14:18 Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy | |
* * * Hojam hanyň ýola düşülmezden öň adamlary iýdirip-içirip, biraz taplandyraýyn diýeni, olaryň ýagdaýyna düşünenligi belli boldy. Birki ýerde ojak gazylyp, onuň üstüne, toparyň öz ýany bilen göteren çaklaňrak gazanlarynyň iki sanysy atarylypdy. Oljalanyp getirilen mallaryň eti eýýäm derisinden çykarylyp, maýdalanyp ol gazanlaryň içine atylybam durdy. Ojaklaryň başynda Hojam hanyň başdaş aýalynyň ýolbaşçylygynda aýallaryň iki-üç sanysy elleri kepgirdir çemçeli, gazanlaryň töwereginde gowadaklaşyp nahar bişirýärdiler. Gazanlardan bygyrdap bişip duran etiň ýakymly ysy ýokarsyna göterilip, töwerekdäki sabry suw bolup oturan aç adamlary, ýuwdundyryp gulkundyrýardy. Adamlaryň açlygy barha ýiti duýmaklaryna sebäp bolýardy. Onuň tizara tenip, şor çorbasynyň boljagyna, göwün ýüwürtdirip, bagyr-öýken ýaly tizbişerräk ýerleriniň dagy eýýäm alyp iýibermeli, nan alyp, daşyna geçibermeli bolanlygyny pikir etdirýärdi. Hojam han aşagyna düşelen owadan halynyň üstünde baýtallaryny özge atlardan gabanjanlyk bilen goraýan höwür at ýaly, gyňyrlyk bilen töweregine syn salyp otyrdy. Onuň üstünde oturan owadan halysy tozap ýatan topragyň üstüne, göýä asmandan gülli ýazyň bir bölegi inen ýaly owadan görnüp, Hojam hem şol gülli ýazyň üstünde oturan ýaly görkezýärdi. Onuň nazary birde baýryň depesinde gözegçilik üçin goýlan iki adamda saklansa, ýene birde Bäpbe dagyň aýratynrak üýşüşip oturan ýerleriniň depesini syryp geçip, aýallardyr çagalaryň bir-birleriniň geýim-gejimlerine çolaşan ýaly bolşup oturan ýerleriniň depesinde köwlenýärdi. Her gezek aýallaryň ýanynda oturan Hanuma gözüne ilen mahaly ol ony alada goýup oýlandyrýardy. Ony has-da Hanumanyň öz adamlarynyň öňünden sapança gezäp çykmagy oýlandyryp darykdyrýardy. “Sapançaly öý bolsa, ol öýüň şura ýa-da başlyk ýeneki bir ýarag göterýän wezipeli adamyň öýüdir, ol bolsa heleýini aldyransoň, dek oturmaz, ot açar, aryny alýança gidişer” diýip, onuň yzy bilen sorag salyp geljek güýçden eýmenýärdi. Şonuň üçinem ol özüni parahat görkezmäge çalyşýan-da bolsa aladalydy, pikirinde ýola gyssanýardy. Nahar iýilse, tizräk bu ýerden gitmäge howlugýardy. Diňe serhetden aşan haladynda bolşewigiň gazabyndan sypyp biljegine göwün ýüwürdýärdi. Çagalaryny sag-aman serhetden aşyryp, musulman döwletine ýetmegiň ýeg boljagyna göwün çaglaýardy. Nahardan soň haýal etmän ýola gidilýänligi belli bolansoň, atlaryň deri gaýdyşansoňam olaryň üstüniň eýerleri aýrylmady. Düşlenen ýerde, onuň golaý töwereginde-de guýynyň ýoklugy, suw zerurlygynyň bolsa barha artýanlygy topary ýola howlukdyrýan zatlaryň ýene-de birisidi. Özi-de wagt geçdigiçe adamlar arkaýynçylygyň düşegine ötüp, öz eden işleri barada pikir edip ugransoňlar, bu alada artmasa kemelmeýärdi. Bäpbäniň gapdalynda naharyň bişerine garaşyp, tirsekläp ýatan gaýma gözli Girdiniň şol barmana bir hyýala münenligi belli bolup, onuň ýüzünde ýaňsa meňzeş gowuşgynsyzdan içýakgynç ýylgyrma peýda boldy. Bäpbäniň ýüzüni asmana öwrüp, günden goramak üçin ony elýaglygy bilen ýapyp, pikir atlylaryny aldygyna gorduryp ýatanyny görüp, Girdiniň garagolluk höwesiniň artanlygy belli boldy. Ol degsinip, ýerden alan sypal çöpjagazynyň birýanyny onuň gulagyna degirdi. Bäpbe gulagyna siňek-ýeneki gonandyr öýdüp, eli bilen gulagyny sypalap goýberdi. Soňam ýeňsesine öwrülip, pinegini ýene dowam etdirermen boldy. Ýöne onuň çetine degesi gelen Girdi gyjalatly gepläp, ony gaýtadan pineklemäge goýmady. Ol Bäpbä: –Haý, zaluwat, gowy mal-a oljalapsyň – diýip, Hanumany ýene bir gezek synlap, öz diýýän gepine göz ýetireýin diýýän deý aýallaryň oturan tarapyna hyrydarlyk bilen gözüni aýlap gepledi. –Hä, näme gözüň gidäýdimi, zaluwat? – diýip, Bäpbe başyny göterip, soňundanam iki aýagyny gujaklap, olaryň birine eňegini dirärli bolup oturdy. –Eýsem, gözüň gitmez ýaly zatmy ol, hälem hanyň heleýi başyna bir zat atypdyr, ýogsam dagy köpüň hyllygyny akdyrjak onuň. Taňram ýasanyny ýasaýar-aý... –Eri, ýeri göwnüňi bölüp, şeýtanyň yňyna berlip oturma! – diýip, Bäpbe oňa Hanumanyň degresinde gaýybana-da bolsa şir-peleňiniň barlygyny nygtap dillendi. Hanumanyň höwesine berlip, onuň tarypyna goşulanyny soňundan onuň özi hem duýmanam galdy. –Gujagyňa alanyňda hem bir desse gül gujaklan ýaly, how – diýip, ol at üstünde başdan geçiren ýakymly duýgusyny ýene bir gezek höwes bilen ýatlady. –Bagty çüwüp, eli gelen şuramy-da, kolhoz başlygynyň heleýi bolsa gerek. Malyň saýlanyp alnyşyna bir syn kyl! –Dul ýeneki borly. Ol öýden çykansoň dagy hossarly bolsa, adam töwereginde görünäýmeli ýaly bolsa-da, başga-ha hiç kim göze ilmedi. –Häzir oba-ha ot-ýelekdir. Olar muny saňa şeýle berip goýbermeseler gerek, Bäpbe han! Hökümet eşitse, serhediňem mümkin bolan ýerini ýapar dessine. Serhedi söweş bilen böwsüp geçmeli bolaýsak gerek? Ýöne bolmasa ýene bir salym oba adamlary gözläp tapman: “Galtamanlar Owgana aşandyr” diýip, pikir eder ýaly, Ýeroýulana tarap çekilinse-de kem bolmazdy! –Eroýulandan ýaňy gaýtmadyňmy? – diýip, Bäpbe Girdiň meýlini unamdy. Soňam biraz dymyp, hamala öz pikirini Girdä has anyk düşündirýän ýaly: –Görýäň-ä azyk-suwlugam gutaryp barýar. Bu itgyran çölüňde hany altyn-kümşüňe-de berilýän zat barmy? Ýogsam Hojam han, ähli mal-halyny satyp, ondan ýüküni tutupdyr. Iki atyň dagy syrtyna altyn-kümüşli horjun bökdüripdir ol. Girdi oýurganyp: –Gumda birneme maly bardam-da zaluwadyň! – diýip, bu gezek Bäpe bilen pikirdeş gopdy. Şeýdibem ara dymyşlyk düşüp, henek-degişmeli gürrüňler biraz aladaly pikirlere öwrülene meňzedi. Emma ol gutarman eken. Biraz dymyşlykdan soň Girdi ýene-de Hanumaly gürrüňe gaýtadan dolanyp geldi. Gözlerini jeljelledip, hezillik tapana meňzäp, töweregini ýesersi synlansoň, ýene-de oýunlyga salyp, Bäpbä degip ugrady: –Bäpbe, dogrymy aýtsam, ol gelni saňa-ha rowa göremok. Sen ýaly keleçewiň şeýdip, bagtam getiräýýär. Ýogsam ol meniň dagy öňümden çykaýmaly dälmi!? Bir göwnüm seni bir oka tabşyryp, ony elinden alaýsam-da diýip dur! –Eý, adam oljalamaly däl diýilmedimi nä ilki başda? Bularyň Hanumaly gepeniň täzeden tutaşyp barýanyny halaman, gapdalda horjunyny ýassyk eýedinip, tirsekläp ýatan uly gözli Agamyrat ara goşuldy. Emma Agamyradyň Hanumaly gürrüňiniň kem-kemden şere öwrülip barýanyny duýup, ýagdaýyň öňüni taryp aýdan gepi, onuň niýet eden köşeşdiriji tagallasy bolup bilmedi. Gaýta oňa ol gepiň ýaňyrak tutaşyp ugran oduň üstüne bir gysym saman-sepir atylmagy boldy. Girdiniň özüne göwnüýetijilik bilen aýdan teýeneli gepi tizgahar Bäpbäniň çetine degdi. Bäpbäniň öjügenligi mälim boldy. Onuň adaty ýylgyranda görünýän sargylt dişleriniň ýerini ýarmak isleýän ýaly hyrsyz syrtaryp duran dişler çalşyp eýeledi. Ol Bäpbäniň süýkenmesine goturyny gaşaýan düýeler ýaly süýkenme bilen jogap berdi. –Ýöne, Girdi han, Bäpbä ýarag çekmäge seň ýalyň gaýraty çatmaz. Onuň üçin baý syrt gerekdir-ä, ol bolsa sende ýok. Sen ýaraga ýetip ýetmänkäň, Bäpbe seň eneňi göni dula bakdyraýar. Bäpbiniň barha gazaby artyp, ýüzüniň gany gaçyp ugrady. Onýança bu ýagdaýy hasaba almadyk Girdi gepiň has çylkasyzyny tapyp, onuň hasam degnasyna degdi. –Ýa ol heleýi alaňyň arkasyna aýlap, oglanlara nobata goýaýjakmy? Şeýtseňem-ä... Çenden-çakdan çykyp barýan gürrüňi mundan artyk diňläp bilmejegine gözi ýeten Bäpbe turjak ýaly etdi-de, bir towsananda howada galgan ýaly bolup, Girdiniň alkymynda peýda boldy. Bada-badam nagdynlap, onuň dulugyna çekdi. Girdiniň başyndaky telpegi, tozup honda düşdi. Bäpbe gazabyna bäs gelip bilmän saňňyldap haşylady. –Kimi nobata goýmalydygyny men görkezerin seniň gözüňe! Sen obanda ejeň-bajyny şeýdip nobata goýup ýören bolmaly. Ýogsam munuň ýaly gepi tapmazdyň sen eşek! Dulugyna şarpyk degende, ýüzüne ot çabrap giden ýaly bolan Girdi gahar ugruna töweregini sermenekläp, gapdalynda ýatan tüpeňine el ýetirdi. Gopdy bir topalaň iki sany özüne göwni ýetip ýören adam arasynda. Olaryň gahar-gazabynyň howsalasy, zöwwe-zöwwe ýerlerinden göterip, golaýda oturanlara hem ýetişdi. Bir bolmasy iş bolup, onuň kesdiniň bir gapdaly özlerine-de ýeter öýdüşip, adamlar olaryň golaýyndan ýeňse-ýeňse tesişip howatyrlandylar. Ýöne jyn ýaly çalasyn zaňňar Bäpbe-de towlanyp, okuň öňünden özüni gapdala zyňan ýaly edip, aşyrym atdy-da, tüpeňiň nilini bir eli bilen özünden sowup, beýleki eli bilen Girdiniň gulagynyň düýbüne ýumruk suňşurdy. Tüpeň pöwhüldäp atyldy, onuň oky Bäpbäniň gapdalyndan geçip, düşen ýerini tozadyp, topraga siňdi. Urgynyň badyna Girdi entirekläp yza çekildi. Ýaragy elinden gaçdy. Şundan soň Girdi köşeşip, mugyra geläýjek ýaly hem bolsa, ol çen edileni bolmady. Gazaba dolup, aýaklanmadyk köşek ýaly aýak üstünde entirekläp durşuna ýene-de Bäpbaniň merkini bermek üçin, ýerde ýatan tüpeňini sermenekläp alyp, ony täzeden tutdy. Onýança rejäniň geň däldigini görüp, golaýda duran bir ýigit ylgap baryp: –Girdi kaka, beýtme!? – diýip, onuň elindäki tüpeňiniň nilini ýetişip, gapdala sowdy. Atylan ok toparyň çetinden duran garaýagyz ýigidiň golundan degip, aşyklynyň süňküni owradyp geçdi. Ýigit “owf” diýip, ýaralanan ýerini tutup, öçli sögünip, aşak oturdy. –Haý, dawaňyz bilen siziň bajyňyzy ýaplaýdygym. Eliň-ä işini gördüňiz! – diýip, armanly käýindi. Girdi bary bir munuň bilenem köşeşmedi. Ol elinden urlup, ýaragy gaçyrylsa-da, badyna baryp, bilindäki pyçagyny Bäpbeden saldy. Bäpbe ýene-de çalasynlyk bilen pyçagyň öňünden ýeňsä çekilmäge ýetişdi. Pyçak onuň sähelçe buduna kaklyşyp, balagyny parran ýyrtyp geçdi. Topalaň turup, ok atylyp, ahyrzaman gopanyny görüp, aňyrdan ylgaşlap gelýän Hojam han gele-gelmäge haýbat atyp, olara käýindi: –Eý, siz itler, ölüşjek bolsaňyz, şundan başga ýer tapmadyňyzmy? Baryň ajalyňyza howlugýan bolsaňyz, hol alandan aşyň-da, ölüşiň hezil edip, häzire çenli öldürenleriňizi az görýän bolsaňyz. Meniň ýanymda boljak bolsaňyz, meniň diýenim bilen bolmaly bolarsyňyz. Ýogsam biz serhetden aman-ýesen aşyp bilmeris. Heleýini oljalap, bir ili özüňize garşy goýanyňyzy az gördüňizmi? Bir kemim indi şu orta ýolda özara ölüşmekdi-dä!? Soň ol jandurmazlyk edip arkan düşüp, tirsekläp ýarasyny dandyryp ýatan Bäpbäniň ýanyna gelip, onuň alan ýarasy bilen gyzyklandy. –Gaty dilipmi! –Gyltyz. –Girdäm bir däli-däreý! Baryň ony äkidip, güýlüp taşlaň atlaryň duran ýerräginde, soň ony nätjegimi özüm bilerin – Hanyň buýrugyny eşidip, iki ýigit Girdiniň golundan tutup, idenekledip, ony pesde atlaryň duran ýerine tarap alyp gitdiler. Bu ýagdaýy göwnüne jaý edip bilmän duran Hojam han ýene-de käýindi: –Bularymy? Bularyň ikisini öldürseňem azdyr. – Soňam ol gazan töwereginde gowadaklaşyp ýörenlere talap bildirip, gazap bildirip käýindi:–Ne bela boldy, bişmedi-le ol naharyňyz. Malyňyz garry, lagar bir zatmydy ýa-da? Çekiň naharyňyzy tizräk, haýyr, biraz eti çigrägem bolsa. Zor etse, biraz garny agyrdar, yzyndan bolmasa Juma neşäň Tejen çaýyndan bir käse içäýmeli bor – diýip, duran ýerinden buýruk berdi. Hojam han bularyň özlerini alyp baryşlaryndan çen alyp, adamlaryň umumy ýagdaýyny özi üçin anyklady: “Hä, warsaka, dawa-jeňe elleri ýetýän bolsa, bular gaty ýadamandyrlar onda... Ýadaw bolsalar ýatardylar süýnüp düşen-düşen ýerlerinde. Naharlansynlar bakaly, ýene biraz taplanarlar, onsoň bulary ýola tutmaly, ýola. Ýol hakyndan çykýandyr bularyň! Ýogsam sähel dynjyrak bolsalar, päli azyp ugraberýär bularyň birnäçesiniň. Ine, soňam şeýle-dä bu pälazgynçylygyň – diýip, Girdi bilen Bäpbäni göz öňüne tutup pikir ýöretdi. Onuň pikiriçe, göç indi Owgan ýerlerine hem golaýlaşyp barýan bolmalydy. Serhet bir günlük, gaty gitse, indi bir ýarym günlük ýoldan uzak bolmaly däldi. Ol bu öwrä juda belet bolmasa-da, Hojaguly hana atly bolup ýörkä, şu töwerekdenem birki gezek geçilenini bilýärdi. Adamlary naharlaň diýip gyssan hem bolsa, hanyň özi toparyň arasyna dolanyp barmaga howlukmady. Ol Bäpbe bilen häzirki gazaby gaýdyşmadyk haladynda, ýene-de sene-menä ýeterin diýip pikir etdimi nämemi, duran ýerinden öwrüldi-de, gazabyna basalyk bererli bolup, ýapy ýokarlygyna, ol ýerde ýörite goýlan iki gözegçiniň baýyr başynda, iki düýp ýanan hyşa ýaly bolşup, garalyşyp oturan ýerlerine tarap, agyr ädimläp, howlukman ýapyýokarlygyna tutduryp ýöräp gitdi. Ýol boýy-da gijigen ökünç bilen özüne igendi. „Şu Bäpbäni näme üçin ýanyňa aldyň diýsene, keşgä, sen ony tanamaýan bolsaň. Munuňam ýeser ýaly ýene-de gabat gelip durşuny diýsene. Çölde ýeke özi synsyrap ýörmesin diýip, nebsim agyryp: „Ýör senem meniň bilen” diýäýdim-dä. Olam mürehede ýakyn eken. Meniň bilen gidermen boldy. Aý, onsaňam indi Sowetiňem barha janlanýan mahalynda çöl içinde gezerlik galdymy? Ugran ugruňda alnyňdan çykyp duran şolar bol-da indi...” Hojam han öý kowsarladyp, aýgytlydan agyr-agyr ädimläp, baýyr üstüne çykdy. Bu ýerde ol özüni görüp, öňünden çykan gözegçiler bilen, durup gysgaça hal-ýagdaý soraşansoň, olaryňam gapdalyndan geçdi-de, depäniň kert baglap, tümmek tutup oturan tarapyna ötdi. Soňam şol ýerde bir salym töweregini garanjaklap, dünýä synçysy bolup gazabyndan düşüşip durdy. Gün çoguna eýlenen ýezgendir ýylgyn, ýeneki saman bolan çöpleri süňňine siňdiren guraksy güýz şemaly çöl üstüni ýelpäp ösüp durdy. Töwerekde geçen gijäniň boldan getiren ümsümlik rahatlygyna çümen dünýä henizem töweregiň baýyr-depeleriniň goýnuna çolaşyp, çyrmaşan ýaly bolup ýatyrdy. Asmanyň mawy gümmeziniň astyndan pytraňňy ak bulutlar süri bolup sürlenişip ýördüler. Lagambir töweregi eýelän Pendi baýyrlary häzir agyn bir örküçli, iki örküçli, ýer bagyrtlap çöküp oturan düýe toplumyna öwrülipdirler. Depedäki ak bulutlaryň bir toplumynyň öwrüm berip, baýyrlaryň depesinden inip gelýänini gören mahalyň, ýene bir salymdan bu düýeler şol ak bulutlardan ýüküni tutup, kerwen gurup göterilip giderli göründiler. Ýüküňi tutaňsoň, eýsem bu jelegaýda eglenip näme? Nahar iýlip, biraz dem-dynç alnanyna mähetdel Hojam hanyň topary “Ýolagçy ýolda ýagşy edip”, ýola düşermen boldy. Ilerik–batar mekanyna ot çabran deý gyzaran barýan Günüň ýüzi häzir ýüzüne ýalyn urduryp, tegelenip tamdyrdan çykyp gelýän nana örän meňzäpdi. Hojam han atlanyp, inisi bilen ýene-de öňden ýöremeli toparyň öňüne düşdi. Adamlaram bellenen tertipde sozanguýruk bolup, onuň yzyna düşdüler. Ikinji topar ýükli düýelerden, çaga-çugalardan, aýal-gyzlardan ybarat bolup, ol göçüň has uly bölegidi. Esasanam, onda garrylardyr çagalar, aýallaryň bir bölegi düýedir eşekleriň üstünde orun tapanam bolsalar, derçigişip, köp halatda arkalaryna bir bölek ýük alşyp, ýükli ulaglaryň gapdaly bilen sürrenekleşip gelýänlerem az däldi. Ýene ýüklerdir çagalara-da göz-gulak bolýanlaram esasan şolardylar. Bu goşuň öňüni gerimli ätläp gelýän ateşege atlanan Hojamyň baýry aýaly Sadap çekip gelýärdi. Ol öňüne bäbeklikden ýaňy saýlanyp gelýän agtygyny, yzyna günüsiniň dört-bäş ýaşly oglanjygyny gonduryp barýardy. Göçüň yzyny üçünji topar jemläp gelýärdi. Bu hili ýöriş tertibi ähtibarly goranyş hökmünde, gerek bolanda, aýallardyr çagalaryň ýagydan daşyny dolamak üçin saýlanylyp alnypdy. Hanuma arkasy ýükli, gaz ýaly oýmudyklap ýöreýän hanyň ikinji ýaş aýaly bilen Sadabyň eşeginiň yz ýanyndan derçigişip ýöreşip gelýärdi. Asmana ýeňiljek tozan göterilipdi. Wagtal-wagtal hümürdiler, gysga-gysga çaga agylary eşidilýärdi. Agy sesi eşidildigi erkekleň “Gap sesini” diýip, gazaplanmagyndan çekinilip, bada-bat olaryň agzyna emmesi tutdurylýardy. Yzky göçi jemläp gelýän toparyň ýaryndan gowragy Bäpbäniň öz adamlarydy. Onuň adamlaryndan bir Girdi ýokdy. Olaryň duşmançylygy täzeden örç alar gorkusy bilen han ony indi öz toparyna alypdy. Bäpbe at üstünde oturan ýerinden töweregini garanjaklan bolup, ünsden düşürmän ortaky Hanumaly topary ýeňsesinden synlap gelýärdi. Garaňky gatlyşyp, gözýetim daralansoň, Owgan diýip barýan topar gijäniň aralykda peýda bolan gara tutusynyň aňyrsyna geçen ýaly bolup, çal-çul salgyma öwrülip, gözden ýitdi. * * * Uzakly gün Pendi çölünde gözleg salyp gezen Ahmet şol gezip ýörşüne gijöýlänler bir baýyr jülgesinde üsti biraz çaň-toz bilen gömlüp ugran adamdyr düýe gumalaklarynyň, eşek-at tezekleriniň üstünden bardy. Yzlary yzarlap ugransoň, olar Ahmedi iki-üç ýerde ýakylan ot galyndylarynyň üstünden eltdi. Ol töwerekde at taýnaklarynyň yzlarynyň köplüginden çen tutup, bu ýerde ýaragly adamlaryň hem ýetikdigine göz ýetirdi. Yzlar ýapylaryň ýüzi bilen, jülgeleriň içi bilen uzalyp, Owgan serhedine tarap gidýärdiler. Öňüni gije gümürtikligini alan Bathyz şemaly hyzylap, has batlanýan ýaly bolup, ösüp ugrapdy, şeýle-de bolsa, ol entek çölde şu günki ähli yz-ýollary ýitirip-ýygşyrmaga ýetişmändi. Galyberse-de, ol yzlar köne-de däldiler. Ahmet gören yzlarynyň, gonuş-göçüş ýagdaýyndan çen alyp, bularyň şol öz gözleýän garakçylar toparynyň yzlary bolmagynyň mümkindigine ynanasy, olary ýetip tapasy geldi. Atyny debsiläp, olaryň yzlaryň yzyndan howlukdy. Indi onuň niýeti göçi gapdalyndan oýtarlap aýlanyp, baryp, ilki ol ýerde Hanumanyň bar-ýoguny anyklamak, soňundanam ol bar bolsa ýagdaýa görä hereket etmekdi. Ol şondan soň telim gol aşyp, uzak gitmeli bolmady. Gara görnümde adam toplumyny gören wagty onuň tamasy hasam artdy. Ol topara golaýlap, atyny bir buky ýerde galdyransoň, göçüň gapdalyndan oýtarlap, seresaplyk bilen görünmän, aňyrlygyna geçdi-de, bäşataryny bilinden gysymlap, ýapyýokary ýerden düwdenekläp, aşaklygyna indi. Olar gapdaldan geçen mahaly golaýdan ymykly synlara amatly ýer gözledi. Tapybam, galtamanlaryň geçjek ýeriniň ugrunda duşan kürenleriň birini göwnüne jaýlap, şoňa sümlüp, onda özüni gizledi. Bu ýer gelýänleri ep-ýesli aradan synlamak üçin amatlydy. Ol biraz şol ýerde, özüne golaýlap gelýän göçi synlap oturyşyna, serhediňem indi şu töwerekden uzakda bolmaly däldigini, tizden şol ýerde iki döwlet tarapyndan goýlan daş bellik bolup, şol araçäk daşyna hem duşup boljakdygyny hem oý etdi. Bu ýer ilersine Guşgy, gaýrasyna Tagtabazar baýyrlaryny gonduryp oturan aralyk, deň-daşlykdaky ýerleriň biridi. Ahmet ýarpy göwresini kürene sokup, gije çapawulçylygyna niýetlenen möjege meňzäp ýatyşyna olaryň heniz serhetden geçmäge ýetişmändigini anyklap begendi. Göç esasan üç bölek bolup gelýärdi. Onuň öňi bolup ýigrimä golaý atly-ýaragly, gerek bolanda bada-bat duşman üstüne at goýmaga gabyl topar gelýärdi. Ahmet gapdalyndan geçip ugran toparlary synlap, Hanumany ikinji çaga-çugalar bilen garyşyk bölekden tapdy. Dogrusy, ony-da birbada başy çabytly bolansoň, tanap bilmedi. Başyna bürelen könelişen çabyt ony töwerekdäki orta ýaşan aýallaryň birine öwrüpdi. Arkasy bir daňy ýükli-de bolsa, onuň ýöreýşi o diýen üýtgemändir. Şol barmana bile sürrenekleşip barýan aýallaryň biri oňa bir zat diýip ýüzlendi Hanuma ol aýala tarap sähelçe öwrülen mahaly onuň tanyş ýüzüniň bir bölegi ümürden jyklan Aý bölegi ýaly bolup, sähelçe görnüp gitdi. Bu ýumak ujunyň tapylmagy boldy. Hanuma şu ýerde. Ahmet azabynyň ýerine düşenine begendi. Ýürek bolsa ony görüp, her gezek duşanlarynda bolşy ýaly, ýene öz-özünden höwes tapyp, gürsüldäp bitakat urup ugrady. Ahmet biygtýar Hanuma bilen dünýäni unudyp, bagtyýar bolan pursatlary ýatlanyny hem duýman galdy. Şonda ol özüni az wagtlygam bolsa, onuň zowky-sapasyna berlip, boýnuna gol salyp direnip duran ýaly, ýakymly bir duýgyny başdan geçirdi. Bu duşuşyk ony tamalandyryp, göwnüni galkyndyrdy. Ol barybir tä, Hanumany bulardan halas edýänçe ynjalyp bilmez, onuň ýüregi-de parahat urmaz. Aşyk ýürek magşugyna gowuşýança haçan karar tapanmyşyn!? Şu pursatda daş-töwerekdäki zatlaram onuň gözüne birhili gelşikli hem-de syrdaş göründiler. Göwnüne bolsa şundan soň oňa ähli zat öz isleýşi ýaly öwrüm alyp gidibererli göründi. Şol barmana-da toparyň sesýetimliginden biriniň aňyrdan at çapdyryp gelşine gygyryp gelýän howsalaly sesi eşidildi: – Yzymyzdan kowgy gelýändirle-how, han aga, ahmallygy elden beräýmäliň, how! Toparyň öňi bolup barýan Hojam han bu sesi eşidip, at başyny çekip, ýeňsä adamlara tarap öwrüldi. Gelýäniň anyk habaryny alyp-almanam, gyrgy gören ene towugyň çagalaryny goraglap, oda-köze düşüşi ýaly, ortaky toparyň töwereginde aýlanyp, adamlara pert-pert buýruklar berişdirip ugrady. Aýal-gyzlara ok-ýenekiden çekeräk – aşak etekdäki jülgä çekilmegi buýurdy. Garrylar, çagalardyr aýallar bu habary eşidişip, gorkuşyp: “Alla jan, özüň sowawer!” diýşip, Taňra ýalbaryşyp, jülgä çekilmäge howlukdylar. Yzdaky toparyň öňi bolup, at segredip gelýän Bäpbe aňyrdan gelýäniň habaryny eşidip, bada-bat ýeňsäni goraglap, adamlaryny halkalaýyn goranyşa geçirdi. Soňam ol deslapky edilmeli hereketleri bişirmek üçin, at çapdyryp, Hojam hanyň ähli ýagdaýyň depesinden seredip, beýemçilik edip duran ýerine geldi. Onýança aňyrdan gelýän çapar hem gelip ýetdi. Ol garaýagyzdan burunlak, ýaňy sakgal-murt goýberip ugran daýanykly bir ýigitdi. Han bada-bat ondan anyk habar sorady: –Kowgy yzymyzdanmy? –Hawa. –Ýakyndan görüp bildiňmi? –Gördüm. –San hasaby näçeräk öýdýäň? –Biziň sanymyzdan-a az däldir. Kowçum-kowçum bolşup gelýärler. Oruslardyr-da, aralarynda papaklylary-da bar. –Pilmudy ýok bolagaýdyr. Pilmudy ýok bolsa, biz aňsat olara per bermeris. –Yzlaryndan gelmeýän bolsa, meniň synlan toplumlarymda-ha pilmut görmedim. –Gaça uruşmaly bolarys. –Meniň çakym çen bolsa, biz indi Owgan serhedine hem golaýlap ýören bolmaly. –Menem-ä şol pikirde. –Serhetden bir aşyp bilsek, bolşewigiň eli uzynam bolsa, onsoň ol bizi aňsat tutup bilmez. Ýolbeledi sal öňe, çaga-çugalara, goý, ýol görkezsin! Bizem hany gelibersinler, bakaly, başa gelenini görüberdik. Bäpbe şu gürrüňden soň atyny debsiläp, özüne garaşýan adamlar bilen kowgyny garşylamak üçin howlukmaç ýene-de yzyna dolandy. Ahmet göç duşundan geçip, biraz ara açansoň, oturan ýerinden töweregini garanjaklap, çemini aldy-da, çeýelik bilen gopup, görünmezlik üçin dessine oturan depesiniň üstünden aňrylygyna ýeňsä aşdy. Tizräk atyna ýetmek üçin, ýapydan aşaklygyna bukdaklap ylgap gitdi. Kowgy ýetip gelýän bolsa, ahmal galyp, üsti aldyrmazlygyň göçe gerek bolşy ýaly, ol Ahmede-de gerekdi. Gün ýaňyja bu günki geçmeli ýoluny geçip, gözýetimiň arkasyna aýlanypdy. Onuň batan ýerinde bir kölçe ýer tapawutlanyp, ýaban towugyň endamy ýaly ýalpyldap, äpet bir guşuň gerlen owadan ganatlaryny ýatladyp durdy. Uzakly gün asmanda agaýana gezen seýrek ak bulutlaram indi ýüzlerine goýry kölege düşürişip, gara buluda öwrülmek bilendiler. Günbatar tarapdaky Pendi baýyrlarynyň Guşgy demir ýoluna tarap egrelýän ýeri, uzakdan çowlanyp, ýan taşlap ýatan äpet bir ýylanyň hyýrsyz kellesini ýatladýardy. Ahmet atyna ýetiberende ýeňsedäki kertiň üstünde ilki bir, soňra ýene iki atly göründi. Bularyň başynda türkmenleriňki ýaly göreňden eýesini tanadýan seleň telpekleri ýokdy. Birsydyrgyn meňzeş geýimler olaryň serhetçilerdigini görkezýärdi. Ahmet garakçylaryň yzyndan esasanam serhetçilerden ybarat kowgynyň çöl söküp yzarlap gelýänini, olaryň arasynda özüni tanaýjak adamlaryň hem bar bolmagynyň mümkinligini serhetçileriň nazaryna ilen bolsa, olaryň özüni hem garakçylaryň biri hasap eden bolmaklarynyň mümkinligini oýlady. Eýsem, bu ýerlerde, onda-da häzirki pursatda başga kim bolup biljekdi?! Atlylar kertiň depesinde ýene biraz bir-birleri bilen gepleşip, hümürdeşip duransoňlar, olaryň sesleri ýitip, yzlaryna öwrülişip gidendikleri belli boldy. Kertiň dik aşak eteginde atynyň jylawuny ebşitläp tutup, görünmän oturan Ahmet at aýaklarynyň sesini diňirgenip, olaryň amatly ýerden öz oturan jülgesine inmekçi bolýandyklaryna göz ýetirdi. Mundan soň ol bu ýerde gizlenip oturmagyň howpludygyna, özüniň aşak inen serhetçileriň gözüne dessine iljekdigine düşündi. Ol atyna atlandy-da, ýeriň pesi bilen ikilenç göze ilmezlik üçin gaçmakçy boldy. Ýöne ol ýaňy atyny debsiläp ýola salanam şoldy welin, ýaňky öwrüme giden serhetçileriň eýýäm inişden inişip, at dabradyşyp, öz üstüne tarap gelýändiklerini gördi. Gamçy çalnan at ony seýrek, gyrymsy çöl ösümlikleriniň arasy bilen agramy ýok ýaly edip, ýüzin salyp alyp gitdi. Ahmet atynyň aýagy öňde gabat gelen alaka hini-ýenä gidip, gaňrylyp döwülmese, bu atlylara ýetdirmejegini bilýärdi. Kowgular biraz kowansoňlar, ýetip bilmejeklerine göz ýetirişip, onuň yzynda at üstünde oturan ýerlerinden “tark-da-turk” bolşup, ok atyşyp ugradylar. Birki sany ok şuwlap, gapdalyndan geçen mahaly, Ahmet kowgulara gaýtawul bermese, olaryň atýan oklarynyň biri bolmasa, ýene biriniň ýa atyny, ýa özüni alyp ýatjagyna düşündi. Ol şol barşyna tüpeňini amadyna aldy-da, ýarym göwre yzyna gaňrylyp, kowgularyň öňden gelýäniniň atyny atdy. At eýmenç bir haýkyransoň, aýaklary aýaklaryna çolaşan ýaly bolup, süsdürilip öňe ýykyldy. Onuň üstünde oturan janhowluna “Ah, twoýu mat...” diýip sögünip, atylyp honda düşdi. Kowgy galdy, Ahmet bir yzyna öwrülip sereden mahaly beýleki iki atlynyň hem atdan düşüp, şol ýykylanyň töwereginde köwejekleşip durandyklaryny gördi. Ahmet özi üçin tarapsyz, iki oduň arasyndaky hatarly oýnuň başlananlygyna, haýsy kenara barsa-da, aňsat özüniň kabul edilmejegine, “Töwekgeliň işini Taňry oňar” etmese, başga ýolunyň ýoklugyna, ýöne bu ýerden weli haýal etmän gaçmalydygyna düşündi. Ol atynyň başyny Owgan serhedine tarap öwürdi-de, ýagydan ara açmak üçin gyssanyp gaçdy. * * * Habar-howsalasy öňünden gelse-de, gelmeli kowgynyň özleri welin wagty bilen gara berip görnübermediler. Bir habar galkaýjagam ýaly bolsa-da, ne-de golaýlap gelýän at aýaklarynyň dükürdisi, ne-de salgym-sudury göründi. Bäpbäniň soňabaka garaşmakdan irip, kowgynyň gelýänligine ynamsyzlyk edip, yrsarasy gelip, ejinnesiniň atlanyp ugranlygy belli boldy. Ol beýleräkde atyny jylawlap, birki adam bilen gürleşip duran, habar getiren çapar ýigide tarap öwrülip nägile dillendi. –Ini beg, seniň ol kowgy diýeniň görnübermedi-le? –Görünmelidirler özün-ä, gelýärdiler hümer-hümer bolşup... –Ene ol atlylary sen agşam ýataňda düýşüňde, zatda gören bolaýma? –Anyk gördüm, batyr. Şu gözlerim bilen gördüm – diýip, ýigit gözlerini görkezip, gepini nygtady. –Onda bir ýerden gara berip, ugraberjegem ýaly welin olar. Çapar ýigit alasarmyk ýagdaýa düşüp, biraz aljyrajak ýaly etdi. Soňam: –Bolmasa gidip, ýene habar alyp geläýerin – diýip, atyna atlanyp, gyjalata çeti gyzýanyny mälim edip, barlaga täzeden gidermen boldy. Ony Hojam hanyň aýgytly sözi saklady. –Gören bolsaň bolupdyr, gaýtadan gitmegiň geregi ýok. –Ýok. Men olary buky ýerden golaýdanam synlap gördüm, soňam ýuwaşlyk bilen yza çekilibem bärik howlukdym –diýip, ýigit ýene ynam bilen öz gepini nygtady. –Uzaga atýan ýaraglaram barmydy olaryň? –diýip, Bäpbe ýene-de gyzyklandy. Çen-çaka berlip duran Hojam han: –Ýa-ha olaryň ýoly aýra düşendir, ýa-da gije wagtlaýyn olaryň ýoluny kesendir– Bir pursat dymansoň bolsa: – Ol gelýänleriň ählisi serhetçiler bolmaklary mümkin. Olar ýer-ýurda näbelet bolansoňlar, aňsat juda zerurlyk bolmasa, gije ýol ýöreýän däldirler. Garaňka yzlaryndan ýetdirip, üstlerini aldyran ýerlerinde, „Gijäniň haýryndan gündiziň şeri” edip gonuberýändirler. Gije ýol ýöremek olaram ýaga depjek ýaly ýaýdandyrýan bolmaly. –Telpekli, donlularam-a bardy olaryň – diýip, çapar ýigit ýene ýatlap dillendi. –Onda mesele başgaça. Ýanlarynda, soňky döwürde Sowetleriň serhetçilere ýardamçy hökmünde ýerli milletiň wekillerinden döredýän “Gyzyl taýaklylary” hem bar bolsa, onda olar gijeden çekinmel-ä däldirler. Olaryň içinde ýol-ýer ýagdaýlaryny bilýänleri ýetikdir... –Şeýle bolubam gelmeýän bolsalar, onda ýollary aýry düşen bolmaly. Ýogsam gara berere wagt bold-a bireýýäm... –Bular ýer asty bilen bir iş etmegiň kül-külüne düşen bolara çemli? –Ahyr-soňy bir ýerden çykmaly bolarlar-a. –Çykyb-a çykarlar, ýöne ahmallygyňyzy alaýmasalar ýagşydyr diýip çekinýän. Bäpbe gysgaça gepläp, bir salym hamala bir aýtmasyz gepiň agzyndan çykmagyny islemeýän deý murtunyň üste abanyp duran agzyny bir ýere üýşüren deý pugta ýumdy. Diňe ara biraz dymyşlyk düşensoň, ýene-de ol öňki pikirinden yzyna dönene, şol bir wagtda bolsa han bilen ýürekden gopmaga çalyşdy. –Bir çyksalar bolýar! Ýene olaryň birnäçesi atlanyp gelip ýüklenip gitmeli bolarlar. Çekinme, Hojam kaka! – Bäpbe şeýle göwündeş gürrüňde, köplenç, oňa ýüzlenende ýakynsyrap, kaka sözünem onuň adynyň yzyna goşardy. –Wah, men çekinip, öz gaýgymy edemok-la, şu aýal, oglan-uşagy gyrgyna berermikäm – diýip gorkýan, arman asgynjagym barda şulara... –Ähli zadyň bir alajy bolar, han! Bäpbe bu gezek ony biraz darygýan ýaly görüp, oňa handygyny ýatladyp, göwünlik berijilikli gürledi. Hojam han onuň gapdalynda Gün batar pursadyny ýene biraz dikanlap, synlap duransoň: “Bu ýagdaý nämüçindir meniň göwnüme jaý däl” diýip, elinde ebşitläp tutup duran gamçysy bilen biygtyýar ädiginiň gonjuna pat-pat kakyp, töweregine boýurgandy. Bäpbe: –Ertire garaşýandyr zaluwatjyklar, olaryň bizi gündizlikde görüp, şat-şat sanap, atyp alasy gelýändir. –Seniňkem bir hasap bolmagy mümkindir, batyr, ýöne olar onda-da serhediňem beýle golaý wagtynda, onsoňam seniň alan gyrnagyň ýaly gerekli adamlary gidip barýarka, olaryň ynjalykly oturyp biljeklerine men ynanamok. Gepiň şu ýerinde Bäpbe ýene-de özüne igenç bilen närazylyk duýdy. –Biziň keýwanyň ol gyrnakdan alan maglumatyna görä, ol obada şuraň orunbasary bolup, Sowetiň syýasatyny ýaýradyp-ýaýyp ýörenleriň hem birimişin... Kowgy bilen baglylykdaky kalbyny eýeläp, oý-ünjüler hamala göwne gelen erbetlikler desmi-dähel durmuşa geçiberjek ýaly, Hojam hany alada goýýardy. Ol dynmaz jan halda at debsiläp, öz töweregindäki iki-üç adamdan ybarat topar bilen, toplumlaryň ýagdaýyny üns örüsinden sypdyrman, bähbit taryp aýlanyp gezýärdi. Hojam han Bäpbe dagynyň ýanynda birsalym durup, bu ýerdäki ýagdaýlary anyklaşdyransoň, ýene-de öňdäkileriň ýanyna dolanmaga howlukdy. Ugrap barýarka maslahat beriji äheňde Bäpbä hüşgärligi elden bermezligi sargady. Hojam hanyň habar tutup gidenine köp wagt geçmänkä, günbatar tarapda birki ýola yzly-yzyna tüpeň sesleri eşdildi. Çapar ýigit tüpeň sesini eşidip eserdeňlendi. „Ine, aýtmadymmy gelýärler” diýip, tüpeň sesi eşidilen tarapa seretdi. Tüpeň sesleriniň yzysüre bolsa ileri tarapdan kimdir biriniň atyny ýüzin salyp gaçyp, iki-üç atlynyň bolsa, ony kowup gelýänligi göründi. Bu wagta çenli Günem bireýýän öýläne sanyp, körjeýip dabara bilen batar ýerine golaýlaşybam ýördi. Ol aşakladygyça onuň batar ýerindäki peýda bolýan dürli reňkler toýlarda mertebeli adamaryň aýagastyna düşelen owadan halylara meňzäp barha görk açmak bilendiler. Öýläniň kölegeleri boý çekip, uzalyp, giňelip ýaňyrak ýuwlup baýyr ýapylarynyň ýüzüne serlen garamtyl-goňras matany ýada salýardylar. Bäpbe atlylary has anygrak görmek üçin bada-bat duran baýrynyň depesine çykdy. Aňyrdan eňterilişip gelýän atlylary görüp, köpler eýýäm ýaraga ýapyşyp, olaryň öz yzlaryndan gelmegine garaşylýan kowgularyň öňüdigine ynanypdylar. Emma garaşylan ýagdaý hemmeleriň gözüniň öňünde garaşylmadyk ýagdaýda öwrüm alyp üýtgedi. Öňden gelýän atly bir öwrümde çemesini alyp, ýeňsesinden gelýän atlylary tüpeňlän wagty bile görünseler-de, olaryň şol bir toparyň adamlary däldikleri belli boldy. Garşylykly ok atylanynyň yzysüre yzdan gelýän üç atlynyň biriniň atynyň aýaklary aýaklaryna çolaşana meňzäp, tüwdürilip gidenligi göründi. Kowup gelýänleriniň beýleki ikisi ýoldaşynyň atynyň agyp düşenini görensoňlar, ýerli-ýerden at başyny çekişip, oňa tarap dolandylar we atdan düşübem, ýykylanyň töwereginde gowadaklaşyp durdular. Kowgynyň şeýdibem häli-häzir-ä yzdan galandygy belli boldy. Öňden gelýän atly bolsa häzirem jylaw deňläp, badyny gowşatman, atynny ýüzin salyp gaçyp gelýärdi. Syrtyna gyssag düşende gaçsa adamlaryň-u, haýwanlaryň-da gaçyşy üýtgeşik bolýar. Kimkän ol gaçyp gelýän!? Ony kowalap gelýänler kimkä aslynda? Bu saraglar şu wagt wakany alysdan synlap duranlaryň köpüsiniň aňynda peýda bolupdy. Şeýle-de kim bolsa-da olaryň öňden gaçyp gelýäniň-ä kowgulara hiç hili hilesiniň ýoklugy, onuň bir gazaba duşan gaçgakdygy belli bolupdy. Gaçyp gelýäniň yzyndan gelýänler galansoň, Bäpbe duran ýerinden iki-üç adamyň adyny tutdy-da, olary öňünden gaçyp gelýän atlynyň habaryny almak üçin şol tarapa ugratdy. Jülge içi bilen at çapdyryp giden atlylar öz çen eden ýerlerinde boýurganyşyşyp gapdaldan çykyp, gaçyp gelýän atlyny ýerli-ýerden gol salgaşyp, öz ýanlaryna çagyrdylar. Gaçyp gelýän häzir Bäpbä töwerekdäki galagoply ýagdaýy bilmek üçin gerekdi. Ýeke çykan atlynyň kowgy barada bir zatlar bilýänligini tama edýärdi. Ýumşa giden atlylar dolanyp gelenlerinde ol atlyny hem özleri bilen alyp geldiler. Dessine-de ony Bäpbäniň ýanyna alyp geldiler. Bäpbe henizem şol göterilen depesiniň üstünde hamala bu gün Günüň öňkülerinden üýtgeşik has owadan, has syrly bolup batjagyna ynanýan ýaly onuň batar ýerinde syn saklap, imrinişip durdy. Bäpbe gaçgagy görüp, ony öwrenijilik bilen siňňin synlady. –Eri, sen nireden çykdyň onsoň? –Owgana barýardym. Ýolda serhetçilere uçradym. Kowup ugradylar, gaçdym. –Olar saňa nirede duşup ýörler? –Häzir bularyň ýok ýeri barmy? –Senem basmaçy-da onda? –Sowetleriň dilinde şoňa meňzeş bir zat menem. Ahmedi görüp, Bäpbäniň synçy nazary öz öňünde hyrs ýaly dogumlydan gelen aladaly adamyň duranlygyna göz ýetirdi. Ol Sowetden gaçip, bu öwrede köpden bäri ygyp, aňry geçip, bäri geçip, ýumuş hyzmatlarda bolup ýörenini aýdan mahaly bolsa, ony häzirki pursatda ýurt belet hökmünde peýdalanyp boljagyna hem tama etdi. Mümkin boldugyndan onuň bilen içginräk tanyşmaga çalyşdy. –Beýle bolsa, onda senem biz bilen dertdeş ekeniň. Soňam: –Seniň adyň näme? – diýip, ondan tanyşmak meýliniň barlygyny mälim edip sorady. –Meniň adym Ahmet. –Menem Bäpbe bolýan onda–diýip, Bäpbe hem göwündeş gopup, oňa tanyşlyk berdi. Biz bilen ugurdaş ekeniň, Ahmet. Bizem Sowetlerden gaçyp, Owgana barýas. Isleseň senem bize goşul. Ýagy ýüz berse, ony gaýtarmaga kömek edersiň. Bileräk gidibersek kem bolmaz– diýip, haýyşly ýüzlendi. Ahmet Bäpbäni diňläp, gökdäki dileginiň ýerde gowşanlygyny bilip, bada-bat kanagatlanma tapdy. Özüniň Hanumanyň ýanyna ýene bir depik golaýlaşanyna ynandy. Emma şeýle-de bolsa ol töwereginde duran adamlarda ýat hökmünde özüne bolan syndyr müňkürligiň hem bolaýmagynyň mümkinligini pikir edip, ol teklip bilen bada razylaşyp: “Beý, bu ýaman ilgezik görünýä-le, munuň bir sebäbi bolaýmasyn?” diýen ýaly müňkür pikiriň döräýmezligi üçin oýurganandan bolup, oňa jogap bermäge gyssanmady. Diňe bir salymdan jogabyny howada sallap duransoň, Bäpbe bilen ugurdaş gopup, göwünjeň dillendi. –Ugrumyz-a bir eken, elbetde, bileräk gidiberseg-ä erbet bolmazdy. –Menem şony aýdýan-da–diýip, Bäpbe öz gepini ýene bir gezek ýüzugra nygtady. Topar mundan soň ýene-de öz ýoluny dowam etdirdi. Gijäniň içinde hallan atýan ýaly bolşup, salgyma öwrülişip barýardylar. Bäpbe toparyny gijäniň içi bilen çen-çak bilenräk depesinden aşmak kyn bolar diýen beýik berk baýyrlaryň gapdalyndan aýlap, nireden baryp çykjagy anyk bolmadyk näbelli jülgeleri kesip geçip, öňdäki topluma ýetmek üçin howlugybrak alyp barýardy. Hamala, asla araşylmadyk bir ýerden kowgular ýüz bererli görnüp, töwerek howp-hatarly görünýärdi. Alasarmyk ünjüler bolsa ýol boýy artmasa, azalarly däldiler Bäpbe bir ýerde durman, hereketini sazlamak üçin ýagdaýa aň salyp, bu öwrä belet hökmünde özünden sagdyn birnäçe atly bilen barýan Ahmediň ýanyna häli-şindi gelýärdi. Onuň bilen nähili edilende azaşman ýol geçmegiň maslahatyny edip, topary dogry alyp gitmegiň aladasy bilen aýlanyp gezýärdi. Ozalagşam ösüp, çöle serginlik beren şemal günortadan demirgazyga ugruny üýtgedensoň, Bathyz şemaly indi öwrülip yzyna öwsüp ugran ýaly duýgy döretdi. Bäpbe duşmanyň duýdansyz garaşylmadyk bir ýerden çykyp, üste döküläýmeginiň ahmallygy barada şeýle bolanda gylyç syrylyp, nobat güýç-gaýrata ýetip, gazaply söweşiň boljagyny çen edýärdi. Has dogrusy, bu onuň arzuwydy. Ýogsam duşman öz atgyr ýaraglarynyň juda guratlygyna buýsanyp, aňyrdan ok ýagdyryp inse, olaryň öňünden durmagyň ýeňil düşmejigini ol biraz alada bilen pikir edýärdi. Bu wagta çenli gijäniň garrap, Aý-ýyldyzlaryň depede öz orunlaryna ine-gana eýemsirenişip ugrapdylar. Aý gijäniň öňünden barha beglenip, onuň ilki başdaky symgyltdan ysmyksyz şöhleleri indi barha gijäniň süňňüne muwapyk aýdyňlyk berip, eserdeň şuglalanypdylar. Dolup tegeleleni bäri bolsa ol göçe gözleg salnyp, onuň yzyndan tutulan äpet bir nurly çyrany ýada salýardy. Bir görseňem Aý gije garradygyça terlenip, ýakymly ot-çöpleriň müşgüne möwç berip, töweregiň ümsümligini alyp, Pendi topragynyň boýnuna ak gollaryny salyp, dalbanyp, boý deňäp ýaryny gujaklap duran höwesli geleni ýada salýardy. Hojam hanyň topary öň Sowetiň adamlarynyň birhili ýol bilen gözüne ilmän, ümsüm-kümsüm serhetden aşyp bolar diýip, tama eden-de bolsalar, oba talaň salyp, galtamançylyk edensoňlar, munuň ýatan itiň guýrugyndan basma, ýok belany başa satyn alma bolandygyna şonda düşünipdiler. Hojam bu urdumşalygyň edilmegine ýol berenligi üçin indi ökünip aňyrsyna çykyp bilenokdy. Aýlanyp-öwrülibem: “Bu bir soňuny saýmaýan doňuz-a” diýibem Bäpbä käýinýärdi. Töwereginiň iki-üç atlysy bilen halyndan habar alyp, toparlaryň arasynda bir ýerde durup bilmän, durmazjan bolup aýlanyp ýörşüne: “Owganam indi bolsa bir günlük ýoldur, şony bir kowga ýetdirmän, sag-aman geçip bolsa, Owgan serhedini bozmaga bolsa Sowet keseki ýeri hökmünde aňsat milt edip bilmez” diýip, kowgularyň şundan soň öa yzlaryndan galjagyna göwün ýüwürdýärdi. Daňdanyň süýji ukusynyň kem-kemden adamlaryň ýakasyndan ebşitläp tutýanlygy barha ýiti duýulýardy. Adamlar indi at üstünde pallaşyp, gözlerini ümürledişip, goram-gowşak bolşup gelýärdiler. “Bir ýere kelläni goýup, gözüň awysyny bir alyp bolaýsady” diýlip arzuw edilýärdi. Ýapydan inilip barylýarka Kadyr endigine görä sakgalyny sypalap, Bäpbä ýüzlendi. –Batyr, görmesin-ä bular bizi görendirler... –Barlaga ataran gözegçi-ýenekileriniň gören bolmagy ahmal. –Onda bu şolaryň toparynyň gördügi dälmi? –Hüm-m… – diýip, eýer üstünde pallap gelýän Bäpbe oňa gürrüň isleginiň ýoklugyny mälim edip, göwünsiz jogap gaýtardy. Emma Kadyr hem bu ýagdaý barada oýuna gelen pikiri aýtman durup bilmedi. –Batyr, olar biziň başymyza oýun salmak üçin bir zatlar-a toslaýan bolmasyn? Ýogsam görüp-bilibem bizi günümize goýmalary, bu ýöne ýerden-ä däldir... –Görüberýäs başa gelenini – diýip, Bäpbe ýene höwessiz dillendi. Agzyny giňden açyp pallap, boýnunyň çekgi damarlaryny şarkyldadyp, başyny çaýkap silkdi. Telim günüň oňly alynmadyk ukudan has kösenýänleriň birem Ahmetdi. Hanumanyň näbelli ykbalynyň aladasam oňa ynjalyk bermeýän aladalarynyň birisidi. Ol yzdan kowgy bolup gelýän toparyň Hanumany halas etmäge gelýänligine ynanyşy ýaly, olaryň arasynda obadaşlaryň, özüni tanaýan adamlaryň barlygyny hem çen edýärdi. Nädip etjegini bilmese-de, özüniň birine kömek etse, ilki şolara kömek etmäge borçludygyny hem ýatlaýardy. Ilki bir göwni bulardan sap atyp sypyp, yzdan gelýänlere Hanumany tapmaga kömek edäýsem diýen pikir küýe gelen hem bolsa, haçanda beýden mahalynda topar bir ýol bilen serhetden aşaýan mahalynda öz pynhan syrynyň açylyp, kimdigi belli bolansoň, soňra özüniň oňa golaýlaşdyrylmajagyny pikir edip, şindi mesele öz çözgüdini tapyp, Hanuma halas bolýança mümkin boldugyndan onuň töwereginden daşlaşmaly däldiginiň pikirine berilýärdi. Häli ol ýolda bir gürrüňçilikde gepden gep çykyp, Hanumany oljalanyň Bäpbedigini, onuň şondan bäri hem ony özüniňki hasaplap, öz ýanyndan eýemsirenip oturanlygyny anyklansoň, özi ýaly bu dälibaş, garadangaýtmazyň aňsat ony özünden başga bermejegini hem çen edýärdi. Bu ýagdaýy eşideli bäri indi onuň gabanjaňlyk derdi artyp, Bäpbäni aýratynlap, halamazlyk bilen oňa hym baglap ugrapdy. Hanumanyň üstünde onuň bilen darkaş gurmaly boljaklygyny çen edipdi. Bir öwrümde Bäbäniň dor alaşasy nämedir bir zada üýşenip, aýak çekip, gulaklaryny keýerjekledip, boýurganyp durşuna bir ýerlerik seredip, at ysyny alanlygyny mälim edip hokrandy. Şol barmana Bäpbäniňem gulagyna gaýra tarapdan at aýaklarynyň güpürdisi hem eşidilen ýaly boldy. Bäpbe açygrak ýerden kowgulary anygrak görerin tamasy bilen, atynyň başyny gaýralygyna alyp, synlamak üçin amatly ýer gözledi. Bir salym gijäni siňňip synlap, doňuz diňini salyp durdy. Gije ozalkysy ýaly asudady. Asmandaky tegelenip dolan Aý, söwer ýaryň yhlasyndan göwni biten gelin ýaly, owadan hemem buýsançly görünýär. Uzakly gije gara öýleri ýatladyp oturan baýyr-depeleri indi ýapynjasyny çalşyran ýaly ak öýlere öwrülişip, gümmezekleşip otyrlar. Onýança-da uzak bolmadyk gözýetimde kowgularyň alagaraňkynyň içi bilen kowçum-kowçum bolşup, gapdaldan geçip barýan salgymy göründi. Bireýämden bäri garaşylan kowgynyň ahyrsoňy ýüz berenligi belli boldy. Özi-de bularyň göçüň garaşmadyk ýerinden duýdansyz baryp urmak niýeti bilen, gijäniň ümüş-tamşynda ümsüm-kümsüm gelýärdiler. Bir hikmet gopjagy belli bolup, ýürekleri ýakymsyz aladalar gurşap aldy. Indi ýagdaý haýal etmän, aýgytly hereket etmegi talap edýärdi. Bäpbe kowgynyň aladasyna berlip, öz diýen adamlarynyň iki-üç sanysyny ýanyna çagyryp aldy, olar bilen nähiliräk hereket etmegiň aýak üstünden maslahatyny etdi. Ilkem Kadyr bilen Ahmede ýüzlendi: –“Myhmanlar” ýetip gelipdirler... Bulardan gaçyb-a sypyp boljak däl. –“Myhmanlar” gelen bolsa, ony donuna görä garşylamagymyz gerek, batyr– diýip, Kadyr hem köremek bilen, häzir bir garpyşyp alalyň, soňuny näme bolsa, soň görüberýäs diýen manyda dillendi. –Duşmandan ýagşylyk tamasyny etmek ýalňyşlyk bolar. Yzdan ýeten bolsalar, indi olar bizi gaýgyryp goýmazlar, haýal etmän çäresini tapmagymyz gerek– diýip, Ahmet hem olar bilen göwündeş gopdy. Bäpbe ýagdaýy aýdyp, gyssagly Hojam hana çapar iberdi. Ol topary ikä bölensoň, Kadyry toplumy bilen kowgynyň gapdalyndan çykyp, hüjüm etmegi tabşyrdy. Ahmedi hem ýurt beledi hökmünde oňa delalaty deger diýen tama bilen, onuň ýanyna goşdy. Bäpbäniň özi bolsa duşmanyň yzyndan gelip urmagy niýet edindi. Şeýdilende ol özlerini köp ýaly görkezip, duşman aljyraňňylygy salyp, olary bir salymam bolsa güýmäp, ýolundan egläp boljagyna tama etdi. Bäpbe kowgy bilen aralykdaky Aýyň asmandan kese gözläp, oňly görüp bilmeýän, özge ýerlerden garalyp howatyrly görünýän jülgessine düşýänçäler atyny jylawlap, bukurak ýerden duşmanyň ahmallygyny almak üçin, ony seresap halda gapdaly bilen ýöredip gitdi. Töwerekdäki beýleki atlylar hem şundan soň atdan düşüşip, Bäpbäniň göreldesini eýerdiler, seresaplyk bilen duşmana golaýlaşdylar. Şeýdibem, olar birsalymdan atlaryny gorgunyna sürüp, barýan kowgynyň ýeňsesinden duýdansyz ýerli-ýerden gygyryşyp hüjüme geçdiler. At aýaklarynyň güpürdisi çöl süňňüne sarsgyn berdi. Atlylar şol eňrerilip baryşlaryna-da bar bolan ýaraglardan yzly-yzyna duşmana ok ýagdyrdylar. Ara uzak bolmansoň, dessine-de iki ýagy bir-birleri bilen garpyşdy. Dara-direlikde boldy bir ur-ha, urluk, çap-ha, çaplyk, urýan haýsy, urulýan haýsy bu pursatda biler ýaly bolmady. Atlar burunlaryny parladyşyp, bir-birleri bilen çaknyşyp, hütüleşdiler. Şarka-da, şarka çakyşýan gylyçlaryň zarbyna ot syçrady. At aýaklarynyň güpürdisi-tapyrdysy bir bölek çaň-tozan bilen asmana göterilip, çöle ýaň berdi. Kowga nireden garaşan-da bolsalar, bulara göni ýeňseden garaşmandy. Bu duýdansyzlyk bada-bat kowgynyň yzky toparyny aljyraňňylyga saldy. Olar alňasaklyk bilen haraý isläp, öňdäki topara tarap çekilmäge mejbur boldular. Şu pursatda kowgy ýan berene meňzäp, Bäpbäniň toparyny has-da gylawlandyrdy. Ýöne bu alasarmyk ýeňişli pursat uzaga çekmedi. Gijäniň içinde bir ýerde çyglyp, eşek aňňyryp ugran deý bolup, surnaý sesi gijä ýaň berdi. Kowgy özüni ele alyp, ýagdaýa aýgyt edip ugranlygy belli boldy. Kadyryň topary kowgynyň ýene bir bölegi bilen baýyrlarynyň gutaran ýerinde gabatlaşdylar. Atlylar “ur-da, ur!” bolşup, bir-birleriniň üstlerine topuldylar. Ahmet öz gapdaly bilen gylyç syryp barýan ýigit ok degip, eýeriň gaşyny gujaklanda göni özleriniň öň ýanynda biriniň ýetişip, mauzerini işe girizenini gördi. Indiki gülläniň özüniňkidigine hem düşündi. Ýaragyny çemläp, atyny gyssady. Atynyň badyna dazlap, esgeriň gapdalyndan geçip barşyna hem elindäki gulagyny gaýtaryp atmaga ýetişmedik bäşatarynyň gundagy bilen onuň arkasynyň hükgüsine hütüledip suňşurdy. Oňa ýaragyny elinden gaçyrdyp, eplenip atynyň boýnuny gujaklatdy. Onuň başyndaky papagy öňe atylyp, at aýaklarynyň astyna düşdi. Ilki başda birki ok atylan-da bolsa, garjaşykly uruşlar başlanansoň, her kimiň atan oky özüniňkä degäýer öýdülip, indi ok atylmaýar diýen ýalydy. Ahmet özünden ýüz-ýüz elli ädim töweregi gapdalda gaýda-gaýtamalaşykly salgymlaryň has köpelenligini görüp, şol ýere howlukdy. Bu ýerde Kadyr öz topary bilen garpyşykly söweşler alyp barýardy. Töwerekde aldym-berdimli söweşler dowam edýärdi. Bir-birlerine degip, şarkyldaýan gylyçlaryň, adamlaryň howlukmaç hasyrdy-sögünçlerine, at toýnaklarynyň sesine gatylyp, säheriň sergin howasynda ýaňlanyp eşidilýärdi. Kowgy bu garma-gürmelikde ok öňündäkilere deger öýdýärmi ýa-da atymyny alyp bilenokmy nämemi, pulemýodyny işletmäge howlukmaýardy. Öňde bir ýerde zyňlan granat dünýäni sarsdyryp ýaryldy. Onuň düşen ýerini çöwrüp, badyna asmana göteren topragynyň bir bölegi gapdaldan daýyrdap geçip barýan Ahmediň üstüne-de şatyrdap döküldi. Ahmede at boýnuny gujaklap, eýeriň üstünde saklanmak zordan başartdy. Bu partlamanyň şundan soň diňe bir Ahmediň däl, onuň özge ýoldaşlarynyň hen ýüregine gorky-heder aralaşdyranlygy belli boldy. Şundan soň Bäpbäniň adamlary duran-duran ýerlerinden at başlaryny öwrüşip, gaçmak bilen boldular. Bu sansyz okuň öňünden sowulmak, zeleliň ýaryndanam bolsa gaýtmakdy. Atlaryň ýyndam aýaklary indi çöli güpürdedip, deprek edip kakdy. Ahmet iliň yzy bilen çen-çak tutup, ýeňsä çekilip gidip barýardy. Gulagy bilen at toýnaklarynyň howadaky akymyny yzarlaýardy. Günorta-günbatar tarapda at aýaklarynyň sesi barha artyp köpelmek bilendi. Ol ýerler öz barýan ýerleri bolansoň, özüniňem mümkin boldugyndan tizräk şol ýerde bolmalydygyna düşündi. Ýelden-ykdan eşidilýän tüpeň seslerinden goh-galmagallardan çen tutup, Sowetiň Hanumany halas etmek üçin az güýç atarmanlygyna düşündi. Çar tarapdan eşidilýän at aýaklarynyň dükürdisi, çen bilen atylýan tüpeň sesleri, gysgadan gömelteý aýdylýan azgyrylmalar, çakylyk, buýruklar yzzan-da, çuwwanlygy döretdi. Atlar jylaw gaňtarylan-gözleriniň gözlän tarapyna eňterilişip çapdylar. Şol barmana Ahmet öň ýanynda bir tanyş sesiň kömek sorap, töweregine gygyrýanyny eşitdi: “Baýýa, Kerkaw, Sähet, Çeňňel kel, hany siz nirede, geliň, çekiň elden!” Ahmet atynyň başyny ses gelen tarapa öwürdi. Atdan ýykylyp, ulagsyz galyp, kömek sorap, elewräp duran Bäpbedi. Ol duran ýerinden gapdalyndan daýyrdaşyp geçip barýanlara el serip, kömege çagyryp, haýbat atyp gygyrýardy. Duşmanyňam yzdan ýetip gelýänini ýatlap, töweregine elewräp halas bolmaga gyssanýardy. Emma onuň howsalalay çakylygyny eşidenler bar hem bolsa, bu howply dara-direlikde onuň halynda habar alan bolmady. Baş-başa, jan-jana bolnup barylýarka, kimiň gözüne Bäpbe ilýär!? Ahmet tanyş sesiň gapdalyndan geçip bilmedi. Ol atyny Bäpbäniň duran ýerine depdi. Ortada süýşenekläp, töweregine el serip ýatanyň alkymyna gelibem: “Ýapyş!” diýip, oňa gamçyly elini uzatdy. Ýüzugra ony kakyp alyp geçmekçi boldy. Bäpbe gark bolup barýarka gapdaldan uzadylan taýakdan ýapyşýan deý, hopugyp, onuň elinden iki eli bilen ýapyşdy. Emma güýç-gaýrat ýetigem bolsa, ýaraly Bäpbäni atyň ardyna almak bada-bat oňa eýgertmedi. Ahmet jylaw çekip, atynyň badyny gowşadyp, Bäpbe tarapdaky üzeňňiden aýagyny boşadyp, gyssanyp öňki hereketini täzeden gaýtalady. –Üzeňňiden basjak bol! –Wah, ýaram aýakdan! Ahmede diňe ykjam durup, ýaralynyň öz hereketindenem belli bir derejede peýdalanyp, iki eli bilen guşakdan çekensoň, ony kynlyk bilen atyň ardyna almak oňa başartdy. | |
|
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |