PARYZDEPEDEN TAPYLAN NAÝZALAR
Häzirki döwürde medeni mirasymyzy öwrenmekde ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek işleri has-da giň gerime eýe boldy. Alymlar tarapyndan içgin öwrenilýän şeýle taryhy medeni ýadygärlikleriň biri hem Paryzdepe ýadygärligidir.
Paryzdepe galasynyň umumy meýdany 3,5 ga barabar bolup, ol bäşburçly depedir. Paryzdepe galasynyň beýikligi takmynan 6-7 m bolup, galanyň ortasynda beýikligi 1-3 m bolan içerki gala bar. Onuň meýdany 45x50 m deňdir.
Paryzdepede geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda türkmen halkynyň taryhyna, etnografiýasyna we antropologiýasyna degişli baý maglumatlar ylma girizildi. Paryzdepeden tapylan pyçak hem-de iki sany naýzanyň tyglary hem örän wajyp tapyndylardyr. Naýzalaryň birinjisi çakmak daşyndan ýasalypdyr we takmynan b.e.ö. V-IV müň ýyllyga degişlidir. Naýzanyň ujy 68x33 mm ölçeginde bolup, çürelip gidýän şekilde ýasalypdyr. Tygyň iki tarapy hem dişelip, onuň has berk we kesgin bolmagy gazanylypdyr. Onuň düýp tarapynyň döwülenligi, tygyň hakyky boýuny anyklamagy kynlaşdyrýar. Häzirki gün ýadygärligiň üstünden tapylýan çakmak daşlary (olaryň iň ulusy naýzanyň ujy, iň kiçisi bolsa 15x8 mm ölçeginde byçgynyň dişi) Paryzdepäniň ýaşynyň azyndan 6-7 müň ýyla ýetýändigini, ýagny b.e.ö. V müňýyllykda Paryzdepede oturymlylygyň bolandygyny görkezýär. Onuň üstünden tapylýan küýze bölekleri bolsa, Änew medeniýetiniň häsiýetlerine eýe bolup, Paryzdepäniň ýaşy baradaky çaklamalary tassyklaýar.
Ikinji naýzanyň tygy bolsa orta asyrlara degişli bolup, metaldan sünnälenip ýasalypdyr. Bu naýza ýeriň aşagynda uzak ýatandygy sebäpli, oksitlenmeginden dörän posunyň reňkinden çen tutup, onuň birnäçe metaly garmak arkaly ýasalandygyny ýa-da süňňi demirden bolup, onuň üstünden mis çaýylandygyny çaklasa bolýar. Naýzanyň uzynlygy 50 sm-e barabar bolup, onuň tyg tarapy ýaprak şeklinde ýasalypdyr. Tygyň beýleki tarapynda agaç sapa oturdylýan inçe tarapy bar. Megerem tyg 2 m-den geçýän uzynlykdaky berk we ýörite taýýarlanan taýaga oturdylandyr. Naýzanyň tygynyň abatlygy we gowy saklanandygy onuň ideginiň ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa türkmenleriň öz ýaraglaryny arassa we abat saklandyklarynyň ýene bir subutnamasydyr.
Paryzdepeden tapylan bu naýzalar halkymyzyň taryhyny öwrenmekde wajyp bolup, iki naýzanyň arasynda 6 müň ýyl töweregi wagt bar. Bu taryhy hakykat Paryzdepäniň çäginde ýaşaýşyň b.e.ö. V müňýyllykdan bäri üznüksiz dowam edip gelendiginiň hem aýdyň subutnamasydyr. Şol uly wagtyň dowamynda Paryzdepe galasy Nusaý ýolunyň ugrundaky esasy beket bolan bolmagy mümkindir. Ýeri gelende bellemeli zat, alymlar Täze Nusaýyň ýaşynyň iň irki döwürlerini Jeýtun medeniýeti, ýagny b.e.ö. VI müňýyllyk bilen senelenýändigini nygtaýarlar. Nusaý ýoly bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň iň wajyp çatryklarynyň biri bolup, bu ýerden dünýäniň çar tarapyna ugur almak mümkin bolupdyr. Iň esasy ýollar hökmünde Merw, Köneürgenç (Şährihaýbaryň üsti bilen) we Nyşapur ýoluny agzamak bolar. Şol ýollardan ýöreýän kerwenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurda abanýan howpy wagtynda görüp, habar bermek Paryzdepede ýaşan merdana ýigitleriň paýyna düşüpdir. Olaryň esasy ýaraglary gylyç, ýaý we naýzadan ybarat bolupdyr.
Asudalygyň we parahatçylygyň goragynda duran türkmeniň merdana ogullarynyň ulanan ýaraglarynyň biri bolan naýza halkyň gahrymançylyk dessanlarynda-da mynasyp orun tapypdyr. Gorkut ata şadessanynda:
«...altmyş tutam ala gönderiniň (naýzasynyň) ujunda är bögürden, Gazan kibi pälwany bir söweşde üç kerre atyndan ýykan, Gyýan Seljuk ogly däli Tundar çapar ýetdi:
— Çal gylyjyň, agam Gazan, ýetdim! — diýdi» ýa-da «Aruz Gazanyň üzerine at saldy. Gazany gylyçlady, zerre gadar kesdirmedi, öte geçdi. Nobat Gazana degdi. Altmyş tutam ala gönderin goltuk gysdy. Aruza bir gönder urdy. Göksünde ýalabadak öte geçdi.» diýlen setirler arkaly hem muňa göz ýetirmek bolýar.
Naýzaly söweşiň tärleri we tilsimleri «Görogly», «Ýusup-Ahmet» ýaly gahrymançylyk dessanlarda hem taryp edilip, bu ýaragyň ähmiýeti aýdyň we açyk görkezilýär. Görogly şadessanynda:
«Günlerde bir gün Ady beg soltan kyrk atlysyny alyp, uzak ýola ugrady. Gaty kän günler ýöräp, bir çöllüge ýetenlerinde, gözüne bir kejebe göründi. Bu kejebä baka naýzany ýapyryp, at goýdular...» ýa-da «...Ýakynlap gelen mahalynda birden kyrk atly dagyň gädiginden çykyp, naýzany ýapyryp, Görogla garşy «alia» diýip at goýdular.», şeýle hem: «... — Haw, Köse, Gyrat aýagymyň astynda, düýrme gylyç bilimizde, syrly naýza golumyzda — şeýle wagtda heý, öňümizde duşman dump bilermi?» diýlen sözler, naýzanyň ähmiýetini we naýza bilen söweş tärlerini suratlandyrýar.
Watan goragçysynyň häsiýetleri barada orta asyr alymy Bedreddin Bektut hem «Harby sungat» atly kitabynda:
«Esgeriň hakyky esger bolmagy üçin onuň ýaýdan ok atmagy, gylyç oýnamagy, naýza urmagy bilmegi hökmandyr» diýip belleýär.
Alymyň aýdyşy ýaly, Watan goragçysy ähli ýaraglardan we tehnikalardan ussatlarça baş çykarmagy başamaly. Ýurduň goragy bu başarnyklary esgerden talap edýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, biziň pederlerimiz hem öz ýaragyna erk edip, Watan topragyny gaýduwsyzlyk bilen gorapdyrlar. Olaryň mertlik ýoluny dowam etmek bolsa, şu günki ýurt goragçylary üçin parzdyr hem mukaddes borçdur.
Şöhrat KAKALYÝEW,
TYA-nyň Taryh institutynyň ylmy işgäri.
Taryhy makalalar