19:54 Syrly ajal: Ölmänkä "dowzaha" düşenler... | |
SYRLY AJAL: ÖLMÄNKÄ "DOWZAHA" DÜŞENLER
Geň-taňsy wakalar
ýa-da öz-özünden ot almagyñ geñ-tañlyklary Dünýä edebiýatynda adam teniniñ öz-özünden ýanmagy ýaly täsin hadysa hakda birnäçe gezek ýazylypdy. Bu hakdaky ilkinji ýatlamalar XVIII asyra degişlidir. Bu hadysany iñlis ýazyjysy Çarlz Dikkens ürç edip öwrenipdir. Meşhur himiýaçy fon Lebih bolsa öz gezeginde gözi bilen görenleriñ bolmandygy üçin öz-özünden ot almaklygy düýpgöter inkär edipdir. Ýöne Lebihiñ döwründen bäri bu hadysa bilen men diýen hünärli adamlar meşgullanypdyrlar. Olaryñ güýji bilen onuñ döreýiş häsiýeti düzülipdir. Olaryñ ilkinjisi - oduñ biçak çalt tizlikde ýaýramagy, çünki heläk bolan adamlar şo pursatyñ sähel öñüsyrasy hem başbitin sagat bolup çykýar. Hadysanyñ ikinji häsiýeti - ýalnyñ ýakyp gowrup barýanlygynda, şol gyzgyna sähel wagtyñ içinde hatda süñkler hem kül bolup gidýär. Hatda krematoriýada hem birnäçe sagadyñ dowamynda şunuñ ýaly köýügiñ bolmaýandygyny ýörite derñewleriñ netijesi görkezdi. Ýangyn şeýle bir çalt bolup geçýär welin, hatda oña duçar bolanlar garşylyk görkezjek bolup ýa-da kömege çagyrjak bolup duranoklar, suwa-da ylgamaga ýetişenoklar. Hadysanyñ üçünji häsiýeti - ýangynyñ özboluşlylygy. Ot diñe adamyñ tenini gurşap alýar, ol hatfa şol adamyñ ýatan düşegine-de düşmän bilýär. Hatda hiç bir zat bolmadyk ýaly, jorabyñ içinde ýanyp, gara köýük bolan aýaklar hakda-da birnäçe gezek ýazylypdyr. Asyrlaryñ dowamynda lukmanlar hem adam bedeniniñ birden lowlap ýanýan halatlaryny belläpdirler. Özünem şonda adam teniniñ edil gury bede küdesiniñ ýanşy ýaly lowlap ýanýandygyny belläpdirler. Ýöne medisina hem sähel pursatda ýanyp küle dönýän adam jesediniñ nädip şeýle bolýandygyna düşündiriş bermegiñ kyndygyny nygtap-nygtap gelýärdiler. Soñky döwürde şeýle syrly ölüm barada tiz-tizden gürrüñ edilip başlanmagy ýöne ýerden däl. Munuñ özi şeýle hadysalaryñ belli bir derejede köpelýändiginiñ hem alamaty bolmagy mümkin. Ýöne gynansak-da, şu kysmy hadysalary diñe yrymlar we şoña meñzeş ýalan düşünjeler bilen düşündirjek bolýanlar-da tapylman duranok. Emma dünýäniñ dürli ýerlerinde dürli wagtlarda gabat gelen öz-özünden ot almak hadysasynyñ mysallary bilen birin-birin tanyşdygyñça bu ýagdaýyñ tötänlikler bilen baglanyşdyrardan üýtgeşikdigine göz ýetirýärsiñ. ■ Runeýleriñ maşgalasynda bolan waka Olar ABŞ-nyñ Illinoýs ştatynda ýaşaýardylar. 1885-nji ýylyñ Täze ýyl gijesi Patrik Runeý, onuñ aýaly hem-de olaryñ hyzmatkäri Jon Larson dagy ep-esli wiski içýärler. Soñra Larson ýokaryk, öz otagyna ýatmaga gidýär. Aşakda, aşhanada ähli zat haýsydyr bir ýagjymak örtük bilen örtülipdir. Poluñ üstünde bolsa Patrik Runeý ölüp ýatyrdy. Hiç ýerden hojaýyn aýaly tapmansoñ, Larson ata münüp Patrigiñ golaýda ýaşaýan ogly Jona duýdurmak üçin eñýä. Ferma dolanyp gelenlerinde olar aşhananyñ stolunyñ gapdalyndaky köýük kömre dönen poluñ deşigini görüp galýarlar. Ondan seredip görseler, poluñ aşagyndaky gumda kalsenirlenen kelleçanak, ýanan süñkleriñ birnäçesi hem-de üýşmejik kül galypdyr. Koroner (ekspert) Patrik aýalynyñ ýanan jesediniñ tüssesine boglup ölüpdir diýen netijä gelipdir. Sud oturdaşlary hiç hili höküm çykarmadylar. Missis Runeý temperaturasy juda ýokary bolan ýalynda ýitirim bolupdyr. Onuñ şeýle ýokary temperaturasyna garamazdan ot töwerekdäki predmetlere geçmändir. Doktor Mann öz-özünden ot almak bilen baglanyşykly halatlary öwrenip, bir aýalyñ öz otagynyñ polunda ondan diñe köýüp galan süñkleriñ galandygyny ýazýar. Mann hem öz-özünden ot almagy öwrenýän beýleki awtorlar ýaly, şeýle ölümiñ pidalary spirtli içgileri köp içipdirler diýen çaklama eýerýär. Olaryñ pikiriçe, şol pidalaryñ organizmi alkogoldan juda ymykly ganandygy üçin olaryñ öz-özünden ot alaýmagy tebigy zatdyr. Hakykatdanam, şol pidalaryñ içinde aşa köp içýänleri bolupdyr, ýöne olaryñ içinde hiç haçan içginiñ bir damjasyny agzyna almadyklaram bar ahyryn. Şeýlelikde "alkogolly teoriýa" görnüşine görä kanagatlanarsyz. ■ Grafiniýa Korneli di Bandiden galan kül üýşmejigi XVIII asyrda ýaşan italýan aristokrat aýaly grafiniýa Korneli di Bandiniñ ölen gijesi onuñ ýatan otagynyñ gapylaryndan gyzyl tüsse çykyp başlaýar. Haçan-da hyzmatkär aýal ylgap gelse, hojaýynynyñ krowatynyñ gapdalynda üýşmejik külden başga zada gözi düşmeýär. ■ "Adatdan daşary çozuşyñ" gurbany... XIX asyrda Londonda ýaşaýan Jon Raýt diýilýän biriniñ haýaljak ýanyp duran kamen pejiniñ öñünde oturan ejesi duýdansyz ot alypdyr. Hyzmatkär aýala onuñ eşigindäki ody söndürmek başardypdyr. Ot täzeden gaýtalanypdyr. Ýöne ony ýene-de söndürmek başardypdyr. Dogry, Raýt beýle ahwalat üçin hyzmatkär aýaly günäkärläpdir. Emma ejesi ol günä ýöñkemeleri üzül-kesil inkär edipdir. Ol özüniñ üstüne haýsydyr bir "adatdan daşary gudratyñ" çozýandygyny aýdypdyr. Ertesi şol ýagdaý yene gaýtalanypdyr. Ahyrynda ol aýal fakele öwrülip, aşhanasynda ahyryna çenli ýanypdyr. ■ Ýorganynda ýatyrka ýanyp küle öwrülen Wilgelmina Iki sany pensioner aýal doganlar Margaret we Wilgelmine Douer Angliýanyñ Uitli Beý diýen ýerinde asuda durmuşda ýaşap ýördüler. Bularyñ başyna-da ýokarky ýaly apat inýär. Şol gün ir säher Margaretiñ gykylygy tutuş kwartaly aýak üstüne galdyrdy. Onuñ uýasy Wilgelmina juda bolup bilmejek ahwalatlatda diriligine ýanyp gurban boldy. Ol näbelli sebäplerde öz ýatan ýorganynda ýanyp kömre dönüpdir. Ýöne koroner (ekspert) üçin iñ täsin ýeri, jesediñ daş-töweregi oda ýanyp galan ýerine hiç hili täsirini ýetirmänligidir. Wilgelmina Doueriñ nähili ýagdaýda ölendiginiñ sebäplerini anyklamak başartman, ol iş ýapylypdyr. ■ Tans edip durka ýanyp küle öwrülen aýal Fantast ýazyjy Erik Frenk Rassel öz işleriniñ birinde adamlaryñ öz-özünden ot almagynyñ halatlarynyñ 19-syna garap geçipdir. Şolaryñ hemmesinem gazetlerden alypdyr. Şeýle hadysalaryñ iñ adatdan daşarysy Angliýanyñ Çelmzfor diýen bolup geçipdir. Agşamky ýygnanyşygyñ tüýs gyzan mahaly tans gidip durka aýallaryñ birini birden gök ýalyn gurşap alýar-da, birnäçe minutdan soñ ol aýaldan kömre dönen külüñ kiçijik üýşmegi galypdyr. Koroner: "Meniñ bütin ömrüm boýy tejribämde şu gezekki ýaly ahwalat bir gezegem duş gelmedi" diýipdir. ■ "Üçleriñ düzgüni" Rassel şol wakalary analizläp, olaryñ içinde "Üçleriñ düzgüni" diýen eýmençligi açypdyr. 1958-nji ýylyñ 27-nji dekabrynda (bir günde) Kent graflygynda Dauphemde bir aýal ot alýar. Edil şol wagtda Brikstonda (Irlandiýa), ýene bir aýal hem-de Balinde diýen bir erkek adam oda ýanypdyr. Özünem şularyñ üçüsem şol wagt odum ýanynda-da däl ekenler, çilimem çekmeýär ekenler. 1958-nji ýylyñ 7-nji apreli has-da howsalaly gün bolupdyr. "Ulrih" diýen gury ýük daşaýan gäminiñ kapitanynyñ kömekçisi Irlandiýanyñ kenarlarynda kä saga kä çepe gyşarýandygyny duýýar. Seretse ruluñ başynda durýan Grili nirädir bir ýere ýitirim bolupdyr. Baryp görse, şturwalyñ öñünde kiçijik üýşmek kül galypdyr. Şol pursat deñizçiler kapitanyñ duran ýeriniñ golaýynda işläp ýörseler-de, olar hiç hili gykylyk-galmagal eşitmändirler, hiç zat görmändirlerem. Ýyldyrym urandyr diýseñem, şol wagt asman arassa bolup gök gümmürdäninem hiç kim eşitmändir. Ýene-de şol 1958-nji ýylyñ 7-nji aprelinde Angliýada, Apton-baý Çesteriñ golaýynda ýoluñ gyrasyndaky meýdançada bir ýük maşyny gelip durýar. Polisiýa sürüji Jorj Terneriñ doly ýanyp kömre öwrülendigini belleýär. Şol bir wagtda sürüjiniñ oturgyjynyñ aşagynda başga hiç zat ýanmandyram, şikesem ýetmändir. Içi ýangycdan doly bak hem şol durşuna dur. Maşynyñ kabinasynda sürüjiniñ jesedi diýäýmeseñ, oduñ başga yzy galmandyr. Şol ýylyñ 7-nji aprel güni Gollandiýanyñ Mimega diýilýän ýerinde üçünji ahwalat bolup geçipdir. Uulýam Ten Brunkiniñ özüniñ "Folkswagen" awtomaşynynda ýanyp kül bolan "jesedi" tapyldy. Geñ ýerem, jeset şeýlw ymykly ýansa-da, maşyna ullakan şikes hem ýetmändir. Ýokarky üç ölüm biri-birinden ýüzlerçe kilometrlik uzaklykda, emma täsin ýeri edil şol bir pursatda bolup geçipdir. ■ "Astrologiki fantastika" Ýazyjy Piter Wizi bilen bolup geçen waka gürrüñi edilýän fenomeniñ adatdan daşary güýçler bilen baglanyşygynyñ bardygy barada çaklamalara goldaw berýär. Wizi özüniñ romanlaryny "astrologiki fantastikada" ýazypdyr we ol ýa-da beýleki möçberde "adatdan daşary güýçler" bilen iş salyşypdyr. Onuñ şäherden uzakdaky çola jaýynda ýeke özüniñ işlemek endigi bar eken. Bir gezek ol öz yzyndan gelen aýaly bilen oglundan birsellem gezelenç etmeklerini haýyş edipdir. Öz aýtmagyna görä ol örän "üýtgeşik problemanyñ" üstünde işläp oturan eken. Haçan-da aýaly bilen ogly gezelençden gelip görseler, myhman jaýda poluñ üstünde onuñ ýanyp, kömre dönen sähelçe süñkleri galypdyr. Otagyñ içinde welin başga hiç zat ýanmandyr. * * * Şeýle hadysalaryñ sanawy ýyl-ýyldan uzalyp gidip otyr. Ine ýene bir mysal. Ol Fransiýada 1974-nji ýylda bolup geçipdir. Kyrk ýaşly Leon Eweý Arsi-sýur tokaýlygynyñ ýanynda özüniñ "Simka" awtoulagynda ýanyp kül bolan ýagdaýynda tapylypdyr. Bu wakanyñ iñ täsin ýeri, awtomaşynyñ aýnalarynyñ eränligidir. Awtomobil ýananda selsiýa boýunça 700 gradusdan ýokary geçmeýär. Emma aýnalaryñ eremegi üçin welin 1000 gradus gerek. Awtomobiliñ aýnalaryny ereden şeýle güýçli ýalnyñ tebigatyny hiç kim düşündirip bilmedi. Şunuñ bilen baglylykda Žak Berýe gözi bilen gören adamyñ sözlerine salgylanýar. Ol şol aýdylan wagt ýañky ýerden 20 kilometr uzaklykda bolandygyny hem-de özüniñ awtomaşynynyñ tapylan ýeriniñ ýokarsynda howada ýagtylanýan we uçýan näbelli obýekt görendigini aýdýar. Şeýle wakalaryñ sanawyny näçe uzaltsañ uzaldyp oturmaly. Eýsem, şu eýmenç faktlara düşündirme barmy? Häkimiýetler olary çilimkeşleriñ düşekde çilim çekmegi ýa-da ot bilen hüşgärsiz iş salyşmalar bilen baglanyşdyrmaga çalyşýarlar. Bularyñ hemmesem ýagdaýdan çykalga tapmak üçin şeýle edilýär. Çünki, gürrüñ edilýän hadysalar hakda hiç hili düşünjäniñ bolmanlygy şeýle etmäge mejbur edýär. Faktlar, köplenç öz-özünden ot almalaryñ pidasynyñ çilim çekmeýänlerden, arak içmeýänlerden hem-de otdan has uzakdakylardan ybaratdygyna güwä geçýär. XIX asyryñ awtorlary hem hamala diýersiñ, öz-özünden ot alanlar esasan arakhorlar diýen netijä gelipdirler. Ýagny, olaryñ pikiriçe, alkogoldan ymykly doýan adam bedeni örän añsatlyk bilen hem-de çalt ot almalymyş. Emma haýwanlarda geçirilen ähli barlaglar organizm alkogoldan hernäçe doýsa-da, şeýle añsat ot almaýandygyny görkezdi. Onsoñam islendik halatda ot farangeýt boýunça 2500 gradus gyzgynlyga çenli ýetip, adam bedeniniñ süñkleri kömre dönýänçä ýanyp bilmeli däl. Makswell Keýd hem-de Delfin Dewis ýaly amerikan alymlary öz-özünden ot almak hadysasy haçan-da adamy şar ýyldyrymy uranda bolup geçýär diýip hasap edýärler. Olaryñ hasaplamalaryna görä şar ýyldyrymy şeýle bir çalt urýarmyş welin, adam pahyr diñe bir egin-eşiginiñ içinde-hä däl, hatda öz derisiniñ içinde hem gara köýük bolup galýar. Alymlar şol pursaty mikrotolkunly pejiñ işleýiş kadasy bilen deñeşdirýärler. Dürli adatdan daşary güýçlere ynanýanlar muny has añsat düşündirýärler. Olaryñ pikiriçe, haçan-da adam şu dünýäni terk etmäge wagt ýetende ol şeýle bolýar. Bu dünýäni kim nähili terk edýär - onuñ eýýäm hiç hili ähmiýeti ýokmuş. Şol pursat adamyñ yzyndan ot ölüminiñ perişdesi (oña şeýle at beräýeliñ) gelýärmiş. Şeýlelikde, şol perişde adamyñ ýeriñ üstündäki bedenini ýakyp-ýandyryp, ony Baky Ýaşaýşa äkidýärmiş. Bu çaklama ynanyp-ynanmazlyk her bir okyjynyñ öz işi. Ylym barada aýdylanda bolsa, haçan-da adamyñ öz-özünden ot almagynyñ faktlaryny düşündirmeklerini haýyş edenlerinde ylmyñ wekilleriniñ gaharlarynyñ gelýändiginiñ şaýady bolmak bilen çäklenmeli bolýar. Eýsem, şunuñ ýaly hadysalara biziñ ýurdumyzda gabat gelen barmyka? Biziñ özümiz-ä henize çenli şular ýaly wakany pylan ýerde gördüm ýa eşitdim diýen adama gabat gelmedik. Megerem, siz-de gabat gelmedik bolsañyz gerek. Gabat gelmeli bolmasynam... # Metbugat materiallary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||