21:16 Mundan barsañ... / hekaýa | |
MUNDAN BARSAŇ...
Hekaýalar
Özbek diline öňdenem gaty bir suwara bolmamsoň hem-de şol wakalardan bäri köp wagt geçensoň, şu ýazgylardaky käbir özbek sözlerini ýoýup-ýoýubrak aýdýan bolmagym örän ähtimaldyr. Şonuň üçin, men turuwbaşdan, özbegu-türkmen okyjylaryndan ötünç soraýaryn. Onda, şeýle... Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda, sowet eýýamy diýilýän döwürde, ykbal dartyp, maňa harby gullugy özbek topragynda geçirmek miýesser etdi. Ol döwürde harby gullugam häzirkisi ýaly iki ýyljyk däl-de, tutuş üç ýyldy. Şol üç ýylam men bir çolaja özbek obasynyň çetindäki, hiç kime gerekmejek bir ammary gorap geçirdim. Ol ammarda näm bar, ony kimden goramaly — muny bir-ä Alla bilýär, birem — meniň serkerdelerim. Onda-da, goradym. Çynym bilen! Ir säherden maşynda getirip, ammaryň agzyna dikip gidýärler. Dur onsoň, dikilgazyk bol-da! Eliňde ýaragyň, diliňde — kasamyň! Men şeýdip dikilýänem welin, edil wagt belleşen ýaly, menden ýigrimi-otuz ädimlikdäki oba dükanynyň öňündäki teläriň aşagyndan tüsse çykyp ugraýar. Bu gün bularda dynç güni bolmaly. Diýmek, ýene-de palaw... Bular muny şeýle düşündirýärler: — Har kun bitte palow ýemigän uzbekden ham uzbek boladimi?! (Günde bir gezek palaw iýmeýän özbekdenem özbek bolarmy?!). ...Häzir Işmet eke geler, teläremi, tüssämi ýa maňamy — salam berer: — Assalowmaleýku-u-um, aziz dustlar! Dem salymdan Toşmet eke görner, agsaklap. Ol salam bermäge däl-de, salam almaga gelýändir: — Aleýkumassalom, aziz dustlar! Kalaýsiz, ýahşimisiz? Men dymýan, ammar dymýar, telärdir tüssedenem ses-seda ýok. Aramyzda dillimiz diňe Işmet eke... — E-e-e, Toşmet äkä, kalaýsiz? Rahmot, äkä, rahmot! Şundan soň bir hal-ahwal soraşma başlanar. Bala-çaga, oglan-uşak, agtyk-çowluk, mal-gara, goňşy-golam, hatda itdir pişiklere, towukdyr jüýjelere çenli... hijisi ýatdan çykmaz. Şol barmaşa, daş-töwerekden«assalowmaleýkum» köpelip ugraýar. Her «assalomdan» soňam, hal-ahwal soraşyk başlanýar. Ýene-de towukdyr jüýjelere, itdir pişiklere çenli... Men bu ýerdäki düzgün-tertibe indi bäş barmagym ýaly belet. Bularyňkam harbylaryňkydan bäri däldir. Ynha, häzir Toşmet eke «Furko-ot» diýip gygyrar. — Furko-o-ot! Indi başy ala tahýalyja ýetginjek ylgap geler; — Hop, bobo! Nimä? (How, babam! Näme gerek?). — Moşinginani ketiringiz-e! (Maşyny getiriň!) Ýetginjek sag elini ýüreginiň üstüne goýar: — Läbbäý, bobo! (Bolýa, baba!). Bularyň bir-birine sylaşygyna haýran gal-da oturyber! Ýumruk ýaly agtygyna-da «Siz» diýip ýüzlenerler. Iň bärkisi, münüp barýan küleje eşegi näme, şoňa-da «Hyh!» diýmän, «Hyhingiz!» diýýärler. Toşmet ekäniň «Moşingina» diýýäni — onuň frontdan olja getiren äpet patefonydyr. Furkot ýitirim bolar-da, göz açyp-ýumasy salymdan patefony sandyk gujaklan ýaly edip, göterip geler. — E-e, Furkot jon, aşullasiniýäm ketiringiz-u! — Läbbäý, bobo! Furkot ýene ýiter-de, arabaň tigri ýaly äpet plastinkany (karty) ebşitläp geler, patefonyň gulagyny aýlap-aýlap, onuň içini towdan-sanjydan doldurar-da, plastinkanyň üstünde ýerleşdirer, kepjebaşyň kellesi ýaly bir guralam emaý bilen plastinkanyň gyrajygynda goýar. Şol aralykda, onuň hereketlerini synlap oturan ýaşulularyň biri: — E-e, bu ýoşginolarning bilmidigan zoti ýok-u! Zamoni boşganing amoliýäm boşga! (Äý, bu ýaşlaryň bilmeýän zady ýog-ow! Zamanasy başganyň emelem başga-da!) — diýip, haýran galmak bilen, ýetginjegi özüçe magtamaga-da ýetişer. Patefondan bolsa rubabyň mylaýym, şabram owazy eşidilip, onuň yzynam aýdymçynyň süýgeşik, ýakymly, labyzly sesi alyp göterer: — Munda-a-an borsa-a-ang Harezminga-a, Äkämlärgä salom oýting... (Mundan barsaň Horezme, Agamlara salam aýdyň!). Ondan soňra «ükemlerge» salam aýdylar, soň «singlilerge», «ýeznilergä», «ämäkilärgä», «opolorga» gezek ýeter... aý, garaz, hiç kim unudylmaz. Bu aýdymy häzir diňläp oturanlar-a däl, hatda menem bireýýämden bäri ýatdan bilýän. Şonda-da, diňleýjiler, göýä, ony birinji gezek eşidýän ýaly, başlaryny ýaýkaşyp, gözlerini ýaşlap oturandyrlar. Sebäbi, meniň aňyşymça, bu ýöntemje aýdym setirleriniň her biriniň aňyrsynda her kim üçin giden bir taryh ýatan bolmaly. Kim uruşdan dolanmadyk agasyny, kimse şu haýhatlaryň girdabynda ýitiren jigisini, kimse ogluny... ýatlaýandyr. Ynha, menem şu wagt, alys türkmen ýaýlasynda goýun bakyp ýören kakamy, gözleri ýolda galan garabagyr ejemi, doganlarymy, «Altysy tomusdan, altysy gyşdan-eý, Onki aýdan gelen-ow ýyllar amanmy?» diýip, çola ýerde ýeke özi hiňlenjiräp oturan garryja babamy ýatlaýaryn hem-de olara içimden salam aýdýaryn. Ýatlamalar halys basmarlaberse, oturanlar Işmet eke bilen Toşmet ekäni gijjeläp, «garpyşdyryp» goýberýärler. Munuň üçin, ol ikisine ýaş sanaşdyraýmaly. Müdimilik jedel şol! Olaryň ýaş hasaplaýyşlaram üýtgeşik. — Bir zamon Sirdarýodan bir katta bolik ötgänku, ikki kunda keçip kutargan... (Birwagt Syrderýadan bir uly balyk geçen eken, iki gün diýlende geçip gutarypdyr). — diýip, Işmet eke öz «ebjet» hasabyna tutar. — Mana, man şonda tukkulmanku! (Ine, men şonda doglan bolmaly!) — Ho-o, bilamanku! — diýip, Toşmat eke-de alyp göterer. — Darýo toşgan, hosillarni su bosgan idi! (Derýa daşyp, ekinleri suw basypdy). Men şonda kamoli darýodan keçganman. (Men şonda gaýykly derýadan geçipdim). — E-e-e, koýingiz-e! — Işmet eke Toşmet ekäniň maýyp aýagyna tarap ümleýär. — Soglar keçabiladimi! Oýtasiz-da, koýasiz... Jondan keçmaý, darýo keçilmas! (Äý, goýsaňyzlaň-aý! Sagat adamlar geçibilýämi! Aýdýaňyz-da, goýaýýaňyz... Jandan geçmän, derýadan geçilmez!). — Jondan, bir emas, on martaba keçib kordikku! Mana, siz uýnigizda ýatganda... Oşol zamon bolakensiz-da, indi katta bulib kaldingizmi?! (Jandan, bir gezeg-ä däl, on gezegem geçip gördük. Hol, siz öýüňizde ýatyrkaňyz... O wagtlar balajadyňyz-da, indi uly bolup galdyňyzmy?!) — diýip, uruş weterany Toşmat gaharlanyp ugraýar. Ýaş hasaplaşykda döwüniň pesräk gelýänini aňan Işmet eke, «Taýak gelýänçä — ýumruk» diýlenini edip, ýüzugruna: — Ahmokning katta-kiçigi bulmas! (Akmagyň ulusy-kiçisi bolmaz!) — diýip suňşurýar. Gönümelräk Toşmet ekäniň birden peltesine ot düşýär. Ol burnuna salybrak, pessaýrakdan: — Lagnati! — diýip hüňürdeýär. Işmet eke biraz salym doňup oturýar-da, soňrak; — Bismillohi rahmoni-rohim! — diýip, ýerinden turýar. Toşmet ekäniň golaýyna barýar-da, onuň gulagyna tarap eglip, daş-töwerege-de eşitdiribräk: — Bu kun bir lagnati bizga «lagnati» diýrkän! (Şu gün bir lagnaty bize «lagnaty» diýen ekenmiş!) — diýýär-de, ýene ýerine geçip oturýar. Toşmat eke-de oýkanjyrap, daş-töweregine garanjaklap, bir oturýar-da: — Bismillohi rahmoni-rohim! — diýip, ýerinden galýar, Işmet ekäniň golaýjagyna baryp: — Bizga «lagnati» diýganning uzi lagnatidir! — diýip yzyna gaýdýar. (Bize «lagnaty» diýeniň özi lagnatydyr!). Indi gezek Işmet ekäniňki. O-da jogapsyz goýanok: — Bismillohi rahmoni-rohim! — Ol Toşmet ekäniň gulagyna golaýlaýar.— Lagnatidan eşitganmizku! (Lagnatydan eşitdik ony!). Bu çekeleşik gaty gyzyşaýmanka, onuň öňüni alýarlar-da, gepi maňa tarap sowýarlar: — E-e-e, koýingiz-e... Sarboz bola karob turibdi! (Äý, goýuň-how... Esger oglan seredip dur-a!). Bular meni köplenj-ä «serbaz», käte-de «ýasawul» diýip atlandyrýarlar. — Sarboz bola nimaga kepirmaýdu? (Esger oglan nämüçin gürlänok?) — diýip, ol birisi ýanyndakylara sowal berýär. — E-e, o bolaga kepirmak bulmaýdi! (Äý, ol oglana gürleşmek bolanok). — Ibi, unda nimä buladi? (Weý, onda, näme bolýar?). — «Ot» diýsangiz, otadi, läkin, kepirmak bulmaýdi, e-e! («At» diýseňiz,atýar, ýöne geplemek bolanok). Menem, göz üçin, ýaragymyň o ýer — bu ýerini elleşdirip, az-kem şakyrdadan bolýan. — E-e, mana, bu uz sarboz bolamizku! (Aý, bu — öz esger ýigidimiz-ä!). Bular, dogrudanam, meni öz esgeri, öz garawuly hasap edýärler. Men, hamana, ammary däl-de, şu obajygy goramak üçin goýlan ýaly görýärler. ... Plastinkanyň bir ýüzi tamam bolup, patefon «şyg-şyg» edýär-de dymýar. — Furko-ot, kelingiz-e, palowni koring! (Furkot, geliň, palawy görüň-dä!). — E-e, ýoş bola palowni biladimi?! Ýaşulularyň biri turup, gazanyň gapagyny galdyryp, palawyň ýagdaýyny barlaýar: — E-e, bupdiku! (Äý, bolupdyr-a!). Şol wagtam meniň yzymdan maşyn gelýär. Maňa birki sagat dynç bermek üçin. Ýaşululardan has abraýlyragy turup, meniň serkerdämiň ýanyna barýar-da, her — hesip edip, meni diläp alýar. Birki sagatlyk. Soň meni hormat bilen saçak başynda oturdýarlar. — Bu bolaning ismi nima? (Bu oglanyň ady nämedir?) — diýip, bir-birinden soraýarlar. — Kakabaý! — diýip, men ýatladýaryn. — Boý bolasi buladimi? (Baý balasy boldugymy?). — Turkmanning hammosi boýku! (Türkmeniň hemmesi baý-da!) — diýip, kepjesakgal ýaşuly gülümsiräp, söze goşulýar. — Ular itinga ham «Oloboý» diýadi. (Olar itine-de «Alabaý» diýýärler). — E-e, Şoniýoz äkä, kup kepirasiz-u... (Äý, Şanyýaz eke, köp gürleýäňiz-aý...). ýuzta siz-bizdan, bitte jiz-biz ýahşi. (Ýüz siz-bizden, bir jyz-pyz ýagşy). Palowni oling-e! (Paway alsaňyz-la!). — Oling, eke! — Ýük, siz oling! — E-e, ýük-e, oling, oling! Ortada palaw bugaryp dur. Meniňem içegelrim jugurdaşyp, içim eljuk diýýär. Emma, palawa «bismilla» edýän ýok. Diňe «Alyň-da, alyň!». Hemmelerem Toşmet eke bilen Işmet ekä seredişýärler. Ahyrsoň, Toşmet eke egnindäki gatba-gat donlarynyň syýlaryny birme-bir daşyna serpip ugraýar. Dört gat donuň içinden dört gat guşak görünýär. Soňra onuň hereketlerini Işmet eke-de gaýtalaýar. Onuňky bäş don, bäş guşak bolup ýykýar. Netijede, Işmet eke ilki palawa penjäni urýar: — Ho-o, oling, bismillo! Şu işdäsi bilen, Işmet ekäniň nämüçin ete-gana gelip, semremeýşine menem haýran, mähelle-de. Guşak yzyna guşak çözülip, öňki hepbik ýaly garny ulalyp gidip otyr. Emma, iküç sagatdan görseň, o garnyň ýene şo hepbikligidir. Toşmet eke bolsa, şo aralykda, kersendäki palawdan ep-eslini bölüp alýar-da, ony düýrläp, togalap, lokgalap, golboýy bir logala ýasaýar. Logalanam alýar-da, meniň agzyma tutdurýar: — Sarboz bolam, oling! Keçirasiz... Bu logala — hormatyň-hezzetiň iň aňrybaşy. Ony iýip, aňyrsyna çykyp bilsem, onda menem şu dünýäniň iň dok adamlarynyň biri bolýan... Wah, iýjek-le welin... Palawyň başynda, meniň geljegim hakda alada edip, maňa tizden-tiz, gullukdan gaýdyp bardygym, öýlenmäni maslahat berip ugraýarlar: — Boş ikkow bulmasa, Mol ikkow bulmas! (Baş iki bolman, mal iki bolmaz!). Ine-de, palawam gutarýar, gürrüňçiligem paýawlaýar. Kimsi turup, öýlerine gidýär, kimsi hälki plastinkadanam äpet kätmenini alyp, mellege tarap ugraýar. Şo kätmeni, dogrusy, men-a bularyňky ýaly iki egnimden aýlap urup işletmeg-ä däl, şundan ammara çenli göterip gidibem biljek däl. Galanam galýar, çaý içýär, irkilen — irkilip, pinek edýär. Şol aralykda, meni çalşan esgeriň yzyndan güzürdäp, maşyn gelýär. Men ýene postumy eýeleýärin. Furkat gelip, plastinkany beýleligine öwrüp, patefona täzeden tow berýär. Ikinji aýlaw — şol tükeniksiz, süýgeşik hem üýtgeşik aýdymyň dowamy ýaňlanyp ugraýar: — Mundan borsa-a-ang Harezminga, Hololarma (daýzalaryma) salom oýting... Daýza bolsa, diýmek, yzyndan, daýylaram, ýegenlerem bolmaly. Garaz, agşama çenli, ýok, gulluk gutarýança, gulaklary pos baglatmasa boljak. ...Ondan bäri nijeme ýyllar geçdi. Diňe esgerler däl, asyrlaram ornuny çalyşdy. Ýöne entek-enteklerem, gör, nirelerden azaşyp, şol owaz käte-käte gulagyma gelýär: Mundan borsa-a-ang Harezminga, Ükämlarga salom oýtin... «Hökman aýdaryn! — diýip, menem öz ýanymdan pyşyrdaýaryn. — Nirä barsam, aýdaryn. Beýle mähriban adamlaryň salamynam, heý, ýerde goýup bolarmy?!». Ýok, ol owaz nirelerdenem däl-de, meniň kalbymyň töründenmi ýa-da alysda galan ýaşlygymdanmy — gelýän Salam bolmaly. Ony nädip unutjak, oňa neneň seslenmejek?! Kömek Kulyýew. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |