01:52 Totyguş / hekaýa | |
TOTYGUŞ
Hekaýalar
Ynha, bir agyr märekede oturansyň welin, beýleräkden «Howwa-a, «Çagany — ýaşdan, aýaly — başdan» diýipdirler. Adamy başdan gowy terbiýelemeseň, soň eýgertmez. Şeýle dälmi, pylan aga?!» diýip, ýaňy ýognap ugran bir ses gelýändir. «Be-e, beýle akylly gürrüňleri tapýan kimkän-aýt?» diýip, boýnuňy uzadyp, şol ses gelen tarapa garanjaklarsyň. Görseň, ynha, murt ýeri çalaja garalyp başlan bir ýigdekçe... Ýaňky sesem şondan çykýandyr. Suwhan, heniz öýlenmedik, degenek jahylka-da, anha, şeýledi. Onuň bu akylly gürrüňlerine, aýratynam, ejesi görgüli guwanardy. «Alla jan, şu ýekeje ogluma özi ýaly akylly-başly, ýöne dilsiz-agyzsyz, bir musulman maşgala duşurawergin!!» diýip, dileg ederdi. Bir öýde iki dilewaryň oňuşmajagyny ol gowy bilýärdi. Onuň bilenem ynjalman, o görgüli obaň gyzlarynyň içinden seçip-saýlap, «Agzynyň içinde dili bir barmyka?» diýdirýän bir gyzy öz eli bilenjik ogluna alyp berdi. Gelin diýleniň öýüň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörse, boldugydyr-da. Gürlemek meselesini Suwhanyň bir özem oňarar. Pah-aý, Suwhan oňarmazmy?! Tüýs, metjitde wagyz etdirip, agzyna aňkarylyp oturmaly adam-a ol! Nämeden tutsaň — tut, bilmeýän zady ýokdur, çöp döwen ýalydyr. Onuň bilen eňekleşmek, jedelleşmeg-ä däl, diňe başyňy atyp, «Howwa, howwa!» diýip sypybilseň, zor boldugyň. Meselem, Suwhan «Ata-ene perzendi dünýä inderdimi — soň şonuň ykbaly üçin Allaň öňünde-de, bendesiniň öňünde-de jogapkärdir!» diýýän bolsa, sen nädip oňa «ýok» diýjek?! Diýmeg-ä däl, sähelçe diýjek ýalyrak edibem gör! Nädersiň, Suwhan daşyňy akyldar-danadan dolduryp, üstüňem mysalu-tymsaldan gömäýse! Gelni Toty bolsa, adamsynyň agzyna seredip, ýaşmagyny dişläp, gaýynenesi bilen deň başyny atar oturardy. Tä gaýyn enesi ýurduny täzeleýänçä-de, şeýle boldy. Suwhana-da, näme, gapdalynda ýekeje adam baş atyp otursa, ýeterlik. Gürledigiçe, gürrüňine baş atyldygyça, joşup, gowudan-gowy, akyllydan-akylly sözler tapýar. Ine, günleriň birgünem Suwhanyň edil gulagynyň düýbünde biri: — Ata-ene perzendi dünýä inderdimi — soň şonuň ykbaly üçin Allaň öňünde-de, bendesiniň öňünde-de jogapkärdir! — diýdi. Suwhan ilki, özi daşyndan gürläýendirin öýdüp, ziňkildedi, daş-töweregine garanjaklady. Görse, aýaly, Toty... Onuň entek «Ä» diýenini eşidip görmedik Suwhan aljyrady: — Ä? — diýdi. Toty elindäki işini gapdala goýdy-da, adamsynyň edil bäbenegineseredip: — Hakykaty hernäçe eşitmezlige, görmezlige salsaňam, ony irde-giçde eşitmelem bolýa — görmelem! — diýdi. Bu-da Suwhanyň birwagt öz aýdan sözleri. Edil şu günki ýaly ýadynda... Güljeginem, gaharlanjagynam bilmän, birsalym äm-säm bolan Suwhan soňrak aýňaldy-da: — Hä, näm bolupdyr? — diýdi. Görlüp oturylsa, täze okuw ýyly golaýlapdyr-da, çagalaryň hersine bir... birem däl, birtopar zat gerek eken. Suwhan bu hajatlary birki günüň içinde bitirip, şol aralykda-da öň öz «bagryndan önen» sözleriň ýene birentegini aýalynyň agzyndan eşidip ýetişdi. Dogrusy, özüne şeýle düşbi, ýatkeş şägirt tapynanyna Suwhan ilkibadalar gaty begendi. Seniň aýdan sözleriň iň bolmanda bir ýürege ornap, dilden-dile geçse, oňa begenmän — dagy nätjek! Ýöne... Aý, howwa, ýöne! Her zadyň öz çeni bilen çaky ýagşy. Küşt oýnalanda, garşydaşyň başga iş etmän, seniň göçümleriňi gaýtalap otursa, ýeňsäň gatamazmy?! Ýa-da çagalaryň arasynda şeýleräk bir oýun bar: biri «Otur!» diýse, beýlekem «Otyr!» diýýär, «Goýsan-aýt, ýürege düşdüň!» diýse, eýlekem şony gaýtalaýar... Iň soňda-da, ýaňky, ilki başlan çagajyk hum ýaly çişip, aglara gelýär. Suwhanam, şol çagajyk ýaly, soň-soň çişip ugrady. Emma, munda-da onuň öz aýdanja sözleri öňünden çykdy durdy. Adam awulyja, şerebelije sözler bilen kimdir birini «hezzetleýärkä», şo sözleriň öz garşysyndaka neneň-niçikler batýanyny, çümýänini bilenog-a! Ýöne, tüpeňiň käte öz eýesini depişi ýaly, sözlerem käte yzyna depip, öz maňlaýyňa şapylap degende, ana, şonda gözüňi ýaşardyp, ýüregiňi jyzladýar. Adam, ýeri gelende, öz dili bilen müňbir beladan sypyp biler. Emma, öz diliňden sypaýmak welin aňsat-aňsat başardanok. Sen öz diliň dilini tapsaň, ol seniň dostuň, tapmasaň — duşmanyň! Aýalam şeýle... ...Atlaryň, itleriň, jerenleriň, guşlaryň gözlerini görýäň-de, käte-käte «Şü, haýwanlaryňam bir topary öň gürläp, gürleşip gören bolaýmasyn?!» diýip, gümana gidýäň. Belki, gürleşendirler-gürleşendirler, soň görseler-ä mundan peýda ýok, diňe dawa-jenjel, öýke-kine... Onsoň, «Aý, goýaly-la şuny!» diýen bolsalar, kim bilýä... Allatagala-da adama dil berende, «Uruşsyn!» diýip däl-de, «Ýaraşsyn!» diýip, «Göwün ýyksyn!» diýip däl-de, «Göwün götersin!» diýip berendir-ä! ...Belanyň körüginiň özünde, öz dilindedigini aňan Suwhan indi has seresap gürlemäge, öýünde, ylaýta-da, aýalynyň ýanynda başarşyndan süýji dilli bolmaga çalyşdy. Şeýtse, şojagaz süýji sözler Totynyň dilinde öňküsindenem süýjäp, özüne gaýdyp geler öýtdi. Zenan diliniň süýjüsi garylan sözüň ýanynda seniň gandu-şekeriň, asalu-balyň nämedir?! Emma, şo diliň awusy gatylan sözüň ýanynda alahöwreniň zäheri nämejikdir?! Soňam, şü, äheň diýibem bir gyldan inçe zat bar. Baý, bir içýakgyç zatdyr-ow! Gürleýän gaty ökde bolanda, «hawa» diýlen sözi «ýok» diýen manyda ýa-da tersine, «ýok» sözüni «bolýa» diýen äheňde aýdyp bilýär. Onam diňe aýallar oňarýar. Erkege beýle oýunlar başartmaýar, ol «bolýa» diýse — bolýandyr, «ýok» diýse-de — ýokdur. Ynha, köneden bilýän bir goşgujygymyz bar: «Iller ýagşy, biz — ýaman, iller bugdaý, biz — saman...». Şuny erkege aýtdyrsaň, aýtmalysy ýaly aýdar-da, «Nätdim!» diýip, hondanbärsi gaýşarar oturar. Emma, aýal çyn gazabyna tutanda, alaga-da, ýaňkyja setirlere bir «çüflär» welin, oňat üns berene «Bizler ýagşy, il — ýaman» bolup durandyr... Olar islese, «Kakaňyzdyr!» diýen ýekeje söz bilenseni Süleýmanyň tagtyna ataryp bilýärler, islemese-de, şo ýekeje sözüň çalaja bir ýerini üýtgeder-de, «Kakaňyzdyr-da!» diýer welin, sen şol tagtyňdan güpürdäp gaýdyp, ho-ol aýak astynda, gumuň üstünde oturansyňyz... Kinaýadyr ýaňsynyň, kakdyrmadyr ýaňzytmanyň ussady hasaplanýan bir ýazyjydan «A-how, halypa, sen bu zatlary nädip beýdişdirip bilýäň?» diýip soranlarynda, ol ýylgyryp, «Menem bu urşy aýallardan öwrendim» diýip jogap beripdir. ...Suwhan bir öwrümde, şol yzyna gaýdyp, öz üstüne şakyrdaşyp gelýän sözleri oňa-muňa, goňşy-golama tarap sowjak bolubam gördi. Bujagaz pirimini Toty aňmaz öýtdi. Bu-u-uw, aýallarmy aňmajak?! Halyl şahyr aýtmyşlaýyn: «Bular bilen oýun edäýmäň, millet!». Bular ýeriň astynda ýylan gäwşese-de bilýärler. Diňe o-da däl — şo gäwşeýän ýylanyň erkekmi ýa urkaçydygynam, eger urkaçy bolsa, näçe ýumurtgasynyň ýa-da çagajygynyň bardygynam, haýsy ýylanyň haýsysy bilen tersleşeninem, eger erkek bolsa, onda şo erkek ýylanyň näçe ýylan aýalynyň barlygyna çenli bilip otyrlar. Iň aýylganç ýerem, olar adama (adamjyga) nädip jan girýäniniň syryny bilýärler. Biz — erkeklere ony bilme ýok... Emma, bilýän zadyňy aýtmany başarmakda-da iş bar. Aýallar şo bir zady seniň peýdaňa edibem aýdyp bilýärler, gerek bolsa — zyýanyňa edibem. Diňe Allatagalaň özi bulara ynsabu-kanagat hem rehim-şepagat beräýsin! Ýene-de, Halyl şahyr aýtmyşlaýyn: — Bularsyz dünýäde ýaşamak kyndyr, Bularyň dilinden sypybam bolmaz... ...Aýallary jedelde ýeňip bolmaýar. Öňem, jany ýananyň biri aýdypdyr-a: «Dikdüşdä gep düşündirjek bolmak, aýal bilen eňekleşmek, elek bilen suw daşamak — bularyň bary bir zatdyr» diýip. Ýeňip bolmaýanyň sebäbem — ökde aýal seniň diýýän zadyňdan bir sözi tutup alýar-da, ony «alyp gaçýar». Soňam ýetdirenok. Jedeldäki esasy mesele bolsa guma-tozana bulaşyp galyberýär. Seniňem muňa gaharyň gelýär. Gaharyň geldigem, jedelde utuldygyň biläý! Aýaly jedelde ýeňmäniň ýekeje ýoly bar: ol näme diýse, «Be, şeýlemi?», «Bäý, gör ony!» diýip, ol näme sowal berse-de, «Bilmedim-aý», «Eger-eger bilýän däldirin!» diýip oturybermeli. Şonda, ol nepýagy ýetmedik çyg odun ýaly, tüsseläp-tüsseläp, soňam sönýä galyberýär. ...Iň soňy, Suwhan «Öýde dymmaly!» diýlen netijä geldi. Şeýtse, alty aý — bir ýyl dymyp gezse, Totynyň gep haltasy boşar, gory gutarar, soňra-da, suwy sowlan haraz ýaly, ümsüm bolar öýtdi. Ýog-a! Gutar nire, sowul nire! Gaýtam, Toty indi Suwhanyň ömürylla aýtmadyk, birhili-birhili sözlemlerinem ulanyp ugrady. Başga bir ýerden, has magadrag-a, aýallardan täze bir «mugallym» tutunan bolmasa ýagşy! Onda bolsa, Suwhan jan, işiň gaýtdygy biläý! Suwhan indi öýdäki bar ahmyryny öz edaralarynda bolýan çygnaklarda çykarýardy. Ondan-mundan gyrp-çyrp edip ýygnanja, öwrenenje sözleriniň, sözlemleriniň baryny aýtman, münberden düşmezdi. Şonuň üçinem, ol ardynjyrap orta çykandan, oturanlaryň birtopary aşaklyk bilen «Bäý, muň-a indi gitdigidir!» diýip, hümürdeşerdiler. Käbir ýataganraklar bolsa, «Hä, ind-ä bir maýjagaz bolsa gerekdir!» diýip, gapdal ýaplanyşyp ugrardylar. Ine, şol çykyşlarynyň birinde, Suwhan ýaňy bir bat alyp, hüňürdejegi hüňürdedip, gyşarjaklary gyşardyp ugrapdy welin, birdenem, ho-ol yzky hatarda çugutdyrypjyk oturan Tota gözi düşäýmezmi... Suwhan şonda birden dypba dymdy, soňam ýeke sözlem bilen sözüni jemledi-de, aşak düşdi gaýdyberdi. Ondan beýle ýagşylyga garaşmadyk adamlar şonda şeýle bir el çarpdylar... Birwagt bir mugallymynyň: «Eger saňa çykyş üçin bäş minut wagt berlen bolsa, sen şonuň iki minudyny gürle, galan üç minudynda-da oturanlar saňa el çarpsyn!» diýýän pendiniň manysyna Suwhan şonda düşündi. Ol şo ýygnakdan soň, eýläk-beýläk garanjaklap, aýalyny gözledi. Emma, tapmady... «Gözüme görnäýdimikä ýa başga birini şoňa meňzedäýdimmikäm?!» diýip, iňkise gitdi. Ýöne birki günden soň, aýalynyň «Her bir adam daş-töweregindäkileriň öňünde özüniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydyr!» diýýän sözlerini eşitdi-de, onuň şol ýygnakda hakykatdanam bolanlygyny magat bildi. Şondan soň Suwhan ymykly dymdy, öýde-de, işde-de... Şeýde-şeýde, Suwhanam soň-soň agzynyň içinde diliniň bardygyny unudaýmagy mümkindi. Ýöne... Günlerde bir gün, ol öz otagynda busup otyrka, daşardan uly gyzjagazynyň öz ejesine ýüzlenip diýýän sözlerini eşidäýdi: — ...Ata-ene öz perzendiniň ykbaly üçin... jogapkärdir. Totam bir zatlar diýdi. Gyzy ondanam akylly söz tapdy. Ikisi birsalym, baý «raz aýdyşdylar-a». Soňrak ikinji gyzlaram söze goşuldy. Gyzlarynyň söz gorunyň has baý, has täzedigini Suwhan şonda öz ýanyndan belledi. Totynyň sesi gitdigiçe basyk, gitdigiçe seýrek çykýardy. Bäri-bärinem däl — Internetiň iň soňky täzeliklerinden tozadyp oturan köki ýaýramyşlary sen ojagaz köçe gürrüňleriň bilen basyp biljekmi diýsene! Geň ýeri, şondan soň Suwhana känbir azar berilmedi. Indi Totynyň bar güýji, bar ýygnan gory çagalara gidýän bolara çemeli. Ahyr bir günem, Toty adamsynyň ýanynda çökdi-de, dymdy oturyberdi. Özi bir gepe başlasa, aýalam alyp göterer gorkusy bilen Suwhanam dymyp oturşyna, başdaşyny ogrynça, gözastyndan synlady. Görgüli, horlanypdyr... Suwhanyň oňa birhili ýüregi awady. Öz aýalyna nebsi agyrmaýan erkekdenem bir erkek bormy?! Saňa pylança çaga dogrup berip, her çaga dogranda-da Ajal bilen ýaka tutuşan naçara nädip-how nebsiň agyrmasyn?! Belki, ol Suwhandan haraý hantamadyr, täze-täze, akylly-akylly sözler, sözlemler hantamadyr... Äý, ýok. Körem hasasyny bir gezek aldyrýandyr, ikinji gezek... Suwhanam otyr dommaryp, Toty-da otyr dymyp. Daşardan diňe gyzlarynyň sesi gelýär: «Ýapon alymlarynyň pikirine görä, her bir indiwidium...». Özlerem şeýle bir dogry zatlar aýdýarlar welin, hiç bir ýerine ýekeje zat goşup, ýekeje zadam aýrar ýaly däl. Emma, şol dogry sözlerden ýüregiň ýylanok-da, gaýtam, seni birhili howsala basýar. Suwhandyr Totam käte bir-biriniň ýüzüne gözastyndan seredişip, şol dymyp otyrlar. Şeýdip, bile dymyşmak üçinem, elbetde, akylly gürrüňdeş gerek. ...Bir-birine ömürboýy «süýji duşman» diýip gelen är-aýalam, iň soňda şeýdip, täzeden birleşýändir-dä! Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |