03:12 Ömrüni tussaglykda geçiren adamyñ mugallymyna ýazan haty | |
ÖMRÜNI TUSSAGLYKDA GEÇIREN ADAMYÑ MUGALLYMYNA ÝAZAN HATY
Pedagogika we edep-terbiýe
Hemme zada sen günäkär, mugallym! Düýn maňa ýollan salamyňy ýetirdiler. Eger tussagda bolmadyk bolsam, baryp hem-ä eliňi gysardym, hemem şu sözleri göni ýüzüňe aýdardym. Men barada: «Şonuň ýaly adamyň mugallymy bolanyma utanýan!» diýipsiň. Sen mamla! Meni şeýle rehimsiz edip ýetişdireniňe sen, elbetde, utanaýmaly! Sebäbi meniň guwanyp, buýsanar ýaly bitiren goşum bolmady. Gaýta maşgalama, daş-töweregimdäkilere, dost-ýarlaryma zyýan ýetirdim, ýaman işlere baş goşdum. Men bir ibaly adam bolup bilmedim. Şol sebäplem özümden razy däl. Töweregindäki adamlaryň ýanamagy, aýyplamagy we erbet adam diýip tagma basmagy hiç kimiňem ýüzüni güldürmese gerek. Emma meniň durmuşymyň bulanmagyna sen sebäp bolduň. Eýle-beýle diýip tankytlamazdan öň, maňa eden ýamanlyklaryňy ýadyňa sal, ruhumy nädip göýdükleşdirendigiň hakda pikirlen. Meni okadan, terbiýelän, şu derejä ýetiren sen. Saňa seredip, senden görelde aldym. Näme beren bolsaň, şonam öwrendim. Bäş ýyllap seniň okuwçyň boldum, soňam okuwy taşladym. Eden zatlaryň ýadyňa düşýärmi, mugallym? Düşmeýän bolsa, näme sebäpden günäkärdigiňi ýatladaýyn. Meniň ejem ýokdy. Öweý ejemiňem ýek-ýigrendigi mendim. Maşgalamyzda özümi keseki ýaly duýýardym, kanagat tapamokdym. Eden işimi kem edýärdim. Tabşyran ýumuşlaryňy-da şonuň üçin bitiremokdym. Agyr günleri başdan geçirýändigimi bilseňem, ýagdaýyma düşüneňokdyň. Zol-zol azar berdiň ýördüň. Şeýdip meni söýgüden, okuwdan hem adamlardan sowatdyň. Ejem bolmansoň, üst-başym beýlekileriňki ýaly arassa däldi. Şol sebäpli her gün irden maňa yrsarardyň. Kirlän ýyrtyk balagymy, hapa elimi, ösgün dyrnaklarymy, ýa çyrşaklyja ýüzümi we daralmadyk saçymy görüp, üstümden gülerdiň. Men şonda şeýle bir kiçelerdim, şeýle bir kemsinerdim… şeýle bir janym ýanardy welin, aýdyp goýar ýaly däl. Öý işimi etmesem, eliňdäki çyzgyç bilen çem gelen ýerime urup, awundyrardyň. Çydaman aglaýsam dagy «Heý, erkek oglanam aglarmy?!» diýerdiň. Şonuň üçinem okuwa barmak maňa sütemdi. Öňem öýde aram tapman ýöremsoň, ol ýerden gaçyp barara ýer gözlärdim. Kelläme diňe mekdep gelerdi, ýöne ol ýerem sen zerarly garaňky görnerdi, baranyma puşman etdirerdiň. Şeýdip, hemme kişiden bez boldum. Ýadyňa düşýän bolsa, bir gün meni kakama ýamanlapdyň. «Sapaklaryny okanok, üstesine-de diňe garagollyk edýär» diýipdiň. Kakam şonda suwa salma ýenjipdi. Men weli kakamdan taýak iýenime däl-de, seniň ýamanlanyňa janym ýanypdy. Kakam ylymdan habarsyz, nadan adamdy, ursa-da geň däldi. Emma senden weli, azajygam bolsa, maňa düşünmegiňi islärdim… Meni goramagyňa näler garaşypdym… Ýöne bar zat tersine boldy. Hawa, mugallym, sen gaty günäkär! Güler ýüz görkezip, hal-ahwalymy soran bolsaň, ýaňagymy sypap, mylakatlylyk bilen öwüt-nesihat beren bolsaň, nä, begenjimden öläýerin öýtdüňmi?! Näme üçin şol zatlary maňa köp gördüň?! Men bolsa seniň penaňda bolmak, kyn günümde senden kömek soramak isläpdim, onda-da näler isläpdim… Wah, maňa iň bolmanda ýekeje gezek eýe çykyp, goldan bolsaň, içimdäki kitüw beýle alawlamazdy, sönüp giderdi. Belki-de, şu wagt ömrümi gözenegiň içinde geçirmeli bolmazdym… Näçe gezek meni sapakdan kowup, mertebämi peseltdiň. Deň-duşlarymyň öňünde ýüzümi aldyň. Her gezek üstümden gülenlerinde, utanjymdan ýere giräýjek bolýardym… Gepiň keltesi, sen maňa gowy görelde görkezmediň, mugallym hökmünde nusga bolup bilmediň. Jemgyýetiň içinde zyýanly adam hökmünde kabul edilmegime sebäp bolduň. Eken tohumlaryň ruhumda ýigrenç bolup miwe berdi. Şeýdip, hem-ä özüme, hemem daş-töweregime zyýan ýetirýän adam bolup ýetişdim… Utanaweri, ýoldaş mugallym! Meniň eden gabahat işlerimi ýadyňa sal-da, utan! Meniň mugallymym bolanyň üçin utan! Utan, ýogsam, beýleki mugallymlaram saňa meňzär… Ýöne Hudaý o dünýede men zerarly sizden hasap sorasa, arkaýyn boluň, hemme günäni özüm götermäge taýýar. Her niçigem bolsa, siz meniň mugallymym ahyryn! Siziň öňüňizde hormat bilen baş egýärin… Ziýa ŞENOL. Terjime eden Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |