21:03

Ussadym geldi

USSADYM GELDI

Gara gazmasyna bilbil gonduryp,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.
Älem içre yşk oduny ýandyryp,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

Juwan wagty yşk derdine tutaşyp,
Ýar ugrunda derýa-daglardan aşyp,
Şirin aýdymyny sazyna goşup,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

Saýatly hem Hüýrlükga Hemrany,
Wasp etdiň Şasenem hem Garyp jany,
Tapyp «Asly-Kerem», «Nejeboglany»,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

Tirdi ter çemenli bagy-bossany,
Açdy niçe hazynaly kyssany,
Alyp beýik goşgulary, dessany,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

Gün dogdy Balkanyň gerşinden aşyp,
Barýan owazlara sesini goşup,
Göýä, goşa tarly otludan düşüp,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

Buýsançly dur, baryp berdim salamy,
Halypa bagyşlap bu bäş kelamy,
Aşyk Ozan, Dana, beýik Ulama,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

Berkarar ýurduna, bagtly iline,
Hem guwandy saýraýan şat diline,
Alkyş aýdyp Beýik Arkadagyna,
Geldi Garajaoglan, ussadym geldi.

■ DEHISTAN

Ikindinler öwser ýeller,
Buýra saç dek depe-gollar,
Otyr Dehistanda iller
Bu gumlaryň arasynda.

Gylyç gemren ärler ýatyr,
Hak aşyklar-ýarlar ýatyr,
Ýagşyzada, pirler ýatyr
Bu gumlaryň arasynda.

Ganymdan gorap il-ulsy,
Ýatandyr meýlishanasy,
Hydyr dek bar Göroglusy
Bu gumlaryň arasynda.

Çyn edermen Göroglusy,
Aýdym bolup gelýär sesi,
Waspyn etdi Pyragysy
Bu gumlaryň arasynda.

At oýnadar, çalsa sazy,
Ganym görse, gandyr gözi,
Är Göroglym, goýdy yzy
Bu gumlaryň arasynda.

Gerçek Jelaleddin soltan,
Il üçin goýdy şirin jan,
Ganymlardan dökdi al gan
Bu gumlaryň arasynda.

Jelaleddin besläp aty,
Duşmana saldy haýbaty,
Dünýä görkezdi gudraty
Bu gumlaryň arasynda.

Hak ýol gözläp gitdi umman,
Watan üçin boldy gurban,
Soltandan galdy göbek gan
Bu gumlaryň arasynda.

Otyr Madaw, tutup hatar,
Obaň içinden ýol öter,
Sygyn, Maşat ata ýeter
Bu gumlaryň arasynda.

Maşat ata hem Misseriýan,
Ganymy eýläpdir girýan,
Kändir şehit gorap durýan
Bu gumlaryň arasynda.

Yz goýup ussadyr kilwan,
Niçe çopan, niçe sarwan,
Kän çykýar Täşli dek pälwan
Bu gumlaryň arasynda.

Toý tutulyp, gyz alşylar,
Bu ilde degşip-gülşüler,
Kändir Atjan dek wäşiler
Bu gumlaryň arasynda.

Şahyr, tüýdükçi, bagşysy...,
Köpdür Bäjän dek ýagşysy,
Şaýat il, her öý-goňşusy
Bu gumlaryň arasynda.

Ötdi Aý, Gün, Ýüpek ýollar,
Haý-haýly kerwensaraýlar,
Ýaşaýar döwletli baýlar
Bu gumlaryň arasynda.

Goýun-geçi, düýe maly,
Lezzet berer düýe çaly,
Myhman alar dogan ýaly,
Bu gumlaryň arasynda.

Heňňam uzak gumak ýollar,
Geldi demir, gara ýollar,
Şäherde şat ýaşar iller,
Ter gülleriň arasynda.

Dehistan bürener baga,
Çykar seýle goja, çaga,
Alkyş ýagýar Arkadaga
Bu illeriň arasynda.

Ahmet MEDEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 431 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Medet | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]