23:16 Neneň görýäňiz?! / satiriki hekaýa | |
NENEÑ GÖRÝÄÑIZ?!
Satiriki hekaýalar
Arada bir komsomol toýuna bardym. Aý, ady komsomol toýy-da. Öýlenýän ýigidiň buýurmagy bilen «Jan enem» diýen aýdymy aýtdylar. Görsene, ony! Durmuşa çykýan gyz: «Maňa bagşy «Islesem indi seni kaýda taparmen, gardaşym» diýen aýdymy aýtsyn» diýdi. Bu boljak zat däl, haw. Toý diýeniň toý ýaly bolmaly ahyry. Durşuna gözýaş, bütinleý tukatlyk, gam-gussa bizi gaplap aldy. Gurşap almaz ýalam däl, haw. Öýlenýän ýigidiň kakasy: «Aglama, Aýsoltan, agaň bolaýyny» diňläýsem» diýdi. Ýeri, sen indi şu ýaşdan soň Görogly bolup, näme ederin öýdýäň diýsene. Eger bolasyň gelip, ölüp barýan bolsaň, toýsuz günler gytmy ahyry, adaty günler gapyşdymy diýsene. Onuň üstesine-de oglanyň enesi: ― Meniň üçin «Ýalňyz balam, Döwletgeldi» diýen aýdymy aýtsynlar ― diýdi. Ine, saňa gerek bolsa! Gyzyň ejesiniň haýsy aýdymyň muşdagydygyny bir bilsediňiz, ol: «Bagrym boldy para-para, zalym aýralyk-aýralyk» diýen aýdymy ýaňlandyrsaňyz hoşallygymyň çeni-çaky bolmazdy» diýdi. ― Baý-ba, päheý-de weli! Mundanam bir heň buýurdyk bolar oguşýa?! Soňra «Taparmanmy, balam seni... «Elden gider», «Aýralyk mukamy», bu aýdym däl... mukam, «Arkaç galdy, Aýnam, haw» ýaly aýdymlar aýdyldy. «Balama degme» hem ýaňlandy. ― Bu-ýa birhili bolýa. Beýemçi özüm bolsam, toýy başgaça gurardym ― diýip, men hyrçymy dişledim. Beýle diýenimi indiki dynç güni toý tutjak biri eşiden ekeni. Meni özüniň toýuna beýemçi belleýändigini aýtdy. Menem oňa taýýarlyk gördüm. Toýy öz mazmunyna görä aýdym-saz, gülki bilen bezemek isledim. Aýdym buýurjak adamlar bilen öňünden gürrüň geçirdim. Toý başlandy. Muňa komsomol toýy diýilse-de barybir onuň galyňy bardy. Mikrofony durmuşa çykýan gyzyň kakasynyň alkymyna golaý eltdim. ― Mergen aga, haýsy aýdymy ýaňlandyraly? ― diýip, ondan soradym. ― Men «Goýun bilen pul diýgeniň rastmydyr» diýen aýdymy diňläýsem ― diýip, Mergen aga öz arzuwyny beýan etdi. Derrewem ýerine ýetirdik. Hemme el çarpdy. ― Mergen aga, gorkma, gudaň lebzine bitindir! ― diýip, agzy kotletli biri çarşagyny çommaltdy. Soňra men sözi öýlenýän ýigide berdim. ― Gulhan, haýsy aýdymy isleýäň?! ― «Saňa köňül bersem, onda ýar aglar» diýen aýdymy aýtsalar gowy bolardy ― diýip, ol uludan demini aldy. Gülki, şowhun, ura, el çarpyşma boldy. Çünki ýigidiň başga-da bir nikasyz, gezýän aýaly bardy. Toý gyzyşdy. Her kim içip, serhoş bolup: «Ajy-da-ajy!» boluşdylar. ― Gulhan bilen Güller öpüşsin! Ýogsam «Ekstra» gaty ajy. Biz içip bilemzok! ― diýşip, oturanlar ýerli-ýerden gowur etdiler. Olar öpüşdiler. «Tüýs ýeri geldi» diýip, men öňki taýýar senarim boýunça hereket edip, gyzyň ejesiniň agzyna mikrofony tutdum. ― Enebaý daýza, haýsy aýdymy isleýäňiz? ― diýdim. Olam: ― Maňa, hem ýanymda oturan ak sakgalyma niýetläp «Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň» diýen goşgyny okap berseňiz, hoşal bolardyk, bizem ýaşlygy ýatlajak, wagtynda söýşüp bilmedik ― diýdi. Şowhun ýer godukdyrýardy. Hemmeler ör turdy. ― Hormatly ýoldaşlar, häzir şu ýerde bir ýigit otyr ― diýip, men keýpi kök halda, mikrofony çeýnäp, söze başladym. ― Bu ýigide Meret diýilýär. Meret durmuşa çykýan gyzyň jan ýaly kursdaşy bolmaly. Ol özüniň on bäş-ýigrimi ýyllap tirkeşen ýoldaşy Gülleriň bagtly bolmagyna diýseň şat! Men şeýle diýip, Merediň alkymyna dykylyp bardym-da: ― Meret, göwün arzuwyň näme?! ― diýdim. Meret hem konýakdan ýüz ellini bulgura guýulmadyk ýaly edip, çarşagy pomidorly ýerinden turýar. ― Maňa «Janym al, ýarym alma» diýen aýdymy aýtdyryp beriň! ― diýip, Meret pomidory ýom-ýok edýär-de ýerinde oturýar. ― Indi aýdym-saz buýurmak gezegini durmuşa çykýan Güllere berýäris! ― diýip, men joşgun bilen gürleýän. Olam mikrofony göwher gaşly tylla ýüzükli ak sülük ýaly barmaklary bilen tutup, şeýle diýýär: ― Meniň «Galmanam senden, galmanam» diýen aýdymy eşidesim gelýär! Toý mazmunly bolsun diýip, gyzyň ýetişip oturan baldyzyna «Ýara garaşýan» diýen aýdymy buýurdyrdym. Başga biriniň islegi boýunça «Keçelikyrk» diýen sazy çaldyrdym. Sebäbi ol toýa gatanç üçin ullakan pendi keçesini getiripdir. Ine, şol günden bäri meniň üstüm uly hümer. Toý etjekler meniň ýoluma müňläp pul düşäp, meni apalap gidýärler. Menem wejeralygyň täze-täze pirimlerini oýlap tapýan. Il bolsa pakyrdaşyp, asyl gyzyl-gyran. Ýeri, gülseler bolýa-da, şeýle dälmi?! Belki, beýle däldir?! Neneň görýäňiz?! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |