"SAZY WELI MUHADOWYÑKY..."
Türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri zehinli türkmen kompozitory Weli Muhadowdyr.
W.Muhadowyň (Welimuhammediň) çagalykdan gulagyny gandyrany türkmen sazlary bolupdyr, sebäbi onuň kakasy Muhat aga saz çalyp bilýän eken.
Öz öýlerinde, kakasynyň dyzyna ýaplanyp, Çuwal bagşy, Garly bagşy, Nobat Amansähet bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Mylly Täçmyrat ýaly halypalaryň ýanynda oturyp, olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän mukamlaryny diňleýän Welijik saza imrinýär.
köpüsini pianino, roýal saz gurallarynyň başynda geçirýär.
Ol saz döretmek isleýär. Şeýtse, onuň göwnüne şol gözleýän mukamy tapylaýjak ýaly... Ýaşlyk hyjuwy bilen çekilen zähmet, irginsiz gözlegler ýerinede düşýär. 1941nji ýylda ol ilkinji saz eserini döredýär we ony «Kerwen» diýip atlandyrýar. Bu täsin mukamy diňläp gören mugallymlar süýjisüýji mukamlaryň bu ýaş ýigidiň barmaklarynyň ujunda dälde, onuň kalbynda gizlenip ýatandygyna, onuň ýönekeý ýerine ýetirijilik ukybynyň dälde, döredijilik ukybynyň bardygyna Muhat aga her sazyny tamamlan badyna: «Kaka, «Bir gowy, jadylaýjy heň bardyr» diýýädiň, şu gezegä üstünden baraýdyň öýdýän» diýýär eken. Muhat aga: «Ony ertire goýdum» diýsede, şol ajaýyp mukamy getirjek ertir hiç gelenokdy. Şol jadyly mukamy tapmak höwesi W.Muhadowy gözleglere gönükdirýär.
Aşgabat şäheriniň çagalar ýetimler öýünde (internatda) saz ugrundan sähel wagt okandan soňra, oba gelip, kakasyna kömekleşmeli bolan Weli mal bakýar, daýhançylyk edýär, ejesiniň islegine görä, sürüjiligi okaýar. Bir gezek kakasy, öýde doganlarynyň ýoklugy sebäpli, ony düýe satmak üçin bazara iberýär. «Özüme bir zat alnaýyn» diýip, kakasyndan rugsat alan Weli düýäniň ba hasyndan özüne balalaýka satyn alýar. Muny görüp geň galan kakasyna onuň: «Şol jadyly mukam şunda gizlenip ýatandyr öýtdüm» diýmegi, ogullarynyň ökde sazanda bolmagyny islesede, diňe saz bilen meşgullanmagyny, sazdan «çörek iýmegini» islemeýän, saz her bir hünärli ýigidiň bezegi bolmaly diýip hasaplaýan Muhat bagşyny çuňňur oýlandyrýar: «Ola mukam gözleýär, biz bolsa ony...».
«Ýörite saz öwretmek üçin okuwa äkitmäge Moskwadan adam gelipdir» diýen habar W.Muhadowy ýenede şol az salym okap gaýdan ýerine getirýär. 1936njy ýylyň güýzünde saza ukyply çagalary saýlap okuwa äkitmek üçin, P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyndan belli kompozitor R.Glier gelýär. Çagalykdan dutardyr tüýdük çalmagy başarýan Weliniň saza üşükliligi kompozitoryň gözünden sypmaýar. Ol Moskwa gitjekleriň toparyna kabul edilýär. Özünden haýsy ugurdan okajakdygy hakda soranlarynda: «Men saz döretmegi öwrenjek» diýip jogap bersede, saz ugrundan taýýarlygynyň ýoklugy sebäpli, Moskwa konserwatoriýasynyň alt, skripka hünärine kabul edil ýär. Onuň bar göreni dutardy, tüýdükdi, saz sungaty hakdaky düşünjesi bolsa kakasyndan hemem onuň ýanyna gelýän bagşysazandalardan eşiden gürrüňlerin den, rowaýatlaryndan aňry geçmeýärdi.
Dünýä belli medeniýet ojagynda yhlas bilen okuwa başlan geljekki kompozitoryň öňünde saz äleminiň gapysy giňden açylýar. Tanymal sazandalardan sapak alýan döwürlerinde ol Bolşoý teatrda goýulýan operalara, ussat kompozitorlaryň konsertlerine gatnaşmaga, saz sungatyna degişli ylmy çeşmeleri öwrenmäge mümkinçilik tapýar. Geljekki kompozitor rus hem dünýä saz sungatynyň ussatlarynyň mirasyny öw renmäge girişýär, nota öwrenýär, saz nazaryýetini özleşdirip başlaýar. Ol skripka ugrundan okasada, wagtynyň göz ýetirip, ony kompozitorçylyk bölümine geçirýärler. Emma oňa konserwatoriýany gutarmak miýesser etmeýär.
Käbir aýdymlary döretmäge, birtopar halk aýdymlaryny täzeden işlemäge ýetişen Weli okuwynyň arasyny kesip, Watan goragyna gidýär. Uruş zerarly okuwynyň arasy kesilsede, döredijilik gözlegleriniň arasyny kesmedik ýaş kompozitor garymlaryň içinde hiç hili saz guralsyz birnäçe aýdym ýazýar we olary Aşgabada ugradýar. Urşuň öň hatarla rynda söweşip ýören ýaş kompozitory 1943nji ýylda ýörite karar esasynda yzyna ugradýarlar. Urşuň elhençliklerini gözi bilen görensoň, söweşdeş ýoldaşlarynyň sargytlaryny unutmaýar, watançylyk duýgularyna ýugrulan iň go wy aýdymlary bilen olary ýeňşe ruhlandyrýar, ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmaga öz saldamly goşandyny goşýar.
1946njy ýylda ýaş kompozitor Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna täzeden okuwa girýär. Fortepiano üçin «Kerwen» sazyny, «Ýeňiş» kantatasyny, şeýlede, hor we solo üçin birnäçe eserleri döreden ze hinli kompozitor konserwatoriýada okap ýörkä döreden «Türkmen sýuitasy» üçin talyp döwründe döwlet baýragyna myna syp bolýar. Şondan bir ýyl geçendensoň, ýagny 1951nji ýylda diplom işi bolan «Meniň Watanym» atly belli simfoniki poemasy üçin döwlet baýragyna ikinji gezek mynasyp bolýar. Bu konserwatoriýanyň taryhynda hem ilkinji gezek bolýar.
Rus kompozitory Adrian Şapoşnikow bilen bilelikde «Kemine we kazy», «ZöhreTahyr» operalaryny, ZnoskoBorows kiý bilen «Akpamyk» baletini döreden Weli Muhadowyň 1967nji ýylda Ç.Aşyrowyň «Ganly saka» poemasy esasynda döreden adybir «Ganly saka» operasy hem naýbaşy operalaryň biri bolýar.
Döreden eserleri bilen Ýer şarynyň dürli künjeginde öz zehinini ykrar etdirmegi başaran ussat kompozitoryň sazlary meşhur dirižýorlaryň ýolbaşçylygynda iň gowy orkestrler tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Birinji, Ikinji, Üçünji simfoniýalaryny, birnäçe kantatalary, hor we ýekelikde ýerine ýetirilýän aýdymlary, romanslary, kinofilmlere sazlaryň 200den gowragyny döreden zehinli kompozitor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, professor Weli Muhadowsyz türkmen simfoniki saz sungatyny göz öňüne getirmek kyn. Ol onuň ilkinji kerpiçlerini goýan ussatlaryň biridir. «Türkmen sýuitasy» simfoniki eseri muny doly tassyklaýar.
Bagtygül SEÝITKULYÝEWA,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy.
Aýdym-saz sungaty