00:05 Muhammet Alynyň ýeňlişi / satiriki hekaýa | |
MUHAMMET ALYNYÑ ÝEÑLIŞI
Satiriki hekaýalar
Awgustyň bir günüdi, ikindinaralar biz raýon merkezindäki awtostansiýadan awtobusa mündük. Ugrumyz oba tarapy. Awtobusda boş orun ýokdy, ikilän-üçlän dik duran ýolagçam bardy. Awtobus emaý bilen ugrady. Şol wagt yzymyzdan depe saçyňy üýşürýän bir batly sykylyk eşidildi. Sürüji yzyna seretdi-de, awtobusy saklady. Onýança biri gelip, awtobusa kürsäp girdi. Bu täsin tipiň daşky görnüşini beýan etmek çetindi. Saç, sakgal, murt ösüp-ösüp ýetjek derejesine ýetipdir. Çyrmaşyk ýaly bolubam üçüsi goşulyşyp ýaňky awtobusa kürsäp giren ýolagçynyň egninden ýokarsyny gurşap alypdyr. Diňe burnunyň ujy çalaja görünýärdi. Olam kereplikden barýan balygyň gerşi ýaly sudur bolup durdy. Gözleri şa käsäniň agzy ýaly gara äýnegem dakynypdyr. Indi bu tipi tanabilseň tana-da göreýin. Eger-eger, tanabiljek gümanyň ýok. Oturan ýolagçylaryň arasynda şu tipi doguran ene baram bolsa, ony «şu meniň balam» diýip biljek däl-dä, garaz. Aýagynda göwşüllän jinsi jalbary bardy. Onuňam gonjy, dyzlarynyň ýanlary agaryp durdy. Ap-ak bolşup duran ýerler deri sürülýän daş bilen sydyrdylana meňzeýärdi. Belki, moda şeýledir. Boýnundan maýmyn suratly torba asylgydy. Egnindäki köýneginde her dürli täsin suratlar çekilendi, arap, latyn we biziň elipbiýimizde dürli dilde hatlar ýazylgydy. Köýneginiň içinde maýkasy ýokdy. Döşi, garny zowwam açykdy. Köýneginiň ilikleri ötürilgi däldi. Diňe etegi düwülgidi. Edil döşünde äpet bir bürgüdiň suraty çekilgidi. Olam bir keýigi iýip durdy. Ýaňky tarypy edilýän tipiň endam-jany, barmaklary agyn hatmydyr san, surat bolup durdy. Görünýän ýerlerinde «Durmuşda bagt ýok», «Käbäm enemi unutman», «Mişa», «1941 ý.», «Muhammet Aly», «Mişa ― Maşa ― Kaşa» diýen ýaly ýazgylar bardy. Awtobusdaky aýal-oglan-uşaklar bu ýolagçydan gorkup başladylar. Yza çekilişip, her kim oňa ýer berýärdi. Golaýynda hiç kim durmadam, oturmadam. Ýaňky tipem sürüjiniň ýanynda dik duruberdi. ― A gyz, bu zat däli bolaýmasyn. Häzir şofýory bogsa, awariýa bolar, barymyz heläk bolarys ― diýip, biziň obamyzdan Gülbibi diýen gelin ýanyndaky aýala pyşyrdady. ― Wa-ýe, toba-tagsyr, munuň ýaly elhenç zady altmyşdan geçdigem weli, gören-eşiden däldiris ― diýip, biziň obamyzdan Hallygözel eje ýakasyna üç gezek tüýkürdi. Onýança şofýor ýaňky ýolagçydan: ― Halypa, sen nirä çenli? ― diýip sorady. ― Meni mazarçylygyň ýanynda düşüräý ― diýip, ol jogap berdi. ― Aýu, gelin, Gülbibi, basymrak düşeli. Ol zat mazarçylykda ýatyp-turup ýörene meňzeýär-le ― diýip, Hallygözel daýza howsala düşüp başlady. Bu täsin ýolagça Muhammet diýilýärdi. Özem biziň obaly Aly aganyň ogly bolmalydy. Kakasy demirçi ussa bolup kolhozda işlärdi. Onuň ýogalanyna on-on bäş ýyl bolupdy. Ejesi, ýaňky awtobusdaky Hallygözel eje bolmaly. Hallygözel eje, Aly ussa ýeke ogullary Muhammedi ýaşka öýerdiler. Gelni hem ýaňky awtobusda bardy. Oňa Gülbibi diýerdiler. Muhammet ýaşlykdan lälik saklandy. Ulalyp, ese-boýa galansoňam bikemal boldy. «Wah, ýatan demirleri ýenjip, her hili zat ýasapdy. Şolaryň deregine şu Muhammet janymy ýençmeli ekenim-dä, arman» diýip, Aly aga ölmänkä ah çekip, başyny ýaýkapdy. Aly aga Muhammediň düzelip, adam bolanyny görmän, pahyr boldy gitdi. Ol ýogalan ýyly hem Muhammediň ogly boldy. Oňa-da Aly diýip, at dakdylar. Indi habary ýaňky mazarçylygyň ýanynda awtobusdan düşen Muhammetden alalyň. Ol şol ýerdäki magazine sowuldy. Gadymky çüýşedeşi, özüne alkaşlyk senedini öwreden halypasy, magazin müdiri Çakanyň ýanyna bardy. Ikisi iki çüýşäni boşatdylar. ― Çakan aga, bu gün oba adamlary nirede? ― Ilgeldi gyzyny çykarýar, şonuň toýunda. ― Ýör gitdik, Çakan aga! Ikisi giň ýola sygman, toý tutulýan ýere entirekleşip bardylar. ― Ilgeldi, guý, men içjek. Arakdan doýurmasaň, toý gowy bolmaz ― diýip, Muhammet arçanyň ody ýaly syçrap başlady. Bu hereketler jahyl oglanlardan birine ýaramady. Ol öňe çykdy-da: ― Saňa kim diýerler? Seni toýa kim çagyrdy?! ― diýip, Muhammediň alkymyna dykylyp geldi. ― Kimdigimi, şorluga çykaly, onsoň bilersiň ― diýip, Muhammet sarsman jogap berdi. ― Geleniň gowy bolaýdy, etim gijäp durdy ― diýip, süňkbaşy iri, guýlan kenek ýaly daýaw jahyl ýeňini çyzgap başlady. ― Menem şu gün irki fiziki maşkda uklap galypdyryn, werdiş edip bilmän, endam-janym gurşup durdy. ― Şu etrapda loty ýeke özümdirin öýdüp ýördüm, bardygyňy bildireniňe men şat ― diýip, jahyl heziller edinip ellerine tüýkürip durşuna ýylgyrdy. ― «Ýekäň çaňy çykmaz» diýlen sözem bardyr weli, şol gaty bir dogry däldir. Häzir senden şeýle bir çaň çykaryn weli, köne keçe kakylana dönersiň ― diýip, Muhammet esräp joşdy. Şeýlelikde iki pälwan duşuşdy. Başlady uruş. Malçda-malç, düňkde-düňk. Birden Muhammet agyp düşdi. Jahyl derrew tutdy bokurdakdan. Araladylar. Muhammet ejizläp aglady. Köpräk içen ekeni. ― Meniň arymy alan tapylar. Şu obadan Aly diýen gerçek oglum bardyr. Şol seniň depäň öli ganyny alar ― diýip, Muhammet hamsygyp aglady. Şol wagt ýaňky jahyl: ― Kaka! Kaka jan! Bagyşla! ― diýip, Muhammediň üstüne özüni oklady. Toý sowulansoň, ataly-ogul tirkeşip, öýlerine gitdiler. Hallygözel eje, Gülbibi dagy ýigrimi ýyl bäri legzan bolup ýören ýitiglerini tapyp, uly toý tutdylar. Muhammediň saçyny, sakgal-murtuny syrdylar. Şondan soň Hallygözel eje: ― Hakyt öz balam-da! ― diýip, ýeke perzendini gujaklap begenjinden aglady. Sözümiziň soňunda bir zady belläp geçeliň. «Kyrk ýyl bäri başyna giden Muhammet kyrkja minutyň içinde düzeldi duruberdi-le» diýip, meniň sözüme pitiwa etmezligiňiz mümkin. Siz mamla. Muhammet Aly Irkutskidemi, bilmedim, Nowosibirskidemi, kartda utulypdyr. Ol namartaý pul üçin enesiniň ýanyna gaýtmaga mejbur bolan bolsa nätjek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |