01:56 Özli-özümiz / hekaýa | |
ÖZLI — ÖZÜMIZ
Hekaýalar
Biziň obalarda «Haýyt baýramy» diýip bir baýram bar. «Haýyt»sözüniň aňyrsam, yzarlap otursak, «haýýa»diýlen arap sözünden bolup, «ýaşaýyş, dirilik» diýmek eken. Bu baýramda diriler merhumlara salama barýar. Obanyň ilersindäki belent gyryň — öwlüýäniň üsti diri adamdan dolýar. Köne goňşymyz Molla agany, inibatyrlaryňam birki sanysyny maşynjygymyza mündürip, bizem şol ýere gitdik. Niräňe baksaň, tanyş atlar. — Molla aga, ynha, şu taýda babam ýatyr, bir aýat-töwir edeli... Ine, bärde atam, ine, bu ejem pahyr, anha-da, ýeňňem görgüli, ine, bu klasdaşym, ine, bu — goňşymyz... Molla aga «uzakdan gelen myhmanyň» göwni hem şo ýatanlaryň haky üçin yhlasyny gaýgyrmasa-da, ahyrsoň ýadady öýdýän, derini çaldy-da, daş-töweregine bir seredip, uludan demini aldy: — Häý, inim... Bu ýatanlaryň baram özli-özümiz... haýsyny ýatlap, haýsyny goýjak! Iň gowusy, şu taýda oturyp, hemmesine bir degsin edeli... Onuňkyny dogry tapdyk. El göterişip, aýak üstüne galdygam welin, inileriň biri: — Oňa seret! — diýip dillendi. Seretsek, hol garagörnümden iki sany gulak barýar. Towşan! Maral towşan! Şu duranlaryň içinde towşan görmedigi ýogam bolsa, barymyz bir salym aňaldyk. O janawaram bir eýläk — bir beýläk at salyp, çar tarapa çarh kimin pyrlanýar. Nirä ursa-da, öňi adamly. Mazaly aljyrap, aňkasy aşan bolarly. Molla aganyň ardynjyramasy bizi özümize getirdi: — Hany, ýörüň onda! Beýdişip durmalyň. — Äý, o janawaram özüniňkileri ýatlamana gelendir-dä... — diýip, inijikleriň biri, aşak düşüp gelýärkäk, dillendi. Men oňa gözümi alartdym. ...Häli, ýüregime bir zatjagaz-a çümdi. Nämekä, janlarym? Hä! «Özli-özümiz»... Men bu sözi ilki nirede, kimden eşidenimi ýatlajak bolup, çygyla-çygyla, garry öýe geldim. Gelemizsoňam, göwnüme, şo öwlüýäniň bir çetinde kimdir biri yzymdan garap-garap galan ýaly boldy durdy. Birdenem, ýadyma düşdi: Taňryguly aga galypdyr! Inilere «Siz serenjamyňyzy edişdiriberiň, men häzir Taňryguly agalara aýagüstünden bary-yp gaýdaýdyn!» diýip, çykyp ugramda, hälki towşan gören inimiz dillendi: — Aga, itler-ä bardyr, bolmasa, çagalaryň birini ýanyňa alaý! Itiň ýanyna-da öz tanşy bilen barsaň gowy... — Itleriniň ady näme? — Garagöz! Garagözüm-aý şo? E-eý, Mekan... — Boldy, boldy. Ýadyma düşdi. Garagöz bolsa, maňa zat degmez. Bärden barşyma, «Garagöz! Garagöz!» diýip, birki gezek seslendim. Bir däl-de, bäşmi-altymy Garagöz daşymy aldy. Daşym-a däl, özümi alyp barýarlar. Gyssanjyma, ýene: — Garagöz, aý, Garagöz! — diýip gygyrdym. Meniň bu sesime, ýelnini ýerden süýräp, bir garry ganjyk ýetip geldi. O-da haýbat üçin birki gezek üýrüp, soňam ýüzüme seretdi-seretdi-de, kellesini eýläk öwrüp, bir «Wawf!», beýläk öwrübem bir «Wawf!» etdi. Eýleki «Garagözleriň» bary birden sumat boldy. Men Garagözüň bu hossar çykmasyndan ekezlenip, gülpsüz-kiltsiz gapa tarap gadam urdum. Şol wagtam, Garagöz bir hyňrandy-da, öňüme kese boldy duruberdi. Birwagt ylgap-böküp, ýykylyp-sürşüp ulalan gapymda bu gün şeýle gadyrsyz garşylaýyşlary meniň çetime degdi. — A-haw, başga-da bir yns-jyns barmy-how bu öýde? — diýip gygyrdym. Meniň haýkylygyma, ýeňsämden, hälki sumat bolan «Garagözleriň» bary birden seslendi. Diýmek, daşym gabalgy... — Häý, itiň biri diýsänim! — diýip, men gazap bilen gapa tarap ýene bir ädim etdim. Bu gezek Garagözüňem gözüniň agy köpeldi, boýnunyň tüýleri hüžžerdi. Beý diýmeli däldim... Diýmek, men bularyň dilini mazaly unudan bolmaly. Eýsem, men indi, özümiň zyýanlyky bir adam däldigimi, ýat dälligimi, ogry dälligimi... bulara nädip düşündirmeli?! Şu wagt meniň ýerime Taňryguly aga bolan bolsa, näderdi? «Bulara düşündirjek bolsaň, ilki özüň bulara düşünmeli!» diýermidi... Garagöz bosaganyň öňünde keserilip otyr. Maňa seredenogam. Emma, onuň gözleriniň gyýtajygynda öz suratymy görüp durun. Men «Yhm...» etdim. Garagözem, göwünli-göwünsizräk, çalajadan «Hyr-r...» etdi. Men Garagözüň iki ädim öňünde aýbogdaşymy gurdum-da, oturyberdim. Garagözem, «Ine, munyň bolýa!» diýýän ýaly, ynjalyp, garysyny ýassandy. Käte maňa tarap göz gyýtagyny aýlaýar. «Özüň-ä bir tanyş ýüz, zyýanly adama-da meňzäňok, ýöne, nämüçin geldiň?» diýip soraýar. — Häý, Garagöz, Garagö-ö-öz... «Seň ataňça barmy-ýok, entek bilip bilemok». Ataň-a, it bolsa-da, erkek itdi. Eneňem gaty akyllydy... Menem-ä seň ataň dostudyryn! Garagöz şol kese ýatyşyna, uludan demini alyp, ilki kiltsiz gapa, soňam maňa seretdi. Onuň... «Sen, dost, aýyplaşma! Bizem şundan çörek iýýäs!» diýýänine şo wagt düşünip galdym. — Wah, Garagöz! Gara gözleriňe döneýin seniň! Sen ýöne-möne it dälsiň, sen — Taňryguly aganyň itisiň! Sen bir, adam diline doly düşünýän bolsadyň, menem siziň diliňizi doly öwrenen bolsadym, onda men saňa kän-kän zatlar hakda gürrüň bererdim... Meselem, çöl hakda, möjekleri-goýunlary hakda, Taňryguly aga hakda, ýakynu-ýatlar hakda... Özümiň näme üçin şu gün şu ýere gelenim hakda! Häzir, birsalymdan, «O-how, Kyýas jan!», «Kyýas akga, özüň-maý?» diýip geljekler hakda... *** Hyt-da — pyt, gyk-da — bak, «Wäk, seniň-de...» — «Wah, seniň...». Çary Bäşimi çalar, Bäşim Altyny, Alty hanam, başga kişä güýji ýetmänsoň, bar gaharyny emedekläp ýören Bekgijikden çykarar. Bularyň gykylygyndan basylyp, halys degnasyna deglen ejelerem şonda, bir elini bykynyna urup, beýleki eliniň süýem barmagyny bularyň gözlerine gezär-de: — Kakaňyz bir gelsin entek! — diýer. Bu iki agyz sözden bularyň barynyň bady gaçar, egilmezek gara başlar aşak egler, ýylt-ýylt edip duran galtaman gözler ýere bakar, emedekläp ýören Bekgijige çenli bary birden ýer dyrmalar. Ýok, bular kakalary Taňryguly aganyň gelip, baryny kakyşdyryp-uruşdyryp, depişdirip, gyran-jyran ederinden gorkanoklar. Şularyň hersi kakalaryndan aýda-ýylda birki şarpyk ýa dadandyr, ýa dadan däldir. Ýok, ondan däl! Kakalarynyň çölden gelmegi — bular üçin ýylda iküç gezejik bolýan bir baýramçylyk, uly bir toý. O toýda, o baýramda uruşda-da ýatdan çykýar — gykylygam, öýke-de eräp gidýär — kine-de... Ýeri, indi, şojagaz baýramam bi ejeleri ýasa öwrüp oturybirmikä? Ana, şo pikir gorkuly! Taňryguly aga gelende, bular, dogrudanam, başga adamjykardyr. «Wäk-de» ýok, gyk-bak-da. Diňe emedeklemäni oňarýan Bekgijikden başgasy, kakalary ýaly aýbogdaşjygyny gurup, burunlary deşilen dek, bir saçagyň başynda jem bolupjyk oturandyrlar. Galtaman gara gözlerde-de «Biz-how, özli-özümiz-ä!» diýlen ýalyrak çuňňur bir pikir ýatandyr. Taňryguly aga bularyň hemmesiniň habaryny alyp ýetişmänkä-de, daşardan «Salawmaleýkim!» sesi eşidiler: — Taňryguly aga, myhmanly-zatlymydyň ýa? — Aý, ýok, özli-özümiz-le, geliber! Ynha, indi boldy. Diýmek, toý dowam edýär. Öz jigilerim bilen menem köplenç şo toýuň myhmany. Kakamyz pahyr urşa gitmese-de, dünýäden ir gaýtdy. Kakaň ýogalmagy bolsa, uruşda-da, uruşdan öňem, uruşdan soňam, adam üçin iň uly betbagtçylygyň biri eken. Kakam pahyr Taňryguly agadan kiçirägem bolsa, onuň bilen ümi alşardy. Menem Taňryguly aganyň uly ogly bilen ýaşyt, klasdaş, menden kiçileriňem Taňryguly agaňkylar bilen ýaşma-ýaş gabat gelişýänleri bar, olaram bular bilen dost. Ana, onsoň, olaryň toýy biziňem toýumyz bolaýýar. Şu uly maşgalada bir öwrenişip bilmeýänimiz — Taňryguly agaň uruşda wepat bolan agasynyň ogly Atahandy. Asyl, geçimiz goşulyşman geçdi-dä. Bizden üç-dört ýaş ululygyndanmy-nämemi... Mekdebi gutaran badyma-da, ejem pahyr elimden tutup, meni ýene Taňryguly aganyň gaşyna getirdi. Ol: — Taňryguly aga, bular-a birtopar ýetim... — diýip başlandan, Taňryguly aga ýassanyp oturan ýerinden dikeldi: — Dur, gelin, dur, goňşy! Muň ýaly ýigit ýeten ogluň bar ýerinde ýetimlik bolmaz. Ýigit diýlen, on bäşde-de ýigitdir, özüni oňarmaýan bolsa elli ýaşda-da etimdir... Sen, hany, şu ýigidi meniň elime bir ber, onsoň göreris kimiň ýetim — kimiň ýesirligini! Nädersiň şu birküç ýylyň içinde agylyňyz goşalanyberse! Şeýdip, ejem ikimiziň ýaýdana-ýaýdana aýtmaga gelen haýyşymyzy Taňryguly aga aýtdyrman bitirdi oturyberdi. Bizi birazajyk gypyndyran, keýpimizi kemelden zat — Taňryguly aganyň şo wagt öýde oturan gelnejesi, Atahanyň ejesi Gülnür ýeňňäniň birden hasyrdap turup, çalaja «Sag oturuň...» diýäge-de, çykyp gidibermesi boldy. Men-ä beýle-beýle zatlara myzaýyk etmelidirem öýtjek däl welin, ejemiň ýüzüniň birden boz-ýaz bolanyny görüp, meniňem ynjalygym gaçdy. Üstesine, Taňryguly aganyň elindäki çaýly käse-de birhili çaýkanyp giden ýaly bolaýdy. Taňryguly aga bolsa şol başky arkaýynlygy bilen: — Onda, gürleşdik! — diýdi. — Goşuňy düwüber, han ogul! Iňňe-sapagyňa çenli! Bäş-on günden yzymyzdan maşyn geler. — Taňryguly aga, birden bir oňat pikir kellesine gelen ýaly, ýagtylyp ýylgyrdy. — Anha, sen baraňsoň, Atahan pälwanyňam wezipesini ulaldarys. Sen-ä çoluk, o-da indi ýanaw çopan bolar. Hä, şuny ýaňy aýdaýyn diýip otyrdym welin, ýetişmedim... ...Oba arasynda. «Taňryguly agamyza çöl düşdi» — diýip, gürrüň ederdiler. — Gör-ä, uruşdan geleni bäri çölde. Öz öýüniň, hojalygynyňam ezeneginden galdyrdy, agasy pahyryňkyňam...». Bütin oba ony akylly, edenli, gurply adam diýip hasap ederdi. Aşaklyk bilenem, bütin oba «Taňryguly aga çölden bir ullakan gyzylly hum tapaýanmyş» diýip gürrüň ederdi. Hem, bütin oba, aşaklyk bilen, Taňryguly aganyň ullakan bir gyzylly hum tapaýaryna, ony düýesine ýükläp getiräge-de, obanyň orruk ortasynda gütüledip düşürip, «Şu obada şu günden beýläk men başlyk!» diýerine, soňam şo gyzyllary birujundan paýlaryna garaşýardy. Emma, Taňryguly aga welin, ol gyzylly humy wagty bilen tapmady. Tapjaga-da meňzänok. Gözlänogam. Gürlänogam. Men muny, Taňryguly aganyň yzyna düşüp, çoluk bolup gidemde bildim. Atahan-a şol üç-dört ýaş ululygyny hem özüniň çoluk-soluk däl-de, hakyky ýanaw çopanlygyny has nygtamak üçinmi-nämemi, ýa-da birki gezek Taňryguly aganyň gybatyny etjek boldy-da, menem goşulmadym — şondanmy, garaz, bu meniň bilen adam şekilli gürleşenok. Taňryguly aga ondanam beter. Meniň içim gysyp, obany küýsäp, ýüregim ýarylyp barýar. Bar gürrüňdeşlerim — Taňryguly agaň itleri. Olar bilen welin derrew dostlaşdym. O janawarlar-a näme, Alabaýdan öňňesi, her gün meniň elimden ýal iýýär, meniňem günüm şo wagt itiňkiden ybaly däl. Onsoň, dostlaşarsyň-da. Soň-soň, bu goşdaky dikgirje eşekdir bir gözi kör düýe bilenem, Taňryguly agaň edişi ýaly, «adam dilinde» gürleşmäni öwrendim. Ýeke gözi bilen hol allaowarralara seredip, gäwişäp duran düýäniň alkymyna barýan-da: — Ýer-ow, körhan, köprüden sag-aman geçip geldiňmi? — diýýän welin, janawar belent başyny aşak egip, ýumşajyk dodaklary bilen meniň elimiň barmaklaryny «sanaşdyryp» ugraýar. Ýa «köprüden» näçe gezek geçenini aýtjak bolýarmy... Taňryguly aga aram-aram, eşeginiň torbasyny goýun gumalagyndan ýarpy edýär-de, eşegiň tumşugyna geýdirýär. Men-ä başda, muny eşege berilýn bir temmidir öýtdüm welin, ýok, Taňryguly aga: — Muny dikgirdedýän zat — şudur! — diýdi gaýta. Soň Taňryguly aga bu işem maňa tabşyrdy. Nädip, nähili gumalak saýlamalydygynam öwretdi. — Eşşi beg! — diýip, elim torbaly baryberýän welin, eşek janawar hynçgyryp ugraýar. — Hä, şu gün-ä bir hezilligiň boljagyny aňdyň öýdýän. Bolýa, me! Gumalak däl-de, şekelatdyr bi... Hawa, bular-a maňa düşünip ugrady öýdýän. Nädip düşünýänlerin-ä bilemok. Ýa sesimden aňýarlarmyka? Indi ýene bir mesele: men bulara nädip düşünmeli? — Haýwanlaryň, guşlaryň, agaçlaryň diline düşünmäni öwrenseň, soň adama düşünmek, adam tanamak kyn däl! — diýýä Taňryguly aga. Ýöne, nädip?! — Haýwanyň dili — hereketleri. Şony gowy synlasaň, onuň pikirinem bilse bolýar — niýetinem, şondan onuň alkyşynam okasa bolýar — öýkesinem. — Muny aýdýanam Taňryguly aga. Yzy: — Aslynda, adamyňkam şeýle. Onuň ýürejigini açýan zat — dili däl-de, hereketleri. Eger adam gürlemese, hereketlerinden, işinden onuň nähili adamdygyny aňsa boljak welin, näme, adam bir dilli kelle-dä, gürläp, özüniň kimligini ýaşyraýýar-da... — Men köpçülikde kän gürlämok, şoň üçinem, meni akylly adamdyr öýdýärler — diýip, Taňryguly aga güldi bir gezek. — Menem gürlemezligi haýwanlardan öwrenýän. Onda, akylly diýjek bolsaň, şu janawarlara diýmeli-dä... — Aý, ondan näme sorasaň, näme hakda gürrüň açsaňam, derrew haýwandan, ot-çöpden mysal getirip başlaýar — diýip, Atahan bir gezek zeýrendi. — Sen-ä «Adamlar kosmosa uçup ýör!» diýseň, o-da «Adamdan öň it uçupdyr» diýýä... — Şo gowy dälmi?! — diýip, men Atahana garşy çykdym. — Taňryguly agany gürletjek, gürleşjek bolsaň, haýwanlardan, ot-çöpden gep açaýmaly. Onsoň, hezil et-de, diňle-de otur. Atahan meniň ýüzüme birerbet çiňňerilip seretdi: — Sen... şeýdip, oňa ýaranjak bolýaň öýdýän?! Taňryguly aganyň akylyna eýerip, men gürlemedim. Taňryguly aganyň diýýäni dogry eken: men bu ýerdäki janly-jandarlar bilen «dil tapyşmagy» öwrenemden soň, Taňryguly agaň özi bilenem birhili gepimiz alşyp ötägitdi. Ýöne, şu Atahana welin, näme diýjegimi bilemok-da. Aý, o-da özi bilsin... Anha, süri goşa inip ugrady. Bi näme, itleriň biri agsap gelýän ýaly-la! Howwa, şeýle, Ganjyk... O janawaryň özem şol — ady-da şol. — Wah, Ganjygym, görgülim! Näm boldy saňa... Ganjyk tumşugyny dyzymyň üstüne goýup, çyňsap, «arzyny» aýdyp ugrady. — Gyýzygar, Ganjygyň-a aýagyndan bir zat çakdy şu gün! — diýip, gapdaldan Taňryguly aga habar berdi. — Derrew o:t basyp, injikden ýokardan daňyb-a berdim. Edil bilen ýaly, şu gün, geçip barýan düýeliden, bir gömme nan berip, ýerine süýt-gatyk alyp galypdym. — Taňryguly aga, şuň ýalyda süýt bermeli, zäheri kesýä diýýädiler welin, muňa süýt-ňüýt beräýsem näder? Taňryguly aga ýüzüme bir geňirgenip seretdi-de: ― Aý, süýdüň bar bolsa, ber, inim! — diýdi. Men süýtli ýalagy Ganjygyň öňüne goýup-goýmankam, «Eý, itleriňi soň ýallarsyň-da. Hany çaýyň?» diýip, Atahanyň sesi geldi. Çaý-nahary maňa aýtma gerek däl. Ýöne Atahanam şony her gün bir azgyrylyp aýtmasa — bolanok. Aý, zyýany ýok. Ol häzir Taňryguly agadan goýun bakmany öwrenişi ýaly, maňa, şu itlere, hol eşege, düýä höküm etmänem öwrenjek bolýar. Düýe-hä, ony görse, ýeke gözüni alardyp, it ýaly hyňranyp ugraýar. Eşegem, Atahan haýsy tarapdan gelýän bolsa, şo tarapa syrtyny öwrüp durýar. Sebäbi, bir gezek Atahan düýäni eşegiň yzyna tirkäp, suwa barýakamy ýa gelýäkämi, eşeg-ä bir zatdan ürküp, birden durupdyr, yzdan kelte tirkelip gelýän düýe janawaram muny görmän, gelip, eşegiň üstünde oturan Atahany döşi bilen urup, gaňňadan agdarypdyr. Atahanam eşegiň kellesine, düýäniň tumşugyna urup-urup, içini sowadypdyr. Yzanda-çuwan bolşup, geldiler goşa... Itler... Itlermi?! Aý, bu milletiň diline düşünmek aňsadam ýaly welin... Ýöne bularyň adamy nämüçin gowy görüp ýa görmeýänine, sylap ýa sylamaýanyna aňsat düşünmersiň. Birini bir gowy gördükleri, soň, şondan taýak iýse-de, daşynda pyrlanyşyp, ýallaklaşyp ýörendirler, birini jynlary almasa-da, gutardy — on ýyldan soň görse-de, hyr-r-r... Taňryguly aganyň itleri — giden bir goşun. Ol goşunam, öň aýdyşym ýaly, ýal meselede maňa elgarama. Ýöne men öz wezipämden peýdalanyp, olaryň üstüne heňkirjek bolup duramok, ýa birini ileri tutup, eýlekisini öweýsiretjek bolamok. Itlerem şony duýýalar öýdýän, bir zat diýsem, gulak asýalar, meniň keýpimem derrew ýüzümdenmi-sesindenmi, aňýarlar, şoňa görärägem bolýalar. Ýöne bu goşunyň serkerdesi — Alabaýy welin Taňryguly agaň hut özi, öz eli bilen naharlamaly. Ýanynda çommalyp oturyp, her dürli süýji sözler bilen garyp, höregini agzyna tutup bermeli. Taňryguly aga muňa ýaltananok, kiçiligem bilenok. Sebäbi, ol şu süri üçin Alabaýyňam özi bilen deň derejede jogapkärdigini bilýär. Ine, onsoň, daşyndan gören adama, ynha, iki sany deňli-derejeli pyýada — biri ýaplanyp, birem çommalyp — bir tabagyň başynda ümmüldeşip oturan ýalydyr. Anha, şojagaz hormatyň haky üçinem, Alabaý janawar soň ölerini-galaryny bilenok, möjekdenem gaýdanok — beýlekidenem. Galan itlerem näme, Alabaýyň agzyna bakýalar. Alabaý birki gezek lowh-lowh edenden, «Biz bardyrys, özli-özümizdiris!» diýýän ýaly, çozuşyp gelýärler. Şonuň üçinem, Taňryguly aga-ha Alabaýdan arkaýyn, Alabaýam, «Anha, eýämiz otyr!» diýip, bu-da arkaýyn. Aý, garaz, giden bir arkaýynçylyk. Göwnüme bolmasa, möjekdir şagal, ogrudyr jümri şu arkaýynçylykdan peýdalanyp, ondan-mundan çozuberjek ýaly welin, ýok, ümsümlik, parahatçylyk. Diýmek, olar şu arkaýynçylykdan, şu asudalykdyr ümsümlikden gorkýan bolmaly. Ogurlyk üçin, näçe galagopluk, bulam-bujarlyk, aljyraňňylyk bolsa, şonça gowy. Şonda, kimiň gelip — kimiň gideni, näme alyp — näme goýany bildirenok. Bu taýda welin, bir zomp edip, «Essalawmaleýkim!» diýýänýaly, iki öň aýagyny döşünde gowşuraga-da, ýene ýeriň astynda sumat bolup gidýän alakalara çenli Taňryguly aganyň «öz adamlary» ýaly bolup dur. Göwnüňe bolmasa, şolaram Taňryguly aganyň ýanyna assyrynlyk bilen baryp, «Haw, agam, şo tarapdan biz tarapa bir-ä gelýär welin, niýetini hiç aňlap bilmedik!» diýäýjek ýaly. Şonuň üçinem, bu ýere, bu goşa, bu sürä diňe dost bolup gelip bolýar. Anha, men şoňa düşündim. Ana, men şoňa düşünenime begenýän. Bu taýdaky birgeňsi tertibiň, oňşugyň ýene bir sebäbi — o-da ýene Taňryguly aga. Ol şu goşdaky, şu sürüdäki, şu jelegaýdaky janly-jandaryň — goýunlardyr geçileriň, itlerdir pişikleriň (birki sany ogruja pişigimizem bar), eşekdir düýäniň (Atahandan başgasynyň) — barynyň agzyny birikdirip bilýär. Nädip edýär welin, edýär şony. Şony edip bilýänligi üçinem, ol biziň başlygymyz, eýämiz, agamyz! Diňe agyz alardyp däl-de, agyz birikdiribem, höküm sürse boljak eken. Biz-ä biz diýseň, goňşuçylykdaky çopanlaryň biri itini taýaklap kowsa-da, o janawar gaçyp, şu goşa gelýär. Taňryguly aga «Degmäň!» diýensoň, biziňkilerem degenok, onsoň ýaňky item, tä eýesi bilen ýaraşýança, şu taýda bolýar. Gaýda-tupanda, möjekleriň alamançylygynda bölünip, tazygyp gaýdan goýunlaryňam köpüsi şu ýere gelýär, basymam yzyna gowuşýar. ...Anha, süri parahat gäwüş çalyp, çalaja yňranjyrap ýatyr. Itlerem, özlerinden birini Ganjygyň ýanynda «eneke» goýup, galanynyň hersi süriň bir gapdalynda kä ýatyp, kä turup, aýlanyşyp ýörler. Ganjygyňam indi jany biraz ara gelendir-dä, çyňsamasyn-a goýdy. Ganjygyň iki güjüginiň biri Garagözjügem şol arada bir ýerden ýumak ýaly togalanyp geldi-de, enesini gabanyp, ilki maňa haýbat urdy, soňam, enesiniň ýaraly aýagyny ýalaşdyryp ugrady. Ganjygyň beýleki, erkek güjüginiň-ä göwnübir ýaly welin, bujagaz Garagözüň, baý, bolan bolaýşyny! Ol diňe öz enesini däl, şu goşdaky, sürüdäki, daş-töwerekdäki zatlaryň, janly-jandarlaryň baryny öz hususy emlägi hasaplaýar. Bar zat bilenem işi bar. Bir görseň, öz enesini beýleki itlerden gabanyp, olar bilen «ýakatutdy» bolşup ýörendir, soňrak, körhan gelip, meniň barmaklarymy «sanap» ugrasa, jöw-jöwläp, onuňam boýnundan aslyşýar. — Anha, şu gyýzygar, enesi ýaly, düzük bir it bolar! — diýdi Taňryguly aga-da. — Şo süýdüň-ä jaý boldy, inim, peýda etdi öýdýän... Ýeri, şü çölüň içinde süýdi nireden tapdyň? — Äý... «Ganjygyň nesibesi artykdyr» diýýädiň-ä özüň, Taňryguly aga! — Hä, o şeýledir! — diýip, Taňryguly aga güldi. Agşam, çaý-nahardan soň, Taňryguly aganyň dymyp oturasy gelmedimi-nätdimi, ýene bir itli gürrüňe başlady: — Adam ata behiştden kowlup, Ýere düşensoň, Şeýtan aleýh-ul-lagna Ýer ýüzündäki janawarlara habar berdi diýýä: «Eý, ýaranlar, Ýer ýüzünde Adam diýip bir mahluk peýda boldy, özi güýçlüdir, akyly-pikiri özündenem güýçlüdir, ol siziň baryňyzy, islese, işleder, islese, öldürer, islese — iýer. Ony şu wagt öldürip dynmasaňyz, soň onuň jepasyndan gutulyp bilmersiňiz, ertirki gün ol köpeler — köl bolar, nebereleri çöpden-çörden kän bolar, soň oňa güýjüňiz ýetmez» diýdi diýýä. Mundan soňra, Ýer ýüzüniň bar ýyrtyjysy Adamyň daşyna geçdi diýýä, hyrlaşyp, arlaşyp, uwlaşyp, aly-y-yp barýalar diýýä. Adam ata gaty gorkan hem Hudaýa nalyş eden: «Eý, Subhana-hak-tagala, men indi şu ýerde şu ýuwdarhalara şam bolmaly boldummy?» diýip.Elbetde, Allatagalaňam ony öldürmek niýetinde ýok. Ana, onsoň, gaýypdan seda geldi diýýä: «Seniň ýanyňa bir janawary iberendirin, oňa it diýerler, sen onuň başyny sypa!» diýip. Adam aleýhissalam itiň başyny sypady diýýä. Şol gün — şo sagatdan it Adama dost bolup, wepasyny bildirip, onuň daşyny alan nägehanlaryň üstüne topulyp, güýji ýetenini öldürip, güýji ýetmedigini hemle-haýbat bile gorkuzyp, jyrraldyp, ýurtdan çykardy diýýä... — Äý,munyň-a, agam, bir bolgusyz, dini gürrüň boldy! — diýip, bir çetde çyranyň ýagtysyna kitap okap ýatan Atahan birden dikeldi. — Adam asmandan inen zat däl-how, Ýerde döräp, Ýerde köpelen. Seniň o diýýän nägehanlaryňam itiňden däl-de, adamyň güýjünden, akylyndan gorkusyna gelibilenok. Dünýäde adamdan akylly, adamdan güýçli jandar ýok! A sen bolsa, Adam ata diýdiň, şeýtan diýdiň, behişt diýdiň — ýok gürrüňleri tapýaň... Taňryguly aga bu oslagsyz gürrüňe näme gaýtargy berjegini bilmeýän ýaly, dymdy-da, bir meniň ýüzüme, birem Atahanyň gapdalynda üýşüp ýatan kitaplara seretdi. Wah, Taňryguly aga, menden näme haraý bolsun şu wagt? Sen-ä bir sowatsyz, menem seniň bäri ýanyňy dolan... Ikimizem ýokary bilimli bolaýanymyzda-da, bi Atahan bize ýeňdirtmeýär-ä... Eger ýaňky «adam güýçli» gürrüňini Taňryguly aga tapan bolsady, onda Atahan hökman «Ýok, adam tebigy güýçleriň öňünde ejiz bolansoň, gorkuzyna, dini, Hudaýy toslap tapypdyr» diýerdi. Ony gepde utmak, sözünde tutmak mümkin däl diýýän-ä... Özem-aýt, şu düňle çölüň içinde şunça kitaby nireden tapýarka diýsene! Elbetde, Atahanyň şu wagt özüniň ininiň tikenekleýänini, ýaňkyja haýbatly sözlerem öz gorkusyny basmak üçin aýdýanyny men aňyp otyryn. Ýöne, hany, ony nädip boýnuna goýjak? Men itleriň biriniň üýrýän sesini eşidip, daş çykdym. Soňrak öwrülip gelsem, Taňryguly aganyň sesi has gatalypdyr: — ...Adamgüýjüne baýrynyp, özünden ejiz jandarlary gyrybermelimi onsoň?! Janly-jandaryň içinde bizden güýçlülerem kän-ä:pil diýdi, düýe diýdi, aýy diýdi, ýolbars-gaplaň diýdi... Eýsem, «Gün güýçliňki» edip, olaram biziň daşymyza geçiberse, nähili bolar? Geçiberenog-a şolar... — Geçibem bilmez! — diýip, Atahan dulda asylgy duran «goşa» tarap ümledi. — Iň gowusy, gijäň içinde, ýok zatlaryň gürrüňini edip, ýaş oglany gorkuzyp oturmaly-la, agam? — Beh, beh... Şu giň çölüň içinde men näme gürrüň edemde näme? — diýip, Taňryguly aga geň galdy. — Häzirki zaman çölünde şeýle gürrüň etmek bolanok, agam! — Kim aýdýar-aý şony, «ýok zatlar» diýip... — Mugallymlar, kitaplar aýdýa, men aýdýan... ― Äý, seň mugallymyňam... Men Taňryguly aganyň eliniň sandyrap ugranyny gördüm-de, ara düşdüm, aralygrak gürrüňdir-dä diýibem, Taňryguly aga öz mekdep mugallymymyzyň bir gürrüňini aýdyp berdim.Şo gürrüňe görä, dünýä belli bir uly ýazyjy: adamlary milletlere, jynslara, dinlere, ýene şuňa meňzeşlere bölmän, haýwanlaryň ýolbars, gaplaň, möjek, şagal, tilki, ýylan... diýlip bölünişi ýaly, toparlara bölseň, dogry bolar diýýän eken. Sebäbi, her adamda bir haýwanyň häsiýeti bolarmyş: kimde ýolbarsyň, kimde şagalyň, kimde ýylanyň... — Hä-ä, ana, gördüňmi?! — diýip, Taňryguly aga, göýä, özüne arka tapynan ýaly, begendi. — Men aýtmadymmy?! Ýok, menem aýdamok — il aýdýar. Ýalmawuz hem alarman birine bir agyz sözde baha bermeli bolsa, «Möjek-läý ol!» diýäýýäler... Ho-ho-ho... Çopanlaryň biriniň öňki permämizden zeýrenişi ýadyma düşýär: «Garagulak ýaly, mydama yzyma düşüp, garawullap ýör» diýýädi.. He-he-he... Iň bärkisi, şü eşekýassyk näme, şunam adama meňzetse boljak eken, öňräk birine şeý diýdiler welin, edil şap bolaýdy-da! Ha-ha-ha... Taňryguly agaňk-a, gahardan soňky gülki bolmagy mümkin welin, onuň açylanyna, öz «sowma» gepimiň ýerine düşenine, «mugallym» sözünem, garaz, başardygymça aklanyma begenip, menem güldüm. Bir seretsem, Atahan maňa gözüni alardyp ýatyr, ol: — Hüh, it küje-e — eşekýassyk küje, adam küje... — diýip, hüňürdedi-de, aňyrsyna öwrüldi. Ýatan ýerinde, elindäki kitabyny agdaryşdyryp ugrady. Taňryguly aga ikimiz ýalan sözüň üstünde tutulan ýaly, oňaýsyz ýagdaýa düşdük. Dogrudanam, biziň bu gürrüňimiziň ne başy bar — ne-de aýagy. Şuňa ünsem bermändiris. Aý, ýöne, dommarylyp, dymyp oturanyňdan ýa-da düňderilip ýatanyňdan-a gowy. Taňryguly aga-da uzak dymyp oturyp bilmedi, öňki gürrüňleri biraz seplejek boldumy ýa kellesine başga bir pikir geldimi, alaga-da: — Islendik haýwany eldeki edip bolýar! —diýdi. — Munuň üçin, ondan hörejigi hem iki agyz ýyly sözüňi gysganmasaň, bolany. Emma, adamy welin, hiç zat bilen eldeki edip bolanok... Men Taňryguly aganyň sözüne «Hä, howwa!» diýip ýetişmänkäm, bir hasyrdy gopdy, tas çyramyz öçüpdi. Seretsem, Atahan daş çykyp barýar. Taňryguly aga murtlaryny sypalap, biraz oturdy-da: — Hä-ä, indi ýatylaýsa-da bolýa! — diýdi. — Gowy gürrüňler etdik bu gün. Gowy boldy, inim! — Howwa, Taňryguly aga, gowy boldy — diýdim menem. Nämüçin diýenimem bilemok. Gowy bolan zadam-a ýok. — ...Şuny senem soraňok, menem aýdamok — diýip, soňrak garaňkyň içinden Taňryguly aganyň sesi geldi. — Soraýsaňam, näme diýjegimi bilemok, inim. Menem, garaz, eşidip ýatanymy aňdyrmak üçin: — Äý, soramasaňam, düşnükli-läý! — diýen boldum. — Bäh! Tüweleme... Äý, ýöne, sen düşünseňem, men-ä düşünmän geçdim, inim! Sen uklaňok gerek? — Ýok, uklamok... — Äý, Atahanam näme, agamyz pahyrdan galan ýeke ýadygär-dä! — diýip, biraz salymdan Taňryguly aga gepini açyklaşdyryp ugrady. — O pahyr-a prontda ýere siňip galdy, bizem, ynha, diri... Bi, Atahany men çagaka boýnuma mündürip, köpräk göteräýdim-dä. Muňa «Inim» diýip däl-de, «Agam!» diýip ýapyşdym başda. Häzirem «Göter boýnuňa!» diýse, alajymyz ýok, göteräýmeli. Özüňki — özüňki bolýa-da, özüňki dälem bolsa... Ýöne... Anha, hol Alabaý nämüçin meniň her bir sözümden, hereketimden many çykaryp bilýä-de, bi Atahan çykaranok? Sen ýataňok dämi? — Ýok, ýatamok. — Ýatmadyk bolsaň, şeýle. Alabaý meni özüniňki hasaplaýar. Atahanda welin şo pikir ýok. Nämüçin şeýle bolýanyna-da men düşünemok. Nämüçin maňa ýeňse tüňňerdilýänine düşünemok. Bilmedim ýa özümdenmi, ýa ýeňňemizdenmi, ýa munuň okumyşlygyndanmy... Ýa bi, dogrudanam, özüni aga hasaplaýamy? Bu soraglary Taňryguly aga maňa berýämi ýa özüne berýämi — düşünibilmämsoň, menem garaňkyda egnimi gysyp, dymyp ýatyryn. Ýeri, düşünäýeňde, näme diýjeg-aý?! «Iki dogan uruşdy-y, men samsygam ynandym» diýýädi ejem görgüli. Ýogsam, edil şu wagt Atahan hakda mende-de aýdara zat ýok däl. ...Mekdepde okap ýörkäk, bir uly baýramçylyk boldy. Ýeňiş baýramy. Şonda ýetim okuwçylara, birinji nobatda-da, kakalary uruşdan gaýdyp gelmedik çagalara egin-eşik, köwüş-söwüş sowgat berdiler. Atahana-da şonda täzeje balak ýetdi. Dabara gutaran bada, Taňryguly aganyň uly ogly Akmyrat ikimiz onuň serpaýyny gutlajak bolup, ýanyna bardyk. Ol biziň gutlagymyza «Hä-de» diýmedi, «Howwa-da». Hamana, ol balagy mekdep bermän, özi uruşda gan döküp gazanan ýaly, gaýşarylyp dur zaňňar. Soňam birden, Akmyrada seredip, birhili ýylgyrdy-da: — Hä, gördüňmi? — diýdi. — Seňňem kakaň uruşda ölen bolsa, senem häzir meňki ýaly täzeje balakly borduň! — diýdi. Akmyrat doňup galdy. Hernä, men ýeňinden çekip, alyp gaýtdym wagtynda. Ýöne muny nädip aýtjak Taňryguly aga?! Ýa aýdaýsammykam... Şol wagt hasyrdap, ejem görgüli ýetişdi-de, ellerini gerip, göz öňümde dikeldi;«Gep-gürrüň bilen işiň bolmasyn! Sen bir ýetimsiň, balam...». Atahan meni bir mana düşmez berebekgeý hasaplasa-hasaplabersin, men onuň kimligini, nämeligini bireýýäm aňýan. Oňa geregi — bir ýerde-hä «Anha, uruşda wepat bolan gahrymanyň ogly!» diýip, el çarpsalar, ýene bir ýerde-de «Wah, wah! Ýetim neresse!» diýip, başyny sypasalar... Taňryguly aga-da o sözleriň ikisinem diýenok. Diňe «Inim!» diýäýýä. Bu-da Atahana az bolýa... Ýöne muny nädip aýtjak? Men şeýdip, öz sorag-jogaplarym bilen başagaý bolup otyrkam, ýene: — Bir gezek... — diýip, Taňryguly aganyň sesi geldi. Biziňki şeýle-dä. Men, meselem, içimden «Bir gezek...» diýip, bir wakany ýatlasam, eddil yz ýanyndan Taňryguly aga-da «Bir gezek...» diýip gürrüňe başlaýar. Ýa-da tersine. — Howwa, bir gezek agamlara bardym, gapyny kakdym. Atahan inimiz çykdy. Gapyny açybam, yzyna gitdi. «Kim bar?» diýip, ýeňňemiz ol otagdan gygyrýar. «Taňryguly-laý!» diýdi Atahan inimizem. «Bäh...» diýdim menem içimden. Ýeri, sen özüň bolsaň, näme diýerdiň? Ýatdyňm-aý sen? — Ýok, Taňryguly aga! — ...Soňam bir gezek, ýeňňemiziň «Ana, ol-a gitdi, bu-da gezip ýör, nämüçin ol-a ölmeli, Atahanjanam ýetim galmaly, oňkularam hondanbärsi, kakaly bolan bolup ýörmeli?» diýip aglanyny maňa gelip aýtdylar. Ýeri, men muňa näme diýmeli? Hä?! «Men-ä bilmedim-aý, Taňryguly aga!». — Hä?! — Men-ä bilmedim-aý... — Bilmeýän bolsaň, aýt hany, meniň näme günäm bar şu taýda?! — Seniň günäň ýok, Taňryguly aga! Hiç günäň ýok! Taňryguly aga pahyr uludan demini aldy. Meniň şojagaz sözüme ynanybam, ynjalan ýaly boldy. Birsalymdan: — Bizler bolsa-a, okamadyk, gyýzygar... — diýip pyşyrdady-da, soň gürlemedi. Onsuzam, onuň şu günki ýaly kän gürlänini men heniz görmändim. Ýene güpürt boldy. Atahan geldi. Gelibem, ýatdy. Aý, ýatsyn! Taňryguly aga ikimize şunça gürrüň edere maý berdi — sag bolsun! ...Ertesi Atahan ýene bir ajy ýylgyrdy-da: — Taňryguly bilen-ä geçini goşýaňyz öýdýän! — diýdi. Men ýene näme diýjegimi bilmedim. *** Men bu gün odun ýygmaň aladasynda. Şonuň üçin, düýänem maňa goýup gitdiler. Men ýekegöz «döwümiň» gerşine atlanyp, odunyň bolrajyk ýerini gözläp barşyma, telim alaňdan aşaýypdyryn. Birden hol garagörnümde bir zatlar müňedekleşip, ýene ýitirim boldy. «Äý, alaka beglerdir-dä!» diýip, ýene ýöräberdik. Golaýrak barsak, hälki ýerden ýene bir zat zomp edip çykdy. Ýok, alakadan-a has ulurak, itiň güjügimi-nämemi... Ýok, güjüge-de gaty bir meňzänok, kellesi özünden uly. Ýaňkyň yzyndan, şoňa meňzeş ýene iküç sanysy ommak-çommak bolşup, ýeriň aşagyndan çykdy. Oh-how... Bular möjek çagasy ýaly-la! Dur, janawar! Olar-a bize, bizem olara birsalym aňkarylyşyp durduk. Soň men düýäň başyny yza öwürdim. Şu golaýda bularyň hossarlaram bolaýmalydyr. Olar bilen şeýdip ýüzbe-ýüz durmaga bolsa, mende-de gaýrat ýok, ýekegöz «döwümde-de». Agşamlyk men bu duşuşyk hakda Taňryguly aga habar berdim. Ilki garaşan zadym: Taňryguly aga ýa-ha bada-bat tüpeňe ýapyşar-da, «Hany, ýör, görkez!» diýer öýtdüm, soňra onuň dymyp, pikire çümüşini görübem, ertiriň özünde ýerini täzeläp, goşam göçürmegiň aladasyny edýändir öýdüm. Emma, bu çaklaryň ikisem dogry çykmady. — Äý, ol-a gowam bir tarapdan! — diýip, gaýtam, ap-arkaýyn Taňryguly agamyz. — Golaýymyzda süren edinip, şu taýda-da güjüklän bolsa, bize zat degmez olar. Iň bolmanda, çagalary ese-boýa galýança... Möjek öz süreniniň, öz çagalarynyň golaýyndaky sürini çapýan däldir. Ana, şo-da olaryň adamdan artykmaç bir ýeri-dä... «Siz degmeseňiz — biz degmeris, biz goňşudyrys, özli-özümizdiris!» diýdikleridir-dä, elbetde! — diýip, Taňryguly aga, hamana, täze bir gowy goňşy edinen ýaly, göwnühoş ýylgyrdy. Taňryguly aga birden, gapdalda kitap okap oturan Atahana tarap üýşenibräk seretdi-de, öz sözüne düşündiriş berdi; — Men beý diýsem, möjek adamdan gowudyr ýa akyllydyr diýdigim däl. Ýöne, degmeseň — degmeýänler-ä hak. Çagalaryna degläýse welin, onda bilmedim... Birwagt şu çölde bir waka bolan. Emin aga diýip bir çopan çaga-çugalary, maşgalasy bilen hol gum etekde öýjagaz dikip, şonda ýaşap, goýun bakardy. Munuňam golaýynda, ýaňky ýaly, möjek güjüklän. Äl, bi Emin agaňam ýa özüniň eli gijändir ýa şeýtan dürtendir ýa öz zannynda bir degimsizlik, rehimsizlik bardyr-da, alaga-da bir gün möjek çagalarynyň birini tutup, syrtjagazyny tikip goýberäýipdir. Beýdeňden, janawary öldüri-ip dynanyň gowy dälmi! Barybir, soň janawaryň enesi ýa atasy onuň ahy-nalasyna çydaman, ony bogup öldürýämiş... Howwa, Emin aga-da şeýdip, maksadyna ýetipdir: möjekler ojagaz çagasyn-a bir öldüripdirler, özlerem göçüpdirler. Ýöne munuň yzy bar entek... Näçe wagt geçenin-ä bilemok, bir gije, tomus aýlary, ýaňky Emin agalar daşarda peşehana gurnup ýatyrkalar, üç-dört ýaşlaryndaky gyzjagazlary oýanyp, daşarda bir zadyň seredip duranyny göräýýär, munam it-pitdir öýdüp, peşehanaň bir çetini galdyrýar-da, «Hüşy, jit, ýok bol!» diýip, kowjak bolýar. Şol wagtam ýaňky duran (möjek eken) çagaň ýüzünden agyz urupdyr-da! Çagaň çyrlamasyna böküşip tursalar, möjek eýýäm ýitirim. Gyzjagazyňam ýüz-gözi gara-gan. Çagajyk ölmän-ä galypdyr welin, ýöne burunjygyn-a bir goparypdyr, bir gözjagazynam zaýalapdyr-da, haram! Ana, şeýle zatlaram bolsa — bolaý-ýa-a-a... Atahanam, kitap okaýandyr öýtsek, diňläp ýatan eken: — Ýeri, ol möjegiň şo möjekdigini kim görüpdir, kim bilipdir? Taňryguly aga jogap bermedi. *** Günlerde bir gün, ýok, bir gije bizde-de kyýamat gopdy. Gijäň garaňkysy, goýunlaryň güpürdisi, itleriň wagyrdysy, uwwuldy, güwwüldi... aý, garaz, dünýäde bir aýylganç ses bar bolsa, bary biziň depämizden guýuldy, gözler, gulaklar gapyldy. Adam atamyzyň Ýere ilki gadam basan wagtyndaky ýagdaýam, megerem, şeýleräk bolaýan bolsa gerek... Taňryguly aga ikimiziň-ä, ilki güpürdi gopandan, şo aýakýalaň — başaçyk ylgap çykyşymyz... Men-ä soň-soň nirä ylgaýanymam bilmedim. Gygyryp-gygyryp, seslerim gyrlyp gitdi. Käte, güpür-tapyryň, wagyr-wuguryň, waňkyldynyň arasyndan Taňryguly aganyň «Haý,Alabaý, gaýrat et! Boýnak, bas! Ganjyk, ýet...» diýip gygyrýany üzlem-saplam gulagyma gelýär. Birdenem, öz adym tutulan ýaly boldy. — Ha-a-aw... tüpeňi getir... Men goşy zordan tapdym. Tapmasyna tapdym-da, gapyny açyp bilemok. Çekýän, çekýän...Ahyry, bar güýjümi, bar gazabymy jemläp, ikelläp bir çekdim welin, gapy serpilip, menem arkanlygyna ýykyldym, bada-bat turubam, ýene içerik topuldym. Şonda, gapynyň iç ýüzünde duran gara bilen tas süsüşipdim. Ikimiz birden «A-a-aý!» diýip gygyrdyk. Çyranyň ölügsi ýagtysyna men bu garany tanadym: Atahan! Diňe göwresi — Atahan, ýüz-gözi başga adamyňky ýaly, ýüz-ä ak-tam, gözlerem hanasyndan çykyp gelýär, iki eline-de taýakmy-bir zat alypdyr-da, onam berk bagryna basypdyr. Men: — Tüpeň, tüpeň... — diýip gygyrdym-da, tüpeňiň asylgy durýan ýerine topuldym. Görsem, tüpeň ýok ýerinde. — Tüpeň, Atahan! Hany tüpeň? Dur. Kemteresinden «Ä?»-de diýenok. Soň gowuja seretsem, onuň gujagyndaky taýagyň iki sany nili bar... — Ber bärik tüpeňi, Atahan! Ýa-da ýör, ylga... Hem gygyrýan, hem tüpeňden ýapyşýan. Eger gymyldanok, tüpeňem sypdyranok. Men hälki gapy açyşymy etdim. Tüpeňi goparyp aldym. Taňryguly agaň sesine tarap ylgap barşyma, «Wah, munuň niline ok bir sürlenmikä?» diýip pikir edýän. Wah, muň ýalyda pikir nämä gerek, dur-da, barlaý-da! Seniň boş tüpeňiň kime gerek... «Goşanyň» iki gözem okly eken. ...Daňam ahyr atdy. Bu-u-uw... Daş-töwerek edil mongol çozan ýaly. Taňryguly aganyň ýüzi bir gijede garaört bolaýypdyr. Öz aýagynyň ýalaňaçlygyndan bihabar, maňa birhili gamgyn seredip: — Aýagyňa bir zat geýmeli ekeniň-dä! Ýa ýitirdiňmi köwşüňi? — diýip soraýar. Sürini, itleri tükelläp ugradyk. Atahanam bizden galanok. Aýagyna ot basylan ýaly. Käte-käte-de, gözüniň gyýtajygy bilen ýüzüme ogrynça seredip geçýänini aňýan. Aýdar öýdýändir-dä. He-he! Bu wagt Atahanyň pikirini edýän bamy... Goýunlaryň bary aýak üstünde, galpyldaşyp durlar. Itleriň ikis-ä agsaşyp ýör. Alabaý-a ýerinden galybam bilenok, endam-janynda abat ýeri ýok. Ganjyk janawaram hiç ýerde görneneok. Möjekler alyp gidiberdimikä? Eşek janawar henizem özüne gelip bilenok, durky bilen, türresine çenli sandyrap dur. Diňe «körhanyň» pelek perwaýyna däl, gäwüş çalyp ýatyr. Parçalanan goýunlaryň sany ep-esliden geçdi. Tazygyp gideni näçekä? Gijeki çozanlar näçekä? Bir möjegiň — iki möjegiň iş-ä däl. Atahany süriniň ýanynda goýup, Taňryguly aga ikimiz — herimiz bir tarapa yz çalyp ugradyk. Birküç alaň aşdym welin, görsem, öňümde iç-goşy çogup, tüýleri çaşan, perişan bir zat ýatyr. Ýüregim birerbet jigläp, düýäniň üstünden aşak syryldym. Wah, Ganjyk, haý, Ganjygym-a... Men Ganjygy şo ýatan ýerinde çägä duwlap gaýtdym. Öz eneleriniň nehala düşenini yzynda galan güjükleri bir görmesin! Körhanyň öňüne düşüp, ýüzümi sallap gelýärkäm, öňki möjek süreniniň golaýyndan ýene iki sany kiçijik maslyk tapdym. Hol arada, şu taýda ýakalaşyp-bogalaşyp ýören möjek çagalary bolmaly bular... Men daş-töweregime howatyrly garanjakladym. Hol beýlede möjek süreni hoňkaryp ýatyr. Yns-jyns bara meňzeş däl. Men nämüçin edýänimi bilmän, elimdäki taýak bilen, gatap ýatan möjek çagalaryny eýläk-beýläk agdaryşdyrdym... Seçme bilen atylypdyr — janawarlaryň endam-jany eleme-deşik. On-on bäş ädim beýleräkdenem iki sany boş peşeň tapdym. Göwnüme bir erbet güman gitdi-de, peşeňleri jübime dykyp, düýä mündüm. Hem-ä «Güman — imandan aýrar» diýenleri, hem «şugulçy» adyna galmak bir erbet, garaz, möjek çagalary hakda Taňryguly aganyň ýanynda dil ýarmadym. Atahana welin, peşeňleri görkezdim-de, ýene jübime dykdym. Onuň ýüzi üýtgäp, töweregine bir ýaltaklady-da, derrewem özüni dürsäp ýetişdi: — Hä... agşam atan oklaryňyzmy?.. Dogrudanam, gaty erbet bold-aý, hä?! Şo günden soň Atahan meniň bilen eňekleşmesini, heňkirmesini goýdy. Arasynda-da, maý tapyp, ýallaklap, meniň gözlerimiň içine seredýär. «Aýtdymyka ýa aýdanokmyka?» diýýändir-dä içinden. Gorkma, bu adamlar seň ýaly namart däldir... Şo wakadan soň Atahan «Taňryguly» diýmän, täzeden «Taňryguly aga!», «Taňryguly agamyz!» diýip gürlemäni çykardy. Emma, Taňryguly aganyň özi birden, duýdansyz ýaryldy. ...Bir gün Atahan eşegiň öňüne bir keýik läşini basyp geldi-de: — Aw-a oňandyr bu gün! Kyýas, hany, pyçak-paltaňy getir! — diýip gygyrdy. Menden öňürti Taňryguly aga ýetip bardy. Elini arkasyna tutup, keýik läşiniň daşyndan bir aýlandy-da: — Muny nämüçin atdyň? — diýdi. — Iýmek üçin, weý?! — diýip, «berekella» hantama bolup duran Atahan geňirgendi. — Seniň öňüňetutuş bir sürini salyp goýberenlerinde, az gördüňmi şony? Näme bu janawar seniň ekläp-saklap, burnuny sykyp ulaldan öz malyňmydy, hä? — Äý, Taňryguly aga, nätdiň-aý?! Şu çöl — biziň öz çölümiz! Şuň bar zady — möjegem, keýigem, biziň öz zadymyz... Bir keýik maslygy diýip, beýdip durmaň näme-how, agam? Men-ä siziň üçin... Ýeri, indi çölüň keýiginem gysganýaňmy? — Bir keýik maslygy däl, ý-o-ok, bir däl — kän maslyk seniň boýnuňda durandyr, inim! Atahan ýalt edip, meniň ýüzüme seretdi. Men egnimi gysdym-da, ýüzümi kese sowdum. — Seniň çölüňem bolmaz, zadyňam! — diýip, Taňryguly aga barha gyzdy. — Şu zatlaryň bary — çölüň öz zady, möjegem, keýigem... Şu taýda diňe sen onuň özüniňki däl! Sen barkaň, şunda möjegem durmaz, keýigem... Atahan «Gorkan öňürder» etdi: — Näme, «Git!» diýjek bolýaňmy, agam? — «Git!» diýjek bolamok, «Marş!» diýjek bolýan... Ma-a-arş-ş!!! — diýip, Taňryguly aga bir gygyrdy welin, meniň gulagymyň düýbünde bomba ýarylan ýaly boldy. Bu «bombanyň» Taňryguly aganyň içinde näçe wagtdan bäri gemre baglap ýatanlygyna men o wagt gatybir düşünenem däldirin, belki... Şonuň üçinem, men aňk-taňk, äm-säm bolup durşuma, bir Taňryguly aganyň, birem Atahanyň ýüzüne seredýärdim. Ýaş oglan halyňa, aga-iniň dawasynyň arasyna sokulmagam birhili. — Bolýa, men gidäýerin! — diýip, Atahan öňünde ýatan keýik läşini depip goýberdi-de, goşa tarap ýöneldi. Birdenem säginip, ýeňsesine gaňryldy, Taňryguly aga tarap barmagyny çommaltdy: — Men giderin, okaryn! Soň gelibem, seň üstüňden hojaýyn-başlyk bolup, eddil şü burnuňdan bulak getirmesem, kakamyň ogly bolmadygym... Taňryguly aga gapdalda ýatan tommaýly taýagyna tarap ýönelende, men aýňalyp, onuň elinden ýapyşdym. *** Atahan sözünde durdy, şo giden ýyly okuwa girdi. Soňra, başlyk bolup gelerine-de howlugyp, «bulakly» meselä geçäýdi öýdýän... Möjekleriň çozuşyndan bir ýyl çemesi geçensoň, Taňryguly aganyň üstüne barlagçylar çozdy. Olaryň elinde «Taňryguly Artykowyň möjekleri bahanalap, kän-kän goýunlary hasapdan öçürendigi» hakda golboýy golsuz arza bardy. Ferma müdiriniň geleňsizligindenmi ýa-da Taňryguly aganyň sowatsyzlygyndanmy, garaz, möjekli wakadaky ýitgileriň kagyz-peteginde, dogrudanam, yrsara bahana bar eken. Bir ýerde gol ýetenok, bir ýerde möhür. Üstesine-de, şol tazygyp giden goýunlaryňam köpüsi soň tapylmady. Garaz, ýigitleriň agramly bölegini Taňryguly aga tölemeli etdiler. ...Sürini tabşyryp, barja goş-golamymyzy «körhanyň» üstüne ýükläp, birimiz eşekli, birimiz pyýada, oba tarap mytdyldap barýas. Men öz ýüregime düwen zadymy ahyrsoň Taňryguly aga aýtmasam bolmady: — Taňryguly aga... Şo maňa «çoluk hakyň» diýip beren toklularyňyzbar-a... — Hä, bar dämi şolar? — Bar, öýde, agylda dur. Geçen ýylkylar-a eýýäm guzlapdyram... Ana, şolaryň şo iki sanjak guzusyny galdyryp, galan dördüsinem orta goşmaly diýen pikire geldim men-ä! Ikimizem deň... — Ýok! — diýip, Taňryguly aga sözümi çürt-kesik böldi. — Olar seniň mallaryň däl, inim, seniň jigileriňki, ejeňki... Sen beýlekileriň hasabyna jomartlyk satjak bolma! Ho-ho-ho... — Taňryguly aga... — Ýok diýdimmi — ýok! — Men onda näme edeýin, Taňryguly aga? — Hiç zadam etme! — Taňryguly aga birden eşegini saklady-da: — Kyýas, inim... — diýdi. — Sen git-de, oka! Tä düýbüni deşýänçäň... Yzyňy gaýgy etme! — Soňam duýdansyz ýylgyrdy. — Bizden, özümiziňkilerdenem bir başlyk-saşlyk bolany bolsun-a! ...Biziň ýas kerwenimiz gara ýola birki menzil ýetäýmän, düşleg etdi. Taňryguly aga käte bir uludan demini alyp ýatyşyna, agyr uka gitdi. Birdenem, göçümiz bir gozgalaň tapdy. Körhan yňranjyrap, kimdir birine arz edip, eşejigimiz aňňyryp, Alabaý lowhuldap, ikiýana hars urup ugrady. Men Taňryguly agany oýarmajak bolup, ýuwaşlyk bilen ýerimden galdym-da, gozgalaň gopan ýerine ugradym. Barsam... ynha, körhandyr eşegimiziň aýaklarynyň aşagynda top ýaly togalanyp, ik ýaly pyrlanyp, biri gezip ýör. Jöw-jöwläp, kä oňa aslyşýar — kä muňa... Häý, sen, guýrujagy-gulajygy kesilmiş, Garagözjük diýsänim! Alabaýam şo uly göwresinden utanman, agsaklap, höküdikläp, onuň ýany bilen deň ylgaýar. *** Menden başlyk bolan-a bolmady. Näçe ýyldyr, maldarçylyk ugrundan ylmy-barlag institutynda işläp, ýazan ylmy işimi iki gezek yzyna gaýtardylar. Elbetde, gowşakdyr-da, ýa özüm gowşakdyryn... Men özümi näçe ýyl bäri ylym adamsy hasaplap ýörsem-de, şu ýerdäki «çemeçillik ylmynyň» syrlaryny, emelu-amallaryny hiç öwrenip bilmedim. Ynha, bir günem, öňki bölüm müdirimiz işden gitdi-de, täze müdir gelýär diýdiler. Ine, görsem... müdiriň stolunyň aňyrsynda Atahan ýylgyryp otyr: — Biz, mähriban adamlar, bir ýerde, bir bölümde işläp, bir saçakdan duz iýmeli. «Gämiçiniň jany bir» diýipdirler. Biziň hemmämiz bir jan — bir ten bolmaly. Elbetde, iş — işdir, käte käýişmän-jedelleşmänem bolmaz. Ýöne, köneden gelýän «özli-özümiz»diýlen bir söz bar... Atahan, şu ýerde, nämüçindir, ýalt edip, meniň ýüzüme seretdi. Bu säginmeden peýdalanyp, onuň gapdalynda gaýşaryp oturan iki sany «ýetmiş ýylky» ýaranjaň: — Howwa, howwa! Özli-özümiz... — diýip tassykladylar. Hä, diýmek, bular eýýäm ysgaşyp, bir-birini öz hasabyna geçirip ýetişen bolmaly. Nämüçin, körzehinler, nadanlar, çemeçiller, ogry-jümrüler, neşebentler, hatda lolularam bir-birini ilki görenden tanap, bada-badam tanşyp, ysnyşyp, arkalaşyp bilýärler-de, gowular, zehinliler, güýçlülerem hersi özbaşyna bir kelle bolşup, biri-birinden bihabar ýa biri-birinden öýkeli, gedemsireşip ýörýälerkä? ...Atahan ikimiziň bileräk önüp-ösen obadaşlygymyzy öňünden bilen «ýetmiş ýylkylar» (olar bar zady öňünden bilýär) ilkibada meniň daşymda-da aýlanyşyp, hoşamat baryny edişip ugradylar. Emma, Atahan bilen aramyzda düşnüksiz bir sowuklygyň bardygyny aňybam, bada-bat Atahana tarap has gysmyljyrap başladylar. Maňa gezek gelende, Atahanyň “özli-özümizlik” gürrüňi başga bir äheňe geçdi: — Käýişsegem, tersleşsegem, ýene-de özli-özümizdiris, Kyýas! Kesip taşlajak ýerimiz ýok... Emma, il agzy, söz-dil diýibem bir zat bar. Eger men häzir, gelemden, seniň işiňi öňe sürüp ugrasam, onda «Hä, görýäňmi, özüniňkini ileri tutýa-da» diýerler. Beýle gyşyk gepiň ikimize-de geregi ýok. Şeýle dälmi?! «Özli-özümiz»... Taňryguly agadan miras galan bu mähriban sözi her gezek Atahanyň agzyndan eşidenimde, aňrym bärime gelýärdi. Onda-da, syr bildirmediksiräp: — Men... garaşaýaryn! — diýdim-de, ajy ýylgyrdym. Atahan welin meni «özüniňkileriň» hataryndan daşlaşdyrmazlyga çalyşýan ýaly. Ýa-ha «Ogry syrty — gowşak» diýenleri ýa-da başga bir hyýaly bar şunuň! Özem, wagtal-wagtal Taňryguly aganyň ruhuny gozgap, şony aramyzda köpri edinmäge çalyşýar: — Häý, gögele bolupdyrys-aý! Taňryguly agama şo wagt düşünmändiris... Ol bir gyzylly hum tapanmyş diýen bolgusyz gürrüňem çyndyr öýdüp ýörsek nätjek. Ýeri, o pahyrda gyzyl nämişlesin, hum nämişlesin... Çagalarynyň dagy birinem okadyp bilmed-ä! Ejem pahyr-a, şonda-da, tä ölýänçä şo ertekä ynanyp, Taňryguly agamdan öýkeläp gezdi. «Taňrygulydan bize Taňry ýakyndyr, asman ýakyndyr» diýerdi. Aý, bir sadaň sadasy eken-aý pahyrlar... Şeýde-şeýde, ahyr bir gün gepiň «mustapasyna» ýetildi. — Kyýas, bir maslahat bar! — Atahan turup, gapyny çekdi.― Seňki ýaly, menem kän wagt bäri bir ylmy meseläniň üstünde kelle döwüp ýörün. Al, ynha, okap gör, gysgaça beýany şü! — Atahan birküç tagta kagyzy maňa uzatdy. — Tüýs geçgil temadyr! Meniň doktorlyk işim bolmaly şü! Gürrüň öz aramyzda galsyn. Doktorlyk diýilýände-de, näme, özüň blýäň, gowy bir açyş, häzirki dilde aýdanyňda, ylma saldamly bir goşant gerek. Ynha, şu taýda, — Atahan ýaňky kagyzlara tarap ümledi. — Gowy üns berseň, gaty uly, işläniňe degýän pikirler, ideýa bardyr. Ylmy işde ilki şo gerek... — Meniň gözlerimden bir zatlar okandyr-da, Atahan hörpüni biraz peseltdi. — Dogrusyny boýun almaly, şu pikirleriň döremeginde Taňryguly agamyzyň birwagtky gürrüňleriniňem täsiri boldy. O gürrüňleri sen menden gowy bilýäň... Ýöne näme, o pahyrlarda biziňki ýaly ylmy pikirleniş hem netije çykaryş ukyby barmy!.. Dogrusy, meniň özümem entek şu meselä doly hem anyk kesgitleme berip bilendirin öýdemok, işiň ady hem şonuň üçin birhili gümürtigrak, tagaşyksyzrakdyr... Howwa-a-a! Dogrudanam, ähli milletleriň, ähli adamlaryň, hatda haýwanlardyr ösümlikleriňem arasyndan parran geçýän belli-külli liniýa-çyzyklar bolýar, olaryň hersi şol çyzyklaryň haýsydyr birine düzülýärler. Şonuň üçinem, bir gandan, bir kökden, bir tohumdan bolanlaryňam käsi bir-birine çapraz gelip, ýa-da tersine, aýry-aýry, başga-başga gandan, kökden, tohumdan döränlerem özara oňşup, birleşip bilýärler... Gowy üns ber şuňa, bu taýda genetika-da, fiziologiýa-da, biologiýa-da, zoologiýa-da, garaz, hemme zat bar, birtopar ylymlaryň sepleşiginden hasyl boljak bir açyş, dünýä derejesindäki açyş barlygyny ýüregim syzýar şu taýda! — Atahan indi meni «açyp» başlady. — Seniň, tüweleme, özüň dymma-da bolsaň, eliň ýörgür... Ine, şü, ýaňky meselede seniň maslahatyň, kömegiň gerek. Men muny, sen özümiňki bolaňsoň, ynanyp aýdýan, ýogsam, höwes bilen, ikelläp kömekleşjeklerem bar... Hany, bir gowuja pikirlen! Bilýän, seniň öz kandidatlygyňam dur entek. Ýöne o-da uzak durmaz. Men doktor bolan günümiň ertesi seniňem kandidatlygyňy ýuwarys, enşalla! Şony men söz berýän... Men, Atahanyň aýdyşy ýaly, gowuja pikirlendim-de, ertesi onuň öňünde bir tagta kagyz goýdum. Ol — meniň öz islegim boýunça işden gidýänligim hakdaky arzamdy. Men Atahanyň «Häk, seni özümiňki hasaplap ýalňyşan ekenim-ow!» diýen hüňňürdisinem soňuna çenli diňlemän, yzyma çykdym. ...Ýöne, ýene-de men abraý bilenräk gaýdan ekenim. Şondan kän wagt geçmänkä, ylmy-barlag inistitutamýapyldy. Atahanam başga bir edaradan özüniňkileriň birini tapyp, kömekçi hojalyklaryň birine başlyk bolup gidipdir. *** Özli-özümiz! Taňryguly aganyň goýup giden şu tapmaçasynyň bir çetinden giremde, men her gezek bulaşýan, bulaşdyrýan. Dogrudanam, bir bilden syzylyp, bir garynda, bir ýorganda depişip ulalanyň-a käte özüňki däl bolup çykýar. Käte-de, ýedi ýat biri seni özüniňki saýyp, ýedi yklymdan seni yzlap, seni gözläp geläýýär. Hatda, Garagöz, seniň kowumdaşlaryň içinde-de, meselem, meni ilki görenden, ýitirip tapan ýaly bolýany bar ýa-da her gezek iki jynynyň birini gören ýaly topulýany bar. Ýöne siziňkiler gürlemän gowy görýär ýa-da gürlemän topulýar. Siziň söz diýlen zatdan bihabarlygyňyzam bir gowy zat, Garagöz! Ýogsam, şü «özli-özümizli» meselede senem bulaşardyň. ...Döwürler täzelenýär, ýaş könelişýär, Garagöz! Ýöne menem-ä entek «Böri garrasa-da, bir goýna güýji ýeter» diýip ýörendirin. Meni ýene-de şo-ol gadymkyja ýerime işe çagyrýarlar. Men... ýene bir gezek, iň soňky gezek, galanja güýjümi synap göreýin, Garagöz! Bolmasa, näme, ýene siz bar-a, obamyz bar-a...Siziň araňyza gaýdar geläýerin. Adam irde-giçde, öli ýa diri, garaz, özüniňkilere gowuşmalydyr-a! ...Anha, meniň ýaly, ugruny-ýoluny ýitireniň ýene biri alakjap, töweregine ýaltaklap, büdrekläp gelýär. Dur entek, Garagöz, howlukma! Gorkuzma! Koýta! Belki, o-da özüniňkileri tapman, azaşyp, aljyrap ýören janseregiň biridir, kim bilýä, belki, özümiziňkidir... Kömek Kulyýew. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |