22:02 Türkmençilik: Däp-dessurlar, täsin alamatlar... | |
DÄP-DESSURLAR, TÄSIN ALAMATLAR...
Meni “Gorkut ata” eposynyň töwereginde galdyrylýan howaýy, many-syz jedeller gyzyklandyranok. Käbir dyzmaçlar tükeniksiz dawalaryny dowam etdiribersinler, eposy takyk bir halk döredipdir diýip, dünýäni ynandyrjak taryhy dokumentiň üstünden barylar diýen umyt mende ýok, oňa garaşybam ýörmeli däl, bolmajagyna gynanybam oturmaly däl. Hudaýa şükür, eposyň özi galypdyr. Ol dünýä halklarynyň ruhy baýlygynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy, ykrar edildi. Şu zeýilli ruhy belentligi döretmäge türkmenleriň gatnaşandygyny subut etmäge eposyň özünde näçe diýseň delil bar. Türkmenlere mahsus milli häsiýetleriň, başgarak aýtsak, türkmençiligiň, olary ýüze çykarýan däp-dessurlaryň köküni şu ýerde görýän. Durli aýratynlyklary ýüze çykarmakdan ötri, olara ýüzlenmeli bolar. Taryhçy alym A. Jykyýew ýurduň gunbatarynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşyndan ýazan etnografik oçerkinde gelnaljylap kejebede getirlen gelni obanyň golaýynda ýörite salnan öruk öýe, gerdege eltilýändigini aýdýar, täze çatynjalaryň duşuşygy şu öýde geçýär. Indi "Gorkut atadan" şeýle setirleri okaýarys: "Oguz zamanynda bir ýigit öýlense, ok atardy, oky nirä düşse, okunyň düşen ýerine gerdek dikerdiler. Birek han hem okuny atdy, okunyň düşen ýerinde gerdegin tutdy". Ýa-da: "Gyzy ýigide berdiler. Hanyň buýrugy bilen dabaraly toý başlandy, ýörite gerdek gurdular, ozanlar gelip saz çaldylar". Gelnalyjyny keseklemek türkmenlerde şu güne deňiç dowam edip gelýär, onuň gözbaşyny "Gorkut atada" görýäris: "Çopanlar: — Begimiziň bir ogly bardy, on alty ýyldyr, öli-diriliginden habar ýok. Ýalançy ogly Ýalynjaň diýen adam onuň ölüm habaryny getirdi. Indi gyzy oňa bermekçi bolýarlar. Olaryň gelnalyjysy şu ýoldan geçjek, biz olary daşlajak, goý, gyz oňa barmasyn, öz deň-duşuna barsyn – diýdiler". Biz bu gun gudaçylykdan gelenlere: “Gurtmy-tilki?” diýýäris. "Gorkut atadan": "Baý Bugra ondan: — Oglanmysyň, gyzmysyň? – diýip sorady". Türkmenler ýigidi öýlendirmeli diýen manyny "onuň aýagyny duşamaly" diýen sözler bilen aňladýarlar. Indi şu many bilen bagly "Gorkut atadan": "Gazan aýdar: — Aýagyna at duşagyn uruň! ...Tiz toý etdiler, atdan, aýgyrdan, düýeden, bugra goýundan goç gyrdylar, oglany gerdege goýdular, gyz bilen ikisi bir düşege çykdylar". "Gorkut atada" galyň şeýle kesgitlenýär: "Müň bugra getiriň, maýa görmedik bolsun, müň aýgyr getiriň, gysrak görmedik bolsun, müň sany hem goýun görmedik goç getiriň, müň sany hem gulaksyz, guýruksyz köpek getiriň, müň sany hem büre getiriň". Diňe toý bilen bagly şunça mysal getirdik. Durmuşyň gaýry taraplary barada-da meňzeşlikleriň köpdügini aýtsa bolar, ýene ençeme gezek olara ýüzleneris. *** Umuman, "Gorkut ata" akylly-başly, dünýe ylmynyň derejesindäki derňewe garaşýar. Derňän adam türkmeniň "Görogly" eposynda obrazlary teswir ediliş tärleriniň "Gorkut atadan" gözbaş alýandygyny bellese gerek. Serdarlaryň, begleriň gapdalyndaky kyrk ýigidiň edim-gylymynda, boluşlarynda meňzeşlik bar. Eposdaky käbir detallar taryhy çuňluga çagyrýar. Bir mysal: Ýalançy ogly Ýalynjaň Bugra beg ogly Bamsy Birek ýitende onuň söýlän gyzyny almak maksady bilen aýylganç hilä ýüz urýar. Biregiň kaftanyny tapyp, gana bulap, Baýandyr hanyň öňüne taşlaýar, ony Garaderbentde ölduripdirler diýip, ýalan sözleýär. Meniň ýadyma Töwratda, soňra Nurmuhammet Andalybyň "Ýusup-Züleýha" dessanynda beýan edilen Ýusup pygamberiň taryhy düşýär. Agalary Ýusuby gul hökmünde Müsüre satyp, soňam onuň köýnegini geçiniň ganyna bulap, kakalary Ýakup pygambere ogluňy böri iýdi diýipdiler. Ahy-zar çekip, gözýaşdan kör bolan Ýakup Ýusupnyň ganly köýnegini gözüne sürtüp, batyllykdan açylypdy. Bugra bege diri ýiten ogluň geldi diýenlerinde: "Oglumdygyny ondan soň bilerin, barmagyny ganatsyn, ganyny ýaglyga çalsyn, ony men gözüme sürteýin, eger açylsa, oglum Birekdir - diýdi, sebäbi aglap-aglap onuň gözleri görmez bolupdy. Ol ýaglygy gözüne sürtdi, gözi açyldy". Ikinji mysal. Ýeke gözli, gorkunç Depegözüň garşysyna çykan Beset gowakdan goýun derisine girip, ajaldan sypýar. Depegöze al salýar. Eýýäm Gomeriň meşhur Odisseýasynyň ýeke gözli Siklopdan goýun derisine ýapyşyp sypyşy göz öňüne gelýär. Belki, bu mysallar tötänlikdir, çarwa halklaryň durmuşynda beýle-beýle meňzeşlikleriň bolmagy ähtimaldyr diýjekler tapylar. Elbetde, ýok diýmek bolmaz, ýöne, belki, tötänlik däldir, gadymyýetden bir gyzykly baglanyşyk tapsa bolar. Yzarlap, derňäp görmeli, ylmy derňewleriň gyzygy-da şonda ahyry. Belki, birgiden açylmadyk faktlaryň üstünden barylar? *** “Gorkut ata” eposynyň diliniň obrazlylygy, wakalaryň gysgadan çeper suratlandyrylyşy hakynda oýlanyp otyrkam halylarymyzyň nepisligi birden hakydama geläýdi. Munuň tötänlik däldigine düşündim. Dogrudanam, bu eposyň nusgalyk derejesini türkmen halylaryna deňäp bolar. Olar bir-birine mynasyp, ikisi-de kämil, gutarnykly. Olara indi el urmak juda hatarly, sähel üýtgeşme olaryň terzini bozaýjak ýaly. Türkmeniň halysy, şaý-sepi onuň hakydasy, halkyň hakydasyna ymykly ýetmezden, oňa düşünmezden ony döreden halka akyl ýetirdim diýip bolmaz. "Gorkut ata-da" halkyň hakydasy. Onuň her jümlesinde halynyň çitimlerine kybapdaş öwüşginler, syrly many bar. Meselem, şu jümlä üns beriň: “Tozan ýakynlaşdy, gün kimin şöhlelendi, deňiz kimin ýaýkandy, tokaý kimin garaldy. 16 müň duşman atlysy gelip ýetdi” (88-sah.) Bu jümläniň öwüşgininden, täsirinden soň, halydaky täsin nagyşlary, älemi, goçaklary, hantozy, erikgüli, göli, gölüň içindäki guşlary ýatlaýan. Bular diňe owadanlyk üçin tapylaýan bimany nagyşlar däl-ä! Bular tebigatyň, adam duýgularynyň sungata geçirlen, sungat üsti bilen aňladylan obrazy, olara dörediji ussatlaryň duýgulary, ynançlary siňipdir. Şu prosese düşünmek islegi ýazyjy hökmünde meni özüne bent edipdi. Häzir "Gara ýyldyrym" romanymdaky halyçy gyz Zybany ýatlaýan. Elbetde, men bu obrazy haýsydyr bir nusgalyga dalaş edýändir diýip alamok, ýokarda iki beýik nusganyň arasynda kybapdaşlyk bar diýenime siziň ünsüňizi çekmekçi bolýan, siziň hem duýmagyňyzy isleýän. "Älem diýlende, Zyba parahat, imisala dünýäni küýseýärdi. Älemiň rahatlygyny saklaýan goçaklar. Goçaklaryň başy dik bolsun, oklary ötgür, gylyçlary kesgir bolsun. Siziň başyňyzyň aman ýagdaýynda dünýäniň sapasy bolar, siziň başyňyzyň yrlan çagy il-günüň haly harap. Zyba halysynyň ýüzüne düşen goçaklaryň gelşikli hataryna gaýta-gaýta syn etdi, guwandy". "Gorkut atadan" alnan aşakdaky jümläniň beýanynda şol goçaklaryň keşbine kybapdaşlyk bar: "Ýigidiň gözi boz aýgyra, alty perli gürzä hem-de ak tözli ýaýa düşdi, bu üçüsini halady." Ýene bir mysal: “Zyba soňra hantozy çitdi. Golaýda bu meýdandan han geçip gidipdir, han ýeke geçmez, gapdalynyň leşgeri bilen geçer... Zyba: "Hanyň ýoly parahat iliň üstünden sowa geçewersin – diýdi. – Gapdaldan düşsün, tozy görünse-de, özi görünmesin, zory düşmesin!” "Gorkut atada" Salyr Gazanyň düýşüniň beýany Zybanyň ätiýajynyň has takyk beýanyna meňzeýär: "Tugun /guşy/ elimden elguşumy alar gördüm, gökden ýyldyrym ak bowun öýüm üstüne çykar gördüm. Doly we gara dumanlar ordamyň üstüne döküler gördüm. Guduz gurtlar öýümi talar gördüm. Garga kimin gara saçym uzalyp, gözümiň üstüni örter gördüm. Bilegimden on barmagymy ganda gördüm." Türkmen halysynyň göli owadan, nepis. Onuň halyçyda neneňsi duýgular döredip biljegine Zybanyň hyýalyna getirmelerinden bir mysal: "Kak suwuna durna gonýar diýdiler, Zyba durnalary görmäge gitdi. Telim aňňat geçmelidi, hiç kime duýdurman ýeke gitdi. Çopantelpekler baş atdy, gülälekler gol bulady. Zybanyň dünýäsine saryýagyň ýumşaklygy aralaşdy. Her çöpüň gapdalyndan geçende söz gatdy: "Peşmek gezegen, yslyja bozagan! Sözeniň ody çogly, dänesiniň ujy togly. Gyşy-tomsy gökjse borjak, oturyber, ýanyňa barjak. Akja siňren, şahalaryňdan aýlanaýyn, çopanyň geregi sen, goýnuň höregi sen!.." Zyba takyrda köl döreden kak suwunyň gyrasynda oturan topar durnany gördi. Guşlaryň rahatlygy, näzikligi haýran etdi. Olaryň durkunda hala çitilýän guşlaryň nepisligi bar. Olaryň oturşyny, ýörişini synlady, uçaryna garaşdy. Gun ikindi bolýança köle garap oturdy. Günüň gyzgylt şöhlesi kölüň bilinden täsin ýol ýasady. Durnalar altyn çaýlan ýoldan bihabardylar. Wah, olar uzyn näzik aýaklaryny kümüş reňk suwa batyryp, şol altyn ýodadan Zyba tarap ýöräp gaýtsadylar!.. Etmediler. Inçe boýunlaryna bat berip, uzyn aýaklaryny sallap, uçup gitdiler, bir bada suwuň, çölüň, baharyň görki asmana göterlen ýaly boldy. Olar boguk ses bilen gurruldaşyp, kölüň gyrasynda galan Zyba habar gatdylar. Zyba: "Gölüň içindäki guşlar, asyl siz ekeniňiz" diýdi. Durnalar äwmän, hatar tutup, açyk asmana garylyp gitdiler. Göldäki ganat ýaýyp uçup barýan guşlar kölden göterilen durnalaryň şekilidi. Zyba indi başga guşy göz öňüne-de getirip bilenokdy. Topragyny kakyp, älem goşdum, gyra syryp, kölçä düşdüm. Zyba lälezar kölüň ýakasyndaky salkyn howany, asudalygy halynyň ýüzüne çitmelidi, seredenler bagt mekanyny görmelidiler. Ol mekandaky suw-da, sonar meýlan-da, hatar durnalar-da Zybanyň nesibesidi. Zyba bu sapaly meýdany Eşrete bagş etjekdi. Bahar çöle gül ýaýdy. Zyba hala gül ýaýdy." Indi "Gorkut atadan" ozanyň söýlemesini okaň: "Salkyn-salkyn daň ýelleri ösdüginde, Sakally, bozlaç torgaý saýradykda, Bedew atlar eýesin görüp okrandykda, Sakaly uzyn dat/ly/ ary wagladykda, Ak ile gara seçilen çagda, Galyň ogzuň gelin-gyzy bezenen çagda, Göwsi gözel guba daglara gün degende, Beg ýigitler, çalasynlar biri-birine tutluşan çagda, Derse han ýerinden turup, oglanjygyny ýanyna alyp, kyrk ýigidi bilen awa çykdy." Iki mysalda-da döredijiniň duýgusy, keýpi tebigatyň täsinligi bilen aňladylýar. Birinjide ol halynyň nagyşlaryna siňýär, ikinjide çeper söz bilen çitilip, eposyň süňňüni emele getirýär. Gadymdan galan ajaýyp iki nusganyň sözde hem jadyly nagyşdardaky obrazly aňladyş tilsimleri entek biziň üçin köp derejede syr bolup galýar. Döredijilik prosesi, edebiýat bolsun, sungat bolsun, halkyň ruhy tejribesinden iýmit alýar, öz gezeginde ony baýlaşdyrýar. Iki nusgada-de adamyň ruy dünýäsi tebigat hadysalary bilen ýanaşdyrylyp, sähranyň, dag-düzüň arassalygy ynsan kalbynyň päkliginiň ölçegine öwrülýär. Ol göräýmäge gönümel, sada ýaly bolsa-da, mazmun babatda tebigatyň kanunyna mahsus gaýymlyga, tertibe eýedir. Şonuň üçinem eposyň gahrymanlarynyň häsiýeti, durky tebigatyň süňňüne goşulşyp, haly nagyşlarynda aňladylan bütewiligi döredýär. Şol täsin bütewiligiň manysyna görä, adamyň garşysyna şer işe baş goşmak hem edil tebigatyň täsinligine hyýanat eden ýalydyr. Eposda betbagtlygyň aňlatmasy hökmünde tebigy hadysalaryň alynýandygy-da şu sebäbe görädir. Ýagşu-ýaman islendik etmişiň manysy tebigatyň gerimine çykarylýar, älem giňişligine dahylly hadysa öwrülýär. — Garşy ýatan gara dagym ýykylypdyr, Ozan, seniň habaryň ýok. Kölegelije gaba agajym kesilipdir, Ozan, seniň habaryň ýok. Bu epos sähra bilen bagry badaşan ata-babalarymyzyň durmuş ýolunyň uly menzilini jemleýär. Türkmenlere has bolan etiki normalaryň gözbaşyny şu ýerde görýäris. Olaryň takyklygy, ýowuzlygy çarwa durmuşynyň şertleri bilen baglydyr. Eposyň süňňi, poetikasy didaktikadan halas diýse boljak. Goşgy formasynda ýazlan setirler bilen kyssa görnüşli tekstiň arasynda poetiki bütewilik bar. Eposyň tutuş poetikasy wakalary beýan etmelerde däl-de, adamyň ruhy durkuny obrazlar arkaly çeper suratlandyrmalarda ýüze çykýar, şonuň üçin hem sözden öňürti söz bilen aňladylýan duýga maýyl bolýarsyň. Dogrusy, söz bilen duýgyny aýralamak mümkinem däl. Meniň pikirimçe, türkmeniň soňky edebi eserlerine has bolan guraksy didaktikanyň bu eposda duýulmaýanlygynyň sebäbini belli bir derejede ideologiýanyň ýoklugy bilen düşündirse bolar. Dogry, tireleriň içki raýdaşlygyny saklamak, olary daşky täsirlerden goraglamak hem özboluşly ideologiýa dalaş edip biler, ýöne ol içki gatnaşyklara, däp-dessurlara şeýle bir siňipdir welin, ony üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Meňiň ideologiýa diýýänim hemişe wagyz-nesihata, propaganda daýanýan dini, synpy, döwlet ideologiýasydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |