11:20 Süýji şarpyk / hekaýa | |
SÜÝJI ŞARPYK
Hekaýalar
(Hekaýa) Seýil bagynyň agaçlarynyň goýy kölegesi tomusuň yssysyny kän bildirenokdy. Berdimyrat biraz aýlanyp, kölegedäki oturgyçlaryň birine çökdi. Gündiziň güni bolany uçin seýilgähde adam seýrekdi. Oturan ýeriňde uklasaňam hiç kim päsgel berjek däldi. Ol gözlerini yumup, özuniň süýji hyýallaryna berilip otyrka, gapdalyna biri gelip otyranyny duýdy. Gözüni açyp seretse, oturgyjyn aňyrky çetinde bir owadan gyz otyrdy… «Ýalňyzlyk bir Hudaýa ýagşy» diýip, yöne ýere aýdylmandyr. Adam perzendiniň uzak wagtlap yalňyzlyga döz gelmegi gaty kyn bolýar. Berdimyrat hem bir ýyl bäri ýalňyzlygyň ejerini çekip gelýärdi. Ol bu ýalňyzlykdan gutylmak uçin özine mynasyp ýan ýoldaş gözleýärdi. «Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer» diýilişi ýaly, ol tanyş gyzlaryny akyl terezesine salyp,hemme taraplaýyn ölçäp görýärdi. Sebäbi ýan ýoldaşdan bir gezek agzy bişipdi, dogrusy ýüregi ýaralanypdy.Şonuň uçin ol «Gözümem görmesin,gulagymam eşitmesin» diýip, şähere gelipdi. Işe ýerleşdi, iki otagly öý satyn aldy. Ejesiniň, kakasynyň ogul-gyzlary ýanynda bolany uçin olardan gaýgysy ýokdy. Bir gaýgysy öz durmuşydy.Bir ýagşysy öyi seýil bagyň golaýyndady.Içi gysanda agşamlaryna, dynç günleri gündizine-de baga barardy, aýlanyp gezelenç ederdi, ýadasa kölegedäki oturgyçlaryň birinde häzirkisi ýaly oturyp dynç alýardy. Şol günem dynç günidi. Ol günortanlyk edinip, «Nahardan soň bir ädim bolsa-da ýöre» diýen pähime eýerip,baga gezelenç etmäge çykyp, indem otyrdy. Oturgyjyň bir çetinde oturan bu gyzyň kimdigini ol nirden bilsin… - Bagyşlaň ukyňyzy bozaýdym öýdýän- diýip, gyz mylaýym ýylgyrdy. Gyzyň owadan gara gözleri-de ýylgyrşy ýaly mylaýym seredýärdi. – Ukymy bozasyň gelendir-dä, ýogsa başga oturgyçlaram bar-a- diýip, Berdimyrat degişme äheňde aýtsa-da, onuň jogaby gyza biraz gödegiräk eşidildi. Emma şonda-da onuň ýüzi çytylmady. – Dogry, başga boş oturgyçlaram ýok däl, ýöne ýeke özim oturmaga gorkýan-da –diýip, gyz ýylgyrdy. Berdimyrat: -Meniň bilen oturmaga gorkaňokmy?-diýdi. – Ýok, siz gorkuly adama-ha meňzäňizok! – Sen ony nirden bilýäň?Belki men garakçydyryn. – Aý, ýok-la. Siziň onuň ýaly adam däldigiňiz ýüz-gozüňizden görnup dur.Oziňiz erkek adam bolsaňyzam, gyz oglan ýaly ýuwaşja ekeniňiz. – Men gyz oglan ýaly däl, gaty gorkuly adam… – Haý, haý! Men siziň bu hereketiňizden gorkamok, hany çynlakaý gorkuzjak bolup görüň-da diýip ýylgyrdy. Bu gepden soň Berdimyrat näme diýjegini bilmän, aljyrady. Emma şol wagt kellesine gelen pikirden çykalga tapan ýaly bolup,ýerinden turdy. –Näme turdyňyz? -Seni gorkuzjak bolýan. – Nädip? – Gitjek.Ýeke özüň galsaň gorkarsyň-a? Gyz ýene güldi: - Meni gorkuzjak diýip, özüňiz gorkup gaçjak bolaýmaň.Ýogsa-da ýigit kişi şeýle owadan gyzy taşlap gidermi?! Berdimyrat çym gyzyl boldy. Ol bu gyzy ýeňip bilmejegini duýup, oturdyda,oňa öwrülip gözlerine gözüni dikdi: -Sen bilen gowja gürleşmesem boljak däl oýdýän.Ilki bir tanyşaly,sen kim? -Men adymy, kimdigimi aýtsam, bu tanyşlygyň soňy näme bolar? – Soňunam görübereris. Gyz birhili ýylgyrdy: -Gowusy soňuny görip otyrmaly. Bir salym oýun etdik, ýüregimizdäki dertleri,aladany bir salym unutdyk. Şu ýeter. Indi men gitdim- diýip, gyz ýerinden turdy.Berdimyrat onuň bu gepine aňk-taňk bolup, özi-de biygtyýar ýerinden galdy. «Bu gyz ertirden bäri meni oýnap oturan ekenow. Onsoňam, ýüregimizdäki dertleri,aladany diýmegi näme, munyň näme derdi barka?!» diýip, içini gepletdi. Soňra: - Sen derdi, aladasy bara meňzäňok-la. Näme gizlin derdiň bar? - Birinji gören adamyň bilen derdinişip, içiňi döküp yörmeli däl. Sizede şuny maslahat berýän.Hoş, aman boluň-diýdi-de, beýlesine öwrülip gitdi. Berdimyrat ony saklap bilmedi,onuň yzyndan dal kamtyna, messana ýörüşine seredip galyberdi. Ol «Oýun gutardy, täsin oýun-a boldy» diýip, hüňürdedi-de ýerine geçip oturdy. Şu oturşyna ol gyzyň hyýaly bilen bent bolup, näçe wagt oturanyny-da duýmady.Öýüňe barandan soňam onuň owadan gara gözleri, mylaýym keşbi, kinaýaly ýylgyryşy göz öňünden gitmedi.Onuň näzli owazy gulagynda ýaňlandy durdy. «Toba janym men, bu nähili boldy? Men kime sataşdym? Onuň dilewarlygy, özüni alyp barşy… Haýran galaýmaly. Onuň özi kim-kä? Ýagşymy, ýamanmy bilip bolanok» diýip, içini gepledýärdi. Emma ol hakda ýaman pikir edesi gelmeýärdi. Berdimyrat iki-üç günläp bu duşuşygyň täsirinde gezdi. Işinde-de, oýünde-de ol gyz ýadyna düşdi durdy. Onuň bilen ýene duşuşasy gelýärdi. Her sapar seýil bagyna baranda oňa duşaryn diýip umyt edip barýardy. Emma ol görünenokdy. Wagtyň geçmegi bilen hemme zadyň hem unudulyşy ýaly aradan bir-iki hepde geçip, ony indi ýadyndan çykaryp başlanynda, oňa ýene-de sataşdy. Şol gün Berdimyrat işden biraz gijräk gaýtdy. Ýol ugruna täze getirilen çörekden almak uçin öýüniň golaýyndaky dükana sowuldy. Ol dükanyň gapysyna golaýlaşanda içerden özüne garap ýylgyryp çykyp gelýän gyza gözi düşüp, biygtyýar aýak çekti. -Salam, nätanyş tanyş!-diýip, gyz näzli gülümsiräp elini uzatdy. -Salam,salam-diýip, görüşýärka Berdimyrat begenjini duýdurmak uçinmi ýa-da tolgunýanyny duýdurmak bolupmy,gyzyň elini gatyrak gysdy. -Waý! Elimi döwýäň!-diýip, gyz näzlenip gaşyny çytdy. -Bagyşla, begenjime öteräk geçäýipdirin. -Nämäniň begenjine? -Saňa duşanymyň. Men seni gözläp, ilki duşan ýerimiz-seýil bagyna köp gezek aýlandym. - Bä, gözledim diýsene… Berdimyrat gyzyň bu sapar «Sizden» «Sene» geçmegine üns berip, onuň ilkinji duşanlarynda ýekeje gezegem «senläp» geplemändigini ýatlady. «Bu nämäniň alamaty-maňa hormatsyzlygyňmy ýa-da özüni ýakyn tutmagyň alamatymyka?!» diýip oýlap, muny gyzyň gözünden aňmak uçin oňa siňe seretdi-de: - Hawa, agşamyna-da, dynç günleri gündizine-de gözledim. Bir gün bolmasa, bir gün gezelenç etmäge gelersiň öýtdüm. Gyz onuň bu sözüne ýylgyryp: -Meni beýle jan edip gözläp näme etjek?-diýdi. Gyzyň mylaýym ýylgyryşyndan «Hormatsyzlygyň alamaty däl eken» diýen pikir bilen göwni aram tapyp, Berdimyrat söze başlady: -Seniň bilen ýakyndan tanyşjak, mümkin bolsa gatnaşyk etjek,dostlaşjak bolýan. -Dostlaşmak gowy zat. Ýöne aýal bilen erkegiň arasynda hakyky dostluk bolup bilermi? Bu dostlugyň soňy başga zada ýazmazmy? -Başga zada ýazsa oňa ýetesi zat barmy! -O-ha? Seniň niýetiň diňe dostluk däl ýaly-la. -Meniň niýetim gowy. Ilki bir tanyşyp alaly, soňunam görübereris. -Meniň adym Berdimyrat,özümem sallah, ýönekeý gullukçy, atam,enem… -Boldy, boldy. Şu ýeterlik.Terjimehalyňy aýtmak gerek däl-diýip gyz gülüp,onuň sözüni böldi. -Bolýa. Gerek bolsa terjimehalymy-da soň aýdaryn. Indi senem özüňi tanyşdyraýsaň, dostlugymyzyň başlandygy bolardy. Gyz gülümsiräp duran gözlerini oňa dikip,bir salym dymyp durdy.Soňra: -Seniň bilen tanyşyp ýalňyşmazmykam? -Hijem ýalňyşmarsyň. Men ikimiziňem ýalňyşmagymyza ýol bermerin. -Onda menem adymy, kärimi aýdaýn. Adym Gülruh, kärim mugallym. -Gaty gowy. Ine, okuwçyňam taýyn. Näme diýseň «bolýa ýoldaş mugallym» diýerin duraryn. -Onuň ýaly bolsa tanyşanymyz bolaýsyn-diýip, gyz Berdimyrada birhilli mährem ýylgyryş bilen garady. Berdimyrat begenjine bökäýjek boldy. - Indi ýoldaş mugallym, bu tanyşlygy bellemesek bolmaz. - Nirede, nädip bellejek? - Munuň üçin daşa gidip oturmaly däl, meniň öýüm şujagaz ýerde. Hemme zat bar. Bizinkä baraýaly. - Öýüňize meni kimim diýip eltjek? - Ony menden soraýan adam ýok. Atam, enem obada, ýeke özüm ýaşaýan. - Şeýlemi, ýeke özi ýaşaýan sallahyň öýüne gorkman baryp bolmaz-diýip, Gülruh kellesini ýaýkady. - Nätdiňaý, Gülruh! Ilki seýil bagynda duşuşanymyzda özüň maňa «Erkek adam bolsaňam gyz oglan ýaly ýuwaş ekeniň» diýmänmidiň?! Şonuň üçin gyz oglan ýalynyň öýüne gyz barsa howply däl-ä! Gülruh onuň bu sözüne ýylgyranyny duýman galdy. Soňra: - Onuň ýaly bolsa barsam baraýaýyn.Ýöne men içgi içmeýän. Muny öňünden aýdaýyn. - Onda kofe diýseň kofe, çaý diýseň çaý içäýeris. - Bolýa, onda gitdik. Ýöne köp oturmarys. Şeýdip ylalaşyga gelnensoň Berdimyrat dükandan çörek almagy-da unutdy. Ol Gülruh bilen ýanaşyp ýöräp barýarka ýerden ýöräp däl-de awuny alan guş kimin uçup barýan ýalydy. Öýe girenlerinde Gülruh bu ýerdäki serenjamlylygy görüp: - Berdimyrat, öýüň sallahyň öýüne meňzanok. Tüweleme, hemme zadyň ýerbe-ýer ekeni-diýdi. Berdimyrat uýtgeşik bir jogap berjege meňzäp: - Aýal-gyzlar serenjamlylygy gowy görýäler. Menem gyz oglana meňzänim uçin tertip-düzgüni halaýan-diýip, Berdimyrat ýylgyrdy. Gülruh onuň bu kinaýasyna gaýtargy bermän, başyny ýaýkap, gepi başga tarapa sowdy: - Öýüňe myhmançylyga çagyryp , oturmaga mühäredem edeňok.Ýada meni dik duran ýerimde hezzetlejekmi? - Weý bagyşla, Gülruh. Geç,geç-diýip,Berdimyrat oturmaga Gülruha diwandan ýer görkezdi.Gülruh geçip oturan diwanyň öňüne pessejik stoly süýşürip,onuň üstüne saçak ýazdy. Sowadyjysyndan bar zatlardan goýuşdurdy. Şonda dükandan çörek almagy unudyp gaýdany ýadyna düşdi: - Bä, ýaňy dükandan täze çörek almagy ýatdan çykaryp gaýdyberipdiris. Gatyrak çöreg-ä bar eken,şunuň bilen oňňut edäýelimi ýa?-diýip, Gülruha ötünç soraýan terzde seretdi. - Zyýany ýok. Gaýtam täze çörekden bir neme gatany peýdaly. - Onda men bir çaý oturdaýyn, sen edil öz öýüňdäki ýaly arkaýn otur-diýip, aşhanasyna girip gitdi. Ol bir salymdan iki sany bulgur bilen bir çüýşe «Izabella» diýen çakyry alyp çykdy. Muny gören Gülruhyň gaşy çytylyp: - Men saňa içgi içmeýän diýip öňünden aýtdym-a-diýdi. Berdimyrat: - Içgini menem halamok, Gülruh! Ýöne tanyşlyk açmak üçin birje bulgurjyk içäýeli-diýdi. - Gülruh onuň özelenip seredýän gözlerine garap,biraz ýumşady. Şonda-da : - Içgi bilen açyljak tanyşlyk abatlyga eltmez. Onsoňam beýle zat türkmene mahsus däl-diýdi-de, Berdimyradyň goýan bulguryny özünden aňyra süýşürdi. - Aý, bolýa-da!-diýip, Berdimyrat çüýşedir bulgurlary ýygnady-da: - Gülruh, göwnüňe bolmasa sen häzirem şol ilkinji duşuşygymyzda aýdan derdiňi bir salym unutmak üçin gelen ýaly. Näme ünjüň, derdiň bolsa meniň bilen paýlaş-aý, bir neme ýeňlärsiň. Belki meniň kömegim deger. Gülruh Berdimyrada synçy nazary bilen garady-da: - Bir zat sorasam aýplaşmarsyň-a!-diýdi. - Ýok. Soraber, näme soragyň bolsa men jogap bermäne taýyn, ýoldaş mugallym-diýip, Berdimyrat ýylgyrdy. - Näme üçin şu çaka çenli öýlenmediň, ýaşyňam-a otuza golaýlap ýören bolmaly? Berdimyrat jogap bermän,birsalym dyndy. Ortada bir hili oňaýsyz ýagdaý döredi. Gülruh: - Bagyşla, men soramaly däl zadymy soraýdym öýdýän-diýdi. - Ýok, hakykatdanam soramaly zadyňy soradyň. Biz dost bolýan bolsak, biri-birimiziň ýagdaýymyza-da belet bolsak gowy. - Onda şu çaka çenli öýlenmändigiňiziň sebäbini aýdaýyň! - Men öýlenipdim… - Şeýlemi? Näme… Aýalyň ýogaldymy? - Ýok aýrylyşdym. - Bä, aýrylyşdym diýsene. - Aýaly bilen aýrylyşan erkek gowy adam-a bolmaly däl. - Näme uçin beýle pikir edýäň. Aýrylyşanda diňe erkek günäli bolman, günäniň aýalda-da bolmagy mümkin dälmi? Gülruh geplemän, oňa kinaýaly nazary bilen bir salym seredip oturdy-da: - Olam mümkin-diýdi. Soňra birhili ahmyrly aheňde: - Ony söýýärmidiň diýip sorady. -vÇenden aşa söýýärdim. Şonuň üçinem onuň eden işine çydap bilmän,başymy alyp, obadan çykyp gaýtdym. - Näme, ol şonuň ýaly erbet iş etdimi? - Erbetmi, erbet dälmi meniň gürrüňimi diňleseň özüň netije çykararsyň. - Gürrüň berseň diňläýin. Berdimyrat «Men özümiňkini gürrüň bersem, Gülruh hem içini döker» diýen pikir bilen söze başlady: - Ol obamyzdaky iň baý adamyň ýeke gyzydy. Uniwersiteti gutaryp geleninden soň obadaky mekdepde mugallym bolup işläp başlady. Men ondan bir ýyl öň instituty tamamlap, daýhan birleşiginde ykdysadyýetçi bolup işleýärdim. Biz öňdenem bir-birimizi gowy tanaýardyk. Ýaşlygyň joşgunly duýgulary sebäp boldumy nämemi, aramyzda güýçli söýgi döredi. Durmuş gurmaly bolduk. Emma onuň ata-enesi gyzyna «Berdimyrat seni söýýän bolsa iç giýew bolup gelsin. Onuň ata-enesiniň dört ogly, dört gyzy bar. Sen bolsaň biziň ýeke perzendimiz.» diýipdirler. Muňa menem razy boldum, ata-enemem razy boldy. Dabaraly toý etdik. Şeýdip bagtly durmuşda ýaşap başladyk. Aradan iki ýyl geçdi. Emma çagamyz bolmady. Ol «Men önelgesiz bolaýmasam ýagşy» diýip howatyr edýärdi. Şypa tapjak bolup kurortlara gidip gelýärdi. Men ony güýçli söýýänim uçin çaga bolsun, bolmasyn, özümi onuň bilen bagtly duýýardym. Emma meniň bu bagtly günlerim uzaga gitmedi. Mundan bir ýyl öň okuwyň öň ýanynda bolýan mugallymlaryň konferensiýasyna giden güni onuň arany açdym-diýip, uludan demini alyp, Berdimyrat dymdy. - Ýeri, onsoň? Sebäbi näme ? - Sebäbi şol güni ol öýe gijäniň ýarynda geldi. Onuň bilen gidenler öýlerine sagat alty bolman geldiler. Konferensiýa bäşde gutarypdyr.Ol garaňky gatlyşanda-da gelmäninden soň men oturup bilmän howatyr edip, onuň ýoluna gözläp daşarda gezdim. Wagt gijäniň ýaryna golaýlanda daşdan bir maşynyň çyrasy göründi. Maşyn öýümiziň golaýyna dazlap geldi-de, ony düşürip ýene-de dazlap yzyna dolandy. Garaňkyda onuň belgisini görüp bilmän galdym, ak reňkli «Žigulidigini» zordan saýgardym. Meniň gaharym ýetjek derejesine ýetipdi. Ol ýanyma gelenden «Nirede ýörsüň!» diýip, bir şarpyk çalanymy duýman galdym. Ol «näme urýaň, bir zadyň anygyna ýetip, onsoň etjegiňi et» diýip aglap başlady. «Kim ol getirip giden?» diýsem «Boýdaşymyň äri, maşyny ýolda bozulyp galdy…» diýeninden sözüni soňlatman «Seniň özüň bozulansyň» diýip, agzyma gelenini aýtdym-da, öýe-de girmän, göni kakamlara gitdim. Ertesi ejesi meniň geýimlerimi getirip,gyzyny akja jüýje edip,ejeme bir topar zatlary aýdypdyr.Nämemişin şäherde bir boýdaşynyň doglan gününe baryp, ýarym sagat oturypdyr. Gaýtjak bolanda boýdaşy adamsyna «Ony eltip gaýt» diýipmiş. Ýolda-da maşyn bozulypmyş. Özi bejerip bilmäninden soň, geçip barýan matorly oglandan maňynyny bejerýän, Sergeý diýen ussanyň öýüni salgy berip çagyrdypmyş. Ussa gelip görüp,bozulan şaýyny bir ýerden tapyp,getiripmiş.Garaz şonuň ýaly adam ynanmajak gepler. Soňunda-da ejeme «Gyzymda hiç hili günä ýok.Ogluň gyzymyň ömür ýüreginden çykmajak sözleri aýdypdyr .Gyzymam «Maňa şeýle sözleri aýdyp bilen adamyň indi ýüzini görmen» diýýä» diýip gidipdir. Berdimyrat sözüni soňlanyndan Gülruh: - Leýla bilen şeýdip aýrylyşdym diýsene-diýdi. Ol birhili tolgunýardy. Berdimyrat geň galyp: - Men onuň adyny tutmadym,sen ony nirden bilýäň?-sorady. - Ony saňa soň aýdaryn-diýip, Gülruh ýerinden turdy. - Näme turduň? Otur, häzir kofe getirýän… - Kofeni biziň öýde içeris. Men häzir gitmesem bolanok. Zerur işim bar. - Nätdiň-aý, Gülruh! Onda indi haçan duşýas. - Öýüňde telefon ýok ekeni, iş ýeriň telefonyny ber. Seni özüm taparyn-diýip, Gülruh onuň ýazyp beren kagyzyny aldy-da, bir zada howlugýan ýaly çykyp gitdi. Ony gapa çenli ugradan Berdimyrat onuň yzyndan delmenip garap galyberdi. Ol özüniň başyndan geçenini gürrüň bermek bilen onuňam içini dökmegine garaşypdy.Emma bu düşnüksiz gyzdan ol eden tamasy çykmady.Her niçik-de bolsa,onuň «Özüm seni taparyn» diýip, telefonyny alyp gitmegi, ýene-de duşuşmak umydynyň çyrasyny söndürmedi. Aradan iki gün geçdi, üç gün geçdi, Gülruhdan habar bolmady. Berdimyrat onuň jaňyna garaşyp halys ýadap, umydyna üzer-üzer bolup durka garaşmadyk wagty ol jaň etdi: - Berdimyrat men Gülruh, sagat bäşde seýil bagynyň öňünde garaş, men barýan düşündiňmi? - Düşindim, düşindim-diýip, Berdimyrat begenjinden ýaňy bökäýjek boldy. Gülruh başga zat diýmän telefony goýdy. Berdimyrat aýdylan ýere wagtyndan bäş minut öň bardy. Ol tolgunýardy. Sebäbi Gülruhyň özüniň duşuşyga çagyrmagy onuň üçin uly bagtdy. Ol tiz-tiz sagadyna seredýärdi. Wagt ýakynlaşdygy saýyn ýüregi tiz-tiz urýardy. Batly gelip saklanan taksidan Gülruh kellesini çykaryp: - Berdimyrat, gel maşyna mün!-diýip, ony çagyrdy. Berdimyrat beýle bolar diýip pikir etmändi. Ol maşynda däl-de, messan ýöräp, ýylgyryp geljek gyza garaşypdy. Onuň bilen seýil bagynda gezelenç edip arkaýyn gürleşip gezmekçidi. Duşuşyk öz islegine görä bolman soň, nalaç maşyna mündi, özem yzky ýere-Gülruhyň ýanyna mündi. Gülruhyň ýüzinde üýtgeşik bir ýylgyryş bardy. Salam-älikden soň Berdimyrat elini gyzyň eliniň üstüne goýup: - Nirä barýas?-diýip sorady. - Bize barýas-diýip, Gülruh elini ýuwaşlyk bilen çekip aldy. - Näme üçin?Gowysy bize baraýaly! - Ýok. Men saňa kofeny biziňkide içeris diýip söz beripdim. Şol sözümde tapyljak bolýan. - Öýüňizde kim bar? - Öýümizde ýok adam ýok-diýip, Gülruh syrly ýylgyrdy-da, «Başga zat diýme» diýen manyda onuň dodagyna barmagyny basdy. Berdimyrat sürüjiniň ýanynda artyk gürrüň etmeli däldigine düşünip,geplemän oturdy. Taksi olara aýdylan ýere-bäş gatly uly jaýyň öňüne eltip,saklandy. - Ine, öye-de geldik. Biz şu jaýyň ikinji gatynda ýaşaýas-diýip, Gülruh bir hili çekinip duran Berdimyrada garady. - Gülruh, dogrymy aýtsam, men özümi birhili oňaýsyz duýýan. Onsoňam sen özüňe meni kimim diýip eltjek? Gülruh köp manyly ýylgyryş bilen garady-da: - Şol gije Leýla özüni öýüňize eltip gaýdan adamy «boýdaşymyň äri» diýdi dälmi, menem seni «boýdaşymyň äri» diýip elterin. Ýör, çekinip oturasy iş ýok-diýdi. Berdimyrat bu düşnüksiz gyzyň oýunlaryna akly çatman, onuň yzyna düşüp ikinji gata çykdy. Gülruh garşydaky gapynyň jaňynyň düwmesini basdy. Gapyny orta ýaşlaryndaky aýal açdy. Ol myhman geljegini öňünden bilýän ýaly güler ýüz bilen: - Geliň, geçiñ - diýip, Berdimyrada ýol berdi. Berdimyrat dälizden geçip, uly otaga girenden bir çetdäki diwanda oturan ýigit ýerinden turup, oňa tarap ýöredi. Gür gara saçly, bugdaýreňk, özi ýaly daýow bu ýigidi görenden Berdimyrat biraz aljyrajak boldy. «Be, bu kim kä, Gülruhyň nämesika?» diýen pikir beýnisinden at salyp geçdi. Onýança Gülruh ýigitleriň ýanyna gelip, olary tanyşdyrdy: - Berdimyrat, bu ýigit şol gije Leýlany öýüňize eltip gaýdan «boýdaşymyň äri» diýeni. Bu gepe Berdimyrat ilki aňk-tank boldy. Soňra birden gahary geldi : - Bu nähili oýun?! - Oýun däl, çyn. Sakawyň soňuna seret. Leýlanyň boýdaşym diýeni-de men-diýip, Gülruh köşeşdiriji äheňde dillendi. Soňra adamsyna garap: - Myrat, sen Berdimyradyň kimdigini gowy bilýäň. Indi özüňiz tanyşyp soraşyberiň - diýdi-de içerki otaga girip gitdi. Myrat Berdimyrada: – Tanyşanymyza örän şat. Ikimiz doly bolmasa-da ýarym atdaş ekenik -diýip, gülüp gaýtadan görüşdi. Öý eýesiniň beýle mylakaty Berdimyradyň gaharyny ýazanam bolsa, ol entek bu bolýan zatlara oňly düşünmän alasarmyk ýagdaýda galdy. - Hany, saçak başyna geçäýeli, Berdimyrat-diýip, Myrat dürli näz-nygmatly saçaga mürehet etdi. Oturdylar. Emma Berdimyrat bu myhmançylygyň nämäniň hatyrasyna guralandygyna entegem düşünip bilenokdy. Içerki otagdan geýmini çalşyryp, Gülruh çykdy. Şol wagt ýaňy gapyny açan aýal gelip: -Gelin, sen uly sogap işiň başyny başlapsyň, indi ony soňuna ýetir. Nahara meniň özüm serederin-diýdi. Berdimyrat ol aýalyň Gülruha «gelin» diýip, ýüzleneninden onuň Myradyň ejesi Gülruhyň gaýnenesidigini aňdy. Gülruh «bolýa» diýen manyda başyny atyp, ýigitleriň ýanyna gelip oturdy. Berdimyrat Gülruhyň soňuna ýetirmeli «Sogap işiniň» nämeden ybaratdygyny bilesi gelip, oňa sabyrsyzlyk bilen seretdi. Gülruh bir hili tolgunýardy. Çünki, ediljek gürrüň tolgundyrmazça däldi.Ol Berdimyrat bilen ikisiniň tötänden bolan duşuşygy ýöne bir tötänlik bolman, ykbal işidigine ynanypdy. Muňa Berdimyrady-da ynandyrmalydy. Şeýdip ýaňky aýdylan ahyryna ýetirilmelidi. Munuň üçin ol Berdimyradyň öýünde beren gürrüňinden önki hem soňky bolan wakalaryň üstüni açmalydy. Şonuň üçin ol sözüne şeýle başlady: -Berdimyrat, ikimiziň tötänden sataşyp, tanyşmagymyz ýöne bir tötänlik bolman, biziň ykballarymyzy kesgitlän üýtgeşik bir tötänlik bolan bolsa nätjek! Munuň şeýledigine häzir saňa berjek gürrüňimi diňleseň özüňem kaýyl bolarsyň. Ertirden bäri bu gümürtikligiň tizräk aýyl-saýyl bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan Berdimyrat elindäki çaýly käsäni aşakda goýup: - Diňleýän, aýdyber-diýdi. Gülruh gürrüňi nämeden başlamalydygyny pikir edýän ýaly bir salym dymdy, soňra: - Biz Leýla bilen Mollagara sanatoriýasynda tanyşdyk-diýip söze başlady-Menem ol ýere guragrym bolansoň şypa isläp barypdym.Şonuň ýaly ýere baran adamlar tiz ysnyşyp,dostlaşýarlar.Ynha bizem Leýla bilen yigrimi günläp bir otagda ýaşap, biri-birimize mähriban bolup galdyk.Sanatoriýadan gelenimizden bir hepdeden soň mugallymlaryň täze okuw ýylynyň öň ýanynda bolýan maslahatynda ýene-de duşuşdyk. Şol günem meniň doglan günimdi.Oňa boýdaşlarymy çagyrypdym.Maslahat gutarandan soň Leýla-da meni gutlamak uçin öýe geldi.Ol «Gijä galsam öýdäkiler howatyr ederler» diýip, ýarym sagat oturyp, rugsat sorady. Ony Myrat eltip gaýtmaly boldy. Gün ýaşyp ýaşmanka-da gitdiler. Biz boýdaşlar bolup gowy oturdyk. Emma Leýlany alyp giden Myrat geler wagtynda gelibermedi. Boýdaşlarym gidip, gije ýaryma golaýlanda menem ynjalygymy ýitirip ugradym. «Näme bolduka? Ýolda bir bagtsyzlyk bolaýdymyka? Maşyn bolsa jähennem, özleri bir amanmyka?» diýip, gaty howatyr etdim. Penjiräniň öňüne baryp, iki gözüm ýolda boldy. Bir mahal maşynymyzyň hiç ýerine hiç zat bolmandygyny görüp, begenjime derek ýüregime niredendir erbet gabanjaňlyk ornaşdy-diýip, Gülruh uludan demini aldy.-Ine, şonda, Berdimyrat,menem seniň ýagdaýyňa düşdüm. «Gahar gelende akyl gaçýa» diýenleri çyn eken. Ýöne men seniň ýaly şarpyk çalmadym-da, aýdylmaly däl sözleride aýdyp, aýrylyşdym edip gitdim. Leýladanam göwnüm sowady. Geleninde gepleşmedim .Olam ýüzüne urlan ýaly bolup gitdi. Aradan bir ýyl geçip, seniň öýüňde beren gürrüňiňden soň birhili oýlandym, aklyma aýlanan ýaly boldum. Soň kimiňkiniň hak, kimiňkiniň nähakdygyny anyklamagyň ugruna çykdym. Saňa aýdylan zatlary jikme-jik soradym, hemmesi dogry bolup çykdy. Myradyň özü-de meniň gykylygymyň arasynda «Sergeý, matorly oglan» diýip, bir zatlary düşündirjek bolup janygýardy. Ýöne ol wagt meniň gulagym hiç zat eşidilenokdy… Şeýdip, Berdimyrat, ikimizem şeýtanyň şerine gidip, uly ýalňyşlyga ýol beripdiris. Men ýalňyşymy düzetdim. Baryp Leýladanam, gelip Myratdanam ötünç soradym. Ýene öz öýüme eýe boldum. Indi senem ýalňyşyňy boyun alyp, Leýladan ötünç sorasaň, ikimiziň tötänden bolan duşuşygymyz ýerine düşer. Gülruh beren gürrüňiniň Berdimyrada nähili täsir edendigini bilmek üçin ony göz astyndan synlady. Şol wagt häliden bäri aýalynyň dilewarlygyna maýyl bolup oturan Myrat: - Ikiňiziň tötanden duşuşmagyňyz gör nähili gowy bolupdyr-diýdi. Berdimyrat Gülruhyň gürrüňini içinden tolgunyp diňläp otursa-da, beýle tötänligiň bolmagyna müňkürligi ýok däldi. Onuň göwnüne Gülruh ony Leýla bilen ýaraşdyrmak üçin özi hakdaky wakany toslap tapan ýalydy. Şonuň üçinem ol Myradyň aýdanyna jogap edip: - Beýle gowy tötänlik öňünden oňatja oýlanybam edilýä –diýdi. Gülruh onuň bu pikiri nähili müňkürlik aýdanyna gowy düşündi… -Ýok Berdimyrat, nähak müňkürlik edýäň. Hiç hili öňünden taýýarlanan zat ýok. Biziň tötänden sataşyp tanyşmagymyz Alla tarapyn bolandyr. Şu iki maşgala bozulyp gitmesin diýip bizi Hudaýyň özi sataşdyran bolsa nätjek. Ýogsam beýle tötänlik bolmazdy. Ine, ýene-de bir ajaýyp tötänlik-diýip, Gülruh sözüni dowam etdi - Mundan bir ýyl öň edil şu gün mugallymlaryň maslahaty geçirilipdi. Şol günem bize horluk baryny çekdiren meniň doglan günümdi. Şu günem mugallymlaryň maslahaty geçirildi. Meniň doglan günüm. Şonuň üçin muňa men şatlygymyzy paýlaşjak diňe iki adamy çagyrdym. Onuň biri sen, Berdimyrat, biri-de Leýla. Leýlanyň adyny eşidenden Berdimyrat tutuş endamy jümşüldäp gitdi. Ol Gülruha ýalt edip garady-da: -Olam gelýämi?-diýdi. Leýla gapydan çykan ýerinde aýak çekdi. Gülruh bolsa gelip ýerinde oturdy. Ol: - Ine, şundan başga öňünden taýýarlanan zat ýok, Berdimyrat-diýdi. Leýlanyň humaý gözlerine, asuda owadan keşbine gözi düşenden Berdimyrat birhili ejizläp, aljyran ýaly boldy. Ýene-de özüni dürsäp ýetişdi. Ýerinden turup, Leýlanyň çat maňlaýyna baryp durdy-da iki eli bilen onuň ellerinden tutdy. - Meni bagyşla, Leýla!-diýip, müýnli, zordan dillendi. Leýlanyň gözlerinden buldurap ýaş damdy. Berdimyrat sözüni ýene gaýtalady: - Bagyşlap bilseň, bagyşla, Leýlam… Leýlanyň gözlerindäki ýaşdan iki damjasy yüzüniň üsti bilen aşaklygyna syrygyp gaýtdy. Bu begenç ýaşydy. Leýla dodaklarynda peýda bolan hem öýekli, hem näzli ýylgyryş bilen Berdimyrada seredip: -Şol gije maňa aýdan sözleriňi ýatlamaýyn, ýöne çalan şarpygyňy gaýtaraýyn –diýdi-de Leýla, Berdimyradyň ýaňagyna çalaja şarpyk çaldy. Bu onuň ajy şarpygynyň gaýtargysydy. Ýöne ol şarpyjak Berdimyradyň ýüzüni sypan ýaly bolup syzyldy. Reýimbaý SABYROW. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |