17:07 Salam, Güýz | |
SALAM, GÜÝZ!
Goşgular
Salam, Güýz, sag-aman geldiňmi, gardaş? Geliber, ne beýle ýaýdanyp dursuň? Meniňem küýsegim, sen deýin syrdaş, Gel, geç, iň arzyly myhmanym borsuň. Hal-ahwal gowymy, ýagşymy tabyň? A:rman gezip ýörmüň, bol hasyl paýlap. Myhmanyňky üç gün-diýilýän däbiň, Unut-da, boluber bizde, üç aýlap. Küýsedim men, güýzüm, agras keşbiňi, Gorkmanam durmadym görmerin öýdüp. Alowladyp, öçüp barýan yşkymy, Ýeneki ýyllar hem, gelip dur şeýdip. Üýtgeşik täzelik ýok bora çemli, Egniňde şol öňki, saryja possun. Biraz gojalypsyň, gözleňňem gamly, Gel, derdiňi paýlaş, meň bilen, dostum. Derdinşeli,uzak-uzak gijeler, Hem diňläýin, çalýan zaryn sazyňy. Ýürek giňär, ylham alar, güýjalar, Synlap köp garaşan, eziz güýzümi. Indi görmen öýdüp, edipdim pikir. Sen, gelipsiň gaýdyp, Hudaýa şükür. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |