyň ýok ýer-ä ýokdur, oglum. Nirä barsaňam däninim oragyny çarhlap daşyňdan aýlanyp ýörendir. Gözleri sendedir. Dert-azar orjakdyr, desseläp eýesine gowşurjakdyr. Biriňi lüýk bolup aljakdyr, beýlekiňo içagyry bolup aljakdyr, garaz, aljakdyr. Onsoňam däninim, jan köşekler, siz-ä ine, lüýk alýamyşyn diýup bizi gaýgy edýäňiz, bizem ine, şü lüýgüň içinde oturan ýerimizde sizi gaýgy edýäs. Sebäp diýseň däninim uly şäherlerde arakdanmy, tirýekdenmi, maşyn-mator belasyndanmy, bir-biriniň elindenmi, garaz bu ýerdäk-ä garaňda günde müň esse dagy köp adamlar heläk bolýamyşyn. Ine, onsoň jan guzym men aýdýan, şäher adamlary diýýän, beýdip o ýerde ajala boglup oturanlaryndan diýýän, giň ýere gaýdybermän, obalara siňäýmän, çöle-gyra ýaýraýman, diýýän. ―Kempir ýigitleriň ýüzüne seredip mähirli ýylgyrdy. ―Lüýk näme? Bir depen ýeriňi depip durmasaň basjak ýeriňi bilip bassaň ýa-da halys bir işigaýdan bolaýmasaň, o saňa hiç zadam edenok. Şahyr gök ekinlere, miweli agaçlara ýene bir gezek gözüni aýlady-da, uludan demini aldy. ―Deňiz gelse ekinleriň-ä gurar, daýza? ―Gurar. Ýöne, o-da öz rysgy bilen geler. Onsoňam däninim köşekler, deňiz entek geljek-geljek bilenem iki arkany dagy arka atar. Sen bolsaň şu günem ýaşamaly. Onsoňam däninim, köşekler, göwnünde gök iýmek niýeti bar adam suwuň içinde otyrka-da, bir alajyny tapar. Ýa-da iki ädim ilerräk süýşseňem bor durubiýr. Sebäbi, deňziň öz menzili bar. şondan aňryk däninim ol iýtseňem gitmez. Myhmanlar şondan soňam köp oturdylar. Başga-da köp zatlaryň başyny agyrtdylar. Ahyram kempirden rugsat sorap töwür galdyrdylar. Usullyk bilen ýerlerinden turdular. Sekiden düşdüler. Ugrajak wagtlary Allanur Atalyk azajyk oýrganyp durdy-da, kempiriň ýüzüne naýynjar garady. ―Siz obany g-go-owy tanaýansyňyz, şoň üçin k-kimde bar bolsa gark b-bo-olanlaryň suratlaryny e-ertirden gijä go-oýman myhmanhana eltmeli diýip ho-ossarlaryna d-d-duýduryp bilmezmisiňiz? Şular ýaly derwaýs işe dahylly edilendigi üçin kempir diýseň begendi. ―Duýduryn oglum, näme duýdurman. Derrewiň özünde däninim, oglan ylgadaryn. Alma bersem çaparlarym kändir meň. ―Bor onda, daýza! E-eden hyzmatlaryňyza ta-aňryýalkasyn! ―Muhammet ymmatyny bile ýalkasyn. ―Kempir öňden taýynlap goýan ak düwünçegini heýkeltaraşyň eline tutdurdy. ―Alyň köşekler, baran ýeriňizde iýersiňiz. *** Şol günüň ertesi myhmanhanyň agzyna aýalu-erkek, otuzdan gowrak adam üýşdi. Myhmanlar daş çykandan olar oruma gelen bugdaýyň adaja şemala ygşyldaýşy ýaly çalaja tolkun atdylar-da, bir toplum bolup gapa golaý süýşdiler. Ellerindäki suratlary sessiz-üýnsiz, gezekli-gezegine myhmanlara tarap uzatdylar. Gark bolanlaryň sany otuz alty bolmalydy. Emma üç-dört gezek gaýtalap sanadylar welin, näme üçindir otuz bäş çykdy durdy. Ahyram başy şo etraplaryň ýaşulylaryna ýoň bolan hyrryman telpekli, çal kitelli, gyrçuw sakgaly mazaly çalaran, bir kişi, ho-ol aňyrrakda, myhmanhananyň burçuna ýaplanyp oturan garryja aýala tarap agsaklap ugrady. Ýanyna baransoň bir aýagyny gapdala uzadyp aşak oturdy. Nas atanyňky ýaly “ýylt-ýylt” edip duran gökje gözlerini jüýjerdip garrynyň ýüzüne seretdi. Eglip, agzyny gulagyna golaýlatdy. Birdenem sesiniň ýetdiginden gygyrdy: ―Sen getirmediňmi-i?!.. Düýnki kempiriňkidenem beter ýygyr-ýygyrt ýüzüni ünjüli çytyp, körümşek gözlerini üznüksiz ýumjukladyp oturan naçar ýaşulynyň ojagaz galmagal üçin dagy gozganmadam. Ýöne, özüne bir zat diýilýänini welin aňdy. Şoň üçinem agsagyň ýüzüne seredip agzyny açdy: ―Ä-ä? Agsak abat aýgynyň üstüne galyp öňküsindenem beter gygyrdy. ―Sen adamyň suratyny getirmediňmi? Kempiriň gözleri hasam çalt-çaltdan ýumjuklamaga başlady. Agzy müňküldedi. Dem alşy ýygjamlaşdy. Geplände bokurdagy “hyjyr-hyjyr” etdi. ―G-getirdim... Howwa getirdim... ―Hany? Garryja aýal üç-dört ýola sag eliniň ýumrugy bilen çep gursagyna “pat-pat” kakdy. ―Ine! Ine meň adamymyň suraty! Meň adamymyň suraty ine şu ýerde!... Şonda onuň kükreginden ýuwaş, jynsyz ses çykdy. Duranlaryň hemmesi ýere bakdy. Käbiri içini tutup aşak oturdy. Käbirleri bolsa uludan demlerini aldylar-da, assa-ýuwaş dagamak bilen boldular. Şol pursat heýkeltaraş Allanur Atalygyň kellesine bir pikir geldi:Şol aýalyň adamsynyň suratyna derek ýüregiň şekilini goýmaly!.. Özem, şol ýürek zenan adamyňky bolmaly. Onda-da ýaşy bir çene baran zenanyňky bolmaly. Aslynda zenan bilen erkegiň ýüreginiň arasynda tapawut bolýamy? Elbetde, bu Allanur Atalyk üçinem, hemmeler üçinem indi çözülmeli mesele. Galyberse-de ony hökman şeýt diýip Allanury gyssap duran ýok. Pikir welin gowy. Ajap! *** Öňküsinden düýpgöter üýtgedilip gurulýan gara ýoluň uly depgin bilen bejerilýändigi baradaky habar häli-şindi gelip duranam bolsa, gatnawyň haçan açyljakdygy belli däl. Şonuň üçinem garaşmaly. Ýöne, ine, myhmanlaryň puly gutardy. Açlyk baçmarlap başlady. Öýüne çagyrýan-a ýok, bakjaly kempiriň ýa arçynyň öýüne bolsa ikinji gezek barmana çekinýärler. Arhitektoryňam şo-ol “ejeleri gelenok” diýip gaçalaklap ýörşi. Şonuň üçinem, myhmanlar mylkyldap duran çägäniň her ýerinden bir basyşyp ýene-de poçta bardylar. Pul üçin öýlerine telegramma ibermek isleýändiklerini aýtdylar. Poçtanyň bir çüňkünde kakadylan balyk gemrip oturan iki gelniň ikisem birden dillendi. ―Öňki gezek aýtdyg-a, aragatnaşyk ýok diýdig-ä! Allanur Atalyk ullakan, gataňsy ýumrugy bilen tagta germewiň üstüne ýelmäninem bilmän galdy. ―Ö-öňki gezek te-elefon ýok d-diýdiňiz! Bu wagt bolsa gürrüň te-elgraf barada b-barýa! Gelinleriň uzynragy süýnüp-sarkyp geldi-de, iki elinem germewe diredi. Garnynam şoňa diräge-de Allanuryň üstüne abandy welin, agram düşdümi, nämemi, “gerk” edip gelşiksiz gägirdi. Agzyndan turşumtyk, agyr ys çykdy. Heýkeltaraşyň ýüregi bulandy. Gelin dodagyny suwsyz ýabyň içinde gatap galan balygyň agzy ýaly çömmeltdi-de, sowuklaç, hereketsiz gözleri bilen Allanuryň daýaw göwresini, owadan sakgalyny synlady. Hyýalynda onuň bilen hylwata girdimi, nämemi, yzly-yzyna gultundy, bir durkuny üýtgetmän gäwüşäp durşuna robot ýaly haýal, birsydyrgyn gürledi. ―Telefonam ýok, telegrafam ýok, asla hiç hili aragatnaşyk ýok. Bir wagtlar bolupdyr, häzir ýok. Hatda enjamlaram ýok. Ir döwür bejerjek diýipmi, çalyşjak diýipmi, alyp gidipdirler-de, getirmändirler. Onsoňam tilgiram beräýeniňizde-de pul gelmez. Ibermezler. Bu ýerden iberseň alýalar, ýöne aňyrdan bärik iberenoklar. ―A-aýlyklaryňyzy nä-ädip alýaňyz onda? ―Aýlyklarymyza derek kakadylan balyk berýäler. Beýleräkde köwejekläp ýören şahyr diwardan asylgy düzgünnamalara, gepleşigiň, telegrammalaryň nyrhyny görkezýän ýazgylara, pul ibermek, almak üçin doldurylýan blankalaryň nusgalaryna, müşderileri tertip-düzgüne çagyrýan plakatlara, dürli bildirişlere tarap eňegini ülňedi. ―Olar ýaly bolsa onda bu zatlar nämä gerek? Bärki gelin gaňrylyp aňyrky gelne seretdi. Ekabyrlary bolsa gerek, aňyrky gelin gemrip oturan duzly balygyny agzyndan aýyrdy-da, aýal adama gelişmeýän ýogyn sesi bilen “war-war” etdi. ―O zatlar barlagçylar üçin gerek. Şu edaranyň poçtzdygyny bildirmek üçin gerek. Düşündiňizmi? ―Gelin okuwçysyndan jogaba garaşýan talapkär mugallym ýaly şahyra gözlerini dikip ep-esli oturdy. Ondan jogap bolmansoň ýene bir zat diýmek üçin agzyny açandanam bokurdagyna bir tokga gara keçe dykylan ýaly “hyk” etdi-de, erbet düwündi. Hernäçe ardynjyrasa-da bolmady. Bokurdagy açylmady. Ahyram gözüni çym-gyzyl edip batlyrak üsgürdi welin, ep-esli balyk gylçygy agzyndan atylyp çykdy-da, bir çogdum peýkam ýaly “şuwlap” baryp diwaryň ýüzündäki hormat tagtasynyň ýüzüne sanjyldy. Şondan soň gelniň dili açyldy. Ýöne, sesi indi öňküsi ýaly ýognas däl-de,soýlan horazyňky ýaly gyryljak, süýkeş çykdy. ―Ýene nähili soragyňyz bar? Bärki gelin bilen ýüzbe-ýüz duran Allanur nazaryny aňyrky gelniň gözlerine dogrulamak üçin, daraklygyna galyp, boýnunam birneme süýndürmeli boldy. ―O-onda b-bi etrabyň ýolbaşçylary nä-ädip gepleşýäler merkez bilen? Aňyrky gelin indi gark urup üsgürmäge başlady. Arasynda çydaman elini çarpdy, ýer depdi. Içini tutup büküldi, ýazyldy. Gözlerinden ýaş dökdi. Burnundan suw akdy. Ýöne ol şonda-da heýkeltaraşyň soragyny jogapsyz galdyrmady. ―Üh-he, küh-he!!.. Üh-he! Olaň... üh-he.. olaň öz... wah-heý... Öz... küh-he... öz tilpunlary ba. Üh-he... Howwa tilpunmy, nämemi... ―Ol bir owurt suw içdi. Şondan soň üsgülewügi azaldy-da, sesi birhili bozuk radionyňky ýaly “jygyrdawuk” çykdy. ―Howa tilpunmy, nämemi... kh-he... ýöne, olar onda özlerinden başga adamy gepleşdirenoklar... kh-he... Ýeňsesini tüňňerdip barýan şahyr gapa ýetiberende ýüzüni kese sowup “hoňňul-hoňňul” etdi. ―Gepleşse-hä bordy oň bilen welin, ýöne, barybir pul gelmejek bolsa... ―Ol çalarak gaňryldy-da, eýýämhaçan egni bilen deňleşen dostuna göwünlik berdi. ―Aý, bolýa-laý, juda bolmasa arçyndan karz alaýarys. *** Hut, şeýle hem etdiler. Dogrusy arçynyň öz-ä ýok ekeni welin, aýalyndan aldylar. Bardygymyz gaýdarmanyň birinden ibereris, diýip sözem berdiler. Şondan soň şol ýeriň bol çöpi bolan kakadylan balykdan ýüklerini tutup myhmanhana dolandylar. Şeýlelik bilen her gün ir ertir, giç agşam, kakadylan balygy sähelçe nan bilen hurş edip oňuberdiler. Ýiti şor içegelerini gyryp baransoň her gije tä ýatýançalar yzyny üzmän çaý içdiler. Turansoňam içdiler. Günortan az-owlak garbanyp ýene-de içdiler. Her gezegem Baýly Baýat agzyny şapbyldadyp: ―Hä, muň gapdaly bilen sowujak piwe bolaýsa, - diýse, Allanur Atalyk: ―”Nemeş Kadaram” bolsa b-bolýa-laý, ―diýip, dişiniň suwuny çekdi. Käte içleri bozuldy. Şolar ýalyda uzak gije ýol gatnap çykdylar. Halys ysgyndan gaçdylar. Dagy-duwwara duzlanan balykdan iýmezlige şert etdiler. Emma içleri “eljuk” diýip ugransoň, “şertim şahyma” diýdiler-de, ellerini sessiz-üýnsiz duzlanan balyklara tarap uzatdylar. Şeýdip baryşlaryna kem-kemden özlerem kakadylan balyga meňzäberdiler. Ýüzler-ä göz-görtele guraksylandy. Gözleriniň jöwheri azaldy, hereketi haýallady, nazarlaryndaky mähir, muhapbet kemeldi. Dodaklary çürelip, burunlarynyň deşikleri kiçeldi. Duluklary içine gitdi. Çekgeleri somaldy. Kelleleri laý kepjesi ýaly ýap-ýasy boldy. Eşikleri öňkülerine görä giňedi. Hopul-sopul boldy. Derde duçar bolan şahyr welin, şol horluklaryň arasy bilenem ýüreginde gije-gündiz alçak gelniň azaryny göterdi. Pikirini etdi. Her gezek onuň nobatynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Üç gün üç ýyla döndi. Gelensoň welin barybir gözüne görünmäge gorkdy. Çekindi. Özi hakda pikir edip ýörenini duýaýjak ýaly, ýüzüne ýüzi düşenden sussy basyldy. Lak ataýsa näme jogap berjegini bilmän kösendi. Haraý isläp öwran-öwran dostunyň ýüzüne seretdi. Hereketleri nätakyk çykaýjak ýaly şol gelin otaglaryna giren wagty gymyldamaga-da heder etdi. Onuň kalbyndaky harasatdan bihabar gelin bolsa şol bir alçaklygy bilen “jak-jak” gülüp, gabat gelen ýerinde şelaýyn sözler aýdyp degişdi ýördi. Özünden sussynyň pesdigini aňansoňa-a hasam beter süründi. Mahal-mahalam: ―Jan dogan, munyňyz näme uly gyz ýaly sülmüräp ýör-ä ―diýip, şahyr Baýly Baýada tarap baş atdy-da, tirsegi bilen Allanur Atalykgyň böwrüne hürsekläp goýberdi. Şol, hupbatly günleriň içinde Baýly Baýadat bir zada berk düşündi. Ol her zat etmeli welin, öz-özüni ýeňip geçmeli. Şu owadan gelniň keşbi ýaly keşp bilen oglanlykda bagrynda berç goýan gyzyň peşgeş goýan galagoply howsalasyny kalbyndan çykarmaly. Ýok etmeli. Ömürboýy öňünde bent bolup duran sussupesligiň böwedini böwüsmeli. Köňlüni gubardan arassalamaly. Henizem kükreginde köwsarlap duran ýaşlyk ýelgininiň çalymtyl dumanyny dargatmaly. Ýaşlykda aýdyp bilmedigini aýdyp, diýip bilmedigini diýip, içini egismeli. Şol keşpden üstün çykmaly, sussuny beýgeltmeli, mundan bu ýana ýüksüz, aladasyz, dertsiz, armansyz gitmeli. Bu, ýadyňa-oýuňa düşmejek çet, geň ýerde gabat gelen köne keseli kalbyndan köki-damary bilen sogrup taşlamaly we merkeze köne keselden gutulan hassa hökmünde, başyny belent tutup barmaly. Hut şol niýet bilenem şahyr Baýly Baýat, bir gije ýoldaşy mazaly uklansoň usullyk bilen ýerinden turdy. Daraklygyna basyp daş çykdy. Çalymtyl asmanyň ýüzünde ýüzüp ýören kümüşsöw Aýa, nepis hünjüler deý düzüm-düzüm bolup duran sansyz ýyldyzlara seretdi. Çukur-çukur dem alyp öýkenini arassalady. Soň aňyrrak gidip gezmeledi. Deňiz tarapdan öwüsýän arassa şemala burnuny tutubam ep-esli durdy. Deňziň çalaja eşidilýän güwwüldisine diň saldy. “Dogrudanam golaýlaýa” diýip, pyşyrdady. Derrewem üşäp başlady. Yzyna dolandy. Aýagynyň aşagynda mynjyraşýan owunjak balykgulajyklaryň “hütürdisine” diň salyp barşyna ýene-de nobatçy gelin barada pikire gitdi. Myhmanhana girensoň däliziň ortarasynda durup bir sag tarapdaky gapa, birem ortadaky gapa bakyp delmurdy. Çünki, ortadaky gapy-ha öz bolýan otaglary, sag tarapdaky gapy bolsa nobatçylaryňky. Şu gije nobatçylyk edýänem şol gelin. Ol ýap-ýaňyja-da çaýlaşyp, degşip, gülşip öz ýanlaryndan gaýtdy. Özem nämüçindir henizem ýatmandyr. Çyrasy ýanyp dur. Çykarynýamy ýa düşek ýazýamy hysyrdysam eşidilýär. Ýol ýapyk bolansoň myhmanhanada häzir şu üçüsinden başga adam ýok. Onuňam biri ukuda. Horruldysy jaýy göçüräýjek bolýa. Diýmek, şahyr bilen nobatçy gelin ikisi ikiçäk. Bu pynhan ýeriň ikiçäkligi şahyra Allatarapyn berlen peşgeş bolmaly. Howwa, hut şeýle bolmaly. Şundanam boş geçseň, mundan soň saňa beýle bagt miýesser etmez, eý, Baýly Baýat! Şahyryň şahyr ýüreginiň urgusy öňküdenem beter güýçlendi. Bir göwni: şirin işdir, gaýra goýma, bar gir, diýse, bir göwni: şeýtanyň ugruna gitme, gaýt, diýdi. Birdenem ýüregini bire baglady-da, sag tarapky gapa bakan bir ädim ätdi. Elini gapynyň tutawajyna ýetirdi. Ýetirişi ýalam çekip aldy. Daş töweregine diň saldy. Ýene-de dostunyň horruldysyndan başga hiç zat eşidilmedi. Şondan soň ol bir hili ýüreklenen ýaly boldy-da, tutawaja täzeden el ýetirdi. Usullyk bilen iterdi. Girdi. Girişi ýalam gapyny şakyr-ukur içinden ildirdi. Şeýdibem özüni ömürboýy heläk edip gelen, goç ýigide gelişmeýän ýöwsellik belasynyň gara çöpürden doly mägnet kellesini bir dem-de kesip taşlady. Ol uludan demini aldy-da, usullyk bilen içerä göz aýlady. Ýukajyk ak içgi köýnegiň aňyrsyndan goňras görünýän ýumry göwüsleriniň uçlaryny, gana boýalan gylyç ýaly elwan öwüsýän dodaklaryny, çözülip gerdeninden goýberilen zil gara saçlaryny titredip duran gelniň gorkuly gözlerine gözi düşendenem edil öň gepleşilip goýan ýaly oňa tarap gollaryny gerdi. O-da wadalysyna gowuşan hak aşyk kimin bir bökende özüni şahyryň gujagyna oklady. Şondan soň olar lebi-lebe, teni-tene goýup, bir gapda garylan alaja kimin alyşdylar. Garyşdylar. Ak düşegiň üstünde ýüpek kimin çolaşdylar. Çaýyr kimin çyrmaşdylar. Gelniň gara saçlary bolsa tä, daňdana çenli ak ýassygyň üstünde kä oýan, kä buýan bikararlyk bilen şo-ol, ykdy durdy. Käte kement bolup ýigidiň boýnuna çolaşsa, käte gomlaryna gark etmekçi bolýan gara deňiz dek tolkun atyp üstüne süründi. Myrat atyna atlanyp, maksadyna ýeten şahyr diňe daň atyp horazlar gygyryberende dar diwanyň bir gapdalyna agyp düşdi. Öwhüldedi. Başujyndaky oturgyjyň arkasyna atylan polotensäni alyp derini süpürdi. Başa-baş söweşde üstün çykan serkerdäniň buýsançly nazary bilen gelniň ýüzüne gülümsiräp bakdy. Bolan işi başdanaýak, birin-birin ýatlajak boldy. Emma hiç zady hakydasyna getirip bilmedi. Bu bolan zatlaryň barysy ýalandyr, hyýalatdyr öýtdi. Bitmesi şeýle aňsat işden dagam basylyp, ömürboýy özüni horlap gelendigine geň galdy. Gapdalynda bugaryp ýatan gelniň katdy-kamatyna bakdygysaýam ýüregi täzeden joşdy. Yşky gaýnady. Üstüne abanyp ony täzeden bagryna basdy. Ýumşak gabaklaryndan ogşady. Ýaňybir ymyzganyp ugran gelinem süýjümtik yňrandy-da, oňa edil öz hereketleri bilen jogap gaýtardy. Mähribanlygy bilen ýigidiň ýüregini ersdirdi. Bilinden golsalyp özüne çekdi. ―Şunça wagtlap nämüçin gelmediň? ―Näme, garaşdyňmy? ―Howwa garaşdym. Gijeleri çirim etmän geçirdim. ―Wah, bilmändirin. ―Onda senden şahyr bolmaz. ―Nämüçin? ―Zenanyň göwün islegini gözlerinden okap bilmeýän adamdanam bir şahyr bormy? ―Wah, gözleriňe bakybilmesem näme? ―Näme, sussuň basyldymy? ―Howwa. ―Erkekleriň hemmesini gorkak edýän zat şol. Şol gorkaklygyny ýeňibilen erkegiň almajak galasy bolmaz. ―Gala eýeli bolsadamy? ―Ýüregini joşduryp tenini jeýjana salybilseň heleý üçin eýesimi, dämi, tapawudy bolmaz. Ol şo pursat oduny öçürmese köşeşmez. Soň puşman eder, ýöne şo hala düşse ýene-de şol ýalňyşyny gaýtalar. ―Soň senem şu bolan işe puşman edermiň? Ökünermiň? ―Ýok. Gelin şahyra tarap täze bir hyruç bilen owsun atdy. Şirin çeşmäniň gözbaşynda gaýnap ugran ýylymsy hyjuwyň hä diýmän berjek lezzetine öňünden heýjanalanmakdan ýaňa endamyny galpyldadyp gözlerini süzdi. Sen bir päsgel bermesene diýýän ýaly ýalaňaç göwüsleriniň üstünde towsaklap ýören saçlaryny eli bilen ýeňsesine taşlady. Ýüzüni ýigidiň seýrek tüý biten ýylmanak döşüne oýkady. Süýjütik iňläp dodaklaryny çalaja gymyldatdy. ―Bol... Bar zat ýene-de täzeden gaýtalandy. ...Jahan ýagtylyberende gelin şahyryň ýüzüne seredip hoşroý ýylgyrdy. ―Bar, indi git!... Endam-jany owum-döwüm bolup duran şahyr zordan dikeldi. Özünden öňürti geýnip ugran gelniň alagaraňkyda sudur bolup görünýän gelşikli syratyny ýene bir gezek synlady-da, howlukman ýerinden turdy. Onyň bu haýal–ýagallygy gelne ýaramady. ―Bol çaltrak! Şahyr geýinmäne durdy. ―Indi haçan gersiň? Alahasyrdy bolup düşekleri ýygnap ýören gelniň sesi gaýgyly çykdy. ―Men indi gelmen. ―Nämüçin? ―Bilemok... ―Gelin şahyry gapa tarap itekläp goýberdi. ―Bar, git! Özüňem sorag berip ýürege düşme! ―Şahyr çykyberendenem gelin oňa elini serdi. ―Dur! ―Ýigit saklandy. Yzyna öwrüldi. Gelin bokurdagyny dolduryp zaryn seslendi. ―Gel bäri! Şahyr iki ädim öňe süýşendenem gelin ony çekip alyp bagryna basdy, boýnundan gol saldy. Ogşady. Dert-azaram diwana tarap dyzady. Şeýdip ýene-de bir gezek ýigidiň göwnüni awlady. Ana, şondan soň welin onuň sesi diýseň hökümli çykdy. ―Indi boldy. Bar git! Aýaklarynyň üstünde zordan duran ýigit gelniň ýüzüne seretdi. ―Adyň näme? ―Armangül. ―Armangül? ―Howwa, Armangül. Şahyryň beýnisinde aýdyňlyk peýda bolup ugrady. ―Sen kim?Ýöne, dogryňy aýt. ―Men seniň armanyň. ―Armanym? ―Armanym? Gelin gözlerini süzüp baş atdy. Ýigit soragyny dowam etdirdi. ―O nähili armanym? ―Armanyň-da. ―Haýsy armanym? ―Näme, armanyň köpmüdi? Ýigidiň kalbynda ýene-de şo-ol, tanyş harasadyň ýakymsyz howsalasy kowsarlap ugrady. ―Köpdür ezizim, köpdür. Juda köpdür. ―Armanyň köp bolsa ömürem ahmyrdan çykybilmersiň. Bar, özüňem mundan artyk eglenme. Ýigit ýene-de sorag berdi. ―Nämüçin indi gelmen diýdiň? ―Gelmejekdigim üçin gelmen diýdim. ―Meň üçin gelmeseňem işiň üçin gelersiň-ä? ―Iş seň ýadyňa düşýä. ―Näme, bir ýana gitjekmi? ―Gitjek. ―Haçan? ―Ine, seni ugratdygym gitjek. ―Nirä? ―Köňüllere. ―Köňüllere? ―Howwa, köňüllere? ―O nähili köňüllere? ―Näme , özüňden başga adamda köňül ýokdur öýdýäňmi? ―Sen näme, ýene biriniň ýanyna gitmekçimi? ―Howwa, ýene biriniň ýanyna gitmekçi. ―Diýmek onda... Sen...Sen...Her gün biri bilen... Şeýdip... Men bolsam... Sen diýip... Ah, biwepa! ―Şahyryň beýnisi sarsyp gitdi. Ol gelniň ýaňagyna ýelmäninem bilmän galdy. ―Indi bolmady, ―diýdi-de, gelin hemişekisi ýaly jakgyldap güldi. Ýap-ýaňyja geýen geýimlerini çykaryp, köpden bäri ot görmedik demir ojagyň içine taşlady. Otlady. Titir-titir edip durşuna burçdaky ýalpyldawuk, goňur şifoneriň agzyny açdy. Ýukajyk ak ýüpekden tikilen nepis köýnek çykardy. Ýigide göz edýän ýaly howlukman geýdi. Uzynly gije ynjalyk bermedik gara saçlaryny başyna orady. Äpişgeden daşaryk uzadanda çep eline bäş sany ak per geldi. Perleri sag eli bilen depesine sançdy. Gollaryny gerende eginlerine perlerdenem ak, tämiz goşa ganat çykdy. Şondan soň ol şahyryň ýüzüne ýylgyryp bakdy. ―Men biwepa däldirin. Ýöne, bu dünýede armanlam ýeke sen dälsiň. Meniň bejermeli ýüreklerim köpdür. ―Gelin ganatlaryny kakdy. ―Indi bolsa hoş! Sen meni gaýdyp hiç haçan, hiç ýerde görmersiň. Başga-başga gözlere aldanarsyň, emma maňa sataşybilmersiň... Şeý diýgeç ol ganatlaryny ýaýdy. Kakdy. Göz açyp –ýumasy salymyň içinde ak guwa öwrüldi-de, pasyrdap penjireden çykdy. Dik asmana göterildi. Hä diýmänem allaowarralardaky deňziň üsti bilen alyslara tarap ýüzün salyp barýan ak bulutlara goşuldy. Şahyryň ýüregine howsala düşdi. Kükregi gysyldy. Ylgap daş çykdy-da, ellerini asmana serdi. ―Arma-any-y-ym-m!! Armany-y-ym!! ...Ol öz sesine özi oýandy. Has-has edip töweregine garanjaklady. Henizem hor çekip ýatan dostuna seredip, ýylgyrdy. Ýerinden turdy. Uludan demini alyp äpişgäniň öňüne bardy. Açdy. Açyşy ýalam üç-dört ýola asgyrdy. Birkemsiz ýagtylan dünýäni, gök asmany synlady. Asmanyň ýüzi bilen gözýetime tarap süýşüp barýan ak bulutlara gözi düşendenem ýüregi süýjäp gitdi. Ýüküni ak sümeklerden tutan şol ak kerweniň öňüni çekip barýan ýalňyz bir ak guw onuň göwnüne ýa-ýaňyja goltugyndan sogrulyp giden armany bolup göründi. Her niçik hem bolsa kalbynda öňkülerine görä dogumlylyk duýaän Baýly Baýat dälize çykdy-da, nobatçy gelniň gapysynyň agzynda aýak çekdi. Gapa golaýlady. Birsalym böwrüni diňläp durdy-da, tutawaja elini ýetirdi. Usullyk bilen iterdi. Girdi. Boş diwanyň üstündäki edil agşamkysy ýaly, buýr-bulaşyk bolup ýatan düşekleri, ot görmedik demir ojagy, goňur şifoneri synlady. Açyk duran penjiräni görüp ýene-de ýylgyrdy. Şu jaýa hiç haçan girip görmedigem bolsa, bar zadyň edil agşamkysy ýaly ýerli-ýerindedigine diýseň geň galdy. Şol wagtam ýeňsesinden tanyş ses eşidildi. ―Ýaman irläpsiňizle, myhman! Ýa çaý-suw içesiňiz geldimi? Şahyr ogurlykda tutulan ýaly boz-ýaz bolup ýüzüni iki ýana sypajaklatdy. ―Howwa, howwa...çaý...çaý içesimiz geldi. Çaý gözläp ýörün... Wiý, çäýnek gözläp ýörün... Ol gelniň gözlerine bakybilmän durdy-durdy-da, jaýdan çykyp gitdi. Onuň yzyndan garap duran gelniň hemişe nur ýagyp duran mähirli ýüzünde bolsa birhili ünji göwnigalyjylyk alamatlary peýda boldy. Ýap-ýaňyja ukudan turandygyna garamazdan Baýly Baýat barşy ýaly özüni diwana goýberdi. Ol ýene-de uklamalydy. Dynjyny almalydy. Agşamky ýadawlygyň öwezini uky bilen doldurmalydy. Köňül welin hoştapdy. Beýni arassady. Şeýle bir arassady, ol henize çenli şolar ýaly dury zehin bilen eser ýazyp görmändi. Şonuň üçinem, näme hakdadygy entek belli bolmasa-da, häzirlikçe özüni basmarlap barýan gaflat ukusyndan oýanyşy ýaly üýtgeşik bir eser ýazmak höwesiniň kalbynda dörändigini süňňi bilen syzdy. Şol eseriň öňkülerinden has üýtgeşik boljakdygyna ynandy. Gymmat bahaly meýhananyň alçak hyzmatkärleri ýaly, eýýämhaçan töwereginde pelesaň urşup ugran käbir bentleri, kapyýalary welin rejelejegem bolmady. Asla ünsem bermedi. Soňa goýdy. ...Myhmanlar bu ýerde şondan soňam ylaýyk on bäş gün boldylar. Nobatçy gelin welin gaýdyp gara bermedi. Onuň sebäbini Baýly Baýat üçin näbelli bolup galdy. Ondan-mundan soramaga bolsa çekindi. Şonuň üçinem ol tä gaýdýançalar sus gezdi. Ýazylmaly üýtgeşik eseriň ornuny ýene-de gaýgy-gam, ownuk aladalar eýeledi. Ynjyklygy artdy. Sähel zada gaharlanmany çykardy.Sypyndygy başyny ýassyga goýdy. Ýatdy. Onda-da, juda köp ýatdy. Düýşünde bolsa-da ýene-de şol, özüni öňküdenem beter armana goýup giden gelni göresi, onuň bilen hylwat gurasy geldi. Aýak üstündekä-de köplenç alasarmykhalda gezdi. Ol hatda bir gezek özüni öň telewizorda görendigi üçin tanap ýanyna gelen nätanyş biri bilen ýolugra gürleşip durka bir aýagynyň lüýge gideninem bilmän galdy. Şol gezek ony telim adam bolup zordan çekip çykardylar. *** Merkeze gaýdyp baransoňlar olary hiç ýere çagyrmadylaram, kakadylan balygy görkezip: “Şu barakmy ýa apelsin”, diýibem soramadylar. Ýöne, şahyr Baýly Baýadyň ýazyp ýören öňki eserini bir gyra goýup, deňiz ýakasyndaky kiçijik şäherçäniň ykbaly, onuň zar-zelil adamlary, howply gurluşyk barada ýazan göwrümli makalasyny welin hiç ýerde çap etmediler. Nirä eltse-de: “Sen durmuşyň diňe garaňky taraplaryny görýäň” diýip, yzyna gaýtardylar. Emma kalba düşen tohum çüýremedi. Ol çeper görnüşe aýlandy we soň-soňlar awtoryna uly şöhrat getiren “Ak guw” atly meşhur poema öwrüldi. Şol poemada şahyr ret edilen makalasynda aýtmakçy bolan zatlarynyň hemmesini çeper obrazlaryň, inçe duýgularyň, dürli pelsepeleriň üsti bilen beýan etdi. Allanur Atalykdan bolsa ýadygärligiň üstünden uçup barýan ak guwuň şekilini ýerleşdirmegi haýyş etdi. Allanur dostunyň haýyşyny ýerine ýetirdi. Ýöne öňki komozisiýa goşulan şol goşmaça çözgüdiň ykbaly çeperçilik sowetiniň çykarjak netijesine baglydy. Eger-de sowetiň içinde guw atly guşuň hiç haçan ýeke gezmeýändigini, taýyndan aýra düşen güni beýlekisiniňem dik asmana çykyp, şol ýerde ajy aýralyk baradaky iň soňky aýdymyny aýdyp, özüni dikbaşak goýberýändigini, şeýdibem ýagty jahan bilen hoşlaşýandygyny bilýäni bar bolsa, onda seredişlik mahaly oňaýsyz bir jedeliň turaýmagam, taslamadan ak guwuň şekliniň aýyrdylaýmagam ahmaldy. Şol ak guwuň hakykatdan-da taýyndan aýra düşüp, indem iň soňky aýdymyny aýtmana barýan bolaýmagam ahmaldygy welin hiç kimiň kellesine-de gelmez. Ony hiç kime düşündiribem bolmaz. Ýöne sowetiň agzalary düýbünden başga hörpden gopdylar. Bu guşuň balykçylyga onda-da gaýda heläk bolanlara näme dahlynyň bardygy baradaky içýakgyç soragy orta atdylar. Şeýdibem ak guwy ýadygärligiň kompozisiýasyndan aýyrtdylar. Deňiz boýundaky kiçijik şäherçäniň halky barada aýdanymyzda bolsa, şondan soň köp wagt geçmänkä ýurt özbaşdak boldy we olaryň öz kenarlaryny hakykatdanam gaýdyp berdiler. Tikenli simem, eli ýaragly esgerlerem aýyrdylar. Adamlary öz dogduk diýaryna goýbermän hupbat baryny görkezen “ala taýagam” sakmanlary bilen bilelikde gürüm-jürüm boldy. Merkezden üzňe bolansoňlar, şäherçä doly suratda ykdysady özygtyýarlylygam berdiler. Heýkeltaraş Allanur Atalygyň köp azaplar çeken ýadygärligem öz diýen ýerinde oturdyldy. Arhitektoryň janyndan syzdyryp aýdan zatlarynyň köpüsi amala aşdy. Öňki býurokrat ýolbaşçylaryň ornuny demokratik düşünjeli adamlar eýelediler. Halk muňa begendi. Kenar üçin göreşip pida bolanlaryň başyndan hudaý ýoluna sadakalar berdi. Öz mähriban kenaryna täzeden yhlas siňdirdi. Gyzyl balyk ýetişdirdi. Köpeltdi. Işbilem ýygnap ugrady. Mahlasy halkyň ençeme wagt bäri edip gelýän arzuwy amala aşdy. Onuň asyrlarboýy garaşan deňzi, mähriban kenary welin hakykatdanam golaýlaşýar. Asuda gijeler daň bilen turup şol tarapa diň salsaň, tolkunlaryň güwwüldisini, kenar bilen bilelikde halka tarap süýşüp gelýän çarlaklaryň şadyýan seslerini eşitmek bolýar. 1989-1997ýý. Juma Hudaýguly. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||