15:50 Seniñ gözlegiñde | |
SENIŇ GÖZLEGIŇDE
Goşgular
Men seni henizem şol gözläp ýörün, Taparymdan welin, tapmazym ýakyn. Zeminde bar bolsaň, men tapjak borun, Kalbymy gamlardan boşatmak üçin. Göz öňüme gelýär gara gözleriň, Göwnüme bolmasa, çagyrýan ýaly, Üstünde duran dek edil közleriň, Ýanyp, bişip ýörün çekip perýady. Söndüräýseň ýürekdäki yşygy, Täzeden jan berip, otlan tapylman, Öz-özüň ýakarsyň kesir ýaşlygy, Ýürek «ah» çeker-de, galar ýapylman. Sagyma aýlanýan, soluma bakýan, Gözüme görneňok, gelenok sesiň, Syrýaryn derimi suw bolup akýan, Aýlandym ýollaryň belendin-pesin. Sen welin tapdyrman, çekdirip näziň, Keýpin görýän ýaly däli ýaşlygyň. Özüňe meňzedip güllerni ýazyň, Sen keýpine kösäp dursuň aşygyň. Nurýagdy SEÝITLIÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |