21:10 Seýitmuhammet pir | |
SEÝITMUHAMMET PIR
Taryhy şahslar
• "Öwlatlar barka, biziñ hetdimiz bolmaz!" XVII-XVIII asyrlar türkmen halky üçin agyr döwürleriñ biri bolupdy. Şol döwürde ylym-bilim almak juda kynlaşypdy. Hatda obada molla bolmansoñ, aýat-töwir okatmak üçin onlarça obalary sökmeli bolýan wagty hem bolupdyr. Juda barjamly bolmasañ okamak her kime başardybam durmandyr. Özem ylym almak üçin Hywa ýa Buhara ýaly daş ýerlere gidip okamalydy. Gelip çykyşy boýunça añyrsy Pakyr şyha syrygýan Seýitmuhammet oba hatly-sowatly biri gelse, ýanyndan aýrylmaýardy. Döwür gowgaly bolansoñ kakasy Seýitmuhammedi okatmagyñ ebeteýini tapyp bilmändi. Bir gezek Seýitmuhammet dogany Hally we oba ýaşulylary bilen Gökdepä sadaka gidýär. Aýat-gurhan okamaly bolanda ýerli ýaşulular myhman sylagy diýip nobaty Durundan gelen ýaşululara berýärler. Durunlylar bolsa: "Öwlatlar barka biziñ hetdimiz bolmaz" diýip, Seýitmuhammet bilen Halla ýol berýärler. Doganlar öwlatlardan bolup aýat-töwir bilmeýändikleri üçin märekäniñ öñünde gyzarmaly bolýarlar. Seýitmuhammet şondan soñ her edip, hesip edip okaýmaly diýen netijä gelýär. Hossarlaryna sala salandan soñra, tapanja harjyny alyp, Hywa tarap ýola düşýär. • Hywa döwri Seýitmuhammet ady musulman dünýäsine ýañ salan türkmen piri Ýazguly piriñ elinde okaýar. Şol ýerde-de pirlik patasyny alýar. Ýazguly pir ony juda gowy görer we oña janyny ynanar ekeni. Seýirmuhammet pirlik patasyny alandan soñra, obasyna gaýtmakçy bolýar. Emma halypasy ony ýanyndan goýberesi gelmeýär. Seýitmuhammet pir halypasynyñ raýyny ýykyp bilmän, Ahaldan gelen kerwene: "Indiki geleniñizde meniñ hossarlarymy alyp geliñ" diýýär. Seýitmuhammediñ gelerine garaşyp duran obadaşlary onuñ Hywada galmakçy bolýandygyny bilip, "Hywada galdyrmaly däl, biziñ öz öñümize düşer ýaly adam gerek ahyryn, ony gidip alyp geleliñ" diýip, kakasynam alyp Hywa gidýärler. Ýazguly halypa gelenlere: "Seýit jany äkitmäñ. Ol Tañrynyñ nazar salan bendesi. Onuñ mähellesi kän bolar. Oña ojagaz ýerde ýaşamak bolmaz. Oña uly mähelläni eklär ýaly uly suwly ýer gerek. Onuñ keramatyna gelýän adamlaryñ öñünde durmak gerekdir. Oña uly ykdysadyýetli şäher gerek. Siziñ kiçijik akar suwuñyz ony eklemez. Oña uly suwuñ boýy, derýañ-akabañ başy gerek. Men kerweniñizi gülebentden we näçe isleseñiz şonça-da ýükläp goýbereýin, düýeleriñ argyşyny hem oñaraýyn. Seýit jana azar bermeseñiz bolýar" diýýär. Muña garamazdan durunlylar ony alyp gitmekden dänmeýärler. Kakasy hem gepe goşulyp: "Sen bärde galsañ, men razy däl" diýensoñ, alaçsyz galan Seýitmuhammet pir halypasy bilen hoşlaşyp obasyna gaýtmaly bolýar. • Durun döwri Seýitmuhammet pir obasyna gelenden soñra metjit gurdurýar we medrese açýar. Yslamyñ taglymatlaryny öwredýär. Dini düşünjelerden, edep-terbiýeden ganyp başlan halkyñ watansöýüjilik ruhy galkynýar. Seýitmuhammet pir tire-taýpalaryñ agzybirligini saklamakda uly işleri bitirýär. Az wagtdan Seýitmuhammet piriñ Durundaky medresesi XVIII asyryñ yslam dininden bilim berýän iñ iri ylym ojaklarynyñ birine öwrülýär. Bu medresä Balkan, Ahal welaýatlarynyñ dürli künjeklerinden okamaga gelip başlaýarlar. Ýaşulularyñ aýtmagyna görä, Gökdepeden Gurbanmyrat işan bu medresä okamaga gelende Seýit işanyñ 100-e golaý sopusy bar eken. • Ak işanyñ gutlagy Rowaýatlara görä Hywadan pirlik patasyny alyp gelen türkmenleriñ ilkinjisi bolan Ak işan Seýitmuhammet bilen döwürdeş we ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Seýitmuhammediñ pirlik patasyny alyp gelendigini eşidip Ak işan ony gutlamaga gelýär. Ak işanyñ gelýändigini eşiden Seýitmuhammet pir ony garşylamaga çykýar. Ol duýdansyzlyk bilen Ak işanyñ gapdalyndan çykyp salam berýär. Atdan düşjek bolan Ak işany atdan düşürmän salamlaşan Seýitmuhammet pir: - Meniñ maksadym atyñ üstündekäñ görüşmek - diýýär. • "Öýle namazyna çenli gelip ýetişer..." ...Wagtyñ geçmegi bilen Seýitmuhammet piriñ halypasy Ýazguly pir hassalaýar. Ýagdaýy agyrlaşan Ýazguly pirden: - Siz dünýäden ötseñiz, yzyñyzy kim tutsun? - diýip soranlarynda, pir: - Seýit jan tutar - diýipdir. Daşyndakylar: "Pirimizi kesel aljyradýar" diýişip, ýene soraýarlar. Ýazguly halypa ýene-de: - Men aýtdym-a size... Seýitjan tutar - diýýär. Daşyndakylar: - Seýit işan Ahalda gezip ýör. Ol nähili Hywa gelip ýetişerkä? Çapar ugradanda bir aýdan bärde habar gelmejek aralyk... Pir: "Seýit jan öýle namazyna çenli gelip ýetişer" diýipdir. ...Bu ahwal Allatarapyn Seýitmuhammet pire aýan bolýar. Namaz okap durka süññi syzlan Seýitmuhammet haýdan-haý ýol şaýyny tutýar. Ýolda bir çopan goşuna sowlup, ikindi namazyny okaýar. Ugramakçy bolanda çopan oña dem-dynç alyp gitmegi maslahat berýär. Emma pir gyssanmaç ýola düşýär. Çopan: "Bu adam aýdanymy etmän gitdi welin, haýsy tarapa gitdikä?" diýip, daşary çykyp seretse, düýeli gelen myhmanyn hiç hili yzy-sory ýok diýýär. Çopan haýran galýar we "Men ýagşyzada-keramata sataşypdyryn, arman sypdyrypdyryn" diýip, kellesini tutup galýar. ...Agyr halda ýatan Ýazguly pir şägirdiniñ gelendigini-gelmändigini sorapdyr. Olar ýerli-ýerden: - Bäri-bärde Ahal barmy, ol indi gelmez - diýişýärler. Umytdan düşmedik Ýazguly halypa: - Öýle namazyna ýetişäýmelidi welin... ýolda il bähbitli bir iş bilen eglenendir-dä... ýöne agşam namazyna çenli hökman geläýmeli - diýipdir. Ikindi namazyndan soñ Ýazguly halypa ýene sorapdyr. Sopular: - Seýit işana habar ugradylmady, nädip gelsin?- diýýärler. Ýazguly Pir: - Habar barandyr - diýen badyna, daşardan Seýitmuhammet piriñ düýesini çökerjek bolup duran çasly sesi eşdilipdir. Agşam namazyndan öñ, garañky gatlyşmanka ýetişen Seýitmuhammet pir halypasynyñ süññüni tutup, jynazasyny özi okap, soñky ýoluna ugradýar... • Seýitmuhammet pir kim bolupdyr? Seýirmuhammet pir barada il arasynda rowaýatpisint rowaýatlar känem bolsa, onuñ Hywada näçe wagt okandygy, onuñ bilen bile okan sopular, pirler we beýleki döwürdeşleri barada anyk taryhy maglumatlar saklanyp galmandyr. Seýitmuhammet piriñ şejeresi barada aýdanymyzda, ol Pakyr şyhyñ döw şahasyndan gaýdýar. Pakyr şyh bilen Öwezmämmediñ aralygynda ýaşap geçenler barada-da taryhçylar bir zat ýüze çykaraýmasa, biziñ elimizde suwytly maglumat ýok. Seýitmuhammet piriñ üç aýaly we olardan bolan Rahmanberdi, Jepbarberdi, Söýün, Berdimyrat, Mäti, Anna atly alty ogly bolupdyr. Ogullarynyñ Söýünden başgasy pirlik patasyny alan beýik şahsyýetlerdir. Ýedinji pir Jepbarberdi piriñ ogly Garry pirdir (Seýitmuhammet piriñ at dakylany). Seýitmuhammet piriñ doglan ýyly belli bolmasa-da, ol takmynan 1865-nji ýylda 60-70 ýaşlarynda aradan çykandygy çaklanylýar. Seýitmuhammet pir (Seýit işan) häzirki Durun bilen Garaganyñ gaýrasynda ýerleşen gonamçylygyñ gonambaşysydyr. Seýitmuhammet piriñ eziz ruhy bizden şat bolsun! © Nurýagdy SEÝITLIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |