17:38 Türkmen dagy | |
TÜRKMEN DAGY
Goşgular
■ "DIRELIŞ. ÄRTOGRUL" teleserialynda okalan "TÜRKMEN DAGY" goşgusy Türk teleýaýlymlarynyñ reýting rekordsmeni bolan "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ 42-nji bölüminde okalan "Türkmen dagy" goşgusy" seriala tomaşa edenleri we goşgyny diñläp görenleri biperwaý goýmasa gerek. Bölüm sany eýýäm 150-den geçen teleserialda Adyl Şan atly siriýaly türkmeniñ okan "Türkmen dagy" goşgusy öz wagtynda serialyñ muşdaklaryny duýgulandyrypdy. Agzalan bölümde obanyñ üstünden ýoly düşen türkmen ozany Ärtogrula we onuñ alplaryna "Türkmen dagy" goşgusyny okap berýär. Goşgy şol wagt Türkiýäniñ internet ulanyjylarynyñ iñ köp gyzyklanan we teswir ýazylan temasy bolupdy. ■ Türkmen dagy Duman çökmüş Gyzyl dagyñ başyna, Şehit düşmüş topragyna, daşyna, Bakmadylar gözden akan ýaşyna, Aglaşyp gitdiler Türkmen dagyna. Daglarda duşmanlar herýan dolaşýar, Ýagy gelip türkmenlere dalaşýar, Ene-bajy şehidine aglaşýar, Dag basyp gitdiler Türkmen dagyna. Urdular, sürdüler bizi obadan, Kuwwat bersin bize beýik Ýaradan. Ölsegem dänmeris hergiz bu ýerden, Dagadyp gitdiler Türkmen dagyny. Alparsan, Süleýmanşa nesilleri, Enelermiz şir dogrupdyr bulary. Biziñ üçin pida edip janlary, Ýurt edip gitdiler Türkmen dagyny. Túrkmen ogly, kesme umydyñ Hakdan, Eždat mirasydyr bu gözel Watan! Ýeñşin baýram eder bu goşun hökman, Taryhy ýazarlar Türkmen dagyna! | |
|
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |