14:02 Söýgi syry | |
SÖÝGI SYRY
Goşgular
Oglan: - Älem -jahan läläm niçiksi söýgi, Şol gözellik içre seni göreýin. Dūnýäm seń dünýäñe eýleýip bezeg, Saña Aýy, Güni sowgat bereýin. Gyz: - Şirin sözler dile gelýär joşup kän, Ýöne heniz magşuk köñlün bilen ýok. Aýy, Güni sowgat berýän aşyk kän, Ýöne entek şol sowgady alan ýok. - Göýä Mejnun deýin yşkyñda gezip, Saña eltýän ýollar bilen gideýin. Ylhamma, joşgunma, mährime ezip, Saña öz söýgimi serpaý edeýin. - Çolaşyk bor ujy ýiten kelepde, Meniñ bu sözlerim göwne degmek däl, Ýüregiñde dömüp, galýar ýürekde, Serpaý eder ýaly söýgi sowgat däl. - Yşka pida bolmak merde ýörelge, Sensiz geçen günme arman edeýin. Tyg deý kirpiklerñi sanç sen ýüregme, Señ üçin janymy gurban edeýin. - Sazanda özüçe çalar sazyny, Dürs kakmasañ dutar aglar ses edip. Bu durmuşda hergiz aýa özüñi, Söýdürmek hökman däl ömrüñ bes edip. ■ Matallaryñ jogaby Gözlem saña bakar teşnewi-girýan, Dursuñ meni hyýallara atyryp. Ogryn garap, näzli-näzli ýylgyrýañ, Özüñ kimin syrly seniñ matalyñ. Duýgulam ýatladýar möwjeýän sili, Sen şonda-da ýüregimi duýmaýañ. Göýä bu zatlaryñ parhy ýok ýaly, Meniñ bilen matal aýdyp oýnaýañ. Jogaplary dagdamy ýa düzdemi, Ýa-da çagyrýarmy olar çöllere?! Gelýän wagty tomusdamy, güýzdemi, Ýa-da beslenipmi gunça-güllere?! Mańa-da parhy ýok, etme gyz öýke, Özüne dartyp dur meni bir duýgy. Ähli matallaryñ jogaby ýeke: - Söýgi! * * * Has-da bagtly çagym bolsun, Sen meni hüwdüle, ýarym. Söýgiñ sallançagym bolsun, Sen meni hüwdüle, ýarym. Isleseñ aglap, diñmäýin, Ganat ýaýaýyn, ýeñläýin. Göýä çaga deý diñläýin, Sen meni hüwdüle, ýarym. Ykbal ýoly öwrüm-öwrüm, Mukamlar uzaldar ömrüm, Şirin heñde teşne köñlüm, Sen meni hüwdüle ýarym. Güýç berip göwnüm göterip, Durmuşuñ waspyn ýetirip. Ajap günlere ataryp, Sen meni hüwdüle ýarym. Çuññur paýhas mañzy bilen, Eneleriñ wagzy bilen, Ejemjanyñ labzy bilen, Sen meni hüwdüle ýarym. * * * Guwan-guwan juwanlygyña ýaşyña, Sabyrly bol her iş düşse başyña. Şükür edip synla degre-daşyña, Her kimde bir hili täleý bolupdyr. Togap etdim ýagşylaryñ yzyndan, Miwe ýygdym danalaryñ sözünden. Janly-jandar razydyr özünden, Kimsi huda, kimsi jalaý bolupdyr. Ýanypdyr ýalançy dönüpdir küle, Elime zat ilmez sowursam ýele. Ozal näletkerde dogan ogula, Enesinden hatyn golaý bolupdyr. Mämmetgurban hakykatdyr sözlerim, Dura-bara şumluk gördi gözlerim. Oglanlykda bile oýnan gyzlarym, Agtykly-çowlukly aýal bolupdyr. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. | |
|
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |