10:26 Seljuklaryñ altyn teññeleri | |
SELJUKLARYÑ ALTYN TEÑÑELERI
ХI-ХII asyrlarda türkmen topragynda edebiýat, binagärçilik, bezeg sungaty, takyk ylymlar ösýär, uly medeni merkezler döreýär. Şol medeni merkezleriň hataryna Merw, Nusaý we beýleki şäherler giripdir. Merwiň ýokary derejede ösmegine onuň Seljuk türkmen döwletiniň paýtagty bolmagyndan başga-da, Hytaýdan Ýewropa tarap uzap gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi hem uly ýardam edipdir. Merw barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Merwiň guwanjy diňe bazarlary däldi. Dürli döwürlerde hökümdarlar tarapyndan bu ýerde altyn, kümüş hem-de mis şaýlyklar zikgelenipdir» diýip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly I kitabynda belleýär. Türkmen täjirleri uzak ýerlere söwda etmäge gidipdirler. Söwdanyň ösmegi pul dolanyşygynyň ösmegine getiripdir. Şonuň üçin döwlet teňňe ýasaýan ýörite zikgehanalary döredipdir. ХI asyryň ortalarynda Seljuk türkmen döwleti dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly we bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan iň kuwwatly döwletleriň biri bolupdyr. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň döwleti emele gelipdir. Ykdysady we syýasy taýdan kuwwatly döwlet öz pul birligini döredipdir. Seljuk türkmen döwletiniň şaý pullaryny häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň ýygyndylarynda görmek bolýar. Olaryň arasynda Seljuk türkmen döwletini esaslandyryjy Rukneddin Abu Talyp Togrul begiň hem-de Adudeddin Abu Şuja Alp Arslanyň, Jelaleddin Abul Fath Mälik şanyň, Gyýaseddin Abu Şuja Muhammediň we Muýzeddin Abul Harys Sanjaryň gyzyl pullar toplumy bar. Seljuk türkmen döwletiniň şaý puluny ýasamak mekdebiniň kemala gelen ýoly ýurdumyzyň taryhy, milli däp-dessurlary we onuň baý medeni mirasy bilen baglanyşdyrmak ýerliklidir. Seljuk türkmen döwletiniň dörän döwrüne kümüş dartgynlygynyň ýüze çykmagy gabat gelipdir. Kümüş gytçylygy Gündogaryň beýleki ýurtlarynda hem bolupdyr. Şol döwür kümşüň gytçylygynyň döremegi, esasan, Gündogar ýurtlarynda kümüş känleriniň azalmagy hem-de kümüş şaýlyklarynyň Ýewropa ýurtlaryna köp mukdarda äkidilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli köp döwletlerde kümüş teňňeler çykarylmandyr. Seljuk türkmen döwletinde hem kümüş teňňeler örän seýrek bolupdyr. Dünýä teňňeşynaslyk toplumynda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň çykaran kümüş teňňeleriniň bary-ýogy ýigrimiden gowragynyň bardygyny bellemek ýeterlikdir. Şol döwürde döwletiň kuwwatyny görkezmek üçin Seljuk türkmen döwletiniň soltanlary öz şaý pul önümlerini gymmat bahaly metaldan, ýagny altyn teňňä — «dinara» esaslandyryp, olary çeper ýasamaklygy güýçli ösdüripdirler. Dinar öz adyny rimlileriň «denariý» sözünden alyp, wizantiýalylaryň solidiniň mirasdary hem-de bäsdeşi bolupdyr. Gyzyl pullar öz nepisligi we aýratyn ýazuwlary bilen tapawutlanyp, dünýä ýüzünde «Seljuk türkmen döwletiniň altyn dinarlary» adyna eýe bolupdyr. Bu gyzyl pullar söwda gatnaşyklarynda ulanylyp, daşary ýurtlara hem äkidilipdir. Orta asyr awtorlary bu döwürde Seljuklar döwletinde dinarlaryň iki görnüşiniň: «altyndan» dinarlaryň we «ruhni» dinarlarynyň, diýmek, elektr dinarlarynyň bolandygyny belleýärler. Seljuk teňňeleri, esasan, arap ýazgylary bilen bezelipdir. Bu ýazgylar kufy görnüşinde belgilenipdir. Şaýlyklaryň ählisiniň ýüz tarapynda Gurhandan süreler ýazylyp, arka tarapynda bolsa soltanyň ady we teňňäniň zikgelenen ýeri ýazylypdyr. Pul ýasamak önümçiliginiň esasy merkezleri hasaplanylan Merw, Sarahs, Hyrat, Nyşapur, Reýd, Bagdat bolupdyr. Altyndan ýasalan dinarlar giňden ulanylypdyr. Dinarlar, esasan, 2,5 gramdan 5,5 grama çenli agramlykda ýasalypdyr. Halk ussalary şol wagtlarda teňňeleri ýokary hilli altyndan we köp garyndyly metaldan öndüripdirler. Teňňeler ilki içerki söwdada ulanylyp, soňra köpçülikleýin ýaýrapdyr. Bu altyn dinarlar Seljuk türkmen döwletiniň ykdysady, syýasy we medeni ýagdaýyny şöhlelendirýän gadymy döwlet resminamasydyr we sungat eseridir. Şu günki gün şol şaý pullaryny synlanyňda, halk ussalarynyň bu teňňeleri örän çeperçilik bilen zikgeländigine göz ýetirýärsiň. Öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan halk ussalaryna mahsus inçe duýgularyň esasynda, biz şu günki gün öz görnüşleri boýunça köptaraply şaý hem kagyz pullarynyň şeýle giňden, çeper ösüşini gazanyp bildik. Arslan ADAÝEW, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||