00:48 Özüñi tanamak | |
ÖZÜŇI TANAMAK
Edebi makalalar
Ruhubelentlik pelsepesi şahsyýeti ruhubelentlik derejesine eltýän ýoly kesgitlemekden, salgy bermekden, şeýle ruhy tarykatyň barlygyny, çynlygyny akyl hem ýürek delilleri arkaly ykrar etmekden ybaratdyr. Ruhubelentlik ýolunyň ilkinji menzili bolan toba şahsyýetiň öz-özüni tanamagyny gazanmakdyr. Adama öz-özüni daşyndan tanatmak hyllalla işdir. Islendik başga bir ösüşde bolşy ýaly, şahsyýetiň ruhuň belentligine barýan ýolunda-da ösüşiň tebigylygy zerurdyr. Tutuş adamzadyň hem, aýratyn bir adamyň hem ösüşinde, kämilleşmeginde ösüşiň içki hereketlendirijileri bilen muňa daşyndan berilýän täsirleriň paýy we ähmiýeti deň däldir. Ösüşiň içki hereketlendirijisini hususy tejribe hökmünde kesgitläp bolar. Adamy kämilleşdirmäge gönükdirilen, adamy ruhuň belentligine galdyrmagyň tagallasy bolan Söz — ündew şol hususy, içki tejribe bilen sazlaşykly giden halatynda, diňe şol ýagdaýda Söz — ündew güýje hem täsire eýe bolup biler. Söz — tohum ýalydyr. Tohum yzgarly, önelgeli topraga düşmese gögerip bilmez. Din — adamzadyň ýaşaýyş tejribesine Allanyň gatan sözüdir. Adamzadyň ýaşaýyş topragyna Allanyň atan tohumyndan kemala gelen dinde adamzadyň aň-dünýägaraýyş hem-de ahlak tejribesiniň jemlenmesini görýäris. Adamzat ýaşaýar, Alla bu ýaşaýşyň tejribelerini jemläp berýär. Men şu ýerde biziň häzirki gulluk edýän dini-ahlak düşünjelerimiziň iki sanysynyň ýüze çykmasyny nygtamakçy bolýaryn. Birinjisi. Biz: «Hiç kimem o dünýä ýany bilen zat alyp gidenok» diýýäris. Bu hakykat diňe bir durmuş-ahlak tejribesiniň däl, eýsem durmuş-aň tejribesiniň-de önümidir. Bu hakykat diňe bir biziň ýaşaýan wagtymyzyň — ýekehudaýlylyk eýýamynyň çägindäki tejribäniň ahlak netijesi däldir. Ýekehudaýlylykdan ozal adam öz ýany bilen o dünýä zat alyp gidip bilýär hasaplanypdyr, şonuň üçinem ýogalanyň mazaryna onuň zatlaryny, aýalyny, hyzmatkärlerini-de salyp goýmak däbi bolupdyr. Emma durmuş-ýaşaýyş tejribesi bu ynanjyň nädogrudygyny subut edipdir. Onsoň, adamzadyň bu meseledäki aňy — dünýägaraýşy özgerip, dünýägaraýşyň üstünde täze ahlak — artykmaç baýlykdan daşda durmak baradaky ahlak düşünjesi kemala gelipdir. Şeýdip, o dünýä barha we barha täze ölçeglere we sypatlara eýe bolup, ol baradaky düşünjeler barha kämilleşipdir hem inçeleşipdir. Ikinjisi. Bizde serhetsiz hem ümmülmez älemleri diňe Hudaý ýaradyp biler diýen düşünje bar. Munuň başga bir jäheti — hiç bir adam Hudaý bolup bilmez diýen pikirdir. Munuň özi Ýekehudaýlylygyň — towhidiň gazanan iň esasy pikir gymmatlygynyň biri bolup, ol adamzadyň şondan öňki eýýamynyň düşünjelerini inkär etmek gatnaşygyndan kemala gelipdir. Ondan ozal, dogrudanam, Hudaýlyga dalaş eden kişiler, aýdaly, fyrgaunlar bolupdyr. Emma adamzadyň öz ýaşaýyş tejribesinde olaryň Hudaý däldigine, bolubam bilmejekdigine göz ýetirmegi uly ösüş bolupdyr. O dünýäniň hem, Hudaýyň hem barha we barha uzaklaşmagy adamzadyň düşünjesiniň has kämilleşmegine, has inçeleşmegine, has ruhlaşmagyna getiripdir. Towhidde Hudaýyň şu dünýä mahsus däl sypatlardaky we ölçeglerdäki özge bir närsedigine gelinmegi ahlak meselesinde täze gymmatlyklaryň döremegine sebäp boldy. Allatagala elýetmez, sesýetmez, pikirýetmez bir närsedir, her bir adam onuň bilen deňeşdirende hiç zatdyr. Her bir adamyň ömrüniň manysy Beýik Biribaryň ünsüne, nazaryna hem mümkin bolsa ýakynlygyna mynasyp bolmaga çalyşmakdan ybaratdyr. Allanyň öňünde hemmeler deňdir. Ine, şu pikir esasynda hem adam bolmak, kämil bolmak, ahlakly bolmak baradaky ýörelgeler we gymmatlyklar kemala gelipdir. Şol gymmatlyklar we ýörelgeler ruhanylar tarapyndan adamlar arasynda wagyz edilipdir. Munuň beýik ähmiýeti, ösüş manysyndaky beýik ähmiýeti boldy. Emma adamzadyň degişli hakykatlara diňe öz hususy ýaşaýyş tejribesiniň ýeterlik toplanan halatynda akyl ýetirip bilşi ýaly, adam hem hakykata diňe öz içki tejribesiniň üstaşyry baryp bilýär. Onsoň adamy wagyz-nesihat bilen Hudaýa eltip bolanok, onuň özi öz «menini» özgertmek, kemala getirmek ýoly bilen Alla ýakynlaşmaly diýen pikir döredi. Bu pikir — sopuçylyk pelsepesi we sopuçylyk ahlagy görnüşinde kemala geldi. Adamy daşyndan täsir edip kemala getirmek az netije berýär, adamy içinden gurup başlamaly, adamyň özi özüni gurnamagy gerek diýen pikir sopuçylygyň gazanan esasy pikiridir. Eger ruhany Allanyň barlygyna diňe sözi bilen güwä geçýän bolsa, sopy oňa öz ömri, ýaşaýşy, eger gerek bolsa Hallaç, Nesimi ýaly ölümi bilen güwä geçmegi başarýar. Hut şonuň üçinem olar ýönekeý halkyň arasynda öwlüýä — Allanyň dostlary hökmünde adatdan daşary abraýa eýe bolupdyrlar. Toba baradaky pelsepe sopuçylykda çuňdan işlenildi. Toba — Alladan gorkup däl-de, öz ýagdaýyňa — bikemallygyňa düşünip, akyl ýetirip, meýletin suratda, öz aýagyň bilen Allaň huzuryna ýakynlaşmakdyr. Toba — öz men-menligiňi meýletin ýok etmekdir. Şeýle ädim, şeýle ahlaky ýörelge men-menligiň biweçdigine iki tarapdan göz ýetirmeklige esaslanýar. Birinji — Hudaý bilen baglanyşykly jähetden. Bakylyk, hakyky Menlik diňe Hudaýdadyr we diňe Hudaýyňkydyr. Adam diňe şu hakykata akyl ýetirende, diňe şonda öz «menini» saklap, kämillige ýetip biler. Eger ol muňa garşy gitse, ýok bolup gider. Ikinji — halk bilen baglanyşykly jähetden. Men-menlik özüňi hiç bir esassyz ýa-da galp, ýalan esasda özge adamlardan artyk saýmakdyr. Men-menlik nebsiň sypatydyr. Biziň islendigimize bikemallyk mahsusdyr. Şeýle, şu durşuna alanyňda, adam şahsyýeti ruhy-ahlak jähetde entek kämil däl, taýýar däl hadysadyr. Adamyň biologiki şahsy kämildir, emma «içi», ahlagy kämilleşdirmäge, tamam şekile getirilmäge, sünnälenmäge we taraşlanmaga mätäçdir. Munuň özi akyldarlaryň göz ýetiren hakykatydyr, munuň özi hut her birimiziň durmuşy, adamy tanamak tejribämiziň şübhesiz sapagydyr. Eger adam bikemal bolsa, onda kämillige ýetmegiň içki ruhy serişdesi bolan toba adam üçin amaly zerurlykdyr. Hut şonuň üçinem toba ruhubelentlik — kämillik ýolundaky ilkinji menzil bolup durýar. Toba menziliniň düýp manysy ruhy özgerişiň uly ýolunyň başlangyjynda şahsyýetiň özünde bar bolan ahlak kemçiliklerden saplanmagydyr. Dünýewileşen ruhumyzyň tebigatyna laýyklykda men tobanyň halk bilen baglanyşykly jähetine üns bermek isleýärin. Köne akyldarlarymyz toba meselesine Bakylyk — Panylyk, Dünýä — Hudaý jähetinden garapdyrlar. Köne kitaplarda toba menzili adamyň kyrk ýaşa ýetmegi bilen baglanyşdyrylýar. Sebäbi kyrka çenli adam dünýä aladalary — öý, maşgala gurmak, at münüp, ýarag götermek, il içinde at gazanmak we beýlekiler bilen meşgul bolýar, kyrkdan soň adam durnuklylaşýar, onuň şeýle dünýä imrinmelerinden soň, Allanyň ýoluna düşmegi gerek hasaplanypdyr. Şonuň üçinem toba — dolanmak, Alla dolanmak diýen manyny beripdirler. Öz men-menligiňi ýok etmezden, Allanyň «menine» ýakynlaşmak mümkin däldir. Kyrka çenli gazananyň dünýädedir, dünýä bilendir, dünýä-de saňa hemişelik hemra bolmaz. Alnyňda başga-başga derwaýyslyklar we zerurlyklar bardyr diýip köneler wagyz edipdirler. Tobanyň manysy men-menlikden ýüz dönderip, öz «meniňe» dolanmakdyr. Bu ikisiniň arasynda nähili tapawut bar? Şahsyýet birlikdir, oňa birden artyk bolmak, iki gezek «men» bolmak uslyp däldir. Men-menlik adamyň aslynda özüne mahsus däl artykmaçlyklary ýöňkemegidir. Ähli ýalňyşlyklar, ýazyklar, günäler, jenaýatlar diňe men-menlige esaslanýar. «Men-men» kişiniň öz eden nädogry hem erbet hereketlerini, adatça, dürli «sebäpler», «çykgynsyzlyklar» we beýlekiler bilen düşündirjek, esaslandyrjak bolýandygyna garamazdan, olaryň aňyrsynda diňe men-menlik ýatýar. Iliň, jemgyýetiň, özge bir adamyň zyýanyna öz «meniňi» gögertmek, öz bähbidiňden, islegiňden, nepiňden başga zady bilmezlik men-menligiň esasy sypatydyr. Beýle ruhy derdiň ýeke-täk dermany tobadyr. Toba edilen nälaýyk we nämynasyp hereketiň nädogrulygyny boýun almakdyr. Toba — edilen günäleriňi hiç mahal ýatdan çykarman gezmekdir. Diňe şonda olaryň gaýtalanmajakdygyna kepil bolup biler. Diňe toba gelen adam öz kalbynda ruhubelentligiň döremegine päkize esas taýýarlap biler. Toba — adam men-menliginiň öz çykaran hokgalaryndan el çekip, iliň kabul edýän ahlak hem adamkärçilik ýörelgelerine dolanmakdyr. Diňe şonda jemgyýetde sazlaşykly we adalatly gatnaşyklar ýola goýlup bilner. Men-menligiň esasy sypatlary şulardyr: Gedemlik — özüňe baýrynmak, özüňi ilden artyk saýmak. Özüňe baýrynmagyň durmuşda duşýan birnäçe görnüşleri bar: Güýjüňe baýrynmak. Baýlygyňa baýrynmak. Aslyňa baýrynmak. Zehiniňe baýrynmak. Gözelligiňe baýrynmak. Wezipäňe baýrynmak. Gedem kişi şu hili «artykmaçlyklaryna» esaslanyp, özüni etmesiz işleri etmäge, aýtmasyz sözleri aýtmaga hukukly hasaplaýar. Şeýdip, ol kem-kemden günä ýoluna düşüp ugraýar. Düşdügiçe, iliň muny oňlamaýandygyny görýär, emma kesirlik edýär. Öz nogsanyny boýun alasy gelmeýär. Özüne her hili delilleri, esaslary, arkalary gözläp ugraýar. Eger ol wagtynda we çäginde toba gelmese, soňy ryswalyk we iliň gözünden düşmek bilen gutarýar. Gedemligiň toba arkaly gazanylýan dermany kiçigöwünlilikdir. Zatlaryň we hadysalaryň hakyky gatnaşygyna hem-de bolşuna göz ýetirmek tobanyň enesidir, toba etmek arkaly men-menlikden ýüz döndermekden kemala gelýän kiçigöwünlilik tobanyň perzendidir. Göwnüňi kiçi tut, göwnüňi pes tut! Şonda ruhubelentlige ilkinji ýol açylar. Kiçigöwünlik başyňy asmana göterer, şonda sen şol belentlikden özüňi ilden artyk saýmagyň biderek hem ahlak tarapdan ownujak zatdygyny görersiň. Her bir göz ýetirmeklik göwnüňi giňeder, ruhuňy belende göterer. Öz baýrynýan güýjüňe, baýlygyňa, zehiniňe, gözelligiňe, wezipäňe özüň ýetdiňmi?! Bulara ýetmegiňde öz zähmetiň hem yhlasyň paýy ulumy ýa-da Allanyň hem ykbalyň täsiri ulumy? Şu zatlar barasynda mazaly oýlan! Şonda sen men-menlikden kiçelip, bir «mene» gelmegiň bütinleý tebigy hajatdygyna düşünersiň. Gedemligiňden ýüz dönderip, toba etmek nämäni aňladýar? Munuň özi güýjüň, wezipäň, baýlygyň, gözelligiň we beýlekileriň elden gidende-de, «meniňi» ýitirmezligi, ruhubelent galmagy aňladýar. Daşyndan gelip, kimdir biri, durmuşyň ýa ykbalyň özi, haýsydyr bir tötänlik ýa kanunalaýyklyk, nämedir bir zat olary seniň eliňden almanka, ondan has ozal sen bulardan sowaşmagy, bulara biparh garamagy göwnüňe endik etdir! Belent dagyň başynda otyrkaň, has aşaklara düşmeli boljagyňy, şonda-da edil häzirkiň ýaly ruhubelentligiňi, mertebäňi, adamçylygyňy saklap biljekdigiňi göz öňüne getirmäni, muňa taýýar bolmagy başar! Durmuş reňbe-reň, adamlar öz hususyýeti boýunça gyradeň, birmeňzeş däldir. Şonuň üçinem her bir adamyň özgelerden, garaz, artykmaçlyklary bardyr. Emma bu artykmaçlyk seniň öz gözüňe görünýän artykmaçlyk däl-de, özgeleriň — iliň ykrar eden artykmaçlygydyr. Seniň tereziň özüň dälsiň, seniň tereziň adamlardyr. Agram daşy öz-özüni çekip bilmez, ony diňe terezi çeker. Bahaňy, agramyňy iller biler, il bilmese, Wagt biler! Şeýle-de, olary diňe toba menzilini aşan, kämil, öz-özüne biparh göwnüň biler! Toba diňe ile görünýän aýplaryňy däl, eýsem özgeden gizlin, bir özüňe mälim aýyplaryňy-da boýun almakdyr. Bu barada bir rowaýaty gürrüň bereýin. Süleýman patyşanyň bir owadan ýüzügi bolupdyr. Süleýman patyşa ol ýüzügi barmagyndan aýyrmandyr. Ýüzügiň ýüzünde «Bary geçer» diýen ýazgy bar eken. Bu ýazgy diňe bir Süleýman patyşa däl, onuň ata-babalaryna-da her hili pursatlarda — gamly-gussaly, işleriniň şowsuz pursatlary-da, şady-horram pursatlary-da sapak-ündew bolup hyzmat edipdir. Dogrudan hem başyňy alyp durýan hiç zat ýok, ýagşy günlerem, ýaman günlerem geçýär. Süleýman patyşa «Bary geçer» diýen ýazga seredip rahatlanar eken. Ýöne bir gezek Süleýman patyşa bir betbagtçylyga uçrapdyr, oňa elindäki ýüzügiň ýazgysy-da teselli berip bilmändir, gaýtam ol ýazga seredende hasam gahary gelipdir. Şonuň üçin hem Süleýman patyşa elindäki ýüzügi zyňyp goýberipdir. Soň ol zyňan ýüzügine gözi kaklyşanda, onuň içki tarapynda öň görmedik bir ýazgysynyň bardygyny saýgarypdyr. Patyşa ýüzügi ýerden galdyryp içki ýazgyny okap görse, onda: «Bu-da geçer!» diýlip ýazylgy eken. Göýä bu ýazgy Süleýman patyşanyň şu günki deýin aşa gaharlanjagyny bilip ýazylan ýalydy. Süleýman patyşa «Bu-da geçer!» diýen ýazgyny okap gülüpdir. Şondan soň ýüzügini elinden aýyrmandyr. Toba bilen baglanyşykly ýene-de bir tymsaly gürrüň bereýin. Yslam beýiklerinden Abdykadyr Gilany çagalygynda okuwa gitmek üçin enesinden rugsat sorady. Enesi rugsat berdi, diňe nirä baryp okajagyny sorady. Ýaş Abdykadyr enesine şol wagtlarda yslam dünýäsiniň ylym hezreti bolan Bagdada baryp, şol ýerde okamakçy bolýandygyny aýtdy. Enesi razy boldy. Enesi kiçijik Abdykadyry juda söýýärdi, ondan aýrylmak juda kyn hem bolsa, Alla ýolunda ylym öwrenmegi öýde oýnap ýörmesinden ýagşyrak diýip düşündi we ýitiräýmesin diýip, kyrk teňňe altyny donunyň içine salyp, tikip berdi. Ogluna: «Oglum, hiç haçan ýalan gepleme. Musulmanlyk dogrulyk dinidir, dogrulykdan aýrylma» diýip, nesihat kyldy. Şundan soň, eneli-ogul hoşlaşdylar (bir-birinden razylyk dilediler). Ýaş Abdykadyr bir kerwene goşulyp ýola düşdi. Ýolda kerweniň garşysyndan altmyş atly çykdy. Bular ýol saklap, kerwen talaýan garakçylar toparydy. Köp adamy öldürdiler. Garakçylardan biri oglandan nämesiniň barlygyny sorady. Oglan ýalan geplemezlik barada enesine beren sözüni hatyralap: «Kyrk altynym bar» diýdi. «Garybana geýnen bu oglanda kyrk altyn näme işlesin, ol meni aldaýandyr» diýip, ol hem aňry gitdi. Soň üçünji biri gelip: «Näçe puluň bar, oglan?» diýip sorady. Oňa hem: «Kyrk altynym bar» diýip jogap berdi. Garakçy oglanyň elinden tutup, başlyklarynyň ýanyna alyp bardy we «Bu oglan kyrk altynym bar diýýär» diýdi. Garakçylaryň başlygy «Altynyň hany?» diýip sorady. Ol: «Donumyň içinde» diýip jogap berdi. Baş garakçynyň buýrugy bilen dony ýyrtyp gördüler, çyndanam onuň içinden kyrk altyn çykdy. Garakçylaryň başlygy aňk-taňk bolup: «Näme üçin dogryňy aýtdyň, ýalan geplän bolsaň, altynlaryň özüňe galardy?!» diýdi. Ýaş Abdykadyr gülümsiräp: «Asla ýalan geplemejegime eneme söz berdim» diýip jogap berdi. Gözleri gana we günä gark bolan garakçy serkerdesi synçy nazary bilen Abdykadyryň ýüzüne dikanlandy. Birden garakçynyň gözi açyldy, haýran galmakdan ýaňa gözlerinden iki damja ýaş syzyp çykyp, ýaňagyndan syrykdy. Ol mähribanlyk bilen: — Serediň, bu oglanjyk enesine beren sözünde durýar we oňa wepa edýär. Men bolsa, şunça ýyllardan bäri Allama hyýanat edip gelýärin. Bu oglan meniň halasgärim boldy, men barça günä işlerime toba edýärin — diýdi. Kalby doňan gara daş ýaly galtamanbaşynyň töweregindäki garakçylaryň bary birden: — Şu güne çenli adam öldürip garakçylyk etmekde barymyza ýolbaşçy bolduň, indi günälerimize toba etmekde, ýagşy, haýyrly işlerde hem bize baş bol — diýip seslendiler. Başlyklarynyň buýrugy bilen kerwenden kim näme alan bolsa gaýtaryp eýelerine berdiler. Kerwen sag-aman ýoluny dowam etdi. Garakçylaryň dag gaýalary dek gaty, daş kalplary ýumşap, toba kyldylar. Eden ýaman işlerine puşman etdiler... Bikemallygyňy, kemçiligiňi boýun alyp, toba etmezden, kämillige tarap göterilmek mümkin däldir. Şonuň üçinem men-menlik derdinden döreýän tekepbirligiňi, ile göwnüýetmezçiligiňi, ili äsgermezligiňi, iliň pikirine we bahasyna çydamsyzlygyňy, ulumsylygyňy we boýnyýogynlygyňy zyňyp taşla! Tobaçyllyk ömürlik hemraň bolsun! Ol seni belende galdyrar, her hili belalardan hem ýowuzlyklardan sowa geçirer. Özüňe göwnüň ýetmezden ozal özüňe gözüň ýetsin! Kiçi ýalňyşlyga, sähel ýazyga wagtynda puşman et, bu seni uly ýalňyşdan we uly ýazykdan aman saklar! Men-menligiň ýene bir giň ýaýran hem pis sypaty — gybatkeşlikdir. Gybatkeşlik täsin hem çylşyrymly psihologik hadysa. Bikemal adam gybata maýyldyr. Munuň düýp içki manysy şundan ybaratdyr: ruhy pes, ahlagy pes adam iliň gybatyny etmegi gowy görer, şeýtmek bilen ol özüne-de mahsus bolan kemçilikleri ilde görüp, özündäkini görmezlige salyp, gybat eder. Şeýdip ol öz öňünde özüni ýuwmarlar, öz-özüniň gürrüňini etmekden, öz öňünde hasabat okamakdan, öz ýüzüne gelmekden sypar. Men kimdir biriniň haýsydyr bir kemçiliginiň gybatyny edýän adamyň hut özünde-de şeýle aýbyň barlygyny köp gezek gözüm bilen gördüm. Şeýle adamyň gybat etmäge hiç hili esasynyň ýokdugyna garamazdan, şeýdýändigini görmek gaty täsin açyşdy. Adam nähili aýbyň gybatyny edýän bolsa, şol aýbyň onuň özünde-de bardygyny aýnada gören ýaly bilip goýgun! Gybat — bikemalyň öz-özüni aldamagy, öz-özünden gaçyp gün görmegidir, öz kemçiliklerini özgede görüp zybana getirmesidir. Diňe öz kemine we aýbyna toba eden kişi kemli we aýyply kişilerden ýokary göterilýändir! Munuň özi güýçlä öwrülip, ejizleriň arasyndan saýlanmakdyr! Güýçli üçin ejiziň gybatyny etmegiň manysy ýokdur. Ol muny özüne kiçilik hem pislik biler. Ejiz öz ejizligini, aýyply öz aýbyny gizlemek üçin özgäniň gybatyny eder. Hut şonuň üçin oňa gybat etmek hoş ýakýandyr, çünki şeýdip ol öz-özüni goraýan, öz-özüni aklaýan ýaly bolýandyr. Emma diňe men-menligini ýok edip, toba menziline gelen adamyň dili gybatdan çekilýändir. Ruhubelent kişi pesiň aýbyna heşelle kakmaz, gybatyny etmez. Kemally özi bilen göreşer, öz aýbyny ýeňip, ruhubelentlik ýoluna düşer. Bikemal özgeler bilen sanaşar, agyz deňleşdirer, şeýdip hem peslik batgasyna hasam beter bulaşar! Çyn toba her bir kişä zerurdyr. Ol adamlykdan Adam bolmaga, peslikden ruhubelent bolmaga ädilen ilkinji ädimdir. Osman Öde. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |