TOÝLAR TOÝA MEÑZESIN
Hernäçe kynçylyklaryñ köplüginden zeýrensegem, tutulýan toýlaryñ gabarasyna seredenimizde, halkymyzyñ hal-ýagdaýynyñ oñatdygyny görmek bolýar. Hudaýa şükür, türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Ogul öýerilýär, gyz çykarylýar. Gadymdan gelýän milli toý-baýramlar hem häli-şindi geçirilip dur. Şol toýlaryñ aýdym-sazy-da, hödür-keremi-de ýetik. Toý saçaklaryny synlanyñda, kynçylyk, ýetmezçilik bara meñzemeýär. Bu ýagsaý döwletimizin asudalygynyñ, bolçulygyñ nyşany. Ýöne häzirki toýlaryñ guralyşynda böwrüñi diñledýän ýagdaýlaryñ bardygyny hem belläp geçmek gerek. Bular hakda aýratyn durup geçmegi makul bildik.
Türkmenler toý gutlamaga gelenlerinde: "Toýuñ gutly bolsun, abraý bilen sowulsyn" diýip, dileg edýärler. Munuñ özi ýöne ýere aýdylmaýar. Toý bir köpüñ üýşýän ýeri. Oña çagyrylanam gelýär, çagyrylmadyk-da. Toýa gelýänleriñ arasynda her gylykdaky, her hili häsiýetdäki adamlar bolýar. Ylaýta-da ýaşlaryñ üýşen ýerinde toýuñ şowhunyna päsgel berýän dawa-jenjel hem ýüze çykýar. Toý eýeleriniñ käbiri toý saçagynda spirtli içgileri aşa köp goýýar. Bu bolsa toýlarda tertip-düzgüniñ, kada-kanunyñ äsgermezlik edilmegine alyp barýar. Toýda bolýan tertipsizlikleriñ soñunyñ ýaramaz hadysalara eltýän wagty hem az bolmaýar. Bir maşgalanyñ artyp, ene-atany, dogan-garyndaşy, dost-ýarlary, il-güni begendirjek, şatlandyrjak gününde, birek-birege ýumruk salyp, tyg çekip, toýy bulap ýörmek gaty gelşiksiz ýagdaý. Emma gynansak-da, toý eýelerine toý sowuşmaga kömek bermeden geçen, wejera bolup uruşýanlara soñky döwür ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Şol dawa-jenjelleriñ köpüsi içgili adamlar sebäpli ýüze çykýar.
Gurban baýramy mukaddes dini baýram hasap edilýär. Şol gün Hudaý ýoluna janly soýlup, Allatagaladan ähli edilen günäleriñ geçilmegini her kim dileg edýär. Bu baýramda spirtli içgileri içmek asla bolmaýar. Muña garamazdan Gurban baýramynda diñe bir içgi içmek bilenem çäklenmän, özünden uly agasynyñ öwüt-ündewli gürrüñine gahar edip, aşhanada ýatan pyçagy alyp, öz-özüne şikes ýetiren kelesaña hem duş gelen ýerimiz boldy.
Her öýüñ myhmansyz güni az. Ata-babalarymyz "Myhman atañdan uly" diýip, gelen myhmana uly hezzet-hormatlar edipdirler. Ýöne öýüñe gelen myhman eline pyçak alyp, üstüñe dübläp dursa, beýle myhmandan Hudaý saklasyn diýdirýär. Gynansak-da, öý eýesine myhman bolup däl-de, musallat bolup sataşýan näkeslerem bar.
Bütin şu gelşiksiz wakalar görşüñiz ýaly, tertipsiz geçirilen toýlaryñ, şol toýlarda aşa köp içilen içgileriñ, çekilen neşeleriñ netijesi. "Azdyrma, azana duçar etme" diýleni. Şeýle azgynlaryñ garşysyna jenaýat işini gozganyñ bilen munuñ soñuna çykyp bolmaýar. Ýeneki toýlarda şeýle wakalaryñ bolmajakdygyna hiç kim güwä geçip bilmez. Şonuñ üçin toýlary bulap ýören ýakasygaýyşly näkesleriñ garşysyna uly il bolup göreşmeli. Ýaşulular, toýuñ beýemçileri gykylyk-galmagal döredip, dawa gözläp ýören şerçileri toýdan garasyny saýlar ýaly etmeli.
Guramaçylyksyz geçirilýän toýlar hakda gürrüñ edilende, ýene bir zady belläp geçesim gelýär. Käbir toý tutýanlar häkimliklerden, polisiýa bölümlerinden rugsatsyz uly gatnawly köçeleri bekläp, köçäniñ ugrunda toý edýärler. Uly gatnawly köçeleri ýapmaga rugsat edilmeýär. Gatnawy az, çola köçelerde-de toý ediljek bolsa, hökman degişli ýerlerden rugsat almaly. Baş-başdaklyk bilen köçeler ýapylsa, ýol-transport hadysalarynyñ ýüze çykmagyna getirýär.
Hormatly ildeşler, asuda watanymyzda toýlaryñ toýa meñzemegini, mydama şatlyk-şagalañ bolmagyny islesek, toýlarymyzy agzybirlik bilen, guramaçylykly we tertip-düzgünli geçirmäge çalyşmaly. Spirtli içgileriñ köplügi seniñ barlylygyñy-da, sahydygyñy-da görkezmeýär. Toýda içgä bat bermek, öz toýuñy özüñ bulamakdyr. Toýlaryñyz abraýly bolsun, adamlar!
Tagangylyç BERDIÝEW,
polisiýanyñ maýory.
Jemgyýetçilik tankydy