TEKEPBIR GÜL
Ajaýyp bahar günleriniň biridi. Ýaşyl donuň içinden gözel gyzyň gyrmyzy lebi kimin çala gyzaryp görünýän gunçajyk, ýuwaşlyk bilen jyklap, ilkinji gezek daş-töweregine nazar saldy. Şol bada-da ony bu ýagty ýalançynyň owadanlygy benduwan eýledi.
Ho-ol beýleräkde açylan bägüle aşyk bolup, onuň gapdalyndaky baldajykda birenaýy saýraýan sary bilbiliň owazyny diýsene! Yşk derdine ulaşan naşyja guşjagazyň kä şadyýan, kä zaryn owazy ony hasam özüne imrindirdi: «Şu wagta çenli tümlükde ýaşapdyryn, asyl beýle ajap zatlaram bar eken-ow!» diýip, gunçajyk içini hümletdi. Özge gülüň yşkynda saýraýan sary bilbiliň hoş owazyna maýyl bolup oturşyna, arzuw kölüniň guwwasyna döndi: «Wah, meniň baldajygyma-da şonuň ýaly saýrak bilbil gonup, gözelligimi wasp eýläp saýrasady! Ajaýyp owazyny golaýjykdan diňläp bir gansadym...».
Güljagaz näçe küýsese-de, ol-a saýrak tilli sary bilbil eken, hiç bilbiliň-de gözüne ilmedi. Ol muny özüniň entek doly açylyp ýetişmänliginden gördi. Şonuň üçin-de, onuň çaltrak eliň aýasy ýaly bolup açylasy, owadanlygy hem-de hoşboý ysy bilen hyýalynda göwün beren saýrak bilbilini bendi edesi geldi.
Emma... Emma «Müň bilbiliň içinden biri saýrak çykar» diýlişi ýaly, ähli güle hoş owazly bilbil gonup durmaýanlygyny gunçajyk nireden bilsin?!
Ynha, bir gün gunçajyk özüne pitiwa etmän, eýläk-beýläk uçup geçýän sary bilbile ýetişenligini duýdurmak hem-de gözelligini güjeňlemek üçin ýaşyl donuny arka serpdi (Hawa-da, dona bürenip otursa, nädip göze ilsin?!). Şonda ol Gülkahkah periniň joşup-joşup gülşi ýaly, çag-çag açyldy. Onuň owadanlygyna gapdaldaky gülleriň birnäçesiniň gözi gitdi. Möwriti ötüp, süllerip ugran gülleriň käbiri-hä içinden göripligem etmän durmadylar: «Göreli bakaly, bujagaz gözelligiň näçe güne çekerkä? Birmahallar özümiziň owadanlygymyzam seňkiden kem däldi...».
Gapdalyndaky gülleriň içki pikirlerinden bihabar gül, olaryň hemmesi bilen baş atyp salamlaşyp, şadyýan ýylgyryşyny birjik-de üýtgetmän, bahymrak sary bilbiliň gelerine, tarypyny ýetirip joşup-joşup saýraryna garaşyp başlady. Ýöne welin, owadanlygyna aşa göwni ýetýän täze güle bir pikirem böwrüsanjy bolman duranokdy: «Ýogsa-da, gözelligime aşyk bolup, birdenkä bilbilleriň ikisi geläýse näderkäm? Häli, donumyň aşagyndan jyklanymda, hol gülüň her tarapyndaky baldagynda bir bilbiliň oturanynam-a görüpdim. Aý, ýok... olaryň ikisiniňem saýrap mazasy ýokdy-la. Dogrusy, olar biri-birine pitjiň atyşýana çalym edýärdiler. Gaýtam, hol beýledäki güle gonan sary bilbiliň saýraýşy has batly, has ýakymlydy. Nesip bolsa, menem iki bilbiliň birini — owazy ýakymlysyny, diňe öz şahamda saýrajagyny saýlaryn...».
Täze açylan gül şeýle badyhowa arzuwlara berlip, bir günüň nähili geçeninem duýman galdy. Haçan-da garaňky mazaly gatlyşyp, bu gün öz garaşýan saýrak bilbiliniň gelmejegine ymykly göz ýetirensoň, ony alada gurşap aldy. Uzak gije çirim etmän, gözýaşa gark boldy.
Ertesi ir bilen gapdaldaky alma agajynyň şahasyna gonan bir bilbil säher gözelligine maýyl bolup, çyny bilen saýrap başlady. Emma, hernäçe yhlas etse-de, onuň sesi düýnki saýrak bilbiliňkiden pes çykdy. Muny täze açylan gülem duýdy. Ol: «Wiý, bu bilbiliň-ä saýraýşy sary bilbiliň ýaryça-da ýok eken» diýip, içini gepletdi. Şol wagt onuň göwni öz baldajygyna diňe saýrak tilli sary bilbiliň gonaryny şeýle bir isledi welin, heý, goýaý!
Ine, birdenkä-de, hiç zatdan bihabar bilbiliň nazary ýaňaklarynda gözýaşlary bulduraşyp duran owadan güle kaklyşdy. Ol öz gözlerine ynanmaýan ýaly, eglibräge-de, kellesini gyşardyp-gyşardyp güle siňňin seretdi. Seretdigiçe-de, gülüň owadanlygy ony ýüpsüz baglap, tanapsyz özüne çekip başlady. Baryp oňa duýgudaşlyk bildiresi, ýaňaklaryndaky göwherpisint gözýaşlary emaý bilen sylasy hem-de başardygyndan aýdym aýdyp göwnüni göteresi geldi. Şeýdip, ol özi duýmazdan uçdy-da, owadan gülüň baldajygyna gonmak isledi. Emma özüne göwni ýetikje gül bu bilbiliň golaýyna gelerini-de, sesini eşitmegi-de islemedi. Şonuň üçinem baldajygyna gonmak islän bilbili ýitije tikenleri bilen persala etdi. Bilbil tikenleriň yzasyna çydaman gülden aýrylsa-da, uzaklaşyp gidibilmedi. Ganatjagazlaryny pytyrdadyp, gülüň daşynda perwaz urdy.
Ikinji, üçünji... saparam garşylyk gowşamansoň, bu bilbil gülüň özüni halamaýandygyna ymykly göz ýetirip, baryp ýene-de alma agajyna gondy. Duýdansyz gelen yşk derdine ulaşyp, sähel salymda gaýgy-gama gaplanan kalbynyň aýnasy — gussaly nazary bilen birmeýdan tekepbir güle seredip durdy-da, soňundanam alyslara uçup gitdi...
Ýalbyrap dogan Günüň mylaýym şuglasy bilen gözýaşlaryny süpüren tekepbir gül hälki bilbiliň öz ugrunda ýürejigini para-para eýläp, ýumruk ýalyjak göwresine bu töwerekde jaý tapman, başyny alyp umma gidenine birjik-de gynanmady. Gaýtam: «Öwff, dyndygym bolsun-da hernä! Ýogsam halys ýüregime düşdi-le bir eýläme, bir beýläme geçip. Beýle-de bir özüni tanamaz bolar eken-ä?! Men diňe sary bilbile, onda-da hoş owazly sary bilbile mynasyp. Onuň düýn bolmasa, bu gün hökman geljekdigine, mylaýym owazy bilen diňe maňa aýdym aýdyp berjekdigine ynanýaryn...» — diýip, gözlerini ulumsylyk bilen güldürdi-de, ýene-de sary bilbiliň ýoluna nazar taşlady.
Gün yzyna gün geçip, ahyram aý aýlandy. Emma gülüň garaşýan, arzuw edýän sary bilbili gara bermedi. Wah, gelmesine bilbiller telim saparam geldiler-le, ýöne olaryň birnäçesine-hä gülüň göwni ýetmedi, käbirleri-de başga güllere gonup, özge gülleriň yşkynda saýradylar. Özüne hernäçe göwni ýetse-de, soňy bilen-ä tekepbir gülüň baldajygyna ýekeje bilbilem gonmady. Muňa onuň ýürejigi gyýym-gyýym gyýlyp, gam-gussadan ýaňa ahyr maňlaýyna ýygyrt düşdi...
Güýz gelipdi. Tekepbir gülüň göreňde gözüň eglenýän birmahalky gyrmyzy reňkinden nam-nyşan galmandy. Şeýlelikde, ol küýsäp gezen sary bilbiliniň ýoluna indiden soň göz dikmegiň, oňa garaşmagyň ýöne bir göwünaldamakdygyna mazaly göz ýetirip, öz ugrunda perwaz uran şo-ol başky bilbili ýatlady: «Meni, megerem, şonuň yşky-yhlasy tutandyr? Wah, şol mahal ol däl-de, men özümi tanamadyk bolsam nätjek?! Ähli güle hoş owazly sary bilbil ýetdirýärmi diýsene? Şol bilbile ýüz berenligimde, owazy pesem bolsa, ugrumda perwaz urup, diňe meniň üçin saýraýan öz bilbilim-ä bolardy. Arman, indi giç, juda giç, gyş ýetip gelýär...».
Onuň sözlerini tassyklaýan ýaly, şol mahal adaja öwsen güýz şemaly tekepbir gülüň bir ýaprajygyny gaýdyryp goýberdi...
Döwran AGALYÝEW.
Oýlanmalar