07:09 O dünýede ölüm ýok / hekaýa | |
O DÜNÝEDE ÖLÜM ÝOK
Hekaýalar
Samolýota bir zad-a bolýar. Göni däl-de, birhili gapdallygyna uçýarmy-nämemi. Käte-de, gaýdýar aşak, ýüregiň bokurdagyň agzyna gelip dykylýar. Ýumrusy-ýassysy, ähli zady eliň aýasynda ýaly görnüp duran, görmekli, reňkli, uzynak ors gyzy birkigezek ortadan ikiýana gatnap, oturanlary köşeşdirjek boldy. «Howa erbet» diýdi, «Basyş güýçli» diýdi, «Bulut» diýdi, «Ümür» diýdi. Oňa hemmeler ynandy welin, hol öňdäki gelniň gujagynda ýatan bäbejik ynanmady. Çyr-çyr edip bir aglaýar welin, çydar ýaly däl. «Eý, Alla jan, biz-ä bizdiris welin, ýöne şujagaz neresse çaga bir rehmiň insin!» diýip, yzda gazet okap oturan pyýada içinden ýalbarmak ýalbarýar. Onuň gäzeti başaşak tutup oturanyny bolsa, gapdalyndakylar-a däl ― özem aňanok. Samolýot bütin göwresi bilen titräp, sandyrap, galpyldap ugrady. Hälki reňkli gyz gaýdyp görünmedi. Ýöne samolýotyň içini aýdym gaplap aldy: «Aerodrom, aerodrom, ah, aerodrom...». «Häý, Akmyrat, Akmyrat...» diýip, hälki gazet okaýan pyýada birden gaty ses bilen pyşyrdady. Oňa hä diýen bolmady. ...Şol gezegem ikisiniň müneni şuň ýaly köneje, sandyrawuk bir samolýotdy. Janawar, uçmazdan öň, arlap, gürläp, titräp, bolmajysy boldy. ― Baý, munuň sandyraýşyny! ― diýip, Garamyrat dillendi. ― Ýogsa näme, uçmak aňsat zatdyr öýdýäňmi?! ― diýip, Akmyrat jogap gaýtardy. Birden samolýot öçdi. ― Nätd-aý? ― Nädýär-aý? ― Tur, gideli-le! ― diýip, Akmyrat ýerinden zöwwe galdy. ― Dur-how, nirä? ― Öýe gidýäs. Bir golýazmam galypdyr, ony alýas. Hem içýäs... Bular häli aeroporta gelýärkäler, ýolda Akmyradyň teklibi bilen bir oňa-bir muňa sowlup, tas samolýotdan gijä galypdyrlar. Ýaňyja-da ýaraşdym edip goýupdylar. ― Äý, seniň gara gaýgyň gara bokurdagyňdyr. Saňa oba-da gerek däl, obadaşam! ― diýip, Garamyrat gaharlandy. ― Äý, sürsen-aý... ― Özüň sür-how! Bar, gidiber. Dur! ― Näme? ― Meň ýigrimi bäş manadymy berip git! Garamyrat başga nädende onuň içini ýakjagyny bilmedi. Akmyrat dem salym ýaýdanypmy, doňupmy ― durdy-da, haşlap dem aldy. ― Bolýa, oba baraly, elli manadyňy menden al. Senem şu arabada sag-aman barsaň, oba menden köp salam aýt. Düňk, düňk, düňk. Akmyradyň «Dewiçka, atkroý, serse balit!»diýýän sesi. Soň ýene düňk, düňk. ― Me, al-aý... ― diýip, Akmyrat bir ýigrimi bäşligi Garamyradyň öňüne zyňdy-da, ýene gitdi. Garamyradyň gazapdan ýaňa demi tutuldy. Ol samolýotyň tegelek aýnajygyndan, Akmyradyň ýegdekläp barşyny synlap, ters öwrüldi: ― Äý, bar, gümüňdenem aňyrrak sürsen-aý! Garamyrad-a o gezek sag-aman bardy. Ertesem yzyndan telegramma geldi: «Akmyrat awariýa düşdi» diýip. Bigaýratyň biri bu şum habary Akmyradyň öýlerine aýdyp bilmän, Garamyrada iberipdir. «Aýtsa-da, Garamyradyň özi aýtsyn» diýendir-dä. Garamyrat telegrammany Akmyradyň ýeke-täk hossaryna ― onuň ejesine gowşuryp, ýene yzyna ― paýtagta uçdy. Gelse, Akmyrady eýýäm oba ugradypdyrlar. Garamyrat uzakly gün aeroportda, aýak üstünde durup, agşamara oba uçdy. Gelse, Akmyrady eýýäm gara ýere tabşyrypdyrlar. ― Wah, Garamyrat jan, bile gaýtsaň bolmadymy, alyp gaýtsaň bolmadymy? Bileje okadyňyz-a... Anha, sen iki gezek baryp geldiň, saňa hiç zat bolmandyr-a. Hiç zadam bolmandyr-a saňa... ― diýip, Akmyradyň ejesi ýene eňräp ugrady. Şol gije Garamyrat ikiýana urnup, Akmyrat bilen gürleşip çykdy. Şo näletsiňen ýigrimi bäş manady şunça yzyna berjek bolup özelendi. Akmyrat almady. Garamyrat ertesi özüniň turanyna, çaý-çörek edinenine, adamlar bilen gürleşip-gülşüp, gymyldap ýörenine geňler galdy. Gözem gapyda boldy. Gapam açyldy. Bir oglan girdi-de: ― Akmyradyň üçüni berýärler. Baryň! ― diýip gitdi. Garamyrat giden mähelläniň içinde ýalňyz özi oturdy. Dostuň üçünde-de dostuň özi bilen oturaýsaň... Ýogsam, çydadanok. ...Bularyň dost bolup ýörşüne köpler geň galardy. Ýolda ýöräp baryşlaryny görseň, gülkiň tutardy. Türkmen är-aýaly ýaly, bir-ä hol öňde dazanaklap barýar, beýlekem has-has edip, garagörnümdedir. Onsoň öňdäki durup, garaşmalydyr. Ol ikisiniň adyny eşiden ýylgyrardy: biriniňki Akmyrat, beýlekisi Garamyrat. Gaty oýun edesiň gelende-de, edil beýdäýip bolmaz. Ol ikisi ömürylla bir-birine «Eý, dost!» diýip gören adam däl. Gaýtam, ikisi gürleşen wagty, gapdaldan diňlän adam: «Bularyň-a bir-birinden bir köýen ary bar-ow» diýer. Şol wagt it bilen pişige-de bulary görkezseň, Allaha şükür edip gider. Hawa, bularyň dost bolup ýörşüne köpler geň galardy. Emma, olar dost bolaýmalydy. Biri uçuda tarap dazanaklap gidiberse, beýleki onuň synyndan aslyşyp, saklardy. Biri: «Äý, indi ýöräp biljek däl, ýatjak» diýip aşak oturyberse, beýlekisi: «Tur-aýt, doňýaň!» diýip, ony süýrekläp ugrardy. Şeýdip, olar durmuş atly elhenç uçudyň gyrasyndan bileje ýöräp barýardylar. Ýöräpdiler. Ondan bäri näçe ýyllar geçdi. Hany indi Akmyrat? Akmyrat ýok. Hany Garamyrat? Anha, otyr galdyrap. ...Samolýot birden eýmenç bir kişňedi-de, güpürdäp gaýtdy. Garamyradyň gözünden çykan ot samolýotyň içine çabrap gitdi. Gürpüldi bilen deň gopan aýylganç gykylykdan soň, ähli älem-aýt içre ümsümlik boldy. Garamyrat çagaka kän gezek ölüp görüpdi. Göwnüne erbet deglende, öýüň bir buky ýerine baryp ýatardy-da, «ölerdi». Anha, meselem, ol-a ellerini döşünde gowşuryp, dem-düýtsüz ýatyr. Ejesi, kakasy, doganlary, klasdaşlary, umuman, onuň göwnüne degenleriň ählisi daşynda egrilişip, aglaşyp durmuşyn. «Bagyşla!» diýerler. «Bilmändiris» diýerler. Ýok, bagyşlap bolmaz. «Gara jan, gözüňi aç, oglum!» diýip, ejesi ýalbarýarmyşyn, aglaýarmyşyn. Garamyradyň özüniňem ýaňaklaryndan ýaş syrygyp dur... Şeýde-şeýde, ol uka giderdi. Ýöne, ynha, ýene daň atar. Ölüm-de ýok, zat-da ýok. Aý, o döwürler hezillik eken. Gaty gaharyň gelende ölmeli, ertir turubam ýaşabermeli, oýnabermeli. Emma, indi, bu näme? Aý, ýok, mundan öldük bolmaz. Ne daşyňda ejeň bar, ne ýanyňda doganyň. Beýdip, hiç kim görmejek bolsa, gynanmajak bolsa, onda ölmäň näme gyzygy bar?! ...Garamyrat gözüni açsa, tüm-garaňkyda ýöräp barýar. Ilki kellesine gelen zat şu: «Hudaýa şükür, ölmändirin, ölmändirin, ölmändirin!». Gujagynda-da bir zat bar. «Beh, şo başagaýlykda sumkamy nädip tapdymkam-aý?». Töwerek kem-kem ýagtylyp ugrady. Garamyrat seretse, ýöräp barýan ýer-ä çöl-beýewanyň içi, gujagynda-da hälki bäbejik. Aglanok. Ýüzjagazy röwşen. Garamyradyň bolsa ýüregini bir zat ezip dur. «Hä! Hä, içigar... Ýene oba barsam, ýene «Samolýotdan ýykylybam ölmänsiň. Akmyrat neresse bolsa öldi gitdi» diýerler. Häý, meňki boljak däl...». Garamyradyň näçe menzil, näçe ýyl ýöräni belli däl. Şol barmaşa-da, hol garagörnümde seleňläp bir gara baglyk göründi. Garamyrat ýöräberdi. Bir seretse, gujagyndaky bäbejigem şol tarapa seredip barýar. «Şu zamanyň bäbegi-dä, nirede hezilligiň bardygyny aňýar-da zaňňar!» diýip, Garamyrat öz ýanyndan ýylgyrdy. Weý... Gara baglygyň daşyndaky owadan derwezäniň öňünde iki elini gursagynda gowşuryp, ak guw ýaly bolup, Akmyrat dur, anha! Äý, bi-ýä oňarandyr... Eý, toba, munuň şol öňküligi-le. On sekiz ýyl geçibem, şol öňküligi. Garamyrat welin garrady. Saç diýere saç galmady, diş diýere ― diş. Indem, ataly-ogul ýaly bolşup durlar. Ýogsa, Akmyrat üç-dört ýaş uludam-la. Äý, ýöne, garaýagyz-da. Garanyňam garrany aňsat bildirenok. ― Akmyrat, nätdiň-ow, masgara etdiň-ä. Men uly ile jar edip çykdym. «Akmyrat öldi» diýip... Akmyrat hiç zat diýmän, gamly ýylgyryp dur. Öýke-kine şol pursat ýatdan çykdy. Ýada ýigrimi bäş manat düşdi. Garamyrat jübüsine el urjak boldy-da, iki eliniňem bentligi hakydasyna gelip, müýnli ýylgyrdy: ― Äý, bagyşla, dost! Dost jan, meni bagyşla... Şol gezekki günämi öt... ― Günäň bireýýäm ötüldi ― diýip, Akmyrat Garamyradyň gujagyndaky bäbejigi emaý bilen eline aldy. ― Çynyňmy, Akmyrat jan? ― Bärde ýalan gep bolmaz, dogan! ― Ýok, dur! Men saňa çynymy aýdaýynmy? «Şol gezek öýkeleşmedik bolsak...» diýe-diýe, men özümi iýip gutardym, Akmyrat! Eger ynanaý şuňa! Ejeňi dagy her gezek göremde, bir ölüp-direlýän. Äý, ýaman erbet boldy, Akmyrat... ― Aý, o zatlaryň barynyň ýazgydy bärde bar eken, dogan. Meniň galyp ýa galmanym bilen, seniň gidip ýa gitmäniň bilen üýtgejek zat ýok eken. «Äl, munuň görmegeýligini, öň syn etmändirin. Diliniň süýjüligini! «Dogan» diýýär-äý. Aý, şuň bellisi ýok, häzir «Sürsen-aý» diýse-de, diýip oturyberer». ― Onda näme, oba gidibereli... ― diýip, Garamyrat ýaýdanmaç dillendi. ― Indi, dogan, oba bärik geläýmese, ikimize oba barma ýokdur. ― Beý diýme-how! Sen ogurlyk edip gaýdaňog-a. Seni, gaýtam, gowy görýärler, henizem ýatlap ýörler-how! Gowy oglandy diýýäler. ― Şony diýenler sag bolsun! Bize gowy diýene Muhammet «Ymmatym!» diýsin... ― Ejeň... Akmyrat jan, ejeň gördüliň aglap-aglap gözleri görmez boldy. Beýtme, gideli! Akmyrat bir erbet tisgindi-de, ýere bakdy. Garamyrat onuň ýene-de öňküleri ýaly öýkeläbirinden gorkup, aldygyna gürledi: ― E-eý... Menem, eşider bolsam, samolýotdan ýykyldym. Neme, ýok, samolýot gaçdy-laý ýere. Oý, bilä... Akmyrat onuň sözüni şarpa kesdi: ― Sag-aman gelen bolsaň bolýa, dogan! ― Äý, bagyşla, öwrenilipdir-dä. Öwretdiler-dä... Ýöne, Akmyrat jan, seni gaty göresim-ä geldi. Eger çynym! ― Ony bilýän. Seniň şu taýyk geljegiňem bilýädim. ― Nädip? ― Garamyrat geňler galdy. ― Bu taýa gelinjegini sen nireden bilýäň? Radioň barmy? Akmyrat ýene gamly ýylgyrdy: ― Ony bilmeýän barmy, dogan... Ýör, gireli! Girdiler. E-eý, bu bagy... Anha, Akmyrad-a öňde ýegdekläp barýar, Garamyradam gara der bolup, yzynda. Diýmek, hemme zat öňki-öňkülik. Hemme zat ýerbe-ýer. Garamyrat Akmyradyň elinden ýapyşjak boldy, ýöne ele-de eli ilmedi, tene-de. Howa gysymlan ýaly. Garamyrat nirä gelenini, nirä girenini indi aňşyryp ugrady. Ony gorky basdy. ― Akmyrat, Akmyrat jan... ― diýip hopugyberdi. ― Ak geýimde gelerler... ― diýip, Akmyradam pyşyrdady. Pyşyrdylardan, iňirdilerden, hüňürdilerden Garamyradyň öňem azasy alnypdy. Gel-gel, indi boljak iş bolup, gelinjek ýere gelnenden soňam... ― Aňyrda-ha gara geýimlerden gorkymyza, näçe gün, nädip ýaşanymyzy bilmän geçdik, indi bärde-de munuň ak geýimlilerden gorkup gezmelimi? Onda bar-a, şunuň o dünýäsiniňem, bu dünýäsiniňem... ― diýip, Garamyrat gygyrjakdy. Bişen çyban ýaly, tarsyldap ýaryljakdy. Emma, Akmyrat onuň ýüzüne seretdi-de, ýylgyryp, badyny alaýdy: ― Gorkma, dogan! ― diýdi. ― Ak geýimde gelerler... Adam ata «Neberäm!» diýsin, Muhammet «Ymmatym!» diýsin! Gorkma! Munda hakyňa nähak diýjek ýokdur, günäň bolsa-da, özüňden özgä azary ýokdur. Seni ýamanlap, seniň arkaňdan abraý aljak ýokdur. Gorkma, dogan, Hudaý bardyr! ― Äý, Akmyrat jan, sen menden aýyp etme! Sen ýaş gaýtdyň. Men welin on sekiz ýyl senden artyk ýaşadym, şo on sekiz ýylda meniň gözümiň oduny, göwnümiň badyny on sekiz ýerimden aldylar... Şo zatlary ýatlasaň-a, sag-aman öleniňe-de şükür edýämeli. ― Olaram geler! ― diýip, Akmyrat pyşyrdady. ― Dostam geler, duşmanam; baýam geler, gedaýam; ýagşam geler, ýamanam... «Beýle boljak bolsa, şol adamlar ýene bärigem geljek bolsa, bu ýerde-de ýene öňki-öňkülik boljak bolsa, onda ölme nämä gerekdi? Munda ne görüň bardy, Garamyrat? Äý, bolsa-bolsun, gelse-gelsinler. Hemmesem öwrenişen ýagymyzdyr... Ýalan dünýä yzda galdy, munda-da näme, Akmyrat bar-a... Onsoňam, munda öten-geçeniň, düýp damaryň, ata-babaň bardyr. Ýene-de... öliniň-diriniň hossary ― Hudaý bardyr. Şo bilýändir...». Kömek Kulyýew. | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |