14:47 Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy | |
* * * ...Bu gezek has eýmenç gabahatlygyň boljagyny hemmeden ozal çöl beýewanda dokunyşyp gezip ýören zakyjy gargalar aňdylar. Olar Guşgy tarapdaky baýyr depeleriniň biriniň arkasyndan atylyşyp duýdansyz peýda bolşup, nämedir elhenç bir zatdan elheder alandyklaryny mälim edişip, “gakda-gak” bolşup, howlukmaç asmana göterilmek bilen boldular. Gargalaryň bolşuna ünsi düşen adamlar olaryň ýönelige beýle basga düşüp gagyldaşmaýandyklaryny bilseler-de, ýöne birbada olaryň bu bolşuna düşünip bilmediler. Üstüne ýürek edilen düýäniň üstünde çülpe agtyklaryna göz-bulak bolup oturan kempir, gargalaryň bu basga düşüp boluberşini halaman, derdini bölüşýän hörpde, düýäň owsaryny golunyň egremçesine salyp çekip, öňden barýan daýanykly aýala ýüzlendi. –Gargalaryň gagyldysy artdy welin, bir harasat gopmasa-da ýagşydyr. –Guýrugyndan tutulana döndüler özün-ä... düýbüniň çöpi bolmasa, ne ýagşy – diýip, aýal hem şol barşyna, garaglaryň bolşuna özüniňem hem üns berendigini mälim etdi. Elini gözünüň üstüne kölegelendirip, soňam gargalaryň asmanda dyr-pytrak bolşup pelesaň kakyşyp, uçuşyp baryşlaryny synlady. Süňňi syzan eýmençliginden eýmenip, doga-dilege berildi. Ululardanam beter çagalaryny alada edýänligini mälim edip kömek sorap, ýalbaryp hudaýa sygyndy. –Çagalary bir garaweri, Perwerdigär!!! Şeýdibem göçi kowup gelýän gyzyl komandirleriň, göçüň eýgertmän, serhetden geçip barýanlygyny aýdyp, gyssagly ataran howsalaly habarlarynyň Aşgabat-Maryny täzeden gozganlygy belli boldy. Gargalaryň yzy süre asmanda ganat ýaýyşyp uçuşyp gelýän dört sany aýeroplan göründi. Ömründe aýeroplan diýen zadyň garasyny görmedik, görse-de beýle ýakyndan görmedik halk: “Bolşewik guş munup, uçup ugrapdyr welin, eýgilik bolsun-da... Bäh, şol aýeroplan diýýänleri-ow şular. ... Nädip olar beýdip, guş bolup uçup bilýärkäler!?” diýşip, şol pursatda olaryň öz kastlaryna çykan duşman emelidigini hem duýman, ony unudyşyp, geň galyşyp asmany synladylar. Aýeroplanlar göçüň günorta tarapyndan aýlanyp, Owgan serhedine ýetip-ýetmänem, şol ýerdenem ýene-de ileri başdan keserişip, Bathyzyň Owgan tarapyny eýemsirenişip oturan baýyr depeleriniň etegini syryp, biraz demirgazyk tarapa uçansoňlar, öz gürrüldi-tarryldylaryny kowalaýan ýaly bolşup, öwrülip, göni göçüň üstüne gaýtdylar. Telim bir ýerde gyzyl goşun güýçleriniň hüjümleriniň göç goragy tarapyndan yzyna serpikdirilmegi, göçüň hele-hüle güýje ýan bermejegini belli edipdi. Göç üçin bolsa bu entek duşman belasyndan doly dynyldygy bolmasa-da, wajyplygy hut şondan kem bolmadyk kiçirägem bolsa bir üstünlikdi. Şeýdibem, bu çaknyşyklaryň hiç neneňsi bolmadyk netijesi, atylyp-çapylyp, azap baryny görüp gelýän milletde duşman nähili güýçli bolsa-da, özüni gorap biljegine özboluşlydan ýakymy duýgy döredipdi. Ýöne gyzyl goşun bu utulyşyklar bilen oňşup biljekmi!? Onda-da şeýle kämil ýaraglar, köp çarşenbäni başdan geçiren, müňlerçe durmuş oýunlaryny oýnap ýören tejribeli komandirleriňem ençemesi bar mahalynda! Şonuň üçinem gyzyl goşun öz şowsuzlyklarynyň, emelsizlikleriniň wagtynda üstüni ýapmaklyk üçin, göç güýjüniň çen edilendäkiden has agdykdygyny aýdyp, ýele-yga ýollap bilen howsalaly habarlaryny ýollady. Kömek bolmasa, göç güýjüniň öňünde durmak özlerine kyn boljagyny mälim edip, öňde goýlan harby maksady ýerine ýetirmegiň mümkinçiligini güman astyna alypdylar. Şeýdibem, bu ýagdaý Sowetleriň ähli güýçleriniň göçe garşy goýulmagyna sebäp bolupdy. Nedersiň şundan soň, göç güýjüniň öňünde durup bilmeýänligine namys edip öjügen Sowetleriň ähli ýarag-güýjüni Bathyzyň üstüne süräýse. Bu döwre çenli Sowetler eýýäm öz duşmanlary bilen urşup, olary ýeňmek üçin daşary ýurtlardan iň täze ýarag tehnikalary satyn alyp, kuwwatyny artdyrmaga ýetişipdi. Gaýry döwletler bilen çaknyşyklarda gerek boljagy göz öňünde tutulyp, has beteri-de, ol özüniň belli-belli serhet ýakalaryny, ol ýerdäki goşun bölümleriniň üstüni ýetirip berkidipdi. Guşgudan uzak bolmadyk Morgalada ýörite gonalga ýasap, onda aýeroplanlary uçuryp-gonduryp ugrapdy. Ol ýerde oturan saryçöplerli halky bolsa bu ýerde ekin ekere suw az bahanasy bilen tirsekläp, derýa boýuna göçüripdiler. Şeýdibem, olar keseki ýerli halky aýaga çolaşdyrman, özleri üçin bu ýerde ýaşamaga uçarmanlar obajygyny döredipdiler. Şundan bäri-de ýurduň günorta etegi hasaplanýan Guşgy töwereginiň asmanynda Sowet aýeroplanlarynyň uçup ýörenini häli-şindi görse bolýardy. Häzirki gözýetimde peýda bolan aýeroplanlar hem hut şol Morgalaň meýdançasyndan göterilen aýeroplanlardy. Duşmanyň ganat ýaýyp, depä çykanlygy belli bolşy ýaly-da, ol diýseň garaşylmadyk bela boldy. Göç onuň maksadyna heniz oňly aň edip ýetişip-ýetişmänkä, ol gelşine ilki milleti gyr-ýapy edip, asmandan pulemýot okuna tutup ugrady. Aýeroplanlaryň bu hüjümi tizden göç arasynda görlüp-eşidilmedik başagaýlygy döretdi. Indi galyň bende ähli zatdan geçip, başyny gutarmak üçin buky ýer gözläp, ýaýnap, şeýle bir gidýändir welin, agydan ölüp barýanlaryň armanly seslerinden, ýaralanyp kömek sorap, nagra çekýänleriň, ok degip aýak kakyşyp ýatan adamlaryň, at-eşekleriň, düýeleriň sesinden Pendi çöli lerzan aldy. Zähresi ýarylyp, temegine ýel alan düýeler dagy bir bögürişip gidýändir welin, eňip öňünden çykan ähli zady depgiläp, bagyryp barşyna tizden ganat ýaýyşyp, durna-gaza öwrülişip, bu ýerden göterilip giderli görünýärdiler. Sereden ýeriň az wagtyň içinde bir-birlerine çaknyşyp, leýis bolup ýatan ölen adamlaryň jesetleri boldy. Emma aýeroplanlar şol Ýeroýulanyň depesinden ganat ýaýyp uçup ýörüşlerine wagty bilen karar tapmadylar. Olaryň hüjümi bu öwrede janly-jandary goýman, gyr-ýapyr etmegiň kül-külüne düşene meňzedi. Ýigitleriň ýerden iki-ýeke atan oklary-da olara kär etmedi. Aýeroplanlar ahyr depede aýlanyşyp, hezil edip gyryp, göwün solpudan çykdylar. Bir salymdanam olar garaşylmadyk ýagdaýda gelişleri ýaly, ýene-de Guşgy tarapyna çekilişip, eýesini ýykanyna hoş bolan eşek ýaly hyzzynlaşyp gitdiler. Olaryň oklarynyň, ýangyçlarynyň gutararly bolanlygy, şeýdibem wagtlaýynam bolsa-da, bitiň bir bada agyz uran ýeriniň üýtgänligi düşnükli boldy. Bu bolsa az wagtlyk bolanlygyna seretmezden, göçe özüni ele almaga mümkinçilik berdi. Indi nätmeli diýen soragdan çylşyrymly mesele göç serdarlarynyň öňünde täzeden keserdi. Howsala berlen millet aýeroplanlaryň gazabyndan gözüniň gören tarapyna gaçyp, Bathyz degresine pytrapdylar. Aýeroplanlaryň gideniniň yzysüre Agdarhan Potra göç hereketini mümkin boldugyndan sazlamak, ähli ýerdäki ýagdaýlary anyklap, soňky edilmeli hereketleri maslahatlaşmak üçin, ýörite çapar ataryp, göç ýolbaşçylaryny öz ýanyna çagyrdy. Agdarhan çakylyga gelenleri tükellän mahaly olaryň arasynda: “Men öläýsem, ýerimi tutaýsalar gerek” diýip, tama edýän adamlary Tagan zabun bilen Bäpbäniň barlygyny görüp, biraz-da bolsa ynjalyk tapdy. Maslahat indi nätmeli, bu beladan nädip il başyny gutarmaly diýen sowaly orta atansoň, Agdarhan at üstünde jylawy bir elinde saklap, atynyň badyny alyp durşuna, ýaralanan tarapyna sähelçe gyşaryp oturyşyna gepi ilki özi başlady: –Adamlar, Sowetleriň biziň ýakamyzy goýbermejegi, bir başa dikýänçä biziň bilen gidişjekligi onuň depeden ot sowrup eden bu etmişinden soň hasam belli boldy. Biziňkem ozalam ata-babalarymyzyň başyna şeýle gara gün düşende: “Geňeşimiz çaşdy seniň üstüňde” diýeni bolaýdy öýdýän. Ýöne soňuna çenli gaýrat etmelidir. Alla salypmy, çekmeli bolar. Başgaça bolmaga haky-da ýokdur. Namartlyk edip, ili taşlap gaçyp başy gutarandan, ony mertlerçe il-halk üçin goýan ýagşydyr. Aýgytly bir gepe garaşyp, yzynda yzynda-çuwan bolşup galan toplumynyň arasyna gaýdyp barmaga howlugyp duran Bäpbä şol barmana han gürrüňi uzaldýana meňzäp, onuň äjinnesiniň atlanyp ugranlygy belli boldy. Ol Agdarhanyň sözüni aýdyp gutararyna hem garaşman, darygýanyny mälim edip sakgal-murt basan ýüzüni sypalap alansoň, urdurylyp, gep arasyna girdi: –Han, ykbalyň gata düşeni belli zat. Ýöne indi nädip halky bu ýagdaýdan alyp çykmaly? – Ýüzugra-da: – Galan halky – diýibem, ol öz gepini düzediş berdi. Häliden Agdarhan Potranyň sözüniň soňuna garaşyp, aňyrsynyň gahar ummany joşgun alyp duran Atda pil hem at üstünde depelenip oturyşyna Bäpbäniň gepine ugurdaş gepledi: –Bäpbe serdar hak aýdýar, biz utuldyk. Onda-da gaty utuldyg-a ... Soň ol aýtjak agyr gepinden eýmenýän deý, biraz dymansoň, täzeden öňki hörpünden birneme ýuwaşrak hörpde dillendi: –Ýöne meni gorkýandyr-a öýtmäň. Şu gara başy ilim üçin goýmaga men taýýar... Çagalarymyzyň aýal-gyzlarymyzyň diri galanlaryny halas etmek üçin, kapyra boýun synyp, kelläni etege salyp, aman diläp barsak, nähili borkan!? Pygamberimiz aýtmanmy näme, “Ýagdaýy üýtgedip bilmejek bolsaňyz, ýagdaýa görä boluň” diýip. Hemmelerden öňürti Tagan zabun muňa bada-bat garşy çykdy. –Çaparlar, pälwan. Gylyç bilen kerçäp-kerçäp çaparlar. Men Dörtgülden bäri bular bilen gidişip ýöremsoň, örän beletdirin. Çaparlar! –Tagan zabun dil bilen aýdanyny az görüp, goluny gylyç salýan ýaly salgabam öz gepini yzyny nygtady. –Biziň keç ykbalymyzy paýlaşmaly bolan neresse çagalarymyza, naçar gyz-gelinlerimize, elbetde, meniňem nebsim agyrýar. Ýöne bu çykalga däl, gardaşlar! Il aladalarynyň arasynda Atda piliň boýun synyp, bagty synap görmek bilen bagly aýdanyny goldaýanlar başga-da ýok däldiler, ýöne Tagan zabunyň depeden gylyç eňteren ýaly edip aýdan gepinden soň, olaram munuň çykalga däldigine düşündiler. Maslahata gelenleriň her biri diýen ýaly geplese-de, dara-direlikde bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin nähili hereket etmelidigi barada döwletli maslahat tapylmady. Ahyrynda hemmeler ýene hanlarça il öňüne düşen Agdarhanyň ýol kesmegine, anyk kesgitli bir zat aýtmagyna garaşdylar. Içlerinden bolsa “Wah, Annaguly han bolan bolsady, ol häzir her zat edip, bir zat edip, bu beladan gutulmagyň ýoluny tapardy” diýşip, küýseg bilen merhumy ýat etdiler. Maslahat mahalynda ýene-de bir gezek göçi abraý bilen sag-aman nädip, Owgana aşyrmagyň ýoluny öňünden paýhas eleginden geçiren, özüçe degerli netijä gelen serdaryň ýoklugy diýseň ýiti duýuldy. Şonuň üçinem bu maslahat indi il ekabyrlarynda giçki alada hökmünde görnüp, lapykeçlik döretdi. «Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görermiş” diýleni bolup, duranlaryň köpüsi haýsydyr bir gurrumsagyň alyna düşüp, göçüň telim gün şol bir ýerde wagt ýitirip, azaşyp gezip, duşmana kowup ýetmäge mümkinçilik berilmegini hem häzir Agdarhan Potranyň nalajedeýinliginden görýärdiler. Töwekgelçilik edip, Annaguly han ölensoň, taýak gelýänçä ýumruk edip, öz öňe salan adamlarynyň häzirki wagtda näçe çytraşsa-da, ne taýak, ne ýumruk bolup bilmeýänini görüp, jan ýakýardylar. Ýöne göçi dogry ýola gönükdirmek welin diýseň hökmandy. Munuň şeýle bolmagy hemmeleriň islegidi. Häzir çölde duşman gazabyndan gaçyp-tezip, başyny gutarmak üçin urnup, hersi bir ýana dönüp gaçyp barýan milleti bir agza garatmak olary goranyş güýjüne öwürmek juda zerurdy. Agdarhan Potra maslahaty jemläp: “Heriň öz toparlaryňyzyň arasyna baryň-da, ýagdaýa görä hereket ediň, mümkin boldugyndan, tizräk serhede tarap hereket ediň! Merhumlarymyzy meýdanda guşa-gurda galdyrman, jynaza okap, ýere düýnejek boluň!” diýip sargady... Maslahata gelenler hoşlaşylanda: «Ýene duşuşarys“ diýşen-de bolsalar, indi gaýdyp duşjaklaryna olaryň hiç birisi-de ynanmaýardylar. Agdarhan Potra çaň-tozana gatylyşyp, özünden daşlaşyp barýan merdanalarynyň yzyndan kalbyndan göterilýän yzaly sese diňirgenip, ýene bir salym duransoň, aga meňzeş yzaly goşgy setirini nähili nokatlap ugranyny hem duýman galdy. Aç gurt deýin gana degdi dişlerim, Rüstemden zyýada eden işlerim, Il-halk üçin dogry duran goçlarym, Jan alyp, jan berdim seniň üstüňde. * * * Aýeroplanlaryň görkezjek oýny diňe bu-da däl eken. Bathyzyň gargalary uçup gelýän aýeroplanlardan tebil tapyşyp, “gakda-gak” bolşup, pytraşyp, ýene-de asmana göterildiler. Munuň yzysüre-de asmanda ganat ýaýyşyp, uçuşyp gelýän aýeroplanlar göründiler. Sowetleriň ýene-de göçi paýhynlap, keýpi solpudan çykjaklygy belli boldy. Göçüň ýerde Sowetler bilen darkaş gurmaga ýagdaýy bolan hem bolsa, onuň asmandan inen belanyň öňünde durmaga welin ýagdaýy ýokdy. Göçüň elinden gelen zat ýaýrap, belanyň öňünden sowulmak-bukulmak üçin gizlenere ýer gözläp, gaçyp-tezip iki ýana urunmak boldy. Bu gezek aýeroplanlar halky näme üçindir pikir edilişi ýaly, birbada gele-gelmäne pulemýot okuna tutubermäge howlukmadylar. Depede bir salym aýlanansoňlar, halkyň topbagrak barýan ýerlerini anyklap alyp, diňe şondan soň gütledip-gütledip, şol ýerlere depeden bomba taşlamaga başladylar. Asmandan inýän bombalar her gezek ýere düşende onuň zarbyna ýer sarsgyn alyp goduklady. Hamala asmanda aýlanyşyp ýören garaly-akly bulutlar şol ýerden äpet dag daşlaryna öwrülip, göçüň üstünden eňterilip ugrana, darka asman ýarylyp, ýer çöwrülene döndi. Boldy bir ýene-de yzan-da-çuwanlyk, çekilýän nagralardan, ahy-perýatlardan ýaňa Pendi çölünde durar ýaly bolmady. Halka häzirki pursatda hiç hili delalat edip bilmeýän il ekabyrlary namys edişip öläýjek boldular. Aýeroplanlar soňabaka halky bombalamaga şeýle bir gyzykdylar welin, her gezek bombalaryny aýlanyp taşlansoňlar, ýene bir ýerlere gidip, ol ýerden ýüklerini tutuşyp, warda-war bolşup gaýdyp gelýärdiler. Hudaýa gaçyp, başa gelenini çekmekden başga alaç galmandy. Basmaçylaryň garşysyna alnyp barylýan göreşde olary gyryp, bombalap tapawutlanmagy, hökümetden orden, gymmat baha ýaraglary sowgat almagy, niýet edinýän göçgünli uçarmanlar bolsa tapawutlanmaga çalşyp, häzir göçe ellerinden gelen ýamanlygy edýärdiler. Ýokardan aşakdaky milletiň zir-zowran bolşuny görüp, kanagatlanma tapyşyp, buýsançly duýgulary başdan geçirýärdiler. Göçüň ýagdaýy şeýdibem garaşylmadyk öwrüm alyp, görlüp-ýeşidilmedik kyn ýagdaýa eýe boldy. Millet bolsa indi ymgyr çölüň içinde harasada göterilen deňiz tolkunlary ýaly, şeýle bir çaýkanmak çaýkanyp, seda tapýardy welin, parahat çöl şundan soň hiç wagt öňki kaddy-kamatyna dolanyp gelmejege meňzeýärdi. Yzdan, gapdallardan bolsa howa güýçleri bilen arkalary alnan Gyzyl goşun bölümleri aýagynyň ýeten ýerinden göçe hüjümli agyz urşup alarladyşyp gelýärdiler. Millet bombalardan goranyp, başagaý bolansoň, indi olaryň garşysyna durup, seňriklerine kakýanam ýokdy. * * * Dek häzire çenli göç ýol boýy näçe kynçylyga uçrasa-da, Owgana aşyp biljegine güman etmeýärdi. Emma aýeroplanlar asmandan gütüledip-gütüledip bomba taşlap ugransoň, bu isleg-niýetler gümana sanyp azalmak bilen bolupdylar. Sowetleriň başarsa, bir adamy-da serhetden geçirmejegi, onuň üçin hiç bir zalymlykdan gaýtmajagy düşnükli bolupdy. Olar häzir öz goparýan gabahatçylyklary bilen güýç-kuwwatyny aýratyn bir lezzet almak bilen görkezýärdiler. Asmandan ähli zat eliň aýasyndaky ýaly görünýän bolmaly, aýeroplanlar aýlanybam, şol adamlaryň toplumrak ýerlerini peýläp, öz bombalaryny eňterýärdiler. Sowetiň beýdip gyryp otursa, göçüň soňuna tiz ýetjegi eýýämden belli bolubam ugrapdy. Dolup-daşyp dünýä sygmaz bolup, Bathyz degresini dolduryp gelýän millet bolsa, indi her ädimde ýüzlerçe pidalar berip, barha azalmak bilendi. Bu ýagdaýa ýene-de ilki bolup, halky goraglap-goldap alyp barýan gylyç gemren il ekabyrlary düşündiler. Bu çykgynsyzlyk bolsa boýun synylyp, aman dilenip barylsa, Sowetler ululary gaýgyrmasa-da, belki, çagalara, aýal-gyzlara rehimi iner diýen tama bilen birnäçe adamlarda yza dolanyp, aman diläp barmak pikirini döredipdi. Ýagdaýyň çykgynsyzlygyny görüp, şu pikire ilki gelenleriň biri-de okdur bombalaryň arasy bilen halkyň bir bölegini alyp barýan Weli han boldy. Ol bir gezek aýeroplanlar bomba taşlap ýörkä, çaň-tozana bulaşyp, bir ýerden çykanda, töwerekdäki gabat gelen depeleriň biriniň üstüne ylgap çykdy, soňam başyndaky silkme telpegini bulaýlap, gyryljak sesi bilen halka ýüzlendi: –Dön, millet, dön! Ýogsam barymyz gyrlyp gutarýarys! Ýöne ol gepläp gutaryp-gutarmanka asmandan inen bomba golaýa düşüp, ony düşen ýeriniň gumy-sumy bilen güwledip asmana göterdi. Weli han ýere düşende asmana göterilen kesekler bilen telim bir bölege bölünip düşdi. Bombanyň döw bolup, ony iki üzüp, bir ýalmandygy belli boldy. Emma esasy zat millet ony eşidipdi. Aýdyp ýetişmese-de, onuň şeýdilende belli bir derejede adamlary halas edip boljagyny pikir edenligi düşnükli bolupdy. Topar şundan soň gürzele sakgal, peşeneli Durduly agany öňe saldy. Göçüň bir bölegi elheder alyp, yzyna dolandy. Başga barara ýer, batara köl ýokdy. Emma Allanyň özlerine bir ýerde bolmasa, ýene bir ýerde kömek etjegine, Sowetiň kalbyna rehimdarlyk guýjagyny tama edýändikleri üçin, yzda ýaragyny besläp gelýän gyzyl esgerleriniň barlygyny bilseler-de, alaçsyz yzlaryna dolandylar. Yzdan gelýän gyzyl goşun bölümleri bolsa indi gyrgynçylyk etmek nobatyny aýeroplanlara berip, özleri gaçyp-sypan, galan-gaçan göç adamlaryny kaklap gelýärdiler. Batyrgaý hüjümlere girişmäge howlukmaýardylar. Aýeroplanly uruş usulynyň göwnejaý netije berýänligini gyzyl esgerler indi her ädimde görýärdiler. Wepat bolan adamlaryň, mal-gara jesetleriniň müňlerçesi ýapylaryň ýüzlerinde, oý-çukurlarda gyzyl sergi bolşup, üstlerine çaň-tozan syradyşyp, göz-gülban bolşup ýatyrdylar. Gyzyl goşun bölümleriniň göçüň özlerine eýgertmän, serhetden geçip barýanyny howsala bilen habar berip, merkezden kömek soralmagy Sowetleriň göçe has öjügmegine sebäp bolupdy. Şeýdibem, garaşylan kömek ganat baglap, asmandan agyr bürgüt bolup, uçuşyp gelipdiler. Aýeroplanlar her gezek şeýdip gelip, göçüň depesinden bomba taşlap, ýagdyryp bilen oklaryny ýagdyryp gutaryp, täzeden ýüklenmäge gidensoňlar, dünýä biraz mahallygam bolsa imi-salalyk aralaşan ýaly bolup, özüňi dürsemäge, ölüleri tükelläp, ýaraňy daňmaga, janyny gutarmak üçin “Indi nätmeli?”diýip, oýlanmaga mümkinçilik bolýardy. Topar gyzyl goşun bilen gepleşik geçirmegi özüne ynanansoň, Durduly aga şu böwşenlikden peýdalanarman boldy. Dessine atlanyp, yzdan gelýän goşun bölüminiň komandirine duşmagyň ugruna çykdy. Halk yzzan-da-çuwwan bolup, onuň yzyna düşdi. Kowgy bolup gelýän otrýad komandiri Petrak ileri tarapdan bir atlynyň telpegini ýokary göterip, haýsydyr bir habaryň barlygyny mälim edip gelýänini gören wagty bada ony “Göç arasynda öz adamymyz bardyr, ol kömege mätäç bolup, size çykanda hossar çykyň!” diýlip, özlerine ýokardan berlen tabşyrygy ýatlap, ony şol her oturan ýerinde ýere gazyk kakyp, özlerine göçüň giden ugrunyň salgyny berýän adamdyr öýtdi. Onuň çekinmän, arkaýyn telpek bulaýlap bolup gelşi-de hut şol sargalan adamyň edip biläýjek hereketine meňzeýärdi. Komandir dessine töwereginde ýapyny ýaplanyşyp, tüpeň yzynda ýatan esgerleriň iki sanysynyň adyny tutup, olary nätanşy garşylap, öz ýanyna getirmegiň ugruna çykardy. Olar birazdan Durduly aganyň atynyň jylywynyň hersi bir tarapyndan tutup, ony aty-saty bilen komandiriň öňüne alyp geldiler. Durduly aga hamala özüniň gan duşmanlarynyň öňünde duranlygyny unudan ýaly, eýeriň üstünde guýlan ýaly bolup, mahal-mahal kükregine düşüp duran boldumly sakgalyny sypalap: “Hak Alla” diýen sözi wagtal-wagtal gaýtalap, jylawy atyň boýnuna atyp, onuň öňünden durdy. Gojany içgin synlan komandir onuň ýüzünde düýrügibiräk duran ahmyrly haýbatyň barlygyny gördi. Ýöne ol hamala töwerekde gidip duran gandöküşikli uruşlardan habary ýok ýaly arkaýyndan hem parhsyz görünýärdi. Haçanda ol özüniň kim bilen gepleşmelidigini anyklan mahaly eýeriň üstünde biraz gobsunyp, öz agramyny ýeňseräk alan ýaly etdi-de, dikanlap komandire ýüzlendi. Şu pursatda töwerekde öz dilinde wejirdeşýän ýat ýüzleriň arasynda komandiriň ýüzi oňa biraz hoşamaý göründi. – Habarymy alsaňyz, size bir habarym bardy, kemendir! –diýip, ol sözüne başlady. – Ber näme habaryň bolsa! – diýip, komandir hem onuň hä diýmän, öz adamlaryna öwrüljegini çak edip, oňa diňlemäge taýyndygyny mälim etdi. Komandiriň yz ýanynda duran, kawkaz adamsyna-da çalym berip duran burunlakdan alagöz, gelşikli türkmen harby onuň sözüni terjime etdi. – Habarym, biz yzymyza gaýtmagy makul tapdyk. Bize yzymyza dolanmaga ygtyýar berseňiz! Gojanyň şu gepinden soň komandir onuň şol öz garaşýan adamlary däldigine göz ýetirdi. Onuň bir sydyrgyn parahat ýüzi şundan soň gamaşyp, üýtgeme bilen boldy. Ol eşiden gepine pisindai oturmazlyk bilen çytylyp gamaşdy, murtunyň aşagyndan dişini sähelçe agardyp görkezip, äsgermezlik bilen ýaňsyly ýylgyrdy. – Öň oglandyňyz-da, indi ulaldyňyzmy? – diýip minnetli gepledi. – Şeýle-de bolýa-da – Durduly aganyň jogaby biraz müýnli çykdy. – Siz yza gaýtmaga ýol bardyr öýdýäňiz-dä onda. – Dolansak nä biz ata-baba ýurdumyza dolanýas, kesekiniň üstüne barlanok. – Onda ýaraglyň ýaragyňy taşlap, ulag-ýenekiňizi bir alaň beýlede goýup, bendi bolup gelersiňiz! – Ile garaşyk edilermikän? – Bu meseläni çözýän ýeke men däl... – Hiç bolmanda çagalara, aýallardyr garrylara garaşyk edilmejek bolsa-ha, biz muňalyp gelmeris, ýogsam... – Siziň başga çykalgaňyz ýok. – Beýle bolsa onda biz başa gelenini görüberýäris.– Näme etjegimizi özümiz bileris, komandir aga. Özge çykalga tapmasak, goranyp ahyrky demimize çenli göreşib-ä bileris... Durduly aganyň garşydaşynyň güýjüni saýmaýanlygyny nygtap aýdan mert gürrüňi komandiri biraz oýlandyrdy. Ol: – Hany, geliň, bakaly, soňuny soň göreris. Aýallara-çagalara içimlik suw-da berler–diýdi. Bu gep hamala ediljek ýagşylygyň bir gyrasy görkezilen ýaly ile ýagşylyk edilmegine gojany tamalandyrdy. Komandir şondan başga oňa hiç zat diýmedi. Tumaklyja çytylyp, at başyny ýeňsä aldy. Durduly aga şondan soň komandiriň bahasyny artdyrjak bolýan ýaly ilkinji kinaýa bilen aýdan hoňňuja geplerini hem hasaba alman, onuň soňky biraz ylygyp aýdan gepinden çen tutup, duşmana ýesir düşüp boljalygyna belli bir derejede ynandy. Çagalara, aýallara suw berilse, bu näme, eýsem, garaşyk ediljegini aňlatmaýarmy näme!? Özleri bilen garpyşan erkek adamlar-a bularyň ezmaýyşlyk etmejegi onsuzam düşnükli. Adamlaram muny bilmän durmaýardylar, aýallardyr çagalaryň aman galmaklary üçin olar özlerine ediljek rehimsiz zabunlyklara razydylar. Durduly agany hem olar şol aýallardyr bala-çagalaryny halas etmek üçin, iň soňky müňkinçilik hökmünde ugradypdylar. Durduly aganyň komandir bilen gepleşik geçirip gidenine uzak wagt geçmänkä, özlerini ýesirlige tabşyrmaga bala-çagalardyr aýallar toplum-toplum bolşup, aňyrdan gelşip ugradylar. Otrýad gum depeleriniň arasyndaky äpet kyrk gulakly gazana çalym berip oturan oý ýeriň sag tarapyny özüne amatly atym ýer hökmünde saýlap ýerleşipdi. Esgerler komandiriň buýrugy bilen, aňyrdan aman diläp, zir-zöwran bolup gelýänleri şol äpet gazanyň çowly düýbi bolup görünýän peslikde, erkek adamlary bir, aýallardyr çagalary ýene bir topar edip bölüp ýerleşdirdiler. Çen edilişi ýaly olaryň hasaby elliniň, ýüzüň çäginde saklanmady. Tozgunler soňam biraz wagt bäşden-ondan gelip durdular. Arkada bombalaryň düşen ýerlerinden burugsap göterilen tüsse gatyşykly çaň-tozan asmana göterilip, indem ol şol ýerde bir-birleri bilen birigişip, düýrügişip, ýüzi çaňjaryp duran keserdilip goýlan giden ulgamly dag sypatyna öwrülipdi. Ol dag şeýle-de juda bir uzakda-da däl ýaly bolup görünýänligi üçin, bu ýesirler hut şol dagdaky öz gizlenen, atyşan jülgedir gowaklaryndan çykan ýaly bolup görünýärdiler. Esgerleriň bolsa aňyrdan bendi bolup gelenleri şol kyrk gulakly äpet gazana atdy durdular. Komandiriň diýşi ýaly, bendelere birnäçe meşik suw-da berildi. Bu ýagdaý töwerekden duran adamlarda Sowetler ýumşaşyp, ynsanýet çägine düşünme bilen dolanyp ugran deý umyt döretdi. Durduly aga erkek kişileriň kiçeňräk toplumy bilen bosgunyň öňi bolup durdy. Onuň ýene-de biraz suw soramak, ýaralylara hemaýat edilmegi bilen baglykda komandire aýdasy gelýän bir oýnam sözi-de bardy. Emma komandir onuň ýanyna gelmäge-de, ýanyna çagyrmaga-da howlukmady. Gaýtam elenilip özüne seredilýänini görse-de, görmedik bolup, ýüzüni kese-kese sowdy. Indi bilsa ol çöketligiň gerşinde bosguny at üstünde depesinden synlap, olaryň öňli-soňlurak gelim-gidiminiň gutararyna sabyr salyp küýlenip, peýlenip durdy. Halk bolsa Alla sygnyp, Ondan öz duşmanlarynyň kalbyna rehim-şepagat indirmegini dileýärdi. Olar öz duşmanlarynyň Allany bireýýäm terk eden adamlardygyndan, beýle adamlar bilen hökmürowan-da bolsa Allanyňam düşünişip bilmeýändiginden bolsa habarsyzdylar. Beýle adamlarda bolsa ynsan durkunyň barlygyna seretmezden, oňa geçirimlilik, sahawat ýaly ynsan häsiýetleri asla mahsus bolmaýar. Oňa derek bu adamlarda ýykyp-ýumurmak, ýakyp-ýandyrmak bilen bagly häsiýetler diýseň ýetik bolýar. Bary bir gyzyl komandirden mylakat tapan Durduly aga henizem ýagşy dilegde bolup, ol ili yzyna düşürip, ajalyň üstünden göni getirenliginden habarsyzdy. Ilkinji gepleşik mahaly terjimeçilik eden ýigidem indi bendilere tutulyp goýlan pulemýotyň ýeňsesinde özüne beriljek buýruga garaşyp garawulda ýatyrdy. Bendileriň daşyna geçmek komandir olaryň geljegi gelip, galjagy galyp ýygnaşmak ýagşy gutardy hasap edendensoň başlandy. Komandiriň buýrugy bilen esgerler depeden aşak inişip, erkek adamlaryň toplum bolup duran ýeriniň töwereginde ýaraglaryny besleşip, köpelişip ugradylar. Soňam şol ýerden erkek adamlary saýlap öňlerine salyp, olary sagdaky esgerleriň duran depesiniň demirgazyk tarapyndaky kerte tarap sürüp ugradylar. Rejäniň geň däldigini görüp, rehim-şepagat tamakin halkyň kalbyny şundan soň ýene-de howsala gaplap ugrady. Durduly aganyň gapdaly bilen ýaraly aýagyny süýräbräk barýan ýigit esgerleriň bu boluberişlerini halaman, sen bizi belanyň göni üstünden getireniň ýaly-la diýen äheňde oňa ýüzlendi: – Durduly kaka, kapyryň niýet-ä gowy däl. Kelemämizi çöwrübersekmikäk!? – Özler-ä garaşyk ederisem-ä diýipdirler –diýende ýaşulynyň sözi ynamsyz çykdy. – Şertim şahyma eden bolsalar gerek? – diýip, olaryň yzragyndan töweregine garaman gelýän ýene bir ýigit bu gepe gatyldy. Barybir gyzyl komandir bilen gepleşip, azda-kände ondan ýüz tapanyna öz ýanyndan ynanan Durduly aganyň halky yzyna düşürip, ajalyň üstünden getirenligine entegem ynanasy gelenokdy. Köpçülikden bölünip gapdala sürlen erkek adamlaryň toplumy kerte golaýlaşansoň, komandiriň niýeti ýas-ýaňyja-da düşnüksüz bolan-da bolsa, indi aýdyň boldy. Şundan soň çäresiz bendelere ýaý berip, ýarag gezäp duranlaram ar alyjylara öwrüldiler. Durduly aganyň hälki garaşan komandiri ýanyna hem terjimeçi türkmeni alyp, olaryň ýanyna geldi. Toparyň garşysynda bäş-alty ädimlikde gylyjynyň dessesini tekepbirlik bilen gysymlap durşuna “Sora!” diýip, terjimeçä buýurdy. “Siziň araňyzda barmy şol at ogrusy?” Adamlaryň köpüsi bir bada komandiriň näme diýýänine oňly düşünmese-de, Durduly aga düşündi. Ol adamlaryň eginlerini gysyşyp, bir-birleriniň ýüzüne soragly seredişýän mahallary guran dodagyny aýasy bilen sypap, sylyp alyp onuň soragynyň jogabyny ýene özi berdi. Durduly aga Hammanyň edermenliginden az-owlak habarlydy. Hatda olaty Hammanyň bezäp-besläp, münüp ýöreninem görüpdi. Ata gözi gidip: “At-at jan ekenem” diýip, oňa gözügidenleriň biri bolupdy. –Ol ýigit göçüň gyrasynda bolsa-da, biziň toparymyzyň adamsy däl. –Siziň araňyzda ýok-da onda ol? –Ýok. –Wah, bolan bolsa, men ony öz elim bilen kerçärdim–diýip, komandir diýseň lapykeç bolup, yzyna dolandy. Şol barşyna-da: –Gaýgyrman, beriň merkini!–diýip, esgerlere buýruk berdi. Bu buýrugyňyzy süre bolsa topary gallap duran esgerler ýeňsä çekilişip, pulemýoty çemä getirişip, halky ýerli-ýerden oka tutmaga başladylar. Sowetiň bu gazan görnüşli ýeri göç adamlaryny gyrmaga amatly hasap edenligi belli boldy. Sowetleriň hiç kime aman bermejegi belli bolansoň, kimdir biri şol arada halkyň içinden näme etjegini bilmän, urnup-gyrlyp duran millete ýol salgy berip gygyrdy. –Haý, türkmen, seniňki bolmady. Gyrlyp gutarmankaň, gaç Owgana tarap! Şundan soň adamlaryň gözleriniň gören tarapyna gaçyşyp, tora düşen balyk ýaly her ýana çyrpynmasy başlandy. Barybir duşman girisine düşen halk gaçmaga synanyşsa-da, bu olaryň köpüsine başartmady. Sähel salymda Sowetler äpet gazanyň içini okdan uçanlaryň maslygy bilen basyrdylar. Gaçanlaryňam yzyndan pulemýotlar hokranyşyp, oky ýeten ýerini paýhynlady durdy. Duşmanyň halky şaýat goýman gyrmagy niýet edinendigi düşnükli bolupdy. Pulemýot atyp ugranda on ýaşly Nazar gorkup, ejesiniň dyzyny gujaklady, onuň özünden uly uýasam näderini bilmän, ejesine ýapyşdy Ejesi olaryň ok gelýän tarapyny goraglap ylgap gelşine gygyrdy. – Gaçyň, Tylla, tut jigiň elinden! Gaçyň! Aýal çagalaryny goraglap, uzak ara açmanka, pulemýot oky ony hem ýere bükdi. Ol soň çagalaryna näme bolanyny görmedi. Bu ýer goluň has çuňalýan çet ýeriniň biridi. Gaçmalydygyna onda-da gözüň gören ýerine gaçmalydygyna düşünen biraz jigisine görä akyly ýeten gyz gyssanyp, jigisini ilki aşak etekdäki geriş bolup duran kiçiräk depäniň aňyrsyna itekledi. – Gaç, bükülip gaç, ýogsam ok deger. – Nirä? – diýip, oglan gaçjak ýerini bilmän ýaýdandy. – Çöle, gelen tarapymyza gaç! Köpler bolsa gaçmag-a däl, näme-nämeleriň bolýanlygyna hem göz ýetirip-ýetirmänkäler, ganym okundan uçdular. Sebäbi bu edilýän zat, onda-da aýallardyr çagalary beýdip çukura gaplap, ar alýanyna ynanmak asla akyla sygjak zat däldi. Tylla jigisiniň elinden tutup ýapyrylyp, düwdenekläp ylgap barşyna ýol ugrunda ýene-de gaçyp barýan iki gyza duşdy. Olar gulpaklaryny tasadyp, diýseň gaty ylgaýardylar. Ýyndam gyzjagazlar jigisini idenekledip tirkege alyp gelýän Tylladan ozup, ondan dessine esli ara açdylar. Ýöne Tylla jigisi bilen olardan ozmanlygyna soň begendi. Gaty ylgap bilmeýänligi üçin, jigisinden nägile bolmasyny hem goýdy. Sebäbi bu bähbide çeken eken. Tylla şol ylgap barşyna öň gapdaldan yzly-yzyna tüpeň atylan wagty, gyzjagazlaryň ikisiniňem bir bada aýagyndan alnan ýaly bolup ýykylyp gidenlerini sähelçe görüp galdy. Görüp otursalar, komandir adamlaryň gaçyp-tezeni atyp almak üçin, bu öwrede onda-munda öz esgerlerini goýuşdyran eken. Tylla gyzjagazlaryň düşen ýagdaýyny görüp, zähresi ýarylan ýaly bolup, ýene-de serpilip, yzyna döndi. Tylla jigisiniň elinden tutup, nirä gitjegini bilmän, töwerekde elewräp ýörkän şol barmana ol haýsydyr bir jandaryň depe böwrüniň deşigi bolup duran sürenini gördi. Ol şundan soň yhlasynyň ýerine düşenligine ynandy. Dessine jigisiniň arkasyndan iterip, ony şol ýerde gizlemek bilen boldy. Süreniň girelgesi birneme darrak eken. Jigisi emgenmänräk giren-de bolsa, Tyllanyň özi welin oňa itinip-oýkanyp zordan sümüldi. Doganlar sürende ornaşyp-ornaşmankalar, iki sany ýaragly gaçanlaryň kastyna çykan esger tapyrdaşyp, olary görmän gapdaldan geçdiler. Şu pursatda bilineris öýdüp, olaryň howsalasy hasam artdy. Oglanjyk doganynyň egninden iki eli bilen gujaklap oturyşyna, yzda gana bulaşyp: “Gaçyň!” diýip, galan ejesini ýatlap saňňyldap aglady. Jigisiniň hyk-çoky eşidiler öýdüp gorkan Tylla: “Sojama, esgerler eşider!” diýip, talap etdi-de, ony sähelçe çümmükläbem goýberdi. Onuň hiç hili dirilik alamatyny bermän oturmagyny isledi. Janam bir süýji zat, iki dogan tilkimidir şagal ysly, içinde aýlanara ýer bolmadyk sürende gorkuşyp, gijäniň gaýry bir mahalyna çenli galagop oturdylar. Olar itekde-çomak bolşup, töwerekde ýagy ýoklugyny çen edişip sürenden çykan mahallary, gije bir çene baryp, dünýä imi-salalyk aralaşypdy. Bathyz çöli şemala ýüzüni ýelpedip, reňkini öçürip bimar halda otyrdy. Mahal-mahal bolup bilen betbagtçylygyň bolanyny syzyp, ýüregine hesretini sygdyryp bilmän, agzyny ýokary tutup, yzaly uwlaýan çopan itleriniň hem sesleri bir ýerlerden eşidilýärdi. Şol pursatda ýokaryňa gözleseň, bu it uwlamalary göýä, ýyldyzlardyr Aýdan gelýän asmanyň çäresiz agysy bolup eşidilýärdi. Tylla sürenden çykansoň, çekinibräk töweregine garandy-da, jigisiniň golundan tutup, ölüp ýatanlaryň aralygynda aýlanyp, birde diňirgenip durup, birde ot-garagan bolup, ylgap Owganystan bardyr diýen tarapyna howlukdy. * * * Aýeroplanlar indi Bathyzyň depesinde awuny aňtaýan sylywsara dönüp, erjellik bilen göçüň depesinde gaýyşyp ýördüler. Millet bolsa serhetden geçirilmejek bolnup edilýän ähli garşylyklara seretmän, som-saýak bolup, Owgan serhedine tarap barýardy. Emma indi başdaky ýaly gorkýan-da ýokdy, gizlenjek bolýanam. Adamlar ölüsiniň agysyny aglamagyň, ýoluň hatarsyzyny gözlemegiň wagty däldigine düşünipdiler. Diňe bir ulular däl çagalaram, aýallaram şu duýgulary başdan geçirensoňlar, özlerini jähenneme urup, mese-mälim merdemsilenipdiler. Indi ilki başdaky ýaly aýeroplanlar görnenden haýygyp, aglap-eňreýän-de ýokdy, ondan şeýlebir bukuljak bolýanam. Özlerini Hudaýa tabşyran adamlar indi hemme zada kaýyldylar. Gulaklar gapylyp, aň öçüpdi. Ýöne hemmeler häzirki wagtda aýaklarynyň welin nirä ýöreýänligine aň etmezden, özleriniň maksat tutulan şol Owgana barýandyklaryna ynanýardylar. Aýeroplanlaryň bombalaryna amat bolmaz ýaly olar indi Ýeroýulanyň süňňüne dyr-pytrak bolupdylar. Göç mahal-mahal yzlaryndan ýeten, gapdaldan çykan otrýad güýçleri bilen çaknyşyp-salşyp almaly wagty bolýardy. Iki tarapyny deňlän adamlar olaryň üstüne ölenini-öçenini bilmän çozýardylar. Her gezegem jandan geçeniň güýji goşalanar diýleni bolup, olar duşmanyň hüjümlerini yzyna serpikdirmäge gaýrat tapýardylar. Gyzyl esgerleriň gazabyndan ýene az wagtlygam bolsa başlaryny gutarýardylar. Emma gyzyl esgerleriňem öz awunyň ýaralydygyny bilip, indem ol uzak gitmez diýip, onuň ysgyndan düşjegine göwün ýüwürdip gelýän möjek deýin, garama-gara göçüň yzyndan galman gelýärdiler. Bäpbäniň öz ýaragly toplumy bilen goraglap alyp barýan göç adamlary umumy halkdan üzňeräk barýan-da bolsa, olaryň arasy gara görümlikden uzakda däldi. Agdarhan Potranyň barýan toplumynyň gapdaly bilen barýardy. Jahan ýagtylanyna juda bir kän wagt geçmedigem bolsa, aýeroplanlar ýaňyrak ýeri godukladyp, bomba taşlap gidendikleri üçin, ýerden göterilip bilen çaň-tozan göterilip, asmana ýüzüni çalymtyl-goňras perde tutupdy. Töwerek çaňjaryp, gyş günlerinde görnen Günüň ümürläp, batyp barýan wagtyny ýada salýardy. Bäpbe sallam-sajagrak barýan göçüň yzyny jemläp gelýänleriň biriniň atyny gyssap, öz ýanyna gelýänligini görüp, onuň habaryny almak üçin at başyny çekdi. Onuň gelerine garaşdy. Howlukmaçlygyndan onuň gyssagly habarynyň barlygy belli boldy. Ol gele-gelmäne ýeňsesine öwrülip, göç yzyna goluny uzadyp gürledi. –Batyr aga, Guşgy tarapdan gapdaldan ýene bir bölek kowgy göründi. –Köpmi? –Atlarynyň göterýän tozan-a al asmana göterilýär. Azam däl bolsa gerek. Bäpbäniň atynyň ardynda onuň aýaly gorkup, adamsynyň göwresini penalaýan ýaly bolup, onuň guşagynyň iki ýerinden tutup hükgerip, sessiz aglap, gözi girýän, bagry birýan otyrdy. Şu gün aýeroplanlar irden ilkinji gezek gelip bombalanda, olaram öz on alty ýaşly ogullaryny, on iki ýaşly gyzlaryny ýitirip, ar-heleý ikisi dünýäde sopbaşym galypdylar. Şundan soň Bäpbe maşgaladan galan ýeke dikrary, aýalyny näme bolsa-da, özüm bilen bile bolsun diýip, atynyň syrtyna alypdy. Atlynyň getiren habaryny eşiden mahaly dünýäden doýgun aýal: –Gelse, gelipler geçsin – diýip, indi näme bolsa şol bolsun, olardan çekinýän barmy diýen äheňde birsyhly gözlerinden biygtyýar inýän gözýaşlaryny süpürip oturyşyna parhsyz dillendi. Bäpbe duran ýerinde töweregini toplap, gysgaça maslahat geçirdi. Duşmany ikä bölünip, bada-bat iki ýerden oka tutmaklyk, soňra göç yzyny dolap, çekilip uruşmaklyk karar edildi. Göçdäki aýal-gyzlary hem goranyşa çekip, şu pursatda olara özlerine derek göçüň gapdalyndan yzyndan, goragçy bolup ýöremeklik buýruldy. Bäpbe bäş-on atly bilen, duşmanyň üstüne duýdansyz ok ýagdyrmak üçin indi bireýýämden bäri birden-ikiden öňden çykyp ugran, göçe belli bir derejede bukulmaga mümkinçilik berýän pisse agaçlarynyň bir toplumynyň ýeňsesine aýlandy. Birlaý meňzeş lybas geýnen gyzyl goşun atlylarynyň görnüp ugramagynyň yzysüre, öňli-soňlurak tüpeňler atylyp ugrady. Atylaryň gapdaly bilen at gorduryp gelýän komandir bir zatlar diýip gygyrdy-da, göç yzyndan gözläp, atlylaryny şol tarapa gyssady. Iki taraplaýyn atyşyklar başlandy. Şeýdibem, Sowetleriň heniz göç serhetden geçmänkä, oňa bu ýerde ýene bir gezek aslyşyp galaýyn diýenligi belli boldy. Bäpbe dagynyň gapdaldan duýdansyz beren zalpy aňyrdan gelýän otrýadyň birbada gylawyny aldy. Gyzyl esgerleryň aralaryndan ençeme adam atdan agdy. Emma beýle-beýle zatlara hemişe görüp ýören tejribeli komandirleriň ýol kesmegi bilen, olar ýene-de tiz özlerini ele alyp, el pulemýotlaryny işe girizip, at üstünde oturan ýerlerinden göçi güýçli oka tutup ugradylar. Sähel salymyň içinde halys selçeňlän göçüň yzynda ýene-de maslyk-maslyga çakyşyp galdy. Bäpbe barha öz selçeňleýän töweregi bilen yza çekilip, atyşyp barşyna gaçmakdan başga ýol galmadygyna düşündi. Ýagdaýy bolanlar eýýäm at gamçylaşyp gaçyşybam ugrapdylar. Bäpbe-de şundan soň aýalyna: –Pugta ýapyş! – diýdi-de, gaçyp barýanlaryň yzyndan debsiläp, atyny gyssady. Barha golaýlap gelýän kowgular bolsa indi şol kowşup gelişlerine aýak aldygyna gaçýanlaryň yzlaryndan ok ýagdyrýardylar. Oklaryň biri Bäpbäniň başyndaky silkme telpegini aşagyndan geýen tahýasy bilen kakyp, ýeňsesine şapbatlanan ýaly edip, ýere düşürdi. Birazdanam oklaryň ýene biriniň Bäpbäniň artlaşdyryp özi bilen alyp barýan aýalyna degenligi belli boldy. Hallygözel bir “hyk...k” edip, içigen ýaly etdi-de, guşakdan pugta tutup oturan ellerini biraz gowşatdy, soňundanam kellesini Bäpbäniň arkasyna ýaplady. Garnyna gorsaw dökülen ýaly bolanlygyny duýdy. Şeýle-de bolsa ol barha artýan agyra çydamaga, häzirki dara-direlikde adamsyna mundan artyk azar bolmazlyga çalşyp, onuň arkasynda burgusy tutýan ýaly bolup, iki epilip towlanyp oturdy. Bäpbe aýalynyň guşakdaky gollar gowşansoň, onuň atdan agyp düşerinden gorkdy. –Sen ýaralandyň öýdýän?! – diýip, çapyp barşyna yzyna gözlemän, ýagdaýdan habar alyjylykly dillendi. –Şeýle bolaýdy öýdýän... – diýip, ol hem birazdan dişinden syzdyryp kynlyk bilen sözledi. Bir bolmasyz işiň bolanyny syzyp, Bäpbäniň gonjuna gor guýuldy. Ol häzirki pursatda näme etjegini bilmän, ahmyrly hyrçyny dişläp, töweregini gözledi. Ileri tarapda bolsa Owgan baýyrlary serhediň depesinden gözleşip, Bathyzyň çaň-tozy bilen ümürläp keserişip ýatyrdylar. Ýene biraz gaýrat edilse, serhediňem indi uzakda däldiginden habar berýärdiler. Bäpbe aýalyna: –Guşakdan, ykjam ýapyş, serhedem indi uzakda däl! Ondan aşdygymyz tebip tapyp, seni görkezerin – diýip, göwünlik berijilik bilen ony höreledi. Bu gezek onuň sözi adatdakysy ýaly dözümliden talaply däl-de, haýyşa has meňzeşdi. Onuň maşgaladan galan ýeke dikrardanam dynaryn öýdüp, gaýgy-alada galanlygy duýulýardy. Kowgudan birneme ara açansoň, ol aýalynyň halyndan ymykly habar almak üçin, atyny ýoldan sowup, bir hokurdany penalady. Dessine-de aýalynyň göwresini saklamaga kömek eder diýen tama bilen, donuny onuň garnynyň daşyna inli edip sarady. Soňam ony guşagy bilen daňyp berkitdi. Bäpbe atyny debsiläp, ikilenç ýola düşensoň, öňden gaçyp barýanlary synlap, özüniň gitmeli ugrunyň çemini aldy. Onsuzam Bäpbe bu ýola beletdi, bu onuň birki aýlykda Hojam hanyň topary bilen geçen ýoludy. Şeýle-de bu öwre uly göçüň serhetden geçmegi amat peýläp saýlap alan ýerleriniň biridi. Şu ýol yzarlap gitseň, ol baryp Guşgynyň etegindäki Akrabat çeşme diýen ýerden çykýardy. Emma Bäpbe ýaraly adamy alyp barýanyny ýatlap, oňa mümkin boldugyndan oňaýlyk döretmek üçin, atyny juda gyssaman, ony ýorgasyna sürmäge çalyşdy. Yzda gaçyp gelýänleriň telimsi düýelidir atly bolşup, soňam onuň gapdalyndan ozuşyp geçdiler. Yzdan otrýadyň kowgy bolup gelýänligi bilen bagly gorky janyny gutarmak üçin, aýak aldygyna gaçyp barýan adamlar häzir gamçyny yzly-yzyna, jüpläp-jüpläp atlaryna suňşurýardylar. Syçrap duran sarç at ýaňy eňip gaçanda ep-ýesli duşmandan arany açmaga ýetişipdi. Şonuň üçinem Bäpbe aty ýorgasyndan ýazdyrman şeýleräk gidende-de, özleriniň kowga ýetdirmän, serhetden aşyp biljegini çen edýärdi. Ýene bir salym gidilensoň, Hallygözel sähelçe iňňildedi-de, oturan ýerinden Bäpbäniň arkasyna agram berip, maňlaýyny oňa ýaplap pyşyrdady: –Meni bir ýere düşür! –Ýaraň gaty agyrýarmy? –Içim gorsaw dökülene döndi... –Gaýrat et, heleý! Indi barmaly ýerimizem juda uzak däldir! –Gaýrat galan däldir, kakasy! Bäpbe bu dara-dire ýagdaýy görüp durka, aýalynyň beýle haýyş bilen juda zerur bolmasa, özüne ýüzlenmejegini bilýärdi. Bu gepden soň ýamanlyga üstüni aldyran deýin Bäpbäniň ini şowlap tisginip gitdi. Şonda-da Hallygözeliň çäresiz derde uçranlygyna ynanasy gelmedi. Ol atdan tarpa böküp düşdi-de, gujagyny gerip, haly teň aýalynyň öz kükregine ýaplanmaga amatlyk döretdi. Ony usul bilen eýeriň ýeňsesinden aldy-da, ýerde ýatyrdy. Ganyň köp gidenini görüp, ol hasam aladalandy. Onuň bilen bile ömür süren pursatlaryndan birnäçe ýagşy pursatlary ýatlap, indi bu gowulygy hemişelik ýitiräýmeginiň juda hem ahmaldygyny pikir edip, bozulyp hamsygarly göründi. Gan onuň iki gat edip, ýaranyň töweregine aýlap daňan donunyňam eýýäm ep-esli ýerini kölçerdip ezipdir. Näme etjegini anyk bilmese-de, Bäpbäniň oňa şu pursatda haýsydyr bir delalat edesi gelýärdi. Bäpbe aýalynyň sowuk der basan manlaýyna aýasyny goýan wagty, dişini gysyp ýatan aýal, süzülip barýan gözleriniň agralan gabaklaryny ”Seni ýene bir görüp galaýyn” diýýän ýaly sähelçe ýokaryk göterdi. Etegini nem örtüp ugran mähirli gözler şundan soň ýene-de öňki kaddyna gelip, nurlanan ýaly boldy. Bäpbe bu gözleriň şeýle owadan bolýanlygyny ilkinji gezek öýlenen gijesi, onuň bilen jaýda ikiçäk bolup galan mahaly pelteli ýag çyranyň yşygyna görüpdi. Şonuň yzysüre-de ol häsiýetine görä biweçlik edip, ters dawa tutup, aýalyny oňaýsyz ýagdaýa salyp, hezil edip keýp tapyşy giçki ökünç bolup, onuň ýadyna düşdi. Olaryň är-heleý tanyşlygy-da hut şol gijeden başlanypdy. – A, gyz, seniň adyň näme? – Hallygözel... – Onda seniň halyňam bardyr? – Halym bar. A, bolanda näme?.. – Sebäbi haly ýok adama, hala ýanalyp at goýlanok. – Goýlanda näme? – Goýlandasy, hany seniň halyň nirede onsoň? – Bäpbe şeý diýip, gelniniň ýüzüniň bir ýerini görkezerine garaşdy. Gelin uýalyp ikirjiňledi. Oňaýsyz ýagdaýa düşdi. – Görüp näme etjek şony? – Halyň dodagyň töwereginde bolsa-ha, “Agzy hally aşa ýakyn” diýýärler. “Burny halla görgüli” diýilýär. Beýle adamyň görjek görgüsi köp bolýarmyş. Hany senin halyň, nirede görkez!– Bäpbe onuň: “Ine-le, oglan” diýip, ýüzüniň bir ýerine barmagyny dürtüp, halyny görkezerine garaşdy. – Ýa burnuňdamy, görkezesiň gelenokmy? – Burnumda däl. Gelniniň halyny görmegiň höwesine berlen Bäpbe onuň bu jogaby bilenem kanagatlanman, ýene-de bälçiräp öz hüjümini dowam etdirdi. –Onda boýnuň ýüzündemi? Şol ýerde meň bolanda-dama bir yrym tutýalar özün-ä… eşitsem-de unudypdyryn… Göter çyrany-da, tut şol ýerini görkez! – Goýsana, oglan! Näme etjek şony görüp? – diýip, gelin şundan soň hasam uýalyp darykdy. Onuň başga gep, başga höwes tapmagyny isledi. Gelniň mylaýym pyşyrdysynda, Bäpbäni raýyndan gaýtarmaga bolan synanyşyk-da bardy, özelenýän ýürekden çykýan haýyş-da. Emma hiç zat Bäpbäni wagty bilen raýyndan gaýtaryp bilmedi. Ol öz bolşundan keleçewlerçe hezil tapyp, gaýta ýene-de hüjüme geçip erjellik görkezdi. – Öz heleýim indi sen meniň. Näme edenimde näme!? Ogşajak-da men şol ýeriňden seniň. – Aýnamasana, oglan! – Görkez onda, hany halyň nirede? – Weý, bu oglany… Biri-bärde nä meniň halym barmy? Gelniň halynyň biri-bärde bolman, düşnüksiz bir ýerlerde bolmagy hem Bäpbäniň yzly-yzyna edýän hüjümleriniň öňünde durup bilmedi. Hallygözel näçe kyn görse-de, bu yňdyrmanyň şol hal nirede bolsa-da, görkezäýmese, onuň ýakany goýbermejegine düşündi. Onuň yzly-yzyna edýän talaplarynyň öňünde durup bilmedi. Gelin köýneginiň etegini ýokary göterip, kiçi köýnegini topugyna tarap süýşürip oturyşyna: – Gör, ine, görmän dynmajak bolsaň! Meniň halym göbekden bir garyş, iki-üç sere aşakda, çep budumyň ýüzünde siçelekgi barmagyň yzy ýaly bolup, şol ýerde sähel iç ýüze öwrüm berip durandyr! – diýip, nägilelik bilen halynyň belli ýerini oňa salgy berdi. Bäpbe diňe şundan soň aýalynyň näme üçin özüniň halyny görkezmegi kyn görýänligine düşünipdi. Ol mundan hezil tapyp, gelnini uýatly gujaklady. Ýagdaýa näbeletlik bilen tutan şol ters dawasy ýadyna düşende, Bäpbe soň-soňlaram, sähelçe baş ýaýkap myssa ýylgyrýardy. Il içinde sünnüniň bir ýerinde haly bolan adamyň ady onuň şu aýratynlyk bilen bile tutulanda, şol hal aýrylarmyş diýen ynam bardy. Bäpbe ýagdaýdan habarsyz boldumy ýa-da onuň öz keýwanysynyň halynyň öz gonan ýerinden aýrylmagyny islemedimi nämemi Bäpbe aýalynyň çyn adyny ýaşaşan döwründe ýeke gezegem tutmady. Hallygözeliň ady onuň dilinde “Gaýtarmam, Mele gelin, Heleý han, Keýwany” bolsa-da hakyky tutulmasy ýaly Hallygözel bolmandy. Maşgalada onuň dogry adyny diňe gaýynenesi nygtap, “Hallygözel, Hallygözel gelin...” diýip tutardy. Türkmeniň “Lakamyňy ataň öýüňde, çyn adyňy gaýyn eneň tutar” diýen gürrüňem şeýle ýagdaýlar bilen baglylykda dörän bolmaly. Özi-de bu gepiň türkmeniň gadymýetinden gözbaş alyp gaýdýandygyny pikir etmek mümkin. Bu är-aýalyň birek-biregiň çyn adyny tutup ýörmän, ýaşyna degişli döwür bilen baglap atlandyrylmagy ýa-da “Pylanyň kakasy!” diýlip, ada göni çykylmazlygy, onuň jyn-arwah, göz-dil bilen bagly ynanç-yrymlary bilen bagly bolmaly. ...Bäpbäniň atdan düşenini görüp, öňden gaçyp barýan atlylaryň iki sanysy janköýerlik edip, onuň halyndan habar almak üçin, at başyny yzlaryna doladylar. Onuň şu gyssag arada aýalynyň töwereginde köwejekläp duranyny görübem ýerli-ýerden ondan nägile boldular. –Indi durmaly borusmy şeýdişip? –Garaşmaga ýagdaý ýok. –Ok etjegini eden ýaly-la… –Ýola-da ol bolarlykly däl. Ýamany ol bizem ýoldan goýar. Indi eglenmäge mümkinçilik ýok, gözýetimdäki depäň üstüne eýýäm üç-dört atly göründi... –Olar şol bizi yzarlap, kowup gelýänleriň öňi bolmaly – diýşip, ýerli-ýerden ony ýola gyssadylar. Onsuzam garaşmaga wagtyň ýoklugyna, Bäpbe aňryýany bilen düşünip durdy. Ýöne ýaman ýerde it ýardy diýleni bolupdy. Hallygözel gözlerini, ýumup alyp gelýän agyrysyna zordan çydap, sanalgy deminiň iň soňky ýuwdumlaryny alyp ýatyrdy. Bu älemden ötüp barýanyň iň soňky hossar islegli bolýan pursadydy. Şonuň üçinem näçe howlugsa-da, Bäpbe ony beýdip, bu ýagdaýda galdyryp gidip biljek däldi . Bäpbe ýeňsesindäki ýola gyssanyşyp duran atlylara birbada üns bermese-de, kowgynyň ýetip gelýänligi belli bolansoň, öz isleýşi ýaly aýaly jan berýänçä onuň ýanynda oturyp bilmejegine, göterip gidibereýin diýse-de, onuň ýol azabyna çydamajaklygyna düşündi. Elenip kyn güne galdy. Eglenç edilse, kowgulara üsti aldyryljagyň gümany ýokdy. Duşsaňam belli zat söweşip ölmeli, güýç deň däl, onda-da häzirki azda-kände galan adamlaryň-da alňasaklyga düşüp janyny gutarmak üçin ähli zatdan geçip gaçyp barýan mahalynda. Hallygözeliň häzir özem oňly görmese-de ýeňsedäki adamlaryň gep gürrüňleriniň bir tarapyny eşidip ýatyrdy. Gelmeli ýerine gelenligine, mundan aňry özüniň gidip bilmejekligine bolsa ýaňy Bäpbe özüni atdan gujaklap alyp, ýere düşürden mahaly ol göz ýetiripdi. Onuň ölse-de ýere düşüp, arkaýyn ölesi gelipdi. Ýagdaýyň çykalgasyzdygyna göz ýetiren Hallygözeliň häzir özüniňem adamsyna "Meni goý, git öz başyňy gutar, indi maňa seniň delalatyň geregi bolmaz!” diýesi-de gelip ýatyrdy. Emma agzy-dilden galyp barýany üçin bada-bat bu gepi aýtmaga onuň gurbaty çatmady. Ýöne haçanda Bäpbe üstüne eglip, kynlyk bilen diýesi gelmeýän gepi diýmekçi bolanda, ol onuň özi bilen hoşlaşmakçy bolýanyna düşündi. Bäpbe: – Hallygözel, maňlaý şor eken. Bu ömürde biz gaty utuldyk. Senem beýdip ýatyrsyň… Menden razy bol, keýwany…– diýip ýüzlendi. Özi-de ol indi ilkinji gezek aýalyna onuň hakyky adyny tutup ýüzlendi. Ol jogaba köp garaşdyrmady. Iň soňkuja ähli mümkinçiligini jemlänligi belli boldy. Ol adamsynyň gulagyna çalaja pyşyrdady. Şonda onuň sesi bir zatdan süzülýän ýaly bolup, basyksy eşidildi. Hallygözeliň adamsyna näme maksat tutanyna ýarym sözde düşündi: – R...r-az-zy… Gutar başyňy!.. Bu Hallygözeliň aýdan iň soňky sözi boldy. Onuň aýalyny janly halda duşmana goýup gidesi gelmedi. Bäpbe bir ädim yza çekilip, tüpeňi aýalynyň kükregine tutdy... Ol duşmandan gutulmaga häzir şundan başga ýoluny görmeýärdi. Ine, şeýdibem, ol indi özüne dünýädäki iň mähriban adamsynyň gursagyna ýarag tutmaga mejbur boldy. Hallygözel tüpeň göçen dessine, bir başyny göterjek ýaly edip, harkyldabam jan berdi. Bäpbe ony donuna dolap, bir pesräk ýerde goýup, gyssagly üstüne gum sürensoň, gapdalda ýatan bäşataryny gazap bilen gysymlap, täzeden ata çykyp, Owgan serhedine tarap howlukdy. Ol ýol boýy özüniň maşgalasynyňam bu elhençligiň pidasy bolanlygyny ýatlap, giçki ahmyr bile puşman etdi. Oňa eger-de özi Owgandan gaýdyp, bu köpçülikleýin göçhä-göçlüge ulaşmadyk bolanda ýa-da Hojam han gidende bir ýoluny tapyp, onuň bilen kiçiräk toparda maşgalasyny şol wagt Owgana aşyranlygynda amatly boljak ekenligini pikir etdi. Elbetde, ol Hojam hana Sarahs töwereginde duşanda, Tejen aýagyndan maşgalasyny getirip, bir oňa goşulmagam isläpdi. Ýöne hany saňa ol ýerde elýeterde Tejen aýagy barmydy? Gidip-gelmek üçin howluganyňda azyndan iki-üç gün wagt gerek. Onsoňam Çary Permanam haklaşjak bolup, ähli ýerden seni gözläp ýören mahalynda. Şeýle-de Bäpbe onuň şol wagt özüni ele salmak üçin, “Geläýseň bolýar?” diýip, maşgalasynyň töwereklerinde bir ýerde bukup garaşyp ýatanlygyny hem pikir edipdi… Eger Annaguly han bilen halky göçürip äkitmäge-de özi bu ýere gelmedik bolanlygynda hem aýalynyň: “Göçürjek bolsa, özi gelerdi?” diýip, göçden galanlaryň biri bolmagynyň ahmal ekenligini, indi bolsa olary öz eli bilen oda atanlygyny ýatlap kalbyny ezdi. Barmagyna tiken batmagyna rowa görmeýän mähribanlarynyň gyzyl esgerleriň güllesiniň pidasy bolup, meýdanda läş bolup galanyny göz öňüne getirip, köräp-köräp ýandy. Tükeniksiz hasrat, aňyny üýtgederli bolup, onuň kalbyna agram saldy. Bäpbe indi bu elhençlikde berlen pidalary ýat edip, özüniň ömür-baky aglap gezmeli betbagt bolanlygyna düşündi. Ol bäş-üç atly bilen gaçyp barşyna häzir özüniň nirä, näme üçin barýanlygyny-da unutdy. Indi ony bilmegiň Bäpbä geregi-de ýokdy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |