14:33 Parlak ýyldyzlar keramatlydyr | |
PARLAK ÝYLDYZLAR KERAMATLYDYR
Jemgyýetçilik tankydy
Şerigat - munuñ özi Beýik Ýaradanyñ bendelerine görkezen ýoly. Şol ýol bilen ýörän adam kämil musulman bolýar. Her döwürde musulmanlary şerigatyñ ýoly bilen öñe alyp giden adamlar bolupdyr. Şeýle kişiler ymamlar, şeýhler, kuberalar diýip at beripdirler. Bular Allanyñ we onuñ Pygamberiniñ buýran işlerini bitiren, buýurmadyk işlerinden hem gaça durmagy başaran alym we öte takwa kişilerdir. Hut Gudraty Güýçliniñ özi Kurany Kerimde şeýle adamlary özüniñ dosty hasaplaýar. Olara ahyretiñ howp-hatarynyñ we gam-gussasynyñ bolmajakdygyny wada edýär. Şu hili alym we ymmatlaryny Pygamberimiz (s.a.w) özüniñ mirasdarlary hasaplapdyr. Türkmenleriñ arasynda hem Öwlüýä-Allalyga (Allanyñ dosty bolmaklyga) ýetişen adamlar köp bolupdyr. Olardan tekede Ak işany, Molla Töre ahuny, ýomutda Öre işany, Kelenter işany, Berdimät işany we başga-da birnäçe işan-ahunlary görkezmek bolar. Bu kişiler öz döwründe ýokary derejede bolan halalhonlygy, dogruçyllygy we takwalygy bilen halkyñ söýgüsini gazanan sylagly, keramatly adamlar bolupdyrlar. Bularyñ ýatan guburlaryna halk köpçüligi yzyny üzmän zyýarata barýarlar. Olaryñ ýoluna janly kesip, başynda sadaka berýärler. Mukaddes guburlaryñ başynda pul goýup, daşyndan aýlanýarlar. Öz hajatlarynyñ bitirilmegini dileg edip, aýat-töwir galdyrýarlar. Indi şu dogruda mollalaryñ arasynda biri-birine çapraz gelýän pikirler ýok däl. Olaryñ käbiri Alladan gaýrydan medet diläp, ýoluna janly öldürip sadaka bermegi şerigatyñ ret edýän we musulmany dinden çykarýan işler hökmünde baha berýärler. Eýsem, öwlüýäden ýardam isläp, olaryñ ýoluna pul, mal we ş.m. zatlar aýdyp, başynda sadaka berýän, özlerini bolsa tüýs musulman hasaplaýam adamlar hakynda şeýle pikirdw bolmak dogrumyka?! Kurandan başlap, ähli şerigat kitaplary ýeke-täk Allany inkär edip, başga bir zatlardan (Aý, Gün, ýyldyzlardan ýa-da adam-u-haýwanlardan, ýa-da otdan, suwdan, ýelden we ş.m.-lerden) ýardam isläp, olaryñ ýoluna sadaka bermegi öte ýalñyşlyk we dogry ýolfan azaşmak hökmünde garaýar. Emma welin ýeke-täk bolan Beýik Allany hem-de onuñ resuly Muhammet aleýhissalamy ykrar etmek şerti bilen, asly halaldan bolan her bir edilýän haýry-sahawatlary dogry hasaplap, Allanyñ dostlary bolan alym-u-ulamalary, ymamlary, öwlüýäleri şerigatyñ ýol görkeziji parlak ýyldyzlary hasaplaýar. Olaryñ yzyna eýermekligi we her bir işde owwal Alladan soñra onuñ dostlaryndan (öwlüýälerden) ýardam-u-medet umyt etmekligi ündeýär. Adam Beýik Ýaradana bolan ynanç kalbynda joş uransoñ öwlüýäleriñ zyýaratyna barýar. Öz hajatlaryny Alladan diläp alyp bermekligi olardan towakga edýär. Allanyñ dostlarynyñ haýryna janly öldürip, nepli sadaka berýär. Sopy Allaýar işan: "Söýürlik bendesi kylgaý şepagat" - diýýär. Munuñ özi öwlüýä kişileriñ kyýamat gününde gaty köp bendeleriñ günäsini Hudaýdan diläp almaga ýagdaýlarynyñ çatýandygyny añladýar. Ýöne öwlüýäleriñ başynda sadaka berilse ýatan guburlardan has uzagrakda iýlip-içilse ýagşy. Beýik Aşyk pirimiziñ başynda dagy toý-sadaka berlende köp mukdarda goýnuñ kellebaşagynyñ meýdana zyñylýandygyny görýäs, eşidýäs. Munuñ özi Ýaradanyñ gaharyny getirjek we adamy iki dünýäde hary-zar erjek uly isrip işlerdir. Her bir musulmanyñ şeýle teleke işlerden saklanmagyny Tañry tagalanyñ uly dergäginden umyt edýärin! Mämi DAŞGYN OGLY, Daşoguz welaýatynyñ S.Türkmenbaşy etraby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |