00:13 Obama | |
OBAMA
Goşgular
Garrynohur obam, damarda ganym, Oglanlyk mekanym, arzuw-armanym. Söýýän seni, Ahalyň giň çäginde Barlygyň üçin! Söýýän, daglaryňy, dere, zawyňy. Çynaryň, deregiň, çeşme, çaýyňy. Söýýän ýene, daglaň üstünde ýatan Garlaryň üçin! Ýazyň, güýzüň bilen tomus, gyşyňy, Ümür, ýagyşyňy, degre-daşyňy. Söýýän baglaryňda üzümdir, injir, Narlaryň üçin! Geldik dostlar bile goýnuňa ýene, Gujak açýaň, hormat edýäň gelene. Söýýän, myhman söýşüň, hödür-kereme Zorlygyň üçin! Guwandyrýar ulis-ilde hormatyň, Egsilmesin bereketiň, nygmatyň. Söýýän asly gerçeklere, ärlere Ýarlygyň üçin! 2019 ý. | |
|
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |