MENIÑ DAÝYM SÜLEÝMAN
Hemmesi şondan başlandy. Obada gyzlaryň galyňyny göterip, ejemiň gaharyny getirdiler...
* * *
Agam gullugy gutaryp gelensoň, etrap merkezine gatnap, sürüjiligi okady. Emma obada sanalgyja maşyn bardygy üçin, oňa iş tapylmady. Haçan–da, haýsydyr bir maşynyň sürüjisi garrap, ýer boşaryna garaşmakdan gaýry alajy galmady. Onsoň, ol ejemdir kakamyň: «Öýde işsiz otyrsyň. Seniň ýaşyňdakylar öýlenjek gyzynyň galyňyny özleri ýygnaýarlar» diýen igençlerine çydaman, kerpiç guýup başlady. Ýabyň aýagujundaky toýunly depäniň ýanynda gamyşdan çatmajyk dikinip, uzynly gün şol ýerde gydyrdanýardy. Günortan men oňa öýden nahar alyp gidýärdim. Öň hem «Gurban gara» diýlip, adynyň yzyndan «gara» lakamyny göterýän agam, jokrama yssyda işlemekden ýaňa Güne ýanyp, indi has-da garalypdy. Diňe gözüniň agydyr dişleri akjaryp görünýärdi. Afrika eltip goýberseňem, negr däldigine şübhelenjek däldiler. Agamyň guýan kerpiçleri ýabyň raýşyndan ýandagyny gyrçalap tekizlän meýdanynda, bir geňsi hatar bolup, ep-esli meýdany tutup ýatyrdy. Mazaly guransoň, men olary bir ýere üýşürip, agama kömekleşýärdim. Jemlenen kerpiji obada jaý gurýanlar beýle bir gymmat bolmadyk bahadan satyn alyp gidýärdiler. Elbetde, berlen pul, kerpiç guýmak üçin, raýşyň gumuny palçyk edip eýläp, çekilýän azaba degenokdy. Ýöne başga hiç bir iş bolmadyk obada ol hem uly gazançdy. Agam düşürenje puluny başyny bozman, ejeme getirip berýärdi. Ejem bolsa ony, hamana, sanadygyça köpeljek ýaly, birnäçe gezek sanap, begenjine dylym-dylym edip, bir düwünçege düwüp, köneje sandygynda, agamy öýermek üçin ýygnan mata-marlyklarynyň arasynda bukup goýýardy.
Şonda maňa: «Ynha, agaňy öýereris. Onsoň, gezek seniňki. Şeýdip, toý engamyny seniň üçin toplap başlaryn» diýýärdi. Agamyň palçyk üçin gum alýan ýeri oýulyp, obada onuň guýan kerpijine gurlan jaýlaryň sany köpelip barýardy. Ol howa gurak bolandygy üçin tä güýz aýaklap, ýagyş-ýagmyr başlanýança işleýärdi. Oba adamlary ýabyň aýak ujy bilen bagly gürrüň etmekçi bolanlarynda: «Hol, Gurban garanyň kerpiç zawodynyň ýanynda» diýip, ol ýeriň adyny indi ýarym degişme bilen şeýle atlandyrýardylar.
Agamyň gazanjy ejemi ýüreklendirdi. Ol indi: «Hudaýa şükür, bir gyzyň galyňyny tükelläp barýas» diýip, arkaýyn gürrüň edýärdi.
Obada gyz göçdügi, kakamdyr ejem, hatda men hem onuň galyňynyň möçberini anyk bilmäge çalyşýardyk. Sebäbi galyň alşyp-berişmek juda gizlinlikde edilýärdi. Ýogsam «Gyzyna galyň alypdyr» diýlip, ýyl kesilip, türmä dykylmakdan gorkýardylar. Eger täze göçen gyzyň galyňy öňki derejeden ýokarlanmadyk bolsa begenişýärdik. Sebäbi agam bu tomus hem jany sag bolup, kerpiç guýsa, onda ejem ýyl çalyşmanka, gudaçylygyň ugruna çykyberse-de boljakdy.
Yzygiderli agyr zähmet köpleri döwýär welin, agamy daýandyrdy. Gullukdan gelende, gysby daňnan kemeri zerarly bili üzüläýjek bolup görünýän, agajet agam indi ýapy ýalydy. Çiginleri ýumry-ýumrudy. Şonuň üçinem içimden: «Agam öýlenip, öňümden aýrylansoň, onuň galybyny alyp, men hem kerpiç guýaryn. Şeýdip, agamdan hem daýaw bolaryn» diýen pikirdedim. Ine, ahyrsoňy gyzyň galyňy häzir boldy. Toý üçinem ýörite bakyp, bir öküzçäni semretdik. Bir gün bolsa, ýörite oturdyp, agamyň haýsy gyza göwünlidigini soradyk. Ol:
—Meniň üçin parhy ýok. Oňşukly bolsa bolýar –diýdi.
Onsoň, obanyň boýgyzlaryny birlaý sanap, olaryň gowy hem erbet taraplaryny saldarlap çykdyk. Şeýdibem, bir topar gyzyň içinden üç sanysynda eglendik.
Sähetli gün ýanyna dilewar bir daýzany hem alyp, ejem sawçylyga gitdi.
Biz bolsa öýde: «Nähili bolarka?» diýşip, garaşyp otyrys.
Ejem ýüzüni sallap geldi:
—Garyndaşlyk açmaga-ha taýyn olar. «Ogluňyz zähmetsöýer, ýuwaş ýigit» diýdiler. Ýöne galyňyny juda çökder aýtdylar –diýip, lapykeç dillendi.
—Çökder bolanda näçe bolýar? –diýip, kakam gyzyklandy.
—Biziň çakymyzyň iki essesi.
—O nähili beýle bolýar? Obada gyzyň galyňyny götermäge kim olara hukuk berenmişin? –diýip, ömrüni suwçulykda geçiren adamyň ümsümi hasaplanýan kakam gyzdy. Agam bolsa ýüzüni aşak salyp, ýöne güläýdi. Kakam birazdan soň köşeşip, çäýnegiň soňuny syrkyp içdi-de:
—«Sen bolmasaň, Senem jan» diýleni. Olaryňky gyzyň soňy däl, indiki sähet pylanylara baryp gör! –diýip, ejeme maslahat berdi.
Şondan soň ejem her sähet gyzly öýlere sawçylyga gidip, boş gelip başlady.
Görüp otursak, obada gyz galyňy diýlip, il ýüzüne aýdylýan baha, hakyky bolşundan köp esse pes ekeni.
—Ogluny öýerip bilmän ýörenleriň soňky döwürde köpelmeginiň sebäbine indi düşündim –diýip, ejemiň agamy öýermek baradaky bady peseldi.
Ol bir gün bolsa irden:
—Bu meseläni men daýyň bilen maslahatlaşyp görsem diýýän –diýip, goňşy Mekan obasynyň aňry ýanyndaky Kökçi diýilýän ýere —daýymlaryň obasyna gitdi.Ol obanyň adamlary buýan köküni ýygyp, döwlete tabşyrmak bilen meşgullanýardylar. Daýym kök brigadasynyň brigadiri bolup işleýärdi. Şonuň üçinem onuň adyny «Süleýman kökçi» diýip tutýardylar. Daýaw, Görogly pisint adamdy. Özüne göwni ýetýärdi. Onuň, ejem aýtmyşlaýyn, bir kemçilikli tarapy «köp öýlenmegidi». Maşgalada bolup geçýän haýsydyr bir özara düşünişmezlikler sebäpli, ol dokuz-on gezek dagy aýalyny öwrüpdir. Käte bolsa ol hakda agzalanda, abraýyny dökmek üçinmi ýa-da gürrüňi gyzykly etmek üçinmi, bu sany on dört —on bäşe-de ýetirýärdiler. Geň ýeri, daýym aýrylyşan aýallarydyr olardan önen çagalary bilenem äbede-jüýje gatnaşýardy.
Ejem şu tarapy üçin ony kän bir halanokdy. «Pylan aýaly has gowudy. Şondan aýrylyşyp, pylana öýlendi. Ol hem erbet däldi... Daýyňyň ýüzi gursun. Hiý, şonça gezegem öýlenmek bolarmy? «Är daýa çekermiş» diýýärler. Uzagyndan siz bir şoňa meňzemäweriň! Daş edewersin!» diýip, içine tüýkürýärdi.
Gelende, gozakly motoryna mündürip, ejemi daýymyň özi alyp geldi.
Ol gele-gelmäne agama:
—Ýegen, gaýgy etme. Seni özüm öýlendirerin. Ynha, ejeň bilen gürleşdik. Ýol şaýyňy tut! –diýdi.
Görüp otursak, sawçylyga baran öýleri gyzlaryny asmandan asyşan bolup, ejemiň halys gaharyny getiripdirler.
Ol:
—Goý, garraýançalar saklap otursynlar. Süleýman, ýegeniňi özüň öýer –diýip, agamyň täleýini daýyma ynanan bolsa nätjek.
Agam sada, gowy ýigit bolansoň, daýym:
—Ýegen, seni gyzyň şeýle bir bol ýerine alyp giderin welin, özüň ýaly dokuzy düzüw ýigide halap tutanyňy bererler –diýip, ony derrew özi bilen gitmäge yrdy.
Ejemdir kakam:
—Musulman bolsa bolýar. Hernä, dini başga bolmasyn. Olara öýlenip hem gowy ýaşaşyp ýörenler bar. Ýöne däp-dessura gezek gelende, kyn bolýar duruberýär –diýşip, galyň üçin ýygnan pulumyzy eline berip, agamy hem ýanyna goşup, daýymy ýola saldylar.
Ine, aradan bir hepde hem geçmänkä, daýym iş bitirdi geläýdi.
Uzyn boýly, gaşlary galam bilen çyzylan ýaly inçejik, ýaňaklary bolsa narynç öwsüp duran, kirpikmen alagöz gelnejemi görmäge, baý, geldiler-ä! Toýdan öňem, soňam garry daýzalar, gyz-gelin... öýümiziň myhmany egsilmedi. Olar öz arasynda: «Wa-ýeý, munuň owadandygyny. Gurjak ýaly. Öz-ä musulmanmyşyn. Daglyk ýeriň gyzymyşyn. Biziň obamyzyň işine çydaman, tiz gidamasa...» diýşip, «hyşy-wuşy» gürrüň edýärdiler. Ejem göz degerinden gorkup, gelnejemiň goşaryna alaja dakdy. Agamyň welin, begenmekden ýaňa, agzy gowşanokdy.
Ikiçäk galanlarynda, kakam ejeme:
—Häý, şu iliň aýdyşy ýaly,bärimizi halaman gidäýmese... –diýip, içki howsalasyny duýdurýar diýmeseň, daýymyň tapyp beren gelinliginden hoşaldy.
Kakam şeýle diýende, ejem:
—Gidip dagy etmez. Enşallasa, äbede–jüýje bolşup, önüp-ösüp öwrenişip galar –diýip, ör-gökden gelýärdi.
Kakam:
—Her näme-de bolsa, ätiýaçdan, Ýaýlym işanyň ýanyna git-de, muňa «Süýjülik dogasyny» getirip ber. Iki-üç çagasy bolup, aýagy mazaly duşalýança, öňki ilini küýsäp, göwni bölünmez ýaly –diýse, ejem:
—Goýsana, gitjek bolsa, oglumyzyň yzyna düşüp gaýtmazdy –diýip, özüniň bu babatda arkaýyndygyny duýdurýardy.
Gelnejemiň ady Dilberdi. Ol Dagystanda ýaşaýan gumyklardandy. Daýymyň bir wagt gullukda bile bolup, şondan bäri hem gadyrly gatnaşyk saklaýan dostunyň gyzydy. Ol azerbaýjança bilýän ekeni. Özem, şepagat uýalaryny taýynlaýan ýörite okuwy hem okapdyr. Obamyzyň saglyk öýünden dessine ýer tapylyp, işe–-de ýerleşdi. Azerbaýjança gürläp bilýändigi üçin, ol türkmençäni-de tiz öwrendi. Ejemiň diýenini edip, türkmençe hem geýindi.
Ýakasy keşdeli köýnek oňa şeýle bir gelişdi welin, ejem kesesinden «Tüweleme! Tüweleme!» diýiberdi.
Sygyr sagmalam bolsa sagdy. Çörek ýapmalam bolsa ýapdy. Ýadaman–ýaltanman, bilmeýän işini öwrendi. Özem, oba arasynda özüni tiz aldyrdy. Toý bolsun-ýas bolsun, girişiklilik bilen islendik işine kömekleşip, adamlaryň hormatyny gazandy.
Ýyla ýetmänem ekiz ogly boldy. Atlaryna Ýusup hem–de Ahmet goýdular.
Agamyň hem iş meselesi düzelişdi. Ýüküni özi düşürýän gozakly maşyn sürýän Annam aga Aşgabatdaky oglunyňka göçüp gidip, maşynyny oňa berdiler.
Agamyň şowly öýlenmegi, obada gyz galyňynyň galadygy zerarly öý-işik bolup bilmän ýören jahyllary ekezlendirdi. Olar hem jemlenişip, daýym Süleýmana ýüz tutdular. Ol her gezek ýany bilen üç-dört ýigitden alyp gidip, neneň-nähili adamlardygyny barýan ýerinde görkezip, iki-üç ýylyň içinde obamyzyň on -on iki jahylyny maşgalaly etdi oturyberdi. Soňundan daýymyň bu pişesi «Süleýman kökçiniň keperatili*» diýip at aldy. Onuň gyz getirýän obasynda ýaş ýigitler azmyşyn. Barlary hem uly şäherlere siňip, şol ýerde öýlenip galýarmyşlar. Ol ýer ýaşaýyş üçin beýle bir amatly bolmadyk kiçijik dag obasymyşyn.
Daýymyň soňky getiren gelinleri-de edil meniň gelnejem Dilber ýaly dogumly hem görmegeýdiler. Dessine oba durmuşyna öwrenişip, yzlaryna gitmek barada pikirem edenokdylar. Önüp-ösüp, «Siziň, gör, nähili gowy ýigitleriňiz bar. Içenoklar, çekenoklar. Ýaşamak üçin şertiňizem oňat» diýýärdiler. Hiç haçan öýünde sene-mene-de edişenokdylar. «Dawaly öýden rysgal göçermiş» diýýärdiler. Otag etmelem bolsa edýärdiler. Pagta ýygmalam bolsa ýygýardylar. Olardan bolýan çagalaram sagdyn, owadandylar.
* * *
Şondan soň, obamyzda gyzyň galyňy görnetin düşdi. Hatda ol ýok bolup gitdi diýmek hem mümkin. Muňa meniň daýym Süleýman sebäp boldy.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar