18:56 Muhammet Bagtyýar Han | |
MUHAMMET BAGTYÝAR HAN
Taryhy şahslar
● orta asyrlarda Hindistanda döwlet guran türkmen hakynda söhbet "– Halkymyzyň nähili baý taryhyň bardygyna biz barha aýdyň göz ýetirýäris. Men türkmeniň taryhyna degişli materiallar bilen gyzyklanýaryn we olary yzygiderli öwrenýärin. Şonda türkmeniň aňyrsynyň iňňän gadymydygyna we beýikdigine guwanýaryn". Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. Halk hem edil bereket eçilýän sahy toprak mysaly. Türkmen topragy öz berekedi bilen goja zeminiň iň owadan bölegi bolup şugla saçýar. Bu topragyň ýylysyndan kemala gelen türkmen ogullary bolsa, Taňrynyň arşdan ýere inderen nagyşlary bolup gülzarlygy döredýär. Şol gülzarlygyň içinde düýp tutup, owadan güllemek, owadan pür-pudak ýaýramak bolsa, her bir türkmeniň gursagyndaky arzuwy. Hawa, türkmen daragtynyň pür-pudagy, gollary, döwrüň, çarhypelegiň emri bilen köp-köp ülkelere ýaýrap gidipdir. Ol gülleriň ykbaly nirä tartsa-da, olar türkmen ysy bilen bark urup, nazarkerde gülmeňiz, hoşroý türkmen ýüzi bilen tanalýarlar. Şu gezekki söhbetimizde orta asyrlarda türkmen güli bolup, dörän, özüni tutuş Gündogarda tanadan meşhur serkerde Muhammet Bagtyýar Halajynyň gahrymançylykly durmuş ýoly barada okykylarymyzy tanyşdyrmagy müwessa bildik. Hawa, goja taryhyň hakykaty türkmen aganyň dünýäde ukyply, talantly, zehinli halkdygyna, onuň milli senediniň, döwlet gurluşynyň, medeni mirasynyň uly gorlaryna eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Orta asyrlarda Hindistanda ilkinji türkmen hany bolup, özbaşdak döwlet guranlaryň biri Muhammet Bagtyýar Halajynyň özünden soňky nesillerine galdyryp giden edermenligi, batyrgaýlygy, bitiren hyzmatlary barada ýazmak we ony okyjylarymyza hödürlemek köp irginsiz zähmeti, şeýle hem çäksiz höwesi talap etdi. Çäksiz höwesi, ähli mümkinçilikleri bolsa Mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy we onuň Garaşsyzlyk zamanasy berdi. Biziň Deli soltanlygynyň düýbüni tutan edermen türkmen serkerdeleri hakynda çap edilen işlerimizde Muhammet Bagtyýar hanyň Biharda, Bengalda guran özbaşdak döwleti barada umumyrak aýdylyp geçilipdi. Şu ýazgylarymyzda biz gaýratly, pälwansypat Muhammet Bagtyýar Halajy hakynda dolurak söhbet etmekçi. Biziň pikirimizçe, Muhammet Bagtyýar hanyň mirasy has içgin öwrenilmäge mynasyp. Onuň hakyky doly ady Ygtyýarutdin Muhammet Halajy bolup, ol takmynan 1120-1125-nji ýyllarda dünýä inipdir. Ol Halaç türkmenlerinden bolup, serkerdäniň doglan ýeri şu toprak bolmaly. Ýaşlyk ýyllarynda oňat bilim alyp, Muhammet Bagtyýar tanymal serkerde, güýçli pälwan, meşhur döwlet işgäri bolup ýetişipdir. Ýöne onuň öz ata-baba Watanyndan uzaklarda uly şöhrata eýe bolup, özbaşdak döwlet gurşy, çar tarapa edermenlikli ýörişi hakynda gürrüň etmezinden öňürti, onuň Hindistana barmagyna sebäp bolan ýagdaýlar barada durup geçeliň. Oguzlaryň begleri gaznewileriň agalygyny syndyrandan soň, olar beýleki oguz-türkmen tireleri bilen kem-kemden öz ýerlerini giňeldip başlapdyrlar. Bilşimiz ýaly, XI asyryň başlarynda syýasy öwrülişikler köp bolýar. Türkmen topragynda dörän seljuklaryň döwletiniň güýçlenmegi bilen musulman dünýäsinde, ýer ýüzüniň aglaba böleginde geosyýasy özgerişlikler bolup geçýär. Bu döwürde oguz türkmenleriniň hanlarynyň, begleriniň özbaşdak döwlet gurmaga ymtylmaklary barha güýçlenipdir. Gaznewiler bilen seljuklaryň arasyndaky uruşda seljuk soltanlarynyň baştutanlygynda ýüwrük bedewli, demir donly türkmen ýigitleri söweş meýdanynda harby taýdan ykjam taplanypdyrlar. Şol wagtda söweş meýdanynda tejribe toplan Muhammet Bagtyýar Halajy hem daş-töweregine öz namdar wekillerini ýygnap, serkerdelik edipdir. Onuň töweregine balh oguzlarynyň hem ep-esli bölegi jemlenipdir. Taryhçy Raşidetdiniň berýän maglumatlaryna görä, Muhammet Bagtyýaryň baştutanlygynda türkmenler we balh oguzlary uly harby güýje öwrülip, günorta tarap hereket edip başlaýarlar. Taryhçynyň sözlerine görä, Muhammet Bagtyýar (1162-63-nji ýyllarda) bilen Guridler döwletiniň baştutany Seýfaddin Muhammediň arasynda gazaply uruş başlanýar. Aldym-berdimli söweşde Muhammet Bagtyýar guridleriň baştutanyny ele salýar we döwletiň paýtagty Gazna şäherini basyp alýar. Muhammet Bagtyýar guridleriň garşysyna bolan söweşde özüniň ýiti paýhasyny, ýokary harby guramaçylyk ukybyny görkezip, ýeňiş gazanypdyr. Bu ýeňiş bolsa türkmen esgerlerini indiki boljak ýeňişlere, söweşlere sary galkyndyrypdyr. Muhammet Bagtyýar hanyň goşuny Gazna şäherinde başy tükellenip, doly taýýarlyk ýagdaýyna ýetirilenden soň Hindistana tarap süýşüp başlaýar. Harby taýdan ykjam tälim berlen hem oňat ýaraglanan 10 müňden gowrak atly ýigitden ybarat saýlama goşuna ýolbaşçylyk edip, Muhammet Bagtyýar han Hindistanyň demirgazyk ülkelerinde, iň uly welaýatlar Penjapda, Multanda uruş alyp barýar. Muhammet Bagtyýar han agyr goşuna ýolbaşçylyk edip, Penjabyň üsti bilen ýerli rajputlaryň we gaznewidleriň döwründen galan kiçeňräk harby güýçleri böwsüp geçip, Gündogar Hindistana tarap ugur alýar. Gazawat uruşlarynyň birnäçesini görkezip, ýanbermez türkmen goçaklaryndan düzülen leşgeri bilen Muhammet Bagtyýar han Bengal welaýatlarynda uruş alyp barýar, Ol gysga wagtda Bengaly zabt edip alypdyr. Türkmen soltanlarynyň güýçleriniň sag ganaty Muhammet Bagtyýaryň egindeşi, serkerde Kutubuddin Aýbegiň elindedi. Kutubuddin Aýbek Hindistanyň demirgazyk etraplaryny, Ganga derýasynyň ýokarky kenarlaryny, Jamna şäherini eýeleýär. Aýbeg 1191-nji ýylda Delini basyp alýar we ony öz döwletiniň paýtagtyna öwürýär. Şondan buýanky ýyllaryň dowamynda Muhammet Bagtyýar Halajy Hindistanyň Mürzepur okrugyny, Uttar Pradeş welaýatyny (abadanyny) we Günorta Bihary uruş hereketleri bilen doly eýeleýär. Bagtyýar Halajynyň bu ülkeleri basyp almazyndan öň, ol ýerler Pal dinastiýasynyň we Senler diýlip atlandyrylýan imperiýanyň golastynda bolupdyr. Bagtyýar Han öz güýçli goşuny bilen Bihary eýelemek üçin köp gan döküşmeli bolmaýar. Sebäbi Bagtyýar hanyň agyr goşunynyň sürnüpgelýändiginieşiden gowşak Pal dinastiýasynyň baştutanlary ýurduny taşlap, daş ülkelere gaçypdyrlar. Gündogar Hindistanda iň güýçli hökümdarlyk hasaplanylýan Sen döwleti hem Bagtyýaryň goşunynyň öz ülkelerine tarap hereketiniň öňüni almak üçin söweşe çykyp bilmeýär. Gorky astyna düşen Sen döwletiniň hökümdary Lakşmana gaçmaga taýýarlanyp başlapdyr. Bihar ülkeleriniň ýerli ýaşaýjylarybrahmanlar bolup, olar döwletiň iňgurply ýaşaýjylary hasap edilipdir.Haçanda XII asyryň başlarynda Bagtyýaryň goşuny Bihara gelende bu ülkedewe Biharyň şäherlerinde kitaphanalaryň birnäçesi bolupdyr. Bagtyýar han kitaplaryň many-mazmunlaryny düşündirmegi ýerli halka buýrupdyr. Bagtyýarhan haçanda bu kitaplaryň many-mazmuny bilen tanşyp, Biharyň gadymy gymmatly materiallaryň galasydygyna,ylmyň we medeniýetiň merkezidigine gözýetirýär. Taryhy çeşmeleriň güwä geçmeginegörä, Muhammet Bagtyýar Halajy 1190-njy ýyllaryň ortalarynda bu ülkeleri basyp alandan soň, öz garaşsyzöwletini yglan edýär. Ol öz döwletiniň merkezi şäheri boljak Diwkody, Lakhnori hem eýeleýär. Muhammet Bagtyýar han özüniň garaşsyz döwletini yglan edenden soň, däp boýunça öz adyna hutba okadýar. Şol bir wagtyň özünde Bagtyýar han öz döwletiniň mülkleriniň Bengal ülkelerine, ondan aňryk, okean kenarlaryna tarap giňeldilmegini hem isläpdir. Bengal ülkeleri bolsa öňräkden bäri Hindisanyň jenneti künjegi hasaplanylypdyr. Şeýlelikde, Bagtyýar han 1199-1200-njy ýyllarda Bengala tarap ýöriş edipdir. Ol indi Bengalda orun tutan Senler döwletiniň merkezi Nadia şäherini basyp almagy göz öňüne tutýardy. Güýçli goşunyň öňündedurmaga Senler döwletiniň gurby çatmaýar. Senler döwletiniň hemişelik paýtagty bolan Nadia şäheriniň golaýyna gelen Bagtyýar onuň patyşasyna uruşsyz boýun egmegi teklip edip, çapar ýollaýar. Şunlukda, onun özi diňe 18 atlysyny alyp, jeňňeliň içi bilen paýtagt şähere gidipdir. Şol wagt goşun serdarlary söweşe ykjam taýýar esgerleri bilen iki tarapdan hüjüme geçip, goragsyz bu şähere çozup giripdirler. Ýurduň baştutany Lakşmana Sen bolsa şäheri taşlap Gündogar Bengala gaçýar. «Merkezi paýtagt şäherini basyp almak Bagtyýaryň goşunlaryna onçakly kyn düşmedi. Sebäbi şäheriň daş-töwereginde gorag galalary gurulmandyr. Ganga derýasynyň kenaryndaky bu şäher esasan bambukagaçlaryndan gurlanjaýlardan ybaratdy» diýip, taryhçylar ýazýarlar. Şu wakalaryň döwründe Hindistanda gaznewiler döwründen bäri ýaşaýan türkmen-oguz iliniň taýpalary Bagtyýar hanyň döwletine gelip mekan tutupdyrlar. Olar Bagtyýaryň güýçli goşunyna goşulyp, bu döwletiň kemala gelmegine gönüden-göni gatnaşypdyrlar. XIII asyryň başlarynda Muhammet Bagtyýar hanyň mülkleri gündogar Hindistana tarap has giňelip, Bengalyň taryhy merkezi hasaplanylýan Daur şäherini hem öz içine alýar. Indi ýene-de bir uly maksat, ol hem Muhammet Bagtyýar saýlama nökerleri bilen päsgel berýänkiçeňräk toparlanyşyklary basyp ýatyrmakçydy. Şeýlelikde, ol ownuk pitne uruşlaryny ýatyryp, Günbatar Bengaly, Warendrany, Malda okrugyny, Dinajpury, Murşidabady we Birbhum şäherlerini doly eýeleýör. Onuň baş maksady amala aşýar we Bengal aýlagyna gutarnykly çykalgaaçýar. Bagtyýar han Bihary we Bengaly doly eýländen soň, bu ülkeleri özbaşdak dolandyryp başlaýar. Täsin ykbally, joşgunly ýürekli serkerde öz halkynyň maddy, ruhy durmuşyna hümmet goşmaga hem wagt tapypdyr. Bagtyýar han öz döwletiniň puluny zikgeledýär. Birnäçe metjitleri, medreseleri gurdurýar, Metjitlerde namaz okalyp, hutba aýdylýar. Bagtyýaryň karary bilen medreselerde mukaddes Gurhan, şeýle-deastrologiýa, taryh, edebiýat ýaly we başga-da birnäçe ylymlar öwredilipdir, Goşun üçin ýörite harby tälim berýän öýler bolupdyr. Bu bolsa onuňdöwletiniň maddy, ykdysady ukybynyň bolandygyna, galyberse-de, Bagtyýar hanyň edermen, jomart kişidigine güwä geçýär. Käbir ýazuw çeşmelerinde onuň Gazna soltanyna ýa-da Deli soltany Kutubuddin Aýbege salgyt töländigi barada aýdylýar. Bu jümle entek anyklanylmandyr. Sebäbi, Muhammet Bagtyýaryň guran döwletiniň syýasy we ykdysady, harby kuwwatlygynyň ýokarda agzalýan soltanlyklaryndan hiç hili pes bolmandygyna köp taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Muhammet Bagtyýaryň döwletiniň ýokary derejelere ýetmegi bilen birlikde, ol öňden bäri göz öňüne tutýan goňşy döwletleri bolan Tibeti we Türküstany (häzirki Hytaýyň türki halklarynyň ýaşaýan ülkelerini) özüne doly boýun egdirmegi maksat edinýärdi. Munuň üçin, Bagtyýar han öňki goşunynyň üstüni ýetirip, güýç jemleýärdi, Ol goşunbaşylaryna ýerli hindileri hem öz goşunyna esgerlige almagy, olara söweş tälimlerini öwretmegi, döwletiň harby güýjüni bolsa indiki söweşe-tibete, soňra Türküstana tarap taýýarlamaga buýruk beripdir. Ýigitlerini edermenlige, batyrlyga, ýeňşe çagyryp, harby ýola düşen Muhammet Bagtyýar hana Tibet ülkelerine geçmek ýeňil düşmändir. Geçmesi kyn bolan daglyk jülgeler Bagtyýaryň agyr goşunyna päsgelçilik döredipdir. Turuwbaşdan Bagtyýar hanyň bu ýörişi oňa üstünlik getirmeýär, Ol geçmesi kyn agyr ýolda ençeme esgerini ýitirip yzyna dolanmaly bolupdyr. Ol gaýdyp gelýärkä dagly taýpalaryň hökümdary Kampury bilen söweşipdir. Muhammet Bagtyýar han daglyk ýerdäki söweşde özüniň tejribesiz goşunynyň bir bölegini ýitirip, merkezi şäherine dolanyp gelipdir. Hindi taryhçysy Ş.Awaştynyň ýazmagyna görä, «Tibet bilen daglyk ýurt bolan Lakhanutiniň aralygynda Muhammet Bagtyýar hanyň goşunyna päsgel berän kuç-mej diýen dagly taýpalar ýaşaýardy. Bu taýpalaryň ýüz keşbi türkmenlerden tapawutlanyp, dilleri bolsa hindi-tibet dilleriniň aralygyndaky bir dil bolupdyr». Awaşty öz işinde Bagtyýar hanyň Tibete ýörişini suratlandyryp, şeýle ýazýar: «Muhammet Bagtyýar hanyň goşuny 15 günläp Bagmaty derýasynyň kenary boýunça süýşýärdi. Derýanyň kenarynda birnäçe obalar, daşy goragly, gür ilatly kiçeňräk şäherler ýerleşýärdi. Bagmaty derýasynyň kenaryndan uzakda bolmadyk daşdan örülen berk gorag galaly Kar-Battan şäheri ýerleşýärdi. Bu şäherde uly haýwan bazary bolup, ol ýerde her gün saýlama atlaryň 1500-2000-e golaýy satylýar eken. Ýerli esgerleriň söweşjeň eşikleri onçakly öwerlikli däl. Olaryň kellesine geýýän gorag sowutlary hem bambuk agajyndan ýasalypdyr. Esgerleriň ählisi hem ýaý atyjylar. Bagtyýar hanyň goşuny daşy berk diwar goragly bu şähere çozuşy yglan etdiler we talap başladylar. Emma uly garşylyga garaşmadyk Bagtyýar hanyň goşunynyň garşysyna öňden taýýarlykly ýaýly esgerler çozup başladylar. Olar şäheriň içinde galan Bagtyýar hanyň goşunynyň daş-töweregini oda berdiler. Aljyraňňylyga düşen hanyň goşuny Bagmaty derýasyna tarap okdurylýardylar. Derýanyň geçelgesinde Bagtyýar hanyň köp esgerleri dowula düşüp, basha-baslykdan suwa gark bolup öldüler». Biharda, Bengalda türkmen dinastiýasynyň düýbüni tutan Muhemmet Bagtyýaryň paýtagt galasy bolan Lakhnorda we tutuş döwletde özboluşly ösüşler, özgerişler bolupdyr. Şäherdir obalarda türkmen-türki, musulman ýaşaýyş däpleri, düzgünleri ornaşyp başlapdyr. Bagtyýar han öz garaşsyz döwletinde medeniýetiň we sungatyň ösmegine üns beripdir. Bu ýurduň ykdysady, medeni ösüş derejesi döwürdeş, goňşy Deli soltanlygynyň derejesine ýetipdir. Şäherleriň peýda bolmagy, senagat ojaklarynyň köpelip ugramagy Bagtyýaryň düýbüni tutan we dolandyran döwletiniň ykdysady, sosial medeni hem-de dini taýdan ösmegine itergi beripdir. Muhammet Bagtyýar han ýurdy edara edende döwlet ähmiýetli jemgyýetçilik binalaryň birnäçesini gurdurypdyr. Hut onuň aladasy bilen bu ülkelerde ilkinji gezek musulman medeniýeti we sungaty, türkmen gurluş däpleri emele gelipdir. Bu barada köşk hindi taryhçysy şeýle ýazýar: «Olar özleri bilen bilelikde bu ülkelere yslamy hem getirdiler. Olaryň medeni derejeleri ýerli ilatyňkydan köp babatda rüstem gelýärdi. Olar göçme durmuşyň däplerini berk saklap şäherlerde öz hökümlerini arkaýyn, garşylyksyz ýöretdiler. Olaryň ilkinji güýçli islegi dini, ybadathana metjitlerini gurmak bolup,olar bu ülkeleriň bambuk agaçlardan bolan öýlerini daşdan, mermerden örülen şähere öwürdiler». Elbetde, bu taryhy hakykatdyr. Ýene-de bir maglumatda bolsa «Ykdysady we medeni ähmiýete eýe bolan Muhammet Bagtyýar hanyň guran döwletinde ussat gurluşykçylar, agajy nagyşlaýjylar, çeperçilik ussalary işläp, bu ýerde kem-kemden dürli kärdäki türkmen ussatlarynyň birinji derejeli mekdepleri döredi» diýip aýdylýar. Serkerde Muhammet Bagtyýar hanyň elinde ençeme müňläp söweş atlary, duýgur aňtawçylar, jansyzlar bolupdyr. Aw awlamak, şikara çykmak onuň iň söýgüli pişesi bolupdyr. Haçan-da, Bagtyýar han awa-şikara çykanda, onuň ýany bilen goragynda birnäçe müň adam we ýüzlerçe piller bolupdyr. Bagtyýar hanyň goşunynyň harby guramaçylygy ýokary bolupdyr. Onuň goşunynyň gurluşy takyk bolup onluk, ýüzlük, müňlük tümen ýaly birliklere bölünipdir. Goşunbaşylary bolsa türkmen ýigitlerinden düzülipdir. Bagtyýar hanyň köşk gwardiýaçylary, gulamlary goşunyň düzgün-nyzamlylygyny üpjün edip, söweş meýdanyna ugranlarynda öňki hatarda 10 surnaýçy we 10 nagaraçy dabaraly saz çalypdyr, Umuman, orta asyr türkmen gerçegi Muhammet Bagtyýar han öz döreden döwletinde oguz-türkmen däplerini Hindistanyň Bihar we Bengal ülkelerinde düýpli ösdürdi we ol ikinji watanyny, onuň ýerli halkyny ösüşlere alyp gitdi diýmäge esas bar. Ýöne, taryhy maglumatlara görä, bu ajaýyp harby serkerdäniň, görnükli döwlet işgäriniň ömrüniň soňky pursatlary pajygaly gutarýar. Ol 1206-njy ýylda egindeş Aly Merdan Halajy tarapyndan öldürilipdir. Aly Merdan Halajy 1213-nji ýyla çenli bu ýurduň hökümdary bolýar. Ol hem öz egindeşleriniň pidasy bolýar. Merdan Halajynyň hökmürowanlygy pajygaly gutarandan soň, onuň ornuna başarjaň ýurt dolandyryjy Kyýasutdin Öwez Halajy geçýär. Käbir taryhçy alymlaryň eserlerine ýüzlenip, biz Muhammet Bagtyýar hanyň we goňşy Deli soltanlygy döwründe tagt ugrunda eden-etdiligiň köpelendigini, köşk hadymlarynyň arasynda ýiti garşylygyň dörändigini, köp adamlaryň şol garşylyklaryň gurbany bolandygyny aýtmak isleýäris. Olar bir kowum, bir garyndaş döwletler bolup kemala gelseler-de, arkalaşykly gatnaşyklaryny ýola goýup bilmändirler. Özbaşdak Türkmen döwletlerinde içki-daşky täsirler tagt ugrunda dogan-dogan bilen ýaka tutuşmak, oňuşmazlyk, bir-birlerine ýüz bermezlik ýaly kespler olaryň dargamagynyň sebäpleri bolupdyr. Olaryň bir-birleriniň döwletleriniň özbaşdaklygyny ykrar etmezlikleri, bir güýçli döwlete gol ýapmazlyklary, birikmändikleri şowsuzlyklara eltipdir. Öz watanyndan alysda ykbal tapan türkmen kowmunyň daş ülkelerde rowaçlyk gazanmaklarynda uly hyzmatlar bitiren, tutuş Gündogada özüniň batyrgaýlygy, edermenligi, guramaçylygy bilen tanalan Muhammet Bagtyýar han hakynda Nurmuhammet Andalyp özüniň meşhur, «Oguznama» poemasynda şeýle ýazýar: «Muhammet Bagtyýar atlyg bir han Hyraç etmiş halaçdan, gitdi bir ýan, Anyň paýtahta Lektun atlyg bir şähr, Ajaýyp lälezar ol bagy-hoşbähr. Kakyp adyga zikge Bagtyýar han, Tüzüp döwlet hyruç etdi ki çendan, Bu ýaňlyk türk içinde belli, meşhur, Bolup, ellig alty ýyl şatlandy mebrur, Oşol wagt her çärikniň öňünde Halaç bolsa, rowaç olmuş jeninde». Hawa, bu gün gadymy taryhy wakany galam astyna alyp, türkmen serkerdesi Muhammet Bagtyýar hanyň bakylyga öwrülen durmuşyny, gahrymançylygny taryplap, onuň ölmez-ýitmez ruhuny derejeleýäris. Çünki binýady türkmen topragyndan nem alan şol beýiklige, pür-pudak ýaýrawly türkmen güllerine solma ýok. Olar barha webarha gol ýaýradyp, güllemek bilen. Hut şonuň üçin hem, bu gün biz türkmenler öz döwründe gaýratlylygy, edermenligi bilen şöhratlanan şol serkerdeleriň, hanlaryň, serdarlaryň nesilleridigimizedoly guwanyp hem buýsanyp ýaşaýarys. Biz söhbetimizi ruhy atamyz beýik Magtymgulynyň: Magtymguly, Rumystana, Çaldy gylyç Hindistana, Badahşana, Türküstana, Ýedi yklyma han oldy. - diýen setirleri bilen dowam edip, orta asyrlarda türkmen we türki kowumlaryň Hindistanyň araçägine aralaşmagy, köpçülikleýin göç etmegi bilen olaryň ýerli hindi halkynyň durmuşyna, ykdysadyýetine, medeniýetine, göze görnüp duran binaçylyk däplerine täsirlerini ýetirendiklerini nygtasymyz gelýär. Maglumatlar boýunça 4 müňden gowrak türkmen-türk sözleri hindi-sanskritdiline giripdir. Mysal üçin, türkmen gurluşyk däpleri bilen birlikde, türkmenleriň sözleýiş dilinde ulanylýan penjire, çirik, gandal, pestag, güldeste, minara, samanzar, gopuz, tambur, dutar, sitar, surnaý, kernaý, rubaý, gyjak, şarud, naý, nagara ýaly sözler hem-de onbaşy, penjebaşy, ýüzbaşy, müňbaşy, emirleşger, gullaragasy, subadar, beglerbegi, dagbaşyýaly türkmen harby sözleri Hindistanda ýaşaýan halklaryň dillerinde ulanylyp ýör. Hawa, Türkmenbaşy zamanasynda biz taryhymyzy dikeldip, ata-babalarymyzyň guran binalaryna, türkmen ýadygärliklerine, köşki-ymaratlaryna guwanýarys. Türkmen gözelligini, gülzarlygyny döreden we döredýän, onuň manysyna düşünýän her bir kişi üçin bolsa taryh, edebiýat gadymy geçmiş şejerämiz gyzyklydyr, mukaddesdir. Ençeme asyrlaryň synaglarynda synman, taplanan gözel türkmen aňy, türkmen senedi, döwlet gurluş we dolandyryş depleri, medeni mirasy şu günki günümiziň gönezligidir. Arassa, gadymy gönezligi goramak, oňa çäksiz buýsanmak bolsa, Türkmenbaşy zamanasynyň, galkynyş döwrüniň her bir ýaşaýjysynyň parzydyyr, borjudyr. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |