01:12 Ussat we Margarita -23/ romanyñ dowamy | |
XXIII bap
Romanlar
IBLISIŇ HUZURYNDAKY ULY BAL Gije ýarym bolany üçin howlukmak gerek boldy. Margaritanyň gözi zordan saýgarýardy. Onuň ýadynda galan närse — şemler hem düýbüne reňkli daşlar düşelen howuz boldy. Haçanda Margarita şu howzuň düýbüne düşende, oňa kömekleşýän Gella bilen Nataşa onuň başyndan gyzyl reňkli goýy we gaýnag bir suwuklyk guýdular. Margarita tamşanyp görüp, şorumtyk närsäni duýdy we özüni gan bilen ýuwýandyklaryna düşündi. Bu ganly duşdan soň, başgasy ― gyzgylt goýy we dury duş başlandy, indi bu gül ýagyndan Margaritanyň başy aýlandy. Soňra ony billur düşege ýatyryp, birhili ullakan-ullakan ýaşyl ýapraklary tä ýalpyldaýança onuň tenine sürtdiler. Şu wagt pişik ylgap girip, kömekleşip başlady. Ol Margaritanyň aýak tarapynda oturyp, ädik ýaglaýanlar ýaly, onuň ökjesini sürtüp başlady. Margarita gülgün bägül ýapraklaryndan kimiň özüne köwüş tikenini hem, olaryň altyn tasmalaryň nähili edip öz-özünden sadaplanyp galanyny hem ýatlap bilmeýär. Haýsydyr bir güýç Margaritany rast göterip, ýüz görülýän aýnanyň garşysyna goýdy, şonda onuň başynda şahana almaz täç lowurdap ýandy. Şol wagt niredendir peýda bolan Korowýew Margaritanyň boýnuna agyr zynjyra asylan gara gürji itiň uzyn ak çarçuwadaky şekilini dakdy. Bu bezeg melikä gaty agyr geldi. Zynjyr şobada onuň boýnuna sürtülip, agyr şekil bolsa onuň kaddyny egýärdi. Emma bu oňaýsyzlygyň öwezine Margarita başga bir amatlylyga eýe boldy. Bu amat ― Korowýew bilen Begemotyň oňa sylag-hormatydy. ― Zeleli ýok, zeleli ýok, asla ezýet çekmäň! ― diýip gepleýärdi Korowýew, howuzly otagyň gapysynyň öňünde durup, ― başga çäre ýok, şu zat gerek, gerek, gerek. Rugsadyňyz bilen, gözelim, saňa soňky maslahatym. Myhmanlar arasynda dürli taýpadaky şahslar bolýar, o, juda-juda köp olar, emma hiç kime, karol gözelim Margo, hiç hili aýratyn gadyr goýmaly däldir! Eger bardy-geldi içinden birleri göwnüňize ýakmasa, muny ýüzüňize çykarmajagyňyza men düşünýärin...Ýok, ýok, asla beýle oýlamak-da gerek däl! Ol duýar, bada-bat duýar. Oňa mähir goýup, söýmek gerek, karol gözeli. Munuň öwezine bal bikesi ýüz esse köpräk mähre sezewar bolar! Ýene: hiç kimi biperwaý geçirip goýbermersiňiz. Eger lak atyp gepleşmäge wagtyňyz bolmasa, iň bolmanda, mylaýym nazar aýlarsyňyz ýa-da sähel baş atyp goýbärsiňiz. Näme etseňiz ediň, emma hiç kimi ünssüz galdyrmaň. Olar ünssüzlükden zowal taparlar... Şundan soň Margarita Korowýew bilen Begemotyň ýolbaşçylygynda howuzly jaýdan tüm-garaňkylyga gadam goýdy. ― Men, men, ― diýip pyşyrdady pişik, ― özüm signal bererin! ― Başla! ― diýdi Korowýew garaňkyda. ― Bal! ― diýip gaty mawlady pişik, şu demde Margarita gygyrdy-da, gözlerini birnäçe sekunt ýumdy. Çünki bal onuň göz öňünde şöhleli nur hem-de her hili ys, sesler mysalynda şekillendi. Korowýew goltuklap alyp gidip barýarka, Margarita özüni tropik tokaýda gördi. Gyzyldöş, ýaşylguýruk toty guşlar şahalara aslyşyp, olaryň üstünde böküşip: «Men haýran!» ― diýip jyňkyldaşýardylar. Emma tokaý derrew gutaryp, hammamyňky ýaly dymyk howa uçgun syçradýan sargylt sütünli bal zalynyň salkyn howasy bilen çalyşdy. Bu zal hem tokaý kibi boş guwlap ýatyrdy, diňe sütünleriň aşagynda başlaryna kümüşsow daňy daňan, ýarym-ýalaňaç negrler sarsman-etmän durdular. Margarita öz hemşerleri bilen, olara indi Azazello hem goşulypdy, zala uçup girenlerinde, negrleriň ýüzleri tolgunmadan ýaňa goňur reňke girdi. Şu ýerde Korowýew Margaritanyň elini goýberip, gulagyna pyşyrda-dy: ― Göni çigilleme tarap ýöre! Margaritanyň garşysynda belent bolmadyk ak çigillemden diwar emele geldi, olaryň aňyrsynda üstüne galpak geýdirilen san-sajaksyz çyralar, çyralaryň garşysynda ak üstünden gara frak geýen adamlar göründi. Şonda Margarita bal sazynyň nireden gelýändigine düşündi... Ýüz elli töweregindäki adamdan ybarat orkestr polonez sazyny çalýardy. Orkestriň öňündäki sypada duran, frak geýen adamyň Margaritany görüp, reňki çuw-ak boldy, ol bir emelläp ýylgyrdy we birden elini salgap, bütin orkestri aýaga turuzdy. Orkestr bir pursat hem durman, dik duran ýerlerinden Margaritanyň başy üzre saz ýagdyryp başlady. Mis surnaýlaryň owazynyň arkasyndan perýat dek eşidilýän skripkalaryň sesi onuň başyndan ýaňy howuzda guýlan goýy gan ýaly bolup guýuldy. Dirižýor orkestre arkasyny öwrüp, ellerini giň ýaýyp, iki eplenip tagzym kyldy, şonda Margarita ýylgyryp durup, oňa el salgady. ― Ýok, bu heniz az, kem ― diýip pyşyrda-dy Korowýew, ― ol uzyn gije uklaman çykar. «Salam size, o walslar karoly!» ― diýip gygyr oňa. Margarita şeýle diýip gygyranda, sesi edil jaň sedasy ýaly bütin orkestriň owazyny basyp gitdi welin, muňa onuň özem haýran galdy. Duran adam beýle bagta tolgunyp, çep elini döşüne goýup, sag elindäki ak taýajygy galgydyp, orkestre dirižýorlyk etmegini dowam etdi. ― Ýene, ýene ― diýip pyşyrda-dy Korowýew, ― çepe, birinji skripkalara seret, şeýle başyňy at, goý olaryň her biri meni tanady diýip oýlasyn özüçe. Bu ýere gelenler jahana meşhur sazandalar. Hol birinji pultuň öňünde oturan bilen salamlaşyň ― ol Wýetan. Gowy, örän gowy. Indi gitdik. ― Dirižýor kim? ― diýip sorady Margarita öňe uçup barşyna. ― Iogann Ştraus ― diýip şaňkyldady pişik, ― eger haýsy-da bolsa bir balda, şeýle orkestr saz çalan bolsa, goý, meni tropik tokaýdaky daragtlaryň şahasyndan asaýsynlar. Men çagyrdym bu orkestri. Üns beriň, ýekeje sazanda-da syrkawlap galmady ýa-da gelmekden boýun towlamady. Indiki zalda hiç hili sütün ýokdy. Olaryň deregine gyzyl, elwan, süýt ýaly ak bägüllerden edilen diwar bir tarapda, ikinji tarapda ýapon kameliýa güllerinden ýasalan diwar bardy. Bu iki diwaryň aralygynda üç sany howuz bolup, olaryň birinde ýagty syýareňk, ikinjisinde ýakut reňkli, üçünjisinde hrustal ― billur reňkli şampan çakyry düwmeläp, joş urýardy. Olaryň töwereginde gyzyl daňyly negrler ylgaşyp, ýasy gaplara kümüş susak bilen çakyr guýýardylar. Bägül reňkli diwarda ötük bardy, ondan garlawajyň guýrugy ýaly frak geýen adam estradada jöwlan urýardy. Onuň öňünde jaz sazy dynuwsyz gümmürdeýärdi. Ol Margaritany gören badyna, elleri ýere degýänçä eglip, soňam kaddyny dikledi-de, içiňden parran geçýän ses bilen: ― Alliluýa! ― diýip gygyrdy. Ol öz dyzyna bir gezek urup, soň atanaklaýyn beýleki aýagyna urup, çetki sazandaryň elindäki tabagy aldy-da, onuň bilen sütüne ýelmedi. Uçup barýarka, Margarita bu ökde jaz-garagolyň, Margaritanyň arkasyndan üfleýän polenez bilen ýapyşyp, öz jaz sazandalarynyň kellesine tabak bilen urýandygyny, olaryň bolsa ylahy howp bilen aşak oturýandyklaryny gördi. Soňra olar bir meýdança uçup çykdylar. Margarita bu ýeri tanady: Korowýew ony eli şemli şu ýerde garşy alypdy. Indi bu meýdançada ýanyp duran üzüm başlaryny ýatladýan uly gülli billur çyralaryň ýagtysyndan göz gamaşýardy. Margarita üçin ýörite jaý taýýarlanan eken ― ony şol ýere goýdular, onuň çep tirseginiň aşagynda ametist sütünjagaz peýda boldy. ― Eger juda ýadawlyk duýsaň, eliňi şu sütünjagaza goýmak bolar ― diýip pyşyrdady Korowýew. Gara tenli bir adam Margaritanyň aýagynyň aşagyna ýassyk taşlady, oňa altyn sapak bilen gürji itiň suraty tikilendi, şonda Margarita kimiňdir elinden ýapyşyp, sag aýagyny ýassyga goýanda, dyzy haýal epildi. Ol töweregine nazar aýlady. Korowýew bilen Azazello onuň ýanjagazynda dabaraly ýagdaýda durdular. Azazellonyň ýanynda ýene üç sany ýigit bolup, olar Margarita Abadonnany ýatlatdy. Margaritanyň arkasyna sowuk degip başlady, ol öwrülip, ol ýerdäki mermer diwardan buz howuza gazly meýiň şaglap guýulýandygyny gördi. Margarita çep aýagynyň aşagynda nähilidir yssy we ýumşak zadyň gybyrdanyny duýdy. Bu Begemotdy. Margarita belentde durdy, onuň edil aýagynyň aşagyndan haly düşelen örän mahabatly basgançak pese düşüp gidýärdi. Pesde, edil dürbiniň ters tarapyndan görnen ýaly, juda-juda alysda ullakan gapysy sakçyly we gap-gara bigelşik agzyna bäş tonnalyk ýük maşyn arkaýyn girip biljek äpet kamin (peç) göründi. Gözüňi kör ediji derejede ýagtylandyrylan gapysy sakçyly kamin hem, basgançak hem boşdy. Indi Margarita kernaý-surnaýlaryň sedasy juda uzakdan eşidilýärdi. Şu görnüşde bir minut ýaly gymyldaman durdular. ― Ýeri, hany myhmanlaryňyz? ― diýip sorady Margarita Korowýewden. ― Gelerler, karol gözeli, gelerler, häzir gelip başlarlar. Myhman az bolmaz. Olary bu meýdançada garşylanymdan odun aýranymy has gowy görerdim. ― Odun aýyrmak nämemiş ― diýip, alyp göterdi ýaňra pişik, ― men trambaýda konduktor bolup işlemäge-de razydyryn, özüňiz bilýäňiz, konduktorlukdan manysyz iş ýok dünýäde. ― Hemme zat öňünden taýýar edilmeli, karol gözeli ― diýip goşmaça kyldy Korowýew çatlan monokl dakan gözünde ot oýnadyp. ― Birinji gelen myhmanyň özüni nirä goýjagyny bilmän sandyraklap ýöreninden, şol birwagtda onuň jübti-halaly ― dilazar melikesi, nämüçin beýle ir geldik diýip, ärine ykarat edip, yňňyl-myňyl edeninden ýaman närse ýok dünýäde. Eger bal şeýle bolýan bolsa, onuň ýaly baly zibile zyňmak gerek, karol gözeli. ― Elbetde, zibile zyňmaly ― diýip makullady pişik. ― Ýarygijä çenli on sekunt galdy ― diýip goşmaça kyldy Korowýew, ― häzir başlanar. Şu on sekunt Margarita üçin örän uzak ýaly boldy. Onuň hyýalynda on sekunt bireýýäm geçdi, emma bolýan zat ýokdy. Emma birden pesde, äpet kaminiň içinde bir zat tarkyldap gitdi-de, içinden bir dar agajy atylyp çykdy ― oňa çüýräp, dökülip başlan jeset asylgydy. Ine, şu jeset syrtmakdan ýere üzlüp düşüp, birden egnine frak, aýagyna laklanan köwüş geýen gara saçly görmegeý ýigide öwrüldi. Şondan soň kaminden çüýräp başlan kiçiräk bir tabyt atylyp çykdy, onuň gapagy açylyp, içinden başga jeset peýda boldy. Görmegeý ýigit hormat bilen onuň başujuna ýakyn baryp, onuň elini goltugyna almak üçin egdi, şonda tabytdaky jeset hem turup, gara köwüşli, saçyna gara ýelek dakan, çyp-ýalaňaç aýala öwrüldi we bu erkek bilen aýal bilelikde basgançakdan ýokarlygyna göterilip başladylar. ― Ilkinji myhmanlar! ― diýdi Korowýew, ― jenap Jak öz jübti-halaly bilen. Tanyşyň, karol gözeli, dünýädäki iň täsin erkeklerden biri! Galp pul ýasamakda deňi-taýy bolmadyk döwlet dönügi, şol birwagtda ökde alhimik hem. Emma ― diýip, pyşyrdap başlady ol Margaritanyň gulagyna, ― karolyň oýnaşyny zäherläp, şöhrat gazanan. Bu her kimsä başartmaýar. Serediň, nähili gözel ýigit! Reňki agaran Margarita aňk-taňk bolup, agzyny açyp, aşak seretdi, ol ýerdäki ýaňky dar agajy hem, tabyt hem gapy sakçynyň gapdalyndaky ötüge girip, gözden gaýyp boldy. ― Örän hoşaldyryn ― diýip, gygyrdy pişik basgançakdan çykyp gelen jenap Jakyň göni ýüzüne. Şol pursat pesde, kaminiň içinden başsyz, elsiz bir skelet çykdy we ýere bir urlup, frak geýnen erkek kişä öwrüldi. Jenap Jakyň aýaly Margaritaň garşysynda dyza çöküp, tolgunmadan ýaňa reňki agaryp, onuň dyzyny ogşady. ― Karol gözeli ― diýip, samrady ol. ― Karol gözeli sizi görenine tükeniksiz şatdyr ― diýip gygyrdy Korowýew. ― Karol gözeli... ― diýdi mylaýym ýigit, jenap Jak. ― Biz diýseň şatdyrys ― diýip mawlady pişik. Azazellonyň hemralary bolan ýigitler hoşmylakat bilen ölügsi ýylgyryp, jenap Jak bilen onuň aýalyny çete, şampan çakyry doldurylan bulgurlary saklap duran negrler tarapa gysyp çykardylar. Basgançakdan bolsa egni frakly bir adam ylgap çykyp geldi. ― Graf Robert ― diýip pyşyrdady ýene Margarita Korowýew ― henizem ünsüňi çekýän hoşbiçim. Ýöne asla bir ýagdaýa üns beriň, karol gözeli: bu adam karol aýalyň oýnaşy bolup, öz aýalyny zäherläp öldüripdi. ― Hoşaldyrys, graf, ― diýip gygyrdy Begemot. Kaminiň içinden yzly-yzyna üç tabyt çykyp, tarsyldap ýaryldy-da, dumly-duşa pytrady, şondan soň kaminden gara donly adam çykdy, onuň arkasyndan yzma-yz ylgap çykan ýene biri don geýeniň arkasyna pyçak sançdy. Basgançagyň eteginden basyk perýat eşidildi. Soňra birden kaminiň içinden bütinleý eräp-çüýräp giden jeset atylyp çykdy. Margarita gözlerini ýumdy, şonda kimdir biri onuň burnuna ak duz salnan çüýşejagaz tutdy. Margaritanyň göwnüne bu Nataşa ýaly boldy. Basgançak dolup başlady. Indi her bir basgançagyň üstüni uzakdan asla birmeňzeş bolup görünýän, frak geýen erkekler-u olaryň ýanlarynda başlaryndaky ýelekleriň we aýaklaryndaky köwüşleriniň reňki bilen bir-birinden parh edýän ýalaňaç aýallar doldurdy. Çep aýagyna täsin agaç ädik geýen, salyhatly hor bir zenan edil monah aýallar ýaly, aşak bakyp, Margarita bakan çykyp gelýärdi, onuň boýny nämüçindir giň ýaşyl lenta bilen daňylgydy. ― Bu ne beýle ýap-ýaşyl bolupdyr! ― diýdi birden Margarita. ― Örän ýakymly we agras jenan ― diýip pyşyrdady Korowýew, ― tanyşdyraýyn size: Tofana hanym, neapolly dilber juwanlar, şeýle hem Palermo aýallarynyň arasynda we ärleri ýüregine düşen hanymlar arasynda tanymal bolan. Eýsem, ýüregedüşgünç ärleriň barlygy hakykat dälmi, korol gözeli? ― Hawa, ― diýip jogap berdi. Margarita pessaý ses bilen, şol birwagtda garşysynda yzly-yzyna dyza çöküp, dyzyndan we elinden ogşan iki sany erkege ýylgyryp seretdi. ― Ana, şeýle ― diýip, Margarita çawuş çakdy Korowýew, we aýny wagtda kimleredir gygyrdy: ― Gersog, bir gadak şampan çakyry merhemet etsinler! Aperin size! Hawa, gepiň gysgasy, Tofana hanym şol şormaňlaý aýallaryň hajatyny bitirip, olara kiçijik çüýşejikde düwmeli suw satýardy. Hatyny şol suwy äriniň naharyna salýardy, äri bolsa nahary iýip, mähriban hatynyna minnetdarlyk bildirýärdi we özüni örän ýagşy duýýardy. Dogry, birnäçe sagatdan soň, ol äriň agzy kepäp, suw içesi gelip başlar, soň düşege gyşarar-da... Hullasy, ýene bir günden soň ärini tagamly çorba bilen hezzetlän şol neapolly sahypjemal bahar şemaly ýaly erkin bolýardy. Margarita: ― Onuň aýagyndaky näme? ― diýip soraýardy, şol birwagtda çogup çykyp gelýän, Tofana hanymdan ozup, öz gaşyna ýetip gelen myhmanlara el uzatmagyny bes etmeýärdi ― ondan soň, nämüçin boýnuna ýaşyl lenta daňypdyr. Pis açypmy? ― Men örän hoşaldyryn, knýaz! ― diýip gygyrdy Korowýew we şu wagtyň özünde Margaritanyň gulagyna pyşyrdady: ― Boýny örän owadan, ýöne ol türmede ýatanda, gelşiksiz bir ýagdaý bolupdyr. Aýagyndaky bolsa, karol gözeli, ispan ädigi, indi lenta meselesine gelsek, muňa sebäp şu ki, öz hatynlaryna ýakmadyk bäş ýüz sany erkegiň Neapol we Palermodan baky sürgün edenini eşiden türme hyzmatçylary Tofana hanymy türmäň içinde bogup öldürüpdiler. ― Gara karol gözeli, sizi görenime çäksiz bagtyýardyryn ― diýip, Tofana monaşkalarça pyşyrdap, dyza çökmäge çalyşýardy, emma ispan ädigi muňa päsgel berýärdi. Korowýew bilen Begemot Tofana turmaga ýardam etdiler. ― Men şat ― diýip jogap berdi oňa Margarita, elini başga myhmanlara uzadyp. Indi ýokaryk göterilýän adamlar akymy basgançaklary bütinleý gömüp taşlady. Şu sebäpden Margarita pesde, kaminde nämeler bolýanlygyny indi görmeýärdi. Ol endik boýunça elini göterip düşürýärdi we birsydyrgyn ýylgyryp ak dişlerini görkezip myhmanlara mylakat edýärdi. Bu ýerde, basgançak meýdançasynda gaty goh-wagyrdy göterildi, bal bolýan zallardan eşidilýän saz deňiz ýaly güwwüldeýärdi. ― Ine, bu örän dilgir aýal ― diýýärdi Korowýew, indi batly ses bilen, çünki bu ýerdäki şow-şowda öz sesini myhmanlaryň eşitmejegini bilýärdi, ― jany-teni bilen baly gowy görýär, özem öz ýaglygynyň üstünden şikaýat etmek arzuwynda. Margarita Korowýewiň görkezen aýalyny basgançakdan çykyp gelýänler arasyndan gözi bilen yzarlap tapdy. Bu ýigrimi ýaşlaryndaky kaddy-kamaty örän gelşikli juwan bolsa-da, gözleri nämüçindir gamgyn, nägilelik bilen bakýardy... Nähili ýaglyk ol? ― pyşyrdap sorady Margarita her myhmana elini uzatmasyny dowam edip. ― Ol hojaýyn aýala hyzmat edýär ― diýip düşündirdi Korowýew, ― ol onuň stoljugyna otuz ýyl bäri gijesine elýaglyk goýýar. Ol ukudan oýandygy elýaglyk ýene öz ýanynda. Bu aýal ony peje salyp ýakyp gördi, derýa gark edip gördi, barybir hiç zat peýda etmeýär. ― O nähili ýaglyk? ― diýip, Margarita elini bir ýokary galdyryp, bir aşak düşürip durşuna pyşyrdap sorady. ― Gök bezegli ýaglyk. Gep şeýle ki, ol kafede hyzmat edip ýörkä, günleriň birinde hojaýyny ony ambara salypdyr, aradan dokuz aý geçenden soň, ol ogul dogrupdyr-da, oguljygyny tokaýa eltip, agzyna ýaglyk dykyp, ýere gömüpdir. Sudda çagany idetmäge gurbum çatmady diýipdir. ― Şol kafeň hojaýyny nirede? ― diýip sorady Margarita. ― Korol gözeli ― diýdi birden ýakymsyz ses bilen pişik aşakdan, — rugsat etseňiz, size bir sowal: hojaýynyň muňa näme dahyly bar? Ol çagany tokaýda bogup öldürmändir-ä? Margarita myhmanlara ýylgyrmasyny we sag elini olara salgamasyny dowam edip, çep eliniň dyrnaklaryny Begemodyň gulagyna batyrdy we pyşyrdap diýdi: ― Eger sen, deýýus, ýene bir gezek gepe goşulsaň... Begemot jan awusyna gygyrdy we hyrlap diýdi: ― Korol gözeli... gulagym çişer... Eýsem, çişen gulak bilen bala zeper ýetirmelimi? Men hukuk tarapdan... ýuridiki nukdaýy nazardan gepläpdim... Boldy, toba kyldym... Meni pişik däl, balyk diýip hasap ediň, ýöne gulagymy bir goýberiň. Margarita pişigiň gulagyny goýberdi, edil şu wagt gözleri gamgyn we gaýgyly seredýän juwan onuň garşysynda saklandy. ― O, korol gözeli ― sahyba, beýik dolan Aý balyna çagyrlanyma örän bagtyýardyryn. ― Men hem ― diýdi oňa Margarita, ― hoşaldyryn sizi bu ýerde görenime. Örän hoşaldyryn. Şampan çakyryny halaýaňyzmy? ― Waý, näme etmeli korol gözeli?! ― tolgunyp sessiz gygyrdy Korowýew Margaritanyň gulagyna, ― gys-gyrma bolup gitjek bu ýer! ― Halaýaryn ― diýdi juwan, ýalynýan äheňde we birden manysyz tüýsde tekrarlap başlady: ― Frida! Frida, Frida! Meniň adym Frida, o, korol gözeli! ― Beýle bolsa, Frida, siz bu gün tä serhoş bolýançaňyz içiň-de, hiç zady pikir etmäň ― diýdi Margarita. Frida Margarita iki elini uzadan badyna, Korowýew bilen Begemot çalasynlyk bilen onuň iki goltugyndan aldylar, ol bir demde märekäniň arasynda gaýyp boldy. Indi märeke, göýä Margaritanyň duran meýdançasyny zabt edip almaga äht eden ýaly, basgançakdan hüwmek bolup ýokary çykýardy. Ýalaňaç aýallar frakly erkekler bilen aralaşyp gidipdi. Margarita tarap bugdaýreňk, ak, mele we bütinleý gap-gara bedenler golaýlaşyp gelýärdi. Olaryň mele, gara, gyzylymtyl, külreňk saçlaryna dakylan gymmatbaha daşlar bihasap çyralaryň şöhlesinden towlanýardy, ýalpyldaýardy, uçgun syçraýardy. Hüjümçi erkekleriň kükreklerine dakylan göwher iliklerden ot çaknaýardy ― göýä bu alaman ― märekäniň üstüne kimdir biri nur saçýan ýalydy. Indi Margarita, dyzyny yzly-yzyna ogşaýandyklaryny duýýardy, yzly-yzyna elini ogşamaga uzadýardy, ýylgyrýan ýüzi nykap kibi gatap galypdy. ― Men aperin aýdýaryn ― diýip seslenýärdi Korowýew bir äheňde, ― biz hoşaldyrys, korol gözeli hem örän şatdyr. ― Korol gözeli hoşaldyr ― diýýärdi sakawlap, arkada duran Azazello. ― Men hoşaldyryn ― diýip, pişigem gygyrýardy. ― Bu Markiza ― diýip tanyşdyrdy Korowýew, ― miras üçin atasyny, iki agasyny we iki uýasyny zäherläp öldürdi! Korol gözeli sizi görenine şat! Minkina hanym, serediň, nähili dilber aýal! Diňe sähelçe gaharjaň diýmesek! Näme geregi bardy hyzmatkär gyzyň ýüzüni saçy burýan gaýçy bilen ýakmagyň! Dogry, beýle ýagdaýda, endige görä, soýup taşlaýarlar! Korol gözeli hoşaldyr! Korol gözeli, bir dem üns beriň: imperator Rudolf, jadygöý alhimik. Ine, ýene bir dara çekilen alhimik. O, hanym hem geldi! O, nähili ajaýyp jelephanasy bardy onuň Strasburgda! Biz hoşaldyrys. Bu hanym ― moskwaly tikinçi, tükenmez fantaziýasy bolany üçin biz hemmämiz ony söýýäris. Ol öz elastyndaky atelýede juda gülküli bir zat ýaradypdy: diwarda bir jübüt tegelek deşik açyp goýupdy... ― Näme, zenanlar bilmeýärdilermi? ― diýip sorady Margarita. ― Hemmesem bilýärdi, korol gözeli ― diýip jogap berdi Korowýew, ― men hoşaldyryn. Ine, bu ýigrimi ýaşly örän hyýalbent we akmak oglan çagalyk wagtyndan özüniň täsin fantaziýalary bilen at gazanypdy. Ony bir gyz söýýärdi, ol bolsa şol gyzy alyp baryp, jelephana satdy. Pesden çykyp gelýän märeke akymynyň yzy görünmeýärdi. Bu akymyň sakasy äpet kamindi. Şu tüýsde aradan bir sagat geçdi, ikinji sagat hem başlandy. Margarita boýnuna asylan zynjyryň hasam agyrlaşanyny duýdy. Onuň eline-de bir zad-a boldy. Margarita her gezek elini göteren wagty, agyrydan ýaňa ýüzüni çytmaly bolýardy. Korowýewiň üýtgeşik düşündirişleri ony gyzyklandyrmaýardy, bu gyýtak gözli mongol ýüzlere, ak-gara ýüzlere ol biparh bakýardy, çünki olar bir-birleri bilen birigip giden ýaly bolup görnüp, howa-da olaryň arasynda nämüçindir tolkunlap akýan ýalydy. Birden Margaritanyň sag eli edil iňňe sanjylan dek sakyrap agyryp başlady, şonda ol dişini gysyp, tirsegini tumba goýdy. Onuň arkasyndaky zaldan edil guşlaryň ganatlary diwara urulýan ýaly şarpyldylar eşidildi we ol ýerde san-sajaksyz myhmanlaryň tans edýäni mälim boldy. Margaritanyň göwnüne bu wagşyýana zalyň mäkäm mermerli, bezegli billur pollary-da gan damary ýaly ritmli urýana çalym edýärdi. Indi Margaritany hiç hili korol hem, gersog hem, aşyk ýigit hem, öz janyna kast edenler hem, ärlerini zäherläp öldürenler hem, dara asylanlardyr erkek-aýalyň arasynda durup sataşdyrýanlar hem, türmä düşenler hem, ikiýüzli humarbazlar hem, jellatlar, şugulçylar, çawuşlar, dönükler, akmaklar, gyzlaryň namysyna hüjüm edýänler hem, hatda Gaý kaýsar Kaligula bilen Messalina hem asla gyzyklandyranokdy.Olaryň atlary Margaritanyň beýnisinde garyşyp gidipdi, ýüz-gözleri, keşpleri bir-birine sepleşip, ullakan bir tegelek çörege meňzäp galypdy, diňe bir keşp ― Malýuta Skuratowyň ýalynreňk aýlawly sakgally ýüzi hakydasyna mäkäm ýermeşip, oňa azap berýärdi. Margaritanyň dyzlary epilip-epilip, agyrynyň zarbyna ol her minutda aglaýjak-aglaýjak bolýardy. Ylaýta-da sag aýagy gaty azap berýärdi, çünki gelen myhmanlaryň hemmesi dyzyny ogşap geçenligi üçin ol çişip, gögeripdi, entegem Nataşa gubka bilen birhili ýakymly melhem getirip, onuň dyzyny birnäçe gezek arassalapdy. Olaryň gelip başlanyna üç sagat töweregi bolanda, Margarita halys umytsyzlyk bilen aşak nazar aýlady-da, birdenem gözleri röwşenlenip, tisginip gitdi: myhmanlaryň akymy seýrekläp başlapdy. ― Bala gelmek düzgüni hemme ýerde birdir, korol gözeli, ― diýip pyşyrdady Korowýew, ― häzir tolkun köşeşer. Ant içip aýdýaryn, bu çydamyň soňky pursatlary. Ana, broken keýpbazlary. Bu olaryň endigi, mydama iň soňunda gelýärler. Hawa, şolar. Ýene iki sany serhoş wampir... tamammy? Aý, ýok, ana ýene biri. Ýok, iki eken! Basgançakdan iň soňky iki myhman çykyp gelýärdi. ― Be, bular-a täze myhman ― diýdi Koroýew monokl aýnasy arkaly gözüni süzüp seredip, ― ä, indi tanadym. Günleriň birinde Azazello onuňka baryp konýak içip otyrka, onuň gulagyna pyşyrdap, bir adamdan nähili dynmalydygyny öwredipdi, çünki öý eýesi şol adamyň paş bolmagyndan gaty gorkýardy. Netijede ol, Azazellonyň maslahaty bilen, özüne garaşly bolan bir tanyşyna şol adamyň kabinetiniň diwarlaryna zäher pürkmegi tabşyrýar. ― Ady näme onuň? ― diýip sorady Margarita. ― Dogrusy, özüm hem bilmeýärin onuň adyny ― diýdi Korowýew, ― Azazellodan soramak gerek. ― Onuň ýanyndaky kim? ― Ol onuň şol işi tabşyran hyzmatçysy. Men örän şat sizi görenime! ― diýip, joşgunly gutlady Korowýew iň soňky iki myhmany. Basgançak boşap galdy. Ätiýaç üçin ýene az salym garaşdylar. Emma kaminiň içinden başga hiç kim çykmady. Margarita bir sekuntdan soň özüni öňki howuzly otagda görüp, bu ýere nädip gelenine haýran galyp, şobada el-aýaklarynyň agyrysyna çydaman, aglap, ýere ýykyldy. Emma Gella bilen Nataşa ony köşeşdirip, ganly duşuň aşagyna alyp bardylar-da, ýene bedenini owkaladylar, şonda Margarita gaýtadan jan girdi. ― Ýene, ýene, korol gözeli Margo, ― diýip pyşyrdaýardy onuň ýanynda peýda bolan Korowýew, ― perwaz edip, zallary aýlanyp çykmak gerek, goý, eziz myhmanlar özlerini taşlap gitdiler diýip oýlamasynlar. Şonda Margarita ýene howuzly otagdan uçup çykyp gitdi. Walslar korolynyň orkestriniň saz çalýan çigillemleriň arkasyndaky estrada sahnasynda indi öwjüne galan maýmynlar jazy guduzlaýardy. Bu jaza eli kernaýly, ösgün bakenbard sakgally, äpet gorilla agyr göwresini yrap, dirižýorlyk edýärdi. Bir hatara düzlüp oturan orangutanglar lowurdyly kernaýlara aldygyna üfleýärdiler. Olaryň eginlerine münen şoh şimpanzeler bolsa garmon çalýardylar. Ýolbars ýaly iki sany gamadril roýal çalýardy, emma roýallaryň owazy gibbonlaryň, mandrilleriň, martişkalaryň saksofondyr skripkalaryň, deprekleriniň sesi astynda asla eşidilmeýärdi. Özleriniň çalasynlygy nogsansyz hereketleri bilen adamy täsin galdyrýan san-sajaksyz jübütler biri-birine kebşir edilen ýaly, ýelmeşip, aýnaly poldan pyr-pyr aýlanyp, ýolunda duş gelen bar zady ýykyp-ýumurjak derejede äpet diwar bolup, bir tarapa eňip barýardylar. Ýaldyrawuk janly kebelekler tansa çykan märekäniň depesinde ýüzýärdi, ýokardan bolsa gül ýagýardy. Elektrik çyralary sönen wagty sütünleriň başynda, bogdaklarynda sansyz-hasapsyz baýymgyz tomazaklar ýylpyldaýardy, howada bolsa batgalyk uçgunlary ýüzýärdi. Soňra Margarita sütünler bilen gurşalan örän ullakan howza baryp düşdi. Mahabatly gara Neptun heýkeli agzyndan bägülreňk suwuklygy çogdurýardy. Howuzdan şampan çakyrynyň serhoş ediji ysy ýokary göterilýärdi. Bu ýerde erkin wagtyhoşluk höküm sürýärdi. Hanymlar gülüşip, köwüşlerini çykarýardylar, sumkajagazlaryny öz jüftlerine ýa-da örtük (prostyn) göterip ýel dek ylgap ýören negrlere berip, garlawaç ýaly çyňkyryşyp, howza urýardylar. Köpürjikli tolkunlar belende atylýardy. Howzuň hrustal düýbündäki çyralar şerap gatyny ýaryp geçip, howuzda ýüzýän kümüş tenli hanymlary ýagtylandyrýardy. Olar howuzdan serhoş bolup çykýardylar, sütünleriň aşagyndan göterilýän hahahaýlar hammamdaky ýaly ýaňlanýardy. Ine, şu tos-topalaňda diňe gaty serhoş bir aýalyň manysyz seredýän, şol bir wagtda ýalbaryjy gözleri, onuň «frida!» diýen bir agyz sözi hakydasynda galypdy. Şerabyň ysyndan Margaritanyň başy aýlanýardy, ol howuzly zaldan çykyp gitmekçi bolanda, pişik bir nomer görkezip, Margaritany saklady. Begemot Neptunyň agzynyň öňünde bir efsun okady, şobada howuzdaky şampan çakyry şaglap, pyşşyldap, gaýyp boldy, soň Neptunyň agzyndan goňur reňkli köpüklemeýän suwuklyk şarlap akyp ugrady. Hanymlar: — Konýak! — diýip owaza edip çyňkyrdylar, özlerini howuzyň gyrasyndan çete çekip, sütünleriň penasyna bardylar. Birnäçe sekuntdan howuz doldy, şonda pişik howada üç mertebe pyrlanyp möwjän konýak howzuna gaçdy. Ol pyşgyryp-pyşgyryp howuzdan çykanda, gatyrma galstugy ezilip, murtyndaky zeri we dürbisi ýitipdi. Begemota diňe hilegär tikinçi aýal bilen onuň jübti — nätanyş bir mulat ýigit goşulyşdy. Olaryň ikisi-de konýaga düşdüler, emma şu mahal Korowýew Margaritany goltuklap aldy-da, bilelikde konýak howzuny terk etdiler. Margaritanyň göwnüne ol bir ýerlerden uçup geçen ýaly boldy, äpet daş howuzlarda üýşmek-üýşmek balykgulaklary gördi. Soň ol aşagynda dowzah ody ýanyp duran, ol otlaryň töwereginde ylgaşyp ýören ak arwah aşpezleriň bar ýerini aýnaly poluň üstünden uçup barýarka saýgardy. Soňabaka ol hiç zady aňşyrmaýan ýagdaýynda, garaňky ýerzeminlerde ýanýan otjagazlary, ol ýerde gyzlaryň kömürde bişen jyzyrdap duran kebaplary äberýänlerini, özüniň saglygyna doly-doly kürşgelerde meý içýänleri gördi. Soň bolsa garmon çalýan ak aýylaryň estradada tans edýänlerine şaýat boldy. Kamin — peçde ýanmaýan gözbagçy salamandra — semender-de şu ýerdedi... Ine, şonda ikinji gezek onuň güýç-kuwwaty kemelip ugrady. — Iň soňky çykyş — diýip, Korowýew aladaly pyşyrdady — ana, onsoň biz erkinlige çykýarys. Korowýewiň hemralygynda Margarita ýene bir bal zalyna bardy, emma bu ýerde tans edilmeýärdi, myhmanlaryň üýşmeleňi zalyň ortasyny boş galdyryp, sütünleriň aralygyna dyknyşyp durdylar. Margaritany zalyň ortasynda peýda bolan bir belentlige çykardylar, ýöne ol özüni kimiň bu ýere çykaranyny bilip bilmedi. Ol belentlige göterilende, öz çaky boýunça bireýýäm geçip giden ýarygijäniň ýaňy çalypdy we ol muňa geň galdy. Nämälim sagadyň soňky zaňy çalnan badyna ümsümlik myhmanlar mähellesiniň üstüne döküldi. Şonda Margarita ýene Wolandy gördi. Ony Abadonna, Azazello we ýene Abadonna meňzeş birnäçe gara geýnen ýigitler gallap gelýärdi. Indi Margarita öz duran belentliginiň garşysynda Woland üçin häzirlenen başga bir belent sekini hem gördi. Emma Woland ol sekä çykmady. Margaritany geň galdyran zat şu boldy ki, Woland beýik balyň şu dabaraly gujagyna hälki ýatak jaýda nähili lybasda bolan bolsa, häzirem şol lybasda gelipdi. Egninde şol köne kir ýamaly agşam köýnegi, aýagynda bolsa tozup, maýyşyp giden şypbyk bardy. Elinde ýalaňaç şpaga, emma Woland ony hasa edinip, söýenip durdy. Ol agsaklap gelip, öz sekisiniň golaýynda saklandy, şobada eli mejimeli Azazello onuň gaşynda peýda boldy. Bu mejimede Margarita alynky dişleri döwlüp, agzy opurylan adam kellesini gördi. Zalda örän güýçli ümsümlik höküm sürýärdi, bu ümsümligi köçe tarapdaky girelgäniň jaňyny ýatladýan, emma häzirki pursada asla gelişmeýän jaň sedasy diňe bir gezek bozdy. — Mihail Aleksandrowiç — diýip, ýuwaş ýüzlendi Woland kellä, şonda öli kelläniň gabaklary galyp, Margarita onuň manydan doly, ejirli, diri gözlerini görüp tisgindi. — Hemme aýdanlarymyz dogry geldi, şeýle dälmi? — diýip gepini dowam etdi Woland, öli kelläniň gözlerine dikanlap, — kelläňizi aýal maşgala üzdi, mejlis bolmady, menem seniň kwartiraňda ýaşap ýörün. Bu — fakt. Fakt diýilýän zat bolsa, örän kejir zat. Emma indi bizi ýüze çykan bu fakt däl, gelejekde boljak wakalar gyzyklandyrýar. Siz hemişe, adamyň kellesi teninden jyda edilenden soň, ýaşaýyş kesilýär, ol toz-topraga öwrülip ýok bolup gidýär diýen nazaryýetiň gyzgyn tarapdary bolupdyňyz. Men size öz myhmanlarymyň öňünde, eger olar başga teroriýany subut etmegiň tarapdarlary bolsalar-da, siziň nazaryýetiňiziň hem saldamly hem danadygyny size habar berýänim üçin hoşaldyryn. Ýogsa hemme nazaryýetler-de aýry-aýrylykda ýaşamaga hukukly. Olaryň arasynda şeýle nazaryýetler hem bar bolup, oňa görä, her kimiň kysmaty öz ynam-ygtykadyna görä belgilenýär. Häzirem, goý, şeýle bolsun! Siz ýokluga tarap gidip barýarsyňyz, men bolsa siziň kelleçanagyňyzdan ýasalan jamdan barlyk üçin bada götermekden özümi bagtyýar saýýaryn. — Woland şpagany-şemşiri ýokary göterdi. Şol pursatda kelläniň hamy garalyp, bürşüp başlady, soňra bölek-bölek bolup döküldi, gözler hem gaýyp boldy, bir salymyň içinde Margarita tigirlere ýerleşdirilen sary mejimede zümerret gözli, hünji dişli sargylt kelleçanagy gördi. Kelleçanagyň şarnirli gapagy öz-özünden açyldy. — Ine, häzir messir — diýdi Korowýew, Wolandyň sowally nazaryny görüp, — häzir huzuryňyzda bolar ol. Men suw sepilen ýaly şu ümsümlikde onuň laklanan tuflisiniň jygyldysyny, ömrüniň soňky pursadynda şampan çakyryny içip, stola goýan bulguryň jyňňyrdysyny eşidýärin. Ine, onuň özi hem geldi. Zala täze bir myhman girip, göni Wolanda tarap ýöräp başlady. Onuň daşky görnüşi bu ýerdäki erkek myhmanlardan parh etmeýärdi. Tapawut diňe bir zatdady, ýagny myhman tolgunmakdan ýaňa çaýkanyp gelýärdi welin, bu uzakdan hem anyk saýgarylýardy. Onuň ýaňaklarynda gyzyl tegmiller low-low ýanýardy, gözleri tolgunma zerarly howsalalydy. Myhman özüni ýitiripdi, bu tebigy ýagdaýdy elbetde: bu ýerdäki hemme zat, esasan-da Wolandyň lybasy onuň aňkasyny aşyrypdy. Ýöne myhman gowy hormat bilen garşylandy. — O, ezizim, baron Maýgel — diýip, Woland myhmana açyk ýüz bilen ýylgyrdy, myhmanyň bolsa geň galmakdan ýaňa tas gözleri hanasyndan çykypdy. — Men sizi — diýip, myhmanlara ýüzlendi Woland, — tomaşahanalar komissiýasynda çet ýurtlulara paýtagtyň ünsi çekýän ýerlerini görkeziji bolup işleýän, hormatly baron Maýgel bilen tanyşdyrmak bagtyna eýedirin. Margarita aňk-taňk bolup, doňup galdy, çünki Maýgeli tanaýardy, Moskwa teatrlarynda we restoranlarda ony birnäçe gezek görüpdi. «Be-e... diýip oýlandy Margarita, — diýmek, Maýgel hem ölen eken-dä?» Emma mesele derrew aýdyňlaşdy. — Gadyrly baron — diýip, dowam etdi Woland şadyýana ýylgyryş bilen, örän ajaýyp adamd-a, serediň meniň Moskwa gelenimi eşidip, derrew jaň etdi we meni göräýmeli gowy ymaratlar bilen tanyşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Öz-özünden düşnükli, men hem ony öz ýanyma çagyranym üçin özümi bagtly duýýaryn. Şol mahal Margarita Azazellonyň kelleçanak goýlan jamy Korowýewe uzadanyny gördi. — Ýogsa-da, baron — diýip, Woland birden syr aýdýan ýaly, sesini ýuwaşatdy, — size öte bilesigeliji diýýärler. Myş-myşlara ynansaň, şu häsiýetiňiz, üstesine-de juda geplemsekligiňiz hemmeleriň ünsüni çekip başlanmyş. Bu hem az ýaly, ýaman diller siz hakynda çawuş, içaly diýip gep ýaýradypdyrlar. Has beterem, bu zatlar aňyrsy bir aýa ýetmän, sizi betbagtlyga duçar eder diýen çaklama bar. Şoňa görä, sizi şol ýowuz güne garaşmak azabyndan halas etmek niýetinde, bu ýere wagty barka köpräk zatlary synlap, köpräk gep eşitmek maksadynda myhman bolup gelenligiňizden peýdalanyp, size ýardam bermegi karar etdik. Baronyň reňki Abadonnanyňkydan hem beter agardy, Abadonna bolsa tebigaty boýunça akýagyzdy, soňra alamat bir hadysa ýüze çykdy. Abadonna baronyň garşysynda peýda bolup, bir sekunt äýnegini gözünden aýyrdy. Şol pursatda Azazellonyň elinde bir zat ýalpyldady, kimdir biri ýuwaşja çapak çalan dek boldy-da, baron ýere keseligine ýykylyp başlady, onuň kükreginden dazlap atylýan gyrmyzy gan krahmal köýnegini we gursakçasyny boýady. Korowýew kelleçanakly — jamy akýan ganyň aşagyna eltip, ony dolýança saklady-da, soň doly jamy Wolanda uzatdy. Bu wagt baronyň jansyz jesedi ýerde ýatyrdy. — Siziň saglygyňyza içýärin, jenaplar, — pessaý ses bilen diýdi Woland we jama lebini degrip goýdy. Şol wagt üýtgeşik waka ýüze çykdy. Wolandyň ýamaly köýnegi bilen maýşyp galan köwşi gaýyp boldy. Egninde birhili gara hlamida, bilinde polat şpaga peýda boldy. Margaritanyň ýanyna çalt gelip, hormat bilen oňa jamy uzadyp: — Iç! — diýdi. Margaritanyň başy aýlandy, entirekläp gitdi, emma şu wagt jam onuň dodagyna eltildi, kimdir birleri kimdigini anyklap bilmedi, onuň iki gulagyna pyşyrdady: — Gorkmaň korol gözeli... Gorkmaň, korol gözeli, gan bireýýäm ýere siňip gitdi. Gan dökülen ýerde indi üzüm agaçlary ösüp otyr. Margarita gözüni açman, jamdan bir owurt içdi welin, damarlaryndan ýakymly elektrik togy akyp gelen ýaly boldy, gulaklary şaňlady. Göwnüne horazlar gulagy kamata getirer derejede gygyrýan ýaly, bu ýerlerde marş sazy çalynýan ýaly boldy. Myhmanlaryň keşbi ýitip başlady. Egni frakly erkekler hem, ýalaňaç aýallar hem toz ýaly pytrady. Margaritanyň göz öňünde toza öwrülmek bütin zaly gurşap aldy, hemme ýeri mazar ysy gaplady. Sütünler ýykyldy, çyralar öçdi, hemme zat eräp, gaýyp bolup, çüwdürimler hem, çigillemler hem, kameliýalar hem gözden ýitdi. Hemme zat öňki-öňkilik bolup, — zergär aýalyň garybana myhman otagy galdy we onuň çala açyk gapysyndan çyranyň şöhlesi göründi. Margarita, ine, şu ýarym açyk gapydan içeri girdi. | |
|
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |